Egeý deňzi

Koordinatlar: 39°15′34″ dg. g. 24°57′09″ gd. u. / 39.2594° dg. g. 24.9525° gd. u.  

Location Aegean Sea
Aegeansea

Egeý deňzi (Grekçe: Αιγαίο Πέλαγος: "Egeo Pélagos", Türkçe:Ege denizi) , Balkan ýarymadasy we Anatoliýa aralygynda ýerleşýän, Ortaýer deňzi deňizine bagly bir deňizdir. 

Geografik ýerleşişi

Egeý deňzi  Anatoliýa we Grek ýarymadasynda ýerleşýän  uly we kiçi  3000-e golaý ada we ada meňzeş gury ýer bölegini özünde jemleýär. 

Egeý deňzi golaýda bolan “Aegeis” ýa-da “Egeid” atly gury ýeriň uly böleginiň suwyň aşagynda galmagy netijesinde emele gelipdir. 

Anatoliýa

Anatoliýa, Aziýa böleginde ýerleşýän ýarym ada. Tamamı Türkiýe Respublikasy'nda ýerleşýär. Onuň üç kenaryny dört sany deňiz ýuwýar: Gara deňiz, Ortaýer deňzi, Egeý deňzi we Mermer deňzi.

Deňiz

Deňiz bir okean bilen bagy bolan we uly meýdany tutup durýan we esasan duzly bolan köp suw möçberidir. Deňzi sözi kä wagtlar okean sözüniň ýerine hem ulanylýar.

Deňizler ýer ýüzüniň 70%-ini tutup, 1,338 milliard km³ göwrümi bilen dünýädäki suwuň 96,5%-ini emele getirýärler. Suwy doly arassalamagyň kyn we bahalydygy sebäpli, deňiz suwynyň düzüminiň 3,5%-i duzly bolsada, ony içim suwy diýip ulanýarlar.

Deňizler üstünden amala aşyrylýan söwda, howa ýoly bilen daşamaklygyň wagt geçdigiçe ösmegine garamazdan ähmiýetinden kän bir zat ýitirmedi. Dünýä söwdasyna çykarylýan mallaryň 92%-i, ýylda 5,7 milliard tonna, deňiz ýoly bilen amala aşyrylýar.

Gresiýa

Gresiýa (öz atlandyryşlary — Elada (grek. Ελλάδα [eˈlaða]), resmi ady — Grek Respublikasy (grek. Ελληνική Δημοκρατία [eliniˈci ðimokraˈtia]); taryhy ady — gad.-grek. Ἑλλάς [helːˈas]) — Ýewropanyň günortasynda, Balkan ýarymadasynda döwlet. Ol demirgazykda Arnawutlyk, Makedoniýa Respublikasy we Bolgarystan, demirgazyk-gündogarda — Türkiýe bilen serhetleşýär. Onuň kenarlaryny gündogarda Egeý deňzi, günbatarda — Ioniýa deňzi, günortada — Ortaýer deňzi hem-de Krit deňzi ýuwýar. Ýurda halkyň — ýunanlaryň etnonimi boýunça at berilýär.

Paýtagty — Atina şäheri.

Türkiýe

Türkiýe (türk. Türkiye), resmi ady Türkiýe Respublikasy (türk. Türkiye Cumhuriyeti) — bir bölegi Aziýanyň günorta-günbatar böleginde, beýleki bölegi Günorta Ýewropada ýerleşýän döwlet. Ýurduň territoriýasynyň easy bölegi Anatoliýa ýarymadasynda (Kiçi Aziýa ýarymadasy) Gara deňiz bilen Ortaýer deňziniň aralygynda ýerleşýär.

Türkiýe gündogarda Gruziýa, Ermenistan, Azerbaýjan we Eýran bilen; günortada — Yrak we Siriýa; günbatarda — Gresiýa, Bolgariýa bilen serhetleşýär. Onuň kenarlaryny dört sany deňiz ýuwýar: Gara deňiz, Ortaýer deňzi, Egeý deňzi we Mermer deňzi.

Türkiýeniň umumy tutýan meýdany 814,578 inedördül kilometr bolup, şonuň 790,200 inedördül kilometri Kiçi Aziýa ýarym adasynda, galan 24 müň inedördül kilometri hem Ýewropadadyr. Ýagny, Balkan ýarym adasynyň günorta gündogaryndadyr.

Türkiye dünýäniň iň täsin ýerinde gadymy Aziýanyň, Ýewropanyň we Afrikanyň biri-birine iň golaýlaşýan ýerinde, Aziýanyň Ýewropa bilen araçäkleşýän ýaýlymynda ýerleşýär. Ol günortadan demirgazyga 550 kilometre, gündogardan günbatara 1600 kilometre uzalyp gidýär.

Üç tarapy deniz bilen gurşalan Türkiye döwleti Birinji jahan urşundan soň, 1923-nji ýylda Mustafa Kemal Atatürk tarapyndan esaslandyrylýar. Türkiye dünýäniň birnäçe abraýly guramalarynyň agzasydyr. 2005-nji ýylyň oktýabr aýynda" Türkiye Ýewropa Bileleşigine doly hukukly agza bolmak üçin gepleşiklere başlady.

Türkiýeniň Uly Millet Mejlisi 1920-nji ýylyň aprel aýynyň 23-inde döredildi. Ol ýurduň kanun çykaryjy organydyr. Deputatlar halk tarapyndan her 5 ýylda bir gezek geçirilýän saýlawlaryň netijesinde saýlanýar. Mejlisde 550 deputat bar.

Ýurduň ýerine ýetiriji häkimiýetine premýerministr ýolbaşçylyk edýär. Ol Ministrler Kabinetine başlyklyk edýär. Premýerministr Mejlis tarapyndan 5 ýyllyk möhlete saýlanýar. Türkiye «Ýurtda parahatçylyk - dünýäde parahatçylyk» ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirip, ony sebitdäki yurtlar bilen özara bähbitli gatnaşyklar, hormat goýmak esasynda dowam etdirýär.

Başga dillerde

This page is based on a Wikipedia article written by authors (here).
Text is available under the CC BY-SA 3.0 license; additional terms may apply.
Images, videos and audio are available under their respective licenses.