Daş asyry

Daş asyry — adamzadyň ösüşinde iň gadymy medeni-taryhy döwür, şonda esasy zähmet gurallary we ýaraglar esasan daşdan ýasalypdyr, emma agaç bilen süňk hem ulanylypdyr. Daş asyrynyň ahyrynda toýun gap-gaçlaryň ulanylyşy giňden ýaýrapdyr.

Daş gurallar daşyň dürli görnüşlerinden ýasalypdyr. Çakmak daşy we hek daşynyň slanesleri kesiji gural hem-de ýarag hökmünde ulanylypdyr, bazalt bilen gum daşyndan bolsa iş gurallary, meselem, el degirmenleri üçin daşlar ýasalypdyr. Şeýle hem agaç, süňk, gabyk, sugun şahy ulanylypdyr.

Arrowhead
Obsidian naýza ujy
Eneolit döwri

Mowzuk: Ekerançylygyň we maldarçylygyň ýüze çykmagy. Eneolit.

1. Ekerançylygyň ýüze çykmagy

2. Maldarçylygyň ýüze çykmagy

Enolit

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň 2000-nji ýýlyň dekabrynda Türkmenistanyň medeni mirasyny öwrenmeklige bagyşlanan konferensiýanyň çykyşy.

Maldarçylygyň we ekerançylygyň döremegi ilkinji nobatda adamyň uly önümçilik ýeňişini aňlatdy. Eger ýygnaýjylyk hem-de awçylyk arkaly adamlar tebigatyň taýýar önümlerini iýmit höküminde peýdalanan bolsalar ekerançylyga we maldarçylyga geçilmegi bilen şol önümleri indi özleri öndürüp iýmit höküminde kadaly peýdalanyp başladylar. Indi adamlarda et, däne, dürli ösümlikleriň kökleri görnüşinde taýýar önümler peýda boldy. Köp taýpalarda ekerançylyk we maldarçylyk bir wagtda ösüp başlady. Käbir maldarçylyk has ösen ýerlerinde bolsa ekerançylyk kömekçi hojalyk görnüşinde ösdi. Neolit eýýamynda entek maldarçylygam, ekerançylygam taýpalaryň köpçüliginde hojalygyň esasy pudagy höküminde çykyş etmedi.

Türkmenistanyň dag eteklerinde ýaşan taýpalaryň oturymlaşan durmuşa geçmeginde tebigy şertlerde uly orun tutýar. Dag eteklerindäki çeşmeleriň ýakalaryndaky suw basýan peslikler ilkinji ekin meýdanlary bolup hyzmat edipdir. Şeýle suw basýan ýerleriň golaýynda uruglar oturymlaşyp, ýönekeý ekerançylyk we maldarçylyk hojalygyny alyp barmaga uýgunlaşypdyrlar. Şol çeşmeleriň bagynda bişýän ýabany däneli ekinler ekerançylygyň ösmegine oňaýly şertler döredipdir. Ýakyn Gündogar ýurtlarynda boluşy ýaly Türkmenistanda hem gurak aram klimatyň bolmagy ekerançylyk işleri diňe emeli suwaryş arkaly mümkin bolupdyr. Emeli suwaryş Gündogar ýurtlarynyň hojalyk durmuşynda ägirt uly orun tutup, olaryň taryhy ösüşiniň birentek taraplaryny kesgitläpdir. Hut şu sebäbe göräde bu ýurtlarda ekerançylygyň emele gelmegi ekin meýdanlaryny emeli usul bilen suwarmak mümkinçiligi bilen berk baglanyşykly bolupdyr.

Seredilip geçilýän döwürlerde Türkmenistanda sil suwy bilen suwaryşa esaslandyrylan ekerançylyk ýöredilipdir. Ekin meýdanlar çil bilen atyzlara bölünip, olara sil suwy akdyrylyp suwa basdyrylypdyr. Heniz gurap gatamadyk topragyň ýüzüne tohum sepilipdir. Bu az netijeli usul bolsada, Türkmenistanyň gadymy ekerançylary şu ýönekeý usuly ulanyp ekerançylyk işlerini alyp barypdyr.

Neolit döwründe Köpetdagyň gerişleri bilen Garagum çägelikleriniň arasynda urug obşinalarynyň ýaşan ýerleri alymlar tarapyndan öwrenildi. Şol ýadygärlikleriň biri Aşgabadyň golaýyndaky Jeýtun diýilýän otrum ýerdir. Ol ýerde gumluk däpäniň üstünde ýerleşýän peýdaly 0,5 ga deň bolan Jeýtun ýadygärliginden 40-a golaý bir otagly ýaşaýyş jaýlarynyň üsti açyldy. Ol jaýlarda sany 5-6 adamdan ybarat bolan jübüt maşgalalar ýaşapdyrlar. Şol jaýlaryň diwarlarynyň bir bölegi togalanan toýun palçykdan salynypdyr. Birneme gijiräki döwürde bolsa ol palçyk çig kerpiçler bilen çalyşylypdyr. Şol zamanyň başga bir ýadygärligi Gökdepeden Gündogardaky çopandepede bolan jaýlar hem şonuň ýaly edilip salynypdyr. Bu ýadgärlikler neolit zamanynyň medeniýetine degişli bolupdyr. hem-de özüne mahsus tapyndylary boýunça Jeýtun medeniýetine degişlidir. Bu medeniýet öňki SSSR-iň territoriýasyndaky iň gadymy ekerançylyk we maldarçylyk taýpalarynyň mediniýetidir. Jeýtun we Çopandepe ýadygärlikleri gazylyp agtarylanda arpa däneleriniň yzlary, öý haýwanlarynyň – geçileriň, goýunlaryň, öküziň we itiň köp sanly süňkleri tapyldy. Bu ýerde entek awçylyk hem öz ähmiýetini ýitirmändir. Munuň şeýledigini şol ýerden tapylan keýik süňkleri görkezýär. Zähmet gurallaryny ýasamak üçin entek daş hyzmat edipdir. Arheologlar tarapyndan tapylan daşdan bejerilen zähmet gurallarda Jebel gowagyndan tapylan gurallara meňzeş. Gadymy ekerançylar indi daşdan we süňkden orak bejermegi başarypdyrlar. Ol oraklary bolsa hasyl ýygnamak üçin peýdalanypdyrlar. Däne önümlerini işläp bejermek üçin daş sokular we däne owguçlar hyzmat edipdir.Jeýtunlylar gowy bişirilen ýasy düýpli gap-çanaklary hem bejeripdirler. Ol gaplarda bolsa göni çyzyklar ýa-da egrem-bügram çyzyklar görnüşinde hoşamlar bar.

Jeýtun medeniýetiniň ýadygärlikleri üç döwre bölünýär. 1-nji döwrüne Jeýtundepe, Çopandepe, Togalak depe; 2-nji döwrüne Pessejik depe, Çopandepe hem-de Gökdepe etrabyndaky beýleki ýadygärlikler; 3-nji döwrüne Mäne bilen Çäçäniň arasyndaky Çagylly depe degişlidir.

Jeýtun medeniýetiniň 2-nji döwründe häzirki Gökdepe etrabynyň çäklerinde irki ekerançylyk oazisleri döräpdir. Pessejikdepe onuň merkezi bolupdyr. Arheologlar bu ýerden çakmakdaşdan ýasalan orak, gazawlar, burawlar, iňňeler, bizler, däne owguçlaryny, küýze önümleriniň böleklerini, tutdan ýasalan her dürli monjuklar, daşdan we balykgulajyklardan ýasalan şekilleri tapdylar. Pessejik depedäki ýaşaýyş taýpalarynyň gurluşy, onda peýdalanylan gurluşyk matrýallardan hem-de gurluş usuly Jeýtun jaýlaryna meňzeş. Şol bir wagtda Pessejikdepeleriň durmuşynyň köp aýratynlyklary hem bolupdyr. Ol ýerde üsti açylan jaý ybadathana jaýy bolupdyr diýlip çaklanylýar. Onuň diwarlary dürli bezegler bilen bezelipdir. Bu diwar bezegleri ilkidurmuş adamlarynyň sungaty babatynda möhüm açyşlaryň biridir.

Ilkidurmuş adamlarynyň durmuşynda Jeýtun medeniýetiniň irki döwürden başlap maldarçylyk uly ähmiýete eýe bolup başlaýar.

Çagylly depäniň aşaky gatlaklaryndan öküz süňküniň tapylmagy ol eýýamiň adamlarynyň diňe ownuk şahly mallary däl, eýsem iri şahly mallary-da eldekileşdirendigini aňladýar.

B.e.öňki IV müň ýyllykda ilkidurmuş adamlaryň durmuşynda oturymly ekerançylyk esasan giň ýaýran, şu döwürde Turkmenistanyň çäklerinde ýaşantaýnalar enolit medeniýetini döredýärler. Enolit bu mis-daş asyry diýmekligi aňladýar. Emma mis metaly gaty az bolandygy sebäpli, ondan diňe ýönekeýje temençeleri, ownuk-uşak bezeg zatlary bejermek bilen çäklenipdirler şeýlelikde mis metaly jemgyýetiň zähmet öndürjiligine düýpli täsir etmändir. Şoňa göräde entek hojalykda daş gurallaryny ulanmak dowam etdirilipdir.

Enolit zamanynda agaç gurallaryndan hem giňden peýdalanylypdyr. Ilkinji agaç kätmenler hem şol döwürde ýüze çykypdyr. Hut şu döwürde ekerançylyk işlerinde haýwanlaryň güýçlerini hem ulanyp başlapdyrlar.

Ekerançylyk bilen baglanşykly işleriň artmagy hojalykda atanyň rolunyň ýokarlanmagyna getiripdir. Indi enelik urugy öz ornuny atalyk urugyna berip başlayar indi aýallar öý işleri, çagalary terbiýelemek bilen meşgullanyp başlaýarlar urugy dolandyrmaklygy hem atalar öz ellerine alypdyrlar. Indi urug aksakgaly, çopan, goranmak işleri, uruş meseleleri, ekerançylyk işlerini alyp barmak erkekleriň paýyna düşüp ugraýar. Maldarçylyk hojalygynyň möhüm pudaga öwrülip ugramagy bilen baglanşykly ol ekerançylykdan bölünip aýrylýar. Mallaryň sanynyň kem-kemden köpelmegi giň öri meýdanlaryny talap edipdir. Indi çarwalar täze öri meýdanlaryny gözläp ondan-oňa göçüp ýöremeli bolupdyrlar. Olar öz çagalaryny hem bile alyp gidipdirler. Bu ýagdaý öz gezeginde çarwa maldarçylyk hojalygynyň ekerançylykdan bölünip aýrylmagyna getiripdir. Maldarçylygyň ýüze çykmagy dokmaçylygyň ösmegine getiripdir.

B.e.öňki II müň ýýllyk Enolit daş asyryndan bürünç asyryna geçmekligi aňladypdyr. Bu döwür Türkmenistanyň ilatynyň taryhy ösüşinde aýratyn eýýam bolup durýar.

Türkmenistanda enolit döwrüne degişli ýadygärlikleriň 30-dan gowragy bar. Olar esasan Günorta Türkmenistanyň çäklerinde ýerleşendir. Olaryň arasynda Tilkidepe, Daşlyde-depe, Akdepe, Owadandepe, Änewdepe, Garadepe, Namazgadepe, Ýylgynlydepe, Göksüýri we beýlekilerdir. Gadymyýetiň bu ýadygärlikleriniň öwrenilmegi 1904-nji ýylda amerikan alymy R.Pampelliniň ýolbaşçylygynda başlanýar. Bu alym Änew depelerinde gazuw barlag işlerini geçirdi hem-de köp sanly maddy ýadygärlikleri bolan tutuş medeni gatlagyň üstüni açdy.

Pampelliniň geçiren ylmy işleriniň oňaýly taraplary bilen birlikde kemçilikleri hem bardy. Ol gazuw-barlag işleri netijesinde tapylan tapyndylaryň owadanlaryny, nagyşlylaryny saýlap alypdyr. Beýle etmek bolsa dogry ylmy netijeleri çykarmak işini kynlaşdyrýar. Mundan başgada ol Änew medeniýetini ýangyn sebäpli heläk bolupdyr diýip nädogry netije çykarýar.

Amerikan ekspedisiýasynyň Änewde geçiren gazuw-barlag işlerine tankydy göz bilen garap türkmen alymlary Anew medeniýetini aşakdaky ýaly senelere bölýär.

Änew I-b.e.öňki V-IV müň ýyllyklaryň başlary;

Änew II- b.e. öňki IV müň ýyllygyň ahyrlary III müň ýyllyk;

Änew II – b.e.öňki III-II müň ýyllyklar;

Anew IV – b.e.öňki I müň ýyllygyň ortalaryna çenli.

Görşimiz ýaly Änew medeniýetiniň ilkinji iki döwri eneolit zamanyna degişli bolup ol b.e.öňkiV-III müň ýyllyklary öz içine alýar. Soňky iki döwri bolsa bürünç asyryna degişli bolup, b.e.öňki II-I müň ýyllyklary öz içine alýar.

Türkmenistanyň territoriýasynda belli bolan eneolit zamanynyň oturymly ýerleri günbatarda Gyzylarbatdan başlap, gündogardan Tejen derýasynyň orta akymlaryna çenli bolan dag etek zolagyny tutupdyr. Kakanyň ýanyndaky Ýasydepe, Artygyň ýanyndaky Namazgadepe, Garadepe, Tejen şäherinden gündogardaky Göksüýri we başga-da ençeme ýadygärlikler şol zamanyň oturym ýerleriniň galyndylarydyr.

b.e.öňki IV müň ýyllykdada Türkmenistanyň çäklerinde ýaşan taýpalaryň hojalygy çalt depginler bilen ösüpdir.

Dag eteklerindäki çeşmeleriň esasy bölegi ekerançylyk üçin özleşdirilipdir. Ilatyň durmuşynda metallurgiýa we keramiki önümçilik uly orun tutupdyr. Misden ýasalan bizler, temençeler, taýagyň ýa-da naýzanyň ujuna oturdylýan çişler, dürli bezeg şaýlary, ýiti reňkler bilen haşamlanan gap-çanaklar döwrüň has kämil gurallary hasaplanýar.

Eneolit zamanynda suwarymly ekerançylygyň ösmegi netijesinde ilat oturymlylyga geçip başlaýar. Gadymy ekerançylar b.e.öňki III müň ýyllyklardan başlap diňe bir dag eteklerinde däl, eýsem düzlüklerde hem uly bolmadyk ýaplary gazyp, özboluşly suwaryş sistemasyny döredipdirler. Göksüýri oazisindäki Mollalydepäniň golaýyndan göwrümi 3500 kw.m bolan emeli suw howdanynyň tapylmagy gadymy ekerançylygyň düzlüklerde-de ösendigini habar berýär. Gadymy ekerançylar esasan arpa we bugdaý ekipdirler. Olaryň hojalygynda maldarçylyk hem uly orun tutupdyr. Sygyr, geçi, goýun, doňuz soňraky döwürlerde bolsa düýe, at ýaly mallary saklapdyrlar.

Irki eneolit döwründen başlap, gurluşyk işleri-de ep-esli kämilleşdirip. çig kerpiçden bir otagly jaýlary salyp başlapdyrlar.

B.e.öňki IV müň ýylyk bilen III müň ýyllygyň sepgitlerinde ilatly punktlaryň tutýan meýdany ep-esli giňelipdir. Uly maşgalalaryň döremegi netijesinde köp otagly jaýlar salynypdyr.

Eneolitiň ortaky döwründe küýze önümlerini öndürmek kämilleşipdir. Keramika önümlerine salynýan nagyşlar kämilleşendir. Olaryň bezeglerinde köp reňklilik ýüze çykypdyr.

B.e.öňki IV müň ýyllyk bilen III müň ýyllygyň sepgitlerine degişli ýadygärlikleriň arasynda aýallaryň oturan, dik duran ýanbaşy gaba, elleri aşak sallangy görnüşindäki, palçykdan ýasalan heýkeljikler hem tapyldy. Olaryň arasynda birýarym sakgally erkek adamlaryň heýkeljikleri-de bar. Şol döwre degişli mazarystanlyklardan dürli görnüşli bezeg şaýlary, kähalatlarda dürli gaplar tapyldy.

Eneolit döwrüniň adamlary antropologik görnüşi boýunça süýri kelleli ýewropaistik tipe degişlidir. Bu tip türkmen halkynyň kemala gelmeginde-de uly orun tutupdyr.

Irki eneolit döwrüňde Türkmenistanyň ilatynyň jemgyýetçilik gurluşynda hem özgerişler bolup geçipdir. Suwarymly ekerançylygyň, metallurgiýanyň döremegi, gurluşyk işleriniň güýçlenmegi, maldarçylygyň ösmegi agyr fiziki işler bilen baglanşykly bolandan soň, bu döwür kem-kemden jemgyýetde erkek adamlaryň ornunyň ýokarlanmagyna getiripdir. Bu bolsa jemgyýetiň ösüşine öz täsirini ýetirip enelik urugyndan atalyk urugyna, ondan hem hususy eýeçilige geçmeklige alyp barypdyr. Eneolit medeniýeti soňky bürünç asyry wagtynda Türkmenistanyň çäklerinde synpy jemgyýetiň, döwletiň ýüze çykmagy üçin şertler döredipdir. Türkmenistanyň çäklerindäki oturymly ilat özleriniň ykdysady, medeni ösüşinde Orta Aziýanyň beýleki sebitlerinden öňe geçipdir. Amatly tebigy şertler muňa ep-esli derejede ýol açypdyr. Eneolitiň we bürünç asyrynyň dowamynda gadymy Gündogaryň örän ösen medeniýetleri bilen Türkmenistanyň çäklerinde ýaşan ilatyň aragatnaşygy has güýçlenipdir.

Hindistan

Hindistan Respublikasy (hind. भारत गणराज्य, Bhārat Gaṇarājya?, iňl. Republic of India) — Günorta Aziýada döwlet. Hindistan tutýan meýdany boýunça dünýäde ýedinji, ilat sany boýunça bolsa, ikinji orunda durýar. Ol günbatarda Päkistan, demirgazyk-gündogarda Hytaý, Nepal we Butan, gündogarda Bangladeş we Mýanma bilen araçäkleşýär. Mundan hem başga, Hindistanyň günorta-günbatarda Maldiw adalary, günortada Şri-Lanka we günorta-gündogarda Indoneziýa bilen deňiz araçägi bär.

Ilkidurmuş jemgyýetiniň taryhy

Ilkidurmuş jemgyýetiniň taryhyna giriş

1. Ilkidurmuş jemgyýetiniň taryhyny öwrenmekligiň ähmiýeti.

2. Ilkidurmuş jemgyýetiniň taryhynyň döwürleri.

3. Ilkidurmuş jemgyýetiniň taryhyny öwrenmekligiň çeşmeleri we taryhnamasy.

1. Ilkidurmuş jemgyýetiniñ taryhynyñ dersi

Ilkidurmuş jemgyýetiniñ döreýşini, ösüşini we dargamagyny öwrenýär .

Ilkidurmuş jemgyýetiniñ taryhy adamzat taryhynyñ ösüşiniñ esasy dowletleriniñ ilkinjisi we iñ uzak dowam eden döwrüdir. Adamzadyñ haýwanat dünýäsinden saýlanyp başlanyndan bäri 3-5 mln wagt geçipdir. Adamlar haýwanlardan, esasan, zähmet gurallaryny ýasap bilýänligi bilen tapawutlanyp başlapdyr. Olaryñ esasy gurallary daşdan bolup, olary iñ ýönekeý görnüşde ýasapdyrlar. Ilkidurmuş jemgyýetiniñ taryhyny öwrenmegiñ uly ähmiýeti bar. Sebäbi ilkibaşda adamlaryñ hemmesi deñ we bile ýaşan bolsalaram, kem-kemden olaryñ arasynda maşgala we nika gatnaşyklary deñsizlik, hususy eýeçilik we ş.m. ýüze çykýar. Döwletleriñ döreýşi hem öz gözbaşyny şol döwürden alyp gaýdýar. Şeýle meseleleriñ gelip çykyşyny öwrenmek üçin ilkidurmuş jemgyýetiniñ taryhy möhüm orun tutýar.

Ilkidurmuş jemgyýetiniñ taryhyny dürli terminler bilen añladýarlar: “ilkidurmuş jemgyýetiniñ taryhy”, “ilkidurmuş taryhy”, “Taryhdan öñki döwür” , “taryha çenli döwür” we ş.m.

2.Ilkidurmuş jemgyýetiniñ taryhy adamyñ haýwanat dünýäsinden saýlanyp başlanyndan bäri başlanyp, onuñ ahyrlary synpy jemgyýetleriñ döremegi bilen tamamlanýar. Ilkidurmuş jemgyýetiniñ taryhy umumy (taryhy) we ýörite (arheologiki, antropologiki) döwürler boýunça döwürleşdirilýär.

Ilkidurmuş jemgyýetiniñ taryhynyñ umumy döwürleşdirilişi ilkinji gezek 1870 – nji ýylda amerikan alymy etnograf Zýü Genri Morgan tarapyndan amala aşyryldy. XVIII asyrda taryhy ýabanyçylyk, warwarçylyk we siwilizasiýa ýaly dürlere bölendiklerinden ugur alyp, ol ýabanyçylyk we warwarçylyk dürlerini üç basgançaga bölýär: aşaky basgançak, ortaky basgançak, ýokarky basgançak.

Ýabanyçylygyñ aşaky basgançagy adamyñ döräninden üzlem – saplam sözleýşiñ ýüze çykan wagtyna çenli aralygy öz içine alýar.

Orta basgançaga balykçylygyñ ýüze çykmagy we oduñ ulanylmagy.

Ýokarky basgançaga – ok-ýaýyñ oýlanyp tapylmagyndan soñky döwürleri degişli edýär.

Soñra Z.G.Morgan warwarçylyk döwrüniñ aşaky basgançagyny küýzegärçiligiñ ýüze çykmagy bilen alamatlandyrýar. Warwarçylyk döwrüniñ ortaky basgançagyny ekerançylygyñ we maldarçylygyñ özleşdirilmegi bilen , ýokarky basgançagy bolsa – demriñ özleşdirilmegi bilen başlanýar. Elipbiý ýazuwynyñ ýüze çykmagy bilen bolsa siwilizasiýa başlanýar diýip hasap edipdir.

Umuman , döwürleşdirmek meselesinde dürli pikirler köp. Taryhy döwürleşdirilişde esasan, iki döwür tapawutlandyrylýar:

1) Ilkidurmuş sürüsi;

2) Urug jemagaty (enelik urugy we atalyk urugy).

Arheologlar zähmet gurallarynyñ nämeden ýasalandygyna we olaryñ ýasalyş usulyna esaslanyp, arheologiki döwürleşdirişi döretdiler.

Daş we bürünç asyrlarynyñ döwürleşdirilişiniñ esaslaryny fransuz alymy G.Mortilýe we şwed arheology O. Montelius goýdular. Daniýaly arheolog K.Ýu. Tomsen bolsa, üç “asyr” – daş , bürünç, demir asyrlary diýen düşünjäni girizdi. Antropologiki döwürleşdiriş adamlaryñ fiziki keşbiniñ üýtgeýşine baglylykda iñ gadymy, gadymy we häzirki zaman ýagny arhantrop, paleoantrop we paýhasly adam ýaly görnüşlerini tapawutlandyrýar.

Arheologiki döwürleşdiriş boýunça iñ gadymy döwür üçe bölünýär:

4. Daş asyry (adam döräninden b.e. öñ III müñýyllyga çenli)

5. Bürünç asyry (b.e. öñ IV asyryñ ahyryndan b.e. öñ I müñýyllygyñ başyna çenli)

6. Demir asyry (b.e.öñ I müñýyllykdan başlanýar)

Daş asyry hem öz gezeginde gadymy daş asyry (paleolit), orta daş asyry(mezolit), täze daş asyry (neolit) we bürüñç asyryna geçiş döwri bolan mis – daş asyry (eneolit) ýaly dürlere bölünýär.

Häzirki zaman alymlarynyñ bir topary ilkidurmuş jemgyýetiniñ taryhyny bäş döwre bölýärler:

I döwür: hojalygyñ we maddy medeniýetiñ döremeginden öñki döwür. Ol adamyñ dörän wagtyndan 1 mln ýyl mundan öñki wagty öz içine alýar. Bu döwürde adamyñ daşky gurşawa uýgunlaşmagy haýwanlaryñkydan sähelçe tapawutlanypdyr.

II döwür: ýönekeý özleşdiriji hojalyk, ol 1 mln ýyl mundan öñ b.e.öñ XI asyr aralygyny , ýagny irki we orta gadymy daş asyryny öz içine alýar. Adamyñ ilki dörän ýeri Gündogar Afrika hasaplanýar.

III döwür: ösen özleşdiriji hojalyk. Ol giçki gadymy daş asyryny, orta daş asyryny, käýerlerde bolsa täze daş asyryny hem öz içine alýar.

IV döwür: öndüriji hojalygyñ döremegi . Ol ýeriñ hojalyk taýdan has ösen ýerlerinde b.e.öñ IX – VIII müñýyllyklary (giçki orta daş asyry – irki täze daş asyry) öz içine alýar.

V döwür: öndüriji hojalygyñ döwri. Käbir gurak we çygly subtropik ýerler üçin b.e. öñ VIII – V müñýyllyklar degişli.

Ilkidurmuş adamzat jemgyýetiniñ ösüşi gyradeñ bolmandyr we örän haýal geçipdir. Adamyñ ösüşiniñ yzygiderligi şeýle bolupdyr:

1) awstralopitek adamy

2) dik ýöreýän adam (irki gominoidler pitekantroplar we sinantroplar)

3) häzirki fiziki keşpdäki adam (giçki gominoidleri neandertally we giçki paleolit adamlary).

Tebigy şertleriñ özgermegi adamzadyñ ösüşine täsir edipdir. Buzluk eýyamynyñ başlanmagy bilen adamlarda täze endikler , başarnyklar ýüze çykyp, zähmet gurallary kämilleşýär. Oduñ ulanylmagy, toparlaýyn iri haýwanlary awlamak, buzluk eränsoñ emele gelen ýagdaýa uýgunlaşmak, ok-ýaýyñ oýlanyp tapylmagy, şdiriji hojalykdan – öndüriji hojalyga (maldarçylyga we ekerançylyga) geçilmegi, metalyñ (mis, bürünç, demir) işlenip bejerilmegi we çylşyrymly urug – taýpa guramalarynyñ emele gelmegi - bular ilkidurmuş jemgyýetiniñ şertlerinde adamzadyñ geçen möhüm döwürleridir.

3.Ilkidurmuş jemgyýeti barada maglumat berýän , taryhyny öwrenmäge kömek edýän ähli zatlar onuñ taryhy çeşmeleri bolup bilerler. Ilkidurmuş jemgyýetiniñ taryhy arheologiki , etnografiki, antropologik, lingwistik, paeobotanik, paleozoologik, ýazuw çeşmeleri arkaly öwrenilýär. Taryhy öwrenmekde himiýa, fizika we informatika ylymlary hem ýakyndan kömek berýärler.

Arheologiki çeşmelere gazuw – agtaryş işlerinde tapylýan maddy ýadygärlikler : zähmet gurallary, ýaraglar, ýasalan ýerleriñ we jaýlaryñ galyndylary, öý goşlary , bezegler, dini düşünjeler bilen baglanyşykly zatlar we ş.m. degişlidir. Ýöne ähli ýadygärlikler gowy saklanyp galmandyr. Daş we keramiki önümler iñ gowy saklanan ýadygärliklerdir.

Etnografiki çeşmeler arheologiki çeşmelere garanda ilkidurmuş halklaryny köptaraplaýyn öwrenmäge mümkinçilik berýärler. Giçki paleolit döwründäki ýaly medeniýetiñ galyndylary bilen ýaşaýan halklar XIX asyra çenli hem dowam edipdirler. Etnografiki çeşmeleriñ kömegi bilen ilkidurmuş halklaryny hemmetaraplaýyn , olaryñ hojalyk, jemgyýetçilik gurluşy, maşgala – nika gatnaşyklary, dini ynançlary bilen birlikde öwrenmäge mümkinçilik berýär. Etnografiki maglumatlar göz – göni gozegçilik etmek arkaly ýygnalýar.

Etnografiñ taryhy ilkidurmuş taýpalaryny Gerodotyñ, Strabonyñ, Sezaryñ, Tasitiñ ýazyp beýan etmegi bilen başlanýar. Etnografiözbaşdak ylym hökmünde XIX asyryñ II ýarymynda ýüze çykypdyr.

Doly etnografiki maglumat almak üçin käbir alymlar ilkidurmuş taýpalarynyñ arasynda, meselem, Z.Morgan irokezleriñ arasynda , N.N.Mikluho – Maklaý papuaslaryñ arasynda bolup ýaşapdyrlar.

Adamlaryñ süri we irki urug döwürleri esasan arheologiki tapyndylar arkaly öwrenilýär. Ondan soñraky dürler bolsa etnografiki çeşmeler arkaly has gowy dikeldilýär.

Urug gurluşy döwrüni paleoantropologiýanyñ , lingwistikanyñ , folklaryñ, geologiýanyñ , paleontologiýanyñ , paleoklimatologiýanyñ kömegi bolmasa , öwrenmek juda kyndyr.

Paleoantropologiýa adamyñ we jynslaryñ emele gelşini we ösüşini öwrenýär.

Dilçiler süñ ikinji manysyny ýüze çykaryp, diliñ we ilkidurmuş adamlaryñ ýaşaýşynyñ belli bir tarapynyñ ösüşini öwrenýärler.

Paleontalogiýa gadymy ösümlikleri we haýwanlary olaryñ galyndylary esasynda öwrenýär we şol döwrüñ ösümlik hem haýwanat dünýäsini dikeldýär.

Paleoklimatologiýa gadymy döwürleriñ howa şertlerini öwrenýär.

Geologiýa Ýeriñ düzümi, gurluşy we taryhy hakyndaky ylym bolup, adamzadyñ ýaşyny anyklamaga kömek edýär. Arheologiki tapyndylaryñ ýaşyny fiziki we himiki usullar arkaly kesgitleýärler. Häzirki zaman ylmynyñ ösen derejesi ilkidurmuş jemgyýetiniñ taryhyny öwrenmekde möhüm orun tutýar.

Ilkidurmuş jemgyýetiniñ taryhnamasy ilkidurmuş jemgyýeti hakyndaky ylmyñ ösüşiniñ taryhydyr.

Ilkidurmuş jemgyýeti hakyndaky ylym XIX asyryñ II ýarymynda ýüze çykýar. Ýöne ondan öñ hem ilkinji adamlar barada gyzyklanmalar bolupdyr. Gadymy Gündogaryñ birnäçe döwletlerinde ilkidurmuş adamlarynyñ durmuşy baradaky maglumatlar olaryñ ýazuw ýadygärliklerinde duş gelýär. Antik alymlardan Gerodot Skifleri we Afrikanyñ käbir halklaryny, Ksenofont Kiçi Aziñ halklaryny Strabon, Ýewropanyñ we Aziýanyñ halklaryny , Sezar we Tasit germanlary öz içlerinde beýan edipdirler. Adamzadyñ ilkinji döwri barada Gesiot, Demokrit, Lukresiý Kar dagy hem öz garaýyşlaryny beýan edipdirler.

Orta asyrlar döwründe adamyñ hudaý tarapyndan gelip çykyşy baradaky pikirler agdyklyk edipdir.

Beýik geografiki açyşlardan soñ ilkidurmuş eýyamy baradaky garaýyşlar täze basgançaga gadam goýyarlar. Fransuz missioneri Lafito Demirgazyk Amerikanyñ indeýleriniñ däplerinden Ýewropa halklarynyñ uzak geçmişiniñ meselelerine düşündiriş tapyp boljakdygyny aýdypdyr.

I.Ýa. Bahowen (şweýsar alymy) 1861 – nji ýylda çap bolan “Enelik hukugy” diýen işinde geçmişde ähli halklarda aýallaryñ häkimlik edendigini aýdýar. Ilkidurmuş jemgyýetiniñ taryhy barada L.G.Morgan, K.Marks, F.Engels, G.Spenser, E.Teýlor, D.Zebbok, A.Bastian , mak – Zennan, Ýu. Lippert dagy XIX asyrda uly işler bitirdiler. Bu ylmyñ ösmeginde rus syýahatçylaryna uly orun degişlidir.

1924-nji ýylda B.K.Nikolskiý tarapyndan ilkidurmuş jemgyýeti barada “Ilkidurmuş adamzadynyñ oçerkleri” diýen ilkinji umumylaşdyryjy iş ýazylýar. Ilkinji iş 1935-nji ýylda N.P.Tokin tarapyndan ýazylyp, ol “Ilkidurmuş jemgyýeti” diýlip atlandyrylýar. Häzirki wagta çenli bu mesele boýunça birnäçe ýörite işler, okuw kitaplary çap edildi.

Paleolit döwri

Paleolit. Urugçylyga çenli döwür. Urugçylyk gurluşynyň döremegi.

1. Aşaky paleolitiň düşelgeleri.

2. Ortaky paleolitiň düşelgeleri.

3. Ýokarky paleolit.

4. Paleolit jemgyýetine häsiýetnama.

Orta Aziýanyň çäklerinde ilkinji adamlaryň haçan ýüze çykandygyny aýtmak kyn. Alymlaryň bir topary Orta Aziýa ýerlerinden ilkinji adamlaryň kemala gelen, ýerleriniň biri diýip netije çykarýarlar.

Ilkinji adamlar tarapyndan ulanylan daş gurallara daýanyp, alymlar adamzadyň kemala gelip başlan döwründen bäri 3-2,5 mln. ýyl töweregi wagt geçipdir diýipkesgitleýarler. Adamzadyň taryhynyň ilkinji döwürlerini esasan arheologiýa ylmynyň maglumatlaryna daýanyp öwrenýäris. Gadymyýeti öwrenýän alymlar gadym eýýamda ýaşan adamlaryň peýdalanan zähmet gurallaryny nazarda tutup, adamzadyň iň gadymy taryhyny üç döwre daş asyry, mis-daş asyry we bürünç asyry diýen böleklere bölýärler. Daş asyrynyň iň irki döwri paleolit (grekçe palaýos gadymy, latynça Litos- daş), Ýagny, gadymy daş asyry diýip atlandyrylýar. Paleolit öz gezeginde iki döwre aşaky paleolit 3-2,5 mln ýyl mundan öňden b.e.öňki 40 müň ýyllyga çenli ýokary paleolit – 40-14 müň ýýl mundan ozalky döwri öz içine alýar.

Türki paleolite degişli arheologiki tapyndylaryň ilkinjisi 1953-nji ýylda A.P. Okladnikow tarapyndan Gyrgyzystanda Naryn derýasynyň golaýynda oňa Arça derýajygynyň kenaryndan tapyldy. Ol adam tarapyndan timarlanyp ýylmanak edilen çagyl daş guralydyr. Şondan soň şeýle tipli tapyndylar Orta Aziýanyň territoriýasyndan 10-a golaý ýerden tapyldy. Şeýle çagyl daşdan bejerilen ýaraglar Günbatar Ýewropanyň çäklerinden hem tapyldy. Şol çagyl daş gurallary tipologiki taýdan analizlenende olaryň Hindistandan tapylan Soan Paleolit medeniýetine meňzeşligiň bardygy anyklanyldy. Geologiki maglumatlaryň tassyklamagyna görä çagyldaş gurallar mundan 200 müň ýyl öň peýdalanylypdyr. Maglumatlara görä şol wagtlar pilleriň gadymy görnüşi, gadymy atlar, momontlar, uzyn şahly bizonlar, nasoroglaryň dürli görnüşleri ýaşapdyrlar. Şol döwre degişli daşdan bejerilen el çapgyzlary Türkmenistanyň günbatar böleklerinden ýagny Sumbar jülgesinden (Garrygala etrabyndan) tapyldy.

Orta Aziýanyň çäklerinden ortaky Paleolit zamanasynyň degişli maddy ýadygärlikler has köp tapyldy. Bu döwür mustýer medeniýetiniň gülläp ösen döwri, ýagny, neandertallaryň ýaşan zamanasydyr. Olardan bolsa ortaky we ýokarky paleolitde adamlaryň häzirki zaman görnüşleri kemala gelipdir.

Ilki durmuş gatnaşyklarynyň taryhyndan belli boluşy ýaly adamyň ewolýusion ösüşinde birinji basgançak awstralopitenlere ikinji basgançak pitekanitroplara degişlidir neandertallar bolsa ikinji basgançagyň iň soňky wekilleridir. Olaryň süňkleri Ýewropanyň, Aziýanyň, Afrikanyň köp ýerlerinden tapyldy. Pitenkantroplar maýmynyň köp alamatlaryny özünde saklapdyrlar. Pitenekatroplaryň soňraky nesli sinantroplardyr. Pitekantroplaryň beýnisiniň möçberi – 900 sm3-a , sinantronlaryňky – 1050 sm3-a, Neandertallaryňky bolsa – 1350 sm3-a barabardyr. Şeýlelikde neandertallar häzirki zaman adamlaryna has ýakyndyr.

Adamzadyň ösüşiniň üçünji basgançagy adamlaryň häzirki zaman görnüşiniň döremegi bilen baglanyşyklydyr. Eýýäm giçki paleolitde ol adamlar ýeke-täk bolup olar irki we giçki paleolitiň çatyrygynda ýüze çykypdyrlar. Olaryň beýnisiniň möçberi 1400-1500 cm3 bolupdyr.

Orta paleolit zamanynda jemgyýetiň öndüriji gurallardaky özgerişlikler aşaky paleolit bilen deňeşdirende çalt ýöne gidipdir. Zähmet gurallaryny ýasamaklygyň tehnikasy kämilleşipdir, formasy üýtgäpdir, funksiýasy dürlileşipdir.

Adamlar ody diňe bir öçürmän saklamagy başarmak bilen çäklenmän, eýsem ony çakmak bilen almanyda başarypdyrlar.

Täze statistik usullar dürli regionlarda şol sanda Orta Aziýada-da ortaky daş asyryna degişli ýerli medeniýetiň bolandygyny ýüze çykardy. Hut şol eýýamda iri jemgyýetçilik birleşmeleri bolupdyr diýmeklige hem esas bar.

Mustýer zamanyna degişli ilatly punktlaryň Orta Aziýanyň düzlük we daglyk raýonlaryndan-da üsti açyldy.

Mustýer medeniýetine degişli ýadygärlikler Türkmenistanda Krasnowodskiý ýarym adasynda, Merkezi Köpetdagda, Özbegistanda- Taşkentiň we Samarkandyň golaýyndaky gowaklarda üsti açyldy. Täjigistanda günbatar darganata, Ura-Týube raýonynda, Gissar we Wahş jülgelerinde hem-de Dangary raýonynda köp sanly medeni gatlaklaryň üsti açyldy.

Dünýä ylmynda Deşik-daş gowagy ilkidurmuşyň taryhynda görnükli orun tutdy. Ol Termez şäheriniň golaýynda Baýsundagda Turgandarýa jülgesinde ýerleşýär gowakda bäş sany medeni gatlak bar. Bu ýerde neandertallar ýaşap, olar bu gowagy birnäçe gezek taşlap gidip soňra ýene-de yzyna dolanypdyrlar. Bu ýerden 3 müň golaý daşdan bejerilen ýaraglar tapylyp, olaryň 339-sy kämil derejesine ýetirilipdir. Olaryň içinde has giň ýaýranlary ýiti uçly daşdan bejerilen pyçagyň iki görnüşi hem-de Süýrugilt gazawdyr. Ýiti uçly pyçak esasan agaç, deri işlemek üçin ulanylypdyr. Deşik daşlylaryň köplenç Orta Aziýanyň daglarynda örän köp bolan Sibir dag geçisini awlap iýmitlenipdirler. Ondan başgada olar sugun, aýy, gaplaň hem-de beýleki maýda ýabany haýwanlary awlapdyrlar.

Tapylan ýadygärlikleriň içinde iň ähmiýetlisi 8-9 ýaşly mustýer çagajygynyň süňkleridir. Öňki SSSR-iň territoriýasynyň köp ýerlerinden neandertal adamlarynyň ýaşan ýerleriniň ýazylyp alynandygyna seretmezden, olaryň hiç birinden hem şeýle gymmatly tapyndy tapylmady.

Deşikdaş gowagyndan tapylan tapyndylaryň toplymynyň, beýleki gowaklardan tapylan tapyndylar hem üstüni doldurýar. Şeýle tapyndylaryň biri Daşkentden 100 km-de Obirahmat diýen ýerde gowakdan tapyldy. Bu ýerden mustýer zamanynyň 30 müňe golaý önümleri tapyldy.

Köp sanly tapyndylar Gaýrakgumda Hojent bilen Naukatyň aralygynda syrderýanyň jülgesinden tapyldy.

Bu tapyndylaryň ählisi mustýer zamanyna degişlidir. Günorta Täjigistandan tapylan käbir tapyndylarda Hindistandan hem-de täjigistandan günorta-gündogardaky ýurtlardan tapylan tapyndylara meňzeşlik bar. Şeýle tapyndylar jyllykal posýologynyň golaýynda Wahş jülgesinde Gara-Baradan tapyldy.

Has gadymy döwre degişli tapyndylar ilkinji gezek 1949-njy ýylda Krasnowodskiden gündogarda Aşgabatdan 39 kilometrlikde Ýaňyşa we Garataňňur stansiýalarynyň aralygynda ýüze çykaryldy. Daşdan nepis edilip ýokulan el kerçewajy alymlaryň çaklamalaryna görä mundan 300 müň ýyl öň adamlar tarapyndan bejerilipdir we peýdalanylypdyr.

1962-nji ýylda Merkezi Köpetdagda, Aşgabadyň golaýynda, Çüli çaýynyň ýokary akymynda ýerleşýän Danjasuw diýen ýerden iň gadymy adamlaryň peýdalanan zähmet gurallarynyň köp sanlysy ( kykleuslar, çopperler, gazowlar, plastinka görnüşli daş gurallary) tapyldy.

1980-1981-nji ýyllarda günorta gündogar Köpetdagda, ýagny Sumbar we Çendir derýalarynyň jülgelerinde geçirilen barlaglar netijesinde b.e.öňki 300 müň ýyl oňki döwre degişli daşy iki taraplaýyn ýarylyp ýasalan uly nukleuslaryň, pyşbaga şekilli togalak gurallaryň, gazawlaryň, ujy ýiti enjamlaryň üsti açyldy. Garabogaz kölüniň günorta-gündogar kenarlarynda ýerleşýän janagyň golaýynda iň gadymy adamlaryň ussahanasynyň üsti açyldy. Ol ýerden hem dürli görnüşli nukleuslar, gazawlar, ujy ýiti, iki tarapy ýiteldilen gurallar tapyldy.

Monjuklynyň golaýyndan, Uzboýyň kenarlaryndan tapylan pil süňküniň bölekleri, aýak süňkleri, syrgaly azy dişleri, Çelekenden tapylan sugunyň şahy adamzadyň iň irki durmuşy barada köp maglumatlar berdi.

Irki we ortaky paleolit zamanlarynda ilkidurmuş adamlara Türkmenistanyň köp ýerlerinde, ýagny Krasnowdsk ýarym adasynda, Jananda, Uzboý ýakalarynda, Sumbar-Çendir derýalarynda, Merkezi Köpetdagda Aşgabadyň günbatar demirgazyk tarapynda, Bathyz baýyrlyklarynda, Çarşaňnyda Bulanderýa jülgesinde, Gowurdakda Balahana dagynda ýaşapdyrlar. Şu ýerlerde iň gadymy adamlaryň peýdalanan zähmet gurallary tapyldy.

Giçki paleolit döwründe ýagny mundan 40-35 müň ýyl öň ilkidurmuş adamlarynyň durmuşynda düýpli özgerişler, ýagny adamlaryň häzirki zaman görnüşiniň kemala gelmek prosessi bolup geçipdir.

Daşdan bejerilen gurallar kämilleşipdir. Mustýer zamanyndaky 3-4 görnüşli daş gurallarynyň ornyna, köp dürli daş gurallary peýda bolupdyr. Leuka subut edilýän maglumatlar Türkmenbaşy-Aşgabat demirýolunyň 39-40-njy kilometrliginden tapyldy. Şol ýerden tapylan tapyndylar gadymy ussalar daşdan uly bolmadyk gysgyç daşlary, nepis, ýuka hem ýiti uçly deşewaçlary taýýarlapdyr. Ol gurallar agaç, öýňi kesmek, ýa-da örän inçe zergärçilik işini ýerine ýetirmek üçin amatly bolupdyrlar. Deşewaçlaryň kömegi bilen adamlar awlan haýwanlarynyň derisinden gödegräk hem bolsa ýönekeýje egin-eşik, azyk önümlerini salar ýaly hasta, meşik tikipdirler.

Ýokarky paleolitde taýpalar kemala gelip bu döwürde kämil enelik urugçylyk obşinasy dowam edip, onda enelik ugry boýunça garyndaşlyk gatnaşyklary saklanyp adamlaryň ekzogam (içki) nika toparlarynyň öňünde jemläpdir.

Giçki paleolitde adamlar daş gurallary bilen bir hatarda süňkden, haýwanlaryň şahyndan naýza meňzeş enjamlaryň uglyna geýdirilýän ýiti uçly ýaraglary, çukur gazmak üçin niýetlenen gurallary asandyrlar. Adamlaryň arasyndaky ilkinji zähmet bölünşigide giçki paleolitde ýüze çykypdyr. Erkek adamlar aw awlamak, balyk tutmak, dürli zähmet gurallaryny öndürmek bilen meşgullansa, aýallar we çagalar bolsa ýabany ösümlikleriň miwelerini toplamak, çagalary terbiýelemek bilen meşgullanypdyrlar. Jemgyýetiň ösüşiniň etabynda toparlaýyn nika gatnaşyklary dowam edip, nesil ugry boýunça kesgitlenipdir. Aýallaryň we erkekleriň arasyndaky zähmet bölünşigi jemgyýetiň öňe tarap ösmegine oňaýly täsir edipdir, zähmet öndürijiliginiň aýtmagyna, aýallaryň jemgyýetdäki rolunyň ýokarlanmagyna, umuman enelik urugynyň has-da rowaçlanmagyna getiripdir.

Oduň peýdalanylyp başlanmagy adamyň tebigatyň janly güýçlerinden ilkinji iň uly geňeşi hasaplanyp adamzadyň haýwanat dünýäsinden gutarnykly saýlanmagyna getiripdir. Ot adamlary sowukdan, wagşy haýwanlardan gorapdyr. Zähmet gurallary we ýaraglary ep-esli kämilleşdirmeklige mümkinçilik beripdir. Adamlar indi nahary aýratyn-da eti bişirip iýip başlapdyrlar. Munuň özi ilki bilen etiň organizmde oňat siňmegine mümkinçilik bermegi bilen bir wagtda adamyň kämilleşmeginde hem uly rol oýnapdyr.

Edebiýatlar

1. A. Gubaýew. Первобытные пмятники южного Туркменистана- Ашгабат.1983

2. Первобытный Туркменистан Ашг-1976

3. История древного мира М. «Прывешения» 1985

4. Б.Т. Гапуров. Таджики I книга Душенбе «Ирфон» 1989

5. Туркменистан ССР-нин тарыхы. Т.1. Ашг.1959

6. Туркменистанын тарыхы I болум. Ашгабат 1994

7. История Узбекских ССР т.1 кн 1-я Ташкент 1955

Taryhy tapyndyly Jeýtun

Taryhy tapyndyly Jeýtun

Türkmen topragy dünýade iň gadymy ekarançylyk medeniýetiniň dörän we ösen ýerleriniň biri hasaplanylýar. Munuň özi Türkmenistanyň taryh babatynda has gadymy köklere daýanandygyny görkezýär. Taryhçy alymlaryň gelen ylmy netijelerine görä, Jeýtunda ýaşan gadymy ata-babalarymyz hem yuwaş-yuwaşdan ekerançylyk medeniýetini özgeşdiripdirler.

Jeýtun medeniýeti Köpetdag bilen Garagumuň aralygynda uzalyp gidýän düzlügiň çöllüge sepleşýän ýerinde dörän iň gadymy ekerançylyk medeniýeti bolup, ol diňe Orta Aziýada däl, eýsem bütin gadymy gündogarda ilkinji ekerançylyk medeniýetiniň ojaklarynyň biri hasaplanylýar. Onuň ady gadymy Jeýtun obajygynyň ady bilen baglydyr. Arheologlar şu ýerdäki gadymy kakyň ady bolan “Jeýtun” sözüni depäniň ady hökmünde kabul edipdirler. Ol Aşgabadyň 30 km demirgazygynda, häzirki Aşgabat-Daşoguz ýolunyň ugrunda ýerleşipdir. Jeýtun medeniýeti, takmynan, Baharly etrabyndan başlap, Mäne-Çäçä çenli Köpetdagyň etegini hem-de Demirgazyk Eýranyň çäklerini öz içine alypdyr. Köpetdagyň eteginde ýerleşen Jeýtun medeniýetine degişli Çagyllydepeden, Çopandepeden, Pessejikdepeden tapylan keramiki gap-gaçlar elde ýasalypdyr. Olar dürli görnüşde ýasalyp, ýönekeýje nagyşlar bilen bezelipdir. Jeýtunlylaryň öz guran jaýlarynyň diwarlaryna çekilen haýwan şekilleri tebigy reňkler bilen bezelipdir. Olar geçiniň, goýnuň we öküziň, ylaýta-da, dag keýikleriniň(geçileriniň) ösümlikleriň arasynda otlap ýören ýa-da dag arçasynyň kölegesinde dynç alýan şekilleriniň ilkinji nusgalaryny döredipdirler.

Jeýtun obasy inedördül görnüşli bir otagly jaýlardan ybarat bolupdyr. Her jaýda 5-6 adam ýaşapdyr. Jaýlaryň diwarlary kerpije kän meňzemeýän, uzynlygy 60-70 santimetr böleklerden ybarat süýnmek görnüşli laýdan biri-biriniň üstünden örülipdir. Jaýlaryň käbiriniň ýanynda hojalyk üçin goşmaça jaýlar gurlup, käbiriniň daşyna palçykdan haýat aýlanypdyr. Howlynyň içinde däne saklamak üçin çukurlar gazylypdyr. Jeýtunlylaryň ekerançylyk bilen meşgul bolandyklaryna suwaga garylan samanyň arasyndaky arpa, bugdaý däneleri hem-de ulanylan iş gurallary şaýatlyk edýär. Jeýtundan tapylan tapyndylaryň arasynda pyçaklar, oraklar, gyrgyçlar hem-de agaç ýa-da süňk sapyň ujuna berkidilýän dürli görnüşli ýukajyk daş bölekleri agdyklyk edýär. Olardan başga-da däne owradylýan daşlar, sapana salnyp atylýan göjekler, süňkden ýasalan temenler, balykgulaklardan edilen monjuklar, dokmaçylykda ulanylýan ikbaşlar tapylypdyr.

Türkmenistanyň günorta sebitinde küýzegärçiligiň döremegine itergi beren sebäpler we şertler biziň eramyzdan öňki VII-VI müňýyllyklarda ýüze çykypdyr. Ýokarda getirilen mysallar sungat derejesine ýeten küýzegärçilik senediniň öz gözbaşyny Jeýtun medeniýetininden alyp gaýdýandygyny görkezýär. Jeýtunyň ilkinji küýze önümleri tekiz düýpli bolup, lenta usulynda ýasalypdyr. Küýze ýasalýan palçyga owradylan saman garylypdyr. Küýze önümleriniň köpüsi gyzyl reňkli nagyşlar bilen bezelipdir. Nagyşlar ýönekeýje bolup, dikligine ýa-da ýapgyt çekilen we egrem-bugram çyzyklardan ybarat bolupdyr.

Alymlaryň pikirine görä, Jeýtunda jemi 150-160 töweregi adam ýaşapdyr diýip, çaklanylýar. Gadymy ilat ekerançylyk, maldarçylyk bilen meşgul bolupdyr. Ýöne hojalykda ekerançylyk esasy orny tutupdyr. Görnükli alym B.M.Massonyň pikirine görä, obadaky ilatyň däne hasylyna bolan islegini kanagatlandyrmak üçin 20 gektardan az bolmadyk ekin meýdany gerek bolupdyr.

Biziň eramyzdan öňki VI müňýyllyga degişli Jeýtundan tapylan aýal şekili toýundan ýasalypdyr. Şeýle hem bu ýerden tapylan altmyşa ýakyn şekilleriň diňe altysy adam şekilli, galanlary bolsa haýwan şekilleridir. Bu tapyndylar neolit ýa-da başgaça aýdanyňda täze daş asyry döwrüniň adamlarynyň estetiki islegleriniň ösüp başlandygyny aňladýar. Jeýtun medeniýetine degişli gazylyp alnan tapyndylardan mälim bolşy ýaly, daşa, süňke çyzgy, şekil, haşam nagyş çekmegiň ilkinji nusgalarynyň bolandygyny alymlar tassyklaýarlar. Şeýle-de, şol döwürde külalçylygyň, hojalyga zerur bolan küýze önümleriniň, galla saklanýan gap-gaçlaryň ýasalmagy, jaýlaryň saman suwaglar bilen suwalmagy, eýýäm Jeýtun medeniýetiniň durmuş ýörelgeleri bolan ekerançylyk, awçylyk, maldarçylyk bilen bir hatarda binagärçiligiň hem düýbüniň tutulyp başlanylandygyna şaýatlyk edýär.

Jeýtun medeniýetine degişli Pessejikdepede örän galyň we berk daşky diwarly, meýdany has uly, adaty bolmadyk bir jaýyň üsti açylýar. Jaýyň meýdany örän uly bolup, oňa obanyň ilaty ýerleşip biljek. Bu bolsa, jaýyň jemgyýetçilik, ýagny köpçülik üçin niýetlenendigine güwä geçýär. Jaýyň doiwarlarynyň ak suwagynyň ýüzüne gyzyl we gara reňkler bilen çekilen toýnakly we ýyrtyjy haýwanlaryň, agaçlaryň, üçburçluklaryň we adamlaryň şekilleri adamzat taryhynda iň gadymy suratlaryň hataryna girýär.

Gadymy mmedeniýetleriň medeni ojaklaryň üstüniň açylyp alymlar tarapyndan ylmy esasda öwrenilmegi, gadymy senetlerimizi sungat derejesine ýetiren ata-babalarymyzyň ussatlygyna we öz döwrüne mahsus giň dünýägaraýyşlaryna göz ýetirmäge ýärdam edýär.

Gutlyýewa Gözel, Halkara gatnaşyklary we dünýä syýasaty

Halkara Ynsanperwer we Ösüş Uniwersitety

Tebigatyň we jemgyỳetiň gatnaşyklary

Mowzuk: Tebigatyň we jemgyỳetiň gatnaşyklary

Meỳilnama:

1. Mukaddes Ruhnama türkmen milletiniň tebigat bilen gatnaşyklary barada.

2. Türkmenistanyň tebigy şertleri.

3. Ilkinji ekarançylygyň we maldarçylygyň ỳüze çykmagy üçin amatly şertler. Jeỳtun, Uzboỳ, Änew medeniỳetleri.

1. Adamyň peỳda bolmagy we jemgyỳetiň döremegi bilen tebigat düşünjesiniň mazmuny özgerỳär. Tebigat düşünjesi iki manyda ulanylyp başlaỳar. Giň manyda jemgyỳet düşünjesi tebigatda girizilỳär. Dar manyda ulanylanda tebigat jemgyỳetde üzňelikde göz öňüne getirilỳär. Jemgyỳet bilen tebigatyň özara täsirleri baradaky taglymat, birinjiden tebigat bilen jemgyỳetiň arasyndaky hil taỳdan tapawutlyklary ykrar etmeklige beỳleki tarapdan bolsa olary biri-birine garşy goỳmazlyga esaslanỳar. Adam tebigat tarapyndan döredilendir we jany-teni bilen oňa degişlidir.

Adamyň tebigata garaşlylygy uzak wagtlap dowam edipdir. Diňe zähmet çekmegi öwrenmek bilen adamzat tebigatdan saỳlanỳar we jemgyỳet emele gelỳär. Jemgyỳet bilen tebigatyň arasyndaky arabaglanyşyklaryň iki görnüşi bar. Birinjisi – tebigatyň jemgyỳete edỳän täsiri. Ikinjisi – jemgyỳetiň tebigata edỳän täsiri. Jemgyỳet tebigat bilen berk özara baglanyşykly. Şeỳle baglanyşyk bolmasa jemgyỳet ỳaşap bilmezdi. Sebäbi adam özüniň ỳaşaỳyşy üçin gerek bolan maddy we ruhy serişdeleriň hemmesini tebigatdan alỳar. Amatly tebigy şertler (maỳyl howa tebigy baỳlyklar, derỳalar, tokaỳlar) jemgyỳetiň ösüşine itergi berỳär, tersine amatsyz tebigy şertler (gaty sowuk ýa-da yssy howa şertleri) jemgyýetiň ösüşine ýaramaz täsir edýär. Amatly tebigy şertler diỳlende diňe bir tebigy baỳlyklaryň mukdar tarapy göz öňünde tutulman, eỳsem olaryň köpdürliligi hem uly ähmiỳete eỳedir.

Adamyň zähmet çekmegi netijesinde tebigat özgerỳär. Adamzadyň uzak wagtyň dowamynda eden täsiriniň netijesinde Ỳeriň tebigy ỳagdaỳy güỳçli özgerdilipdir. Şol özgerişe ylymda – Noosfera diỳip at berilỳär. (W. I. Wernadskiỳ).

Adamzat ilkibaşda tebigatdan diňe almaly diỳip düşünipdir. “Adam tebigatyň üstünden agalyk etmelidir” diỳen ters düşünje kemala gelipdir. Adamlar uzak wagtlap tebigatyň jemgyỳete nähili zyỳan ỳetirip biljegi barada pikir ỳöredip bilmändir. Haçanda adamzat tebigatyň özüne ỳetirilen zyỳan üçin “ar alỳandygyna” göz ỳetireninden soň, tebigaty goramak, hapalamazlyk barada alada edip başlady. Netijede tebigatyň we jemgyỳetiň gatnaşyklary bilen baglanyşykly – ekologiỳa (tebigaty goramak) meselesi ỳüze çykdy.

Tebigatyň we jemgyỳetiň gatnaşyklary umumy adamzat barada aỳdylanda gysgaça şeỳle.

Indi türkmen milletiniň tebigat bilen gatnaşyklaryna seredip geçeliň. Onuň üçin biz Beỳik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Mukaddes Ruhnamasynyň birinji kitabyny elimize almaly. Türkmen halkynyň türkmen tebigatyna bolan gatnaşygy baradaky pikirler Mukaddes Ruhnamanyň içinden eriş-argaç bolup geçỳär. Bu mesele barada has düỳpli pikirleri Beỳik Serdarymyz kitabyň “Türkmen milleti” bölüminde öňe sürỳär. Beỳik Saparmyrat Türkmenbaşy türkmen milletiniň tebigata bolan gatnaşygyny şeỳle häsiỳyetlendirỳär. “Türkmeniň tebigat, ỳaşaỳan tebigy giňişligi bilen arabaglanyşygynyň täsin aỳratynlyklary bar. Türkmeniň ruhy hem maddy medeniỳeti onuň ỳaşaỳan tebigat giňişliginden reňk alypdyr. Türkmen hemişe tebigatyň goỳnunda, öz ruhy hem maddy medeniỳetiň jümmüşinde ỳaşapdyr. Türkmen taryhynyň durnuklylygyny, türkmen ỳaşaỳşynyň taryhy gözelligini bir zatda görỳärin: biziň milletimiz öz ỳaşaỳşyny tebigata garşylyk görkezmek, onuň garşysyna çykmak usulynda däl-de, tebigat bilen sazlaşyk esasynda gurnapdyr. Tebigat bilen garşydaş däl-de, hyzmatdaş bolup ỳaşaỳan milletiň taryhy ömri bolsa, edil tebigatyň özi ỳaly uzak hem hasylly bolỳar” *

Türkmen milletiniň tebigat bilen gatnaşyklaryny Beỳik Serdarymyz mährem ataly-ogluň gatnaşyklaryna meňzedỳär . Türkmeniň tebigat bilen gatnaşyklaryny däp-dessurlarynda, hojalygynda, egin-eşiginde, gylyk-häsiỳetinde görmek bolỳar. Ata-babalarymyzyň dünỳä nusgalyk sada, päk göwünli, dogry sözli, ynsanperwer häsiỳetleri tebigatymyz bilen baglanyşyklydyr. Gelin-gyzlarymyzyň döreden ajaỳyp halylary, olaryň reňkleri we köpsanly el hünäriniň önümleriniň çeşmesi türkmen tebigatydyr.

Beỳik Serdarymyz Mukaddes Ruhnamasynda türkmen milletiniň tebigat bilen gatnaşyklarynyň diňe bir geçmişi däl, geljegi hakynda hem ajaỳyp setirler bar. Ol setirler Beỳik Saparmyrat Türkmenbaşynyň tebigaty goramak baradaky taglymatynyň düỳp maksadyny aỳdyň görkezỳär. Beỳik Serdarymyz suw ỳetmezçiligi sebäpli taşlanyp gidilen oba-kentler barada çuňňur gynanç bilen gürrüň edip, bu ỳagdaỳy düzetmek üçin tutuş milletimize, ỳüzlenip şeỳle diỳỳär: “Men her bir döwletli türkmen maşgalasyna ỳüzlenỳärin: Taňrynyň öňündäki, iliň öňündäki bergisini berjek bolsaň, her maşgalanyň agzasy ỳylda bir nahal agajyny ỳaşaỳan köçesinde, howlusynda, töwereginde, öwlüỳäde eksin”*

Türkmen topragyny goramak barada Beỳik Serdarymyzyň Selewki patşasy Antioh Soteriň Margianada gurduran diwaryny ỳatlap şeỳle belleỳär: “Ol haỳat ỳene bolar, ỳöne ol indi palçykdan däl-de, göm-gök öwüsỳän daragtlardan bolar” *. Dogrudan hem häzirki wagtda gözel paỳtagtymyz Aşgabadyň, welaỳat merkezleriniň töwereklerinde, gara ỳollaryň boỳunda, Köpatdagyň eteklerinde ỳyl-ỳyldan köp oturdylýan agaçlaryň millionlarça nahallaryň, olaryň idegi Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň bagy-bossanlyga öwrüljekdiginiň aỳdyň subutnamasydyr.

Beỳik Serdarymyzyň tebigaty goramak baradaky taglymatynda Garagum çölüni goramak, gadymy ỳaşaỳyş mekany – Uzboỳy – Oguz boỳuny gaỳtadan janlandyrmak meselesine hem uly orun berilỳär. Bu barada Mukaddes Ruhnamada şeỳle nygtalỳar: “Garaş Uzboỳym, garaş, nesip bolsa, sen täze görke gelersiň, bu mekanda Türkmen kölüni döredip başladyk. Ertir onuň aňyry-bärsi görünmeỳän suwuny süỳjediji enjamlarynyň kömegi bilen süỳjedip, bol suwy akdyrarys. Türkmen halky ata-baba ỳolyny ỳöredip, ỳaňadan Uzboỳyň boỳunda ỳaşaỳşyň tuguny, Ỳaşyl tuguny parladỳar”*

2. Türkmenistanyň tebigy şertleri, aỳratynlyklary onuň ilatynyň, türkmen milletiniň taryhyna örän uly täsir edipdir. Tebigy şertler jemgyyetiň ösmegi üçin kesgitleỳji şert bolmasa-da, ol jedelsiz jemgyỳetiň ösmeginiň, özgerişleriniň zerury şertleriniň biridir. Tebigy şertler amatly bolanda jemgyỳetiň ösüşini tizleşdirip tersine amatsyz bolanda haỳalladyp biler.

Türkmenistanyň tebigy şertleri irki zamanlardan bäri ekarançylyk we maldarçylyk üçin amatly hasaplanỳar. Şonuň üçin hem Türkmenistanyň ỳerleri uly iki bölege (tebigy taỳdan) bölünipdir. Türkmenistanyň ỳeriniň köp bölegini maldarçylyk üçin amatly bolan çöllükler we sähralar tutỳar. Azlyk bölegi ekarançylyk üçin amatly ỳerler bolup, olar Amyderỳanyň, Murgap, Tejejn, Etrek derỳalarynyň boỳlarynda ỳerleşỳär. Türkmenistanda ekarançylyk üçin amatly ỳerler ỳedi sanydyr:

1. Ahal we Etek ỳerleri. Bu ỳerler ekarançylygyň ilki dörän ỳerleri hasaplanỳar.

2. Dehistan. Etrek derỳasynyň boỳlary. Bu ỳerde oturymly ekarançylygyň taryhy üç döwre bölünỳär. Mongal çozuşlaryndan soň ekarançylyk pese düşüp, XV asyrda doly kesilỳär. Häzirki wagtda bu ỳere Misrian çöli diỳilỳär.

3. Tejen we Sarahs etraplary. Ekarançylygyň iň gadymy merkezleriniň biri bolup, Sarahs ỳerleri orta orta asyrlarda has ösüpdir.

4. Murgap derỳasynyň boỳlary. Türkmenistanyň şertlerinde ekarançylyk üçin iň amatly ỳerler.

5. Amyderỳanyň orta akymy. Bol suwly, emma ekarançylyk üçin amatly ỳerleriň azlyk edỳän ỳeri. Bu ỳerler ekarançylyk bilen meşgullanmagyň has kyn düşỳänligi bilen tapawutlanỳar. Derỳanyň iki tarapa süỳşip durmagy, güỳçli suw joşgunlary, derỳanyň adam güỳjüne baş bermezligi onuň suwundan peỳdalanmakda uly kynçylyklary döredipdir.

6. Amyderỳanyň aşak akymy. Daşaguz welaỳatynyň ỳerleri. Gadym wagtlardan bäri ekerançylyk üçin amatly ỳerleriň biri. Aỳratyn ösen döwri Köneürgenç türkmen döwletiniň ỳaşan zamanasy. Bu ỳerler soňky ỳyllarda Aral deňziniň suwunyň çekilmegi bilen şorlaşmak ỳagdaỳyna sezewar boldy.

7. Derỳalyk, Sarygamyş, Uzboỳ ỳerleri. Bu ỳerde ekerançylyk Amederỳanyň uly hanalarynyň biri şu ugurdan akan wagtyndan mümkin bolupdyr. Şonuň üçin bu ỳerde ekerançylyk wagtlaỳyn dowam edipdir.

8. Balkan daglarynyň etekleri, Badhyz we Garabil ỳerleri düme ekerançylygy üçin amatly hasaplanỳan ỳerler.

Türkmenistanyň şertlerinde maldarçylyk üçin amatly ỳerler üç etrapa bölünỳär:

1. Uly Balkanlar, Türkmenbaşy baỳyrlygy onuň bilen serhetleşỳän Üstýurt, Mangyşlak ỳerleri.

2. Demirgazyk we Merkezi Garagum.

3. Günorta – Gündogar Garagum. Badhyz, Garabil we Sarahs ỳerleri.

3. Adamzadyň ỳaşaỳşynyň has irki döwrüniň howa şertlerini öwrenmekde paleogeografiỳa ylymynyň ähmiỳeti uludyr. Paleogeografiỳa ylmynyň berỳän maglumatlaryna görä, Türkmenitanyň tebigy şertleri, iň gadymy adamlaryň ỳaşan zamanasynda (gadymy daş asyrynda) häzirkisiden düypli tapawutlanypdyr. Amyderỳa Garagum çölüniň üsti bilen Hazara tarap akypdyr. Murgap we Tejen derỳalary onuň sag tarapky şahalary bolupdyr. Takmynan 140 müň ỳyl ozal Amyderỳanyň akym ugry demirgazyga, Aral deňzine tarap üỳtgäpdir. * Bu döwre çenli Türkmenistanyň Günorta we Günbatar böleklerinde derỳalaryň kenarynda, jülgelerde, ỳaşaỳyş üçin amatly ỳerlerde iň gadymy adamlar mekan tutupdyrlar. Howanyň ỳagdaỳy, ösümlik we haỳwanat dünỳäsi adamzadyň ỳaşamagy üçin zerur şertler ỳeterlik bolupdyr. Ỳöne şol amatly howa şertleri wagtyň geçmegi bilen özgerip durupdyr. Paleogeografiki maglumatlara görä ortaça 20 müň ỳyldan Ỳer şarynyň howasy düỳpli özgerişe sezewar bolupdyr. * Howa gaty sowap Ỳer üstüniň köp ỳerlerini buz basypdyr. Şeỳle buzlanmanyň iň soňkusy gadymy daş asyrynyň ahyrlarynda başlanyp, takmynan 10-12 müň ỳyl ozal tamamlanypdyr. Howa gurak we yssy bolupdyr. Sowuklyga uỳgunlaşan ösümlikleriň, haỳwanlaryň, miweli agaçlaryň köp görnüşleri ỳok bolupdyr. Buzlanmadan öňki döwürde Türkmenistanyň gadymy ilaty diňe taỳỳar önümleri, ỳagny ỳabany ösỳän däneli we kösükli ösümlikleri, ỳabany miweleri bilen eklenip bilen bosalar, indi azyk meselesinde uly kynçylyklar ỳüze çykypdyr. Amatly howa şertlerinde gadymy adamlaryň esasy käri iỳmit ỳygnaỳjylyk bolsa, indi balykçylyk we awçylyk esasy orna çykypdyr. Adamlar hojalygyň bu ugurlarynda zerur bolan zähmet gurallaryny döredipdir, olary kämilleşdiripdir. Emma bu üstünlikler gadymy adamzadyň durmuşynda emele gelen üstünlikler gadymy adamlaryň durmuşynda emele gelen azyk ỳetmezçiliginiň öňuni alyp bilmändir. Türkmenistanyň yssy we gurak howasy adamlaryň ỳaşaỳşyny has kynlaşdyrypdyr. Şu ỳagdaỳdan çykalga tapmagyň ỳolunda adamlar täze, has ähmiỳetli üstünliklere eỳe bolupdyr. Türkmenistanyň şol döwürdäki tebigy ỳagdaýy hojalygyň täze pudagynyň maldarçylygyň ỳuze çykmagy üçin amatly bolupdyr. Şunuň netijesinde takmynan 9 mün ỳyl mundan ozalTürkmenistanyň ỳerlerinde öndüriji hojalyk-maldarçylyk ỳuze çykypdyr.* Emma bu döwürde maldarçylyk hojalygyň aỳratyn, özbaşdak pudagy hökunde kemala gelip bilmändir. Maldarçylygyň özbaşdak hojalyga öwrülmegi üçin şertler entek ỳeterlik bolmandyr.

Taryhda täze daş asyry (neolit) diỳlip at berilen döwürde howa üỳtgäpdir. Çyglylyk ỳokarlanyp howa maỳlapdyr. Sähralar giňelipdir, çöller gür ösümlikler bilen örtülipdir. Ösümlik dünỳäsiniň baỳlaşmagy haỳwanat dünỳäsine hem uly täsir edipdir. Tebigatyň beỳle özgermegi adamlaryň ỳaşaỳşyny has ỳeňilleşdiripdir. Türkmenistanyň günorta etraplarynda, Köpetdagyň eteginde ekerançylyk üçin örän amatly şertler emele gelipdir. Köpetdagdan syrygyp gaỳdỳan suwlar uly bolmadyk çaýlary emele getiripdir. Şol çaýlaryň Garaguma ýetipm siňýän ýerlerine ýeriň yzgary gitmänkä tohum sepip, ekin ekmegi şol döwrüň adamlary öwrenipdir. Şeýlelikde, täze daş asyrynyň amatly howa şertleri ilkinji öndürijilikli hojalygyň-ekerançylygyň ýüze çykmagyna itergi beripdir. Türkmenistanyň günortasynda ýüze çykan ilkinji ekerançylyk medeniýeti taryha Jeýtun medeniýeti ady bilen girdi. Medeniýetiň ady Aşgabat şäherinden 28 km. Demirgazyk-günbatarda ýerleşýän gadymy ýadigärligiň ady bilen baglanyşykly. Jeýtun medeniýeti 8 müň ýyl mundan ozal başlanypdyr we müň ýyldan gowrak dowam edipdir. Ekerançylygyň ýüze çykmagy bilen adamlaryň bir bölegi göçüp-gonup ýaşamsyny bes edip oturymly ýaşaýyşa geçipdir. Oturumly ýaşaýyşa geçilmegi ilatyň sanynyň artmagyna jemgyýetçilik ösüşinde öňegidişlikleriň gazanylmagyna mümkinçilik beripdir. Jeýtun medeniýetini emele getiren ilat Baharly etrabynyň Bamy obasyndan - Alty asyr etrabynyň Mäne-Čäçe obalarynyň aralygynda ýaşapdyr. Olaryň esasy käri ekerançylyk bolupdyr. Jeýtunlylar öýde mallary hem saklapdyr . Ýöne hojalykda mallaryň orny ikinji derejeli bolupdyr. Her obada ortaça 200-250 adam ýaşapdyr. Munuň sebäbi Köpetdagdan gelýän suwlaryň azdygy bilen düşündirilýär. Čaýlaryň mukdary näçeräk ilaty üpjün edip biljek bolsa onuň boýunda şonçada adam jemlenipdir. Türkmenistanda täze daş asyrynyň amatly tebigy şertleri jemgyỳetiň üsinde deňsizligiň ỳuze çykmagyna sebäp bolupdyr. Ilatyň bir bölegi ekerançylyk üçin amatly ỳerlerde ornaşyp, oturymly ỳaşaỳşa geçmegi bilen maddy we ruhy ösüşde, jemgyỳetçilik gatnaşyklarynda zähmet gurallaryň, önümçilik gatnaşyklaryň kämilleşmeginde öňe saỳlanypdyr.

Ilatyň ilkinji bir bölegi awçylyk, iỳmit ỳygnaỳjylyk, balyk tutmak üçin amatly ỳerlerde ỳaşap olar köp babatda oturymly ilatdan yza galypdyr. Bu ilatyň ỳaşan ỳerleriniň tebigaty, olary azyk önümleri bilen ỳeterlik üpjün edip bilipdir. Şonuň üçin bu ỳerlerde öndüriji hojalyga geçmeklige zerurlyk ỳuze çykypdyr. Türkmenistanyň çäklerinde şeýle ýaşaýyş esasan Demirgazyk Türkmenistanda, Uzboỳyň boỳlarynda bolupdyr. Şoňa görä-de bu ỳerde ỳaşan ilatyň döreden medeniỳetine – Uzboỳ medeniỳeti diỳip at berilỳär.*

Takmynan ỳedi mün ỳyl mundan ozal Türkmenistanyň howa ỳagdaỳy ỳene üytgäpdir. Gurakçylyk ỳokarlanypdyr. Munuň sebäbi Atlantiki çyglylygyň birinji etapynyň tamamlanmagy bilen düşündirilỳär. *Netijede Jeỳtun medeniỳeti pese düşỳär we wagtyň geçmegi bilen öz ornuny Änew medeniỳetine berỳär. Gurakçylygyň ỳokarlanmagy bilen Köpetdagdan gelỳän çaỳlaryň suwy azalỳar, käbirleri guraỳar. Şonuň üçin ekerançylyk obalarynyň ilaty suwlara ỳakyn, dag eteklerine göçmäge mejbur bolýar.Şunlukda öňki Jeýtun medeniýetine degişli obalaryň köpüsinde ýaşaýyş kesilýär. Oturymly ỳaşaỳşyň merkezi Köpetdagyň eteklerine geçỳär.

B. e. öňki V müňỳyllyk milli taryhymyzda Oguz han eỳỳamynyň başlanỳan döwrüdir. Bu döwürde ekerançy ilat suwdan peỳdalanmagyň emeli usullaryny oỳlap tapỳar. Bentleri gurmak, kanallary çekmek we suwlary gerekli ugruna gönükdirmegi öwrenỳärler. Artykmaç suwlary ätiỳaçlyk üçin, emeli suw howdanlaryny gurup, şolara jemläpdirler.

Suwdan peỳdalanmagyň kämilleşmegi ekerançylyk ỳerleriniň giňelmegine, hasyllygyň ỳokarlanmagyna ỳardam edipdir. Oturymly obalar köpelipdir, olaryň meỳdany giňelipdir, ilatyň sany has çalt artypdyr. Eger-de Jeỳtun medeniỳeti zamanynda bir obada ortaça 200-250 adam ỳaşan bolsa indi bu san ortaça 1000-1200 adama ỳetipdir. Bu döwürde adamlar ilkinji metaly-misi peỳdalanyp başlapdyr. Biraz soňrak misiň galaỳy bilen garyndysyndan alnam metal-bürünç peỳda bolỳar. Bürünç berkligi boỳunça misden has artykmaç bolup, ondan ỳasalan zähmet gurallary daşdan bejerilen gurallary önümçilikden gysyp çykarypdyr. Metalyň önümçilige ornaşmagy jemgyỳetiň ösüşine uly täsir edỳär. Alymlaryň tassyklamagyna görä hut şol döwürden başlap adamlaryň durmuşynda tebigatyň täsiri ilkinji orna geçip, durmuş-ykdysady şertler we tehniki ösüş birinji orna geçipdir. Hut şonuň üçin hem Änew medeniỳetini döreden ekerançylar, jeỳtunlylardan tapawutlanyp gurakçylygyň, suw ỳetmezçiligiň garşysyna belli bir derejede göreşip bilipdir. Änew medeniỳeti zamanynda ekerançylyk-maldarçylyk bilen meşgullanỳan ilat Köpetdagyň eteklerinden başlap Tejeniň, Murgabyň aşak, Amyderỳanyň orta akymlaryna ỳaỳrapdyr. Olaryň esasy käri ekerançylyk bolup, maldarçylyk, hünärmentçilik ỳaly hojalyk pudaklary hem durmuşa giň ornaşypdyr. Oba hojalygynda ilkinji mallar: öküz we düỳe (iki örküçli) peỳdalanyp başlapdyr. Küỳzegärçilik, senetçilik, zergerçilik ösüp başlapdyr.

Seredilip geçilen maglumatlar Oguz han eỳỳamynyň başynda, Türkmenistanyň gadymy ilatynyň öz ỳaşaỳan ỳerleriniň tebigy şertlerine görä hereket edip, jemgyỳetçilik-ykdysady ösüşde öz zamanasy ücin örän uly üstünliklere eỳe bolandygyna şaỳatlyk edỳär. Şol üstünlikler hem Türkmenistanda, dünỳäde ilkinjileriň hatarynda ösen medeni merkezleriň, Gadymy Oguz döwletiniň, Marguş döwletiniň döremegine mümkinçilik berỳär.

Türkmenistan Mezolit we Neolit zamanlarynda

Mowzuk: Türkmenistan Mezolit we Neolit zamanlarynda

Meýilnama

1. Mezolit zamany we onuň tapyndylary.

2. Neolit zamany we onuň tapyndylary.

Iň ilkinji adamlaryň durmuşynda giçki paleolitden soň ortaky daş asyry mezolit eyýamy gelýär. Mezolit we neolit zamanlarynyň dowamlylygy paleolit zamany bilen deňeşdirende onça bir uzak bolman , ýagny 10-15 müň ýyllygy öz içine alýar. Dünýä taryhynda mezolit ýer ýüzündäki iň soňky buzlanmanyň eräp başlan döwrüne gabat gelýär. Buz erän ýerlerde geografiki landşaft (daş ýüzüniň görnüşi) fauna we flora tiz üýtgeýär. Äpet buzluklaryň eremegi, bilen ähli ýerlerde suw köpelýär. Şu zamanda Kaspi deňziniň hem suwunyň derejesi ýokarlanyp ep-esli gury ýer giňişliklerini basýar. Bir söz bilen aýdanda Hwalin transgressiýasy diýlip atlandyrylan suw joşguny zerarly Kaspiniň suwy häzirki derejesinden 75 metre gowrak ýokary göterilýär.

Türkmenistanyň çäklerinde mezolit döwrüne degişli köp sanly tapyndylaryň üsti açyldy. Olara Jebel gowagy, Kesgirgulak,, Garabogazyň gündogarynda ýerleşýän Hapasuw, Depeçanak gonalgalary, Balkan daglarynda ýerleşýän Gaýly, I hem-de II Damdançeşme gowaklary, Garailim gonalgasy, Uzboýyň aşak akymyndaky Kelkör, Aktam, Soňrajy ýaly gonalgalar degişlidir. Häzirki wagtda arheologlar jemi 30-a golaý ýerden mezolit zamanyna degişli ýer üsti, 4 sany hem ýer asty medeni gatlaklary (Jebel, Gaýly, I we II Damdançeşme) açdylar we ylmy esasda öwrendiler.

Soňky ýyllarda Gündogar Türkmenistanda Gowurdakda Balahana dagynyň Gündogaryndan giçki mezolit dowrüne degişli ilki durmuş adamlaryň duralgasynyň hem üsti açyldy.

Arheologik tapyndylar mezolit döwrüniň adamlarynyň awçylyk, balyk tutmak, ir-iýmiş çöplemek bilen meşgullanandygyny tassyklaýar. Ýokarda agzalan mezolit zamanynyň adamlarynyň düşelgelerinden bekräniň, çökäniň, zagaranyň, keçiriň süňk galyndylarynyň köp tapylmagy balyk tutmaklygyň, ony iýmit höküminde peýdalanmaklygyň ösendigini aňladýar.Iň gadymy adamlaryň durmuşynda balyk tutmaklygyň möhüm rol oýnandygyna seretmezden, mezolit zamanynda adamlaryň durmuşynda awçylyk esasy orunda durupdyr. Bu ýagdaýy Jebel gowagyndan, Damdamçeşmeden tapylan ýabany haýwanlaryň: goýunyň, geçiniň, gulanyň, öküziň, gureniň, pişigiň süňkleri tassyklaýar. Mezolit zamanynyň adamlary ep-esli derejede kämilleşen zähmet gurallary, aw üçin ýaraglary bolup daşdan ýiti uçly naýzalar, dürli ölçegli uçluklar, ok-ýaýlar hyzmat edipdir. Ýygnaýjylyk olaryň hojalygynda möhüm orny eýeläpdir. Öndüriji güýçleriň ösüşiniň taryhynda ýaýyň we peýkamyň uly ähmiýeti bolupdyr. ýaý we peýkam tehniki tejribäniň kem-kemden we uzak wagtly jemlenmesiniň, adamyň zähmet tejribesiniň, onuň praktiki bilimleriniň yzygiderli baýlaşmagynyň netijesi bolupdyr.

Ýaýyň oýlanyp tapylmagy,daşdan ýasalan gödek gurallardan ýaýa we peýkama geçilmegi, düýpli öwrülşige getiripdir. Awçylyk düzgüninden haýwanlary eldeki etmeklige, ilkidurmuş maldarçylygyna geçmeklige getirilýär. Ýabany haýwanlary eldekileşdirmek gaty uzak wagty öz içine alypdyr hem-de çylşyrymly bolupdyr. Ýer ýüzünde 140 müň haýwan ýaşap şondan diňe 47-si eldekileşdirilendir. Ilkinji eldekileşdirilen haýwan it bolupdyr. Geçileri, goýunlary, doňuz eldekileşdirmek b.e.öňki 7 müň ýyllyga, ýagny giçki mezolit döwrüne degişlidir. II Damdamçeşmeden tapylan geçiniň goýnuň süňk galyndylary, şol döwürde ownuk şahly maldarçyulyga geçmekligiň başlanandygyny habar berýär. Munuň özi awçylyga, balykçylyga, ýygnaýjylyga daýanýan hojalyk durmuşynda täze has ähmiýetli pudagyň elementleriniň ýüze çykyp başlandygyny aňladýar.

Gowaklardan tapylan däne owguçlar Türkmenistanyň medolitik

taýplarynyň durmuşynda ýabany ösümliklerden, ilkinji nobatda däneli ösümlikleri çöplemeginde uly ähmiýete eýe bolandygyny aňladýar.

Hojalygyň täze pudaklarynyň emele gelmegi, olaryň kämilleşip başlamagy neolit döwri – täze daş asyry üçin häsiýetli alamatlaryň biridir. Şol bir taryhy döwürde dünýäniň dürli ýerlerinde ýaşan adamlaryň durmuşynda sosial-ykdysady gatnaşyklar dürli depginde ösüpdir. Şu ýagdaý Türkmenistanyň çäklerinde ýaşan iň gadymy ýaşaýjylar üçin hem häsiýetlidir.

Neolit zamanynda Türkmenistanyň günorta dag eteklerinde ekerançylyk medeniýeti giň ýaýran bolsa, Günbatar- we Demirgazykda, ýygnaýjylaryň, balykçylaryň, maldarlaryň özboluşly medeniýeti dowam edipdir.

Jebel, II Damdamçeşme , Gaýly ýaly köp medeni gatlakly gowaklardan,

Üstýurtda Kemal çöketliginden, aşaky Uzboýyň golaýyndan, Balkandagyň demirgazygyndan, neolit zamanyna degişli köp sanly tapyndylar tapyldy.

Jebel gowagyndan tapylan çakmakdaşdan ýasalan iri tyglar, peýkam

uçlary, palçykdan ýasalan gap-çanaklaryň nusgalary, däne owmak üçin niýetlenen ýasy daş ownuklary, goýundyr geçiniň, jerendir balygyň süňk galyndylary neolit döwründe ýaşan adamlaryň awçylyk, ýygnaýjylyk balyk tutmak bilen bir wagtda maldarçylyk bilen hem meşgullanandygyny aňladýar. Tapyndylar eýýam mezolit döwründe Türkmenistanyň çäklerinde ýaşan adamlaryň durmuşynda özboluşly aýratynlyklaryň peýda bolandygyny subut edýär. Hut şu döwürden başlap olarda sosial-ykdysady, medeni babatda ösüş has çaltlaşypdyr. Mezolit zamanynyň ruhy medeniýeti hakynda olaryň özlerini deňziň ýalpyldawuk balykgulajyklaryny dakynyp bezenmek adaty düşünje berýär.

Jebel gowagyndan tapylan daş gurallar giçki mezolite, keramiki önümler

bolsa neolit zamanyna, irki bürünç asyryna degişlidir. Bu tapyndylar Günbatar Türkmenistanyň çäklerinde iň gadymy döwürden başlap ýaşaýşyň üznüksiz dowam edendigini, adamlaryň dürli taryhy döwürlerde özboluşly ýaşaýşynyň, zähmet gurallarynyň medeniýetiniň bolandygyny anyklamaga ýardam edýär. Gowaklardan tapylan adamlaryň peýdalanan zähmet gurallarynyň görkezmegine görä, indi adamlar haýwanlaryň hamyny eýelemek, süňk we agaç ýonmak, ol ýerden zähmet gurallaryny ýasamak bilen meşgullanypdyrlar. Aýry-aýry medeni gatlaklardan tapylan zähmet gurallarynyň esasy bölegi haýwanlaryň süňkünden ýasalypdyr. Ýöne ol gurallar has gödek, işlemek üçin oňaýsyz bolupdyr. Mezolit zamanynyň aýaklarynda daş gurallary belli bir forma berilipdir. Olaryň funksiýalary artyp, şol gurallaryň kömegi bilen işiň birnäçe görnüşleri ýerine ýetirilipdir. Ösümlikleriň miwelerini çürtipdirler, köküni köweläpdirler, haýwanlaryň etini böleklere bölüpdirler, derisini soýupdyrlar, hamyny gazapdyrlar.

Mezolit zamanynda oduň peýdalanylyp başlanmagy bilen ilkidurmuş adamlarynyň durmuşynda düýpli öwrülşik başlanypdyr. Adamazat tarapyndan oduň peýdalanylyp başlanmagyna ýyldyrym çakmagy, wulkan atylmagy sebäpli, tokaýlarda ýangynyň emele gelmegi sebäp bolupdyr. Şol ýangynlar sebäpli köp sanly haýwanlar oduň içinde galypdyr. Şol haýwanlaryň etinden iýip gören adamlar bişen etiň çig etden tagamly bolýandygyny aňypdyrlar. Edil şeýlede ot adamlary sowukdan, wagşy haýwanlardan goramakda hem ähmiýeti uly bolupdyr. Şeýlelik bilen iň gadymy adamlar ody öz ýaşaýan mekanlaryna ojaklaryna getirip, ony söndürmän saklapdyrlar.

Oduň peýdalanyp başlanmagy adamzadyň durmuşynda diňe bir medeni progressiň ösmegine däl eýsem adamzadyň kämilleşmegi üçin hem ähmeýetli bolupdyr. Ot adamzadyň hojalyk durmuşynyň esasyny goýupdyr, işeňnirligini artdyrypdyr. Adamlar ody öçürmän saklamak üçin, daş-töwerege ot düşmezligi, ätiýaçlygy elden bermändirler. Indi adamlar ody ýelden, ýagyşdan, gorap saklamaly, ýagny kadalaşdyrmaly, bol-elin gury odun taýýarlamaly bolupdyrlar. Oduň ýüze çykmagy aýallar bilen erkek adamlaryň arasynda zähmet bölünişigini hem ýüze çykyrypdyr.

Erkek adamlar ody dürli ýollar bilen alypdyr. Aýallara bolsa indi öý-hojalyk işleri: çagalary ösdürmek, terbiýelemek, nahar taýýarlamak, ody söndürmän saklamak bilen meşgul bolmagyna getiripdir. Indi ojagyň eýesi aýallar bolupdyr. Ot ýaşaýyş jaýda ýylylyga nahar taýýarlamaklygyň esasy serişdesine öwrülipdir.

Şeýlelikde görüşimiz ýaly adamzat ody baryp mezolit zamanyndan bäri özleriniň gündelik durmuşynda giňden peýdalynyp başladylar. Birneme soňrak bolsa adamlar ody emeli el bilen almaklygyň hötdesinden gelipdir.

Oduň medeni we tehniki ähmiýetinden başga-da, jemgyýetçilik ähmiýeti-de uly bolupdyr. ol adamlary bir-birleri bilen ýakynlaşdyrypdyr. Ýokarky paleolit we mezolit zamanlarynda enelik urugçylyk jemgyýeti höküm sürüpdir. Bu jemgyýet urug toparlary ene tarapyndan bolan kowumlaryň gany bir garyndaşlyk toparlary bolupdyr.

9-7 müň ýyl mundan ozal täze daş asyry başlanýar. Bu zamanda adamzadyň jemgyýetçilik durmuşynda taryhy özgerişlikler bolup geçýär. Indi adamzat tebigatyň taýýar önümlerini seri etmekden, ony öndürmeklige girişýär. Ýygnaýjylyk we awçylyk öz ornuny ekerançylyga we maldarçylyga berýär. Bu öwrülşigi kä halatlarda “neolitik rewolýusiýa” diýip hem atlandyrýarlar.

Türkmenistanyň çäklerinde irki neolit zamanyna degişli tapyndylaryň esasy bölegi Aşgabatdan 30 km- ýerleşen Jeýtun obasyndaky medeni gatlaklaryndan tapyldy.

Jeýtun medeniýeti B.M. Masson tarapyndan öwrenilip, bu ýerde öňki SSSR-iň çäginde iň irki ekerançylygyň ýüze çykandygy belli boldy. Munuň özi Jeýtunlylaryň oturymly ekerançylyk bilen meşgullanyp başlan döwründe dünýäniň beýleki ýerlerinde adamlar ýabany ösümlikleri ýygnamak, aw awlamak bilen meşgul bolupdyrlar. Bu döwürde daş gurallary ep-esli kämilleşipdir. Jeýtun obasynda jemi 200-240 adam ýaşapdyr. Ýaşaýyş jaýlary palçykdan bejerilipdir.

Gyzylarbat bilen Mäne-Çäge oazisi aralygynda Jeýtun medeniýetine degişli Çopandepe, Togalak depe, Bamy, Çagylly we Monjukly depe ýaly ençeme obalaryň bolandygy ýüze çykaryldy.

Jeýtun we Çopandepe ýadygärlikleri gazylyp agtarlanda arpa däneleriniň yzlary, bugdaý däneleri bilen bir wagtda maldarçylygyň ösendigini görkezýän öý haýwanlarynyň süňkleri tapyldy. Bu döwürde esasy orunda awçylyk durupdyr. Jeýtun medeniýetiniň soňky döwürlerinde hojalykda kem-kemden eldeki haýwanlar agdyklyk edip başlapdyr. Bu döwürde zähmet gurallaryny ýasamakda esasy orunda ýylmanak daşlar durupdyr. Adamlar daşdan orak, soky, däne owguçlary bejeripdirler. Jeýtunlylar palçykdan gap-çanaklary bejerip olary göni we egrem-bügrem çyzyklar görnüşinde haşamlapdyrlar.

Kaspi deňziniň kenarlarynda ýaşan awçylaryň, iýmit çöpleýjileriň obşinalary bilen bir hatarda çöllüklerde, sähralarda gadymy urug obşinalarynyň mekanlarynyň alamatlary Krasnowdsk ýarym adasynyň jümmüşinde, Garagumda Maňgyşlakda we ondan aňry demirgazykda Gazagystan sähralarynda duş gelýär. Şeýle gadymy mekanlar Uzboýyň boýunda has köp. Olar Uzboýyň aşak akymynyň boýunda, ondan demirgazyga Amyderýanyň aşak akymlaryna tarap yzy üzülmän uzalyp gidýär.

SSSR Ylymlar Akamedimiýasynyň Etnografiýa Institutynyň ýanynda döredilen Horezm arheologiki – etnografiki ekspedisiýasy S.P. Tolstowyň ýolbaşçylygynda Amyderýanyň aşak akymlarynda 1939-njy ýylda arheologiýa gözleglerini geçirdi. Şonda Amyderýanyň sol kenaryndan Ýanbaşgalanyň töwereklerinden neolit döwrüne degişli küýze döwükleriniň daşdan ýasalan gurallaryň ençemesi tapyldy. Şol gadymy adamlaryň ýaşan ýerleriniň Ýanbaşgalanyň ýakynynda ýerleşeni üçin oňa Ýanbaşgala 1,2,3,4 diýlip atlandyrypdyrlar. Ýanbaşgala 4-nji diýen ýerde geçirmeli barlaglar netijesinde tapylan tapyndylaryň Kelteminar obasyna ýakyndygy sebäpli ol Kelteminar medeniýeti diýlip atlandyrylýar.

Kelteminar medeniýetini döreden ilat awçylyk bilen meşgullanypdyr. Bu ýerde ilat ýerzeminlerde ýaşapdyr. Ýaşaýyş jaýlarda ot ýanýan ojak bolupdyr. Kelte minarlylaryň maddy medeniýeti ösen neolit zamanynyň medeniýetiniň derejesinde bolupdyr. Olar özleri üçin daşdan zerur bolan zatlary bejermek üçin, çakmak daşdan ýasalan tygly gurallary peýdalanypdyrlar. Olar mezolit zamanynyň aw awlamak üçin zerur bolan ýaraglary bilen bir wagtda täze sap neolit zamanyna degişli peýkam uçlaryny hem peýdalanypdyrlar. Kelteminarlylar palçykdan gap-çanak ýasamagy olary timarlamagy başarypdyrlar. Balykgulakdan monjuk hünji ýaly bezeg şaý-serpleri bejerip dakynypdyrlar.

Kelteminar medeniýeti b.e.öňki IV müň ýyllygyň aýagynda III müň ýyllygyň başlarynda döräpdir.

Orta Aziýanyň sähralarynda we çöllerinde ýaşan awçylar, balykçylar we iýmit ýygnaýjylar ýaly gadymy kelteminarlylaryň hojalygynyň we durmuşynyň primitiw bolanlygyna garamazdan, olar özlerinden has uzaklardaky ilatdan üzňe ýaşamandyrlar. Bu otrum ýerinde ýaşan ilat Eýran Arabystan aýlaklaryndaky ilat bilen aragatnaşykda bolupdyrlar. Onuň şeýledigini tapylan balykgulaklardan ýasalan köp sanly monjuklar subut edýär. Kelteminardaky oturym ýerlerden tapylan keramika Amyderýanyň aşak akymlaryndan uzak demirgazykda we gündogarda ýaşan neolit zamanynyň taýpalarynyň medeniýeti bilen Aral Ýakasyndaky medeniýetiň aragatnaşygynyň bolandygyny subut edýär.

Kelteminarlylar bilen Uralda, Günorta we Günbatar Sibirde, Orhon-Ýeniseý derýalarynyň boýlarynda ýaşan döwürdeşleriniň keramik önümlerinde hem meňzeşlikler köp.

Kelteminarlylaryň, Jebellileriň, Köpetdag eteklerinde ýaşan ilatyň neolit döwrüne degişli maddy medeniýetinde-de meňzeşlikler köp.

Beýleki welaýatlar bilen gatnaşyklar Kaspi kenarynda ýaşan ilatyň arasynda hem bolupdyr. Kaspi ýakasyndaky gowaklarda birneme irkiräk döwre degişli ýüzi ýylmanan, özide elde ýasalan gaplaryň gyzyl reňkli käwagtlarda bolsa gara reňkli döwükleri peýda bolýar. Soňra şol gowaklaryň ýokarky gatlaklarynda melemtil reňkli nepis gaplaryň döwükleri duş gelip başlaýar. Şu döwüklerdir, gaplar şol zamana garanda ýokary medeniýetiniň bir eýýamden bäri ösüp gelen ekerançylyk sebitlerinden getirilipdir. Şol medeniýeti döreden adamlar bolsa oturym ýerleriniň alamatlaryny galdyrandyrlar. Şol oturym ýerleriniň aşaky medeni gatlaklarynda boýag. bilen owadan hoşamlanan, palçykdan ýasalan gap-çanaklaryň döwükleri, birneme ýokarrakdaky gatlakda bolsa ýüzi ýylmanan melemtil we gara reňkli döwükler bar.

Şunuň bilen birlikde Kaspi ýakasyndaky ýaşan adamlaryň medeniýetinde bir topar täze alamatlar hem ýüze çykýar. Bu alamatlar bolsa olaryň durmuşyndaky möhüm üýtgeşmeleri görkezýär. Munuň şeýledigini Jebel gowagynyň ýokary gatlaklaryndan tapylan peýkamlara oturdylýan mindolitik uçlaryň deregine indi iki tarapy hem nepis gysyjy ýongyç bilen timarlanan neolit zamanyna degişli uçlar ýüze çykýar.

Uzboý jülgesinde gadym adamlaryň ýüze çykarylan mekanlary şol zamana degişlidir. Bu ýerlerde daşdan ýasalan, gowy ýylmanan paltajyklar tapyldy. Bu paltajyklar Kelteminardan tapylan paltajyklara çalymdaşdyr. Neolit zamanynda ýasy daşlar görnüşindäki ýönekeý däne owguçlaryň deregine gadymy müsür owguçlaryna meňzeş täze däne owguçlary peýda bolýar.

70-nji ýyllarda Düýeboýun suw howdanynyň zonasynda geçirilen arheologyň gözleg işleri netijesinde Türkmenistanyň territoriýasyndan Tümmekkiçijik diýen ýerden gadymy gonamçylygyň üsti açyldy. Bu gonamçylyk neolit zamanyna degişli ekeni. Bu ýerden tapylan gap-çanaklar, çakmak daşyndan ýasalan zähmet gurallar özleriniň ýasalyş tehnikasy boýunça Amyderýanyň sag kenaryndan neolit zamanyna degişli tapyndylara meňzeşdir.

Soňky döwürlerde Jebel gowagynda adamlar hemişelik ýaşamandyrlar. Indi ilat gowaklarda käýarym düşläpdirler. Kaspi kenaryndaky gowaklaryň birden boşap galmaklygynyň sebäbi indi b.e.öňki IV-III müň ýyllyklarda Türkmenistanyň gadymy ilatynyň durmuşynda düýpli üýtgeşmeler bolup başlapdyr.

Köpetdagyň eteklerinde, ýeriň tebigy suwarylmagy üçin peýdalanylyp boljak çeşmeleriň we bulaklaryň boýunda täze medeniýet, ekerançylyk medeniýeti emele gelýär. Şu ekerançylyk bilen meşgullanyp başlan ilat bolsa, mundan beyläk Türkmenistanyň ilatynyň taryhynda uly orun tutup başlaýar.

Tebigy şertleriň yzgytsyz primitiw ekerançylyga mümkinçiligiň ýok ýerlerinde bolsa ilat awçylykdan, iýmit çöpleýjilikden öý haýwanlaryny edinmeklige geçip başlaýar. Bu geçiş bolsa adamlaryň ýaşaýşyny has oňat täsir edip başlaýar.

Şoňa göräde hut şu döwre degişli Jebel gowagyndan tapylan tapyndylaryň arasynda ýabany haýwanlaryň süňkleri bilen birlikde öý geçileriniň süňkleri hem peýda bolýar.

Şeýlelik bilen hem Türkmenistanda awçylaryň, iýmit çöpleýjileriň ilkidurmuş medeniýetiniň zamany gutarýar.

Dag eteklerinde çeşmeleriň, derýalaryň boýlarynda ekerançylyk sähralardaky we çöllerdäki welaýatlarda maldarçylyk hojalygy progressiw ösüp başlaýar. Bu ösüş bolsa iň gadymy medeniýetiň gazananlarynyň esasynda öňe gidipdir.

Ýer şarynyň ýüzündäki iň gadymy we öňde baryjy ekerançylyk medeniýetleriniň biriniň başlangyjy hut Türkmenistanyň territoriýasyndan, Eýran daglygy bilen Turan düzlüginiň arasyndaky serhetden tapyldy. Şol ýadygärligiň iň gadymylary Jebel gowagynda b.e.öňki V müň ýyllyga degişlidir. Aşgabatdan 30 km demirgazyk-günbatar tarapdaky Jeýtunyň ýanynda bolan oturym ýeri hem şunuň ýaly ýadygärlikdir.

Urug jemagatynyň döremegi we ösmegi

Urug jemagatynyň döremegi we ösmegi.

1. Zähmet gurallarynyň kämilleşmegi.

2. Giçki paleolit döwründe häzirki zaman adamlarynyň keşbine meňzeş adamlaryň emele gelmegi. Ýewropapisint, mongolpisint we negrpisint jynslaryn döremegi.

3. Enelik urug gatnaşyklary.

4. Nika we onuň görnüşleri.

5. Mezolit döwründe howanyň özgermegi. Mezolit eýýamynyň oýlap tapyşlary. Adamyň Günortadan Demirgazyga ýaýramagy.

6. Neolit öwrülişigi. Taýpa bileleşmeleriniň döremegi.

1.Giçki paleolit döwri mundan 40 – 14 müñ ýýl öñki döwri öz içine alýar. Ony wýurm buzlugynyñ döwrüne degişli edýärler. Wýurm buzlugy riss döwründäkiden kiçi bolsa-da howa sowuk bolupdyr. Howa ýagdaýy Demirgazyk Ýewropada , Aziýada we Amerikada gurak we örän sowuk bolupdyr.

Giçki paleolit döwründe ýasalan zähmet gurallary görnüşleri boýunça dürli – dürli bolup, öndürijiligi ýokary ekeni. Giçki paleolitiñ duralgalarynda kesmek, ýonmak, dürtmek üçin gurallar, naýzalaryñ uçlary, gysga naýzalar, naýza zyñyjylar, garpunlar, iñneler, serdarlaryñ süñkden ýasalan hasalary, gazawlar tapylýar. Şolaryñ içinde iñ möhümleri kesgiç we gazaw bolupdyr. Gesgiji zähmet gurallaryny ýasamak üçin ulanypdyrlar. Onuñ bilen süñkden , haýwanlaryñ şahlaryndan gurallar ýasalanda peýdalanypdyrlar.

Gazawlar bilen ýumşak zatlary işläp bejeripdirler(deri, agaç). Giçki paleolit döwrüniñ gazawlary mustýe döwründäkiden tapawutlylykda uzyn, ýasy, işlenýän gyrasy aýlaw örnüşinde bolupdyr. Şu döwrüñ awçylarynyñ esasy ýaragy naýza bolupdyr. Käbir gurallary amatly bolar ýaly tutawaçly edip ýasapdyrlar. Çakmak daşyna sap (tutawaç) berkidipdirler. Şeýlelikde gurallaryñ ýasalyş usuly çylşyrymlaşyp başlapdyr. Naýzazyñyjy adamyñ güýjüniñ üstüni ýetirýän ilkinji mehaniki serişde bolupdyr.

Daşy işläp bejermek usuly hem kämilleşýär. Daş gurallary simmetrik we işlenilýän gyrasyny ýiti edip ýasap başlapdyrlar. Giçki paleolit döwründe süñkden we haýwanlaryñ şahyndan zähmet gurallaryny ýasamak giñ gerim alypdyr. Giçki paleolit döwründe hem awçylyk we ýygnaýjylyk uly ähmiýete eýe bolupdyr. Aw awlamak öñkä garanda has üstünlikli bolan. Muny duralgalaryñ ýaşaýjylarynyñ iýen haýwanlarynyñ süñkleri subut edýär. Mysal üçin , Przedmostda (Çehoslawakiýa) 1000 mamontyñ , Amwrosiýewkada (Ukraina) 1000 töweregi bizonyñ , Solýutrede (Fransiýa) 10 müñ töweregi onuñ iýlen süñkleri tapylypdyr. Olar köpçülikleýin , guramaçylykly , gabamak arkaly haýwanlary awlapdyrlar. Duralgalar köplenç kert ýerleriñ golaýýnda bolupdyr. Gabamaklygyñ usullary kämilleşipdir. Haýanlary kert ýerlere , batgalyklara, gazylan çukurlara ot bilen gorkuzyp kowalap eltipdirler. Buzluk ýerlerden uzaklarda, ýagny ortaýerdeñiz – afrika, Orta Aziýa taraplarda adamlar leopardlary, dag tekelerini, keýikleri, ýyrtyjy haýwanlary awlapdyrlar. Balyk tutmaklyk hem başlanypdyr.

Giçki paleolit döwrüniñ adamlary gowaklarda we howa şertlerine laýyklykda bassyrmalarda , çatmalarda , ýerkümelerde ýaşapdyrlar. Olaryñ ortasynda ot ýakar ýaly ýer bolupdyr.

2.Giçki poleolit döwründe , ýagny mundan 40000 ýyl ozal , adamlar häzirki zaman keşbine giripdirler. Häzirki zaman adamlarynyñ emele gelmegi dik ýöremeklige , sagellilige , pikirlenişiñ we sözleýşiñ ösmegine ýardam edýän zähmet işiniñ gitdigiçe çylşyrymlaşmagy, iýmitde etiñ agdyklyk etmegi süriniñ içinde jyns gatnaşyklarynyñ ilki çäklendirilmegi, soñra bolsa gadagan edilmegi, ýagny daşky nika gatnaşyklarynyñ girizilmegi bilen baglanyşyklydyr. Daşky nika gatnaşyklary (ekzogamiýa) bolanda bir toparyñ erkek adamlary başga bir toparyñ aýallary bilen nika gatnaşyklaryna giripdirler.

Giçki paleolit döwründe adamlar Ýewropada, Aziýada we Afrikada ýewropapisint, mongolpisint, negrpisint jynslara bölünipdirler. Ýöne olaryñ arasyndaky tapawut häzirkileri ýaly güýçli bolmandyr. Jynslaryñ arasyndaky tapawut adamyñ daşky keşbine ýerli şertleriñ täsiri bilen müñýyllyklaryñ dowamynda emele gelipdir. Oña howanyñ temperaturasy we çyglylygy , şemal, günüñ ýagtysy täsir edipdir. Mongolpisint adamlaryñ keşbi ýer üstüniñ çöllük – sähralyk bolmagy , dowamly we güýçli ýeller , çäge syrgynlary, açyk gün şöhlesi, Aziýanyñ arktiki ýerlerinde bolsa , gözüñe güýçli täsir edýän gün şöhlesiniñ serpikmesi netijesinde emele gelipdir. Mongolpisint adamyñ gabaklary çişipdir. Gözüñ iñçe açylmagy ýüzündäki galyñ ýag gatlagy ony çägeden we tozandan , gün ýagtysyndan we sowukdan gorapdyr.

Negrpisint jyns ýokary temperaturaly we çyglylykly tropiki howa şertlerinde emele gelipdir. Olaryñ derisiniñ reñki gara (aýratyn pigment melaniniñ köplügi sebäpli), saçlary burum – burum, burunlary inli, dodaklary galyñdyr.

“Jyns” düşünjesi adam üçin ilkinji gezek fransuz F.Bernýe tarapyndan 1675 –nji ýylda ulanyldy. 1735-nji ýylda şwed tebigaty synlaýjysy K.Linneý daşarky alamatlary boýunça adam jynslaryny toparlara böldi. Jynslar – adamlaryñ taryhy taýdan emele gelen görnüşleri bolup, olaryñ fiziki alamatlary nesle geçýär.

3.Giçki paleolit döwründe bolan urug jemagatyny taryhy taýdan dikeltmek üçin arheologik tapyndylar bilen bir hatarda etnografiki meñzeşlikleri hem ulanýarlar. Olara Tasmaniýanyñ we Awstraliýanyñ ýerli ilaty , Filippinleriñ aetleri , Malakanyñ semangalary we senoýlaryñ bir bölegi, Şri – Lamkanyñ tokaý andamanlary we weddalary, Kalahari çölüniñ buşmenleri , eskimoslaryñ bir bölegi, Otlyýer adasynyñ ilaty we käbir beýleki Günorta Amerikanyñ taýpalary degişlidirler.

Adam sürüsiniñ uruga öwrülmegi önümçiligiñ ýokarlanmagy we daşky nika gatnaşyklarynyñ emele gelmegi bilen baglanyşyklydyr. Daşky nika gatnaşyklary garyndaşlaryñ ganynyñ gatyşmagynyñ edýän zyýanyny aradan aýrypdyr we urugyñ möhüm aýratynlygy bolupdyr.

Uruglarda 100-150 adam bolupdyr. Her duralgada 2-3 sany ýaşaýyş jaýý bolup, hersinde 50 töweregi adam ýaşapdyr. Bile işlemek , bile ýaşamak we aw awlamak, belli bir derejedäki oturymlylyk garyndaşlyk gatnaşyklaryny has güýçli duýmaga ýardam edipdir. Uly ýaşaýyş jaýlaryny gurmak adamlaryñ uly toparynyñ güýçleriniñ jemlenmegini talap edipdir. Toparlaýyn garyndaşlygyñ añlanylmagy olaryñ dini dünýägaraýyşlarynda hem şölelenipdir. Meselem, şol adamlaryñ dini garaýyşlaryny añladýan “totenizm” sözi indeý sözi bolup, ol “onuñ urugy” diýen manyny berýär.

Giçki paleolit döwründe aýallaryñ şekillendirilen heýkeljikleri köp ýaýrapdyr. Bu bolsa maşgala - urug gatnaşyklarynda enelik başlangyçlaryñ agalyk edendigini añladýar. Şol döwürdäki toparlaýýn nika gatnaşyklarynda atalyk jemgyýetçilik manysynda belli bolmandyr. Ähli çagalar enäniñ daşynda jemlenipdir. Ýaşaýyş jaýlary önümleriñ saklanýan ýeri ahasaplanypdyr. Getirilen aw önümlerini aýal paýlapdyr. Aýal , öýe , ojaga, çagalara iýmit önüleriniñ saklanyşyna, nahar taýýarlamaga, egin – eşik tikmäge gözegçilik edipdir. Aýallar urugyñ esasy we umumy ýaşalýan jaýýñ bikeleri bolupdyrlar. Şeýle şertlerde ilkinji uruglarda ene häkimligi höküm sürüpdir.

Enelik urugy mezolit we neolit döwründe özüniñ has ösen basgançagyna ýetipdir.

Etnografiki çeşmeleriñ şaýatlyk etmegine görä giçki mezolit döwründe urug – taýpa guramasy ösüp, neolit döwründe ol has-da gülläp ösýär. Mezolit döwründe taýpa birnäçe urugdan durupdyr. Zähmet tebigy taýdan bölünipdir: aýallar ýygnaýjylyk, erkekler aw awlamak bilen meşgullanypdyrlar. Olaryñ jemgyýetçilik ýagdaýy deñ hukukly bolupdyr.

Jemagat ýaş aýratynlygy boýunça garrylara , ululara we çagalara bölünipdir. Hersiniñ öz hukuklary we borçlary bolupdyr. (zähmet borçlary, iýmit almaga hukuk, urugyñ ýygnagyna gatnaşmaga , nikalaşmaga we ş.m. hukuklar). Çagalar urşa gatnaşmandyrlar, ýýgnakda sesi bolmandyr, garrylar bolsa däp-dessurlara gözegçilik edipdir. Olaryñ jemagatda uly täsiriniñ bolandygy , bilimleriniñ we tejribeleriniñ köpdüginden habar berýär. Ulularyñ toparyna geçmeklik inisiasiýa , ýagny “bagş etmek” däbi arkaly amala aşyrylypdyr. Bu däp dürli halklarda birmeñzeş bolmandyr we birnäçe basgançakdan ybarat bolupdyr. Jübüt maşgala hojalygy özbaşdak ýötermändir. Ol uly ene maşgala degişli bolupdyr we öý hojalygyna iñ garry aýal baştutanlyk edipdir. Başga urugdan gelen giýewler aýalynyñ urugynda içerki tertipler babatda uly orun tutmandyrlar. Olaryñ derejesi enelik urugynyñ gülläp ösen wagtynda öñki deñhukukly döwründen birneme pese düşüpdir. Aýallaryñ jemgyýetdäki ýokary derejesi olaryñ jemgyýetçilik önümçiliginde we öý hojalygynda esasy orun tutýanlygy bilen baglanyşyklydyr. Maşgalanyñ jübütligi köplenç goşmaça nikalar bilen utgaşypdyr. Köp aýallylyk hem duş gelipdir. Nikanyñ “sororat” aýal dogan görnüşi hem bolup, onda birnäçe gyz dogan bir adamyñ aýaly bolupdyr. Bu ýagdaý soñky döwürlerde ýogalan aýalyñ doganyna öýlenmek däbine öwrülipdir. Şeýle hem “lewirat” – erkek doganyñ aýaly bilen ýaşaşmaklyk duş gelip, ol soñra ýogalan doganyñ aýalyna öýlenmek däbine geçipdir. Şonuñ bilen birlikde erkekleriñ – aýallaryny, aýallarynyñ – ärlerini birnäçe gezek çalyşýan ýerleri bolupdyr.

Erkekleriñ we aýallaryñ aýry emlägi bilen bir hatarda özara alyş-çalyş bolan. Käbir umumy zatlar hem bolupdyr.

5.Mundan 12-14 müñ ýyl ozal ýa-da b.e. öñ 12-10 müñ ýyllyklar töwereginde giçki paleolit döwri tamamlanyp, mezolit (orta daş asyry) eýyamy başlanypdyr. Buzluk eýyamy tamamlanypdyr. Mezolit döwründe howa ýagdaýy, ösümlik we haýwanat dünýäsi kem-kemden häzirki häsiýetlerine eýe bolup başlaýar. Mezolit b.e. öñ VII müñýyllyga çenli dowam edipdir. Buzlugyñ eremegi bilen mamont, ösgün tüýli nosoroglar ýaly haýwanlar howa şertleriniñ üýtgemegi , aw awlanmagy netijesinde ýok bolupdyr. Beýleki haýwanlar meselem, demirgazyk suguny, buzlugyñ yzy bilen demirgazyga gidipdirler.

Howanyñ maýlamagy bilen tokaýlar emele gelip başlapdyr. Tokaýlarda sugun, los , ýekegapan, aýy we beýleki haýwanlar ýaşapdyrlar. Olar ownugrak we ýyndam ekenler.Olary awlamak üçin öñki usullar we ýaraglar könelipdir. Indi okýaý oýlanyp tapylypdyr we haýwanlary uzakdan awlamaga mümkinçilik döreýär . Bu döwürde mikrolitler-çakmak daşyndan ýasalan ownuk gurallar giñ ýaýraýar. Olaryñ uzynlygy 1-2 sm bolup, bulary agaçdan we süñkden edilen saplara oturdypdyrlar. Olary kesmek, ýonmak, ok-ýaýyñ okunyñ uçlary üçin ulanypdyrlar.

Mezolit döwrüniñ nusgalyk oýlap-tapyşlarynyñ birem bumerang bolupdyr. Ony başarjañlyk bilen zyñyp, dürli aýlawly hereketler bilen 150 m uzaklyga ýetirip bolupdyr.Bumerang ýer ýüzüniñ köp taýpalaryna mälimdir,ýöne ol awstraliýaly ýerli ilatyñ esasy ýaragy bolupdyr.

Mezolit döwründe haýwanat özgermegi bilen, haýwanlary gabap awlamaklygyñ ähmiýeti gaçypdyr. Indi haýwanlary ok – ýaý bilen ýekelikde awlapdyrlar. Gereginden artyk awlanan ýaraly ýa-da çaga haýwanlary eldekileşdirmek pikiri ýüze çykypdyr. Ilkinji eldeki bolan haýwan itdir. Ony ilki et üçin , soñra aw, goragçy hökmünde peýdalanypdyrlar. Mezolit döwrüniñ ýaşaýyş jaýlary paleolit döwründäkiden kiçi bolupdyr. Bu döwrüñ ýadygärlikleri köp medeni gatlakly bolupdyr. Awçylar bir ýaşan ýerine birnäçe gezek gaýdyp gelipdirler. Täze ýaragyñ peýda bolmagy we aw usulynyñ üýtgemegi bilen bir ýerde uzak ýaşamak mümkin bolmandyr. Awçylaryñ uly bolmadyk topary awyñ gözleginde aýlanyp ýöräpdirler. Iýmit gözlegindäki adamlar buzdan boşan ýerlere göçüpdirler. Gysga wagtyñ içinde adamlar Pribaltikany, Şatlandiýany, Skandinawiýany, Demirgazyk Buzly ummanyñ kenarlarynyñ bir bölegini , Amerikany, Awstraliýany özleşdiripdirler.

6.Neolit döwrüniñ başlanmagy bilen kem-kemden öndüriji hojalyga geçilip başlanypdyr. Ýer ýüzüniñ dürli ýerlerine ýaýran adamlaryñ ösüşi dürli depginler bilen ösüpdir. Demirgazykdaky taýpalar öñki derejesinde uzak wagtlap galypdyrlar. Ýöne günorta ýerlerde ösüş çalt depginler bilen öñe gidipdir.

Bu döwürde adamlar saply , ýylmanan we deşilen gurallary, dokma stanogyny ulanypdyrlar. Toýundan gap-gaç ýaşapdyrlar, agaç işläp bejeripdirler, gämi gurupdyrlar, tor dokapdyrlar. B.e. ön IV müñýyllykda peýda bolan küýzegärçilik stanogy zähmet öndürijiligini we önümiñ hilini ýokarlandyrypdyr. B.e. öñ IV müñýyllykda gündogarda araba oýlanyp tapylypdyr.

Neolit döwründe öndüriji hojalyga geçirmegi taryhda “neolit öwrülişigi ” hökmünde bellenilýär. Bu döwürde ekerançylyga we maldarçylyga I jemgyýetçilik zähmet bölünişigi bolup geçýär. Soñra bolsa zähmetiñ II jemgyýetçilik bölünişigi oba hojalygyndan hünärmentçiligiñ bölünip aýrylmagy bolup geçýär.

Ekerançylygyñ döreýşi we ösüşi hemme ýerde gyradeñ däldir. Ekerançylygyñ ilkinji ojaklary Palestinada, Müsürde, Eýranda, Yrakda ýüze çykaryldy. Orta Aziýada şol sanda Türkmenistanda hem , baryp b.e. öñ IV müñýyllykda suwarymly ekerançylyk bolupdyr. Ekerançy taýpalar uly obalar bolup, palçykdan salnan jaýlarda ýaşapdyrlar. Käýerlerde obadaşlaryñ sany birnäçe müñ adama çenli bolupdyr. Türkmenistanda Jeýtun medeniýeti , Ukrainada Bug – Dnestr medeniýeti irki ekerançylyk ýadygärlikleri bolup, olar b.e. öñki V-IV müñýyllyklara degişlidirler.

Neolit döwründe uruglar fratriýalara we taýpalara gr “doganlyk” birleşipdirler. Ilkinji taýpa bileleşmeleri emele gelip başlaýar. Fratriýalar enelik urugyndan bölünip aýrylan garyndaş uruglaryñ birleşmesi bolupdyr. Amatly şertlerde we daşky nika tertiplerinde uruglar çalt ulalypdyrlar. Bir uruga degişli ýerlerde eklenmek kyn bolupdyr. Şonuñ üçinem ilkinji enelik urugdan ýakyn garyndaşlaryñ topary bölünip aýrylyp, täze uruglary döredipdirler. Ýöne olar öñki ene urugy bilen gatnaşyk saklapdyrlar, umumy adyny , däplerini, dilini ýitirmändirler. Enelik we ondan emele gelen ilkinji fraktiýalary emele getirip, dört we ondan hem köp uruglardan durupdyrlar. Ilki fratriýalar ekzogam, soñkulary endogan bolupdyrlar. Irki taýpa iki urugdan , soñra dört , sekiz ondan hem köp bolupdyr. Giçki taýpalarda uruglaryñ sany juda köp bolupdyr.

Mowzuk: Atalyk urug jemagaty

Meýilnama:

1. Atalyk urugynyñ döremeginiñ sebäpleri.

2. Ilkidurmuş jemgyýetiniñ dargamagy. Harby demokratiýa.

3. Ilkidurmuş jemgyýetiniñ medeniýeti

1.Jemgyýetiñ ykdysady taýdan ösmegi ene häkimliginiñ ata häkimligi bilen çalşyrylmagyna ýardam edipdir. Sürümli ekerançylyk, maldarçylyk, awçylygyñ we balykçylygyñ ýöriteleşmegi, ekerançylykdan bölünip emele gelen hünärmentçilik – bularyñ hemmesi erkekleriñ kärleri bolupdyrlar. Erkekleriñ maşgalada täsiri gitdigiçe artypdyr. Ekerançy we urşujy bolan erkekler maşgalada baştutan bolupdyrlar. Aýallaryñ elinde öý hojalygynyñ käbir işleri galypdyr. Onuñ jemgyýetçilik täsiri hem pese düşüpdir. Nikalaşansoñ indi aýallar adamsynyñ urugyna gitmeli bolupdyrlar. Urugyñ esasy merkezi erkeklerden ybarat bolup, olaryñ gyzlary we doganlary nikalaşansoñ, öz urugyny terk etmeli bolupdyrlar. Urugy olar üçin töleg talap edipdirler.

Indi önüm urugyñ içinde paýlanman, ony maşgalada saklamaga çalşypdyrlar. Emläk atasyndan çagalaryna geçip başlapdyr. Garyndaşlyk hem ata tarapyndan hasaplanyp ugraýar. Aýallar tabyn ýagdaýa düşüp, olar üçin ýeke nikalylyk girizilýär. Erkekler üçin bolsa köpaýallylyga ýol berlipdir.

Çarwa taýpalara häsiýetli bolan guburlarda erkekleriñ we aýallaryñ bilelikde jaýlanmagy äri ölende aýalyny hem öldürip bile jaýlandyklaryny añladýar.

Erkekleriñ täsirini artdyrmak üçin göreşde daýanç merkezleri döräpdir. Erkekleriñ öýlerinde bagş etmek däbinden geçen, ýöne öýlenmedik ýaş oglanlar ýaşapdyrlar. Ol ýer urug jemagatyndaky erkekleriñ ýygnanýan , boş wagtlaryny geçirýän ýerleri bolupdyr. Ene häkimliginden ata häkimligine geçilýän döwürde erkekleriñ öýleri erkekleriñ bileleşmelerine ösüp geçipdir. . Olaryñ maksady aýallaryñ häkimligini ýok etmäge gönükdirilipdir. Erkekleriñ bileleşmeleri öz agzalaryny we olaryñ hususy emlägini gorapdyrlar. Ata häkimliginiñ emele gelmegi atalyk maşgalanyñ döremegi bilen bilelikde bolup geçýär. Erkekleriñ gizlin bileleşmeleri Melaneziýanyñ taýpalarynda saklanyp galypdyr.

Maşgala jemagaty jemgyýetiñ ykdysady birligi bolup durupdyr. Atalyk maşgalasyna erkegiñ nesilleri we gullary degişli bolupdyr. Maşgala iñ uly erkek adam baştutanlyk edipdir. Onuñ ähli agzalary umumy jaýda ýaşapdyrlar, bir gazandan naharlanypdyrlar, bile işläpdirler we emläge eýeçilik edipdirler.

Haçan-da maşgala ulalyp, onda hojalygy ýöretmek kynlaşyp başlanda, maşgala jemagaty böleklere bölünipdir. Gelip çykyşy boýunça bir bolan maşgalalardan uruglar emele gelipdir. Umumy uruga degişli bolan meseleleri çozmek üçin atalyk maşgalalaryñ baştutanlary ýygnanyşypdyrlar. Urug jemagatynda dini kultyñ baştutany we urug däplerini saklaýjy adam bolupdyr.

2.Ilkidurmuş jemgyýetiniñ tehnikasy demir eýyamynda uly ösüşe eýe bolýar. Demriñ mis bilen bürünje garanda ägirt uly artykmaçlyklary bolupdyr. Demir magdany tebigatda köp duş gelipdir. Demriñ ilkinji gezek işlenip bejerilen we eredilen yzlary Alynky Aziýada duş gelip, ol b.e. öñki XIV asyra degişidir.

Zähmet gurallaryny ýasamak üçin demriñ ulanylmagy ekerançylyk ýerlerini has giñeltmäge mümkinçilik beripdir. Köp halklarda ekerançylyk hojalygyñ esasy pudagyna öwrülýär. Şeýle hem maldarçylyk bilen meşgullanýan taýpalar emele gelip, bularyñ arasynda alyş – çalyş döreýär. Demir hünärmentçiligiñ ösmegine-de ýardam edipdir. Süñk, agaç, deri, reñkli metallary işläp bejermekde demir gurallaryñ ulanylmagy bilen , uly özgerişlikler bolýar. Demirçi ussalar peýda bolýar. Hünärmentçilikde küýzegärler, dokmaçylar we zähmet gurallaryny ýasaýan beýleki hünärmentler peýda bolýar. Hünärmentçilik oba hojalygynyñ aýratyn bir pudagy hökmünde ýuze çykýar.

Alyş-çalşyñ ösmegi umumy ölçeg birliginiñ döremegine getiripdir. Köp ýerlerde öý mallary şeýle roly ýerine ýetiripdir. Meselem, latyn diline pula “pekunia” diýilýär. Ol bolsa “mal” diýen mazmuny añladýar. Hindisatnyñ pul birligi rupiýa hem “mal” diýen manyny añladýar. Käbir halklarda alyş-çalyş birlikleri seýrek duş gelýän balykgulaklar, pil süñki, guş ýelekleri, kakaonyñ kösükleri, metal önümleri we tokgalary ýaly zatlar pul edergine ulanylypdyr.

Zähmet gurallarynyñ kämilleşmegi we önümçiligiñ ýokarlanmagy bilen öñki köpçülik bolup edilen işler indi bir maşgala hem başardypdyr. Hususy eýeçilik ýuze çykyp, atalyk urug jemagatlary ayry-aýry maşgalalara dargapdyr we özbaşdak hojalyk ýöredipdir. Jübütleýin nika berkişipdir. Ony indi diñe erkek adamyñ bozmaga ygtyýary bolupdyr. Aýallar üçin ýekenikalylyk girizilýär. Ýöne erkekleriñ biwepalyk etmäge hukugy saklanyp galypdyr. Kiçi maşgalalaryñ öz jemagatyndan çykyp, başga ýere hat-da başga jemagatlaryñ agzalarynyñ ýanyna göçüp baran pursatlary bolupdyr. Netijede ganybir garyndaşlaryñ bitewiligi bozulypdyr. Garyndaşlyk baglanyşygy goñşüçylyk gatnaşyklary bilen çalşypdyr. Bir ýerde bile ýaşaýan maşgalalar käbir işleri bileleşip edipdirler. Meselem, Gündogarda bileleşip suwaryş desgalaryny gurupdyrlar.

Sürülýän ýerler maşgalalaryñ arsynda paýlanýan ekeni. Ýeri paýlamaklyk bes edilensoñ , paý ýerler hususy eýeçilige geçipdir.

Urug gurluşynyñ dargaýan döwründäkisyýasy ýagdayý harby demokratiýa diýip atlandyrýarlar. Bu döwürde hem öñki halk ýygnagy, ýaşulularyñ maslahaty , serdarlar, serkerdeler ýaly dolandyryş guramalary bolupdyr. Ýöne halk ýygnagyna diñe takmynan , 16-60 ýaş aralygyndaky urşujylar gatnaşypdyrlar. Ýaşulularyñ ýygnagy we serdar kazynyñ wezipesini ýerine ýetiripdirler. Sud etmeklik halkyñ gatnaşmagynda bolup geçipdir.

Bu döwürde uruşlar ýygy-ýygy bolupdyr. Uruşlar köplenç goñşulary talamak maksady bilen bolupdyr. Şonuñ üçinem harby serdarlaryñ ähmiýeti artýar. Uruşlar urug guralyşynyñ çalt dargamagyna we synplaryñ , döwletleriñ döremegine getiripdir. Harby demokratiýanyñ nusgawy görnüşi gomerçilik jemgyýetde , Rimiñ patyşalyk döwründe, skitlerde , keltlerde , germanlarda , normannlarda bolupdyr.

3.Ilkidurmuş sungatynyñ esasy görnüşleriniñ birem aýdymlar we tanslar bolupdyr. Tansyñ döremegini giçki paleolitiñ madlen düne degişli hasap edýärler. Aw we harby tanslaryñ dini düşünjeler bilen baglanyşygy bolupdyr. Ilkidurmuş adamlarynda saz gurallarynyñ urlup, üflenip, kirişli çalynýan görnüşleri bolupdyr.

Dini düşünjeleriñ emele gelen wagty hakynda guburlary öwrenmek bilen bilýärler. Käbir alymlar onuñ dörän wagtyny neandertally adamlar bilen baglanyşdyrýarlar. Ýöne giçki paleolit dünde dini düşünjeleriñ bolandygy barada jedel ýok.

Ilkidurmuş dininiñ bir görnüşi “totemizm” bolupdyr. Adamlar haýsydyr bir haýwan ýa-da ösümlik bilen öz toparyny baglanyşykly hasaplap, ony hormatlapdyrlar. Totemi bolan haýwany awlamak, etini iýmek gadagan bolupdyr.

Ilkidurmuş adamlarynda ruhlara ynanmak bolan . Oña iñlis alymy E.Teýlor tarapyndan girizilen “animizm’ düşünjesi degişlidir. Mundan başga-da adatdan daşary güýji bardyr diýen düşünje bilen jansyz zatlara çalşypdyrlar. Ol “fetisizm” düşünjesi bilen añladylýar. Bu düşünjäni ylmy edebiýata XVIII asyrda fransuz alymy Ş. De Bross girizdi.

Bulardan başga-da ilkidurmuş eýyamynda samançylyk, porhançylyk, jadygöýlik, tebipçilik, sadaka bermeklik, doga okamaklyk ýaly zatlar ýüze çykypdyr.

Tebigaty synlamak we zähmet işiniñ netijesinde adamzadyñ bilimleri emele gelipdir.

Ilkidurmuş adamlarynyñ ýerine ýetirýän işleri netijesinde astronomiýa, matematika , geografiýa, kartografiýa, mehanika ylymlary döräp başlapdyr.

Medisina barada bilimler döräp ugraýar. Uruşlar hirurgiýanyñ ähmiýetini artdyrýar.. Metal işläp bejermekligiñ ösmegi ony gurallar bilen baýlaşdyrypdyr.

Taryhy we jemgyýetçilik bilimleri döräp ugrapdyr. Olar din we mifler bilen baglanyşykly bolupdyr. Urug gurluşynyñ ahyrlarynda piktografiýa ýuze çykýar. Ol hat ýazuwyñ başlangyjy bolupdyr. Piktografiýa şertli suratlar bolup, ol deriniñ , agaç gabygynyñ , agajyñ , süñküñ, daşyñ ýüzüne şekillendirilipdir.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyñ Mukaddes Ruhnamasynda “Ylym adamzat tarapyndan döredilen hazynadyr” diýşi ýaly, ylym adamzadyñ has irki döwürlerinde ýüze çykyp başlapdyr.

Başga dillerde

This page is based on a Wikipedia article written by authors (here).
Text is available under the CC BY-SA 3.0 license; additional terms may apply.
Images, videos and audio are available under their respective licenses.