Braziliýa

Braziliýa, resmi ady Braziliýa Federatiw Respublikasy (port. República Federativa do Brasil, diňle ) — meýdany we ilaty boýunça Günorta Amerikada iň uly döwlet.

Braziliýa
Braziliýanin baýdagy Braziliýanin gerbi
Baýdak Gerb
Location Brazil
Paýtagt Brasília
Prezident Jair Bolsonaro
Dil Portugalça
Gimn Hino Nacional Brasileiro
Meýdany 8 514 877 km²
Ilat
 – ilat/km²
189 970 841
 22/km²
Garaşsyzlyk 7 Septembýar 1822
Pul real
Wagt UTC -2 — -5
Telefon kod +55
Internet TLD .br

Umumy maglumat

Günorta Amerikadaky iň uly döwlet. Meýdanynyň ululygy boýunça dünýäde bäşinji döwletdir. Paýtagty — Brazilia şäheri. Braziliýanyň gündogar we günorta-gündogaryny Atlantik ummanynyň suwlary ýuwýar. Demirgazykda Gaýana, Wenesuela we Surinam, demirgazyk-günbatarda Kolumbiýa, günbatarda Peru we Boliwiýa, günorta günbatarda Argentina we Paragwaý we günortada Urugwaý bilen araçäkleşýär. Nominal jemi içerki önümiň möçberi boýunça dünýäde ýedinji orny eýeleýär. Braziliýa BMG-niň we G-20-iň agzasydyr. Braziliýa 26 ştata we 1 federal okruga bölünýär.

Döwlet gurluşy

Federatiw respublikadyr. Döwlet, hökümet baştutany prezidentdir. Ol 4 ýyllyk möhlet bilen Milli kongresde saýlanýar. Ýokary Kanun çykaryjy organy iki palatadan: deputatlar palatasyndan we senatdan ybarat bolan Milli kongresdir.

Tebigaty

Braziliva tebigatyndan pursat

Ýer üstüniň gurluşy boýunça ol Amazonka pesligi we Braziliýa tekiz daglygy diýen tebigy raýonlara bölünýär. Braziliýanyň geologiki gurluşy hemme ýerinde bir meňzeş däl. Braziliýa tekiz daglygy dokembriý kristallik jynslardan düzülendir. Amazonka pesligi, esasan, çökündi jynslardan emele gelipdir. Gazylyp alynýan peýdaly zatlary: daş kömür, demir magdanlary, marganes, polimetallar, fosforit, nebit. Braziliýa tutuşlygyna günorta tropikde ýerleşip, onuň çygly tropiki klimaty bar. Braziliýada howanyň temperaturasy hemme ýerinde bir meňzeş däl.

Amazonka pesliginde ýanwaryň ortaça C-sy +23°, günortasynda belent massiwde iýulyň (gyş) ortaça temperaturasy +12-14°. Ortaça ýyllyk ygal 1500—2000 mm, deňiz kenarlarynda bolsa 3000 mm golaý. Iň uly derýalary: Amazonka (goşantlary bilen), Parana, San-Fransisku, Parnaiba. Bular gämi gatnawly, suwaryş we gidroenergetik ähmiýetlidir. Ýurt tokaýlara baý. Amazonka pesligini çygly ekwatorial (gileýa ýa-da selwas) tokaýlary, Braziliýa tekiz daglygyny bolsa sawannalar (kampos—serrados) tutýar. Braziliýada haýwanlaryň dürli görnüşleri (maýmynlar, murawýedler, düýeguşlar, gemrijiler we ş.m-ler) duş gelýär. Alymlaryň hasaplamalaryna görä ösümlikleriň we ahýwanlaryň  mln-a golaý görnüşi bardyr.

Demografikasy

Ilatyň 95%-den gowragy braziller. Ilatynyň tebigy artyş depgini gaty ýokary. Ilatynyň ýarpysyndan gowragy oba ýerlerinde ýaşaýar. Iň uly şäherleri San-Pauluda 11 mln. 839 müň (2011), Rio-de-Žaneýroda 6 mln. 335 müň (2011) adam ýaşaýar. Döwlet dili portugal dilidir. Ilatynyň tebigy artyş depgini 1.166%.

Taryhy

Braziliýa 1500-nji ýylda portugaliýaly deňizde ýüzüji Pedru Kabral tarapyndan açyldy we 16-njy asyryň I ýarymynda Portugaliýa tarapyndan okkupirlendi. Ýerli ilatyň ep-esli bölegi gyryldy. Plantasiýalarda işletmek üçin Afrikadan negr gullar getirilipdir. 19-njy asyryň başynda (1822) Braziliýa özbaşdaklyk gazandy emma gulçulyk 19 asyryň ahyryna çenli dowam etdi. 1889-njy ýylyň 15-nji noýabrynda Braziliýa federatiw respublika boldy. Braziliýada iňlis kapitaly agalyk sürüpdir, 20-nji asyryň başynda Braziliýanyň ykdysadyýetine Amerikan kapitaly aralaşdy we iňlis agalygyny gysmaga başlady. 1922-nji ýylda Braziliýa Kompartiýasy döredildi. 1924-nji ýylda L. K Prestesis ýolbaşçylygynda San-Paulu garnizonynyň gozgalaňy bolýar. 1930-njy ýylda harby agdarylyşyk netijesinde Braziliýada Ž. Wargasyň diktaturasy berkarar edilýär. II Jahan urşundan soň Braziliýada progressiw güýçleriň täsiri ýaýrap başlaýar. 1945-nji ýylyň 2 aprelinde SSSR bilen Braziliýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýulýar. 1947-nji ýylyň oktýabrynda general Dutranyň reaksion hökümeti SSSR bilen diplomatik gatnaşyklary kesýär. Kompartiýany gadagan edýär. Ýurda amerikan kapitalynyň aralaşmagy güýçlenýär. 1951-nji ýylda Wargasyň hökümeti gaýtadan häkimiýet başyna geçýär. Ol daşary ýurt monopolistlerini çäklendirýän çäreleri durmuşa geçirip başlaýar. 1960-njy ýylda häkimiýet başyna Ž. Kuadrosyň hökümeti gelýär, emma ol ýurduň reaksion güýçleriniň zor salmagy zerarly 1961-nji ýylyň awgustynda iş başyndan aýrylmaga mejbur bolýar. Konstitusiýa boýunça onuň ýerini işçiler partiýasynyň lideri, wise-prezident Ž. Gulart eýeleýär. 1961-nji ýylda SSSR bilen Braziliýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar dikeldilýär. Ž. Gulart (1961—64) käbir demokratik reformalary geçirip ugraýar. Emma reaksion güýçler birleşip, harby agdarylyşyk geçirýärler. General U.Kastelu Branku wagtlaýyn prezident bolýar. Ž. Gulartyň hökümetiniň çykaran dekretleri ýatyrylýar. Braziliýanyň ykdysadyýetine amerikan kapitalynyň aralaşmagy üçin giň ýol açylýar. 1967-nji ýylyň martynda prezidentlige general A. da Kosta-e-Silwa geçýär. Onuň hökümeti reaksion syýasat alyp barýar, ABŞ-nyň agressiw syýasatyny goldap çykyş edýär. 1966—69 ýyllarda SSSR-iň Braziliýa 100 mln dollarlyga çenli maşyn we enjam satmagy barada ylalaşyk gazanylýar. Soňky aýlarda Braziliýanyň senagatynyň ösüşinde käbir öne gidişlikler duýulýar, emma maşyn gurluşygy, dokma senagaty önümçiligi ep-esli pese düşýär. Oba-hojalyk önumçiliginiň ösüş depgini gowşaýar. 1974-nji ýylda general Ernesto Geýzel prezident bolýar we demokratik döwlet gurmak taslamasyny işe goýýar. Muňa garamazdan tä 1985-nji ýyla çenli režim dowam edýär.

Senagaty

Braziliýa agrar-industrial ýurt. Oba-hojalyk önümçiliginiň möçberi 31%, senagatyňynky 24%. Amatly tebigy şertler ekinlerden ýylda 2 gezek hasyl almaga mümkinçilik berýär. Braziliýa kofe öndürmekde we ony eksportirlemekde dünýäde 1-nji orunda durýar. Kofe plantasiýalary 3,6 mln. ga meýdany tutup, ýylda ortaça 2—3 mln. T kofe öndürýär. Esasy kofeçilik ştatlary: Parana, San-Paulu, Espiritu-Santu. Braziliýada kakao, gowaça, şeker çiňrigi, apelsin, şaly, temmäki, mekgejöwen, bugdaý hem ekilýär. Mallardan doňuzlar, dowarlar, gara mallar, gylýallar idedilýär. Braziliýanyň öseň magdan senagaty bardyr. Elektrik energiýasynyň köp bölegini gidrostansiýalar berýär. Ýurtda gara we reňkli metallurgiýa, maşyn gurluşygy, himiýa, ýeňil we azyk senagat pudaklary ep-esli orun tutýar. Häzirki zaman dünýäsinde demir magdanynyň esasy zapaslary boýunça Hytaý we Russiýadan soňra Braziliýa üçünji orny eýeleýär. Galaýy çykarmakda Braziliýa dünýäniň baş öndürijileriniň hataryna girýär. Marganes we seýrek duş gelýän metallaryň zonasy boýunça ýurduň tebigy baýlyklarynyň dünýä ähmiýeti bar. Senagatyň iň ösen ştatlary: San-Paulu, Guanabara we Rio-de-Žaneýro. Demir ýollaryň uzynlygy 30875 km, awt. ýollar 1.98 mln. km, derýa ýollary 35 müň km. 2500 sany aeroport bar. Braziliýa 5 ykdysady geografik raýona bölünýär: 1) Demirgazyk-Gündogar 2) Günorta-Gündogar 3) Günorta 4) Demirgazyk 5) Merkezi Günbatar.

Saglyk syýasaty

2010-njy  ýyldaky görkezijilere görä her müň adama 18.11 çaga dogulýar we 6.35 adam ölýär; her müň diri dogan bäbekden 21.86-sy ölýär. Halkyň ortaça ömri 72.26 ýaş. (erkekleriňki 68.7 ýaş, aýallaryňky 76 ýaş).

Çeşmeler

  1. Öräýew N., Batyrow A. “Dünýäniň ykdysady we sosial geografiýasy, IX klass”.  Aşgabat “Magaryf”,1997.
  2. Türkmen Sowet Ensiklopediýasy, Tom 1, sah.397-399
.br

Braziliýa

Ana Rosa

Ana Rosa Guy Galego (Iýun 18, 1942 Braziliýa) Braziliýanyň aktrýs.

Argentina

Argentina (isp. Argentina), resmi ady — Argentina Respublikasy (isp. República Argentina [reˈpuβlika arxenˈtina]) — Günorta Amerikada territoriýasy boýunça ikinji (Braziliýadan soň) we ilaty boýunça ( Braziliýadan we Kolumbiýadan soň) üçünji döwlet.

Boliwiýa

Boliwiýa (isp. Bolivia, keç. Buliwya, aým. Wuliwya, guar. Volívia), resmi ady — Köpmilletli Boliwiýa Döwleti (isp. Estado Plurinacional de Bolivia [esˈtaðo pluɾinasjoˈnal de βoˈliβja]) — Günorta Amerikada döwlet.

Giovanna Antonelli

Giovanna Antonelli Prado (18 mart, 1976 Braziliýa) Braziliýanyň aktrýs.

Günorta Amerika

Günorta Amerika (isp. América del Sur, Sudamérica, Suramérica, port. América do Sul, iňl. South America, niderl. Zuid-Amerika, fr. Amérique du Sud, guar. Ñembyamérika, keç. Urin Awya Yala, Urin Amerika) — Amerikada günorta kontinent, ol esasan Ýer planetasynyň Günbatar we Günorta ýarymşarlarynda ýerleşýär, şeýle-de bolsa, kontinent az-kem Demirgazyk ýarymşarda hem ýerleşýär. Onuň kenarlaryny günbatarda Ýuwaş okean, gündogarda — Atlantik okean ýuwýar, ol demirgazykda Demirgazyk Amerika bilen araçäkleşýär. Iki Amerikanyň arasyndaky serhet Panama gury ýer zolagyndan we Karib deňzinden geçýär.

Argentina

Boliwiýa

Braziliýa

Çili

Kolumbiýa

Ekwador

Fransuz Gwiana

Gaýana

Paragwaý

Peru

Surinam

Trinidad we Tobago

Urugwaý

Wenesuela

Günorta Sudan

Günorta Sudan (iňl. South Sudan), resmi ady Günorta Sudan respublikasy (iňl. Republic of South Sudan) — Afrikada ýerleşýän döwlet. Paýtagty Juba şäheri.

Hindistan

Hindistan Respublikasy (hind. भारत गणराज्य, Bhārat Gaṇarājya?, iňl. Republic of India) — Günorta Aziýada döwlet. Hindistan tutýan meýdany boýunça dünýäde ýedinji, ilat sany boýunça bolsa, ikinji orunda durýar. Ol günbatarda Päkistan, demirgazyk-gündogarda Hytaý, Nepal we Butan, gündogarda Bangladeş we Mýanma bilen araçäkleşýär. Mundan hem başga, Hindistanyň günorta-günbatarda Maldiw adalary, günortada Şri-Lanka we günorta-gündogarda Indoneziýa bilen deňiz araçägi bär.

Jair Bolsonaro

Jair Messias Bolsonaro (d. 21 mart 1955 Glicério) Braziliýa Federatiw Respublikasy şu wagtdaky prezidenti.

Kolumbiýa

Kolumbiýa (isp. Colombia), resmi ady — Kolumbiýa Respublikasy (isp. República de Colombia) — Günorta Amerikada döwlet.

Latyn Amerikasy

Latyn Amerikasy — 40-50-nji ýyllarda Latyn Amerikasynyň umumy ýagdaýy. Latyn Amerikasy ýurtlary bazar ykdysadyýetiniň ösüş ýoluna ABŞ-dan we Günbatar Ýewropa ýurtlaryndan has soň düşdüler. Onuň sebäbi-de, bu sebitiň taryhynyň täzelikler, demokratik özgerişler girizmek islän güýçler bilen köne düzgüniň tarapdarlarynyň arasyndaky barlyşyksyz göreşden doly bolmagydyr. Bu ýagdaý şol ýurtlaryň ykdysadyýetine ýaramaz täsir etdi. Birinjiden, olaryň ABŞ-dan, Günbatar Ýewropa döwletlerinden yza galmaklygyna sebäp boldy. Ikinjiden, olar ösen senagatly döwletleriň çig mal çeşmesine öwrüldiler.

Latyn Amerikasy diňe bir tebigy baýlyklaryň bol sebiti bolman, eýsem, arzan işçi güýjüniň hem köp ýeridi. Şonuň üçinem ABŞ we beýleki ösen döwletler ol ýere höwes bilen öz maýa goýumlaryny goýdular. Netijede, sebitiň ykdysadyýeti daşary ýurt maýadarlarynyň gol astyna düşdi. Ykdysady tarapdan baknalyk bolsa, syýasy özbaşdaklygy-da çäklendirýärdi.

II-nji jahan urşy ýyllarynda Latyn Amerikasy ýurtlarynyň aglabasynyň ösüşinde birmeňzeş, umumy häsiýetli ýagdaýlar ýüze çykdy. Argentina, Meksika, Kolumbiýa, Braziliýa ýaly ýurtlar uruşýan döwletleriň islegini kanagatlandyryp, olaryň senagaty üçin zerur çig maly öndürýärdiler. Şol önümleriň bahasynyň birnäçe esse ýokarlanmagy, ýerli baýlaryň sanynyň artmagyna getirdi. Ýerli baýlarda bolsa, daşary ýurtlarda baknalykdan dynmak meýli güýçlendi. Olaryň goldamagy bilen döwlet eýeçiligi ösüp başlady. Germaniýa hem onuň ýaranlaryna degişli eýeçiligiň millileşdirmegi, daşary ýurtlara degişli senagat kärhanalarynyň, demir ýollaryň satyn alnyp, döwlet eýeçiligine öwrülmegi ýaly çäreleriň hemmesi ykdysadyýetde döwlet eýeçiligini güýçlendirip, ykdysady baknalykdan dynmaga gönükdirilen çärelerdi. Emma şol çäreleriň geçirilmegine garamazdan, 50-nji ýyllarda-da Latyn Amerikasy döwletleriniň ykdysady baknalygy entek saklanýardy. Sebäbi ol ýurtlaryň ykdysadyýetiniň iň esasy we has girdejili pudaklary ABŞ-yň elindedi. ABŞ 1949-1960-njy ýyllarda şol döwletlere goýan maýa goýmundan 2 esseden gowrak girdeji alypdy.

50-nji ýyllarda Latyn Amerikasy ýurtlarynyň oba hojalygynda aýratyn bellär ýaly özgerişler bolmady. II jahan urşundan öňki ýyllardaky ýaly ýagdaý, ýagny iri ýer eýeçiligi saklanyp galdy. Oba hojalygynyň esasy aýratynlygy her ýurduň özüne mahsus ekininiň bolmagydyr (monokultura). Mysal üçin, Braziliýada, Kolumbiýada – kofe, Kubada, Dominkan respublikasynda – gant, Gondurasda, Kosta-Rikada, Ekwadorda – banan oba hojalygynyň esasy önümi hasaplanýardy.

Milli azat edijilik hereketi. Latyn Amerikasy ýurtlarynyň syýasy-ykdysady ýagdaýy ol ýerlerde milli-azat edijilik hereketiniň güýçlenmegine getirdi.

1940-njy ýyllaryň ikinji ýarymynda, 50-nji ýyllaryň başynda sebitiň ýurtlarynda agalyk eden öňki syýasy toparlar gowşap, demokratik özgerişleriň tarapdarlary güýçlendiler. Bu toparlar ykdysadyýete döwletiň aýgytly goşulmagy, ýerli maýa goýumlarynyň ähmiýetiniň ýokarlandyrylmagy esasynda daşary ýurt maýasyna baknalykdan dynmak isleýärdiler. Öňe sürlen şu maksady halkyň ähli gatlaklary (daşary ýurt maýadarlary bilen baglanyşyklardan başgasy) goldaýardylar.

Milli-azat edijilik hereketi netijesinde, Boliwiýada, Ekwadorda, Gwatemalada, Salwadorda, Wenesuelada, Kolumbiýada diýdimzor düzgün dargadyldy. Argentinada, Meksikada, Çilide, Paragwaýda, Nikaraguada, Kubada we beýleki ýurtlarda hem halkyň öz azatlygy, özbaşdaklygy ugrundaky aýgytly göreş giň gerim aldy.

Kubada general Batistanyň diýdimzor düzgünine garşy Fudel Kastronyň ýolbaşçylygynda rewolýusionerler bäş ýyldan gowrak göreş alyp bardylar. Olar ýeňiş gazanyp, 1959-njy ýylyň Baýdak aýynda rewolýusion hökümeti düzdüler. Ilkibada kommunist bolmadygam bolsa, F. Kastro rewolýusiýanyň gazananlaryny berkitmegiň hatyrasyna SSSR bilen ýakynlaşmaga mejbur bolupdyr we söweşjeň kommuniste öwrülipdir.

40-50-nji ýyllardaky syýasy-ykdysady özgerişler. 40-50-nji ýyllarda Latyn Amerikasy ýurtlarynda amala aşyrylan syýasy, durmuş, ykdysady özgerişleriň häsiýetli taraplaryny şol ýurtlaryň käbirleriniň mysalynda görüp geçeliň !

Braziliýa Latyn Amerikasy döwletleriniň arasynda ykdysady tarapdan iň ösen döwletleriň biridir. Braziliýanyň ykdysadyýetinde täsirli yz galdyran özgerişler 1930-njy ýylda häkimiýet başyna gelen prezident Žetulis Wargasyň (1883-1954) döwründe başlandy. Wargas Braziliýanyň ykdysady tarapdan kuwwatly döwlete öwürmegi maksat edindi. Ol nebit senagatyny, senagatyň başga-da birnäçe pudagyny daşary ýurt maýa eýeleriniň elinden alyp, millileşdirdi. Bu bolsa, ykdysadyýetde güýçli döwlet eýeçiligini döretmäge mümkinçilik berdi.

Wargas ähli syýasy toparlara, kärdeşler arkalaşygy guramalaryna açyk işlemäge hukuk berdi. Ol özüni “täze adalatly döwlet dörediji” diýip atlandyrdy. Emma 1945-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynda demokratik hereketiň ýaýbaňlanmagyndan gorkan ýokary gatlaklar ony häkimiýet başyndan aýyrmagy başardylar.

1950-nji ýylyň Oguz aýynda bolan prezident saýlawynda Wargas ýene-de ýeňiş gazandy. Ol milli ykdysadyýeti gorap, daşary ýurtdan gelýän maýa goýumlaryny çäklendirdi, birinji nobatda, döwlet eýeçiligini ösdürmäge üns berdi.

Wargas elektrik senagatynyň kärhanalaryny döwlet eýeçiligine geçirmek ýer eýeçiligini ýok isledi. Emma ol pikir daşary ýurtly maýa goýumdarlarynyň we ýerli iri ýer eýeleriniň garşylygyny güýçlendirdi. Prezidente garşy harbylaryň ýolbaşçylygynda dildüwşük guraldy. Edilýän hyýanatlara çydaman, Wargas özüni öldürdi.

50-nji ýyllaryň II ýarymynda-da köneçil güýçler ýurtda geçirilýän demokratik häsiýetli özgerişlere garşylyk görkezmegi dowam etdirdiler. Emma täze hökümet Wargasyň ykdysadyýetde döwlet eýeçiligini güýçlendirmeklige saýlan ugruny dowam etdirdi.

Argentina II-nji jahan urşundan soňky on ýyllykda dolandyran prezident Huan Peron (1895-1974) ýurduň ykdysadyýetinde döwletiň täsirini güýçlendirmäge başlady. Onuň döwründe Merkezi bank millileşdirildi. Amerika, Beýik Britaniýa, Fransiýa degişli bolan telefon ulgamlar, demir ýollar hususyýetçilerden satyn alnyp, senagatda kuwwatly döwlet eýeçiligi döredildi.

Ýurduň konstitusiýasynda zähmete, bilime bolan hukuk, demokratik azatlyklar jar edildi. Peron Argentinada adalatly döwletiň döredilýändigini yglan etdi. Hökümet işçileriň, döwlet edaralarynda işleýän gullukçylaryň aýlygyny artdyrdy.

Peron başarjaň syýasatçy we ajaýyp dilewar adamdy. Ol halky öz yzyna düşürmegi başarýardy. Argentinanyň zähmetkeşleri ony öz penakäri hasaplaýardylar. Argentinanyň kärdeşler arkalaşygy onuň esasy daýanjy boldy. Ol ýerli işewür adamlary goldap, olary öz tarapyna çekmegi başarýardy.

Emma prezidentiniň syýastyndan närazy generallar 1955-nji ýylyň Ruhnama aýynda döwlet agdarylyşygyny geçirdiler. Harby hökümdarlar Peronyň kabul eden köp kanunlaryny, konstitisiýany ýatyrdylar.

Meksikada amala aşyrylan özgerişler 1910-1917-nji ýyllaryň rewolýusiýasynda döredilen institusion-rewolyusion partiýanyň (IRP) ýolbaşçylygynda geçirildi. Bu ýerde hem daşary ýurt eýeçiligini millileşdirmek dowam etdirlip, şonuň esasynda döwlet eýeçiligi giňeldildi. Iri ýer eýeçilik ýok edildi, daýhanlar millionlarça gektar ýere eýe boldular. Şu çäreler Meksikada içki syýasy durnukly şertlerinde geçirildi.

Gwatemala, Boliwiýa Latyn Amerikasynyň yzagalak döwletleridir. Bu ýurtlaryň ykdysadyýetiniň esasyny oba hojalygy tutýar. Ekerançylyk üçin amatly iri ýer eýeleriniň we daşary ýurt baýlarynyň elindedi.

1944-nji ýylyň Bitaralyk aýynda Gwatemalada rewolýusiýa bolup, harby polisiýa düzgünini agdardy. Şeýle öwrülişik 1952-nji ýylyň Gurbansoltan aýynda Boliwiýada hem boldy.

Häkimiýeti eline alan güýçler bu ýurtlarda köneçil toparlaryň garşylygyna garamazdan, demokratik özgerişleri amala aşyrmaga girişdiler. Emma ýerli köneçilleriň we ABŞ-yň gazaply garşylygy netijesinde syýasy ýagdaý üýtgedi. 1954-nji ýylyň tomsunda Gwatemalada harby öwrülişik amala aşyrylyp, häkimiýet harbylaryň eline geçdi. 1952-nji ýylda Boliwiýada bolan rewolýusiýa bu ýurda ykdysady özbaşdaklyk getirmedi.

Luis Ronaldo

Ronaldo(Luis Nazario de Lima)-1976njy yylyn 22nji sentýabrynda Braziliýan Rio de Žaneýro shaherinde dogulyar.Brazil oyunchysydyr. Merkezi hüjümçi bolup oynady. Kopchulikleyin futbol edaralar,spesialistler we futbolchylar tarapyndan futbol taryhynda in gowy oyunchylaryn biri diyilip,hasap edilyar.1994 we 2002 dünýä çempionatlaryň chempiony bolup,dunya chempionatlarynda in kop gol gechiren rekordsmenidir.3 sapar Planetada in gowy oyunchy diyilip,FIFA tarapyndan saylanyldy.2 sapar Yewropada yylyn oyunchysy boldy."Futbol taryhynyn beyik 100 oyunchylar"sanawynda 13nji yerdedir.Lakamlary-Zubastik,Fenomen.Ol ilki bashda pasan wagty 1993de Kruzeýroda 1 yyl oynap,57 gol bilen toparyn bombardiri bolyar.Onson Ol Yewropa gidip,PSV Aýndhowena gechip,95/96da Dik Adwokatyn topary bilen Gollandiýañ kubogyny gazanyar we toparda 46 oyunda 42 gezek tapawutlanyar.96/97de Braýan Robson supergoleadory Barselona getirdyar.1 yyllap Barsada oynap,ol Ispan kubogyny we Yewropan Kubokchylaryn kubogyny gazanyar.Oz hasabyna bolsa fantastiki 49 oyunda 47 sapar tapawutlanyp,altyn ayakgabyn eyesi bolyar.Onun La-ligada yarym meydanchadan gidip,6 oyunchyny we derwezewany aldap,Kompostela uran goly bolsa yylyn in owadan goly diyilip,sylaglandy.Shol dowurde aylawly fintleri futbola girizen adam-Beyik Ronaldodyr.1997de Inter ona 25 mln.yewro chykardyp,shol wagtyn futbol taryhynda in gymmat oyunchysyna owrulyar.Toparda derrew orun tapyp,1998de Uefa Kubogyny gazanyar.Oyunlaryn dowamynda encheme gezek oz owadan gollary bilen tiffozileri begendiryardi.Emma Serie A-da chempion henizem bolup bilman,Ronaldo 2000nji yylda Lasio bilen oynunda ayagyny dowdurip,2 yyllap futboldan mahrum bolyar.Shol agyr yagdayda onun yanyna gelip,Pele,Zidan we Braziliýan prezidenti ona jan saglyk dilap,tizrak ayaga galsyn diyip umytlapdylar.2002daki dunya chempionatyna chenli ol doly duzelipdi.2002de ony 40 mln.yewra Real Madrid satyn alyar.2003de la-ligada chempion bolup,2004de eyyam 2nji gezek Ispaniya chempionatynyn bombardiri bolyar.2007de ol Milana gechip,99 belgili futbolkany alyar.2007de onda oz problemasy yuze chykyp,gowresinin agramyn osup baryandygy,yada bashgacha diysek,goshmacha gerekdal kg yaybanlanyp ugrady.Shol yylda Liworno bilen oynunda yenam gaty agyr shikes alyp,2 yyla golay ol futbola girmeyar.2009da ol tazeden ayaga galyp,yurdun Korintians klubunda oynap ugrayar.2010da ol topar bilen Braziliyañ kubogyna eye chykyar.2011de bolsa ol futbol bilen hoshlashyar.Braziliýa milli ýygyndysynda 1994-2011 yy.oynap,jemi 98 oynunda 62 goly oz adyna yazdyrdy.1994de ol dunya chempionatyna gidip,1 oyunam oynaman,dunya chempiony bolyar.1996da Olimpiýa oyunlarda yurt bilen burunch medal gazanyp,toparda yash lider roluny yerine yetiryar.1998 dunya chempionatynyn esasy yyldyzy bolup,shol dunya yaryshda hem in gowy oyunchy diyilipdi,emma finalda yer eyeleri bolan Fransiyadan yenilip,Braziliya 2nji orunda galyar.1999da Gunorta Amerikada chempion bolup,in kop gol gechiren oyunchy hem bolyar.2002de onun eli gelip,dunya chempiony bolup,hemem 8 gol bilen yaryshyn bombardiri bolyar.2006daky dunya yaryshynda bolsa ol Gana gechiren 15nji goly bilen Gerd Müllerin rekordyny uryar.Futboly goyan son,ol oz Agent Byurosyny achyar we Braziliyada gechiriljek 2014daki dunya chempionatynyn Orgkomitetine yolbashchylyk edyar.

Paragwaý

Paragwaý (isp. Paraguay, guar. Paraguái), resmi ady — Paragwaý Respublikasy (isp. República del Paraguay, guar. Tetã Paraguái) — Günorta Amerikada döwlet.

Peru

Peru (isp. Perú, aým. we keç. Piruw), resmi ady — Peru Respublikasy (isp. República del Perú) — Günorta Amerikadaky döwlet. Ol demirgazyk-günbatarda Ekwador, demirgazykda Kolumbiýa, gündogarda Braziliýa, günorta-gündogarda Boliwiýa we Çili bilen araçäkleşýär. Ýurduň günbataryny Ýuwaş ummany ýuwýar.

Döwlet gurluşy: Peru – prezident respublikasydyr. Döwlet 12 sany welaýat bilen bir garaşsyz welaýatdan ybarat. Döwlet baştutany – prezident. Kanun çykaryjy organy – Milli kongres.

Surinam

Surinam (niderl. Suriname), resmi ady — Surinam Respublikasy (niderl. Republiek Suriname) — Günorta Amerikada döwlet.

Urugwaý

Urugwaý (isp. Uruguay), resmi ady — Urugwaý Gündogar Respublikasy (isp. República Oriental del Uruguay) — Günorta Amerikada döwlet.

Wenesuela

Wenesuela (isp. Venezuela), resmi ady — Boliwar Wenesuela Respublikasy (isp. República Bolivariana de Venezuela) — Günorta Amerikanyň demirgazygynda döwlet. Demirgazykda kenarýakasyny Karib deňzi we Atlantik okean ýuwýar, ol gündogarda Gaýana, günortada Braziliýa we günbatarda Kolumbiýa bilen serhetleşýär.

Wenesuela Günorta Amerikada ýerleşýän döwlet. Ol günbatar we günorta-günbatarda Kolumbiýa, günorta we günorta-gündogarda Braziliýa, gündogarda Gaýano bilen araçäkleşýär. Ýurduň demirgazyk bölegini Karip deňzi ýuwýar.

Çili

Çili (isp. Chile), resmi ady — Çili Respublikasy (isp. República de Chile [reˈpuβlika ðe ˈtʃile]) — Günorta Amerikada döwlet.

Paýtagty — Santiago de Chile.

Başga dillerde

This page is based on a Wikipedia article written by authors (here).
Text is available under the CC BY-SA 3.0 license; additional terms may apply.
Images, videos and audio are available under their respective licenses.