Günbatar Ýewropa

Günbatar ÝewropaÝewropanyň günbatarynda ýerleşýän bölegi. Günbatar Ýewropa, Atlantik ummanynyň gündogar kenarýakasyndaky ýurtlary — Pireneý ýarymadasynyň ýurtlaryny Şotlandiýany, Irlandiýany, Germaniýany, Angliýany,we Fransiýanyň ada döwletlerini öz içine alýar. Kähalatlarda Günbatar Ýewropanyň düzümine Gollandiýany, Belgiýany, Daniýany, Günbatar ýewropa bölegini hem goşýarlar.

Europe subregion map UN geoscheme
Ýewropanyň sebitleri, BMG-niň Statistika bölüminiň maglumatlary boýunça :      Demirgazyk Ýewropa      Günbatar Ýewropa      Gündogar Ýewropa      Günorta Ýewropa
Apbas II

APBAS II (144) – Sefewi türkmenleriniň döwletiniň 7-nji şasy. Ol bu döwletiň 6-njy şasy Sefi I-niň ogludyr. Ol 1642 – 1666-njy ýyllarda döwleti dolandyrypdyr. Apbas II häsiýeti boýunça ýumşak, parahatçylyk söýüji, rehimdar adam bolupdyr. Onuň döwründe Eýranyň ykdysadyýeti ösüp başlaýar. Eýran Günbatar Ýewropa döwletleri bilen ykdysady söwda gatnaşyklary ýola goýýar. Ol aýratyn-da Gollandiýa bilen söwda gatnaşyklaryň ösmegine üns beripdir. Golland söwdagärleri Eýranyň ýüpegini hiç-hili gümrük paçsyz ýurtdan alyp çykmaga hukuk alypdyrlar. Fransiýa, Angliýa, Russiýa bilen gatnaşyklar ösüpdir. Apbas II Beýik Mogollar imperiýasy bilen Gandagaryň üstünde uruş alyp barypdyr. 1649-njy ýylda şa Apbas II kakasy Sefi I-niň elden gidiren Gandagar şäherini yzyna gaýtaryp alypdyr.

Awerroizm

Awerroizm - orta asyr arap filosofy, akyldary, Awerroesiň (serediň: Ibn Rüşd Muhammet, 12 a.) we onuň yzyny dowam etdirijileriň döreden taglymaty esasynda ýüze çykan filosofik akym. Onuň wekilleri Aristoteliň filosofiýasynyň materialistik elementlerini ösdürýärler, materiýanyň, hereketiň ebediligi, material dünýäniň wagtda gutarnyksyz, ýöne giňişlikde çäklidigi hakyndaky ideýany, "hakykatyň ikiligi" (filosofiki hakykat we dini hakykat) teoriýasyny goldaýarlar we ruhuň ölmeýänligi hem-de o dünýä baradaky dini inkär edýär. Ibn Rüşdüň eserleriniň latyn diline terjime edilmegi bilen Awerroizm progressiw filosofiýasy, eretiki akym hökmünde Günbatar Ýewropa ýurtlarynda, ilkinji nobatda bolsa Fransiýanyň Pariž uniwersitedinde, Italiýanyň Paduan uniwersitedinde giň ýaýraýar.

Birleşen Milletler Guramasy

Birleşen Milletler Guramasy (iňlisçe – United Nations, rusça – Организация Объединенных Наций, Türkçe: Birleşmiş Milletler )

Parahatçylygy goldamak hem-de ýurtlar arasynda parahatçylykly hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin, özygtyýarly döwletleriň meýletin birleşmegi esasynda döredilen halkara gurama. Ilkinji gezek şeýle guramany döretmek meselesi 1943-nji ýylyň oktýabrynda Moskwada, soň 1944-nji ýylda Dumwarton-Oksda (ABŞ-da) SSSR-iň, ABŞ-nyň we Beýik Britaniýanyň wekilleriniň maslahatynda çözüldi. 1945-nji ýylyň fewralynda üç beýik döwletiň Ýalta (Krym) konferensiýasynda şeýle halkara guramany döretmek meselesi gütarnykly çözüldi. Bu gurama 1945 ýylyň 25-nji aprelda San-Fransiskoda (ABŞ-da) geçirilen konferensiýada döredildi. 26-njy iýunda 50 ýurduň wekilleri biragyzdan BMG-niň Düzgünnamasyny kabul etdiler. Düzgünnama 24-nji oktýabrda güýje gir­di. Şondan bäri 24-nji oktýabr BMG-niň Güni hökmünde bellenip geçilýär.

BMG-niň ştab-kwartirasynyň ýerleşýän ýeri Nýu-Ýork, onuň Ýewropadaky merkezi Ženewa şäheridir. BMG-niň maksady, onuň öz Düzgünnamasynda ýazylyşy ýaly “parahatçylyga salynýan howpuň öňüni almak hem-de ýok etmek we agressiýa aktlaryny ýatyrmak üçin” toparlaýyn çäreler görmek bilen, parahatçylygy hem-de howpsuzlygy gorap saklamakda, milletleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary ýola goýmakdan, ykdysady, sosial, medeni hem-de gumanitar häsiýetdäki halkara meselelerini çözmekde hyzmatdaşlygy amala aşyrmakdan, adamyň hukuklaryny we azatlygyny hormatlamagy ösdürmekden ybaratdyr. Uzak ýyllaryň dowamynda BMG halkara çökgünlikleriň öňüniň alynmagynda we uzaga çeken dawalaryň parahatçylyk ýoly bilen çözülmeginde uly rol oýnady. Ol dawalaryň öňüniň alyn­magy, parahatçylygyň saklanmagy we ynsanperwer kömekleriň berilmegi ýaly meselelerde toplumlaýyn çäreleri amala aşyrdy. Meseleler çözülende, BMG-niň hemme agzalary deň hukuklydyr. Bu gurama döwletleriň içerki işlerine gatyşmazlyk esasynda iş alyp barýar. Ilki başda BMG-niň agzalary 51 döwletde, 1972 ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli olaryň sany 132-ä ýetdi. Häzirki wagtda (2011) BMG-niň düzüminde 193 döwlet bar.

BMG – bu uly forum bolup, ol ýerde ähli döwletleriň wekilleri biri-biri bilen duşuşmaga müm­kinçilik tapýarlar.

Soňky maglumatlara görä, sekretariatyň işgärleriniň sany bütin dünýä boýunça takmynan 40 müňe barabardyr. Guramanyň 2008-2009-njy ýyllar aralygyndaky iki ýyl lyk býujeti 4 milliard 171 million dollara barabar boldy. Guramanyň resmi dilleri: iňlis, arap, ispan, hytaý, rus we fransuz dilleridir.

BMG-niň esasy organlary Baş Assambleýa, Howpsuzlyk Geňeşi, Ykdysady we sosial geňeşi, Halkara Kazyýet* we sekretariatdyr. Ylym-bilem we medeniýet meseleleri baradaky ýörite halkara guramasy — ÝuNESKO we başgalar bar.

Baş Assambleýa guramanyň ýokary organydyr. Onuň sessiýa ýygnaklaryna agza bolup durýan döwletleriň hemmesiniň wekilleri gatnaşýarlar. Sessiýada garalan meseleler boýunça rezolýusiýalar kabul edilýär. Baş Assambleýa nobatdaky sessiýasyny ýylda bir gezek çagyrýar. Ýörite we adatdan daşary sessiýalar Howpsuzlyk geňeşiniň maslahaty we teklibi boýunça çagyrylýar.

Baş Assambleýa edil forum ýaly bolup, ol ýerde dünýä döwletleriniň özara gyzyklandyrýan meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşmagyna mümkinçilik döredilýär. Şeýle hem Baş Assambleýa Ykdysady we sosial geňeşiň, Howandarlyk geňeşiniň we beýleki ýöriteleşdirilen edaralaryň işlerine gözegçilik edýär. Howpsuzlyk geňeşi bilen bilelikde Baş sekretary we Halkara kazyýetiniň kazylaryny saýlaýar.

Assambleýadaky ähli döwletler ululygyna we kiçiligine garamazdan bir ses bermäge hukugy bar.

Howpsuzlyk Geňeşi BMG-niň iňňän möhüm organydyr. Ol halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny goramak baradaky meselelere seredýär we degişli kararlar kabul edýär. Sowete onuň 5 sany hemişelik agzasy — Russiýa, Hytaý Halk Respublikasy, ABŞ, Angliýa, Fransiýa we BMG-niň agzalary bolup durýan beýleki ýurtlaryň wekillerinden Baş Assambleýa tarapyndan iki ýyl möhleti bilen saýlanýan 10 sany hemişelik däl agzasy girýär. Hemişelik däl agzalary şu sebitlerden saýlanýar: Afrika we Aziýa (5), Gündogar Ýewropa (1), Latyn Amerikasy (2) we Günbatar Ýewropa (2). BMG-niň bu organy üçin Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalarynyň agzybirlik esasly bolan weto hukugy iňňän möhümdir.

Ykdysady we sosial geňeşi Baş Assambleýa tarapyndan 54 agzadan ybarat düzümde saýlanýar. Agzalar 3 ýyl möhlet bilen saýlanýar. Bu geňeş halkara, ykdysady, sosial, medeni, saglygy saklaýyş meselelerini we ş. m. öwrenýär hem-de olar barada BMG-ä teklipler taýýarlaýar.

Halkara Kazyýet* ýa-da Bütindünýä Kazyýeti Niderlandlaryň Gaaga şäherinde ýerleşip, onda 15 sany kazy bardyr.

BMG-de esasy wezipeli administratiw adam baş sekretardyr. Ol Howpsuzlyk Geňeşiniň maslahat bermegi bilen Baş Assambleýa tarapyndan 5 ýyllyk möhletde bellenilýär. Şu wagta çenli (2011) BMG-niň 8 sany baş sekretary boldy. Olaryň 8-njisi häzirki Baş sekretar Pan Gi Mundur (2007-njy ýyldan bäri). Ilkinji Baş sekretar wezipesine norwegiýaly Trýugwe Li saýlan­ýar. Ol 1946-1952-nji ýyllar aralygynda ýolbaşçylyk edýär. Soňra onuň ýerine 1953-nji ýylda şwesiýaly Dag Hammarşeld saýlanýar. Ol hem 1961-nji ýyla çenli guramanyň Baş sekretary bolup zähmet çekýär. Mýanmaly U Tan 1961-1971-nji ýyllar aralygynda ýolbaşçylyk eden bol sa, 1972-1981-nji ýyllarda awstriýaly Kurt Waldhaým Baş sekretar boldy. Peruly Hawýer Peres de Kuelýer BMG-niň bäşinji Baş sekretary bolýar. Ol 1982-1991-nji ýyl­lar aralygynda gurama ýolbaşçy bolýar. 1992-nji ýylda Butros Gali resmi taýdan Baş sekretar wezipesine saýlanýar. 1997-nji ýylda Kofi Annan Baş sekretar bolup, 2006-njy ýyla çenli şol wezipede işleýär.

International Court of Justice (Sahypa Topary tarapyndan terjime edilen)

Gadymy Hytaý

Gadymy Hytaý.

1. Tebigy şertleri we ilaty.

2. Hytaýda ilkinji döwletleriň döremegi.

3. Hytaý Sin we Han nesilşalyklary döwründe.

4. Gadymy Hytaýyň medeniýeti.

1.Hytaý ýurduny hytaýlylar Çžun Go (Merkezi patyşalyk) we Çžun Hua (Merkezi gülleýän) diýip atlandyrýarlar. Ýakyn Gündogar we günbatar ýewropa ýurtlarynda ony “çin” diýen täjik – pars sýarlar. Bu söz gadymy Sin patyşalygynyñ (b.e. öñ III a) adyndan gelip çykýar. Ykdysady we geografiki aýratynlyklary esasynda häzirki Hytaý gündogar we günbatar böleklere bölünýär. Günbatar Hytaýda Gimalaý, Kullun , Týan – Şan dag ulgamlaryny öz içine alýan giñ tekiz daglyklar bar. Beýikligi sekiz kilometre ýetýän Gimalaý dag gerişleri Hindistan bilen Hytaýyñ arasynda tebigy päsgelçilik döredýär. Gündogar Hytaýyñ köp ýerini çöketlikler , düzlükler we olara ýanaşýan orta ululykdaky daglyklar tutýar. Gündogar Hytaýyñ tebigy şertleri has amatly. Şonuñ üçinem hytaýlylaryñ iñ gadymy ekerançylyk medeniýeti , ilkinji swilizasiýalary, döwletleri şo taýda döräpdir.

Hytaýda köp derýalar bolup, olar günbatardan gündogara tarap akýarlar. Esasy derýalary Huanhe we Ýanszy.

Gadymy döwürde Hytaýyñ köp ýeri tokaýlyk bolan. Gazma baýlyklary kän eken. Deñizleri we kölleri balyga baý bolupdyr.

Gadym wagtlarda hem Hytaýyñ ilaty häzirkisi ýaly birmeñzeş bolmandyr. Hakyky hytaý taýpalary şan, sýa, çžou dagylardan başga-da olara garyndaş sin-tibet taýpalary , mongol, türk we mançžur – tungur dil toparlaryna degişli taýpalar hem ýaşapdyrlar.

Çeşmeleri. Hytaýyñ gadymy döwrüni öwrenmekligi ýeñilleşdirýän ýagdaýlar bar. Bu ýerde b.e. öñ II müñýyllykda hat – ýazuw ýüze çykyp, ol özüniñ esasy görnüşini häzir hem ýitirmändir.

Hytaý dili babatda-da şeýle. Gadymy Hytaý ýazgylarynyñ käbirleri asyl nusgasynda biziñ günlerimize gelip ýetipdir. Hytaýda hatyñ süñklere , gap-gaçlara , agaç tagtalara , ýüpek matanyñ ýüzüne ýazylan görnüşleri duş gelýär. Hytaýda b.e. öñ I asyrda kagyz oýlanyp tapylypdyr.

Hytaý taryhynyñ has irki döwrüne degişli Bambuk annallary (ýyl ýazgylary) taryhy çeşme bolup durýar. Onda b.e. öñ 776 ýylda bolan güntutulmasy hakynda gürrüñ edilýär.

Konfusiniñ (b.e. öñ VI a) “Çun Sýu” (“ýaz we güýz”), Sma Sýanyñ (b.e. öñ Iia) “Şi Szi” (“Taryhy ýazgylar”) diýen işleri , b.e. I asyryna degişli ýyl ýazgyçylaryñ maşgalasy tarapyndan düzülen “Birinji (uly) Han dinastiýasynyñ taryhy” işi, dürli traktatlar, halk döredijiligi we ş.m. esasy taryhy çeşmelerdir.

Taryhnamasy. Orta asyrlarda Hytaý baradaky düşünjeler syýahatçylaryñ berýän maglumatlary bilen çäklenipdir.

XVI asyrdan ýewropa missionerleri we täjirleri Gündogar Aziýa bilen köp gyzyklanyp başlaýarlar. 1585 –nji ýylda portugaliýaly Mendozanyñ ýazan “Beýik hytaý halkynyñ taryhy” diýen işi peýda bolýar. XIX asyrda fransuz hytaýşynasy E.Şwann Syma Sýanyñ “Taryhy ýazgylaryny” terjime edýär. . Hytaýyñ taryhyny öwrenmekde rus alymy N.Ýa. Biçurin (monah Iakinf) hem köp işler edipdir.

2.B.e. öñ II müñýyllykda Huanhe derýasynyñ boýunça Şan taýpasy ýokary göterilýär. Ol özüne beýleki taýpalary hem boýun egdirýär. B.e. öñ XVIII asyrda Çen Tan tarapyndan Şan döwletiniñ düýbi tutulýar. Bu döwlet b.e. öñ XII asyra çenli dowam edýär. Şan döwletini goñşulary In diýip hem atlandyrypdyrlar.

Bularyñ esasy gurallary daşdan, süñkden, misden, bürünçden ýasalan. Ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgullanypdyrlar. Ilkinji ýazuw belgileri bolupdyr. Ýüpekçilik bilen meşgullanypdyrlar. Hünärmentçilik, keramika kämilleşipdir. Söwda ösüpdir. Kauri balykgulaklary pul deregine ulanylypdyr. Söwda aragatnaşyklary , esasan Gündogar Aziýa bilen alnyp barylypdyr. Şu döwürde emläk deñsizliginiñ we gulçulygyñ bolandygyny taryhy çeşmeler subut edýär. B.e. öñ XIV asyrda Şan şäheri ýurduñ paýtagtyna öwrülýär.

Işlenip bejerilýän ýerler obşinanayñ elinde bolup, onuñ 9-dan 1 bölegini obşina baştunanyna (soñra patyşalara) beripdirler.

Patyşany “asmanyñ ogly” diýip atlandyrypdyrlar. Şan (In) döwleti berk bolmandyr. Ýurtda boýun egdirilen taýpalar gozgalañ edipdirler. Çžou taýpasynyñ serdary U Wan Şan nesil şalygynyñ soñky wekili Şou Sini ýeñýär we täze Çžou (taýpanyñ we nesilşalygyñ ady) patyşalygynyñ düýbüni tutýar. Bu döwlet b.e. öñ XII asyryñ ahyryndan b.e. öñ III asyryñ ortasyna çenli dowam edýär. Bu döwür ikä bölünýär: Günbatar Çžou döwri (paýtagty Hao şäheri) we Gündogar Çžou (paýtagty Zoi şäheri) . B.e. öñ IV asyrda Çžou nesilşalygynyñ täsiri pese düşýär we “Göreşýän patyşalyklaryñ döwri” başlanýar. Bu döwürde 7 sany döwlet birleşmeleri ýokary galyp, olar merkezi häkimýete boýun egmändirler.

3.Ýurduñ täzeden birleşdirilmeginde günbatarda ýerleşýän Sin patyşalygy esasy rol oýnapdyr.

B.e. öñ Iv asyrda Sin patyşalygynda döwlet işgäri Şan ýanyñ özgerdişleri netijesinde goşuny täzeden gurnamak uçin ägirt uly serişdeler ýygnalýar. Bürünç ýaraglar demir bilen çalşyrylýar. Söweş kolesnisalary (arabalary) atly goşun bilen çalşyrylýar. Berk tertip düzgün , sowgat-sylaglar ulgamy girizilýär.

Ýart In Çženiñ patyşalyk eden wagty (b.e. öñ 246-210 ýý) doly birleşdirilýär. Ol b.e. öñ 221-nji ýylda imperator (huandi) derejesini alýar we özüni Sin Şi huandi (Siniñ ilkinji imperatory) diýip atlandyrýar. Ol demirgazykdaky çarwalardan goranmak üçin beýikligi 10 metr, uzynlygy 4000 km bolan Beýik Hytaý diwaryny gurdurýar. Içerki syýasatynda Sin Şi huandi ýurdy 36 welaýata bölýär. Köne han-begler dolandyryşdan çetleşdirilip, gözegçilik astyna alynýar.Girizilýän täzeliklere garşy çykýandygy üçin 460 konfusiançy – alym jezalandyrylýar. Imperatorlar köne düzgünler wagtyndaky filosofiki we taryhy edebiýaty ýakdyranmyş. Sin Şi huandi ölensoñ daýhanlar gozgalañy başlanyp, oña oba kethudasy Žýu Ban baştutanlyk edýär. B.e. öñ 207-nji ýylda ol Sin nesilşalygynyñ soñky wekilini tagtdan düşürip , Birinji ýa-da Uly Han nesilşalygyny esaslandyrýar. Ol ýurduñ merkezleşdirilişini dikeldýär. Sin nesilşalygy wagtynda ejir çekenlere kömek berýär.

Imperator U Diniñ döwründe basybalyjylykly daşary syýasat netijesinde günbatarda Zob – Nor, soñra 102-nji ýylda Fergana çenli, günortada Hindihytaýyñ demirgazyk böleginde , demirgazyk – günbatarda bolsa Koreýanyñ bir böleginde Han nesilşalygynyñ häkimýeti ýaýraýar.

U Di ölensoñ, ýurtda ýagdaý ýitileşýär. Ýerler iri ýer eýeleriniñ elinde jemlenýär, daýhanlar tozýar, bergidarlyk gulçulygy ýokarlanýar.

B.e. öñ I asyryñ ahyrynda ýagdaý has-da ýitileşýär. Käbir durmuş özgerdişler arkaly ýagdaýy ýumşatmak işlän imperatorlaryñ birem häkimýeti güýç bilen basyp alan Wan Mandyr (9-25 ýý). Ýöne onuñ özgerdişleri şowly bolmaýar. Şonuñ üçinem oña garşy gozgalañ turýar.

B.e. öñ 18-nji ýylynda has iri hereket Şandunda başlanýar. Gozgalañçylara Han nesilşalygynyñ tarapdarlary hem goşulýarlar. Gozgalañyñ baştutany Fan Çun gozgalaña gatnaşyanlara goşlaryny gyzyl reñke boýamagy buýurýar. “Gyzyl gaşlylar” ady şondan döreýär. Gozgalañçylar Han patyşalygynyñ merkezi Çanany eýeläp. Wan Many öldürýärler. (B.e. 23 ý)

Han nesilşalygynyñ wekilleri Lýu Sýu diýen wekilini imperator edýärler. Şeýdip häkimýet başyna Kiçi Han nesilşalygy (25-220 ýý) gelýär. Zýu Sýu gullary köpçülikleýin azatlyga goýberýär, salgytlary peseldýär. Gullary öldürmek, tagmalamak gadagan edilýär.

Wagtlaýýnça asudalykdan soñ , Han imperiýasy ýene-de basybalyjylykly syýasat ýöredip başlaýar. Hytaý serkerdesi Ban Çao ilki gunnlary ýeñip, 90-njy ýylda Kuşan döwletine güýçli zarba urýar.

Han nesilşalygy wagtynda günbatar ýüpek ýoly bilen Orta Aziýa we Parfiýanyñ üstünden geçip, hytaý harytlary Rime barypdyr. Hytaýa bolsa ýewropa we günbatar aziýa harytlary getirilipdir. II asyrda ilkinji gezek rim ilçihanasy barada agzalýar. Günortada hytaýlylar Hindistanyñ üsti bilen Hindistana aralaşypdyrlar. Gündogarda hytaýlylar Ýaponiýa bilen deñiz aragatnaşyklaryny ýola goýyarlar.

II asyryñ ahyrynda Hytaýda täze gozgalañ bolýar. Ol “Sary dañylylaryñ” gozgalañy diýip at alýar. Gozgalaña Çžan Çžýoa we onuñ iki dogany baştutanlyk edýär we 20 ýyldan gowrak dowam edipdir. Gozgalañ basylyp ýatyrylan hem bolsa, Han nesilşalygy 220-nji ýylda üç patyşalyga dargaýar.

4.Hytaýda iýeroglifleriñ sany gitdigiçe artypdyr. Hytaý edebiýatynda dini däpler güýçli duýulýar. Ata-babalaryñ ruhlaryny hormatlamak uly ähmiýete eýe bolan.

Adatdan daşary güýji bolan gahrymanlar hakynda köp hekaýatlar düzülýär.

B.e. öñ I müñýyllygyñ ortalaryna Hytaýda dürli filosofiki mekdepler ýüze çykýar. Şolaryñ birem Filosof Kun – szy (b.e. öñ 551-479ýý) tarapyndan esaslandyrylan konfusiançylykdyr. Ýene bir mekdebem Zao-szynyñ esaslandyran daosizm mekdebidir. II asyrda Hytaýa Hindistandan buddizm aralaşyar. Rowaýata görä ilkinji buddizm sutralary Hytaýa ak atyñ üstünde getirilipdir. Şoña baglylykda Zoýanda häzirki wagta çenli saklanyp galan “Ak atyñ ybadathanasy” bina edilipdir. IV-VI asyrlarda sutralar hytay diline terjime edilip, buddizm Hytaýda giñden ýaýrapdyr.

Gadymy hytaýlylar saz sungatyna uly üns beripdirler. Hytaýda “Sözler aldap biler adamlar bolşuny gizläp biler diñe saz ýalan sözlemäge ukypsyzdyr” diýen pähim bolupdyr. Hytaýyñ saz gurallary üç topara bölünipdirler: kirişli, üflenýän, urlup çalynýan saz gurallary. Gadymy Hytaýyñ şäher gurluşygynyñ nusgasy paýtagt (Han imperiýasynyñ) – Çanýan şäheri bolupdyr. Onuñ töweregi on iki derwezeli diwar bilen gurşalypdyr. Iñ beýik jaýlar imperatoryñ köşgi bolan Han döwründe şekillendiriş sungatynda portret suratlary çekmek has meşhur bolupdyr.

Hytaýda tebigat bilimleri hem ösüpdir. B.e. öñ II asyrda “Matematika dokuz kitapda” diýen iş çap edilipdir. Astronomiýa degişli işler Syma Sýanyñ Ban Gunyñ işlerinde bolupdyr.

Gadymy Ürgenç

Köneürgenç:

Gadymy Horezm döwleti hakynda käbir maglumatlar Eýrandaky dag gaýalaryndaky ýazgylarda, Zaratuştra dininiň esasy kitaby bolan Awestada, pählewi edebiýatynda, grek--latyn, we Hytaý ýazuw çeşmelerinde duş gelýär. Emma diňe bu maglumatlar Horezmiň şöhratly ozalky keşbini dikeltmek üçin asla ýeterlik däldir. Orta Aziýa, Ýakyn we Orta Gündogaryň Gadymky halklarynyň döreden döwletleriniň ykbalynda uly rol oýnan Horezmiň wakalara baý taryhynyň ençeme sahypalary nämälim bolany üçin, baryp 1937-nji ýylda SSSR Ylymlar akadeiýasynyň «Horezm arheologik ekspedissiýasy» döredilipdi.

Horezmiň uly we gadymy şäherleriniň biri - Köneürgenç barada maglumat has hem az. Araplar ýurdy basyp almazdan öňkü Ürgenç (Gürgenç, Jurjaniýa) hakda hiç hili ýazgy ýok diýmek bolar. Dogry, Awesta kitabynda agzalýan Urwa şäherini käbir alymlar Ürgenç diýip düşündirýär.

Şahyň üstünden garan, öňki häkim Iýas ibn Abdyllany aýryp, onuň ýerine öz inisi Ubeýdylla ibn Muslim al Bahilini goýýar.

Seýlelikde Horezmde iki hökümetlilik peýda bolýar. Askajamuk Amyderýanyň sag kenarynda derýadan gündogarda, Kät şäherinde bolsa, häkim we emirler çepde , Ürgenje ýakyn bir ýerde ýa-da hut Ürgenjiň özünde bolýarlar. Arap dini hadymy Ibn Fadlan 992-nji ýylda bu ýerleriň üsti bilen Ýolgadaky Bulgarlara tarapa geçende, Horezmiň paýtagaty Kät eken. Emma Ürgenç weli günsaýyn güýçlenip ugrapdyr. 992-nji ýylda Kät säheriniň ýerleşen ýerini Amyderýa köwüp ýykypdyr. Bu wakadan bir ýyl geçenden soň, gadymy Horezmşalar nesliniň düýbini tutan Afrig patyşanyň iň soňky wekili Abu Abdylla Muhammet öldürilýär. Ürgenjiň emiri Mamun iki bölekden duran Horezmi bir döwlete birleşdirýär. 995-nji ýyldan başlap tä 17-nji asyra çenli «Horezmiň paýtagty» diýlende diňe Ürgenç göz öňünde tutulýar. Mamunyň ogullary Aly (997–1004-nji ýyllar) we Mamun II (1004–1017-nji ýyllar) döwründe Horezm doly özbaşdak bolýar.

Sol wagt Ürgenç bütün gündogaryň iň uly şäherine öwrülipdir. Şäherde söwda, senetçiliik, sungat we ylym ösüpdir. Emiriň köşgü köp sanly akyldarlaryň jemlenen merkezine öwrülipdir. Käbir awtorlar Mamun II köşgünde işlän alymlar toparyna «Akademiýa» hem atlandyrýar. Sebäbi döwrüň belli alymlarynyň köpüsi Horezmiň köşgünde jemlenipdirler. Horezmiň baýlygyna Gazna şäheriniň soltany Mahmudyň gözi gidip we güýç toplap, 1017-nji ýylda Ürgenji basyp alypdyr.

Seýdip Ürgenç ilki Gaznewilere, soň bolsa olary taryh meýdanyndan gysyp çykaran Seljuklylara tabynlykda bolupdyr. Seljuk Mälikşa (1072–1092) asly Garçistanly bir adamdan Anuştegin atly Türk gulamyny satyn alýar. Ol özüniň akyl-paýhasy bilen beýleki gulamlardan tiz saýlanýar. Soltan Sanjaryň (1118–1157) höküm süren döwründe Anuştegin Horezme häkim edip bellenýär. Anuşteginiň agtygy Atsyz (1097–1127) döwründe Horezmiň özbaşdaklygy üçin ýenede hereket başlanýar. Ýöne tiz wagtdan Atsyz bilen Sanjaryň arasyna tow düşýär. Bu iki soltanyň arasynda birnäçe uruşlar bolup geçýär. Sol uruşlar hakynda giňräk maglumat Ibn al Asiriň «Kämil» taryhynda we Sihabeddin an-Nesewiniň «Soltan Jelaleddin Mangburnynyň ömür beýany» kitabynda aýdylýar. Atsyzyň ogly Ilarslan 17 ýyl şalyk eden soň, 1172-nji ýylda aradan çykýar.

öne omuň uly ogly dälde kiçisi Soltanşa tagty eýeleýär. Iki doganyň arasynda dogan jeň 1200-nji ýylda Tekeş wepat bolýança dowam edýär, tagta bolsa Tekeşiň dogany Alaeddin lakamly Muhammed çykýar.

Köp ýerlerini basyp alyp uly imperiýa döreden Alaeddin Muhammet şa, ýurda mongollar çozanda aljyraňňylyga düsýär. Olardan gaçyp gutulmak isläp «beýik horezmşa» 1220-nji ýylda Kaspi deňiziniň Abeskun adasynda gözgyny ýaddaýda «amanadyny tabşyrýar», şonda hatta onuň jesedini dolamaga kepen hem tapylmansoň, nökerleriň biri köýnegini berýär. Muhammediň ogly Jelaleddiniň mongollar bilen eden merdana söweşleri Ürgenç bilen gös-göni dahyly hem ýok diýmek bolar.

Mongolar çozmazdan sähel öň Arap alymy Ýakut Ürgenje gelip görüpdir. «Men ony 1219-njy ýylda tatarlar (ýagny mongollar) almazdan öň görüpdim. Mundan baý we gowy şäheri öň görenim ýadyma düşenok. Ony tatarlar ýykandan soň bu sözlerimiň ýalan ýaly ýaňlanmagy mümkin, sebäbi meniň soň soňlar eşidişime görä, şäherden nam nyşan galmandyr. Şäherde ýaşan adamlaryň barysy öldürilipdir... Baýlykda, ulylykda, ilatyň köplüginde we mylakatlylygynda Horezmiň baş şäheri ýaly şäher älemde ýokmuka diýýärin» diýip, Ýakut ýazýar.

Sol ýyllarda Ürgenji suw basmak howpundan saklap duran bendiň bolandygyny Ýakut ýatlaýar. Şäheriň bir bölegi suwuň sag tarapynda, býlekisi çep tarapynda bolupdyr. Amyderýanyň suwyny belli bir derjede saklap duran bendi halk her ýylda abadanlaşdyryp durupdyr. Bendi mongolaryň ýykandygyny ýa-da gözegçiliksiz galansoň öz-özüniň ýykylandygyny kesgitlemek kyn. Taryhçy Ibn al-Asyr bendi mongollar weýran etdiler diýip tassyklaýar. Her halda Ürgeji suw basypdyr. Şäher sag, ýagny demirgazyk tarapy birazrak belendiräk bolany üçin, onda üç sany ymarat abat saklanyp galypdyr.

Ürgenjiň (Horezmiň) halykynyň käbir özboluşly aýratynlyklaryny taryhçylar belläpdirler. «Oturyşyp--turuşmany gowy görýän, çenden aşa myhmansöýer, batyr we söweşde edermen adamlar» diýip al Mukaddesi olary taryplaýar. «Şäheriň ilaty söweşjeňlikde we ýaýdan ok atmaklykda meşhurdyr» diýip, awtory näbelli «Hudud el-älem» kitabynda bellenýär.

Özüniň örän zähmetsöýerligi bilen tanalýan Ürgenç ilaty mongollaryň eden weýrançylygyny ýüz ýyl geçip-geçmänkä düzeldipdir. Altyn Ordanyň tabynlygyna düşende bolsa, häkim Kutlug Temiriň we onuň aýaly Törebeg hanymyň döwründe şäherde binäçe kaşaň ymaratlar peýda bolýar.

Gaydmy Ürgenje bagyşlanyp ýazylan ýörite kitap bolmasa-da aýry-aýry kitaplarda gysgajyk we üzňe habarlar duş gelýär. Kitap düzüji Fasih Hawari özüniň «Mujmali Fasihi» (Fasihiň ýygyndysy) atly eserinde her ýylda ýüze çykan hadysalary gysgajyk beläpdir. 707-nji hijri ýylynda (1307-1308-nji milady ýyly) Ürgençde bolup geçen wakalar hakda Fasih Hawari şeýle ýazýar¦ «Horezmiň Jurjaniýesinde emir Toluk ibn Kuç-Temir öldü. Soltan Muhammed Hudabende Uljaýtu han Nejmeddin Kutlug Temiri horezmşa edip belledi we ony Horezme ýollady.»

Bu maglumatdan Ürgençde birnäçe ymarat we Orta Aziýada iň beýik minarany bina etdiren Kutlug Temiriň şähere haýsy wagtda gelendigi mälim bolýar. Ilat kem-kemden özüni tutup, ýene-de şäher gurluşygyna giň gerim beripdir. Ürgençliler häkimi hem özleriniň ýokary medeniýetine çekipdirler. Her halda Kutlug Temir halkyň döredijilik başlangyçlaryny goldapdyr. Şäherde uly gurlyşyk gidipdir. Ürgenji 1333-nji ýylda gören Marokkoly syýahatçy Ibn Battuta seýle ýatlaýar¦ «Ol ilatyň gürlüginden ýaňa tolkun atýan deňzi ýada salýar. Bir gezek men bazaryň Sur atly merkezine atly girdim. Märekäniň şeýle gür ýerine ýetdim weli, yzyma dolanyp bilmän, köp eglendim. Birnäçe wagtdan soň yzyma öwrüldim. Şäheriň çetinden uçmahdan baş alyp gaýdýan dört derýanyň biri-Jeýhun derýasy akýar. Ol Itil (Wolga) ýaly doňýar. Adamlar buzuň üsti bilen bäş aýlap iki ýana geçýärler».

Özüniň ýatlamalarynda Ibn Battuta aýazly günleriň birinde Amyderýanyň orta akymlarynda ýerlesen bir döwleti dolandyryp ýören emirleriň birini görendigini we onuň bilen salamlaşmaga dodaklarynyň gowuşmandygyny ýazýar. «Meniň bu halymy görüp, emir güldi we soňra köp pul peşgeş berip, aw awlamaga barýan ýoluny dowam etdirdi». soň Ibn Battuta Horezme gelip, has demirgazykda ýerleşen ülkäniň erbet sowugyndan azar çekendigini ýazýar.

Fasih Hawariniň ýygyndysynda ýazylyşyna görä, 1336-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Kutlug Timur ölýär. Ol özüniň bina etdiren S'habiýa atly medresesinde jaýlanypdyr. Ibn Battutadan ýedi ýyl soň, ýagny 1340-njy ýylda bu ýere gelen Florebsiýa söwda firmasynyň wekili Balduççi Pegoletti şäheriň ähmiýetini şeýle kesgitleýär¦ «Aziýanyň çuň alyslyklaryna aralasyp ýörmegiň hiç hajaty ýok, sebäbi Horezmiň paýtagty Ürgençde Ýewropa bazarlary üçin zerur bolan ähli harydy satyn almak mümkin».

Soňky sözlerinde hamala Ürgenç tiz dikeldilen ýaly bolup görünýär. Ýöne hakykatda beýle bolmandyr. Iberilen wekil 15 ýyldan yzyna dolanan bolsa-da, weýran edilen säheriň diňe bir bölegi—Kagan mähellesi (kwartaly) täzeden dikeldilipdir.

Temiriň döwründe, esasan, söwda ýollary Ürgençden sowulyp geçipdir. Desti-Gypçakda çarwa özbek hanlarynyň öz aralaryndaky tire—taýpa uruşlary köpelip, Ürgenjiň öň gatnaşyk saklanan Altyn Ordanyň merkezlerinden hem arasy kesilipdir. Altyn Ordada başlanan uruş Temirleň ölenden soň onuň mirasdarlarynyň tagt üçin eden uruslaryna meňzeşdir. Altyn Ordadaky başagaýlykdan peýdalanyp, Temirleňiň ogly Sahruh Horezmi eýeläpdir. Emma 15-nji asyryň ikinji ýarymynda Horezm ýenede özbaşdaklyk gazanypdyr.

Temirleň we onuň ogullary, Seýbany han we onuň tiredeşleri, Eýran şasy Ysmaýyl I Ürgençde öz häkimlerini otudypdyrlar. Bu hanlar we soltanlar döwründe ne-hä bir uly ymarat salynypdyr, ne-de bir kanal gazylypdyr. Ykdysady we medeni taýdan pese düşen Ürgenjiň ýagdaýyny syýahatçy Jenkinson 1558-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda görüpdir. Ol şeýle ýazgy galdyrypdyr¦ «Ürgenç şäheri düzlük ýerde ýerleşipdir. Onuň töweregine 4 mile golaý palçykdan ýasalan haýat salynypdyr. Öýler hem palçykdan, olar tertipsiz we ýykyljak bolusyp durlar. Bir köçäniň üsti basyrygly, Ürgençliler ony bazar hökmünde ulanýarlar. Agzalalykly uruşlar döwründe şäher ýedi ýylyň içinde dört sapar bir hanyň elinden beýleki hanyň eline geçipdir. Şonuň üçin bu ýerde täjirler az, barjalary hem juda garyp. Tutuş şäherde men, barja ýogy dört top mata satyp bildim. bu ýerde satylýan esasy harytlar Buharadan we Eýrandan getirilýär. Olar hem şeýle bir az hatda ýazyp oturanyňada degenok. Kaspi deňzinden Ürgenç şäherine çenli ýaylyp ýatan sähra Türkmenleriň ýurdy diýilýär. Ol ýurt Hajymhana we onuň bäş sany inilerine tabyn. Olaryň biri «uly han» diýip atlandyrylýar. Emma oňa ýaşaýan ýerinde we soraýan welaýatynda gulak asylaýmasa, başga ýerde idili boýun egmeýärler. Munuň sebäbi onuň inileriniň her haýsynyň özbaşdak han boljak bolmagyndadyr...»

Umuman, 18-nji asyryň ahyrynda dörän taryhy şertleriň netijesinde Ürgenç hiç haçan öňki şan--şöhratyna ýetmändir. Şol şertleriň esaslary hökmünde uly taryhy wakalaryň Mawaranahra geçmegini, Horezmi özara uruşýan çarwa özbek hanlarynyň eýelemegini, Ýewropa, Hindistan we Hytaý arasyndaky söwdanyň deňiz ýollary bilan amala aşyrylmagyny, Amerikanyň açylmagy bilen bu şäheriň Ýewropa söwdasyndan çetde bolup galmagyny, Amyderýanyň ugrynyň üýtgemegi bilen şäheriň akar suwdan daşda galmagyny we ş.m.-leri görkezmek bolar.

Taryhçy hökmünde tanalýan Abulgazy hem tagta çykandan bir ýyl soň, Hywa şäheriniň demirgazygynda gala saldyryp, adyna Täzeürgenç dakýar. 1646-njy ýylda gadym Horezm döwletiniň paýtagty Ürgenjiň ilatyny ol ýere göçürip alyp gidýär. Şeýlelikde, Horezm döwletinde Ürgenç ady bilen iki döwlet emele gelýär.

Köneürgenç etrabyndaky gadymdan özleşdirilip gelen ýerleri suwlandyrmak üçin 1831-nji ýylda kanal çekilipdir. Halk gadymy paýtagtyň demirgazyk tarapynda orun tutup başlapdyr. Ürgenji täzeden dikeltmegiň iň soňky synanşygy Muhammet Emin (Mädemin) hanyň (1846-1855) ady bilen baglydyr. Ol Ürgenji paýtagt etmekçi bolupdyr we 13--14-nji asyrlarda Altyn Ordadan bellenen häkimleriň köşkleri ýerleşen jaýyň töweregine haýat hem saldyrypdyr. Han Türkmenlere garşy uruşda öldürilipdir we onuň arzuwy başa barman galypdyr.

Ülkäniň 17-nji asyra we ondan soňky döwüre degisli resmi hatlarynda «Horezm hanlygy» diýilen at diňe rus we günbatar Ýewropa adabiýatyna mahsusdyr. Öz resmi hatlarynda ülkäniň adynyň Horezm diýilip tutulandygy üçin 1920-nji ýylyň rewololýussiýasy netijesinde onuň territoriýasynda dörän respublika Horezm Halk Sowet Respublikasy ady dakylypdyr.

Parahat söwda ýollary bilen üpjün edilen haryt alyş—çalyşygy arap halifatyna tabyn halklaryň ösüşiniň ähli taraplaryny öz akymyna girizipdir. «Ägirt uly möçberde baglaşylan söwda şertnamalary Uzak Gündogarda hem, Alys Günbatarda hem alynyp barylardy we şol sertnamalardan gelýän pul tölegleri girdeji hökmünde düşýän salgytlardan we haraçlardan has çalt köpelerdi» diýip, 10-njy asyryň bir ýazyjysy belläp geçipdir.

Ol döwüriň Horezm döwleti halkara söwdasynyň iň uly merkezleriniň birine öwrülipdir. Gündogar Ýewropanyň, Orta Aziýanyň, Eýranyň we beýleki ýurtlaryň söwda satyk bähbitleri bu döwlet bilen ysnyşykly gatnaşyk etmek bilen bagly bolupdyr. Uly baýlyklaryň toplanmagyna getiren giň söwda ülkäniň şäherleriniň ulalmagyna, obalaryň giňelmegine, senetçiligiň we sungatyň ösmegine, feodal ahlagyň pugtalanmagyna getiripdir. Ürgenjiň bazarlary Güdogar Ýewropa bilen Gündogar Aziýada öndürülen harytlardan doldurylypdyr.

Şol wagtlarda üç sany halkara kerwen ýoly bolup, biri Mawaranahrdan gelse, ikinjisi Buharadan çykyp, Warahsa (Amyderýanyň sag tarap kenary bilen, Surahanyň üstünden geçip), Kät, Has, Nuzkat, Nukbag (Porsy), Mizdakhan aşyp Ürgenje gelipdir. Şu ýoluň Mary tarap gidýän sahaşy-da bolupdyr. Ol Tahiriýadan Günortarakda ýerleşen Nuskary (Gabakly) rabatynda ýoluň ikä bölünmeginden emele gelipdir. Şahalaryň biri gönü gönorta -- Amul şäherine gitse, beýlekisi gumuň jümmüşinden Mara çykypdyr. Hywanyň 19-njy asyra degişli ýazgylarynda bu ýol «Taht ýoly» diýlip atlandyrylýar.

Üçünji ýol -- Şähristan ýoly diýlip atlandyrylypdyr. Baryp Kusanlar döwründe dörän Zamahsardan kerwenler Şähristana we Nusaýa gelipdirler. Bu ýol günbatar Horasandan başlanyp, Gyzylarbatdan Garagumyň içinden geçip, Uzboýdaky guýularyň ugry bilen Çermenýaba (Çermenýap) tarap uzapdyr. Ol Çermenýabyň kenary bilen Zamahsara ýetipdir we ol ýerden Arda-Husmitan şäherine baryp, Ürgenç we Kät şahalaryna bölünipdir. Zamahsardan Ürgenje gidýän ýoluň has gysgaragy hem bolupdyr. Bu ýoluň Ýedi weli atly ýerden geçip, bir topar rabatlaryň—kerwensaraýlaryň üsti bilen Zamahsara ýeten bolmagy mümkin. 10-njy asyrda al-Mukaddasy Kiçiürgenç atly säheriň bolandygyny ýazan bolsa , 13-nji asyryň başynda Ýakut Kiçiürgenjiň uly Ürgençden üç parsah (parsah—6-7 kilometre deňdir) aralykda ýerleşýändigini kesgitleýär. Merhum Ý. Gulamow Ýedi welili Kiçiürgenç bilen bir hasap ederdi.

Ürgençden günbatara gidýän söwda ýoly Üstýurtdan Emba we Itil (Wolga) derýalaryna ýetipdir. Sol ýerde ýol birnäçe şahalar bölünipdir. Ürgençden gaýdan bu ýollaryň Itil derýasynyň kenarlaryndan gadymy Hazar we Bulgar döwletlerine gidýän şahalary bolupdyr. «Taryh al-Masudi» atly kitapda Horezmlileriň suw ýollaryndan hem peýdalanandyklary bellenilýär. Wolga derýasynda Horezmiň dürli önümleri ýüklenen uly gämileri ýüzüpdir.

Uly kerwen ýollary bir görseň, çar tarapa dargaşyp, bir giden ulyly-kiçili gala we obalara degip geçip, ýene-de esasy şaýolda birigpdirler. Şeýle ýollaryň hut horezm wadisiniň (wadi—oazis) özünde birnäçesiniň bolandygyny al-Mukaddasi belläpdir. Ol üç sany ýerli ähmiýetli kerwen ýolunyň ugrunda ýerlesen şäherleriň, galalaryň özara näçeräk daşlykda ýerleşendiklerini ýazyp görkezipdir.

Ürgenjiň gös-göni gatnaşmagynda edilen söwdada haýsy harytlaryň ulanylandygyny bilmek hem gyzyklydyr. 10-njy asyryň başyna degişli seýle maglumaty al-Itahri ýazyp galdyrypdyr¦ «Horezm -- hasylly, iýmite we miwä baý şäher. Onda diňe hoz ýok. Bu ýerde uzak ýurtlarda satmak üçin pagtadan we ýüňden köp zatlar öndürilýär. Şäherde ýaşaýanlaryň aýratynlygynyň biri hem baýlygyny we edermenligini aýan etmeklilige höwesliligidir. Horasanyň beýleki ilatyna garanyňda, bular özge ülkelerde köp duşýar, olar köp syýahat edýärler. Köp sanly Horezmlileriň ýaşamaýan uly säheri Horasanda duşmaýar. Horezm ýurdynda altynyň, kümşüň, gymmatbaha daşlaryň magdany ýok. Olaryň baýlygynyň abraýly bölegi mal saklamak we türkler bilen söwda etmekden önýär. Slawýanlardan, hazarlardan we olaryň goňşy halklaryndan, şol sanda türklerden düşýän gullaryň aglabasy, şeýlede sähra tilkileriniň, senjabyň, gunduzyň derileri bularyň elinde jemlenýär».

Köneürgençden başlanyp Yzmyhsirde gutarýan gadymy kerwen ýoluny göz öňüne getirjek bolup synanşalyň. Şonda şeýle marşruty çak edip bolar¦ Köneürgrnç—Kiçiürgenç (Ýedi weli) 3 parsah, Kiçiürgenç—Sazakly öwliýä 3 parsah, Sazakly öwliýä-Tüýnükli öwliýä 1 parsah, Tüýnikli öwliýä-Ak depe 1 parsah, Ak depe—ikinji Sazakly öwliýä 2 parsah, Ikinji sazakly öwliýä—Yzmyhsir 1 menzil. Bu ýerde ikinji Sazaklydan Yzmyhsire çenli bolan bir menzillik, ýagny ýedi parsah aralyk, elbetde, «öwliýäsiz» bolan däldir. Su iki merkeziň arasyndaky gadymy gonamçylyklaryň astynda galapyn antik we orta asyra degişli arheologik ýadigärlikleriň ençemesi gömülip ýatyr.

Içeriki söwda degişli kerwen ýollarynyň başga ugurlarynyň hem bolan bolmagy mümkin. Mysal üçin, has soňraky asyrlarda Ürgençden gelýän ýol Ýedi welä barman geçen bolmagy mümkin, sebäbi Kiçiürgenç diýilen at köpçüligiň ýadyndan çykyp onuň ýerine gonamçylyk döränsoň kerwenler başga bir ýerde düşlemeli bolandyr. Şeýle ýerleriň biri hökmünde Mädeminhanyň galasyny görkezmek bolar. Hywadan ýörite Köneürgeji görmek üçin gaýdan Eýranly ilçi we alym Rizakulihan Hidaýatyň 1851-nji ýylda geçen ýoly gyzyklydyr. Ol Hywadan cykyp Daşhowuza gaýdypdyr. Soň Hilaleýinde, ýagny Ýylanlyda bolup, Ak depä gelipdir. Ak depeden soň Mädemingalada hem bir gije ýatyp, Köneürgenje gelip ýetipdir. Bu agzalan ýerlerde ilçiniň atly hemralary gijelerine düşlemeli bolupdyrlar. Ol ýurdyna dolanansoň «Safar nama-ýi-Horezm» atly kitap ýazypdyr. Hidaýat Köneürgenje eden sapary wagtynda bu gadymy şäherde gören gadymy ymaratlaryny we ýaşap geçen meşhur adamlary hakda ýatlamalar galdyrydyr.

Horezmiň paýtagty Hywa säherine göçürilenden soň hem Köneürgenje geler durar ekenler. Täze paýtagtyň gözel ymaratlary köp bolsada Köneürgençdäki gadymdan galan nusgalar köpçüligiň ünsünden düşmändir. Hywadan gaýdýan ýol Täzeürgenje, Şabada, Daşhowuza, Porsa degip geçip Köneürgenje gelipdir. Hywadan gaýdýan ýollaryň başga şahalary-da bolupdyr. Mysal üçin, Hywa, Gazawat, Tagtanyň üsti bilen ýene-de Daşhowuza ýa-da Ýylanla çykylýan ýollar bolupdyr. Biziň günlerimiziň asfalt ýollary hem gadymy kerwen ýollarynyň käte üstünden, käte golaýyndan geçip Köneürgenje ýetýär.

Gündogar Ýewropa

Gündogar Ýewropa — sözüň dar manysynda — Ýewropa kontinentiniň gündogar bölegi.

Günorta Slawýan ýurtlary XII – XV asyrda

Mowzuk: Günorta Slawýan ýurtlary XII – XV asyrda

1. Bolgariýa we Serbiýa Wizantiýanyñ häkimligi astynda

2. Ikinji Bolgar patyşalygy . Bolgariýany osmanly türkleriñ basyp almagy

3. XIV asyryñ birinji ýarymynda Serbiýa ýerleriniñ giñelmegi. Osman imperiýasynyñ Serbiýany özüne boýun egdirmegi.

Bolgar we Serb halklarynyñ yzygider gaýtawullaryna seretmezden , bu günorta slawýan döwletleri Wizantiýanyñ gol astyna düşdi. Wizantiýa hökümeti (1018-1185ýý) 1,5 asyr dan gowrak wagt bu ýerlerde agalyk etdi. Halky ezdi. Dürli salgytlar salyndy: çörek, goýun, çakyr salgydy we başgalar. Daýhanlaryñ salgydy töläp bilmän öz çagalaryny gulçulyga satandyklary barada maglumatlar bar. Erbedi hem Wizantiýanyñ goñşy peçenekler we polowesler bilen alyp barylan uruşlar Bolgariýany agyr ýagdaýa salýardy. Iñ erbedi zor bilen grek dilini ýazuwyny girizip halky ellunizirlemäge çalyşdy. Slawýan dilindäki mekdepler ýapyldy. Slawýan ýazuw ýadygärlikleri grek diline geçirildi, galanyny ýok etdiler. XI asyrda Bolgariýada urýer eýeçilik gatnaşyklary ýola goýulypdy. Ýöne daşary ýurtlylaryñ agalygy netijesinde ýurtda zähmet öndürijiligi pese gaçypdy. Bu aýratyn hem Bolgar şäherlerinde duýuldy. Wizantiýalylar Buthana monastyr ýerlerini giñeltdiler. Şol ýerlerde ýasaýan daýhanlary klirikler diýip atlandyryldy. XII asyryñ ortalarynda azat haýhanlaryñ sany kemeldi. Ilat iki taraplaýyn ezişe duçar boldy (ýerli we daşary ýurtly). Halk basybalyjylara garşy göreşe aýaga galdy.

Ilkinji köpçülikleýin hereket Bolgariýada 1040-1041 –nji ýyllarda bolup geçdi. Zat (natural) salgydyna derek pul salgydynyñ salynmagy halkyñ närazyçylygyny döretdi. Gozgalañ Bolgariýanyñ cäginden çykdyp,

Serbiýanyñ , Makedoniýanyñ , Sofiýa welaýatynyñ , Epir we Orta Gresiýanyñ ilaty gatnaşdy. Hökümet bu hereketleri zordan diýen ýaly basyp ýatyrdy.

Ikinji bolgar gozgalañy 1071-1073-nji ýyllarda Demirgazyk günbatar Bolgariýada bolup geçdi. Ondan soñky hereketleri-de hökümet basyp ýatyrdy.

Asen II-niñ oruntutarlarynyñ dünde Bolgariýa gowşap başlapdyr. Bolgariýa döwleti kiçelip galýar.Wizantiýa Konstantinopoly (1261ý) yzyna gaýtaryp alýar, onuñ bilen bile Fransiýa, Makedoniýa we beýleki welaýatlary yzyna gaýtarýar.

XIII asyrda Bolgariýada köp şäherler bardy. Hünärmentçilik ösüpdir. Ýüñ, ýüpek, demir, mis, deri önümleri, küýzegärçilik ösüpdir. Bolgariýa Dunaý we Gara deñziñ kenaryndaky döwletler bilen aragatnaşyk edipdirler. Bolgar söwdagärleri Wengriýa , Polşa, Wizantiýa, Balahiz, Moldawiýa bilen söwda aragatnaşyklaryny edipdir. Bolgar söwdagärleri kerwen söwdasyny edip, günbatar Ýewropa ugrapdyr. Olar Flandriýa we

Şampan ýarmarkalaryna gatnaşypdyrlar. Günbatar bolgarlary deri we aýakgap önümlerine höwesi uly bolupdyr. Dunaý şäheri söwda merkezlerine öwrülipdir. Budun, Semistra, Dorostol, Nikopol Wapna, 2 bolgar patyşanyñ paýtagty Tirnowo bolupdyr. (1187-1396ýý) . Emma oba hojalygy-da ösüpdir. Hususy hojalyklar köp bolupdyr. Daglyk etraplaryñ ilaty maldarçylyk bilen meşgullanypdyr. Ýurtda iri we ýer eýeleri we boýarlar agalyk edipdir. Olar bilen köplenç patyşa razylaşypdyr. Boýarlara köp garaşly daýhan degişli bolupdyr. Krepostnoý – pariklere (Buthana ýerlerinde olara klerikler diýip at beripdirler. Olar köp salgytlary tölemelidi. XIII- XIV asyrlarda olar köp borçlylyklarynda ýerine ýetirmelidi. Üstesine mongol çozuşlaryna-da çydam edip bilmedik daýhanlar çopan Iwaýlonyñ ýolbaşçylygynda 1277 ýylda gozgalañ turuzdylar. Şol wagt ýurdy patyşa Konstantin Tih dolandyrýardy. Patyşa gozgalañy basyp ýatyrmak üçin iberen goşuny gozgalañçylaryñ tarapyna geçýärdi ýa-da gaçyp gidýärdi. Gozgalañçylar patyşa Konstantin Tihi öldürip, daýhanlar Iwaýlony patyşa diýip yglan etdiler. Iwaýlonyñ daşyny boýarlar gabady. Ölen patyşanyñ aýaly Iwaýlo durmuşa çykdy. Bu bolgar boýarlarynyñ we Wizantiýalylaryñ hüjüme geçmegine getirdi. 1280-nji ýyllarda Iwaýlo Bolgariýadan gaçdy. Soñ ony tutup öldürýärler. Bolgar tagtyna boý boýar Georgiý Terteriý (1280-1292ýý) geçdi. Emma daýanlaryñ gozgalañy Bolgariýanyñ taryhynda uly yz galdyrdy. Bolgariýa özbaşdak knýazlyk döredi. Tarnowo, Budansk, Dobrudžu. Olar hem iri ýer eýeliklerine bölünipdi. Olary boýarlar dolandyrýardy.

Serbiýa döwleti hem Wizantiýanyñ agalygyndan azat bolandan soñ öz hojalygyny ösdürmeklige uly üns berdi. Magdan gazyp almak ösdi. Stefan Nemaniniñ ogly Stefan Perwowençannyý (1196-1224) serb knýazlyklaryny özüne birleşdirip 1220 ýyllarda serb korolynyñ täjini geýdi. Ogly Uroşe I (1243-1276ýý) ähli serberleri gutarnykly birleşdirildi. XIII asyryñ ahyry XIV asyryñ başlarynda iri ýer eýelerine garşy göreşler köpçülikleýin häsiýete eýe boldy.

Stefan Duşan (1331-1355ýý) Serbiýany iri balkan döwletlerine öwürdi. Ol bolgarlar, wizantiýalylar bilen uruşlar alyp baryp Makedoniýany, Albaniýany, Emir we Fessaliýany basyp aldy. Stepan Duşan 1346-njy ýylda “özüni pomewleriñ we Serbleriñ şasy” diýip yglan etdi we täç geýdi. Ol birnäce gezek Konstantinopola ýakynlaşdy we ony eýelemeklige synanyşdy. Flotyñ ýetmezçiligi oña mümkinçilik bermedi.

Wizantiýa soñky ýörişinde Duşan aradan çykdy. XIV asyryñ ortalarynda “Stefan Duşanyñ” kanunlar ýygyndysy kabul edildi. Onda halkyñ durmuş derejesi dünýewi we buthana ýerleri barada aýdyldy.

Serb daýhanlarynyñ bir bölegi azatdy, olaryñ hususy jemgyýetçilik ýerleri bardy. Olar patyşa hazynasyna salgyt töläpdirler.

Daýhanlaryñ bir bölegine merophalar diýipdirler. Olaryñ ýagdaýy edil irki günbatar Ýewropa billianlaryna meñzäpdir. Olar hudaýyñ hasabyna hepdede 2 gün haýyr sahawat işi diýip zähmet çekip bermeli bolupdyrlar. . Olar bir eýeçilikden başga eýeçilige kynlyk bilen geçipdirler. Gul derejesindäki daýhanlar bolupdyr. Kanunlar ýygyndysynda olaryñ bary cäklendirýän hukukly bolupdyr.

Stefan Duşan aradan çykan soñ serb patyşalygy birnäçe böleklere bölünýär. Ogly Stefan V Uroşa uly bolmadyk serbleri ýetdi. Balkan ýarym adasyna osmanly türkler aralaşyp, yzly-yzyna welaýatlary eýeläp, Duşan aradan çykandan 15 ýyldan soñ bütin serb ýerlerini eýelediler. Türk seljuk döwleti Kiçi Aziýada haçly ýörişler dünde Rum soltanlygy ady bilen belli bolupdy. 10 sany emiratlyga bölündi.

Türk-oguzlary we türk seljuklary XIII-XIV asyrda Kiçi Aziýa soñra Balkan ýarym adasyna aralaşypdyrlar.

Yzygider uruşlaryñ netijesinde XIV asyrda patyşa Urhan döwründe hemişelik goşun döredildi. Olara ýanoçorlar goşuny diýip at berildi. Goşunda Wizantiýa düzgüni girizildi, esasy üns olaryñ türgenleşigine , ýaraglanyşyna berildi. Osmanly goşunlar çalasynlygy bilen tapawutlanyp, irili ilaty, şäherleri talapdyr. 1331-nji ýylda Kiçi Aziýany eýeländen soñ , Urhan Ýewropa Dardanemiñ kenaryna soñra Frakiýa 2 ýöriş gurady. Soñky Soltan Murad I (1359-1389ýý) Frakiýa şäherleriniñ biri Adrianopoly eýeledi. Eýelän ýeriniñ halkyny talady, gula öwürdi. Köp türk daýhanlaryny Kiçi Aziýa göçürdi. Şeýdip göçüp-gonup ýörän türklere seredende, ýer tutup ýaşap başlan türkler täze basyp alyşlara taýyarlandy. Günorta Serbiýa Soltanlygyñ gol astyna geçdi. Wizantiýa hökümdary hem oña garaşly boldy.

1453-nji ýylda Konstantinopol boýun egdi. Wizantiýa ýaşamagyny bes etdi. 1463-nji ýylda türkler Bosniýa we Gersogawina ýerlerini eýeledi.

XVI asyrda Horbot ýerlerine , ilki Dalmasiýa soñra Wengriýa we Slowakiýa aralaşdylar. Edil Mongol basybalyşlary döwründäki ýaly günbatar Ýewropa döwletleriniñ dolandyryjylary hiç hili gaýtawul bermäge kömek sorasalarda bermediler.

Türkleriñ Balkan ýarym adasyny eýelemegi bilen XVI asyrda Merkezi Ýewropa hem türk çozuşyndan howatyrlandy.

Gündogar Orta Ýer deñzinde we Balkan ýarym adasynda türk agalygy berkänden soñ , günbatarda Ýewropalylaryñ ykdysady we syýasy durmuşyna täsirini ýetirdiler.

Türkleriñ eline gara deñze geçýän wajyp söwda ýollary geçdi. Olar Ýakyn we Uzak gündogardady.

Bu Ýewropa söwdasyna halkara gatnaşyklaryna-da täsirini ýetirdi.

Hindistana deňiz ỳolunyň açylmagy

Hindistana deňiz ỳolunyň açylmagy — XIV asyryň başlarynda Portugaliỳanyň kordy gämi gurluşygyna aỳratyn üns berip güỳçli harby flot döredỳär. Beỳik geografiki açyşlalyň gutulgysyz, iň bir derwaỳyş sebäpleriniň biri hen Hindistana we Hytaỳa täze deňiz ỳolunyň açylmagy bolupdyr. Bu ỳurtlar bilen söwda gatnaşygy Mogol (inperiỳasynyň) döwletiniň dargamagy netijesinde gaty çylşyrymlaşypdyr. Ol ỳerlerde araplaryň hökümdarlygy güỳçli bolandan soň, harytlar gymmat baha daşlar, zatlar, dürli tagamlaryň bu ỳurtlara getirilmegi kemelip başlapdyr. Şonuň üçin hem Günbatar Ýewropa deňizde ỳüzüjileriniň maksady esasan araplara duşman, öžleri üçin bähbitli ỳollary tapmaga ymtylypdyrlar.

Portugal koroly häkimiỳetini güỳçlendirmek maksady bilen köp çäreleri görỳär. Paỳtagty Lissabony açyk port şäheri diỳip yglan edỳär we dünỳäniň uly şäherleriniň birine öwürmek isleỳär.

Rim papasynyň kömegi bilen Portugallar Aziỳa we Afrika materiginde, Ispanlar Amerikanda agalygyny ỳöretmegi isleỳär.

Portugallar täze ekspedisiỳalary gutardylar. 1497-nji ỳylyň tomsunda Lissabondan Wasko da Gammanyň deňiz ekspedisiỳasy çykyp deňiz ỳoly bilen Hindistana ugraỳär. Ýaşyl Burun adalarynyň deňine ỳetenden soň ỳoluny ỳitirip, azaşỳarlar Braziliỳanyň kenar ỳakalaryndan ỳüzüp geçỳär.

Emma hiç hili ugur tapman soň ugruny gündogara üỳtgedỳär. Şeỳlelikde Wasko da Gamma Afrika kontingentiniň günorta-günbatar kenaryny ỳuzüp geçip Mozambige barỳar we Mozambil soltanyndan Hindistana gidilỳän ỳoly görkezmegi haỳyş edỳär. Olar kömek etmeklige derek ters ỳoly salgy berỳär. Malindi şäherinde ökde kürekçi Ahmet ibn Mizid diỳen araby özüne yrỳarlar. 1498 ỳylyň Magtymguly aỳynyň 20-de Wasko da Gammany 10 aỳky ỳüzüşden soň Kalỳkut şäherine getirỳär. Ýerli soltanlardan (rajalardan) hoşomaỳ ysly zatlary alyp yzyna ugraỳar. 1499 ỳylyň Gorkut aỳynyň 2 gämisini, ỳüzüşe ugranlaryň ỳarysyny ỳitirip Lissabona dolanyp gelỳär. Portugallar her ỳylda 20 golaỳ gämini atyjy ỳaraglar, adamlar bilen dolduryp alyp gidỳärler. Hindi ummanyndan arap söwdagärlerini gysyp çykaryp deňiz söwdasyny öz eline alỳarlar. Portugallar Hindistanyň özünde uly ỳerleri basyp alyp bilen bolmasada deňiz kenaryndaky berkitmeleri eỳeläpdi.

Ýöne Ýewropalylar hem bu ỳerlere aralaşdylar. Magellanyň bütin dünỳä syỳahaty Wespuçiniň çaklamasynyň dogrudygyny äşgär etdi.

Magellan Portugal dworỳan maşgalasyndan gelip çykan. Ol ỳaşlygyndan patyşa gullygynda bolup, köp deňiz barlaglaryna gatnaşypdyr. Ol birnäçe gezek Malakka adalaryna barlag geçirỳär we ony Günorta Amerika golaỳ diỳip çak edỳär. Ol täze açylan kontinentiň uzaklygyny takyk bilmänden soň, günbatara tarapa ỳüzüşi dowam edip bolar diỳip çaklaỳar. Ýöne şol wagt Panama geçelgesinden Günbatarrakda Yuwaş okeanyň bardygyny biliỳardiler.

1505-1514 ỳyllarda Portugallaryň Hindistan we Malakka ỳüzüşlerine (operasiỳalaryna) gatnaşyp, ỳurdyna gelip patyşadan ỳokary wezipe soraỳar, emma onuň islegi kanagatlandyrmaỳarlar. Şonuň üçin Ispaniỳa gidỳar we portugal astronomy Raỳ Faleỳro bilen tanyşỳar. Magellan geografiki uzaklylyklaryň takyk ölçeginiň usulyny tapandygyny aỳdỳar.

Ispan hökümeti entek täze açylan ỳerlerden girdeji almansoň Magellanyň barlagyna gyzyklanma bilen garamaỳar. Magellan ispan patyşasy bilen baglaşan şertnamasyna laỳyklykda Amerikanyň Günorta nokadyna çenli ỳetmelidi.

Latyn Amerikasy

Latyn Amerikasy — 40-50-nji ýyllarda Latyn Amerikasynyň umumy ýagdaýy. Latyn Amerikasy ýurtlary bazar ykdysadyýetiniň ösüş ýoluna ABŞ-dan we Günbatar Ýewropa ýurtlaryndan has soň düşdüler. Onuň sebäbi-de, bu sebitiň taryhynyň täzelikler, demokratik özgerişler girizmek islän güýçler bilen köne düzgüniň tarapdarlarynyň arasyndaky barlyşyksyz göreşden doly bolmagydyr. Bu ýagdaý şol ýurtlaryň ykdysadyýetine ýaramaz täsir etdi. Birinjiden, olaryň ABŞ-dan, Günbatar Ýewropa döwletlerinden yza galmaklygyna sebäp boldy. Ikinjiden, olar ösen senagatly döwletleriň çig mal çeşmesine öwrüldiler.

Latyn Amerikasy diňe bir tebigy baýlyklaryň bol sebiti bolman, eýsem, arzan işçi güýjüniň hem köp ýeridi. Şonuň üçinem ABŞ we beýleki ösen döwletler ol ýere höwes bilen öz maýa goýumlaryny goýdular. Netijede, sebitiň ykdysadyýeti daşary ýurt maýadarlarynyň gol astyna düşdi. Ykdysady tarapdan baknalyk bolsa, syýasy özbaşdaklygy-da çäklendirýärdi.

II-nji jahan urşy ýyllarynda Latyn Amerikasy ýurtlarynyň aglabasynyň ösüşinde birmeňzeş, umumy häsiýetli ýagdaýlar ýüze çykdy. Argentina, Meksika, Kolumbiýa, Braziliýa ýaly ýurtlar uruşýan döwletleriň islegini kanagatlandyryp, olaryň senagaty üçin zerur çig maly öndürýärdiler. Şol önümleriň bahasynyň birnäçe esse ýokarlanmagy, ýerli baýlaryň sanynyň artmagyna getirdi. Ýerli baýlarda bolsa, daşary ýurtlarda baknalykdan dynmak meýli güýçlendi. Olaryň goldamagy bilen döwlet eýeçiligi ösüp başlady. Germaniýa hem onuň ýaranlaryna degişli eýeçiligiň millileşdirmegi, daşary ýurtlara degişli senagat kärhanalarynyň, demir ýollaryň satyn alnyp, döwlet eýeçiligine öwrülmegi ýaly çäreleriň hemmesi ykdysadyýetde döwlet eýeçiligini güýçlendirip, ykdysady baknalykdan dynmaga gönükdirilen çärelerdi. Emma şol çäreleriň geçirilmegine garamazdan, 50-nji ýyllarda-da Latyn Amerikasy döwletleriniň ykdysady baknalygy entek saklanýardy. Sebäbi ol ýurtlaryň ykdysadyýetiniň iň esasy we has girdejili pudaklary ABŞ-yň elindedi. ABŞ 1949-1960-njy ýyllarda şol döwletlere goýan maýa goýmundan 2 esseden gowrak girdeji alypdy.

50-nji ýyllarda Latyn Amerikasy ýurtlarynyň oba hojalygynda aýratyn bellär ýaly özgerişler bolmady. II jahan urşundan öňki ýyllardaky ýaly ýagdaý, ýagny iri ýer eýeçiligi saklanyp galdy. Oba hojalygynyň esasy aýratynlygy her ýurduň özüne mahsus ekininiň bolmagydyr (monokultura). Mysal üçin, Braziliýada, Kolumbiýada – kofe, Kubada, Dominkan respublikasynda – gant, Gondurasda, Kosta-Rikada, Ekwadorda – banan oba hojalygynyň esasy önümi hasaplanýardy.

Milli azat edijilik hereketi. Latyn Amerikasy ýurtlarynyň syýasy-ykdysady ýagdaýy ol ýerlerde milli-azat edijilik hereketiniň güýçlenmegine getirdi.

1940-njy ýyllaryň ikinji ýarymynda, 50-nji ýyllaryň başynda sebitiň ýurtlarynda agalyk eden öňki syýasy toparlar gowşap, demokratik özgerişleriň tarapdarlary güýçlendiler. Bu toparlar ykdysadyýete döwletiň aýgytly goşulmagy, ýerli maýa goýumlarynyň ähmiýetiniň ýokarlandyrylmagy esasynda daşary ýurt maýasyna baknalykdan dynmak isleýärdiler. Öňe sürlen şu maksady halkyň ähli gatlaklary (daşary ýurt maýadarlary bilen baglanyşyklardan başgasy) goldaýardylar.

Milli-azat edijilik hereketi netijesinde, Boliwiýada, Ekwadorda, Gwatemalada, Salwadorda, Wenesuelada, Kolumbiýada diýdimzor düzgün dargadyldy. Argentinada, Meksikada, Çilide, Paragwaýda, Nikaraguada, Kubada we beýleki ýurtlarda hem halkyň öz azatlygy, özbaşdaklygy ugrundaky aýgytly göreş giň gerim aldy.

Kubada general Batistanyň diýdimzor düzgünine garşy Fudel Kastronyň ýolbaşçylygynda rewolýusionerler bäş ýyldan gowrak göreş alyp bardylar. Olar ýeňiş gazanyp, 1959-njy ýylyň Baýdak aýynda rewolýusion hökümeti düzdüler. Ilkibada kommunist bolmadygam bolsa, F. Kastro rewolýusiýanyň gazananlaryny berkitmegiň hatyrasyna SSSR bilen ýakynlaşmaga mejbur bolupdyr we söweşjeň kommuniste öwrülipdir.

40-50-nji ýyllardaky syýasy-ykdysady özgerişler. 40-50-nji ýyllarda Latyn Amerikasy ýurtlarynda amala aşyrylan syýasy, durmuş, ykdysady özgerişleriň häsiýetli taraplaryny şol ýurtlaryň käbirleriniň mysalynda görüp geçeliň !

Braziliýa Latyn Amerikasy döwletleriniň arasynda ykdysady tarapdan iň ösen döwletleriň biridir. Braziliýanyň ykdysadyýetinde täsirli yz galdyran özgerişler 1930-njy ýylda häkimiýet başyna gelen prezident Žetulis Wargasyň (1883-1954) döwründe başlandy. Wargas Braziliýanyň ykdysady tarapdan kuwwatly döwlete öwürmegi maksat edindi. Ol nebit senagatyny, senagatyň başga-da birnäçe pudagyny daşary ýurt maýa eýeleriniň elinden alyp, millileşdirdi. Bu bolsa, ykdysadyýetde güýçli döwlet eýeçiligini döretmäge mümkinçilik berdi.

Wargas ähli syýasy toparlara, kärdeşler arkalaşygy guramalaryna açyk işlemäge hukuk berdi. Ol özüni “täze adalatly döwlet dörediji” diýip atlandyrdy. Emma 1945-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynda demokratik hereketiň ýaýbaňlanmagyndan gorkan ýokary gatlaklar ony häkimiýet başyndan aýyrmagy başardylar.

1950-nji ýylyň Oguz aýynda bolan prezident saýlawynda Wargas ýene-de ýeňiş gazandy. Ol milli ykdysadyýeti gorap, daşary ýurtdan gelýän maýa goýumlaryny çäklendirdi, birinji nobatda, döwlet eýeçiligini ösdürmäge üns berdi.

Wargas elektrik senagatynyň kärhanalaryny döwlet eýeçiligine geçirmek ýer eýeçiligini ýok isledi. Emma ol pikir daşary ýurtly maýa goýumdarlarynyň we ýerli iri ýer eýeleriniň garşylygyny güýçlendirdi. Prezidente garşy harbylaryň ýolbaşçylygynda dildüwşük guraldy. Edilýän hyýanatlara çydaman, Wargas özüni öldürdi.

50-nji ýyllaryň II ýarymynda-da köneçil güýçler ýurtda geçirilýän demokratik häsiýetli özgerişlere garşylyk görkezmegi dowam etdirdiler. Emma täze hökümet Wargasyň ykdysadyýetde döwlet eýeçiligini güýçlendirmeklige saýlan ugruny dowam etdirdi.

Argentina II-nji jahan urşundan soňky on ýyllykda dolandyran prezident Huan Peron (1895-1974) ýurduň ykdysadyýetinde döwletiň täsirini güýçlendirmäge başlady. Onuň döwründe Merkezi bank millileşdirildi. Amerika, Beýik Britaniýa, Fransiýa degişli bolan telefon ulgamlar, demir ýollar hususyýetçilerden satyn alnyp, senagatda kuwwatly döwlet eýeçiligi döredildi.

Ýurduň konstitusiýasynda zähmete, bilime bolan hukuk, demokratik azatlyklar jar edildi. Peron Argentinada adalatly döwletiň döredilýändigini yglan etdi. Hökümet işçileriň, döwlet edaralarynda işleýän gullukçylaryň aýlygyny artdyrdy.

Peron başarjaň syýasatçy we ajaýyp dilewar adamdy. Ol halky öz yzyna düşürmegi başarýardy. Argentinanyň zähmetkeşleri ony öz penakäri hasaplaýardylar. Argentinanyň kärdeşler arkalaşygy onuň esasy daýanjy boldy. Ol ýerli işewür adamlary goldap, olary öz tarapyna çekmegi başarýardy.

Emma prezidentiniň syýastyndan närazy generallar 1955-nji ýylyň Ruhnama aýynda döwlet agdarylyşygyny geçirdiler. Harby hökümdarlar Peronyň kabul eden köp kanunlaryny, konstitisiýany ýatyrdylar.

Meksikada amala aşyrylan özgerişler 1910-1917-nji ýyllaryň rewolýusiýasynda döredilen institusion-rewolyusion partiýanyň (IRP) ýolbaşçylygynda geçirildi. Bu ýerde hem daşary ýurt eýeçiligini millileşdirmek dowam etdirlip, şonuň esasynda döwlet eýeçiligi giňeldildi. Iri ýer eýeçilik ýok edildi, daýhanlar millionlarça gektar ýere eýe boldular. Şu çäreler Meksikada içki syýasy durnukly şertlerinde geçirildi.

Gwatemala, Boliwiýa Latyn Amerikasynyň yzagalak döwletleridir. Bu ýurtlaryň ykdysadyýetiniň esasyny oba hojalygy tutýar. Ekerançylyk üçin amatly iri ýer eýeleriniň we daşary ýurt baýlarynyň elindedi.

1944-nji ýylyň Bitaralyk aýynda Gwatemalada rewolýusiýa bolup, harby polisiýa düzgünini agdardy. Şeýle öwrülişik 1952-nji ýylyň Gurbansoltan aýynda Boliwiýada hem boldy.

Häkimiýeti eline alan güýçler bu ýurtlarda köneçil toparlaryň garşylygyna garamazdan, demokratik özgerişleri amala aşyrmaga girişdiler. Emma ýerli köneçilleriň we ABŞ-yň gazaply garşylygy netijesinde syýasy ýagdaý üýtgedi. 1954-nji ýylyň tomsunda Gwatemalada harby öwrülişik amala aşyrylyp, häkimiýet harbylaryň eline geçdi. 1952-nji ýylda Boliwiýada bolan rewolýusiýa bu ýurda ykdysady özbaşdaklyk getirmedi.

Mao Dun

Mao Dun-lakamy, hakyky ady Şen Ýan-bin. Ol 1896-njy ýylyň iýul aýynda Çžeszýan welaýatynyň Sinçžen diýen ýerinde dogulýar. Pekin uniwersitetiniň taýýarlyk bölüminde okaýar. 1916-njy ýyldan başlap Şanhaýdaky neşirýatda işläpdir. 1920-1922-nji ýyllarda “Sýaoşo ýuebao” žurnalyna ýolbaşçylyk edipdir.Edebiýaty öwreniş guramasyny esaslandyranlaryň biri bolupdyr. Mao Dun bu guramany 1921-nji ýylda esaslandyrypdyr. 1927-nji ýyla çenli publisist, edebiýatçy, tankytçy we terjimeçi hökmünde hytaý okyjylaryny günbatar ýewropa we rus edebiýaty bilen tanyşdyrypdyr, sowet edebiýatynyň ilkinji şowly gadamlary barada gürrüň edipdir. “Personažlaryň öwrenilişi”(1925), “Hytaý mifiologiýasy”(1925), “Kyssany öwrenişe giriş”(1928) we.ş.m kitaplaryň ýazarydyr. Ilkinji çeper eseri-“Tutulma” (1927-1928), “Lapykeçlik”, “Ikirjiňlenme” “Gözlegler” atly üç powestden ybarat bolup, 1925-1927-nji ýyllaryň rewolýusiýasynyň şowsuz gutaranyndan soň ýazylypdyr. Onuň gahrymanlarynyň köpüsi – durmuşdan tamasy çykmadyk ýaş intelligentler, diňe az sanlylar göreşi dowam etdirýärler. 1928-1930-njy ýyllarda Mao Dun Ýaponiýa göçüp gidýär, ol ýerde “Itburun”(1929) we “Öňkiýyllyk ot”(1929) hekaýalar ýygyndylaryny ýazýar. Bu hekaýalar “Tutulma” kitabyna meňzeş ýazylypdyr. Şol wagt hem “Älemgoşar” romanyny başlaýar, emma ol doly tamamlanman galýar.

1930-njy ýylda Hytaýa gaýdyp gelip, Mao Dun Hytaýyň çep ýazyjylar guramasynyň agzasy bolupdyr.

Üç sany uly hekaýadan durýan “Oba trilogiýasy” (1932-1934) eserinde Mao Dun ykdysady ýagdaýyň erbetleşmegi netijesinde nädip daýhanlaryň ýaragly göreşe başlaýandyklaryny görkezýär. Kiçi söwdegärleriň tozmagy, bergä batmagy “Liniň dükany” powestinde (1932) görkezilýär.Onuň gahrymanlarynyň syýasatdan uzak, garşylyk görkezip bilmeýän, iş başarjaň we akýürekli adamyň keşbi tipiki keşpdir. Iň täze hytaý edebiýatynda Mao Dunuň “Daň atmazyndan öň” (1933) romany sosial epopeýanyň ilkinji nusgasy boldy. Bu romanda milli buržuaziýanyň ýagdaýy, işçileriň köpçülikleýin göreşi şekillendirilýär.

Ýaponiýa bilen uruş bolýan döwürde (1937-1945) Mao Dun edebiýat jemgyýetini watam üçin çagyrypdyr, “Wenýi Çžendi” žurnalynyň redaktory bolupdyr, çeper dokumental eserlere köp üns beripdir. “Birinji tapgyr baradaky powest”(1939) Şanhaýyň üç aýlap goranyşy barada gürrüň berýär, “Derbi-dagyn edilenden soň”(1942) we ş.m. 1941-nji ýylda Gonkongda “Dargama” romanyny çap edipdir. Roman “Çankaýşistlaryň gizlin polisiýasynyň aralaşmaly bolan ýaş aýalyň gündeligi görnüşinde ýazylypdyr.”1942-nji ýylda ýaponlar Gankongy alanlaryndan soň gomindan ýerlerine gaýdan Mao Dun hytaý welaýatynyň 1911-1913-nji ýyllar rewolýusiýasy öňisyrasyndaky ýagdaýy barada ýazjak bolan ullakan işiniň birinji bölümini – “Gyraw sepilen ýapraklar ýaz paslyndaky güller ýaly gyzarýar” atly romanyny (1942) döredýär, 1945-nji ýylda bolsa ýurduň täzeden dikeldilmegi üçin alnyp barylýan göreşe bagyşlanan “Ýas günlerinde” dramasyny ýazýar.

Ýaponiýa bilen bolan uruş tamamlanandan soň Mao Dun demokratik guramalaryň hereketine gatnaşýar, terjime bilen meşgullanýar. Ol W.Kataýewiň “Goşun ogly”, W.Grossmanyň “Halk bakydyr”we ş.m. eserleri terjime edýar we “Berkişme” romanyň üstünde işleýär.

1946-1947-nji ýyllarda SSSR boýunça syýahat edýär we şonuň netijesinde “SSSR-de görlen we eşidilen zatlar” (1948) we “Sowet soýuzy” barada gürrüň (1949) eserleri ýazylýar.

1949-1964-nji ýyllarda Mao Dun Bütinhytaý edebiýat we sungat işgärleri birleşmesiniň ýolbaşçysynyň orunbasary, Hytaý Halk Respublikasynyň medeniýet ministri wezipelerinde işläpdir, edebiýaty öwreniş we publisistika bilen meşgullanypdyr. “Gije bellikleri”, “Sosialistik realizm baradaky oýlanmalar”(1958), “Hyjuw” (1959), “Taryh we taryhy dramalr barada” (1962), kitaplary medeniýet öwrülişigi diýip aýdylýan döwürde yzarlanma sezewar bolupdyr.

Mineral baylyklar

Mineral baýlyklary. Adam has irki döwürlerden bäri

mineral çig mallaryň dürli görnüşlerini giňden peýdalanypdyr.

Döwletleriň köpüsi tarapyndan tebigy baýlyk tygşytlaýjy

syýasatyň geçirilýändigine garamazdan, mineral çig mallaryna

bolan isleg ýylsaýyn artýar ( ýylda 5%). Bu meýil

birinjiden, ösýän ýurtlarda ýagny Aziýada, Afrikada, Latyn

Amerikasynda çig mallara bolan islegiň artmagy, ikinjiden,

senagata garanyňda materiallary tygşytlamak ýagdaýy

çylşyrymly bolan gurluşyk işleriniň çalt ösmegi bilen

düşündirilýär.

Geçen XX asyryň ikinji ýarymynda mineral baýlyklary

peýdalanmagyň möçberleri örän artdy. Diňe 1950-nji ýyldan

bäri gazma baýlyklary çykarmagyň möçberi üç esse

ýokarlandy. XX asyrda gazylyp

ýyldan soň çykaryldy. Şu gün mineral çig maly sarp etmegiň

ösüşi onuň ýüze çykarylan gorlarynyň ösüşinden has

ýokarydyr.

Her ýylda Ỳeriň jümmüşinden 100 mlrd tonna golaý

dürli mineral çig mallary we ýangyç gazylyp alynýar. Olar gara

we reňkli metal magdanlary, nebit,gaz, gurluşyk materiallaryhemmesi 200-den gowrak dürli görnüşlerdir.

Siziň fiziki geografiýa derslerinden bilşiňiz ýaly, gazma

baýlyklarynyň häzirki ýerleşişi - Ỳeriň uzak taryhy döwürde

geologiki ösüşiniň netijesidir. Litosferanyň dürli ýerlerinde

ýataklaryň belli bir toparynyň jemlenen uly territoriýalary

ýüze çykypdyr. Şunlukda, organiki gelip çykyşly ýangyç

baýlyklary gadymy platformalaryň çet gyralaryna we bükülme

sebitlerine ýygnanypdyr, magdan baýlyklary bolsa, köplenç

platformalaryň döwülmeleriniň çäginde we Ỳer gabygynyň

hereketli-epinli sebitlerinde gabat gelýär. Tektoniki hadysalar

netijesinde dörän magdan ýataklarynyň köp toplanmagyny

magdan guşaklygy diýip atlandyrylýar. Olara Alp-Gimalaý,

Ỳuwaş okean we beýleki magdan guşaklyklary degişlidir.

Mineral baýlyklaryň esasy toparlaryna ýangyç baýlyklary

degişlidir. Nebit, tebigy gaz we kömür gazylyp alynýan

ýangyjyň esasy görnüşleridir. Olaryň gorlary Ýer şary boýunça

birmeňzeş ýaýran däldir. Nebitiň baý gorlary Ýakyn Gündogar

ýurtlarynda (Pars aýlagynyň sebiti ), Russiýanyň çägindäki

Günbatar Sibir pesliginiň demirgazygynda, Hazar deňiz

sebitinde, Demirgazyk Afrikada, Günbatar Afrikadaky

Gwineýa aýlagynda, Meksika aýlagynda we Karib deňiz

basseýninde, Alýaska ýarym adasynda, Hytaýyň we

Hindistanyň kenar sebitlerinde jemlenendir. Russiýanyň

demirgazygynda, Günbatar Ýewropa ýanaşýan Demirgazyk

deňzinde, Pars aýlagynyň ýurtlarynda, Demirgazyk Afrikadaky

Alžirde we Tunisde, Liwiýada, Merkezi Aziýadaky

Türkmenistanda we Özbegistanda, ABŞ-nyň we

Kanadanyň çäklerinde tebigy gazyň uly känleri ýerleşýär.

Daş kömriň uly ätiýaçlyklary Russiýada, Hytaýda,

Hindistanda, Awstraliýada, ABŞ-da we Günbatar Ýewropada

bar .

Magdan baýlyklary häzirki zaman dünýäsinde örän uly

ähmiýete eýedir, sebäbi metallar (ozaly bilen demir) öwezini

tutup bolmaýan konstruksion material bolmagynda galýar.

Maddy önümçiligiň dürli pudaklaryndan başga-da, olar

durmuşda, saglygy goraýyş ulgamynda we ş.m giňden

peýdalanylýar. Magdan gorlarynyň bolmagy islendik döwlet

üçin ykdysady ösüşiň esasy aýratynlygydyr.

Adamzadyň geçmişdäki, häzirki we geljekki durmuşy

demir bilen has jebis baglanyşyklydyr. Demir magdanynyň

öňden peýdalanylýan uly gorlary ABŞ-da, HHR-da,

Hindistanda, Awstraliýada, Russiýada jemlenendir. Soňky

onýyllyklarda geçirilen geologiýa-gözleg işleri Aziýa, Afrika,

Latyn Amerikasy ýurtlarynda köp sanly känleriň açylmagyna

getirdi. Olara Braziliýada Amazonka basseýniniň demir

magdanlary, Liberiýadaky, Gwineýadaky, Alžirdäki we baş.

magdan känleri degişlidir.

Dünýäniň mineral çig-mal ätiýaçlyklary

Mineral

çig-mal

Barlanan

ätiýaçlyklary,

mln t

Mineral

çig-mal

Barlanan

ätiýaçlyklary,

mln t

Demir

magdany

230 000 Gurşun 130

Boksitler 28 000 Nikel 110

Hromitler 6 700 Tantal 35

Marganes 4 900 Wanadiý 27

Niobiý 4 200 Kobalt 8,8

Titan 595 Kümüş 0,42

Mis 590 Altyn 0,06

Sink 330 Platina

toparynyň

metallary

0,066

Reňkli metallardan alýuminiý has giňden ýaýrandyr. Ỳer

gabygynda onuň mukdary 10%-e ýakyndyr. Alýuminiý çig

malynyň (boksitler we baş.) uly gorlary Russiýada, Fransiýada,

Italiýada, Hindistanda, Surinamda, ABŞ-da, Günbatar

Afrikada, Karib deňiz basseýniniň ýurtlarynda ýerleşýär.

Mis magdanynyň esasy baýlyklary Zambiýada, Zairde,

Çilide, ABŞ-da, Kanadada, gurşun-sink magdanlary – ABŞ-da,

Kanadada, Awstraliýada jemlenendir.

Dünýaniň senagat taýdan ösen döwletleriň aglabasy

özüne gerek bolan mukdardaky metal magdanlary bilen ýeterlik

derejede üpjün däldir we olary daşyndan getirmäge mätäçdir.

Meselem, Ỳaponiýada magdan baýlyklarynyň senagat gorlary

ujypsyzdyr. Germaniýa demir magdanynyň, Italiýa-mis

magdanynyň, Fransiýa-polimetal magdanlarynyň we ş.m.

ýetmezçilik etmeginden kösenýär.

Şol bir wagtyň özünde gara we reňkli metallurgiýanyň

kartasyny ünsli öwrenmek, magdanlaryň esasy görnüşleriniň

gorlary we gazylyp alnyşy boýunça öňdebaryjy orny ösýän

döwletleriň: Braziliýa we Hindistan- demir magdany; Çili,

Zambiýa, Zair, Peru, Meksika- mis; Gwineýa, Ỳamaýka,

Surinam – boksitler; Gabon-marganes; Malaýziýa, Indoneziýa,

Boliwiýa, Braziliýa, Tailand – galaýy we ş.m. eýeleýändigini

görkezýär.

Häzirki zaman dünýäsinde gazylyp alynýan baýlyklaryň

arasynda mineral himiýa çig mallary - kükürt, fosfatlar, kaliý

duzlary, gurluşyk materiallary, oda çydamly çig mal, grafit we

beýlekiler hem möhüm orun eýeleýärler. Bu baýlyklaryň Ỳer

gabygynda ýaýraýyş derejesi hem örän dürlidir. Meselem,

gurluşyk materiallary hemme ýerde diýen ýaly gabat gelýär,

kükürdiň, fosforitleriň, grafidiň känleri bolsa seýregräk duşýar.

Bu ýagdaý, bir tarapdan gurluşyk ulgamyny her bir döwletde

döretmäge mümkinçilik berýär, beýleki tarapdan – döwletleriň

hojalyk ýöriteleşişinde öz yzyny goýýar.

Çig malyň gazylyp alynşynyň we peýdalanylyşynyň

geografiýasy, şeýle hem dünýä bazarynda olaryň nyrhlarynyň

üýtgäp durmagy, ýurtlaryň durmuş-ykdysady ýagdaýyna

düýpli täsir edýär.

Gazylyp alynýan baýlyklaryň täze känlerini tapmak

boýunça geçirilýän gözleg-barlag işlerinden başga-da, dünýäde

baýlyk üpjünligini gowulandyrmagyň geljegi uly ugurlarynyň

biri, olary gaýtadan ulanmak (metallar), şeýle-de başga

materiallar bilen öwezini tutmak (plastmassa, keramika) we

ş.m. bolup durýar. Köplenç mineral baýlyklaryň gazylyp

alynmagynyň çenden aşa artdyrylmagy ekologiki meseleleriň

ýitileşmegine getirýär. Şonuň üçin mineral-çig mal baýlyklary

kompleksleýin (köptaraplaýyn) we rejeli ulanmak ykdysady

syýasatyň iň bir esasy ugurlaryň biri bolup durýar.

Niderlandlar

Niderland Patyşalygy (niderl. Nederland [ˈneːdərlɑnt], niderlandça aýdylyşy ) — Günbatar Ýewropa döwleti, kenarlaryny Demirgazyk deňzi ýuwýar (kenarýakasynyň uzynlygy — 451 km). Ol Germaniýa (577 km) we Belgiýa (450 km) bilen serhetleşýär. Karib deňziniň Aruba adasy we Niderland Antil adalary bilen bilelikde, ol Niderlandlar Korollygy (niderl. Koninkrijk der Nederlanden) döwletini emele getirýär. Paytagty- Amsterdam saheri.

Sefewi döwleti

Sefewi döwleti — Ine şeýle şertlerde 1502-nji ýylda yştymagy gelip çykyşy boýunça türkmen bolan Ysmaýylyň baştutanlygynda täze bir döwletiň düýbi tutulýar. Döredenleriň taýpasynyň ady bilen baglanyşykly ol döwlet Sefewiler döwleti ady bilen taryha dolýar. Bu döwleti esaslandyryjy Ysmaýyl şa barada giňişleýin durup geçeliň.

Türkiýäniň daşary syýasaty

Türkiýäniň daşary syýasaty, Türkiýe respublikasynyň özünden daşary döwletler, ideologiýalar, guramalar we halkara aktýorlar bilen bolan gatnaşygyna berilen atdyr.

XVI – XVII ASYRLARDA ÝEWROPADA YLMY- BILIMLERIŇ ÖSÜŞI

MOWZUK: XVI – XVII ASYRLARDA ÝEWROPADA YLMY-BILIMLERIŇ ÖSÜŞI. TÄZE DÜNÝÄGARAÝYŞLAR.

M E Ý I L N A M A:

1. XVI – XVII asyrlarda ylmy-bilimleriň ösüşindäki öwrülişik.

2. Astronomiýa, fizika, matematika, tebigy bilimleriň ösüşi.

Material dünýäni adamyň öwrenmegi ilkidurmuş jemgyýetinden başlanypdy. Ilkinji synpy jemgyýetde Gadymy Gündogarda tebigatyň hadysalary baradaky bilimler toplanypdyr. Birneme giçki jemgyýetlerde (esasan Gadymy Gresiýada we Gadymy Rimde) ylmy bilimler orta asyr döwründe has hem ösen derejä ýetipdir. Ylmy açyşlara mysal edip Ewklidiň geomteriýasyny, Arhimediň hasabyýet barlaglaryny, Gipparhyň we Ptolomeýiň astronomiýa degişli işlerini, araplaryň algebrasyny görkezmek bolýar.

Täze eýýamyň ikinji müňýyllygynda häli ylmyň ösüşi ösen döwletlerde hem ýokary däldi. Köp hadysalar baradaky bilimler takyk bolmandyr. Jisimleriň hereketi baradaky kanunlary bilmändirler, nähili ýagdaýda adamyň eli bilen zyňylan daş uçýarka diýip oýlanypdyrlar. Käbir syn etmeler käbir halatlarda jadygöýlüge gönükdirilipdir.

XVI – XVII asyrlarda tebigy bilimiň ösüşinde uly öwrülişi bolup geçýär. Günbatar Ýewropada iri ýer eýeçilik-ybadathana dünýägaraýşyna we sholastika bilen göreşde, material dünýäni öwrenmegiň täze usullary öwrenilip başlanýar. Ylmy pikirler ösüp, giňelip biziň günlerimize çenli ylmyň ösüşine itergi berip gelýärler. Jemgyýetiň kanunalaýyklyklarynyň ösüşi örän çylşyrymly. Tebigaty öwrenmekde täze eýýamyň başlanmagy öndüriji güýçleriň we medeniýetiň ösmegi bilen bagly. Önümçiligiň ösmegi (tehnikanyň ösmegi bilen bilelikde) ylmy ösüşiň ösmegi bilen düşündirilýär, sebäbi ylmy ösüş täze syn etmeleriň netijesinde täze bilimleriň hazynasyny toplamaga mümkinçilik berýär.

Önümçiligiň aýry-aýry bölümlerinde ýönekeý mehanizmleriň ulanylmagy, gurluşyk tehnikasynyň ösmegi, şahtalaryň emele gelmegi we ýükleriň göterilmegi üçin täze mehanika babatynda bilimleri özleşdirmegiň zerurdygyny görkezdi. Çylşyrymly gidrotehniki enjamlaryň çykarylmagy gidrostatistikanyň we gidrodinamikanyň esaslaryny öwrenmäge mümkinçilik berdi.

Önümçiligiň ösmegi alymlary täze ylmy açyşlary başlamaga itergi berdi. XVI – XVII asyrlarda köp priborlar we enjamlar taýýarlandy. Mikroskop, teleskop, termometr, borometr, gidrometr oýlanyp tapyldy. XV asyryň ortalarynda kitap çap etmek uly orun tutdy. Pergamentiň kagyz bilen çalyşmagy ylmy bilimleriň ösendigine şaýatlyk edýärdi. XVI – XVII asyrlarda Günbatar Ýewropa ýurtlarynda önümçiligiň we tehnikanyň soraglarynyň amaly taraplary öwrenildi. Täzeden döreýşiň täze medeniýeti giňelýär we giňden ýaýraýar. Bu medeniýetiň tarapdarlary-gumanistler orta asyr sholostikasy bilen göreş alyp barypdyrlar. Şeýlelikde, şu döwürde önümçiligiň ösmegi hadysalary öwrenmekde täze materiallary berýärdi, olar hem tebigaty öwrenmekde esasy orun eýeleýärdi.

Ylmyň ösmegi bilen gumanistler antik döwrüň ýazyjylarynyň eserleri bilen (Ewklidiň, Arhimediň, Apolloniniň) tanyşyklar, olar bilen köpler tanyş däldi we köp halatda düşnüksizdi.

Geografiki açyşlar uly orna mynasyp bolupdyr. Bu açyşlar ilkinji gezek Ýeriň şar şekillidigini, astronomiýadan, botanikadan, zoologiýadan hakykatlaryň dogrudygyny subut etdiler.

Günbatar Ýewropada tä XVI asyra çenli, şeýle-de Gündogarda antik döwürde geosentrik çaklama agalyk edipdir. Hemmeler Ýeriň daşyndan Gün, planetalar, ýyldyzly asman hereket edýär diýip çaklapdyrlar. Bu ulgam esasan Aristotel döwründe öwrenilipdir, matematiki häsiýetnama Gipparh (b.e.öň II asyr) we Ptolomeý (b.e.öň II asyr) berlipdir. Asman jisimleriniň hereketini düşündirmek üçin geosentrik ulgam tarapyndan alymlara çylşyrymly geometrik çaklamalary ulanmak gerek bolupdyr. Ýöne olaryň kömegi bilen hem planetalaryň hereketiniň tablisasyny düzmek örän kyn bolupdyr.

XVI asyrda ylmyň ösmegi we täze astronomik tablisalaryň zerurlygy netijesinde köne astronomik garaýyşlar täzeleri bilen çalşyldy. Bu ugurda geosentrik ulgamy ret eden polýak alymy Nikolaý Kopernik bolupdyr. Kopernik (1473-1543) Torun şäherinde doglupdyr. 1491-1495-nji ýyllarda ol Krakow uniwersitetinde, soňra bilimini Italiýada dowam edip, dürli bilimleri-kanon hukugyny, gadymy dilleri, medisinany, matematikany, astronomiýany öwrenipdir. Kopernik 1503-nji ýylda öz Watanyna gaýdyp, durmuş wezipelerini we lukmançylyk bilen meşgullanýar. Ýöne esasy meşgullanýan käri astronomiýa bolupdyr.

Asman jisimleriniň hereketi, geosentrik ulgam babatynda Kopernigi şübhelendirýärdi. Ol birnäçe alymlar bilen Ýeriň hereketlenýändigini, hereket etmeýän Günüň beýleki planetalar bilen bile aýlanýandygyny öwrendi, bu çaklamanyň dogrudygy bilen ylalaşdy. Ol özüniň “Asman jisimleriniň aýlanyşy” diýen işini ýazdy, ýöne ony çap etmedi. Bu kitap 1543-nji ýylda çap edildi we onuň ilkinji ekzemplýary awtora ölen güni ýetirildi.

Kopernigiň ylma goşan goşandy örän uly. Geosentrik ulgam antik döwürde emele gelen hem bolsa, köp alymlar tarapyndan ýazgarlypdyr. Emma Kopernik ilkinji bolup Ýeriň beýleki planetalar ýaly Günüň daşyndan we öz okunyň daşyndan aýlanýandygyny subut etdi.

Geosentrik ulgamyň Kopernik tarapyndan subut edilmegi we ösdürilmegi köne garaýyşlar bilen göreşde bolupdyr. Lýuter Bibliýa esaslanyp Kopernigiň agyşyny tankytlaýar. Lýuteriň çaklamalaryny beýlekiler hem goldaýarlar. Kopernigiň garaýyşlaryna katoliki buthana hem ters gelipdir. Katoliki buthana Kopernigiň tarapdarlaryny yzarlap başlapdyr. Olaryň ilkinjisi hem iltaliýaly Jordano Brunodyr. (1548-1600).

Jordano Bruno Kopernigiň garaýyşlaryny öwrenýär. Ol ýeres diýip aýyplanýar. Sekiz ýyl tussagda bolup, Rimde ýakylyp öldürilýär.

Italiýaly astronomwe fizik Galileý hem Kopernigiň geosentrik ulgam baradaky ylmy garaýyşlaryny doly öwrenýär. Galileo Galileý 1564-nji ýylda Pize diýen şäherde dogulýar. 1589-njy ýylda Piz uniwersitetiniň matematikadan professory bolupdyr. 1592-nji ýylda Paudanda, 1610-njy ýylda Florensiýa alym bolup gaýdyp gelipdir we ol ýerde “ilkinji filosofyň we matematigiň” adyny alypdyr.

Galileýiň açyşlary Kopernigiň bilimleriniň tiz ýaýramagyna alyp barýar. 1616-njy ýylda Gan dünýäniň merkezi diýen pikir ýeretiki pikir diýip bellenýär, Kopernigiň işleri bolsa gadagan edilen kitaplaryň hataryna goşulýar. Ýöne Galileý Kopernigiň işleriniň dogrudygyny subut etmegi dowam etdirýär. Ol 1632-nji ýylda “Dünýäniň iki möhüm ulgamy” diýen işini ýazýar. Galileýiň bu işi Galileýi kazyýetiň öňünde durmaga mejbur edýär. 1633-nji ýylda ol Rimde tussag edilýär, ony sürgün edýärler. 1642-nji ýyla çenli tä ömrüniň ahyryna çenli tussagda bolup, oňa öz işlerini çap etmek gadagan edilipdir.

Geosentrik çaklamanyň ösüşinde uly iş bitiren ýene-de bir alym nemes astronomy Iogann Keplerdir. (1571-1630) Kepler Fýubingen uniwersitetinde okap, soňra Grosda ýaşaýar. Pragada köşk matematigi diýen wezipede Rudolf II döwründe işleýär. Soňra ol Linsede ýaşaýar. Kepler bir ýerden beýleki ýere gözlenmeleriň we ýetmezçilikleriň netijesinde göçüp ýöreýärdi. 1615-nji ýylda Kepleriň ejesi jadygöýlükde aýyplanýar. Kynçylyklara seretmezden ol astronomiýa bilen meşgullanýar. Kepleriň ylymda bitiren uly hyzmaty bolup, ol planetalaryň görnüşleri we olaryň hereketleri baradaky hakykaty açdy.

Kepler 1609-njy ýylda “Täze astronomiýa ýa-da Asman fizikasy, Mars ýyldyzynyň hereketi” diýen işini çap edyär.

XVI asyrda fizika ylmy ösüp başlaýar. Statikada we gidrostatikada üstünlikler gazanyldy. Arhimediň statika boýunça işleri öwrenilip, täze açyşlara itergi berdi. Stewiniň (1548-1620) ýazan giň göwrümli “Deňagramlylygyň ýörelgeleri” işi uly meşhurlyga eýe boldy. Stewin gidrostatikanyň teoremalaryny formirleýär. Nikol Fartal (1500-1557) jisimleriň uzaga zyňylmak traýektorisini öwrenýär.

Iňlis alymy Wilýam Gilbert (1540-1603) “Magnit baradaky” işinde magnitiň häsiýeti barada düşünje berýär. Fizika ylmynda köp täzelikleriň üstünde Leonardo da Winçi işleýär, ýöne onuň bu açyşlary biziň döwrümize çenli gelip ýetmändir.

XVII asyrda fizika ylmynyň has ýokary göterilen döwri başlanýar. Fizika ylmynda jisimleriň gaçysy baradaky soraglara jogap tapylýar.

Galileýiň başlan işini, ýagny jisimleriň gaçyşy baradaky soraglary fransuz alymy Rene Dekart dowam etdirýär. Mehanika bilen bir hatarda beýleki bölümler hem ösüp başlady. Fransuz matematigi we fizigi Blez Paskal (1623-1662) gidrostatika boýunça soraglaryň üstünde işleýär. Ol suwuklyklara basyşyň geçişiniň kanunyny açdy. Galileýiň okuwçysy Toriçelli (1608-1647) atmosfera basyşyny öwrenýär we barometri oýlap tapýar. Astronomiýanyň we mehanikanyň ösmegi matematika ylmynyň ösmegine getiripdir.

Gadymy Gresiýada we orta asyr Gündogarynda alymlar algebranyň elementlerini bilýärdiler, birinji we ikinji derejeleriň sanlaryny goşup bilýärdiler. XVI asyrda bu ugurda täze açyşlar yzly-yzyna ösüp başlady. Italiýaly matematikler Fartal we Kardano (1501-1576) deňlemeleriň üçünji derejesini çözmegiň usulyny düzüpdirler.

XVI asyra çenli algebrada harplar ulanylýar. Deňlemeler san koeffisiýentleri bilen düzülipdir we çözülipdir. Fransuz matematigi Wiýet (1540-1603) algebraik ýumuşlary çözmegiň usullaryny oýlap tapýar, täze algebraik formulalar ýüze çykýar. Dekart näbellileri latyn harplary – x,y,z bilen belleýär. Algebra bilen bir hatarda trigonometriýa ösüpdir. Ol matematiaknyň bir esasy bölümi bolup ulanylýar.

Dekart we fransuz matematigi Ferma geometriýany döredipdirler.

Himiýanyň, geologiýanyň, geografiýanyň, botanikanyň, zoologiýanyň ösmegi täze bilimleriň toplanmagyna getiripdir. Esasy üns tebigaty öwrenmäge gönükdirilipdir.

Himiýa ugrunda öň tanyş bolmadyk zatlar, olaryň düzümi, dag içi we metallurgiýa öwrenilip, alhimiýa ösüp ugrapdyr.

Geologiýa we mineralogiýa boýunça bilimler artypdyr. Bu ugurda nemes alymy Georg Bagem (1494-1555) köp işler alyp barypdyr.

Geografiki açyşlaryň netijeleri geografiki bilimleriň giňeldilmegine alyp gelipdir. XVII asyryň ortalaryna materikleriň umumy meýdanlary bellenýär. Arktika we Antarktidany öwrenmek kyn bolupdyr. Geografiýa bilen bir hatarda kartografiýanyň ylmy esaslary öwrenilipdir we takyk kartalar düzülipdir. Karta öwreniş ylmynda uly ösüşler Gerhart Kremeze (1512-1594) degişlidir. Ol iň esasy kartografik proýeksiýalary onuň ady bilen bagly.

Botanika we zoologiýa ylmynda köptomluklar peýda bolup, olarda ösümlikleriň we haýwanlaryň reňkli suratlary ýerleşdirilipdir. Ilki bolup Italiýada botaniki bag, soňra Günbatar Ýewropada döredilipdir. Ilkinji gerbariler, ylmy muzeýler ýüze çykdy.

Adam organizmini öwrenmekde ilkinji ösüşlere eýe bolundy. Şwesariýaly himik, biolog we lukman Filipp Teofrast fon Gogengeým adam organizminiň tebigaty baradaky teoriýany we keselleri bejermegiň usullaryny oýlap tapdy.

Mikroskopyň oýlanyp tapylmagy organizmleriň we ösümlikleriň gurluşyny öwrenmäge mümkinçilik berdi. Gollandiýaly Lewenguk (1632-1723) mikroorganizmleri açýar.

Ylymlaryň ösmegi bilen pelsepe ylmy hem ösüpdir. Bu ylmyň ösmeginde iki sany pelsepeçi – Frensis Bekon we fransuz matematigi, fizigi Rene Dekart uly işler bitirdiler.

Frensis Bekon (1561-1626) Londanda dogulýar, Kembridž uniwersitetinde okaýar, Parižde ýaşaýar. Watanyna gaýdyp gelip, baron lakamyny alýar. Ýöne 1621-nji ýylda öz wezipesinden peýdalanandygy üçin ähli wezipelerinden aýrylýar. Soňra korol Bekonyň günäsini geçýär, ýöne syýasy işe ol gaýdyp gelmändir.

Bekon tebigaty öwrenmegiň emperiki usulyny oýlap tapýar. Ýöne bekon köp soraglarda ylmyň doly gazananlaryna düşünmändir we ol Kopernigiň ulgamynyň garşydaşydy.

Rene Dekart (1596-1650) inezit mekdebinde okaýar. Mekdebi gutaryp, birnäçe ýyl Parižde daşary ýurt goşunynda gulluk edýär. Ýewropa ýurtlarynyň köpüsine syýahat edýär. bekon we Dekart sholastika ylmyny täze ylym bilen çalyşmagy maksat edýärler. 1629-njy ýylda Dekart Gollandiýa barýar. Gollandiýada onuň esasy işleri çap edilýär. Olar: “Usul barada pikirlenmek” (1637) we “Pelsepäniň başlangyjy” (1644). Ýöne Dekardyň bu işleri teologlaryň arasynda nägilelik döredýär we oňa Şwesiýa göçüp gitmek gerek bolýar, ol şol ýerde-de aradan çykýar.

XVII asyryň ortalarynda tebigy bilimleriň ösmeginde uly sepgitlere ýetildi. Täze tebigy bilimleriň döremegi köne pikirler bilen göreşde alnyp barylýardy. Ýöne XVII asyrda bu kynçylyklar ýeňilip geçilýär we sholastika bilen arasyndaky näsazlyklar ýok edilýär.

Çehiýa XI- XV asyrlarda

Çehiýa XI-XV asyrlarda

Sapagyň maksady: Çehiýa döwletinde iri ýer eýeçilik gatnaşyklarynyň ýüze çykyşy we synpy göreşleriň ýitileşmegi barada düşünje bermek.

Sapagyň wezipesi: Çehiýanyň XI- XV asyr taryhyny öwrenmek bilen talyplara Garaşsyz we Bitarap Watanymyza buýsanç döretmek, dostluk-doganlyk, agzybirlik, watana söýgüni döretmek.

Mukaddes Ruhnama: “Türkmen halkym hiç mahal uly halkyň öňünde kiçelmez, kiçi halkyň öňünde ulalmaz ” sah. 406.

1. XI-XIII asyrlarda Çehiýada iri ýer eýeçilik gatnaşyklarynyň ösüşi we azat daýhanlaryň iri ýerlerine tabyn edilmegi.

2. Obada we şäherde synpy göreşiň ýitileşmegi.

3. Gulçylyk uruşlary we onuň netijeleri.

Gunbatar slawýan döwletleriniň biri Çehiýa bolup, Merkezi Ýewropa

ýurtlarynda bolşy ýaly, XI-XII asyrlaryň başynda ösen iri ýer eýeçilikli jemgyýete geçdi. Şu döwür Çeh we Polşa halklarynyň german iri yer eýelerine garşy göreşi bilen gabat gelýär. Ýöne oba hojalygynda hünärmentçilik entäk doly bölünip aýrylmandy. Emma söwda ösýärdi. Ruslar. polýaklar, günbatar ýewropalylar söwda edýärdi. Iri yer eýeleri, buthana öz ýerini boş yerleri, tokaýlary arassalap, şolaryň hasabyna giňeldýärdiler. Azat daýhanlara dediçi diýip at beripdirler. Olar öz ýerinde (nesile geçýän) işläpdirler, ýöne bularyň jemgyýetçilik ýerlerinden peýdalanmaga hukugy bolmandyr, şol sebäpli olar iri ýer eýelerine garaşly bolupdyrlar, dürli salgytlary töläpdirler. Hat-da olaryň ep-eslisi iri ýer eýeleriniň ezilişine duçar bolup, ellerinden ýerlerini aldyrypdyrlar.Ýöne öňki gullardan galanlary bardy. Olar hukuksyzdylar.

XI asyrda iri ýer eýelerinden atlylara “goşunda oňat gulluk edendigi”üçin ýer berilipdir.Iri ýer eýeleriniň agalygyny dikeltmek üçin ýörite knýaz gramotalary berilipdir. Olardan “panlar” çykýar, maýda feodallara 2-nji derejeli şlahtalar diýip at beripdirler. XI asyrda iri yer eýeçiliginiň dagynyklygynyň netijesinde döwletiň territoriýasy kraýnylara bölünipdir. Her kraýnynyň merkezi bolupdyr, oňa grad diýip at beripdirler. Sud, döwlet edaralary we maliýe işinden girýän gurdejiler bolupdyr bu yerli ýer eýeleriniň girdejisiniň üstüni doldurypdyr. Olarda kraýnlaryň harby gury ýer goşuny bolypdyr. Ýörite gurultaýlar çagyryp (seýme degişli) zerur meseleleri çözüpdirler. Syýasy dagynyklyk dowam etse-de Praga şäheri özüniň ýurduň merkezi bolmagyny bes etmändir. Nemes we polýak iri ýer eýelerine garşy göreşde çeh halkynyň agzybirligi güýçsizdir. Çeh khýazlary Bražislaw I (1034-1055) Spitignew II (1055-1061) we Braçislaw II (1062-1092) döwründe nemes we polýak goşunyna uly zarp urulypdyr. Aýratyn hem XIII asyrda nemes daýhanlary ezişe çydam edip bilmän goňşy çeh ýerlerine göçüpdirler. Bu ýerde lokator diýýän maýda iri ýer eýeleri aralykçy bolup olara kömek edipdirler. Şeýdip boş ýatan ýerler özleşdirilipdir, üstesine olaryň yzy bilen nemes söwdagärleri, hünärmentleri-de aralaşypdyrlar. Mukaddes Rim imperiýasynyň öňki abraýyny ýokary galdyrmak maksady bilen nemes knýazlary bilen ýakynlaşyp, özüne soýuzdaş gözläpdirler. Katoloki buthana ruhanylar bu ýere göcüp gelip ösýän çeh döwletini pese gaçyrmagy niýetläpdirler. Tefton rysarlary, tampliýerler, monahlar, dominikanlar gelipdirler. Nemesler gelip öz nemes hukuklaryny öňe sürdiler. Bu nemes kolonistleriniň geçiren çäreleri çeh döwletinde özüniň ters täsirini galdyrdy. Käbir ýerlerde çeh daýhanlaryny göçürip ezipdirler, ýerine nemesler göcüpdirler. Şeýdip çeh ýerlerinde (patrisatlar) ýokary hukukdan peýdalanýan adamlar hem peýda bolupdyr. Çeh halkynyň gelgindilere garşy göreşi güýjäpdir.

Çeh döwleti barada aýtsak XIII asyrda ykdysady gatnaşyklar ösüp korol häkimýeti güýjedi. Korol Tokar II (1253-1278) öz yerlerini yzyna gaýdyp almak ugrunda çehlere garşy kömek etdi. Onuň döwründe Çehiýä merkezi Ýewropada iri ýer eýeçilikli döwlete öwrüldi. Ýöne 1241-1241-nji ýyllarda Wengriýa, Polşada soň çeh ýerlerine tatar-mongol basypalyjylary aralaşdy. Batynyň ordasy Morawiýany basyp aldy. Waslaw I olaryň Rusdaky alyp baran hereketlerinden soň güýjiniň gowşandygyny duýdy we olaryň ýörişlerini togtatdy.Prežemysl Otokkor II döwründe Heb welaýatyny Togen ştafunlardan aldy. Awstriýany Çehiýa birleşdirdi. Slawiýan ýerleri bolan Ştriýa Karintiýa we Krainyny Dunaýdan bärisini birleşdirdi. Äpet slawiýan döwletini döretdi. Ol Laba we Odra derýalaryndan tä Adriýatin deňzine çenli ýerlerini bermejek Wenger koroly Belyý IV bilen hem göreşdi. Wenger korolyny Galiso-Wolik knýazy Daniil Ramanowiç goldady we olar 1253-nji ýylda Çehiýa ýöriş etdiler. Emma çeh rus dostlugynyň bozulmagyna garşy Galisin knýazlygynda çykyşlar boldy. Şondan soň birnäçe gepleşikler geçirilip, gaýdyp çozuş etmediler.

XIII asyryň 70-nji ýyllarynda nemes basyp alyşlarynyň syýasy täsirlei duýuldy. Çehler şol wagt Hristiandinini kabul edip alypdyr. Çehiýada ruhany rysar ordenleri peýda bolupdyr. Olaryň hem köpüsi nemes bolupdyr. Şeýdip korol häkimýeti nemes kolonizasiýasyna duçar bolupdyr.

Çehiýanyň ykdysady ösüşi.

XIV asyryň II ýarymynda Çehiýada ykdysadyýet ösdi. 3 gezek hasyl almak, ýerleri giňeltmek ekerançylyk, üzümçilik, maldarçylyk ösýär. Mawut matalar daşary ýurtlara çykarylypdyr, pul gatnaşyklary ösdürilipdir.

Käbir senagat önümlerini öndürmek boýunça diňe bir merkezi däl günbatar Ýewropada-da birinji orna geçýär. Kümüş pullar öndürilýär. Praga ýurduň merkezi şäheri bolup Ýewropa bilen söwda edýän merkezi şähere öwrüldi. Bu ýere Angliýa, Flandriýadan, Wengriýa Wenesiýa, Polsadan söwdägärler gelipdirler. Aýratyn hem Gündogar Ýewropa ýurtlary bilen söwda ösüpdir. Çehiýadan mawut mata, metal önümleri, wino çykarylypdyr. Ýewropadan bu ýere ýarag, mal, sütükli deri, mis we beýleki önümleri getirilipdir.

1306-njy ýyldan başlap Çehiýäda Pşemisler döwri gutaryp 3 toparlaşyklar boldy. Korol diýip hemes koroly knýaz (Çehçe Ýany ) saýlapdyrlar. Täze korol hanlara gramota berip, soslawiýalara (gatlaklara) edilýän egilişikleriň saklanjagyna söz berýär. 1310-njy ýyldan başlap Çehiýada wagtly-wagtynda seýimler çagyrylýar. Gurultaýlara şaherli köp çagyrylmandyr. diňe şähere degişli mesele ara alnyp maslahatlaşylanda gatnaşyp bilipdir. Korol Ýan Lýuksemburgskiý Çehiýada köp ýaşamandyr. Ol Koreýa bilen bolan söweşlerde aradan çykypdyr. Ýöne daşary ýurtly korolyň dolandyrmagy bilen Çehiýanyň syýasy taýdan merkezleşmegine mümkinçilik döremändir. Gaýtam Günbatar Ýewropa knýazlarynyň syýasatyny amala aşyrmaga gatnaşyp halk ejir çekipdir.

Ýan Lýuksemburgskiniň ogly Karl I (1346-1378) şol bir wagtda german dolandyryjylary bilen Çehiýada korol häkimýetini ýokary galdyrdy.Ol çeh ýerlerini giňeltmäge üns berdi, onuň döwründe Brakdenburg, Saksaniýanyň bir bölegi birikdirildi. Ol Çehiýada ýaşan şäherliler bilen çeh iri ýer eýeleri bilen ýakynlaşdy. Öňki nemeslere edilýän egilişikler çehlerde edildi. Praga çeh hünärmenleri göcürildi. ol ösdi.Uly ymaratlar guruldy. Karlşteýn köşki, uly daş köpri (Karlyň köprisi) häzire çenli hem saklanylypdyr.

1348-nji ýylda Ýewropada gadymy uniwersitetleriň biri bolan Praga uniwersiteti işe girişdi.

XIV asyrda Çehiýa döwleti Germaniýa, Polşa Wengriýa, aşakky Dunaý ýurtlary günorta-günbatar bilen halkara söwdasyny etdi. Söwda pul gatnaşyklary ösüp obada öz täsirini ýetirdi. Çeh iri ýer eýeleri öz daýhanlaryny nemes düzgünine geçirdi. Şoňa laýyklykda daýhanlar ýokary pul salgydyny tölemelidi, sähelçe zat üçin daýhan kowulýardy. Oba öz ýerli we ýersiz daýhanlaryň sany artdy. Iş tapman şäherlerden iş gözleýärdiler. Şaherde-de gapma-garşylyklar ýitileşdi. Şaherde ýoklaryň gatlagyny nemesler düzýärdi, olar Praga şäherini-de dolandyrýardylar.

Çehiýada durmuş, gapma-garşylyklaryň ýitileşmegi, nemesleriň baýlyga eýe bolmagy,syýasy rol oýnamagy halkyň ezilmegine getirdi. Üstesine katoliki buthanada ezmegini dowam etdirdi. 100 ýyl uruş döwründe hemme çykdaýjy Germaniýa, Çehiýa, Polşa, Wengriýanyň üstüne ýüklendi.

Ýan Gus öňdebaryjy çeh jemgyýetiniň isleglerini kanagatlandyrmak ugrunda göreşe başlanlaryň biri boldy. Ol dindar Praga uniwersitetiniň professory, asly gelip çykyşy daýhan maşgalasyndan. Ol 1369-njy ýylda Gusines diýen ýerjagazda dogulýar. Uniwersiteti gutarýar. 1398-nji ýylda professor 1402-nji ýylda rektor bolupdyr. Olaryň janypkeşligi bilen korol Waslow Praga uniwersitetiniň ustawyny üýtgedýär, uniwersitetiň dolandyryş işlerinde esasy roly çeh professorlary oýnapdyr. Ol öz döwrüniň görnükli iňlis refarmatlary Wikleriň taglymatyndan ugur alýar. Buthana baýlyklaryň alynmagyny talap edýär, diňe öz çeh dilinde uýmagy talap etdi.

Yan Gus watançy bolupdyr. Oz watanyny, öz halkyny çyn ýürekden söyüpdir. Ol halka ýüzlenip: “çehler aýakda bolman, başda bolmalydyr” diýipdir we kese ýerlere garşy aýgytly göreşe çagyrypdyr. Emma welin Gus beýleki halklara ýigrenç duýgusy bilen hem garamandyr. Gusyň aýtmagyna görä onuň üçin oňat nemes erbet çehden ýakyn bolupdyr. Ol iri ýer eýeçilige garşy çykan bolmasa-da, daýhanlaryň gedaýçylykda we hukuksyzlykda ýaşamagyny adalatsyzlyk hasap edipdir.

Praganyň arhiw spisogy Gusa wagyz-nesihat edip çykyş etmegi gadagan edipdir, soňra bolsa ony buthanadan aýyrypdyr. Gus 2 ýyllap Çehiýanyň günortasynda ýaşapdyr we göreşi dowam etdiripdir. Rim papasy Gusy ruhanylaryň gurultaýyna çagyrypdyr, we howpsyzlygyny üpjün etmäge wada beripdir. Emma Konstansda (ýygnak geçen şäher) Gusyň el-aýagyny zynjyrlap, ýarym ýyllap yzgarly we sowuk zyndanda saklapdyrlar. Soňra ony sud edip sobar Gusy eretdik diýip yglan edipdirler we öz garaýyşlaryndan dänmegi ondan talap edipdirler.Ol öz garaýyşlaryndan däneninden ölenini gowy görüpdir. 1430-njy ýylda Ýan Gus oda ýakylyp ölduilipdir.Gusyň jezalandyrylyp öldürilmegi çeh halkyny gahar-gazaba mündiripdir. Daýhanlar topar-topar bolup daglara gidipdirler we ol ýerde halkyň wagyz nesihatçylarynyň Gusyň tarapdarlarynyň gürrüňlerini diňläpdirler. Gusyň taglymatyndan batyrgaý netije çykarypdyrlar. Gusyň yzyna eýerijileriň hemmesi özlerine gusçylar diýip at beripdirler.

1415-1419-njy ýyllarda Çehiýanyň günortasynda çykyşlar bolupdyr. Uly gozgalaňlar Pisekede, Klatowide we ş.m. ýerlerde bolupdyr. Şu döwri Çehiýada beýik daýhan uruşlarynyň döwri diýilip atlandyrmak mümkindir. Garyplar we senetçiler şäherden nemes baýlaryny kowup çykarypdyrlar. Halkyň gahar-gazaby katolik buthananyň üstünden inipdir. Gozgalaňçylar ybadathanalary weýran edipdirler, buthana gullukçylaryny öldüripdirler ýa-da kowup çykarypdyrlar. Halkyň hereketinden peýdalanyp, birentek hanlar buthana ýerlerini basyp alypdyrlar. Tabor dagynda gozgalaňçylar gelip şäheriň düýbüni tutupdyrlar. Ezilen halk özüniň bagtly we adalatly ýaşaýşy barada arzuw edipdir. Çehiýada gusçylyk hereketi- katoliki buthana garşy gönükdirilipdir. Gusçylyk uruşlary (1419-1434) 15 ýyllap dowam edipdir. Gozgalaňçylar katoliki buthana güýçli zarba urupdyr. Çen Seýliniň roly güýçlenipdir.Gusçylyk uruşlary ýeňilse-de, iri ýer eýeleriniň güýjüni peseldipdir, şäheriň ilatynyň aglabasyny çehler düzüp baslapdyr. Ýewropada iri ýer eýelerine garşy göreşleriň başlanmagyna itergi beripdir.

ÝUKA ýaprakly anogramma

Gemionitisler maşgalasy Ýagdaýy. Derejesi I (CR). Düýbünden

ýitip barýan görnüş.

Genofondy gorap saklamakda ähmiýeti.

Gadymy görnüş. Bezeg ösümligi.

Gysgaça beýany. Birýyllyk ösümlik. Ýapraklarynyň

boýy 5–10 sm, näzik perdejimek,

ikileýin ýa-da üçleýin ýelek şekilli

bölünen. Soruslary goňur reňkli, ikilenji

damarlarda ýerleşen.

Ýaýraýşy. Merkezi Köpetdag (Arçman),

Kürendag, Uly Balkan (Nazarekerem jülgesi). Türkmenistandan daşarda —

Günbatar Ýewropa, Zakawkazýe, Krym,

Afrika.

Bitýän ýerleri. Kölegeli gaýalaryň jaýryklary,

kükürt-wodorodly karst gowaklary.

Sany we onuň üýtgemek ýagdaýy. Barmasy

kyn ýerlerde ýek-tüki duş gelýär (5–

6 düýp. 2009‑njy ýylda Nazarekerem

jülgesinde 5 düýbi bellendi.

Esasy çäklendiriji sebäpler. Karst gowaklarynda

kükürt-wodorodyň mukdarynyň

azalmagy, bitýän ýerlerinde çyglylygyň

peselmegi.

Biologiýasynyň aýratynlyklary. Gyşyň başynda

gür ýapraklary ösüp başlaýar. Ýaşajyk

ösümlikler (sporofitler) sentýabrda

3–4 ýaprakly çogdamy emele getirýär.

Ösümlik göklügine gyşlaýar. Maý aýynyň

ahyrynda — iýunyň başynda guraýar.

Sporalary

maý aýynyň ortasynda ýetişýär.

Ýetişdirilişi. Ýetişdirilmedi.

Gorag üçin görlen çäreler. Türkmenistanyň

Gyzyl kitabyna (1999) girizildi.

Gorag üçin zerur çäreler. Duşýan ýerlerininiň

ýagdaýyny gözegçilik astyna almaly.

Şwesiýa

Şwesiýa korollygy (şwed. Konungariket Sverige) — Demirgazyk Ýewropada Skandinaw ýarymadasynda ýerleşýän döwlet. Dolandyryş formasy — Konstitusion monarhiýa. Ýurduň ady skandinaw dilindäki svear-rige — "Sweýleriň döwleti" diýen sözden gelip çykypdyr. Paýtagty — Stokgolm.

Meýdany boýunça (449 964 km²) Şwesiýa Günbatar Ýewropa ýurtlarynyň arasynda üçünji, tutuş Ýewropa ýurtlarynyň arasynda bolsa, bäşinji orny eýeleýär.

Ýewropanyň ýurtlary
Ýurtlar Albaniýa · Andorra · Awstriýa · Azerbaýjan1 · Belgiýa · Belorussiýa · Beýik Britaniýa · Bolgariýa · Bosniýa we Gersegowina · Çehiýa · Çernogoriýa · Daniýa · Ermenistan1 · Estoniýa · Finlýandiýa · Fransiýa · Gazagystan1 · Germaniýa · Gresiýa · Gruziýa1 · Horwatiýa · Irlandiýa · Islandiýa · Ispaniýa · Italiýa · Kipr1 · Latwiýa · Lihtenşteýn · Litwa · Lýuksemburg · Makedoniýa · Malta · Moldawiýa · Monako · Niderlandlar · Norwegiýa · Polşa · Portugaliýa · Rumyniýa · Russiýa1 · San-Marino · Serbiýa · Slowakiýa · Sloweniýa · Şwesiýa · Şweýsariýa · Türkiýe1 · Ukraina · Watikan · WengriýaLocationEurope
Garaşly territoriýalar Akrotiri we Dekeliýa · Aland adalary · Farer adalary · Gernsi · Gibraltar · Jersi · Men adasy · Şpisbergen · Ýan-Maýen
1 Aziýada hem ýerleşýär;
Dünýäniň sebitleri
LocationAmericas.png Amerika Demirgazyk · Karibler · Latyn · Merkezi · Günorta
LocationEurope.png Ýewropa Demirgazyk · Günbatar · Merkezi · Gündogar · Günorta
LocationAsia.png Aziýa Demirgazyk · Günbatar · Merkezi · Gündogar · Günorta · Günorta-Gündogar
Ýakyn Gündogar · Orta Gündogar · Uzak Gündogar
LocationAfrica.png Afrika Demirgazyk · Günbatar · Merkezi · Gündogar · Günorta
LocationOceania.png Okeaniýa Awstraliýa · Täze Zelandiýa · Melaneziýa · Mikroneziýa · Polineziýa
LocationPolarRegions.png Polýar sebitler Arktika · Antarktika
LocationOceans.png Okeanlar Atlantik · Hindi · Demirgazyk Buzly · Ýuwaş  · Günorta (Resmi ykrar edilmedik)

Başga dillerde

This page is based on a Wikipedia article written by authors (here).
Text is available under the CC BY-SA 3.0 license; additional terms may apply.
Images, videos and audio are available under their respective licenses.