Bürünç asyry

Bürünç asyry — arheologiýanyň berýän maglumatlary esasynda adamzat taryhynyň bürünçden ýasalan önümleriň öňdebaryjy orun eýelemekligi bilen tapawutlanýan eýýamy, ol magdan känlerinden gazylyp alynýan mis we galaýy ýaly metallary işlemekligiň kämilleşmegi, şonuň netijesinde bolsa olardan bürünç alynmagy bilen baglanyşyklydyr. Bürünç asyry Mis asyry bilen ornuny çalyşýan we Demir asyryndan öň bolup geçýän irki metal eýýamynyň ikinji, giçki döwri bolup durýar. Umuman, Bürünç asyrynyň hronologik çarçuwalary: b.e. öň 35/33 — 13/11 asyrlar, emma olar dürli medeniýetlerde tapawutlanýar.

Bronze age weapons Romania
Bürünç asyryna degişli ýaraglar we bezeg şaý-sepleri
Eneolit döwri

Mowzuk: Ekerançylygyň we maldarçylygyň ýüze çykmagy. Eneolit.

1. Ekerançylygyň ýüze çykmagy

2. Maldarçylygyň ýüze çykmagy

Enolit

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň 2000-nji ýýlyň dekabrynda Türkmenistanyň medeni mirasyny öwrenmeklige bagyşlanan konferensiýanyň çykyşy.

Maldarçylygyň we ekerançylygyň döremegi ilkinji nobatda adamyň uly önümçilik ýeňişini aňlatdy. Eger ýygnaýjylyk hem-de awçylyk arkaly adamlar tebigatyň taýýar önümlerini iýmit höküminde peýdalanan bolsalar ekerançylyga we maldarçylyga geçilmegi bilen şol önümleri indi özleri öndürüp iýmit höküminde kadaly peýdalanyp başladylar. Indi adamlarda et, däne, dürli ösümlikleriň kökleri görnüşinde taýýar önümler peýda boldy. Köp taýpalarda ekerançylyk we maldarçylyk bir wagtda ösüp başlady. Käbir maldarçylyk has ösen ýerlerinde bolsa ekerançylyk kömekçi hojalyk görnüşinde ösdi. Neolit eýýamynda entek maldarçylygam, ekerançylygam taýpalaryň köpçüliginde hojalygyň esasy pudagy höküminde çykyş etmedi.

Türkmenistanyň dag eteklerinde ýaşan taýpalaryň oturymlaşan durmuşa geçmeginde tebigy şertlerde uly orun tutýar. Dag eteklerindäki çeşmeleriň ýakalaryndaky suw basýan peslikler ilkinji ekin meýdanlary bolup hyzmat edipdir. Şeýle suw basýan ýerleriň golaýynda uruglar oturymlaşyp, ýönekeý ekerançylyk we maldarçylyk hojalygyny alyp barmaga uýgunlaşypdyrlar. Şol çeşmeleriň bagynda bişýän ýabany däneli ekinler ekerançylygyň ösmegine oňaýly şertler döredipdir. Ýakyn Gündogar ýurtlarynda boluşy ýaly Türkmenistanda hem gurak aram klimatyň bolmagy ekerançylyk işleri diňe emeli suwaryş arkaly mümkin bolupdyr. Emeli suwaryş Gündogar ýurtlarynyň hojalyk durmuşynda ägirt uly orun tutup, olaryň taryhy ösüşiniň birentek taraplaryny kesgitläpdir. Hut şu sebäbe göräde bu ýurtlarda ekerançylygyň emele gelmegi ekin meýdanlaryny emeli usul bilen suwarmak mümkinçiligi bilen berk baglanyşykly bolupdyr.

Seredilip geçilýän döwürlerde Türkmenistanda sil suwy bilen suwaryşa esaslandyrylan ekerançylyk ýöredilipdir. Ekin meýdanlar çil bilen atyzlara bölünip, olara sil suwy akdyrylyp suwa basdyrylypdyr. Heniz gurap gatamadyk topragyň ýüzüne tohum sepilipdir. Bu az netijeli usul bolsada, Türkmenistanyň gadymy ekerançylary şu ýönekeý usuly ulanyp ekerançylyk işlerini alyp barypdyr.

Neolit döwründe Köpetdagyň gerişleri bilen Garagum çägelikleriniň arasynda urug obşinalarynyň ýaşan ýerleri alymlar tarapyndan öwrenildi. Şol ýadygärlikleriň biri Aşgabadyň golaýyndaky Jeýtun diýilýän otrum ýerdir. Ol ýerde gumluk däpäniň üstünde ýerleşýän peýdaly 0,5 ga deň bolan Jeýtun ýadygärliginden 40-a golaý bir otagly ýaşaýyş jaýlarynyň üsti açyldy. Ol jaýlarda sany 5-6 adamdan ybarat bolan jübüt maşgalalar ýaşapdyrlar. Şol jaýlaryň diwarlarynyň bir bölegi togalanan toýun palçykdan salynypdyr. Birneme gijiräki döwürde bolsa ol palçyk çig kerpiçler bilen çalyşylypdyr. Şol zamanyň başga bir ýadygärligi Gökdepeden Gündogardaky çopandepede bolan jaýlar hem şonuň ýaly edilip salynypdyr. Bu ýadgärlikler neolit zamanynyň medeniýetine degişli bolupdyr. hem-de özüne mahsus tapyndylary boýunça Jeýtun medeniýetine degişlidir. Bu medeniýet öňki SSSR-iň territoriýasyndaky iň gadymy ekerançylyk we maldarçylyk taýpalarynyň mediniýetidir. Jeýtun we Çopandepe ýadygärlikleri gazylyp agtarylanda arpa däneleriniň yzlary, öý haýwanlarynyň – geçileriň, goýunlaryň, öküziň we itiň köp sanly süňkleri tapyldy. Bu ýerde entek awçylyk hem öz ähmiýetini ýitirmändir. Munuň şeýledigini şol ýerden tapylan keýik süňkleri görkezýär. Zähmet gurallaryny ýasamak üçin entek daş hyzmat edipdir. Arheologlar tarapyndan tapylan daşdan bejerilen zähmet gurallarda Jebel gowagyndan tapylan gurallara meňzeş. Gadymy ekerançylar indi daşdan we süňkden orak bejermegi başarypdyrlar. Ol oraklary bolsa hasyl ýygnamak üçin peýdalanypdyrlar. Däne önümlerini işläp bejermek üçin daş sokular we däne owguçlar hyzmat edipdir.Jeýtunlylar gowy bişirilen ýasy düýpli gap-çanaklary hem bejeripdirler. Ol gaplarda bolsa göni çyzyklar ýa-da egrem-bügram çyzyklar görnüşinde hoşamlar bar.

Jeýtun medeniýetiniň ýadygärlikleri üç döwre bölünýär. 1-nji döwrüne Jeýtundepe, Çopandepe, Togalak depe; 2-nji döwrüne Pessejik depe, Çopandepe hem-de Gökdepe etrabyndaky beýleki ýadygärlikler; 3-nji döwrüne Mäne bilen Çäçäniň arasyndaky Çagylly depe degişlidir.

Jeýtun medeniýetiniň 2-nji döwründe häzirki Gökdepe etrabynyň çäklerinde irki ekerançylyk oazisleri döräpdir. Pessejikdepe onuň merkezi bolupdyr. Arheologlar bu ýerden çakmakdaşdan ýasalan orak, gazawlar, burawlar, iňňeler, bizler, däne owguçlaryny, küýze önümleriniň böleklerini, tutdan ýasalan her dürli monjuklar, daşdan we balykgulajyklardan ýasalan şekilleri tapdylar. Pessejik depedäki ýaşaýyş taýpalarynyň gurluşy, onda peýdalanylan gurluşyk matrýallardan hem-de gurluş usuly Jeýtun jaýlaryna meňzeş. Şol bir wagtda Pessejikdepeleriň durmuşynyň köp aýratynlyklary hem bolupdyr. Ol ýerde üsti açylan jaý ybadathana jaýy bolupdyr diýlip çaklanylýar. Onuň diwarlary dürli bezegler bilen bezelipdir. Bu diwar bezegleri ilkidurmuş adamlarynyň sungaty babatynda möhüm açyşlaryň biridir.

Ilkidurmuş adamlarynyň durmuşynda Jeýtun medeniýetiniň irki döwürden başlap maldarçylyk uly ähmiýete eýe bolup başlaýar.

Çagylly depäniň aşaky gatlaklaryndan öküz süňküniň tapylmagy ol eýýamiň adamlarynyň diňe ownuk şahly mallary däl, eýsem iri şahly mallary-da eldekileşdirendigini aňladýar.

B.e.öňki IV müň ýyllykda ilkidurmuş adamlaryň durmuşynda oturymly ekerançylyk esasan giň ýaýran, şu döwürde Turkmenistanyň çäklerinde ýaşantaýnalar enolit medeniýetini döredýärler. Enolit bu mis-daş asyry diýmekligi aňladýar. Emma mis metaly gaty az bolandygy sebäpli, ondan diňe ýönekeýje temençeleri, ownuk-uşak bezeg zatlary bejermek bilen çäklenipdirler şeýlelikde mis metaly jemgyýetiň zähmet öndürjiligine düýpli täsir etmändir. Şoňa göräde entek hojalykda daş gurallaryny ulanmak dowam etdirilipdir.

Enolit zamanynda agaç gurallaryndan hem giňden peýdalanylypdyr. Ilkinji agaç kätmenler hem şol döwürde ýüze çykypdyr. Hut şu döwürde ekerançylyk işlerinde haýwanlaryň güýçlerini hem ulanyp başlapdyrlar.

Ekerançylyk bilen baglanşykly işleriň artmagy hojalykda atanyň rolunyň ýokarlanmagyna getiripdir. Indi enelik urugy öz ornuny atalyk urugyna berip başlayar indi aýallar öý işleri, çagalary terbiýelemek bilen meşgullanyp başlaýarlar urugy dolandyrmaklygy hem atalar öz ellerine alypdyrlar. Indi urug aksakgaly, çopan, goranmak işleri, uruş meseleleri, ekerançylyk işlerini alyp barmak erkekleriň paýyna düşüp ugraýar. Maldarçylyk hojalygynyň möhüm pudaga öwrülip ugramagy bilen baglanşykly ol ekerançylykdan bölünip aýrylýar. Mallaryň sanynyň kem-kemden köpelmegi giň öri meýdanlaryny talap edipdir. Indi çarwalar täze öri meýdanlaryny gözläp ondan-oňa göçüp ýöremeli bolupdyrlar. Olar öz çagalaryny hem bile alyp gidipdirler. Bu ýagdaý öz gezeginde çarwa maldarçylyk hojalygynyň ekerançylykdan bölünip aýrylmagyna getiripdir. Maldarçylygyň ýüze çykmagy dokmaçylygyň ösmegine getiripdir.

B.e.öňki II müň ýýllyk Enolit daş asyryndan bürünç asyryna geçmekligi aňladypdyr. Bu döwür Türkmenistanyň ilatynyň taryhy ösüşinde aýratyn eýýam bolup durýar.

Türkmenistanda enolit döwrüne degişli ýadygärlikleriň 30-dan gowragy bar. Olar esasan Günorta Türkmenistanyň çäklerinde ýerleşendir. Olaryň arasynda Tilkidepe, Daşlyde-depe, Akdepe, Owadandepe, Änewdepe, Garadepe, Namazgadepe, Ýylgynlydepe, Göksüýri we beýlekilerdir. Gadymyýetiň bu ýadygärlikleriniň öwrenilmegi 1904-nji ýylda amerikan alymy R.Pampelliniň ýolbaşçylygynda başlanýar. Bu alym Änew depelerinde gazuw barlag işlerini geçirdi hem-de köp sanly maddy ýadygärlikleri bolan tutuş medeni gatlagyň üstüni açdy.

Pampelliniň geçiren ylmy işleriniň oňaýly taraplary bilen birlikde kemçilikleri hem bardy. Ol gazuw-barlag işleri netijesinde tapylan tapyndylaryň owadanlaryny, nagyşlylaryny saýlap alypdyr. Beýle etmek bolsa dogry ylmy netijeleri çykarmak işini kynlaşdyrýar. Mundan başgada ol Änew medeniýetini ýangyn sebäpli heläk bolupdyr diýip nädogry netije çykarýar.

Amerikan ekspedisiýasynyň Änewde geçiren gazuw-barlag işlerine tankydy göz bilen garap türkmen alymlary Anew medeniýetini aşakdaky ýaly senelere bölýär.

Änew I-b.e.öňki V-IV müň ýyllyklaryň başlary;

Änew II- b.e. öňki IV müň ýyllygyň ahyrlary III müň ýyllyk;

Änew II – b.e.öňki III-II müň ýyllyklar;

Anew IV – b.e.öňki I müň ýyllygyň ortalaryna çenli.

Görşimiz ýaly Änew medeniýetiniň ilkinji iki döwri eneolit zamanyna degişli bolup ol b.e.öňkiV-III müň ýyllyklary öz içine alýar. Soňky iki döwri bolsa bürünç asyryna degişli bolup, b.e.öňki II-I müň ýyllyklary öz içine alýar.

Türkmenistanyň territoriýasynda belli bolan eneolit zamanynyň oturymly ýerleri günbatarda Gyzylarbatdan başlap, gündogardan Tejen derýasynyň orta akymlaryna çenli bolan dag etek zolagyny tutupdyr. Kakanyň ýanyndaky Ýasydepe, Artygyň ýanyndaky Namazgadepe, Garadepe, Tejen şäherinden gündogardaky Göksüýri we başga-da ençeme ýadygärlikler şol zamanyň oturym ýerleriniň galyndylarydyr.

b.e.öňki IV müň ýyllykdada Türkmenistanyň çäklerinde ýaşan taýpalaryň hojalygy çalt depginler bilen ösüpdir.

Dag eteklerindäki çeşmeleriň esasy bölegi ekerançylyk üçin özleşdirilipdir. Ilatyň durmuşynda metallurgiýa we keramiki önümçilik uly orun tutupdyr. Misden ýasalan bizler, temençeler, taýagyň ýa-da naýzanyň ujuna oturdylýan çişler, dürli bezeg şaýlary, ýiti reňkler bilen haşamlanan gap-çanaklar döwrüň has kämil gurallary hasaplanýar.

Eneolit zamanynda suwarymly ekerançylygyň ösmegi netijesinde ilat oturymlylyga geçip başlaýar. Gadymy ekerançylar b.e.öňki III müň ýyllyklardan başlap diňe bir dag eteklerinde däl, eýsem düzlüklerde hem uly bolmadyk ýaplary gazyp, özboluşly suwaryş sistemasyny döredipdirler. Göksüýri oazisindäki Mollalydepäniň golaýyndan göwrümi 3500 kw.m bolan emeli suw howdanynyň tapylmagy gadymy ekerançylygyň düzlüklerde-de ösendigini habar berýär. Gadymy ekerançylar esasan arpa we bugdaý ekipdirler. Olaryň hojalygynda maldarçylyk hem uly orun tutupdyr. Sygyr, geçi, goýun, doňuz soňraky döwürlerde bolsa düýe, at ýaly mallary saklapdyrlar.

Irki eneolit döwründen başlap, gurluşyk işleri-de ep-esli kämilleşdirip. çig kerpiçden bir otagly jaýlary salyp başlapdyrlar.

B.e.öňki IV müň ýylyk bilen III müň ýyllygyň sepgitlerinde ilatly punktlaryň tutýan meýdany ep-esli giňelipdir. Uly maşgalalaryň döremegi netijesinde köp otagly jaýlar salynypdyr.

Eneolitiň ortaky döwründe küýze önümlerini öndürmek kämilleşipdir. Keramika önümlerine salynýan nagyşlar kämilleşendir. Olaryň bezeglerinde köp reňklilik ýüze çykypdyr.

B.e.öňki IV müň ýyllyk bilen III müň ýyllygyň sepgitlerine degişli ýadygärlikleriň arasynda aýallaryň oturan, dik duran ýanbaşy gaba, elleri aşak sallangy görnüşindäki, palçykdan ýasalan heýkeljikler hem tapyldy. Olaryň arasynda birýarym sakgally erkek adamlaryň heýkeljikleri-de bar. Şol döwre degişli mazarystanlyklardan dürli görnüşli bezeg şaýlary, kähalatlarda dürli gaplar tapyldy.

Eneolit döwrüniň adamlary antropologik görnüşi boýunça süýri kelleli ýewropaistik tipe degişlidir. Bu tip türkmen halkynyň kemala gelmeginde-de uly orun tutupdyr.

Irki eneolit döwrüňde Türkmenistanyň ilatynyň jemgyýetçilik gurluşynda hem özgerişler bolup geçipdir. Suwarymly ekerançylygyň, metallurgiýanyň döremegi, gurluşyk işleriniň güýçlenmegi, maldarçylygyň ösmegi agyr fiziki işler bilen baglanşykly bolandan soň, bu döwür kem-kemden jemgyýetde erkek adamlaryň ornunyň ýokarlanmagyna getiripdir. Bu bolsa jemgyýetiň ösüşine öz täsirini ýetirip enelik urugyndan atalyk urugyna, ondan hem hususy eýeçilige geçmeklige alyp barypdyr. Eneolit medeniýeti soňky bürünç asyry wagtynda Türkmenistanyň çäklerinde synpy jemgyýetiň, döwletiň ýüze çykmagy üçin şertler döredipdir. Türkmenistanyň çäklerindäki oturymly ilat özleriniň ykdysady, medeni ösüşinde Orta Aziýanyň beýleki sebitlerinden öňe geçipdir. Amatly tebigy şertler muňa ep-esli derejede ýol açypdyr. Eneolitiň we bürünç asyrynyň dowamynda gadymy Gündogaryň örän ösen medeniýetleri bilen Türkmenistanyň çäklerinde ýaşan ilatyň aragatnaşygy has güýçlenipdir.

Ilkidurmuş jemgyýetiniň taryhy

Ilkidurmuş jemgyýetiniň taryhyna giriş

1. Ilkidurmuş jemgyýetiniň taryhyny öwrenmekligiň ähmiýeti.

2. Ilkidurmuş jemgyýetiniň taryhynyň döwürleri.

3. Ilkidurmuş jemgyýetiniň taryhyny öwrenmekligiň çeşmeleri we taryhnamasy.

1. Ilkidurmuş jemgyýetiniñ taryhynyñ dersi

Ilkidurmuş jemgyýetiniñ döreýşini, ösüşini we dargamagyny öwrenýär .

Ilkidurmuş jemgyýetiniñ taryhy adamzat taryhynyñ ösüşiniñ esasy dowletleriniñ ilkinjisi we iñ uzak dowam eden döwrüdir. Adamzadyñ haýwanat dünýäsinden saýlanyp başlanyndan bäri 3-5 mln wagt geçipdir. Adamlar haýwanlardan, esasan, zähmet gurallaryny ýasap bilýänligi bilen tapawutlanyp başlapdyr. Olaryñ esasy gurallary daşdan bolup, olary iñ ýönekeý görnüşde ýasapdyrlar. Ilkidurmuş jemgyýetiniñ taryhyny öwrenmegiñ uly ähmiýeti bar. Sebäbi ilkibaşda adamlaryñ hemmesi deñ we bile ýaşan bolsalaram, kem-kemden olaryñ arasynda maşgala we nika gatnaşyklary deñsizlik, hususy eýeçilik we ş.m. ýüze çykýar. Döwletleriñ döreýşi hem öz gözbaşyny şol döwürden alyp gaýdýar. Şeýle meseleleriñ gelip çykyşyny öwrenmek üçin ilkidurmuş jemgyýetiniñ taryhy möhüm orun tutýar.

Ilkidurmuş jemgyýetiniñ taryhyny dürli terminler bilen añladýarlar: “ilkidurmuş jemgyýetiniñ taryhy”, “ilkidurmuş taryhy”, “Taryhdan öñki döwür” , “taryha çenli döwür” we ş.m.

2.Ilkidurmuş jemgyýetiniñ taryhy adamyñ haýwanat dünýäsinden saýlanyp başlanyndan bäri başlanyp, onuñ ahyrlary synpy jemgyýetleriñ döremegi bilen tamamlanýar. Ilkidurmuş jemgyýetiniñ taryhy umumy (taryhy) we ýörite (arheologiki, antropologiki) döwürler boýunça döwürleşdirilýär.

Ilkidurmuş jemgyýetiniñ taryhynyñ umumy döwürleşdirilişi ilkinji gezek 1870 – nji ýylda amerikan alymy etnograf Zýü Genri Morgan tarapyndan amala aşyryldy. XVIII asyrda taryhy ýabanyçylyk, warwarçylyk we siwilizasiýa ýaly dürlere bölendiklerinden ugur alyp, ol ýabanyçylyk we warwarçylyk dürlerini üç basgançaga bölýär: aşaky basgançak, ortaky basgançak, ýokarky basgançak.

Ýabanyçylygyñ aşaky basgançagy adamyñ döräninden üzlem – saplam sözleýşiñ ýüze çykan wagtyna çenli aralygy öz içine alýar.

Orta basgançaga balykçylygyñ ýüze çykmagy we oduñ ulanylmagy.

Ýokarky basgançaga – ok-ýaýyñ oýlanyp tapylmagyndan soñky döwürleri degişli edýär.

Soñra Z.G.Morgan warwarçylyk döwrüniñ aşaky basgançagyny küýzegärçiligiñ ýüze çykmagy bilen alamatlandyrýar. Warwarçylyk döwrüniñ ortaky basgançagyny ekerançylygyñ we maldarçylygyñ özleşdirilmegi bilen , ýokarky basgançagy bolsa – demriñ özleşdirilmegi bilen başlanýar. Elipbiý ýazuwynyñ ýüze çykmagy bilen bolsa siwilizasiýa başlanýar diýip hasap edipdir.

Umuman , döwürleşdirmek meselesinde dürli pikirler köp. Taryhy döwürleşdirilişde esasan, iki döwür tapawutlandyrylýar:

1) Ilkidurmuş sürüsi;

2) Urug jemagaty (enelik urugy we atalyk urugy).

Arheologlar zähmet gurallarynyñ nämeden ýasalandygyna we olaryñ ýasalyş usulyna esaslanyp, arheologiki döwürleşdirişi döretdiler.

Daş we bürünç asyrlarynyñ döwürleşdirilişiniñ esaslaryny fransuz alymy G.Mortilýe we şwed arheology O. Montelius goýdular. Daniýaly arheolog K.Ýu. Tomsen bolsa, üç “asyr” – daş , bürünç, demir asyrlary diýen düşünjäni girizdi. Antropologiki döwürleşdiriş adamlaryñ fiziki keşbiniñ üýtgeýşine baglylykda iñ gadymy, gadymy we häzirki zaman ýagny arhantrop, paleoantrop we paýhasly adam ýaly görnüşlerini tapawutlandyrýar.

Arheologiki döwürleşdiriş boýunça iñ gadymy döwür üçe bölünýär:

4. Daş asyry (adam döräninden b.e. öñ III müñýyllyga çenli)

5. Bürünç asyry (b.e. öñ IV asyryñ ahyryndan b.e. öñ I müñýyllygyñ başyna çenli)

6. Demir asyry (b.e.öñ I müñýyllykdan başlanýar)

Daş asyry hem öz gezeginde gadymy daş asyry (paleolit), orta daş asyry(mezolit), täze daş asyry (neolit) we bürüñç asyryna geçiş döwri bolan mis – daş asyry (eneolit) ýaly dürlere bölünýär.

Häzirki zaman alymlarynyñ bir topary ilkidurmuş jemgyýetiniñ taryhyny bäş döwre bölýärler:

I döwür: hojalygyñ we maddy medeniýetiñ döremeginden öñki döwür. Ol adamyñ dörän wagtyndan 1 mln ýyl mundan öñki wagty öz içine alýar. Bu döwürde adamyñ daşky gurşawa uýgunlaşmagy haýwanlaryñkydan sähelçe tapawutlanypdyr.

II döwür: ýönekeý özleşdiriji hojalyk, ol 1 mln ýyl mundan öñ b.e.öñ XI asyr aralygyny , ýagny irki we orta gadymy daş asyryny öz içine alýar. Adamyñ ilki dörän ýeri Gündogar Afrika hasaplanýar.

III döwür: ösen özleşdiriji hojalyk. Ol giçki gadymy daş asyryny, orta daş asyryny, käýerlerde bolsa täze daş asyryny hem öz içine alýar.

IV döwür: öndüriji hojalygyñ döremegi . Ol ýeriñ hojalyk taýdan has ösen ýerlerinde b.e.öñ IX – VIII müñýyllyklary (giçki orta daş asyry – irki täze daş asyry) öz içine alýar.

V döwür: öndüriji hojalygyñ döwri. Käbir gurak we çygly subtropik ýerler üçin b.e. öñ VIII – V müñýyllyklar degişli.

Ilkidurmuş adamzat jemgyýetiniñ ösüşi gyradeñ bolmandyr we örän haýal geçipdir. Adamyñ ösüşiniñ yzygiderligi şeýle bolupdyr:

1) awstralopitek adamy

2) dik ýöreýän adam (irki gominoidler pitekantroplar we sinantroplar)

3) häzirki fiziki keşpdäki adam (giçki gominoidleri neandertally we giçki paleolit adamlary).

Tebigy şertleriñ özgermegi adamzadyñ ösüşine täsir edipdir. Buzluk eýyamynyñ başlanmagy bilen adamlarda täze endikler , başarnyklar ýüze çykyp, zähmet gurallary kämilleşýär. Oduñ ulanylmagy, toparlaýyn iri haýwanlary awlamak, buzluk eränsoñ emele gelen ýagdaýa uýgunlaşmak, ok-ýaýyñ oýlanyp tapylmagy, şdiriji hojalykdan – öndüriji hojalyga (maldarçylyga we ekerançylyga) geçilmegi, metalyñ (mis, bürünç, demir) işlenip bejerilmegi we çylşyrymly urug – taýpa guramalarynyñ emele gelmegi - bular ilkidurmuş jemgyýetiniñ şertlerinde adamzadyñ geçen möhüm döwürleridir.

3.Ilkidurmuş jemgyýeti barada maglumat berýän , taryhyny öwrenmäge kömek edýän ähli zatlar onuñ taryhy çeşmeleri bolup bilerler. Ilkidurmuş jemgyýetiniñ taryhy arheologiki , etnografiki, antropologik, lingwistik, paeobotanik, paleozoologik, ýazuw çeşmeleri arkaly öwrenilýär. Taryhy öwrenmekde himiýa, fizika we informatika ylymlary hem ýakyndan kömek berýärler.

Arheologiki çeşmelere gazuw – agtaryş işlerinde tapylýan maddy ýadygärlikler : zähmet gurallary, ýaraglar, ýasalan ýerleriñ we jaýlaryñ galyndylary, öý goşlary , bezegler, dini düşünjeler bilen baglanyşykly zatlar we ş.m. degişlidir. Ýöne ähli ýadygärlikler gowy saklanyp galmandyr. Daş we keramiki önümler iñ gowy saklanan ýadygärliklerdir.

Etnografiki çeşmeler arheologiki çeşmelere garanda ilkidurmuş halklaryny köptaraplaýyn öwrenmäge mümkinçilik berýärler. Giçki paleolit döwründäki ýaly medeniýetiñ galyndylary bilen ýaşaýan halklar XIX asyra çenli hem dowam edipdirler. Etnografiki çeşmeleriñ kömegi bilen ilkidurmuş halklaryny hemmetaraplaýyn , olaryñ hojalyk, jemgyýetçilik gurluşy, maşgala – nika gatnaşyklary, dini ynançlary bilen birlikde öwrenmäge mümkinçilik berýär. Etnografiki maglumatlar göz – göni gozegçilik etmek arkaly ýygnalýar.

Etnografiñ taryhy ilkidurmuş taýpalaryny Gerodotyñ, Strabonyñ, Sezaryñ, Tasitiñ ýazyp beýan etmegi bilen başlanýar. Etnografiözbaşdak ylym hökmünde XIX asyryñ II ýarymynda ýüze çykypdyr.

Doly etnografiki maglumat almak üçin käbir alymlar ilkidurmuş taýpalarynyñ arasynda, meselem, Z.Morgan irokezleriñ arasynda , N.N.Mikluho – Maklaý papuaslaryñ arasynda bolup ýaşapdyrlar.

Adamlaryñ süri we irki urug döwürleri esasan arheologiki tapyndylar arkaly öwrenilýär. Ondan soñraky dürler bolsa etnografiki çeşmeler arkaly has gowy dikeldilýär.

Urug gurluşy döwrüni paleoantropologiýanyñ , lingwistikanyñ , folklaryñ, geologiýanyñ , paleontologiýanyñ , paleoklimatologiýanyñ kömegi bolmasa , öwrenmek juda kyndyr.

Paleoantropologiýa adamyñ we jynslaryñ emele gelşini we ösüşini öwrenýär.

Dilçiler süñ ikinji manysyny ýüze çykaryp, diliñ we ilkidurmuş adamlaryñ ýaşaýşynyñ belli bir tarapynyñ ösüşini öwrenýärler.

Paleontalogiýa gadymy ösümlikleri we haýwanlary olaryñ galyndylary esasynda öwrenýär we şol döwrüñ ösümlik hem haýwanat dünýäsini dikeldýär.

Paleoklimatologiýa gadymy döwürleriñ howa şertlerini öwrenýär.

Geologiýa Ýeriñ düzümi, gurluşy we taryhy hakyndaky ylym bolup, adamzadyñ ýaşyny anyklamaga kömek edýär. Arheologiki tapyndylaryñ ýaşyny fiziki we himiki usullar arkaly kesgitleýärler. Häzirki zaman ylmynyñ ösen derejesi ilkidurmuş jemgyýetiniñ taryhyny öwrenmekde möhüm orun tutýar.

Ilkidurmuş jemgyýetiniñ taryhnamasy ilkidurmuş jemgyýeti hakyndaky ylmyñ ösüşiniñ taryhydyr.

Ilkidurmuş jemgyýeti hakyndaky ylym XIX asyryñ II ýarymynda ýüze çykýar. Ýöne ondan öñ hem ilkinji adamlar barada gyzyklanmalar bolupdyr. Gadymy Gündogaryñ birnäçe döwletlerinde ilkidurmuş adamlarynyñ durmuşy baradaky maglumatlar olaryñ ýazuw ýadygärliklerinde duş gelýär. Antik alymlardan Gerodot Skifleri we Afrikanyñ käbir halklaryny, Ksenofont Kiçi Aziñ halklaryny Strabon, Ýewropanyñ we Aziýanyñ halklaryny , Sezar we Tasit germanlary öz içlerinde beýan edipdirler. Adamzadyñ ilkinji döwri barada Gesiot, Demokrit, Lukresiý Kar dagy hem öz garaýyşlaryny beýan edipdirler.

Orta asyrlar döwründe adamyñ hudaý tarapyndan gelip çykyşy baradaky pikirler agdyklyk edipdir.

Beýik geografiki açyşlardan soñ ilkidurmuş eýyamy baradaky garaýyşlar täze basgançaga gadam goýyarlar. Fransuz missioneri Lafito Demirgazyk Amerikanyñ indeýleriniñ däplerinden Ýewropa halklarynyñ uzak geçmişiniñ meselelerine düşündiriş tapyp boljakdygyny aýdypdyr.

I.Ýa. Bahowen (şweýsar alymy) 1861 – nji ýylda çap bolan “Enelik hukugy” diýen işinde geçmişde ähli halklarda aýallaryñ häkimlik edendigini aýdýar. Ilkidurmuş jemgyýetiniñ taryhy barada L.G.Morgan, K.Marks, F.Engels, G.Spenser, E.Teýlor, D.Zebbok, A.Bastian , mak – Zennan, Ýu. Lippert dagy XIX asyrda uly işler bitirdiler. Bu ylmyñ ösmeginde rus syýahatçylaryna uly orun degişlidir.

1924-nji ýylda B.K.Nikolskiý tarapyndan ilkidurmuş jemgyýeti barada “Ilkidurmuş adamzadynyñ oçerkleri” diýen ilkinji umumylaşdyryjy iş ýazylýar. Ilkinji iş 1935-nji ýylda N.P.Tokin tarapyndan ýazylyp, ol “Ilkidurmuş jemgyýeti” diýlip atlandyrylýar. Häzirki wagta çenli bu mesele boýunça birnäçe ýörite işler, okuw kitaplary çap edildi.

Oguz han eyýamynyň ülke taryhynyň öwrenilişi

Mowzuk: Oguz han eyýamynyň ülke taryhynyň öwrenilişi.

1. Ýazuw ýadygärlikleri.

2. Etnografiýa çeşmeleri.

3. Binagärçiligi.

“Oguz – orhon ýazgylaryna “Ongin ýazgysy”, “kültegiň hormatyna ýazgy”, “Bilge kagan hormatyna ýazgy”, “Tanýukuk hormatyna ýazgy”, we “kuly çor”, “Moýun çor hormatyna ýazgy” ýadygärlikleri girýär. Bu ýazgylara Orhon ýazgylary hem oguz ýazgylary hem diýilýär. Biz bu sözüň ikisini bilelikde ulanyp olara oguz -orhon ýazgylary diýip at berýäris. Bulary oguz ýada Orhon ýazgylary diýip atlandyrmaklarynyň sebäbi birinjiden olar Orhon derýasynyň boýunda ýada degresinde bina edilipdir. oguz ýazgylarynyň diýilmeginiň sebäbi bolsa şol ýurtlaryň oguzlaryň watany, oguzyň merkezleriniň biri bolanlygydyr. Ikinjiden bu ýazgylaryň diliniň esasynda oguz dili durýar. Galybersede şol ýerlerde “kaganlyk”, hanlyk patyşalyk eden oguzlar bolupdyr. Bu ýazgylardan başga Talas Ýeniseý ýazgylaryda bar. Bularyň atlary hem öz tapylan ýerleriniň atlary bilen baglydyr. Şu üç topar ýazgylaryň içinde biz üçin ähmiýetlisi Oguz – Orhon ýazgylarydyr. “Ongin ýazgysy”, Ongin degrsinden, Taramel diýen ýerden tapylýar. Bu ýazgyny tapan Ýadrinsewdir (H.M). ýadrinsew Muny 1889-njy ýylda tapýar, hem ylym älemine mälim edýär. Bu ýazgynyň ýerleşýän ýeri kökşüň Orhondan ilerräkdir. Bu ýazgy Ilterişe we onuň aýaly Bilge Hatynyň hormatyna bagyşlanypdyr. Bu ýazgy şu sikl ýazgylarynyň arasynda iň gadymylarynyň biridir. Iilteriş 682-nji ýýlda hytaý baknaçylygyna garşy gozgalaň edip, türk (kaganlygynyň) hanlygynyň özbaşdaklygyny ýaňadan dikelden handyr. Ilterişiň çyn ady Gudulu ýa-da Gutlug bolupdyr. Ol 8-11 ýýl patyşalyk edipdir.

Ilteriş 690-693-nji ýyllaryň arasynda aradan çykýar. Ýazgy ýadygärlik bolsa 690-796-nji ýyllaryň aralygynda dikeldilendir diýlip çak edilýär. Ýazgylaryň arasynda aýratyn ähmiýetlisiniň biri kultegin hormatyna ýazylan ýadygärlik ýazgydyr. Bu ýazgy orhon derýasynyň kenarlaryndan 1889-njy ýýlda tapylýar. Bu ýazgy ýadygärlik 732-nji ýýlda Ilteriş hanyň ogullary kultegin we Billgekaganyň hormatlaryna bina edilipdir. bellik: Ýazuw ýadygärligiň belentligi 3m 15sm, giňligi 1m 24 sm ýogunlygy bolsa 41 sm. Munuň 1 gapdalyna 40 bölekden ybarat ýazgy bitirlipdir. Ýazgy ýadygärlikleriniň ýene biri. Han Mogilýan ýazuw ýadygärlikleridir. Bu ýazgy 1889-nji ýýlda “Erdeni Szu (Цзу) atly budda metjidinden 60 km gaýradadyr. Aýdarowyň aýtmagyna görä ýazuw ýadygärliginiň belentligi 3 m 45sm; giňligi – ini 1m 7 sm; galyňlygy bolsa 72 sm. Ýadygärligiň her tarapynda ýazgylaryň bölekleri bar. Han Maogilýan Ilteriş hanyň uly oglydyr. Ol 683-nji ýylda dogulýar. Daýyşy Moçjo Kapagan handan soň hanlyk tahtyna çykýar. Bu ýazgy- ýadygärlik ol aradan çykandan soň bina edilýär.

Tonýukuk – ýazgy ýadygärligi belli goşun serdaryň hatyrasyna bina edilipdir. 1897-nji ýýlda Klemeneş (Клеменец) tarapyndan açylýar. Birinji gezek ony Radlow tejrime edýär. Bu ýazgy ýadygärlik Ulanbator şäherinden 36 km uzaklykda, günorta – gündogarda ýerleşýär. Bu ýadygärlik bir biriniň garşysyna salnan iki sany pürs ýaly salmandan ybaratdyr. Günortada ýerleşýän salmanyň belentligi 1,70 m demirgazykda ýerleşýäni 1,60 m. Birinjide ýazgynyň 36 bölegi ýerleşdirilipdir. (jemi 62 bölek). Moýun çor ýazgy ýadygärligi baradaky maglumaty Ramsted açýar. “Ötüken ýyşynda Mukaddes şmeden günbatarda Ýabaş-Tukuş aryklarynyň sepleşýän ýerinde men tomsy geçirdim. Men şol ýerde öz köşgümi saldyrdym şol ýerde men diwarlary çekdirdim, ýagny bina etdirdim. Özümiň müňýyllyk we on müň ýyllyk ebedilik ýazgylarymy belliklerimi ýazdyrdym ýasy daşa gazdyrdym” 751-nji ýýlda bolup geçipdir. Birinji nusgasyny 1893-nji ýylda Wilgelm Tomsen okapdyr.

Oguznama: türkmenleriň iň gadymy taryhy eseridir. Oguznamalar hakynda Mahmyt Kaşgarynyň, Raşit eddiniň, Mirhondyň, Hondemiriň maglumatlary bar.

Mahmyt Kaşgarynyň sözlüginde “Oguz – bu türkmenlerdir” diýilýär. Kaşgary türkmeniň 22 kabulasynyň adyny sanaýar.

Reşit eddin Fazlullahyň oguznamasy Oguz han hakyndaky rowaýat bilen gabat gelýär.

Şerbak tarapyndan çapa taýýarlanan Oguznama Pariždäki milli kitaphanada saklanýan wariantyndan göçürlipdir.

Handemiriň (XV asyr taryhçysy) çengisnama eserinde Oguz hanyň ýörişleri, Hytaýy basyp alyşy soňra Buhara çenli aralyklary zabt edip alyşy barada maglumat berilýär.

Mirhondyň Oguznamasynda ogullarynyň bozok üçoklara bölünişi hakda gürrüň edilýär.

Salyr baba Gulaly “Oguznama” synda oguz kim ol kowumny barça Türkmen diýerler diýip belläp geçýär.

Uýgur adynyň goýluşy – Oguz bilen kakasynyň arasynda bolan uruşda Oguzhanyň tarapyna geçenler. (uýdy diýen manyda).

Kaňly – uruş mahalynda goşundaky ýükleri daşamak üçin öz zehinleri bilen arabany oýlap tapan urug.

Kypjak – Oguz Itbyrak urugyndan ýeňlen mahalynda oguz gaçyp iki derýanyň arasyn daky bir adada ýerleşýär. Şonda adamsy söweşde ýogalan aýalyň ogly bolýar. (Çüýrüň agajyň oýugyna girip dogurýar). Kubuk sözüniň manysy “çüýrän agaç”. 17 ýyldan soň oguz Stbyragy ýeňýär. Eýrana aralaşypdyr.

Garlyk – Oguz Gur we Garçystan welaýatlaryndan gaýdyp gelýärkä onuň öňünden bir beýik dag çykýar. Galyň gar ýagýar yzda biri goşundan galypdyr.

Kalaç – oguz Yspahany alyp yzyna gaýdýar. Yspyhanada bir aýalyň çagasy bolýar. Ýöne ejesi aç bolansoň süýdi bolmaýar. Şagalyň awlan sülgünini alýarlar we aýala berýärler. “Gol aç” diýýär.

Oguznama. Oguz hakyndaky iňňän gadymy biri bolan “Oguznama” birnäçe ýzgylarda bize gelip ýetipdir. Pariž milli kitaphanasynda şol ýazuwlarynda uýgur hatynda ýerine ýetirilen iň gadymysy tapyldy. Golýazmanyň teksti XIX asyryň başlarynda nemes diline, XIX asyryň ahyrlarynda rus diline tejrime edilipdir. golýazma 21 listden ybarat bolup, onuň her bir sahypasyndan giň aralykly 9 setir bar. Alymlaryň pikirine görä, golýazma XIII-XV asyrlarda döräpdir we haýsydyr bir has gadymy spisoga esaslandyrylypdyr.

Hawa ol bolar. Onuň keşbi ynha şu…- diýipdirler. Soňra şatlanypdyrlar. Günlerde bir gün Aý Kaganyň gözi açylypdyr we ol ogul dogrupdyr, ol çaganyň ýüzi gögümtil, agzy çym gyzyl, gözleri gyrmyzy, saçy bilen gaşlary bolsa gara eken. Oliň owadan perişdelerden hem görmegeý bolupdyr. Bu çaga ejesiniň göwsünden bir gezek emipdir-de, soň emmändir: onuň çig et, her dürli iýmit eýesi, şerap içesi gelipdir … we gepläpdir.

1Golýazmanyň başga bir warianty boýunça: “Men özleriniň derýasynyňTusdan gelýändigi barada Dehistan rabatynda gürrüň berişlerini eşitdim”.

Bellik: munuň özi mongol çozuşyndan öň geografik edebiýatda Etrek derýasynyň ýeke-täk agzalmasydyr.

2 “Oguznamanyň” ýazylan žanry ylmy barlagçylar tarapyndan heniz kesgitlenenok. Teksti düşünjeler ony abzaslara böldüler, çünki kitapda (şu tekstiň alnan kitabynda) tekst şu aşakdaky ýaly: ilki bilen sahypanyň ýarysynda uýgur teksti, soňra sahypanyň beýleki ýarymynda rus dilindäki tekst getirilýär. Bu halatlaryň ikisinde hem tekst golýazmanyň asyl nusgasyny emele getirýän 9 setirden ybarat.

Raşid ad-Diniň şunuň bilen birmeňzeş atly eseriniň çeşmäniň şu wariantyna esaslandyrylan bolmagy mümkin.

Kyrk günden soň ol ulalypdyr, ýöräpdir we oýnapdyr. Onuň aýaklary öküziň aýaklary ýaly, guşaklygy möjegiň bili ýaly, eginleri samyryň eginleri ýaly, döşi aýynyň döşi ýaly bolupdyr. Onuň bütin endamy gür tüý bilen örtülgi bolupdyr. Ol gylýal sürülerini bakypdyr, ýaty münüpdir, keýik awlapdyr we köp gije-gündizler geçenden soň jahyl çykypdyr. Şol wagtlar ol ýerde uly tokaý bar eken. Uly-kiçili derýalar köp eken. Bu ýere biçak kän ýabany haýwanlar gelýär eken, bu ýerde gaty köp guşlar bolupdyr.

Bu tokaýda ägirt ždarha bar eken, ol ýatylary we adamlary iýýän eken. Elhenç ýyrtyjy halka azar ýamanyny beripdir.

Oguz kagan batyr häkim bolupdyr. Ol aždarhany awlamak isläpdir. Günleriň birinde ol awa çykypdyr: ol naýzasyny, ýaýyny we peýkamlaryny, gylyjyny we galkanyny alyp, ýola rowana bolupdyr. Bir maraly tutupdyr. Ony söwüt çytyklary bilen bir agaja daňypdyrda gidipdir.

Soňra jahan ýagtylyp ugrapdyr. Daňdanyň ümüş-tamyşynda oguz dolanyp gelende aždarhanyň maraly äkidendigini görüpdir. Ol indi bir aýyny tutup, ony zer çaýylan kemer bilen agaja baglap gidipdir.

Şondan soň daň atypdyr. Oguz ýene-de daňdanlar gelipdir, ol aýyny-da aždarhanyň äkidendigini görüpdir.

Indi bu agajyň ýanynda özi durupdyr. Aždarha gelip kellesini Oguzhanyň galkanyna urupdyr. Oguz naýza bilen aždarhanyň beýnisini deşip, ony öldüripdir. Gyzlyç bilen onuň kellesini kesipdirde, alyp gidipdir.

Ondan soň bu ýere dolanyp gelende, ol aždarhanyň iç goşuny garaguşyň iýip duranyny görüpdir. Oguz ýaýdan peýkam atyp, garaguşy urupdyr-da, onuň kellesini kesipdir. Soňra şeýle diýipdir: “Ine garaguşuň keşbi şeýledir. Aždarha maraly iýdi, aýyny iýdi. Meniň naýzam ony öldürdi: ol demirden ýasalan ahyryn. Aždarhany garaguş iýdi. Meniň ýaýym we peýkamlarym ony öldürdiler. Olar edil ýel ýalydyr”- diýipdir-de gidipdir. Aždarhanyň keşbi şeýledir.

Bir gezek Oguz kagan bir ýerde älem hökümdaryna sežde edipdir. Garaňky düşüpdir. Asmandan bir mawy şöhle inipdir. Oguz kagan onuň ýanyna baryp görse, ol şöhläniň ortasynda bir uly gyz bar eken. Onuň ýeke özi otyr eken.

Ol gaty gözel gyz eken. Onuň kellesinde edil Daň ýyldyzy kimin ýaldyrap duran, köz ýaly haly bar eken. Ol gyz şeýlebir owadan eken. Eger ol gülse, bütin mawy asman hem gülýär eken, eger ol aglasa, bütin mawy asman hem eňreýär eken. Oguz kagan ony görüp, huşundan gidipdir, ony söýüpdir, ony alypdyr, onuň bilen bile bolupdyr. Hezil edipdir. Ol aýal hamyla bolupdyr. Köp gije-gündizlerden soň onuň içinden burgusy tutup, üç sany ogul dogrupdyr. Olaryň birinjisine “Gün”, ikinjisine “Aý”, üçünjisine Ýyldyz diýen at dakypdyrlar.

Bir gün Oguz kagan (ýene-de) awa gidipdir. Öňde, kölüň ortasynda bir ösüp oturan agaja onuň gözi düşüpdir. Ol agajyň saýasynda bir ulygyz ýeke özi otyr eken. Ol gyz örän owadan eken. Onuň gözleri asmandan-da mawy, saçy derýanyň akymy ýaly, dişleri dürdänesi ýaly eken. Ol şeýlebir owadan bolansoň, ony görenlerinde adamlar: “Baý, baý, wah, wah ölýäris” diýipdirler.

Oguz kagan ony görüp özünden gidipdir, onuň ýüregi joşupdyr, ol ony söýüpdir, alypdyr, onuň bilen bile bolup, hezil edipdir.

Ol aýal hamyla bolupdyr, köp gije-gündizler geçenden soň aýy-güni dolyp üç ogul dogsupdyr. Olaryň birinjisine “Asman”, ikinjisine “Dag” üçünjisine bolsa “Deňiz” diýen at dakypdyrlar.

Soňra Oguz kagan uly toý edip, halka habar bilen ýüzlenipdir, adamlar özara geňeşip, gülüpdirler. Ol kyrk stol, kyrk sany uzyn oturgyç ýasamagy buýrupdyr, dürli-dürli nygmatlar, etli naharlar iýipdirler, şerap we gymyz içipdirler.

Toýdan soň Oguz kagan beglere we halk üçin buýruk berip, şonda: “men siziň kaganyňyz boldum hany, ýaýlaryňyzy we galkanlaryňyzy alyň, paç biziň üçin goý “amatly” bolsun, “çal möek bize ýol görkezijisi bolsun, tokaý bize demir naýzalar bolsun, goralyp saklanýan ýerlerde goý, gulanlar gersin, deňizler tolkun atsyn we derýalar aksyn, gün biziň baýdagymyz bolsun, asman çadyrymyz” diýipdirler.

Şonuň yz ýanyndan Oguz kagan çar tarapa buýruklar iberipdir. Ýüzlenme ýazyp, ilçilere beripdir.

Ol ýüzlenmede şeýle ýazylan eken, “Men dünýäniň dört böleginiň häkimi bolmak özüne miesser eden uýgur kagany. Men siziň maňa tabyn bolmagyňyzy isleýärin. Kim sowgatlar getirip, maňa tabyn bolsa, ony dostum hasap ederin- diýipdir, - kim boýun egmese onda gahar-gazaba münüp goşun toplap ony duşman hasap ederin. Gaty çalt kül-pelkun edip, asyp öldürmegi buyraryn, meýdi çüýrä ýaly ederin”.

Türkmen halkynyň etbogenezini hem-de etniki taryhyny her taraplaýyn doly öwrenmekde dürli döwürlerde degişli halk şekillendiriş döredijiliginiň özboluşly çeşme hökmünde ähmiýeti uludyr.

Türkmenistanyň teritoriýasy medeni-taryhy ýadygärliklerine baýdyr. Gadymy sungatyň ýadygärlikleride türkmen halkynyň şol wajyp mirasynyň aýrylmaz bölegidir. Şu ýagdaý türkmen medeniýetiniň we sungatynyň öz gözbaşyny örän gadymyýetden alyp gaýdýandygyny şaýatlyk edýär. Halk ilkidöwürleriň döredijiligi biziň eramyzyň öz birnäçe müňýyllyklardan ozal döräp, häzire çenli yzygiderli ösüp gelýär. Çarwalaryň bir şyhly çozup durmagy, özara gazaply we gandöküşikli uruşlar, kesekileriň basyp almaklary ýurdy tozdurypdyr, talaňa salypdyr. Ýöne halk döredijiligi şol nogsanlyklara ýan bermändir.

Türkmen halkynyň etnogenezini hem-de etniki taryhyny her taraplaýyn doly öwrenmekde dürli döwürlere degişli halk şekillendiriş döredijiliginiň özboluşly çeşme hökmünde ähmiýeti uludyr.

Türkmenistanyň territoriýasy medeni-taryhy ýadygärliklerine baýdyr. Gadymy sungatynyň ýadygärlikleride türkmen halkynyň şol wajyp mirasynyň aýrylmaz bölegidir. Şu ýagdaý türkmen medeniýetiniň we sungatynyň öz gözbaşyny örän gadymyýetden alyp gaýdýandygyna şaýatlyk edýär. Halk irki döwürleriň döredijili biziň eramyzyň öň birnäçe müňýyllyklardan ozal döräp, häzire çenli yzygiderli ösüp gelýär. Çarwalaryň bir syhly çozup durmagy, özara gazaply we gandöküşikli uruşlar, kesekileriň basyp almaklary ýurdy tozdurypdyr, talaňa salypdyr. Ýöne halk döredijiligi şol nogsanlyklara ýan bermändir, olara garşy durup, öz ösüşini dowam edipdir. Halka ruhy kuwwat berýän halk şekillendiriş döredijiliginiň belentligi, ebediligi şundan ybaratdyr.

2. Ilkidurmuş şekillendiriş döredijiliginiň taryhy maglumatlary, belli sebäplere görä henize çenli, gynansak-da, özboluşly çeşme hökmünde giň işlenip we doly öwrenilmedi. Şu wajyp problemanyň umumy hem-de ýörite terbiýenamasynda entek bizde işlenip düzülenok.

Şunuň ýalyda şu meseläniň henize çenli kemala gelen ymykly taryhy öwreniş hem ýok.

Biz şu çykyşymyzda ilkidurmuş şekillendiriş döredijiligiň galdyran hem-de bize mälim bolan ýadygärligini maglumatlaryny özboluşly möhüm taryhy çeşme hökmünde barlamaga synanşyk edýäris.

3. Elbetde ilkidurmuş şekillendiriş döredijiligi öz döwri bilen içgin baglydyr. Ýöne gadymyýetiň şekillendirişini haýsy-da bolsa bir taryhy wakanyň asyl subutnamasy diýip “okamak” bolmaz, Ilkidurmuş döredijiligi möhüm taryhy çeşme hökmünde öwrenmegiň wezipeleri barada gürrüň edilende gadymy adamlaryň aňynyň aýratynlyklaryny nazarda tutmaly. Çünki edil şu ýagdaý ilki bilen sungatyň däp-dessurlara öwürlip gidýän wezipelerini kesgitleýär. Şeýlede bolsa, sungatyň gadymy ýadygärliklerini öwrenmek gadymy adamlaryň dünýägaraýşynyň käbir taraplaryny aýan etmekden başga-da, kä halatlarda olaryň medeniýetiniň aýratynlyklaryny täzeden dikeltmäge, onuň ýollaryny anyklamaga mümkinçilik berýär.

4. Türkmen şekillendiriş döredijiliginiň ösüş taryhy biri-birine gös-göni meňzeş

bolmadyk birnäçe etapy öz içine alýar. Gadymyýetiň medeniýeti bilen orta asyrlar medeniýetiň arasynda diňe birnäçe asyrlar ýatman, olar köp babatda özbaşdak medeni hadysa bolup durýar. Ýöne, şeýle-de bolsa, gadymyýetiň çeperçilik aýratynlygy hem-de dünýägaraýyş konsepsiýasy türkmen milli medeniýetiniň hanasynda mundan beýläkde öz ösüşini dowam edýär. Şeýlelikde, türkmen sungatynyň asyrlar boýy ösüşindäki her bir başlangyç etap gelejek üçinörän möhüm hem-de netijeli basgançak bolup hyzmat edýär.

5. Türkmenistanyň iň gadymy neolit sungatynyň kemala gelşi adamlaryň

tebigaty tebigy hadysalary hudaý hasaplaýan, däp-dessurlary bolsa gudratly zatlar diýip hasap eden wagtlaryna gabat gelýär. Şol döwürde giňişleýinhem-de plastiki pikirlenmäniň düşünjäniň ýüze çykmagy bilen adamlar özlerini gurşap alan tebigaty öwrenip başlaýarlar. Sungat şu örän uzak we hem-de çylşyrymly prosesi suratlandyrylýar.

Şu ýagdaý külalçylyk (keramiki) gaplaryň irki görnüşlerinde-de (Jeýhun, göksüri), soňra olaryň belli bir geometriki nyşanlar bilen bezelen görnüşlerinde-de (Günorta, Türkmenistan) terrakotadan we toýundan ýasalan täsin aýal idoljyklarynda-da, esgerleriň heýkyljiklerinde-de, haýwanlaryň we guşlaryň daşdan ýasalan doga ähmiýetli şekillerinde-de suratlandryýar.

6. Gadymyýetde Türkmenistanyň territoriýasy dürli etniki toparlaryň biri-biri

bilen gatyşan çatrygy bolupdyr. Onuň medeniýeti bolsa Altaýdan başlap tä Wizantiýa çenli ýaýrap giden ägirt uly giňişligiň medeniýeti bilen çylşyrymly utgaşyp gidýär. Wagtyň geçmegi bilen şu utgaşmada türkmen halkynyň medeniýetine häsiýetli bolan aýratynlyklar kemala gelýär. Ilkinji çeperçilik düşünjeler we dessurlar ýüze çykýar.

Türkmen halkynyň gadymy medeniýetiniň aýratynlyklary külalçylyk (keramiki) önümlerindäki bezeglerde we nagyşlarda has-da açyk we doly beýanyny tapýar. Şol bezegler we nagyşlar dini-gudratly hem-de çeperçilik düşünjeleriň, simwollaryň, nyşanlaryň bütün kompleksini suratlandyrýar. Esasy bellemeli zat, soňky döwürlerde türkmen sungaty üçin häsiýetli bolan şekillendiriş sistemasynyň köklerini şol nagyşlarda we bezeglerde görmek bolýar.

Günorta Türkmenistanyň bezegli we nagyşly keramikasy arhetekturadaky nagyşyň ajaýyp nepisligine we belentligine täsir edýär. (Ýasydepe, Änew -I). Şol nagyşlar we bezegler türkmen halysynyň, keşdesiniň başlangyç kökleri bolupdyr diýmäge doly esas bar.

Köp müň ýyllyklardan bäri dowam edip gelýän döredijilik prosesiniň içinden ereş-argaç bolup geçýän halkylyk, häsiýetleriniň hut ilkidurmuş döredijiliginde ýüzeçykandygyny, medeniýetiň ajaýyp fonemenini döredenleriň bolsa ýurduň asyl ilaty (awtohtony) bolandygyny bellemek örän gyzyklydyr. Ilkidurmuş şekillendiriş sungatynyň ýädygärliklerini çuň we giňişleýin öwrenmek taryhymyzyň jedelli meselelerini aýdyňlaşdyrmaga, şeýle-de onuň “ak tegmillerini” doldurmaga ýardam eder.

Türkmen halkynyň gelip çykyşy adamlary orta asyrlardan başlap gyzyklandyrýardy. Ol barada köp çaklamalar we wersiýalar öňe sürüldi. Emma şu çaka çenli türkmen halkynyň kemala gelmeginde bolup geçen prosesleriň hemme tarapyny görkezýän maglumatlar ýok.

Biziň eramyzdan öňki VII müň ýyllyk bilen VI müň ýyllygyň sepgidinde Türkmenistanyň ýaşaýan halklaryň durmuşynda düýpli üýtgeşmeler bolupdyr. Köpetdag eteklerinde ýaşanlar awçylyk iýmit ýygnaýjylyk işlerini taşlap, oturymlylyga geçipdirler. Maldarçylyk we ekerançylyk bilen meşgullanypdyrlar. Ýakyn Gündogaryň iň gadymy ekerançylyk medeniýetleriniň biri bolan Jeýtun medeniýetini döredipdirler. Aşgabadyň 27 km demirgazyk günbatar tarapynda ýerleşýän Jeýtun harabaçylygy XX asyryň 50-60-njy ýyllarynda arheologlar tarapyndan ylmy nukdaý nazardan öwrenilipdir. Gazuw agtaryş işleri geçirlende jeýtun ýadygärliginden 40 golaý bir otag ýaşaýyş jaýlarynyň üsti açyldy. Jaýlaryň ortaça meýdany 23,5 kw.m deň. Irki döwürlerde jaýlaryň gapysy haýwanlaryň derisi ýa-da gamyş bilen tutulypdyr. Diwarlaryň galyňlygy 30 sm bolupdyr. Otaglaryň diwary saman garylan toýun palçykdan suwalypdyr. Suwagyň üstünden gyzyl ýa-da gara reňk çalypdyrlar. Poly bolsa 1-1,5 sm galyňlykdaky alebastr palçygy bilen örtülip gyzyl,gara reňkler bilen boýalypdyr.

Gojaman hem baky juwan bolan türkmen topragy örän geň. Göýä bu toprakda çal Hzardan gaýdýan çägeli sähralykdan, joşgunly Jeýhun aralygynda älemiň ýer üsti şekiliniň bary jemlenýän ýaly. Türkmenistanyň topragy diňe bir älemiň ýer üsti şekiliniň utgaşmasy bolman, eýsem oňa taryhyň çatrygy diýibem jaýdar aýdypdyrlar. Ynsan hakydasyndan uzakdaky döwürlerde bu toprakda irki ösen ekerançylyk we şäher derejesindäki medeni merkezler bolupdyr. Wawilonyň ýaşytdaşy bolan gadymy şäherlerde gurlan şowhunly bazarlarda dürli milletiň mähellesi güw beripdir. Täze döwletler döräpdir, ägirt uly güýje hökmürowanlyga eýe bolan ol uly gadymy döwletler soňra dograpdyr. Ynsanyň paýhas bägüli – medeniýet ösüpdir, halklaryň ykbaly belende göterilipdir.

Soňky döwürlerde geçirilen arheologik barlaglar Türkmenistany adamzat ýaşaýşynyň iň irki mekanlarynyň hataryna dahylly edýär. Bu toprakda adamzadyň mesgen tutan senesi biziň eramyzdan öňki bir milliona gabat gelýär. Biziň eramyzdan öňki VI müň ýyllyklarda bu ýerde dünýäniň irki ekerançylyk merkezi emele gelipdir. Türkmen arheologlary tarapyndan Gökdepe etrabyndaky Pessejikdepe ýadygärliginiň üstüniň açylmagy, ol ýerde diwar ýüzüne çekilen sýužetli şekiller bu ýerde ekerançylygyň Eýranyň hem Mesopotamiýanyň derejesine örän golaý bolandygyny subut edýär.

Balkan töwereklerindäki gazuw-agtaryş işleri, esasan-da dag gowagy Damdam çeşme-I we Damdam çeşme –II mezolit döwürlerinde we enolit zamanynda bu ýerde haýwanlaryň ellekileşdirileni mälim edildi.

Bürünç asyry zamanynda Türkmenistanda şäher derejesindäki medeniýet döräpdir. Bar bolan maglumata görä,çäklirägem bolsa, örän irki zaman Türkmenistan döwletleriniň merkezini üç topara bölmek mümkin. Olaryň has gadymkysy Köpetdag etegindäki döwlet bolupdyr, bu ýerlerde b.e. öňki 2300-1900-njy ýyllarda Altyndepede we Namazgadepede şäher tipli medeniýet ösüpdir.

Ikinji bir öz ugruna ösen şäher merkezli irki döwlet Mary oazisinde bolupdyr. Ol b.e.öň II müňýyllygyň aralygyna gabat gelýär. Ol ýerde Awestanyň sözünde şöhratly rowaýata öwrülen Marguş ýurdy. Gadymy awtorlaryň dilinde aýdylýan Margiana döwleti emele gelipdir. Onuň paýtagty alymlaryň hasaplamalaryna görä şäher mähellesi häzirki Goňurdepe diýen ýerde bolupdyr. Şol döwletiň çägine giren Togalakdepe arheologlar häzirlikçe dünýäde ýeke-täk otparazlaryň bütewi ybadathanasynyň üstüni açdylar.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda amala aşyrylan ylmy çeşmeler diňe bir türkmen taryhyna täzeçe çemeleşmäge şert döretmän, eýsem dünýä taryhyny öwrenmeklige-de, öz täsirini ýetirdi. Ynsan ösüşiniň gadymy mekany bolan Türkmenistan gadymy otparazlygyň hem ýurdudyr. Otparazlygyň däpleri antik döwründe Midiýada hem Persiýada mälim bolupdyr. Ýöne şonuň bilen birlikde Awestanyň bize gelip ýeten maglumatlaryna görä, otparazlyk öz gözbaşyny Günbatardan alypyr. Midiýada hem Persiýada otparzlygyň döremegine-de Parfiýa patyşasy Walogeziň biziň eýyamyzyň başlaryndaky özgerdiji işeňňir hereketi sebäp bolupdyr. Parfiýalylar bolsa häzirki türkmenleriň irki ata-babalarydyr.

Awestada bütin älemi ýaradan hudaý Ahuramzedanyň döreden “ýaşamaga iň amatly ýer” bölüminiň köp çägi türkmen topragyna düşýär. Munuň özi biziň eramyzyň başlarynda bu toprakda bir däl-de, ençeme döwletiň bolandygyny, birnäçe “ýurduň”bardygyny, Ýakyn Gündogardaky Asseriýa, Midiýa, Eýran, Ahemenidi ýaly şol ýurduň kuwwatly döwletlerine bu ýerlileriň bes gelendigini taryh görkezýär. Alymlaryň pikirine görä Girkaniýa, Parfiýa we Türkmenistanyň beýleki birnäçe ýerleri b.e.öňki VII-VI asyrlarda Midiýa döwletiniň täsiri astynda bolup, Ýakyn Gündogarynda Asseriýa garşy harby syýasy dikme saýylypdyr. Başga bir maglumata görä, Parfiýa Midiýadan aýrylyp, özbaşdaklygyny doly özünde saklapdyr.

Şol döwürde Parfiýanyň ähli çäginde ýokary göteriliş bolupdyr. Günorta – Gündogar Hazar ýakasynda, Murgabyň aşaky şahalarynyň ugrunda ägirt giň jemgyýetçilik suwaryş desgalary döredilipdir.

Irki türkmen döwletleri şol döwürlerde özlerini dünýäniň eýesi saýan Ahemenidleriň alamançylygyna garşy durup bilipdirler. Ahemenidler patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ol ýurt boýun egdirildi diýilse-de, olaryň üstünden Ahemenid patyşalygynyň häkimliginiň bolandygy örän şübheli. Öz garaşsyzlygyny mydama diýen ýaly öz elinde saklap gelen türkmeniň gadymky ata-babalary b.e.öki 530-njy ýýlda massagetleriň şa-soltany Tomirisiň baştutanlygynda Kir şanyň goşunyny derbi-dagyn edýär. Şonda ganhor Kiriň kesilen başyny alyp, hanym Tomirisiň bir aýdan sözi asyrlara aşyp, biziň döwrümize ýetipdir: “Kim kesekiniň ganyna suwsasa, ol öz ganyndan doýar”.

B.e.öňki asyryň üçinji çärýeginde Aleksandr Makedonskiniň goşuny aralaşýança, Türkmenistanyň ähli welaýatlar özbaşdak bolupdyr. Iň bolmanda, ýazuw çeşmelerinde-hä ne Parfiýada, ne Horezminde ýa-da Margianada Ahemenidler döwletiniň goşuň berkitmeleriniň bardygy ýatlanýar.

Türkmenistanyň Aleksandr Makedonskiniň imperiýasyna girizilmegi öz täsirini gaty uzak döwürlere ýetiren ýagdaý bolupdyr. Bu ýurduň köp çägi Isgenderiň häkimligini ykrar edip, söweşsiz-çaknyşyksyz onuň raýatlygyna giripdir. Parfiýa bolsa beýik basybalyjynyň Aziýanyň has düýpli böleklerine aralaşmagy üçin güýç jemleýän düşelgesi hökmünde hyzmat edipdir.

Aleksandryň imperiýasyna girip, onuň ölüminden soňra ägirt uly döwletden bölünip dörän Selewkidler döwletiniň düzüminde bolmak bilen Türkmenistan ellinizm medeniýetiniň täsirine düşýär hem ellinistik medeniýetiň iň ajaýyp nusgalaryny Gündogar medeniýetine birleşdirýär.

B.e.öňki III asyryň ortalaryna çenli öz garaşsyzlygy ugrunda Selewkidler bilen barlyşyksyz göreşde ägirt güýçli döwletleriň biri emele gelýär. Ol gadymy dünýäniň agalygy ugrunda haýbatly Rim bilen bäsleşen Parfiýa şalygy bolupdyr.

Parfiýa şalygynyň höküm süren döwri b.e.öňki III asyrda başlap, biziň eramyzyň III asyry aralygy türkmen taryhynyň altyn eýýamy saýylýar. Onuň döremeginde esasy orny eýelänler Türkmenistanyň iň irki taýpasyndan bolan parfiýalylar, ýagny pornylar, apornylar bilen dohamiler, massagetler, horasmiýalylar we beýleki bütewi taýpalardyr. Olaryň ählisi türkmeniň irki milli düzümini döredenler – superetnos bolupdyr.

Irki türkmenleriň sermaýasynyň düzümi hem onuň kämilleşmegi örän irki zamandan gözbaş alyp gaýdýar. Antropologiýanyň görkezmegine görä, süýrikelle Ýewropa pisint jynly häzirki türkmenlere has bolan tipler Köpetdagyň etegi ýokada neolit döwründe hem bolupdyr. Şu jynsly tip hiç bir düýpli üýtgewsiz ençeme müňýyllyklardan aşyp, biziň döwrümize gelipdir.

Şonuň üçin biz Türkmenistana etnolandşaft zonanyň aýratyn häsiýetli ýeri diýýäris. Onuň kanunalaýyklygy ähli etnogenetiki toparlar üçin jyns tipleriniň durnukly saklanmagy bolup durýar. Munuň özi elbetde, içki özgerişlikler bolmandyr diýilmegini aňlatmaýar. Bu ýerde superetnos derejesine ýeten uly etniki toplumlar döräpdir hem dargapdyr.

Jyns tipleriň örän çylşyrymlylygyny hem onuň häzirki zaman türkmenleri bilen meňzeşligini parfiýa döwrüniň sungaty örän aň tassyklaýar. Takyk aýdanymyzda, goňur reňkdäki toýundan bişirilen terrakota – aýal hudaýynyň heýkeli Parfiýanyň hem Margiýanadan tapylan tapyndy munuň gönüden-göni subutnamasydyr. Syçanlydepeden tapylan şeýle heýkeliň biri hakda Türkmenistanyň arheologiýasyna hem-de gadymy sungatyna belet G.A.Pugaçenkowa şeýle ýazýar: “Bu aýal hudaýynyň ýüzi takyk görnüp duran süýnmek… ol antik döwrüniň şekillerinden düýpgöter aýry. Ol gartaşan teke aýalynyň dirije özüne çalym edýär, üstesine-de bu meňzeşlik olaryň etnografiki ugurlarynda-da utgaşýar, başynda şolaryň täjini ýa-da salýan tiara şekilli “börük”, döşünde ýasy medelýon – “gülýaka”, töweregi bolsa altyn ýa-da kümüş teňňeli “çaprazçaňňa”- bu zatlar türkmen aýallaryna hökmany degişlilik ahyryn. Görnüşinden b.e.başlarynda ýaşaýan topragy adama ýerli şerte laýyk ýüz keşbi hem onuň egin-eşik üýtgeşikligini aýratynlaşdyran bolsa gerek.

Köne hem täze Nusaýda gazuw-agtaryş işleri geçirlende, parfiýa aýallarynyň hem erkek adamyň döşüne dakýan kiçijik çaprazçaňňalarynyň ençemesiniň tapylandygy mälim.

Parfiýa – türkmen deňdeşligi diňe bir jyns tipleriniň meňzeşliginde ýa-da egin-eşikde däl, eýsem maddy hem ruhy-medeni babatda-da görüp bolýar. Ol laýykata ilkinji nobatda arhetekturada yzarlamak mümkin. Eýsem mürçelileriň diň şekilli düýpli pagsa gurluşygy, özboluşly hatar sütünleri gadymy Parfiýa Nusaýynyň “praioniki” düýpli gurluşygynyň nusgasy dälmidir? Ärsarylaryň howlusynyň üstündäki peýkam şekilli diş-diş erezleri, belkem, parfiýalylaryň hem margiýanalylaryň (Gäwürgala, Durnaly, Çilburç, Nusaý hem başgalar) söweş galalarynyň ok atyş gözaralaryndan alnan bolmagy ahmal.

Enolit zamanynda Günorta Türkmenistanyň daşdan ýasalan gap- çanaklarynyň ýüzündäki nagyşlary, parfiýa döwrüniň arhitekturasynda gurluşyk binalaryna salnan bezegleri bilen häzirki zaman türkmen haly nagyşlarynyň, el işleriniň keşdesini, halk senetkärleriniň gurluşyk binalara salýan bezeglerini derňemek hem olaryň arasyndaky genetiki baglanyşygy görmek bolýar. Bu baglanyşyk şeýle bir aýdyň welin, enolit eýyämindäki daş gap-çanaklardaky bezegler häzirki zaman halylarynyň nagşyny gaýtalaýan ýaly.

Üst-üst diş-diş bolup gidýän piramida şekilli bezegleriň dürli-görnüşi türkmen halylarynyň hem el işleriniň milli nagyş aýratynlygydyr. Bu görnüş köp şöhleli ýyldyzlaryň stilizleşen şekili bilen utgaşyp, haç şekilli görnüşler, biziň göwnümize bolmasa, kuýaş simwolyny döredýär.

Ol şekillere tersine, ýagny aýnanyň ýüzüne düşen ýagdaýynda seretsek türkmen halysynyň baş alamaty – göli şekillendirýär. Göl bolsa halynyň merkezi böleginiň nezegini düzýär. Göl dürli taýpalarda dürlüçe bolup, aslynda umumy milli görnüşi saklaýar. Gölüň nurunda millilik şekili bar. Bu simwoliki asyl nusga haly nagyşlarynyň beýleki elementlerine hem esas bolup gelýär. Olaryň “çarh” hem “çarhypelek”, “çakmak” we “çakmak göl”, “atanakgöl”, “çyraz”, “owadanälem”, “heýkel” “gün nagşy” diýlip atlandyrylyşy-da munuň aýdyň mysalydyr. Nagyşlaryň hem arhetektura bezegleriniň mukaddes mazmuny olaryň müňlerçe ýyl saklanyp gelmeginde türkmeniň neberebaşylarynyň milli aýratynlygy, taýpalarynyň aýratynlygy hem şol bir wagtyň özünde umumy bitewiliginiň alamaty – nyşany bolup hyzmat edipdir.

Şunuň bilen birlikde, Güne tagzym etmekligiň hem şondan gelip çykýan oda çokunmaklygyň Türkmenistanda örän gadymdan gelýändigini bellemek möhümdir. Türkmenleriň gadymy nesilbaşylarynyň biri bolan massagetler Gekateýiň hem Strabonyň aýtmagyna görä “diňe Güni hudaý bilipdirler hem oňa gylýallary sadaka beripdirler. Gadymy rowaýatlarda Gün ganatly bedewiň şekilinde bolup, Hudaýyň inkärnassiýasy hasaplanýar.

Jemläp aýdanymyzda, biziň ýurdumyz taryhda “Güneş ýurdy” diýlip atlandyrylýar. Türkmenleriň aslyny döredenleriň biri bolan Horezm sözi bolsa “Gün ýeri-ýurdy” görnüşinde hem tejrime edilýär. Horosan – “şäherler enesi”, Merw - “Günüň dogýan ýurdy” manyny aňladypdyr, türkmenleriň has soňraky atlandyrylan dagly mekany Nohur bolsa “Täze gün ýurdy” hökmünde tejrime edilýär.

Biz üçin bu ýerde ilkinji nobatda gymmatly zat, parfiýalylaryň esasy milli nagşy bilen häzirki türkmenleriň arasynda göni genetiki gatnaşygynyň bolandygyny görýäris. Bu gatnaşyk beýik maddy hem ruhy – medeni hyzmatdaşlykda-da saklanyp gelipdir.

Bu ýurduň ýerleriň ady bilen baglanyşyklylyk-da hem ýüze çykýar. Häzirki çäginde dag gaýalarynyň birinde gadymlar Parau, ýagny Parfiýa daglary diýlip atlandyrylyp, orta asyrlarda oňa Parau ýa-da Ferawa diýilipdir. Orta asyrlaryň döwlet dili bolan arap elipbiýinde “p” harpynyň bolmazlygy hem arap ýazuwynyň kadasyna laýyklykda Parawa – Ferawa rabady, ýagny kerwensaraý diýlipdir. Şol ýerdäki oba hem doga häzir-de Paraw diýilýär. Ol ýerde ýerleşen aramgähe bolsa Parawbibi diýilýär. (Gyzylarbar etraby). Megerem, alymlar tarpyndan takyk manysy kesgitlenilmedik Garrygaladaky kükürt suwly, sarpaly çeşme Parhaý, Bathyz hem Garabildäki örän owadan, gözel belent gyra tutuşlygyna Parapamiz diýilmegi-de Parfiýa ady bilen baglanyşykly bolsa gerek. Näme üçindir bu at tebigatyň gözel ýerlerine dakylypdyr. Olaryň ählisi dag hem dagyň sapaly ýeri bilen baglanyşykly. Eýsem Parfiýa döwletiniň merkezi-de dagyň alkymynda, derýa suwunyň ýakasynda, gözel hem täsin baýyrlyklaryň arasynda, örän sapaly ýerde ýerleşýär. Şonuň üçin bularyň arasynda berk betigy ýakynlyk bar. Türkmenistanyň başga ýerlerinde däl, hut häzirki Aşgabat hem Gyzylarbat şäheri aralygynda-da parlar diýen türkmen taýpasy entegem şol ady ýitirmän ýaşap gelýär.

Türkmen halkynyň köp asyrlyk taryhynyň esasy bölegini uruşlar tutýar, bu mekana keseki halklar mydama hüjüm edip gelipdir. Aslynda bolsa gadymy döwrüň we orta asyrlarda “beýik” diýlip baha berlen Dariý hem Kir, Isgender Zulkarneýn, Sasani beginiň nesli, arap halyflary we Çingiz han, emir Temir we Nedir şa Afşary hem beýleki ownuk-uşaklar bu jennet kybap topragy basyp almak isläpdirler. Bellije bir çäkli döwrüň içinde eýelik etdi diýäýmeseň, olaryň hüjüminiň hiç biri ahryky netijede bu halky syndyryp bilmändi.

Şondan ugur alsak, biz Türkmenistany diňe bir geografiki jähtden däl, eyşem etniki zolak hökmünde-de ýeke-täk bitewi, daşdan gelen howp-hatary gaýtaryp bilmek derejede ösendigine gö ýetirip bileris.

Diýmek, türkmen halkynyň taryhy kökleri onuň irki aslynyň – gadym eýýämki türkmenleriň ata-babalarynyň ýaşan, soňy bilen birleşip, biz etnosy emele getiren hem türkmen adyna eýe bolan topragyndadyr. Gadymyýetiň güýçli döwletleriniň birini döreden, türkmen halkynyň hem dünýä medeniýetine öçmejek sahypa bolup giren ol halklaryň biri parfiýalylar bolup durýar.

Paleolit döwri

Paleolit. Urugçylyga çenli döwür. Urugçylyk gurluşynyň döremegi.

1. Aşaky paleolitiň düşelgeleri.

2. Ortaky paleolitiň düşelgeleri.

3. Ýokarky paleolit.

4. Paleolit jemgyýetine häsiýetnama.

Orta Aziýanyň çäklerinde ilkinji adamlaryň haçan ýüze çykandygyny aýtmak kyn. Alymlaryň bir topary Orta Aziýa ýerlerinden ilkinji adamlaryň kemala gelen, ýerleriniň biri diýip netije çykarýarlar.

Ilkinji adamlar tarapyndan ulanylan daş gurallara daýanyp, alymlar adamzadyň kemala gelip başlan döwründen bäri 3-2,5 mln. ýyl töweregi wagt geçipdir diýipkesgitleýarler. Adamzadyň taryhynyň ilkinji döwürlerini esasan arheologiýa ylmynyň maglumatlaryna daýanyp öwrenýäris. Gadymyýeti öwrenýän alymlar gadym eýýamda ýaşan adamlaryň peýdalanan zähmet gurallaryny nazarda tutup, adamzadyň iň gadymy taryhyny üç döwre daş asyry, mis-daş asyry we bürünç asyry diýen böleklere bölýärler. Daş asyrynyň iň irki döwri paleolit (grekçe palaýos gadymy, latynça Litos- daş), Ýagny, gadymy daş asyry diýip atlandyrylýar. Paleolit öz gezeginde iki döwre aşaky paleolit 3-2,5 mln ýyl mundan öňden b.e.öňki 40 müň ýyllyga çenli ýokary paleolit – 40-14 müň ýýl mundan ozalky döwri öz içine alýar.

Türki paleolite degişli arheologiki tapyndylaryň ilkinjisi 1953-nji ýylda A.P. Okladnikow tarapyndan Gyrgyzystanda Naryn derýasynyň golaýynda oňa Arça derýajygynyň kenaryndan tapyldy. Ol adam tarapyndan timarlanyp ýylmanak edilen çagyl daş guralydyr. Şondan soň şeýle tipli tapyndylar Orta Aziýanyň territoriýasyndan 10-a golaý ýerden tapyldy. Şeýle çagyl daşdan bejerilen ýaraglar Günbatar Ýewropanyň çäklerinden hem tapyldy. Şol çagyl daş gurallary tipologiki taýdan analizlenende olaryň Hindistandan tapylan Soan Paleolit medeniýetine meňzeşligiň bardygy anyklanyldy. Geologiki maglumatlaryň tassyklamagyna görä çagyldaş gurallar mundan 200 müň ýyl öň peýdalanylypdyr. Maglumatlara görä şol wagtlar pilleriň gadymy görnüşi, gadymy atlar, momontlar, uzyn şahly bizonlar, nasoroglaryň dürli görnüşleri ýaşapdyrlar. Şol döwre degişli daşdan bejerilen el çapgyzlary Türkmenistanyň günbatar böleklerinden ýagny Sumbar jülgesinden (Garrygala etrabyndan) tapyldy.

Orta Aziýanyň çäklerinden ortaky Paleolit zamanasynyň degişli maddy ýadygärlikler has köp tapyldy. Bu döwür mustýer medeniýetiniň gülläp ösen döwri, ýagny, neandertallaryň ýaşan zamanasydyr. Olardan bolsa ortaky we ýokarky paleolitde adamlaryň häzirki zaman görnüşleri kemala gelipdir.

Ilki durmuş gatnaşyklarynyň taryhyndan belli boluşy ýaly adamyň ewolýusion ösüşinde birinji basgançak awstralopitenlere ikinji basgançak pitekanitroplara degişlidir neandertallar bolsa ikinji basgançagyň iň soňky wekilleridir. Olaryň süňkleri Ýewropanyň, Aziýanyň, Afrikanyň köp ýerlerinden tapyldy. Pitenkantroplar maýmynyň köp alamatlaryny özünde saklapdyrlar. Pitenekatroplaryň soňraky nesli sinantroplardyr. Pitekantroplaryň beýnisiniň möçberi – 900 sm3-a , sinantronlaryňky – 1050 sm3-a, Neandertallaryňky bolsa – 1350 sm3-a barabardyr. Şeýlelikde neandertallar häzirki zaman adamlaryna has ýakyndyr.

Adamzadyň ösüşiniň üçünji basgançagy adamlaryň häzirki zaman görnüşiniň döremegi bilen baglanyşyklydyr. Eýýäm giçki paleolitde ol adamlar ýeke-täk bolup olar irki we giçki paleolitiň çatyrygynda ýüze çykypdyrlar. Olaryň beýnisiniň möçberi 1400-1500 cm3 bolupdyr.

Orta paleolit zamanynda jemgyýetiň öndüriji gurallardaky özgerişlikler aşaky paleolit bilen deňeşdirende çalt ýöne gidipdir. Zähmet gurallaryny ýasamaklygyň tehnikasy kämilleşipdir, formasy üýtgäpdir, funksiýasy dürlileşipdir.

Adamlar ody diňe bir öçürmän saklamagy başarmak bilen çäklenmän, eýsem ony çakmak bilen almanyda başarypdyrlar.

Täze statistik usullar dürli regionlarda şol sanda Orta Aziýada-da ortaky daş asyryna degişli ýerli medeniýetiň bolandygyny ýüze çykardy. Hut şol eýýamda iri jemgyýetçilik birleşmeleri bolupdyr diýmeklige hem esas bar.

Mustýer zamanyna degişli ilatly punktlaryň Orta Aziýanyň düzlük we daglyk raýonlaryndan-da üsti açyldy.

Mustýer medeniýetine degişli ýadygärlikler Türkmenistanda Krasnowodskiý ýarym adasynda, Merkezi Köpetdagda, Özbegistanda- Taşkentiň we Samarkandyň golaýyndaky gowaklarda üsti açyldy. Täjigistanda günbatar darganata, Ura-Týube raýonynda, Gissar we Wahş jülgelerinde hem-de Dangary raýonynda köp sanly medeni gatlaklaryň üsti açyldy.

Dünýä ylmynda Deşik-daş gowagy ilkidurmuşyň taryhynda görnükli orun tutdy. Ol Termez şäheriniň golaýynda Baýsundagda Turgandarýa jülgesinde ýerleşýär gowakda bäş sany medeni gatlak bar. Bu ýerde neandertallar ýaşap, olar bu gowagy birnäçe gezek taşlap gidip soňra ýene-de yzyna dolanypdyrlar. Bu ýerden 3 müň golaý daşdan bejerilen ýaraglar tapylyp, olaryň 339-sy kämil derejesine ýetirilipdir. Olaryň içinde has giň ýaýranlary ýiti uçly daşdan bejerilen pyçagyň iki görnüşi hem-de Süýrugilt gazawdyr. Ýiti uçly pyçak esasan agaç, deri işlemek üçin ulanylypdyr. Deşik daşlylaryň köplenç Orta Aziýanyň daglarynda örän köp bolan Sibir dag geçisini awlap iýmitlenipdirler. Ondan başgada olar sugun, aýy, gaplaň hem-de beýleki maýda ýabany haýwanlary awlapdyrlar.

Tapylan ýadygärlikleriň içinde iň ähmiýetlisi 8-9 ýaşly mustýer çagajygynyň süňkleridir. Öňki SSSR-iň territoriýasynyň köp ýerlerinden neandertal adamlarynyň ýaşan ýerleriniň ýazylyp alynandygyna seretmezden, olaryň hiç birinden hem şeýle gymmatly tapyndy tapylmady.

Deşikdaş gowagyndan tapylan tapyndylaryň toplymynyň, beýleki gowaklardan tapylan tapyndylar hem üstüni doldurýar. Şeýle tapyndylaryň biri Daşkentden 100 km-de Obirahmat diýen ýerde gowakdan tapyldy. Bu ýerden mustýer zamanynyň 30 müňe golaý önümleri tapyldy.

Köp sanly tapyndylar Gaýrakgumda Hojent bilen Naukatyň aralygynda syrderýanyň jülgesinden tapyldy.

Bu tapyndylaryň ählisi mustýer zamanyna degişlidir. Günorta Täjigistandan tapylan käbir tapyndylarda Hindistandan hem-de täjigistandan günorta-gündogardaky ýurtlardan tapylan tapyndylara meňzeşlik bar. Şeýle tapyndylar jyllykal posýologynyň golaýynda Wahş jülgesinde Gara-Baradan tapyldy.

Has gadymy döwre degişli tapyndylar ilkinji gezek 1949-njy ýylda Krasnowodskiden gündogarda Aşgabatdan 39 kilometrlikde Ýaňyşa we Garataňňur stansiýalarynyň aralygynda ýüze çykaryldy. Daşdan nepis edilip ýokulan el kerçewajy alymlaryň çaklamalaryna görä mundan 300 müň ýyl öň adamlar tarapyndan bejerilipdir we peýdalanylypdyr.

1962-nji ýylda Merkezi Köpetdagda, Aşgabadyň golaýynda, Çüli çaýynyň ýokary akymynda ýerleşýän Danjasuw diýen ýerden iň gadymy adamlaryň peýdalanan zähmet gurallarynyň köp sanlysy ( kykleuslar, çopperler, gazowlar, plastinka görnüşli daş gurallary) tapyldy.

1980-1981-nji ýyllarda günorta gündogar Köpetdagda, ýagny Sumbar we Çendir derýalarynyň jülgelerinde geçirilen barlaglar netijesinde b.e.öňki 300 müň ýyl oňki döwre degişli daşy iki taraplaýyn ýarylyp ýasalan uly nukleuslaryň, pyşbaga şekilli togalak gurallaryň, gazawlaryň, ujy ýiti enjamlaryň üsti açyldy. Garabogaz kölüniň günorta-gündogar kenarlarynda ýerleşýän janagyň golaýynda iň gadymy adamlaryň ussahanasynyň üsti açyldy. Ol ýerden hem dürli görnüşli nukleuslar, gazawlar, ujy ýiti, iki tarapy ýiteldilen gurallar tapyldy.

Monjuklynyň golaýyndan, Uzboýyň kenarlaryndan tapylan pil süňküniň bölekleri, aýak süňkleri, syrgaly azy dişleri, Çelekenden tapylan sugunyň şahy adamzadyň iň irki durmuşy barada köp maglumatlar berdi.

Irki we ortaky paleolit zamanlarynda ilkidurmuş adamlara Türkmenistanyň köp ýerlerinde, ýagny Krasnowdsk ýarym adasynda, Jananda, Uzboý ýakalarynda, Sumbar-Çendir derýalarynda, Merkezi Köpetdagda Aşgabadyň günbatar demirgazyk tarapynda, Bathyz baýyrlyklarynda, Çarşaňnyda Bulanderýa jülgesinde, Gowurdakda Balahana dagynda ýaşapdyrlar. Şu ýerlerde iň gadymy adamlaryň peýdalanan zähmet gurallary tapyldy.

Giçki paleolit döwründe ýagny mundan 40-35 müň ýyl öň ilkidurmuş adamlarynyň durmuşynda düýpli özgerişler, ýagny adamlaryň häzirki zaman görnüşiniň kemala gelmek prosessi bolup geçipdir.

Daşdan bejerilen gurallar kämilleşipdir. Mustýer zamanyndaky 3-4 görnüşli daş gurallarynyň ornyna, köp dürli daş gurallary peýda bolupdyr. Leuka subut edilýän maglumatlar Türkmenbaşy-Aşgabat demirýolunyň 39-40-njy kilometrliginden tapyldy. Şol ýerden tapylan tapyndylar gadymy ussalar daşdan uly bolmadyk gysgyç daşlary, nepis, ýuka hem ýiti uçly deşewaçlary taýýarlapdyr. Ol gurallar agaç, öýňi kesmek, ýa-da örän inçe zergärçilik işini ýerine ýetirmek üçin amatly bolupdyrlar. Deşewaçlaryň kömegi bilen adamlar awlan haýwanlarynyň derisinden gödegräk hem bolsa ýönekeýje egin-eşik, azyk önümlerini salar ýaly hasta, meşik tikipdirler.

Ýokarky paleolitde taýpalar kemala gelip bu döwürde kämil enelik urugçylyk obşinasy dowam edip, onda enelik ugry boýunça garyndaşlyk gatnaşyklary saklanyp adamlaryň ekzogam (içki) nika toparlarynyň öňünde jemläpdir.

Giçki paleolitde adamlar daş gurallary bilen bir hatarda süňkden, haýwanlaryň şahyndan naýza meňzeş enjamlaryň uglyna geýdirilýän ýiti uçly ýaraglary, çukur gazmak üçin niýetlenen gurallary asandyrlar. Adamlaryň arasyndaky ilkinji zähmet bölünşigide giçki paleolitde ýüze çykypdyr. Erkek adamlar aw awlamak, balyk tutmak, dürli zähmet gurallaryny öndürmek bilen meşgullansa, aýallar we çagalar bolsa ýabany ösümlikleriň miwelerini toplamak, çagalary terbiýelemek bilen meşgullanypdyrlar. Jemgyýetiň ösüşiniň etabynda toparlaýyn nika gatnaşyklary dowam edip, nesil ugry boýunça kesgitlenipdir. Aýallaryň we erkekleriň arasyndaky zähmet bölünşigi jemgyýetiň öňe tarap ösmegine oňaýly täsir edipdir, zähmet öndürijiliginiň aýtmagyna, aýallaryň jemgyýetdäki rolunyň ýokarlanmagyna, umuman enelik urugynyň has-da rowaçlanmagyna getiripdir.

Oduň peýdalanylyp başlanmagy adamyň tebigatyň janly güýçlerinden ilkinji iň uly geňeşi hasaplanyp adamzadyň haýwanat dünýäsinden gutarnykly saýlanmagyna getiripdir. Ot adamlary sowukdan, wagşy haýwanlardan gorapdyr. Zähmet gurallary we ýaraglary ep-esli kämilleşdirmeklige mümkinçilik beripdir. Adamlar indi nahary aýratyn-da eti bişirip iýip başlapdyrlar. Munuň özi ilki bilen etiň organizmde oňat siňmegine mümkinçilik bermegi bilen bir wagtda adamyň kämilleşmeginde hem uly rol oýnapdyr.

Edebiýatlar

1. A. Gubaýew. Первобытные пмятники южного Туркменистана- Ашгабат.1983

2. Первобытный Туркменистан Ашг-1976

3. История древного мира М. «Прывешения» 1985

4. Б.Т. Гапуров. Таджики I книга Душенбе «Ирфон» 1989

5. Туркменистан ССР-нин тарыхы. Т.1. Ашг.1959

6. Туркменистанын тарыхы I болум. Ашгабат 1994

7. История Узбекских ССР т.1 кн 1-я Ташкент 1955

Başga dillerde

This page is based on a Wikipedia article written by authors (here).
Text is available under the CC BY-SA 3.0 license; additional terms may apply.
Images, videos and audio are available under their respective licenses.