Aňyýet

Aňyýet – dünýägaraýyşdyr. Aňyýet jemgyýet, döwlet bilen adamlaryň dürli toparlarynyň, ene-atalaryň, olaryň çagalarynyň milli gatnaşyklarynyň milli esasydyr. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden akyldar şahyr Magtymgulynyň dünýägaraýşyna laýýk gelýän milli aňyýetiň bolmagyny nygtady.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň taryhy taglymaty

Mowzuk : Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň taryhy taglymaty.

MEÝILNAMA :

1. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy türkmen halkynyň taryhyny täzeden we dogruçyl öwrenmegiň zerurlygy.

2. Türkmen halkynyň taryhyny täzeden öwrenmek ugrunda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň bitiren hyzmatlary.

Türkmen halkymyzyň Ilkinji we Ömürlik Prezidenti Baky Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistan döwletiini esaslandyryjy Beýik Şahsyýetdir. Onuň türkmen milletimiziň durmuşynda, ykbalynda bitiren beýik işleri ägirtdir, çäksizdir, sanardan kändir. Olaryň iň esasylary Baky Beýik Serdarymyzyň 8 asyryň zarynlygyndan, horlugyndan, jebir süteminden, kesekä baknalygyndan soň Garaşsyz Türkmen döwletini döremegi, oňa baky Bitaraplyk hukugyny alyp bermekligi, dünýä jemgyýetçiliginde, durmuşynda ösüşiň türkmen nusgasyny döretmekligi, ony dümýä ykrar etdirmekligidir.

Mähriban Serdarymyzyň taryhy taglymaty Garaşsyz we baky Bitarap milli döwletimizi, Saparmyrat Türkmenbaşy jemgyýetini dörediji, täze türkmen milletini kemala getiriji, dünýä syýasatynda türkmeniň özboluşly ösüş ýoluny esaslandyryjy, umumyadamzat gymmatlygy bolan Mukaddes Ruhnamany bütin adamzada peşgeş beren, Beýik Dörediji, Beýik Şahyr Serdarymyzyň gadymy we müdimi türkmen taryhymyza garaýyşdyr. Mukaddes Ruhnamadan süzülip çykan – bu taglymat dünýäniň iň gadymy taryhyna, onuň umumyadamzat siwilizasiýasyna goşan ajaýyp goşantlaryna bagyşlanan taglymatdyr. Bu taglymat şahsyýetiň we jemgyýetiň aňyna täsir ediş taglymatdyr. Çünki milletiň Ruhy atasynyň nygtaýşy ýaly : “Adamy – durmuş, şahsyýeti – taryh terbiýeleýär” (1. 64 s.), “Taryh biziň üçin iň gymmatly terbiýe mekdebidir” (1. 146 s.).

Taryhy taglymat milli aňyýetiň möhüm düzüm bölegi bolmak bilen milleti ruhybelentlige, ýaşaýşa, gaýduwsyzlyga, watansöýüjilige galkyndyryjy, tämiz çeşmedir. Bu durmuş hakykatyny nazara alýan Beýik Serdarymyz : “Meniň pikirlerimiň ylham çeşmesi – türkmen taryhydyr” (1.76 s.) diýip nygtaýar.

“Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň taryhy taglymaty” milli taryhymyzy öwrenmekligiň, öwretmekligiň we ony ýazmaklygyň usulyýet esasydyr, ylmy mekdebidir. Mähriban Serdarymyz täze jemgyýeti gurmakda XXI asyry türkmeniň Altyn Asyryna öwürmekde, milli aňyýetde taryhy hakyda, ata-babalarymyzyň ruhy mirasyna uly ähmiýet berýär. Şonuň üçin hem öz milli taryhymyzy dogruçyl öwrenmekligiň, öwretmekligiň, ýazmaklygyň zerurlygyny, onuň milli Galkynyşyň hamyrmaýasydygyny nygtaýar. Milli taryhymyzy edebiýata, milletimiziň aňynda, dünýägaraýyşynda, gündelik ýaşaýyşynda, Ruhubelntlikde dikeltmegi ündeýär. Sebäbi beýik halkyň beýik taryhy dogruçyl dikeltmelidir, beýan edilmelidir we nesillere miras galmalydyr.

Türkmen taryhy barada müňýyllyklaryň dowamynda, dünýäniň çar künjeginde , onlarça dillerde ýazylan işler sanardan kändir. Olaryň ýazylmaklarynyň sebäpleri-de dürliçedir. Kim ony keseden synçynyň, syyahatçynyň, ýönekeý bilesigelijiniň gözi, dünýäsi bilen ýazsa, kim ony basybalyjylaryň nukdaý nazaryndan beýan etdi. Milletimiz hakynda ýazylan taryhy işleriň arasynda ýek-tük türkmen taryhçysynyň ýazan işleri-de boldy.

Ýöne umuman alanyňda, Mähriban Serdarymyzyň janyndan syzdyryp aýdyşy ýaly “türkmen taryhyny türkmen taryhçysyndan başga her kim ýazdy. Olar türkmeniň taryhyny öz isleýişleriçe ýazdylar” (1. 58 s.).

Baş Mugallymymyz Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy taryhy öwrenmek we öwretmek bilen ondan durmuş sapagyny almagy ündeýär, usulýet edýär.

Milletiň Ruhy Atasynyň Mukaddes Ruhnamasynda türkmen taryhy pelsepewilik nukdaý nazaryndan beýan edilýär. Şoňa görä-de Mukaddes Ruhnama türkmen taryhynyň pelsepewi beýanydyr, taryhy hakydanyň müňýyllyklaryň dowamyndaky nesilden-nesile geçişiniň beýanydyr, gelejegiň ýol görkezijisidir.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň taryhy taglymatynyň düýp özenleriniň biri-de milletimize, damarynda türkmen gany bar her bir adama, türkmeniň dostlaryna türkmen taryhyny doly we dogruçyl öwretmeklikdir. Mähriban Serdarymyzyň özi ony şeýle nygtaýar : “Ynha, Ruhnamany ýazmak bilen maksadym – her bir türkmene taryhy hakykaty bildirmekden ybarat” (1. 62 s.).

Türkmen taryhynyň halasgäri Beýik Saparmyrat Türkmenbaşydyr. Ol türkmen taryhyny öwrediji Beýik Alymdyr. Mähriban Serdarymyzyň türkmen taryhyna bolan garaýşy onuň taryhy taglymatynyň özenidir, many-mazmunydyr.

Jemgyýetiň ösüşinde ylma uly üns berýän Beýik Milletbaştutanymyzyň milli ylymymyzda ylmyň beýleki birnäçe ugurlary bilen bir hatada milli taryh ylmy mekdebini-de esaslandyrdy. Mähriban Serdarymyzyň milli taryhymyza bolan belent buýsabjy, goýan sarpasy, çuňňur gyzyklanmasy, uly goldawy diňe bir bize – türkmenlere däl-de, eýsem bütin adamzada mälimdir, Mukaddes Ruhnama bolsa onuň aýdyň subutnamasydyr. Bu ajaýyp eserde gadymy türkmen taryhynyň köp wakalary, çözgütleri taryhda ilkinji gezek ylmy nukdaýnzaradan öz beýanyny tapdy. Mähriban Serdarymyz sözüň doly manysynda türkmen milli taryhyny we taryh ylmy mekdebini esaslandyryjydyr. Bu durmuş hakykatyna göz ýetirmek ony özleşdirmek üçin ýurt Garaşsyzlygymyzy almazymyzdan öň, şol wagt atlandyrylyşy ýaly TSSR-de, taryh ylmynyň nähili ýagdaýda bolandygyna gysgaça göz aýlamak zerurdyr.

Sowet taryh ylmy marksistik-leninçilik aňyýetdi, dünýägaraýyşdy. Ol dünýäniň ähli künjeginde hökmany suratda sosialistik rewolýusiýanyň ýeňjekligini kommunizm guruljakdygyny, kapitalizimiň geçmişiň zyýanly galyndysy hökmünde ýok bolyp gitjekdigini tekrarlaýan ylymdy.

Beýik Serdarymyz Mukaddes Ruhnamada milli taryhymyzyň sowet döwründe öwrenilişi barada şeýle ýazýar : “Men SSSR-iň düzümindäki 74 ýyllyk taryhymyzy çuňňur öwrendim.Olarda diňe türkmenleriň içindäki göreş bellenilýärdi, emma türkmen halkynyň ajaýyp we örän kyn geçmişi hakynda ýazgylaryň düşnigi hem ýokdy. Bu geçmiş edil bolmadyk ýalydy. Hemme zat häzirki zaman taryhynyň üstüne asylýardy, halkyň ykbalyna-da şol jähtden garalýardy, onuň çözülişi-de şeýle hörplendi”. (1. 270 s.)

Bilim ulgamynda, mekdeplerde Türkmenistanyň taryhy özbaşdak ders hökmünde okadylmaýardy. Ol SSSR taryhy diýilýän derse tirkelip okadylýan mugallym islese-hä ony okadardy, islemese-de okatmazdy. Bu meselede onuň towguna tok diýen bolmazdy. Tersine okatmasa gowy görülerdi. Hernä milletimiziň alnyndan ak gün bolup dogan Mähriban Türkmenbaşymyzyň Watanymyza, halkymyza bolan çäksiz söýgüsi, buýsanjy, hyzmaty, güýç-kuwwaty, jöwher zehini, gujur-gaýraty, tagallasy bilen Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz döredi.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy täze milli taryh ylmynyň, ylmy mekdebiniň kemala gelmegi üçin ilki bilen taryhymyzy täzeçe ýagny marksistik-leninçilik we şol pisint aňyýetlerden halas, taryhylyk, millilik, dogruçyllyk, Ruhubelentlik, milli bitewilik nukdaýnazarda ýazmaklygyň zerurlygyny nygtady. Ol bu işde başlangyç ugur hökmünde “Bize doly hakykaty açyp görkezýän taryh gerek. Ajy-da bolsa, süýji-de bolsa taryhy dogruçyl beýan etmeli” diýip nygtady.

Beýik Serdarymyzyň bu pähim parasady türkmen taryhyny ýazýan, onuň bilen gyzyklanýan her bir adam üçin ýol görkezijä öwrüldi. Şeýlelikde milli taryhymyzy täzeçe ýazmagyň, öwrenmekligiň we öwretmekligiň ilkinji ädimleri ädilip ugraldy.

Milli taryh ylym mekdebiniň, ylmynyň kemala gelmeginiň ilkinji şertleriniň biri taryhy öwrenmekligiň, öwretmekligiň we ýazmaklygyň taglymat esasynyň, aňyýet ugrunyň, mazmunynyň, usulyýetiniň kesgitlenmegidir. Bularyň barynyň anykdan –anyk çözgüdi bolsa türkmeniň Mukaddes Ruhnamasyndadyr. Mähriban Serdarymyz Mukaddes Ruhnamasynda : “Meniň baş taglymatym – Ruhnamadyr. Dünýägaraýşyň ulgamy bolan Ruhnama meniň öňe süren ähli syýasy ýörelgelerimiň, ykdysady hem durmuşy, medeni häsiýetli maksatnamalarymyň taglymat esasydyr, onuň jemgyýetiň dürli ugurlarynda amal edilişiniň usulydyr” (1. 19 s.) diýip nygtaýar. Bu hakykat Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen milli taryh ylymymyz babatda-da hut şeýledir. Bu barada Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Mukaddes Ruhnamada şeýle ýazýar : “Ruhnama taryh kitaby däldir, ýok, ol milli taryhy nädip ýazmalydygynyň dünýägaraýyş, umumyruhy esaslarynyň kitabydyr” (1. 74-75 s.). Diýmek Mukaddes Ruhnama milli taryhymyzy ýazmaklygyň, öwrenmekligiň we öwretmekligiň baş ýörelgesidir.

Mähriban Serdarymyz taryhymyzy öwrenmekde özboluşly ruhy döwür kanunalaýyklygyny ýüze çykardy.

Milli taryhy döwürleşdirişiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy nusgasydyr. Ol milletimiziň 5 müň ýyllyk durmuş taryhy ýoluny, ruhy ösüşiň esasynda 5 döwüre böldi. Bu babatda Mukaddes Ruhnamada şeýle ýazylýar : “Türkmen milleti döräli bäri onuň milli ruhy bolupdyr, her döwürde şol ruh dünýäniň özgermegi bilen öz öwüşginini tapypdyr, emma gymmatlygyny ýitirmän, kämilleşip 5 eýýamy geçipdir” (1.290 s.).

Mähriban Serdarymyzyň milli taryhymyza aýratyn üns bermegi ilkinji nobatda taryhy düşünjäniň, akyl ýetirişiň jemgyýete, şahsyýete edýän uly täsiri bilen baglydyr. Sebäbi Mähriban Serdarymyzyň belleýşi ýaly : “Adamy-durmuş, şahsyýeti-taryh terbiýeleýändir” (91. 64 s.).

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy taryh ylmy hakynda gürrüň edende “Dünýä taryhynda taryhy diňe taryhçylar, taryhçy alymlar ýazypdyr. Taryh diňe şolaryň nukdaýnazarlary esasynda baha berilipdir” (“Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň halk demokratiýasy” (9 s.) diýip nygtaýar. Bu dogrudanam şu güne çenli dowam edip gelen durmuş hakykatydyr.

Ýöne Mähriban Serdarymyz türkmen milli döwletini, jemgyýetini döretmegiň her bir meselesinde bolşy ýaly, onuň taryhyny ýazmaklykda we öwrenmeklikde-de täzeçilik girizmegi teklip edip, bu meselede döwlet ýolbaşçysynyň nukdaýnazarynyň hem zerurlygyny nygtaýar. Bu babatda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy : “Türkmen ruhubelentlikden we gaýduwsyzlykdan dörän milletdir” atly makalasynda : “Diňe bir türkmen taryhynda däl, eýsem dünýä halklarynyň taryhynda hem taryha döwlet ýolbaşçysynyň nukdaýnzary ýok. Maňa gelen köp sanly hatlardaky haýyşlary göz öňünde tutup, döwlet ýolbaşçysynyň nukdaýnazaryndan türkmen taryhyny size ýetirmekde men zerurlyk duýýaryn” (9 s) diýip ýazýar.

Beýik durmuş Mugallymymyz milli taryhymyzy taryhy wakalary, seneleri, taryhy şahsyýetler baradaky ýa-da şolara meňzeş manydaş ýagdaýlary sözme-söz ýat tutmak däl-de, milli aňyýetiň, mili düşünjäniň, ruhubelentligiň, dünýägaraýşyň kemala gelmegi taryhy hakydanyň nesillerde oýanmagy, janlanmagy , nesilden-nesile geçmegi üçin öwrenmegi hem-de öwretmegi ündeýär, wesýet edýär.

Mertebesi belent Beýik Serdarymyz Mukaddes Ruhnamasynda milli taryhymyza aýratyn üns bermekliginiň sebäplerini şeýle düşündirýär : “Üns berseňiz, Ruhnamada türkmen taryhyna aýratyn üns berilýändir. Munuň özi ýöne ýere däldir. Türkmene düşünmek üçin, ilki bilen, onuň taryhyny bilmelidir. Türkmen özüni tanamalydyr. Türkmen halky türkmeni türkmen edip biljek güýjüniň diňe türkmendigine düşünmelidir” (“Türkmen halk Demokratiýasy”, 9 s).

Hut şonuň üçin hem Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy bize ýüzlenip : “Eziz adamlar ! Ruhnamada türkmen taryhyna uly orun bermegimiň sebäbi siziň türkmen taryhyny çuňňur bilmegiňizi, oňa düşünip buýsanmagyňyzy isleýänligimdir”. (Türkmen Halk Demokratiýasy, 9 s.).

Mähriban Serdarymyzyň Mukaddes Ruhnamasynda : “Türkmeni galp taryh ýazyp kiçeldip bolmaz, sebäbi onuň örän uly taryhy bar !

Türkmeni galp taryh ýazyp, hapa bulap bolmaz, sebäbi türkmeniň örän päk tebigaty bar !” (1. 58 s.) diýen çuňňur manyly, belent buýsanja gaplanan, her bir türkmeniň başyny göge ýetirýän Ruhubelent sözleri kalbyňy joşdurýar, Watana, millete bolan söýgüňi beýgeldýär.

Biz Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň pähimlerine we sargytlaryna esaslanyp taryhymyz hakykata laýyk edip ýazmalydyrys, öwrenmelidiris. Mähriban Serdarymyz Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy türkmen taryhyny täzeçe, dogruçyl,

Häzirki zaman dünỳäsinde Türkmenistanyň orny

Häzirki zaman dünỳäsinde Türkmenistanyň orny.

Adamzat kämilleşmesiniň bütin taryhynyň dowamynda dünÿäniň halklary öz ösüşüniň dürli döwürlerini başdan geçirdi şol wagt döwleti berkarar etmegiň,özüňi ykrar etmegiň ÿollaryny agtardy milli aňyÿet arşa göterildi dürli özgerişikler boldy.Mazmuny boÿunça bu hadysalarň ählisi taryhyň bir bitewi dowamat ulgamydyr,halklaryň demekratÿany,we azatlygy gazanmaga,pugta parahatçylyga we adalatlylyga hyjuwy bolsa şol ulgamyň ilerilemegimi üpjün edÿän güÿçdir.Biz adamzadyň urşuň we parahatçylygÿň sepgidine näçe gezek barsada hemişe parahatçylygň ÿeňendigini bilÿäris we hut şu hadysanyň özi taryhyň onuň ösüşine ynanmak üçin esasdyr.Meseläniň özeni adamzadyň öz arzuwlan belentligine tarap taryhy ÿolda parahatçylyga tarap ÿolda ilerlemegi üçin nähili tagallalary etmegi bolÿanlygyňdadyr.

Şonuň bilen baglanşykly iňhäzirki taryh dünyäsyÿasatyndaky düÿpli özgermeler bilen häsiÿetlenÿär, olar hem köp babatda dünÿäniň we ynsanyň öňünde döreÿän täze meseleleri çözmek üçin milletler bileleşiginiň ähliumumy arkalaşykly tagallalarynyň aÿratyn ähmiÿeti sebäpli ÿüze çykÿar, onuň orny ynsanyÿetiň tejribesine barabar barha artÿar.

Özüniň dörän pursatyndan başlap, öz oňup bitaraplyk syÿasatyny jar eden biziň ÿaş döwleimiziň tejribesi şunuň bilen baglanşykly şühesiz gyzyklydyr.

Şöhratly ÿeňişlere beslenen we ÿitgi çekilen bäş müň ÿyldan uzak taryhy ÿoly geçen, türki halklaryň iň gadymylarynyň biri bolan tükmen halky Garaşsyz tükmen döwletini hakykatda täzeden berkarar etmegiň we milletiň iňňän gadymy we iňňän baÿ medeniÿetini köp asyrlyk gyraklatmadan soň täzeden dünÿä gatnaşyklaryna ornaşdyrmagyň täze zamanasyna gadam urdy. Özümiziň özara baglanyşykly dünÿä bileleşiginiň bir parçasydygymyza akyl ÿetirmek bilen, biz täze asyry dyrnyklylyk we howsyzlyk şertleriniň kepillendirilmeginiň pugta parahatçylyga umyt bilen, döredijilik we hyzmatdaşlyk ÿörelgeleriniň rüstemligine ynam bilen garşyladyk. Biziň dünÿäniň ilerleÿji ösüşi baradaky ynamly umytlarymyz ÿigriminji asyryň taryhy sapaklaryna esaslanyar,olar hem iki jahan urşunyň “sowuk uruş’’ döwründäki ÿadro gapma-garşylygynyň täsiri, sebitleÿin dawalaryň, tebigy we tehniki apatlaryň, öňki Sowet soÿuzynyň düzuminde beÿleki döletler bilen bilelikde ÿaşaşmagyň netijeleri baglanşyklydyr.

Men Sowet soÿuzynyň dargamagynyň taryhyň ösüş kanunlaryna laÿyklykda gutulgysyz olandygyny we ymuman alnanda asyda geçendigini öň hem aÿdypdym, häzir hem aÿdÿaryn.

Taryhyň görkezişi ÿaly,kiçi ÿauly has kuwatlly we tehniki mümkinçilikleri agdyk bolan başka bir halk tarapyndan mümkinçilikleri agdyk bolan başka bir halk tarapyndan müdimilik bolup egdirilmegi ÿatabyn etmegi mümkin däl. Jemgiÿetiň ösüşiniň kanuny ÿörelgelerine laÿyklykda imperiÿlar weÿran bölup, sütem şertlerinde öz medeniÿetini we dinini saklamagy we goramagy başaran halklara garaşsyz we azat ösüş üçin mümkinçlik döreÿär.

Özüniň Garaşsyzlygyny çylşyrymly döwürde jar eden Türkmenistanyň halky milli galkynyş taglymy esasynda jebisleşmegi başardy we täze zamananyň özgerişleri we kynçylyklary bilen baaglanşykly barabar çäeleri görmäge ukyplytdygyny subut etdi. Munyň özi halkymyzyň häsiÿtiniň parahatçylygy söÿüjilik, sabyr-takalyk, ynanmak, başganyň pikirini diňlemegi we özüniňkiniň deňletmegi başarmak ÿaly aÿratynlyklary netijesinde mümkin boldy. Hut şy aÿratynlyklar demokratiÿany biziň halkymyza dogabitdi mahsusdygy hakynda aÿtmaga esas beryär. Syÿasatda göçgünlilige ÿol bermän, milli döleti gurmagyň maksatnamasyny yzygiderli amala aşyrmaga girişdik, halkara gatnaşyklaryna goşylyşmagyň has amatly ÿollaryny gözledik. Her bir ädimiň bir tarapdan ÿurduň milli bähbitlerine, beÿleki tarapdan bolsa-sebitde durnyklylygy üpjin.etmäge halkara howpsuzlygyny pugtalandyrmaga laýyk bolmagyna üns berildi, sebäbi bu wezipeler aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Kabul edilen konstitusiýasy laýyklykda dowlet häkimiýetini we dolandyryşyň halkymyzyň baý syýasy-hukuk medeniýetine we aňyýet aýratynlyklaryna esaslandyrýan täze edaralary döredildi. Döwliň syýasy ulgamy hil taýdan täze derejä ýokary göterilip-netijede jemgyýetde sarsgynlaryň hem-de jemgyýetiň syýasy toparlanyşyklara bölünmeginiň öňi almak mümkin boldy.

Iň esasy zat-biz jemgyýetde ylalaşygy, dürli milletleriň hem-de dini mezhepleriň wekilleriniň gatnaşyklarynyň sazlaşygyny, halkyň häkimiýete hojalyk aragatnaşyklary bozulan döwürde ykdysady çökgünligi ýol bermändigimiziň hem möhüm ähmiýeti boldy.

Türkmenistany ösdürmegiň baş ugurlary we ileri tutulýan esasy ýollary ýurdumyzyň halk wekilçiliginiň iň ýokary edarasy bolan Halk maslahatynyň derejesinde makullanylýan tapgyrlaýyn maksatnamalar arkaly tassyklanyldy. Täze asyryň başynda nobatdaky ugurlar Türkmenistanyň ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösdürmegiň 2020-nji ýyla çenli döwürde üçin Baş ugry Milli maksatnamasynda kesgitlenildi.

Ykdysadyýetde özgertmeleri geçirmek bilen biz yzygiderli we tapgyrlaýyn ilerledik, munuň özi köp kyýynçylyklaryň öňüni almaga mümkinçilik berdi. Häzirki Türkmenistan-gülläp ösän döwletdir-onuň ösüşde gazanan köp üstünlikleriniň dünýäde deňi-taýy ýokdur. Ylmy taýdan esaslandyrylan we jemgyýetçilik wezipeleriniň çözmäge gönükdirilen ykdysady uguryň durmuşa geçirilmeginiň netijesi adam başyna jemi içerki önümi öndürmekdäki derejeden ybaratdyr. Ol her ýylda ortaça 20 göterimden hem köp artýar.Jemi içerki önümiň ýokary ösüs depginleri,sarp ediş nyrhlaryň durnuklaşmagy ilatyň adam başyna ortaça girdejisiniň artmagyna we häzirki wagtda 6 müň amerikan dollaryna barabar bolmagyna ýardam berdi.

Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň barha ösmegi durmuş ýeňillikleriniň we kepillendirmeleriniň tutuş bir ulgamynň emele gelmegine şert döretdi.Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan başlap gaz,tok suw ilata mugut berilýär,mugut bilim we saglygy goraýyş kömegi almak kepillendirildi.Raýatlary salgytlaryň köpüsüni başatmak göz öňünde tutuldy ýaşaýyş jaý üçin awtomabil,howa demir ýol ugamlarnuň hyzmatlary we şuňa meňzeşler üçin ujypsys töleg alynýar.

Raýatlarň şahsy ,syýasy, ykdysady durmuş üpjünçiligini we beýleki hukuklaryny durmuşa geçirmegiň anyk kepillendirmeleri döredildi. Munyň özi Türmenistanyňölüm jezasymy ýatyrmak hakynda raýatlaryň ýaşaýyş jaýlaryny dökmegi gadagan etmek hakyndaky,jenaýat işleri gozgalan mahaly çözgütleri ýekelikde kabul etmegi gadagan etmek hakyndaky kanunlarynda,beýleki resmi namalarda hem-de hukuk kadalaryny ulanmak boýunça hereketlerde öz anyk beýanyny tapdy.Aziýa yklymynda başga hiç ýerde munuň ýal6y ilerlemeler ýokdur.

Häzirki zaman türmen jemgiýetin hakynda milli aňyýeti we beýleki ahlak-syýasy gymmatlyklary dikeltmegiň binýadynda ösdürilýär munyň özi täze döwleti berkarar etmek we döredijilikli ösüş baradakyn taglymatlary durmuşa geçirmekde milletiň jebisligine ýardam edýär. Häkimýet bilen halkyň arasynda gazanylan özara düşünişmek olaryň biri birine ynanmagy şeýle jebisleşmede möhü orun tutýar sebäbi munyözi biziň umumy tagallalarmyzyň rowaçlygynyň girewi bolup drýar.Şeýle gatnaşyklar demokratiýa binýadynda we kanunlaryň agalyk etmegine döwlet gurluşynyň netijeli bolmagy üçin amatly şertleri döredýär.Häzirki wagtda biziň jemgiýetimiz kämilleşmjek we ýokary depginli ösüş döwrüni başdan geçirýärkä,raýatlary Bitaraplygyň ýörelgelerinde we gymmatlyklarynda terbiýelemek döwlete täze gatnaşyklar üçin binýady hasda pugtalandyrmaga ýardam edýär.Emma şu ýerde örän bir möhüm ýagdaýy,ýagny jemgiýetçilik ösüşi emeli çaltlandyrylsa geçiş döwrüniň kynlyk bilen saklanylýan deňeçerligiň bozulmagynyň hemde adamlaryň uly kyçylyklara sezewear edilmeginiň mümkindigini nazar almak zerur.Halk öz döwletiniň demokratik gurluşynyň onuň häsiýetine we edim –gylymlaryna laýyklygyny jemgiýetiň we şahsyýetiň anyk demokratik meseleleri çözmäge geregiçe taýýardygyny duýmalydyr,bu şert üpjün edilmese demokratik şertleriň ähmiýetide gadyr gymmaty-da bolmaz.

„Häzirki zaman türkmen jemgyýeti hakyky milli aňyýeti we beýleki ahlak-syýasy gymmatlyklary dikeltmegiň binýadynda osdürilýär,munyň özi täze döwleti berkarar etmek we döredijilikli ösüş baradaky taglymaty durmuşa geçirmekde mlletiň jebisleşmegine ýardam edýär.“

Biz jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň öz halkymyza ilkibaşdan mahsus bolan hem-de türkmenleriň öz uzak taryhynyň bütin dowamynda döredilen döwlet gurluşlarynyň ählisiniň özeni bolan görnüşini öz häzirki döwletimiziň binýady hökmünde ulansak, bize has oňat düşinjekdiklerine akyl ýetirdik. Sebäbi taryhyň dowamynda döwletler synyp,imperiýalar dargasa-da, halkyň ruhy saklanyp galýar ahyryn. Biz täze durmuşy döretmek ugrunda tagallalarymyzda, döwlet berkararlygynyň, Garaşsyzlygyň direglerini pugtalandyrmakda halkyň hut şol müdimilik ruhundan ylham we güýç alýarys.Ol bize öňde goýlan maksatlaryň hasyl bolmagyny gazanmaga kömek edýär. Ol her bir adamyň kalbynda we göwün ummanynda arzyly galkynyş döredýän Mukaddes Ruhnama kitabymyzyň gözbaşydyr, gönezligidir. Ruhnama halkymyzyň ar-namys we mertebe kitabydyr, onuň ahlak ýörelgeleriniň kitabydyr. Häzirki wagtda biziň Ruhnamamyzyň dünýäniň köp ýurtlaryna gyzyklanma döredýändigi hem-de türkmenleriň aň ýetimi, edim-gylymlarynyň özenini düzýän ähli ynsanperwerlik taglymlarynyň wagyz edilmegine ýardam berýändigi bize begendirýär, buýsandyrýar. Ata-babalarymyzyň ruhy erjelligi, şöhratly medeni we milli däpleri, uzak asyrlaryň dowamynda beýleki halklar bilen bilelikde parahatçylykly ýaşamakda toplan tejribesi häzir Türkmenistanyň daşary syýasatynda öz beýanyny tapdy.

Şanly sene bolan 1995-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 12-de türkmen döwletiniň taryhynyň ilerleýji ösüşinde täze zamana başlandy. Şol gün B.M.G-yň Baş Assambleýasy “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” hakynda kararnama kabul etdi. Şol kararnamada B.M.G-yň agza döwletleriniň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesini ykrar edýändigi we olaryň Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyna we ýerleriniň bitewiligine sarpa goýýandygy we muny goldaýandygy göz öňünde tutulýar. B.M.G-nyň baş assambleýasynyň şeýle ýörite kararnamany kabul etmegi milletler bileleşiginiň Türkmenistanyň parahatçylyk söýüji daşary syýasy ugruny, halkara işlerinde çözgütleriň tapylmagyna ýardam ediji täsirini ykrar etmegini aňladýar .

Häzirki wagtda Türkmenstanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi dünỳä bileleşigi üçin halkara gatnaşyklary nyň ylgamynda müdimilikoryn tytan deň-taỳy bolmadyk hadysanyň çäklerinden çykyp, eỳỳäm ähliumumy bähbitleri ytgaşdyrmagyň serişdesine öwrüldi. Türkmenstanyň syỳasỳ gatnaşyklardaky orny we sebitdäki, aslynda tutuş Aziỳa kylymyndaky umumy ỳagdaỳ nazara alnanda, mynyň iňňän möhümligi äşgärdir.

Öz hemişelik Bitaraplyk derejämiziň halka bileleşiginde ykrar edilmegini gazanyp, biz ozaly bilen, milli bähbitlerimiz üçn amatly şertleri üpjin etdik. Tersine, ol sebitde we tytyş Zeminde ỳagdaỳa işleňlik bilen täsir etmek, häzirki zaman dünỳäsinde her bir döwletiň içerki ykdycady öcüşiniň esasy şertleriniň biribolan nerijeli halkara hyzmatdaşlygyny ỳola goỳmak ugrunda tagalla etmek üçin oňat mümkinçilikdir.

„Häzirki wagtda döwletleriň we olaryň baştutanlarynyň, şeỳle hem uly halkara guramalarynyň täsiri we jogapkärçiligi

ozal hemme wagtdakysyndan has uludyr, olaryň adamlaryň häzirki we geljekki nesilleriniň öňündäki borjy bolsa parahat ỳaşaşmagyň dartgynlylykdan we zorlykdan saplanan ülňüsini döretmek ugryndaky onyň hadysalary pygtalandyrmakdan we ösdürmekden ybarat dyr. Dyrmyşyň öňe sürỳän derwaỳsyz talaby ỳurtlaryň arasynda täze bökdençlikleri döretmän, mümkin bolanhalatlaryň ählisinde hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ỳola goỳmakdyr .“

Bitarap Türkmenstan beỳleki döwletler we halkara guramalary bilen hem ikitaraplaỳyn, hem köptaraplaỳyn gatnaşyklary üstünlikli amala aşyryp,dünỳäniň 120 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ỳola goỳdy we 40-dan hem köp halkara guramalarynyň agzasy boldy.

Ykdysady,jemgyỳetçilik, medeni we beỳleki wezipeleri çözmekde biz hemişeBMG-dan, onuň maksatnamalaryndan, edaralaryndan we gaznalaryndan kömek wegoldaw aldyk. Türkmenistan BMG bilen ähli ugurlarda, şol sanda adamyň bähbitleri bilen baglanşykly meselelerde iş bähbitli hyzmatdaşlyk üçin açykdyr.

BMG bilen hyzmatdaşlygyň Bitarap Türkmenistanyň daşary syỳasatynyň baş ugrydygyny aỳratyn nygtamak isleyärin.

Halkara parahatçylygyny we howupsyzlygyny goldamak, beỳleki ỳurtlar bilen hoşniỳetli goňşyçylyk gatnaşyklaryny saklamak, hut şonuň ỳaly-da dawalaryň ỳaỳramagynyň öňüni almak we gapma-garşylyklary düzgünleşdirmek şuhyzmatdaşlygyň has ileri tutulỳan ugurlarynyň biridir.

Hut Aşgabat garşylyklaỳyn göreşỳän owgan toparlanşyklarynyň arasyndaky gepleşikleriň başlanmagyna itergi berdi, munuň özi halkara bileleşiginiň sebitde ỳagdaỳy durnyklaşdyrmak boỳunça umumy tagallalarynda öňe tarap uly ädim boldy. 1996-njy ỳylda biziň paỳtagtymyzda göni täjigara gepleşikleriň birnäçe tapgypy geçirildi, olar Täjigistandaky raỳatara dawasynyň syỳasy çözgüdini tapmaga kömek etdi.

2001-nji ỳylyň Ruhnama aỳynyň 11-de Nỳu-Ýorkda bolan wakalardan soň Türkmenistan BMG –niň terrorçylyga garşy göreşmek boỳunça bütindünỳä bileleşigini döretmek hakyndaky teklibine ilkinjileriň biri bolup seslendi.

Sol bileleşigiň gatnaşyjysy hökmünde Türkmenistan terrorçylygyň ähli elhençliklerini başdan geçirdi. 2002-nji ỳylyň Sanjar aỳynda Aşgabatda iňňän agyr jeneỳat-döwlet baştutanynyň janyna hyỳanat etmek arkaly häkimiỳeti zorluk bilen ele salmaga hem-de ỳurtda kostitusion gurluşy üỳtgetmäge gönükdirlen terrorçylyk jeneỳaty edildi. Geçirilen derňew işleri we şol jeneỳarçylaryň işine açyk kazyỳet mejlisinde garalmagy netijesinde şol jeneỳatyň döwlet agdarlyşygyny amala aşyrmaga guramaçylyk we maliỳe taỳdan deslapdan ỳörite guralan we taỳỳarlanylan synanyşyk bolandygy doly subut edildi .Özi-de ony taỳỳarlamak işleri Türkmenistanyň çäklerinden daşarda geçirildi.

Terrorçylygyň görnüşleriniň köpdigine garamazdan , bu jeneỳatyň tebigaty birmeňzeşdir we onuň esasynda jenaỳatçylaryň şahsy matlaplarynyň hasyl bolmagy üçin islendik haỳynlyga , geçirimsizlige we birehimlige ỳüz urmaga taỳỳarlyr durỳar .Terrorçylyk hiç bir döwleti ,hiç bir milleti saỳgarmaỳar , onuň hiç bir diňe we medeniỳetine dahly ỳokdyr.Hut şonuň üçin terrorçylyga garşy görweş ähli dünỳä bileleşiginiň bilelikdäki tagalalary bilen alnyp barylmalydyr.

Owganystanda parahatçylygyň we abadançylygyň berkarar bolmagyna çüňňyr gyuz7yklanỳan Türkmenistan şu goňşy ỳurdyň uruşdan soň dikelmegine işjeň gatnaşdy we gatnaşỳar .BMG – iň edaralary we guramalary bilen ỳakyndan hyzmatdaşlyk etmek arkaly Türkmenistan Owganystanyň ejir çeken halkyna ynsanperwerlik kömeginiň eltinmegi üçin esasy ulag ỳoluny döretdi. Häzirki wagtda biziň ỳurdumyz Owganystanyň demirgazyk sebitlerini elektirik togy bilen arzan bahalar boỳunça üpjün etmegiň, ỳollary we aragatnaşyk ulaglaryny döretmegiň tutumly taslamalaryny durmuşa geçirỳär.

Owganystanyň üstünden gaz geçirijini guramagyň taslamasy dine bir sebitiň çäklerinde däl ,eỳsem dünỳä möçberinde hem baş taslama bolup durỳar , ol ylalaşylan möhlet tertibine laỳyklykda Aziỳanyň ösüş bankynyň gatnaşmagynda durmuşa geçirilÿär.bu taslama Owganistanyň ykdysadyÿetini dikeltmäge,üpjünçilik ulgamlaryny we täze iş orunlaryny döretmäge gönükdirilÿär hem-de Türkmenistanyň sebitde durnuklylygy we ösüş esasynda hoşniÿetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ÿola goÿmaga çalyÿanlygyny iş ÿüzinde tassyklaÿar.

Ylalaşdyryjylyk ÿörelgelerine eÿermek bilen,Türkmenistan BMG-niň aziÿa we ÿuwaş okeÿan sebtinde parahatçylyk we ÿaragsyzlanmak boÿunça sebitleÿin merkeziniň çärelerine işjeň gatnaşÿar.1996-njy ÿylyň Ruhnama aÿynda biziň ÿurdumyz Nÿu-ÿorkda Ÿadro ÿaragyny ÿaÿratmazlyk hakyndaky ähliumumy şertnama gol çekdi.1997-nji ÿylda Türkmenistan billeşen milletler guramasynyň baş assambileÿasynyň merkezi aziÿada ÿadro ÿaragyndan azat zolagy döretmek hakyndaky teklibini goldady hem-de bu baradaky kararnamanyň düzjileriniň biri boldy.

2004-nji ÿylyň baÿdak aÿnyň 28-nde BMG-niň 2005-2009-njy ÿyllar üçin ösüşe ÿardam etmek baradaky Çarçualy magsatnamasyna (UNDAF)gol çekilmegi Türkmenistanyň BMG bilen hemmetaraplaÿyn hyzmatdaşlygyň aÿdyň mysaly boldy.BMG tarapyndan Kabul edilen müňÿyllygyň ösüş magsatlarynyň çäklerinde ählumumy wezipeleri çözmäge gönükdirilen bu magsatnamanyň “Türkmenistany ykdysady,syÿas we medeni daÿdan ösdürmegiň 2020-nji ÿyla çenli baş ugry” milli magsatnamasynda berkidilen Türkmenistanyň magsatlaryna we milli bähbitlerine doly laÿyk gelmegi şol resmi nama gol çekmegiň aÿratyn ähmiÿetini görkezÿär.

Biz XXI asyrda BMG-nyň ulgamunuň parasatly özgerdilmeginiň zerurlygy baradaky umumy pikri goldaÿarys.Biz BMG-ni özgertmegiň,ÿöne ony dünÿädäki ornuny pugtalandyrmaga we giage tarap özgertmegiň tarapdarydyrys.

BMG-niň ÿöriteleşdirlen edaralarynyň gurluşygynda we tutş işgärler düzmünde milletler bileleşigine gatnaşyjy ÿurtlaryň wekilçiligini mümkingadar artdyrmagy üpjin etmek hem örän möhümdir.Mundanda başga BMG-niň öz agza döwletlerinde bar bolan mümkinçilikleri has doly peÿdalanmagy zerurdyr meselem türkmenistan biziň paÿtagtymyzda BMg-niň agentleriniň baş merkezlerini we beÿleki esesy edaralary açmak arkaly sebitdäki işini giňeltmäge BMG-niň edaralaryna şertleri döretmäge taÿÿardyr.Munuň üçin bizde ähli mümkinçilikler,şol sanda ÿaşaÿyş jaÿ we hyzmat ulgamy bar.Şeÿle hem biz BMG-niň Türkmenistanyň çäklerinde ÿerleşen edaralary üçin aňrybaş mümkin bolan ykdysady ÿeňillikleri bermek hakynda meselä garamaga taÿÿardydys.Şeÿle çemeleşme BMG-niň ep-esli maliÿa serişdelerini tygşytlamaga mümkinçilik berer,şol sanda BMG-niň durmuşa geçirÿän magsatnamalaryna çäklerinde onuň tertipnamasynyň magsatnamalaryna laÿyk gelÿän derwaÿys messeleleri çözmäge gönükdirmek bolar.

2003-nji ÿylyň garaşsyzlyk aÿynda Aşgabatda dabalaryň öňüni almak we durnukly öşüş boÿunça maslahatyň Merkezi aziÿa üçin birinji taogyry BMG-nyň we ŸHHG-niň howandarlygynda geçirildi.Öňüni alyş diplomatiÿasynyň ulanÿan serişdelerinň netijeliligini pugtalandymak bilen baglanşykly,biz merkezi aziÿa sebitinde BMG-niň öňüni alyş diplomatiÿasy boÿunça merkeziniň döredilmegini maksadlaÿyk hasap edÿäris.Türkmenistan şol merkeziň biziň bitarap döwletimiziň paÿtagtynda ÿerleşdirilmegine doly ÿardam etmäge taÿÿardyr.Mergezi aziÿa döwletleriniň baştutanlarynň döredilmegide dünÿäniň şu künjeginde ynanyşmagy pugtalandyrmagyň magsatlaryna hyzmat edip biler,şeÿle maslahat dartgynlylygyň güçlenmeginiň we dawalaryň öňüni almakda netijeli serişde bolar.

Milletler billeleşiginň ähli agza döwletleriniň arasyda deň hukukly adatly hyzmatdaşlyşyklaryny ÿola goÿmak häzirki zaman dünÿäsiniň baş wezipeleriniň biri bolup durÿar munuň özi çözgütleri özide diňe bir baş assambileÿanyň derejesinde we däl eÿsem BMG-niň komutetlerinde komisÿalarynda we beÿleki edaralarynda çözgütleri Kabul edilen mahaly käbir ÿurlar ÿa-da döwletler toparlary tarapyndan emir etmäge edilÿän synanşyklarň, Özüde şeÿlede synanşyklaryň halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň abraÿa peÿdalanylyp edilmeginiň goşup deň hukukly we özara sarpa goÿmaga esaslnÿan hyzmatdaşlygyň umumylykda Kabul edilen kadalaryna we ÿörelgelerine asla ters gelÿänligini bellemek gerek.

BMG-niňagza döwletleriň öňüňde durÿan wezipeleriniň köpdürlülügi we çylşyrymlylygy äşgärdir. Olary dňe bilelikdäki tagallalar bilen ÿöne dünÿä billeleşiginiň agzasy bolan her bir ÿurdyň özboluşly ornuna we jogapkärçilige akyl ÿetirmek şertinde çözmek mümkindir parahatçylygy ykdysady,jemgiÿetçilik we medeni ösüşi pugtalandyrmagy magsat edinÿär Türkmenistan syÿasy işlere çemeleşmegiň hutn şeÿle ÿörelgesine eÿerÿär. BMG biziň ÿurdumyzyň onuň bilen sazlaşykly we peÿdaly hyzmatdaşlygy hemişe taÿarlanmagyna berk ynanyp biler.

Häzirki wagtda döwletleriň we olaryň baştutanlarynyň şeÿle hem uly halkara guramalarynyň täsiri we jogapkärçiligi ozal hemme wagtdakysyndan has ulydyr, olaryň adamlaryň häzirki geljekki nesilleriniň öňündäki borjy bolsa parahat ÿaşaşmagyň dartgynlykdan we zorlukdan saklanan ülňüsini döretmek ugrundaky onuň hadysalary pugtalandyrmakdan we ösdürmekden ybaratdyr. Durmuşyň öňe sürÿän derwaÿys talaby ÿurtlaryň arsynda täze bökdençlikleri döretmän, mümkin bolan halatlaryň ählisinde hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ÿola goÿmakdyr.

Biziň ÿurdumyzyň üÿtgewsiz çemeleşmesi dünÿäde täze, adalatly we ynanperwer tertibi ÿola goÿmak işinde iň ÿokary halkara guramasy hökmünde BMG-ni pugtalandyrmaga ÿardam bermekden ybaratdyr. Türkmenistan BMG-niň täsirini giňeltmek ugrunda, bu guramanyň ylalaşdyryjylyk mümkinçiliklerini artdyrmak ugrunda, ony ählumumy ösüşiň üÿtgeÿän şertlerine laÿyklykda mundan beÿläk-de ösdürmek ugrunda aÿgytly çykyş edÿär.

Mukaddes Ruhnama Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň baş taglymatydyr

Mowzuk : Mukaddes Ruhnama Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň baş taglymatydyr.

M E Ý I L N A M A :

1. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Mukaddes Ruhnamasy milli aňyýetdir.

2. Mukaddes Ruhnama türkmeniň bäş müň ýyllyk taryhy ruhy tejribesiniň beýanydyr.

3. Mukaddes Ruhnama täze müňýyllygyň türkmen dünýägaraýşydyr.

Parasatly Prezidentimiz Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň pähim-paýhasyndan dörän Mukaddes Ruhnamasy biziň her birimiziň kalbymyza dünýädäki ähli ýagşylyklary guýýar. Ony her gezek gaýtalap okanyňda akyl paýhasyň has artyp, gözýetimiň giňeýär, bilimiň çuňlaşýar. Bu bolsa her bir ynsan üçin egsilmez bagtdyr, uly baýlykdyr.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy özüniň Mukaddes Ruhnamasynda aňyýet dünýägaraýyşdyr diýip belleýär. Milli aňyýet her bir döwlet gurjak milletiň oý-pikirlerini beýan edýän düşünje hökmünde türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan edim-gylymlary, däp-dessurlaryny, gylyk-häsiýetlerini öz içinde jemleýär. Milli aňyýet milletiň ýaşamagynyň dowamatynyň möhüm serişdesidir. Mukaddes Ruhnamada Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Ruhnama arkaly täze müňýyllygyň dünýägaraýşyny bermek bilen, şol dünýägaraýşyň millilige, bitewilige, ruhubelentlige, halallyg esaslanandygyny nygtaýar. Şeýlelikde şol ýörelgelerden ugur alyp, Mukaddes Ruhnamanyň many-mazmunyny öwrenip, onuň milli aňyýetdigine göz ýetirýäris.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Mukaddes Ruhnama milli aňyýetdir diýip bellemek bilen “Men Ruhnama arkaly geçmişi, şu güni hem geljegi bir sapaga düzdüm” diýip bellemek bilen geçmişiň, geljegiň yşaratylygyny, geçmişiň netijesidigini, geljek bolsa şu gün bilen geçmişiň nikasydygyny aýdýar. Beýik Serdarymyz Mukaddes Ruhnamada türkmen halkynyň geçmiş taryhynyň döredijilik gudratydygyna halkyň ünsüni çekip, adamy durmuş, şahsyýeti taryh terbiýeleýär diýip (64 sah.) belleýär. Türkmenistanyň şeýle gudratly güýjüniň bardygyna ata-babalarymyz hem oňat düşünipdirler. Olar özleriniň ýaşan döwründe geçmiş taryhymyzyň şanly sahypasyny miras galdyrjakdygy barada alada edipdirler. Şol sahypalar Oguznamalar arkaly biziň şu günlerimize gelip ýetdi. Ine şonuň üçin hem Beýik Serdarymyz hem Mukaddes Ruhnamany III müňýyllygyň türkmennamasydyr diýip belleýär.

Türkmen halky iň gadymy milletleriň biridir. Beýik Serdarymyz Mukaddes Ruhnamada : “Türkmen taryhda müňlerçe ýylyň dowamynda Türkmen atly beýik milleti döretdi” diýip belleýär. Bu türkmeniň taryhynyň hem gadymydygyny görkezýär.

Eger gadymy taryh bar bolsa şol taryhyň içinde gadymy medeniýet, gadymy sungat, edebiýat hem bardyr. Beýik Serdarymyz “Türkmenler oguzlardyr, Nesilbaşymyz Oguz han türkmendir” diýýär. XI ýüzýyllygyň Oguz türkmen Diwan Sözlüginde (1072-1073 ýyllar) şeýle ýazylýar : “Oguzlar türkmenlerdir. Bular 22 bölükdir, her bölügiň aýry bir belgisi we haýwanlaryna urulan bir alamaty bardyr. Bir-birlerini bu belgiler arkaly tanyrlar”.

Diýmek, bir tarpda Türkmenbaşy zamanasynyň taryhy hakykaty, ikinji tarapda bolsa geçmişe bürenen taryhy hakykat. Bu ikisi birleşip pähim paýhas hakykaty – Oguz türkmen taryhynyň pelsepe esasyny orta çykarýar. Bu türkmen taryhynyň hakyky ýüzidir, bu türkmen taryhynyň hakyky özüdir.

Merhemetli Serdarymyz Mukaddes Ruhnamada “Aňyrsy bäş müň ýyl ozal nesilbaşymyz Oguz han türkmenden gaýdýan türkmen halky gündogarda Hindistan günbatarda Ortaýer deňzi aralygynda döredilen dünýä gymmatlyklaryna dürli ugurlarda saldamly goşandyny goşdy, öz topragynda Änew, Altyndepe, Marguş, Parfiýa şalygyny, Seljuk türkmenleriň şalyklaryny Köneürgenç türkmen döwletini, jemi 70-den gowrak döwlet döretdi. ”

Biz MukaddesRuhnamadaky şol döwletleri öwrenip, özümiziň aslymyzyň kimdigine göz ýetirdik. Türkmenleriň guran döwletleri, olaaryň belend göterilen döwü esasan oguzlaryny we Seljuk türkmenleriň döweünde ösmegi, baýlaşmagy we kemala gelmegi. Mukaddes Ruhnamada esasan 5 sany taryhy döwre bölünýär. Birinji eýýam Oguz han eýýamy, b. eýýamyzdan öň V müňýyllygyň başlaryndan, biziň eýýamymyzyň 650-nji ýyla çenli aralygy öz işine alýar, bu eýýamyň ruhy ýolbaşçysy Oguz handyr, oňony öküzdir. Jemgyýetiň aňyýetinde öküzoň orny örän uly bolupdyr.

Ikinji eýýam – Gorkut ata eýýamy b.eýýamymyzdan 650-nji ýylyndan başlanýar. Ruhy ýolbaşçysy Gorkut Atadyr. “Bir ýerde durma” diýen pendini esasy ýörelge edindi. Gorkut ata türkmen özüniň dünýägaraýşy boýunça jemgyýetiň ýaşaýşyny ozalky ýaly 3 bölege bölmän eýsem öz pelsepesi boýunça 2 bölege bölýär, ýagny bu dünýäde eden işleriňe hasap geçmeli, ahyrýetiň bardygyna iman getirmeli.

Üçünji eýýam – Görogly eýýamy – X-XVI asyrlary öz içine alýar. Bu zaman diňe bir türkmeniň at üstünde oýnap, ruhunyň dünýä älemine özüni äşgär eden, tanadan döwri boldy. Bu eýýam Görogly eýýamynda türkmen döwletleriniň Magrupdan – Maşryga özüni tanadanlygyna şaýatlyk edýär.

Dördünji eýýam – Magtymguly eýýamy – XVII-XX asyrlary öz içine alýar. Bu döwür türkmeniň milli bitewiligi, arzuwlan, şonuň üçin hem göreşen döwrüdir. XIII asyrda Çingiz hanyň, XIV asyrda Teýmur agsagyň, 1787-nji ýylda Buhara emiriniň talaňçylykly hereketleri, türkmen döwletliligine zarba urupdyr. Emma şeýk agyr taryhy döwürde türkmeniň arslan ýürekli pähim parasatly ogullary Magtymguly, soňra Zelili, Mollanepes, Mätäji, Kemine – bular özleriniň döredijiligi bilen türkmenleriň öz milli döwletlilik hyjuwlarynyň döremegine, ruhunyň galkynmagyna hyzmat edipdirler.

Bäşinji eýýam – Altyn eýýamy 1991-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 27-den başlanýar. Beýik Serdarymyzyň beýan ediji ýoly türkmeniň ruhy medeni mirasy her täze müňýyllygyň başynda ýene belende galýar. III müňýyllygyň başynda hem şeýle boldy. Beýik Serdaryň belleýşi ýaly “Hudaý türkmene taryhy döredijilik ulgamyny berdi, bu eýýam türkmen ruhunyň kämillik eýýamydyr.

Mukaddes Ruhnama kitaby b.eýýamymyzdan ozalky müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýän gadymy taryhymyzy taryh menzilleriniň dürli döwürlerinde ildeşlerimiziň amala aşyran dünýä derejesindäki ähmiýetli işlerini, olaryň guran ululy-kiçili döwletleri baradaky maglumatlary türkmenleriň şol döwürdäki täze ýörelgelerini ahlak kanunlaryny, umumymilli gymmatlyklarymyz we beýleki milli hususyýetliklerimiz hakyndaky şanly ýazgylary özünde jemleýän ajaýyp eser boldy. Ruhnama – bu türkmen halky, onuň geçen ýoly we ruhy dünýäsi hakyndaky ylymdyr, türkmen jemgyýeti baradaky taglymatdyr. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Mukaddes Ruhnama kitabynda türkmenleriň gadymdan gelýän ýol ýörelgelerine uly orun berdi : “Bir ýurda iki töre sygmaz” diýip ýazmak bilen ýurtda bir ýörelgäniň bolmalydygyny nygtap görkezdi.

Türkmen ruhyýetiniň esasy sütüni edebi ýat almagyň aňa salmagyň abuzemzem çeşmesi bolan edebiýatymyzyň taryhyna siňňitli nazar salsaň, onuň dünýä medeniýetine ägirt goşant goşandygyny görmek bolýar.

Beýik Serdarymyz manylar ummany Mukaddes Ruhnama kitabynda merdana ata babalarymyzyň şu topraga, türkmeniň göbek ganynyň daman ýerine örklenendigini, şu mukaddes toprakda ýaşap ösüp- örňäp nesildaragtyny pudak-pudak ýaýrandygyny aýratyn nygtaýar. Islendik halk ata-babasynyň ruhy siňen mukaddes toprakdan ýagyny üzňe, türkmeniňki kimin dünýä gymmatlyklaryny döredip bilmeýär. Çünki ol ylahydan gursagyna guýulan ruhy-güýçden kesilýär. Aňynda-ganynda jan-u-jigerinde üzülen ýaly bolýar. Gündogaryň bütin dünýä ykrar eden akyldary lukman Hekim “Adamyň ähli dermany öz topragynda diýende eždat ruhy siňen ata-mekany onuň göwsünde läle reýhan otuny çöpüni nazarlan bolmaly.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Mukaddes Ruhnamasynda bitewilik meselesini hem öňe sürýär. Mukaddes Ruhnamada bitewilik milli aňyýetiň özeni hökmünde nygtalýar. Beýik Serdarymyz soňky 300 ýylyň dowamynda türkmeniň ykbalynyň agyr bolandygyny bellemek bilen bitewi bir türkmen döwletiniň bolmandygyny aýdýar. Beýik Serdarymyzyň öwredişi ýaly Mukaddes Ruhnamada türkmeniň müňýyllyklarda kemal gelen taryhy paýhasy we ruhy güýç kuwwaty toplanandyr. Ruhnama öten nesillerimiziň ruhy tejribeleri we pelsepe sapaklary hakyndaky kitapdyr. Ruhnam milletimiziň içki döredijilik ukyplaryny oýarjak we olary görlüp eşidilmedik beýik derejede işeňňirleşdirjek kitapdyr. Mukaddes Ruhnamada Beýik Serdarymyzyň millet hakyndaky täze taglymaty esaslanandyr. Milletiň kemala gelmeginde döwletliligiň, ruhybirligiň, agzybirligiň we jebisligiň gerekdigi zerurlygy nygtalýar.

Beýik Serdarymyzyň Mukaddes Ruhnamasynyň ikinji kitaby durşuna edep kitaby. Bu kitaby okanyňda türkmeni türkmen edýän ruhy beýikligimize, edep gymmatlyklarymyza has doly göz ýetirýärsiň. Şeýle bolan soň, parasatly Serdarymyzyň örän jaýdar belleýşi ýaly, olary doly berjaý etmegiň bagta hem bolçulyga eltýän şaýoldugyna bütin kalbyň bilen ynanýarsyň. Pygamber sahawatly dana Serdarymyz bize hakyky bagtly bolmagyň, bolçulykda bagtyýar ýaşamagyň aýdyň ýollaryny salgy berýär, görkezýär hem kalbyňa guýýar.

Enşalla Ruhnamanyň pelsepe çeşmesiniň dury suwundan ganan nesiller ruhy ýüki ýetik, ruhana adamlar bolup ýetişerler.

SSSR XX asyryň 60-80-nji ýyllarynda

Mowzuk : SSSR XX asyryň 60-80-nji ýyllarynda.

M E Ý I L N A M A :

1. Sowet jemgyýetiniň ykdysady ösüşi.

2. XX asyryň 70-80-nji ýyllarynda durmuş-ykdysady ösüşdäki gapma-garşylyklar, durgunlyk döwri.

3. SSSR-iň daşary syýasaty.

SSSR-iň we Rossiýanyň taryhynda XX asyryň ikinji ýarymyny durmuş-ykdysady ösüşiň häsiýeti boýunça üç döwre bölmek mümkin : ýokary göteriliş (1950-1970), durgunlyk (1971-1985), çökgünlik we durmuş-ykdysady ulgamyň çalşyrylmagy (1985-1990).

50-60-njy ýyllarda ýurduň ykdysadyýeti uly depgin bilen ösdi. Ilkinji on ýylda senagat önümleriniň ösüşiniň ortaça ýyllyk depgini 11,7 %, oba hojalyk önümleri – 5,0 %, esasy önümçilik fondlary 9,9 % milli girdeji – 10,2%, önüm dolanyşygy – 11,4% boldy. Muňa senagatyň esasy fondlarynyň täzelenmegi, oba hojalygynyň material-tehniki bazasynyň berkidilmegi, halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçiliginiň giňelmegi, ekin ýerleriniň ulanylmagy, dolandyryş ulgamynyň kämilleşmegi ýardam etdi.

Ýetilen üstünliklere ýurduň içeri syýasy ýagdaýynda bolan özgerişmede az täsir etmedi. 1953-nji ýylyň Nowruz aýynyň 5-inde I.W. Staliniň ölümi onuň döreden totalitar ulgamynyň soňuna çykdy we içerki syýasatyň täze ugra gönükdirilmeginiň başyny başlady.

1953-nji ýylyň tomsunda oba hojalygyny, ýeňil we azyk senagaty ösdürmegiň ugry kesgitlendi. Esasy üns toprakly täze ýerleri özleşdirmäge gönüdirildi. 1954-nji ýylyň başynda mes toprakly ýerleri özleşdirmek boýunça maksatnama kabul edildi we ol ýerler azyk maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň esasy serişdesi diýilip kesgitlendi. Kolhozlar özbaşdaklyk aldylar, kolhozçylaryň hukuklary pensiýa we beýleki durmuş ýeňillikleri babatda işçileriňki bilen deňleşdirildi.

Günbatar Sibirde we Gazagystanda ýüzlerçe täze sowhozlar, MTS döredildi, ýollar çekildi, obalar döredildi. Elbetde bu pudagy ösdürmegiň iň gysga we netijeli ýoludy. Bu ýol 5 ýylyň içinde oba hojalyk önümçiligini 34% ösdürmäge, ýurduň Gündogaryndaky täze oba hojalyk etraplaryny döretmäge mümkinçilik berdi.

Emma 50-nji ýyllaryň ahyrlaryndan başlap oba hojalygyny dolandyrmakda öňki usullara öwrülme duýuldy. Hususy kömekçi hojalyklara hojalygynyň ösüşine berýän usul hökmünde seredilip başlandy. 60-njy ýyllaryň başlarynda azyk meselesi ýene-de ýitileşdi. Hökümetiň 1962-nji ýyldaky etiň we ýagyň bahasyny galdyrmak ýoly bilen maldarçylygyň ösüşini kadalaşdyrmak baradaky karary şäher ýolbaşçylarynyň arasynda närazylyk döretdi. Nowoçerkasskiniň işçileriniň we gullukçylarynyň çykyşlary goşun bilen basylyp ýatyryldy. Durmuş dartgynlylygynyň mundan buýana ösmeginden gorkup SSSR-iň we Orsýetiň ýolbaşçylary taryhda ilkinji gezek ABŞ-dan däne satyn almaga girişdi, bu bolsa ýurduň daşardan getirilýän azyga bolan ösen garaşlylygynyň başyny başlady. Şeýlelikde oba hojalygynyň önümçiliginiň ösüşi ýediýyllygyň (1959-1965) ýyllary içinde meýilleşdirilen 70 %-e derek 15 % boldy.

1957-nji ýylda dolandyryş çäk ýörelgelerine geçirilmegi sebitleriň we sebit ykdysadyýetiniň ösüşinde uly ähmiýetli boldy. Soýuz we respublikan ministrlikleriniň aglaba bölegi täzeden düzüldi, respublikalarda, ülkelerde we welaýatlarda döredilen kärhanalar halk hojalyk geňeşliklere (sowhozlara) berildi. Halk hojalyk geňeşlikleriniň döredilmegi halk hojalygyny dolandyrmakda ýerleriň mümkinçilikleriniň we hukuklarynyň giňelmegine, ykdysadyýeti demokratiýalaşdyrmaga tarap aýgytly ädimdi. Şol bir wagtda bu umumy döwlet ylmy-tehniki syýasaty ýöretmekde kynçylyk döretdi.

Bu ýyllarda halkyň ýaşaýyş durmuşyny ýokarlandyrmaga netijei ädim ädildi. Bu pensiýa baradaky, salgytlary azaltmak, orta mekdeplerde we ýokary okuw jaýlaryna okuw üçin tölegi aýyrmak, oba hojalyk önümçiliginde ortaça aýlyk hakyny girizmegi kepillendirmek, beýleki pudaklarda zähmet haklaryny ýokarlandyrmak, iş hepdesiniň dowamlylygyny gysgaltmak we ş.m. kanunlarda öz beýanyny tapdy.

Ýaşaýyş jaý meselesini çözmekde aýratyn üstünlikleri gazanmak başartdy. 50-nji ýyllarda ýekebara öý gurýanlara ýeňillikli kreditler berilip başlandy. Bu kiçi we orta şäherlerde we oba ýerlerinde ýaşaýyş jaý ýagdaýyny gowulandyrdy. Haçanda 60-njy ýyllarda binagärçiler we çyzgyçylar ösen esasda birmeňzeş tipli öý gurluşygyny guramagy üpjün edenlerinde, şäherlerde ýaşaýyş jaý gurluşygy çalt depginler bilen ösdi. Bu bolsa 70-nji ýyllaryň ahyryna çenli şäherlerde 80 % maşgalany aýratyn jaý bilen üpjün etmäge mümkinçilik berdi.

Bilimiň derejesi ýokarlandy. Mekdepleriň, ýörite orta we ýokary okuw jaýlarynyň döredilen ulgamy ýurtda oňat hünärmenleri taýýarlamaga mümkinçilik berdi. Bu bolsa ylmyň, medeniýetiň ösüşine täsir etdi. 1950-1970-nji ýyllarda SSSR-iň ykdysadyýetiniň ösüşinde zähmet öndürijiliginiň artmagynyň ylym we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlaryny önümçilige ornaşdyrylmagynyň goşantlarynyň uly bolanlygyny bellemek gerek. 1950-1960-njy ýyllarda zähmet öndürijiliginiň ösmeginiň hasabyna milli girdejiniň 73 % öndürildi. 1961-1965-nji ýyllarda bu görkeziji 83,7 %-e ýetdi, 1966-1970-nji ýyllarda bolsa, 87 % boldy. Senagatyň ösüşi maýa goýumlarynyň yzygider goýulmagynyň hasabyna üpjün edilýärdi.

Bu ýyllarda ýurduň senagatynda we ulag ulgamynda tehniki täzelikler giňden ornaşdyrylýardy. Mälim bolşy ýaly Ikinji Jahan urşunyň dowamynda üçünji ylmy tehniki rewolýusiýa başlandy. Ony iki döwre bölýärler : 1945-1960-njy ýyllaryň ortalary, 1960-njy ýyllaryň ortalary 80-nji ýyllaryň ahyry. Häzirki zaman ylmy tehniki rewolýusiýasynyň birinji döwrüniň öňbaşçylary ABŞ bilen SSSR-di.

Sowet Soýuzy bu ýyllar tehniki ösüşinde düýpli özgertmeler geçirdi. Çalt depgin bilen radioelektron, atom, himiýa senagatlary, enjam gurluşyk ösýärdi. Hut şu ýyllarda ýurtda öz ýadro we raketa kuwwaty döredildi, dünýäde ilkinji emeli hemra goýberildi, soňra kosmiki gämi, adamyň kosmosa ilkinji uçuşy, ilkinji atom elektrostansiýalary we deňiz atom gämileri döredildi.

Bu döwürde ýurduň ýangyç ulgamy-da düýpli ösüşe eýe boldy : nebit we gaz çykarmak ösdi, umuman, ýangyç çykarmak üç esse ýokarlandy, 19,7%-den 60,2-e çenli ýetdi. Ýangyjyň bu gymmat bahaly görnüşlerini daşamak üçin dünýäde iň uly möçberli, ýokary geçirijilik ukyply geçirijiler guruldy.

Deňiz ulagynda-da öňeýli ösüş gazanyldy, ýük göterijilik agramy boýunça Sowet Soýuzy dünýäde birinji orna geçdi. Howa ýollary çalt tizlikli uçarlar arkaly gatnalyp başlandy. SSSR halkara howa gatnawlarynyň sanyny çalt giňeltdi.

Bu ýyllarda demir ýollary tehniki taýdan abatlamak işi amala aşyryldy. 1958-nji ýyldan SSSR parawoz çykarmasyny goýdy. Maşyn ulagy ösüp başlady, gara ýollaryň gurluşygynyň gerimi giňedi.

1953-nji ýyldan 60-njy ýyllaryň başlaryna çenli döwür “Otteneli” diýip atlandyrylyp, sowet jemgyýetiniň ählitaraplaryna, aňyýetine we medeniýetine täsir etdi.

N.S. Hruşýow partiýada we döwletde öz häkimligini ýöretmekde aýyplanyp 1964-nji ýylda wezipesinden boşadyldy. Onuň ýerine SSKP MK-nyň birinji sekretary bolup L.I. Brežnew geldi. SSSR-iň Ministrler Sowetiniň başlygynyň wezipesini A.N. Kosygin eýeledi. Onuň ady bilen ykdysady özgertmäni geçirmäge synanyşyk baglydyr.

70-nji ýyllaryň ortalaryndan başlap ykdysadyýetde çökgünlik görünip başlady. Ylmyň we tehnikanyň ösüşinde haýallyk duýulýardy. Senagatyň öňdebaryjy pudaklarynda enjamlaryň könelmegi, pudaklaryň esasy önümçiliklerinden yza galmagy, çig malyň senagat üçin gymmatlamagy oňa sebäp bolupdy.

Bularyň ählisi ýurduň halk hojalygynyň esasy ykdysady görkezijilerine özüniň erbet täsirini ýetirdi. Her bäşýyllykda olaryň ösüşiniň ortaça ýyllyk depgini (% hasabynda) peselýärdi.

1960-1985-nji ýyllar aralygynda esasy gaznalar 7 esse ýokarlandy, milli girdeji bolsa diňe 4 esse ösdi. Bu bolsa ykdysadyýetiň ekstensiw ösüş ýolundadygyna şaýatlyk edýär.

1970-nji ýyllaryň ortalaryndan başlap sowet ýolbaşçylarynyň durmuş-ykdysady syýasatda goýberýän ýalňyşlyklary duýulyp başlady. Öň ýeňil we aňsat başardýan zatlar indi uly kynçylyklar bilen ýetdirýärdi. Esasy ulgamlaryň kadalaşdyrylmanlygy sebäpli ykdysadyýetiniň düzümi bozuldy. Sosializmiň ähli ýyllarynyň dowamynda önümçiligiň serişdelerini öndürmek ösdi (“A” topar).

Ýeňil we azyk senagatynda (“B” topar) esasy önümçilik fondunyň diňe 40% jemlenipdi. Şonuň üçin umumy senagat önümleriniň möçberinde sarp edilýän harytlaryň paýy yzygider peselýärdi we 1928-nji ýylda 60,5 % bolanlygyndan 1986-njy ýylda 24,7%-e çenli kemeldi. Bu bolsa ykdysadyýetiň adamyň ilkinji talaplaryny kanagatlandyrmandygyny aňladýar, senagat önümleriniň uly bölegi haryt-pul dolanşygyndan aýryldy, şonuň üçin önümçiligiň serişdeleri satylmaýardy-da paýlanýardy.

Şeýle ykdysady syýasat durmuş ýagdaýyň erbetleşmegine getirdi. Sebäbi ýaşaýyş jaý gurluşygyna, saglygy saklaýyşa, bilime, ylma serişdeler döwlet býudžetinden çykdajylaryň galyndysy, olaryň paýy aşakladylyp goýberilýärdi.

Senagat kärhanalarynyň, önümçiligiň çäkleriniň, ilat sanynyň ösýän şertlerinde hojalygy dolandyrmagyň meýilnamalaýyn-paýlamak ulgamy agsaýardy. Ýagny dolandyryş Döwlet önümçiligiň depgininiň pese gaçmagynyň öňüni alyp bilenokdy. (bäşýyllygyň tabşyryklarynyň azaldylmagyna seretmezden). Ykdysadyýete ylmy-tehniki ösüş täsir etmeýärdi. Sowet soýuzy häzirki zaman ylmy-tehniki rewolýusiýanyň 2-nji döwrüni duşundan geçirdi we tehnologiýa meselesinde Günbatarayň öňdebaryjy döwletlerinden yza galdy.

Hojalygyň beýleki pudaklarynyň doly maliýeleşdirmezliginiň hasabyna SSSR-iň harby kuwwaty artypdy. Ol ýer şarynda ABŞ-nyň WPK-na garşy gurup bilýän geosyýasy deňamramlylygyny saklapdy. Bu kuwwatlylyk daşary syýasata täsir edýärdi, netijede halkara dartgynlylyk we ýaraglaryň ýaryşy dowam edýärdi.

SSSR-iň harby gatnaşyklary netijesinde sowet ýaragy Koreýada, Wýetnamda, Angolada, Müsürde, Siriýada, Yrakda we beýleki döwletlerde bardy.

1979-njy ýylda SSSR Owganystanda uzaga çeken urşa goşuldy. Bu uruş SSSR-iň halkara abraýynyň peselmegine, ykdysadyýetiniň gowşamagyna getirdi.

SSSR-iň senagat önümleri dünýä bazarynda özüniň bäsdeşlik ukybyny ýitirdi. Ýurduň agrar senagatyda özüniň netijeliligini ýitiripdi. Oba hojalygynda ekilýän ýerleri giňeltmäge ýykgyn edilýärdi. Mallaryň baş sanynyň köpelendigine seretmezden organiki dökünler az ulanylýardy, himiki dökünler ýetmezçilik edýärdi, ýetäýende-de hili pesdi.

Netijede esasy oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygy beýleki Ýewropa döwletleriniňkiden ep-esli azdy.

Agrar senagatyň yza galmagynyň esasy sebäpleriniň biri oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleniş kuwwatynyň gowşak ösenligidi. Ýygnalan hasyl üçin ammar ýetenokdy, oba ýerlerinde oňat ýollar ýokdy, oba hojalyk tehnikalary üçin ätiýaçlyk şaýlary ýetmezçilik edýärdi. Netijede ýurtda azyk çökgünligi başlandy we her ýylda 20-den 40 mln tonna çenli galla satyn almaga mejbur etdi. Azyk we ýeňil senagatda bolsa ýeterlik möçberde çig mal ýokdy.

Maliýe, pul dolanyşygy we gazna – bu döwletiň aýnasy çöken ykdysadyýetli döwletde ruhyýet, ahlaklylyk we medeniýet pese gaçýar. Bu Orsýet babatynda-da şeýle boldy.

Uruşdan soňky ilkinji onýyllykda sowet maýasynda ýurduň ykdysadyýetiniň ösüşiniň başlangyç döwrüdi. Maýalara senagatyň paýynyň artmagy uly täsir etdi, bu girdejiniň ösmegine ýardam etdi. 1947-nji ýylda pul reformasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy ýurduň maýasyny we pul dolanşygyny berkitdi.

1961-nji ýylda geçirilen pul reformasy maýany berkitmedi, ýöne nyrhlaryň ýokarlanmagynyň başyny başlady. Gaznanyň girdejisiniň esasy çeşmesi dolanşykdan gelýän salgytdy. Ol býudžediň 60 % düzýärdi. Netijede kärhanalaryň maliýe ýagdaýlary gowşady. Sebäbi olar salgydy öz serişdeleriniň hasabyna töleýärdiler.

60-70-nji ýyllarda döwletiň iň iri maýa çeşmeleriniň biri daşary ykdysadyýetdi. Esasan bu girdejiler çig mal (nebit) satmakdan gelýärdi. Şu döwürde ýurt 150 mlrd-dan gowrak dollar aldy. Bu serişdeler kärhanalar üçin enjamlary satyn almaga, raýat we harby binalary gurmaga, azyk we sarp edilýän harytlary satyn almaga gönükdirildi.

Emma 80-nji ýyllaryň başlarynda şeýle serişdeleri almakda kynçylyk ýüze çykyp başlady. Onuň birnäçe sebäpleri bardy. Nebitiň çykarlyşynyň öňki derejesini saklamak kynlaşypdy. Nebit känleri hatardan çykypdy. Gazyp alyşyň pedagogiki şerti erbetleşipdi. Ýeňil nebit azalypdy, agyr nebiti almak üçin ýörite enjamlar gerekdi, ýöne ony öndürmek üçin maşn gurluşyk senagaty taýýar däldi.

Ýurduň daşarky bergi meselesi-de ýönekeý däldi, onuň möçberi takmynan 80 mlrd dollara deňdi. Takmynan şonçarak ýurduň beýleki döwletlerden algysy bardy. Emma SSSR-iň bergisi senagat we oba hojalyk önümlerini almagy üçin banklara we firmalara, algysy bolsa öz harby senagatynyň önümlerini beýleki ýurtlara kredit berenligi üçindi. Olar Wýetnam, Kuba ýaly sosialistik ýurtlardy, ýöne esasanam Yrak, Siriýa, Müsür, Angola, Owganystan ýaly satyn alyjylyk ukyby örän pes döwletlerdi.

Şeýlelik bilen eger döwlet býudžetiniň daşarky bergileri üzmek boýunça çykdajylary ösen bolsa-da, daşarky çeşmelerden gelýän girdeji azalypdy.

Bu zatlaryň ählisi döwletiň ykdysadyýetiniň ýagdaýyna erbet täsir etdi we 90-njy ýyllaryň başlarynda ýitileşen maliýe çökgünligini golaýlaşdyrdy. Onuň öňüni ýygy-ýygy çalşylan maliýe ministrleri-de alyp bilmedi. (1985-1998-nji ýyllar aralygynda bu wezipäni on bir adam eýeledi.)

Ykdysady çökgünlik bilen bir hatarda ýurtda aňyýet, soňra syýasy çökgünlikler başlandy.

1977-nji ýylda SSKP-ny Sowet syýasy ulgamynyň esasy hökmünde ýagdaýyny resmi taýdan berkiden SSSR-iň täze Konstitusiýasy kabul edildi. Bu ýyllarda Stalini tankytlamak bes edildi, gazet-žurnallaryň sahypalaryndan köpçülikleýin tutha-tutluk baradaky ýatlamalar aýryldy, täze pikirleriň döremeginiň öňüni dürli ýollar bilen almak güýçlendi. 60-njy ýyllaryň ortalaryndan başlap SSSR-de hukuk goraýjy hereket döredi, oňa gatnaşyjylar Konstitusiýanyň we adam hukuklarynyň berjaý edilmegini talap etdiler.

Hukuk goraýjy hereketiň ýolbaşçysy akademik A.D. Saharowdy. (1980-nji ýylda Gorkä sürgün edildi).

Baryp 60-njy ýyllarda dörän ýöne tutha-tutluk arkaly basylyp ýatyrylan bu hereket 70-80-nji ýyllarda täzeden ösüp başlady. Bu hereketiň merkezinde adam hukuklary ugrunda göreş, jemgyýetçilik durmuşynda SSKP-nyň agalygyny ýok etmek durýardy.

Bu hereket bilen bir wagtda, kärhanalarda onuň çäklerinde SSSR-iň respublikalarynda milli hereketler ösdi.

Şeýlelik bilen ýurtda 80-nji ýyllaryň ahyrlarynda 90-njy ýyllaryň başlarynda ösen ykdysady we syýasy çökgünlikler ýurduň ýolbaşçylarynyň köp ýyllaryň dowamynda alyp baran netijesiz ykdysady syýasatynyň miweleridi. Bu ýurduň ykdysady taýdan çökmegine, önümçiligiň sosialistik görnüşiniň we dünýä sosialistik ulgamynyň ýykylmagyna getirdi.

1953-nji ýyldan başlap SSSR-iň daşary syýasaty işjeňleşdi. 1959-njy ýylda sowet hökümetiniň başlygy N.S. Hruşýowyň ABŞ-a ilkinji sapary boldy we ABŞ-yň wise-prezidenti R. Nikson jogap sapary bilen SSSR-e geldi. 1963-nji ýylda üç giňişlikde (howada, kosmosda, suwuň aşagynda) ýadro ýaragyny synag etmegi gadagan etmek baradaky ylalaşyga gol çekildi. Ýöne SSSR-iň Günbatar bilen gatnaşyklarynda durnuklylyk ýokdy. SSSR-iň we Günbataryň gatnaşyklary esasanam 1960-njy ýylda Swerdlowskide amerikan razwedka uçarynyň urulmagyndan soň ýitileşdi. Sowet raketalarynyň Kubada ýerleşdirilmegi bilen baglylykda ýüze çykan 1962-nji ýylda Karib çökgünligi has ýiti boldy.

Sosialistik ýurtlaryň bileleşiginiň döremegi bilen SSSR-iň halkara abraýy has-da artdy.

1955-nji ýylda Ýewropanyň sosialistik ýurtlarynyň (Ýugoslawiýadan başgalary) harby-syýasy ýaranlygy döredildi – Warşawa şertnamasynyň guramasy.

1956-njy ýylda sowet goşunlary Wengriýadaky kommunistlere garşy gozgalaňy basyp ýatyrdy. Goranyş meselelerinde agzalalygyň ýüze çykmagy zerarly 60-njy ýyllaryň başlarynda Hytaý bilen gatnaşyklar ýitileşdi. Sowet-Hytaý serhedinde ýaragly çaknyşyklar bolup geçdi.

1968-nji ýylda SSSR Çehoslowakiýanyň içerki işlerine goşuldy. Çehoslowakiýanyň ýolbaşçylary sosializmiň täze ýoluny döretmegi jar etdiler.

Umuman, XX asyryň 50-70-nji ýyllarynda SSSR döwletiniň daşary syýasaty, onuň ýolbaşçylarynyň halkara gatnaşyklarynda agdyklyk etmek ugrunda göreşýändigini aňladýardy.

Emma 70-nji ýyllaryň başynda SSSR bilen ABŞ-nyň arasynda harby-strategik deňligiň ykrar edilmegi, ýagny Warşawa Şertnamasy guramasy bilen NATO-nyň güýjüniň deňarmalygy halkara parahatçylygyny üpjün etmekde möhüm waka boldy.

1975-nji ýylyň Alp Arslan aýynyň 1-inde Helsinkide (Finlýandiýa) Ýewropanyň 33 döwletiniň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagynda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk boýunça jemleýji akta gol çekildi. Bu resminama şol döwür üçin, geljek üçin halkara gatnaşyklarynda parahatçylykly ýaşamak üçin möhüm esas döretdi.

Emma Brežnewiň ýolbaşçylygynda 70-nji ýyllaryň ahyrynda daşary syýasat meselelerinde uly ýalňyşlyklar goýberildi. Esasan hem 1979-njy ýylyň Bitaraplyk aýynda Owganystana sowet goşunynyň girizilmegi SSSR-iň halkara abraýyny pese gaçyrdy. Dünýäniň köp ýurtlary Sowet Soýuzynyň bu hereketini berk ýazgardy. Bu yglan edilmedik uruşda 15 müňden gowrak sowet esgerleri wepat boldy, 35 müňden gowragy ýaralandy, owgan halkynyň 1 mln-n gowragy heläk boldy.

Sowet daşary syýasatynyň ýene-de 1 ýalňyşlygy, ol hem onuň Ýewropada orta aralyga täsir edýän raketalaryny ornaşdyrmagydy. Netijede ýene-de ýaraglanyşygy haýdatmak başlandy.

Umuman, Sowet Soýuzynyň daşary syýasat meselelerinde goýberen ýalňyşlary onuň diňe dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ýazgarylman eýsem ýurtdaky köp adamlar tarapyndan (akademik A.D. Saharow) hem berk ýazgarylýardy.

Türkmenistan Magtymguly eýýamynyň ahyrynda

Mowzuk: Türkmenistan Magtymguly eýýamynyň ahyrynda (XX asyryň soňy)

M E Ý I L N A M A:

1. Türkmenistan durgunlyk ýyllarynda.

2. Türkmenistan “Üýtgedip gurmak” döwründe.

3. SSSR-iň dargamagy. GDA döwletleriniň emele gelmegi.

Biz sowet döwrüniň 74 ýylynda hemişe tankyt astynda bolupdyk. Bizi geçmişiň zyýanly galyndylary üçin “Jemgyýetçilik” aňynyň yza galýanlygy üçin ykdysady taýdan gowşak ösenligimiz üçin kötekleýärdiler, gepiň gysgasy, bular akylyňa sygjak we sygmajak zatlardy. Emma hiç kim şu yzagalaklygyň sebäpleri barada oýlanmaýardy. (Mukaddes Ruhnama 269 sah.) 60-70-nji ýyllarda üstünlikler barada aşa öwünmeler, döşe kakmalar, gurluşy, şahsyýeti arşa çykarmak başlandy. Şu sebäpli-de artdyryp ýazmalar, gözboýagçylyklar başlandy. Bu hem jemgyýetiň keselidi. Jemgyýetiň süňňüni-durkuny mälim edýän agyr görnüşdi. Ýogsa-da, bütin 74 ýylyň dowamynda ýekeje sagdyn döwür bolmanlygy bellidir. Syýasy aňyýet agdyklyk edýärdi, adamlar hakykatda özbaşdak pikirlenmegi ýatdan çykarypdylar. Olar el çarpyşmaga, partiýanyň adyna mahabatly sözleri aýtmaga öwrenişipdiler. “Bu gün bize şol nogsanlyklardan saplanmak aňsat düşenok. Bu biziň Altyn asyrymyzdaky iň gaýragoýulmasyz, wajyp wezipämizdir” (Mukaddes Ruhnama 271 sah.).

Türkmen jemgyýetinde durgunlyk ýa-da jemgyýetdäki ösüşiň köp pudaklarynyň durup, tas, doňup galmagy belli bir derejede Türkmenistanyň Orsyýetiň tabynlygyna düşeninden soňky geçen ýyllaryň hemmesine mahsusdyr. Ilki Orsyýet patyşasynyň, soňra Sowet hökümýetiniň ýewroparaz, has takygy orsparaz syýasaty netijesinde türkmen halkynyň taryhy, däp-dessury onuň özüne mahsus bolan milli duýgusy depelendi. Türkmen jemgyýetiniň daşyny çyrmaşyk bürän gül kimin saralyp-soldy.

Elbetde, munuň düýp sebäbi bellidi. Ozalam ençe gezek nygtap geçişimiz ýaly, Türkmenistan SSR-iň syýasy garaşsyzlygy, umuman alanyňda ýasamady. Asla leninçilik milli syýasat diýilýän zadyň özi diňe dilde-di, gepiň gysgasy, dilde bir zat diýilse, iş ýüzünde başga bir zat edilýärdi. Ýogsam bolmanda SSSR konstitusiýasyna garanyňda Türkmenistan SSR-i syýasy taýdan garaşsyz döwlet hasaplanýardy.

TSSR-iň özygtyýarlygy we hukuklary eýýäm onuň birinji konstitusiýasynda (1927-nji ýyl) kanun tarapyndan ykrar edilipdi. Respublikanyň esasy kanunynda ähli häkimiýetiň halka degişlidigi, döwletiň, jemgyýetiň bähbitlerini goramaga, graždanlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmäge borçludygy-da aýratyn nygtalýardy. Soňra Türkmenistan SSR-niň durmuşynyň bu esasy ýörelgeleri respublikanyň soňky (1937-1978 ýyllarda) kabul edilen Konstitusiýalarynda-da üýtgewsiz suratda jar edilipdi. Ýöne iş ýüzünde welin kanun tarapyndan kepillendirilen bu beýik ýörelgeler köplenç kagyz ýüzünde galdy.

Türkmenistan SSR-i döredilenden tä garaşsyzlygyny gazanýança onda hiç wagt halkyň häkimýeti bolmandy.

Kommunistik partiýa ilaty öz tarapyna çekmek üçin köp sanly jemgyýetçilik guramalaryna daýanýardy. Bu guramalar ilat arasynda at-abraýynyň artmagy barada alada edýärdi. Emma eýýäm şol 30-njy ýyllardan başlap partiýa jemgyýete ýolbaşçylygy has çuňlaşdyrmaga, has anyklaşdyrmaga ýykgyn edip başlady, ony öz eline almaga çalyşdy, elbetde bu partiýanyň işine-de, sagdynlygyna-da ýaramaz täsir etdi.

Kommunistik partiýa döwlet başyna geçip hanam, soltanam özi boldy. 1966-njy ýylda geçirilen SSKP-niň gurultaýyndan soň, partiýa ähli işlere özi ýetjek bolup, ýetibem bilmän, şol bir wagtyň özünde ol guramalaryň hem elini işden sowatdy.

Partiýa işiniň çakdanaşa merkezleşdirilmegi, tankydyň ýoga çykarylmagy partiýa ýolbaşçylarynyň gözegçilikden çykmagyna, şahsy bähbitleri üçin wezipesinden peýdalanmagyna getirdi. Partiýa ýolbaşçylaryň arasynda hojalyk işgärleri agdyklyk etdi. Onsoňam ýolbaşçy wezipelere bellenilende işe ukyplylyk, adamkärçilik sypatlaryna däl-de, kowum-garyndaşlaryna seretmek ýoň boldy. Netijede kadrlaryň medeni, intellektual derejesi pese gaçdy.

Halk wekilleriniň sowetleri (halk deputatlarynyň söwetleri) saýlawlara, kärdeşler arkalaşygy (profsoýuzlar) ýaryşa, komsomol (ýaşlar guramasy) saz taýdan ösmäge güýmendiler.

Beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň hem işi ýasamalykdan halas däldi. Şäherlerde we obalarda ýaşulylar sowetleriniň, aýallar sowetleriniň, gyzlar guramalarynyň (klublarynyň), täze däp-dessurlary boýunça toparlaryň, ata-eneler toparlaryň, ýoldaşlyk sudlaryň müňlerçesi döredilipdi. San görkezijilerine seretseň, olar jemgyýetiň syýasy durmuşynda uly güýç, emma işleriniň hiline, mazmunyna seretseň, ýöne bir salgym. Sebäbi bu işde-de ýasamalyk artyp, sana kowalaşmaga ýol berildi hem olaryň her bir hereketinde partiýa guramalaryna garaşly edilmegi olaryň “elini-aýagyny” baglady. Ýasamalyk, kagyz döredijiligi “esasy orna geçdi”. Jemgyýetiň syýasy düzgüni doňdy. Bu doňaklygy çözmek üçin jemgyýeti düýpli özgertmek, täzeden gurmak zerurlygy mälim boldy. Ol, ine, görüň, partiýanyň aladasy bilen bularyň özlerindenem il agasy adamlar ösüp ýetişdi diýildigi. Hakykatdanda, birinji sekretarlaryň hukugy çäklidi. Häkimlik durşy bilen diýen ýaly ýokardan iberilen “ikinjileriň” elindedi.

60-njy ýyllarda (Magtymguly aýyndan soň) TKP MK-nyň birinji sekretarlygyna Balyş Öwezow bellendi. Emma olam Wasiliý Rykowyň (2-nji sekretar) pidasy boldy.

1969-njy ýylyň Bitaraplyk aýynda TKP MK-nyň birinji sekretarlygyna Muhammetnazar Gapurow “saýlandy”. Ol Rykowyň, onsoň Pereudiniň aýdanyndan çykmady. Türkmen öz topragynda özüni keseki ýaly duýup başlady. Baş Kanunda jar edilen garaşsyzlykdan nam-nyşan galmady, ol durşy bilen ýasamalyga, gury söze öwrüldi.

Türkmenistan ozalky SSSR-iň çig mal öndürýän bazasydy. Çünki, syýasatda bolşy ýaly, ykdysady taýdan Türkmenistanyň baknalygy barha çuňlaşdy, durgunlyk ýyllarynda ýetjek derejesine ýetdi. Beýle diýildigi respublikada ykdysadyýetiň düýpli ösmändigini, ýagny onuň durup galandygyny aňlatmaýar. Asla, durgunlyk diňe ýerli halkyň bähbitlerine, milli medeniýetine gezek gelende doly öz manysyna eýedi. Senagat, oba-hojalygy barada aýdylanda bolsa, bu ýerde soýuz hökümetiniň görkezmeleri artykmajy bilen berjaý edilýärdi. “Watana” gazyň, kükürdiň, pagtanyň we beýleki önümleriň ýyl-ýyldan köp mukdary berilýärdi. Ýurtdaky “Zähmet bölünişiginde öz internasional borjuny” birkemsiz ýerine ýetireni üçin Türkmenistan yzly-yzyna SSSR-iň ordenlerine mynasyp bolýardy.

Respublikada ilkinji uly gaz ýatagy – Ojak 1966-njy ýylda özleşdirildi. Şol ýyl türkmen gazçylarynyň çykaran “Mawy ýangyjy” 1 milliard kub metrdenem geçýär. Soňky ýyllarda Naýyp, Kerpiçli, Sakar, Samandepe, Maýsk, Şehitli (şatlyk), Tejen, Döwletabat we beýleki gaz känleri özleşdirildi. Özem, olar örän çalt özleşdirildi. Beýle çaltlyk bolsa heniz dünýä tejribesinde hem bolmandy. Gazyň çykarylyşy aý saýyn däl-de, günsaýyn artyp, onuň hemmesi diýen ýaly “Orta Aziýa-Merkez” gazprowody arkaly ýurduň merkezi raýonlaryna, olaryň üsti bilen dünýäniň dürli ýurtlaryna iberilýärdi. Çeleken, Nebitdag, Gumdag etraplarynda nebit bilen ugurdaş çykýan gazy bermek üçin “Günbatar Türkmenistan - Merkez” gazprowody guruldy.

1970-nji ýylda respublikada gazyň çykarylyşy eýýäm 13 mlrd kub metre ýetdi. Nebit çykarylyşy artdy. Güýjük, Burun nabitli gatlaklar özleşdirildi. Nebitli gatlaklar çuňlaşyp, nebit çykarmak kynlaşdy.

Himiýa, nebit-himiýa senagatynda önüm öndürilişi üzül-kesil ýokarlandy. Gowurdagyň kükürt zawodynyň kuwwaty artdyryldy. Kükürdiň, ýodly kaliniň hili ýokary bolup, olar daşary döwletlere iberilýärdi.

Görnüşi ýaly, Türkmenistanda, gaz, nebit, nebit-himiýa, himiýa senagat pudaklary ösdürildi. Ýöne olar soýuz ministrlikleriniň ygtyýaryndady. Ol ministrlikler respublikanyň ýer asty baýlyklaryndan düşýän girdejiniň 1%-ti onuň býudžetine geçirmelidi. Emma şolam yzygiderli geçirilmedi.

Respublikanyň senagatynyň beýleki pudaklarynda edilen işlerem az däl. Ýeňil, aýna, pagta arassalaýjy, ýüpek, ýüň, gön, azyk, balyk senagatynda täze kärhanalar, tehnologik ýollar işe girizildi. Ýöne senagatyň bu pudaklarynda öndürilýän önümleriňem köp bölegi ýurduň beýleki raýonlaryna ibermek üçin niýetlenýärdi.

Türkmenistanyň oba-hojalyk önümçiligi hem esasan Merkeziň “Ak Altyna”, “Ýumşak altyna” (garaköli bagana) we beýleki altynlara bolan islegini kanagatlandyrmaga gönükdirildi.

1973-nji ýylda türkmen pagtaçylary “arzuwly pellehana” ýetdiler. Watan harmanyna 1 mln tonna ak altyn goşuldy. Elbetde 1 gektara derek 2 ga ekmesine göz ýumuldy. Ýerler sandan çykdy. Oba hojalygyny ýöriteleşdirmegiň başynda gök bakjaçylyk hem ýöriteleşdirildi. Aşgabat welaýatynyň köp etraplarynda kolhoz, sowhozlar diňe gök bakja ekinlerini ekdiler. Önümler ýurduň merkezine iberildi. Pagtaçylyk, gök bakjaçylyk bilen bir hatarda garaköli goýundarçylyga uly üns berildi. Emma garakölçülikde emeli tohumlandyryş usulynyň köp ulanylmagy mallaryň tebigy köpelmegini zaýalady, tohumyny peseltdi. Bagana-da ýoýuldy. Wagtynda dünýä bazarynda sarpasy tutulan türkmen garaköli baganasy skladlarda baslygyp galdy.

Umuman, respublikanyň ykdysadyýeti soýuz ministrliklerine baknady. Olar edenini edip, goýanyny goýýardylar. Türkmen topragynyň mineral-çig mal baýlyklary, halkyň milli baýlygy talanýardy.

Türkmenistanyň ilaty SSSR-iň ilatynyň 1%-den sähel köprägini tutýardy. Emma ol hem ýurtda öndürilýän bişofitiň, ensomitiň, glauber duzunyň 100%-ni, kükürdiň, tehniki iodyň, bromyň 50%-ni, tehniki uglerodyň 40% we başga-da köp önümleri öndürýärdi. Türkmen topragynyň astyny, üstüni tozdurup, halkyň şunça baýlygyny alyp, ýene-de oňa “iýen nanyna degmez”, “Ýal ýagysy” diýýärdi. Bu iň bärkisi ahlaksyzlykdy. Üstesine esasy ünsüň diňe pagta çekilmegi ilatyň durmuş ýagdaýyny kynlaşdyrdy. Pagtaçylyk ekin meýdanlarynda kolhozçylaryň bir bölegini artykmaç adamlaryň hataryna goşdy. Şeýlelikde, işsizler peýda boldy we köpelip başlady.

1982-nji ýylda “Azyk maksatnamasy” kabul edildi, ýöne ondanam netije çykmady.

Tebigat bilen bagly meseleler (ekologiýa) ýitileşdi. Hasam beter Aral töweregine degişli Daşoguz etraplarynda ýagdaý ýaramazlaşdy. Içilýän suw şorlaşyp, iç keselleriň epidemiýasyny (ýaýrady) döretdi. Bag-bakjalar gurap başlady. 1980-nji ýylda Garabogaz bilen Hazar deňziniň arasyny baglaşdyrýan bogaz petiklenildi (ýapyldy). Garabogaz deňziň suwuny sorýar diýip bahana tapyldy. Bogaz petiklenen soň aýlag (zaliw.) guramak bilen boldy.

60-70-nji ýyllarda türkmen halkynyň guwanjy bolan Atabaý Geldiýew, Annageldi Hanmämmedow, Sapa Gurbow ýaly adamlar näletli eden-etdiligiň pidasy boldular. Bulary nähak ýepbekläp, partiýa temmisini berip, işden boşatmak bilen kanagatlanman, uzak ýyllaryň dowamynda yzarlap geldiler.

Diýmek, şol ýyllarda totalitar düzgün türkmen halkyny sanaç kimin çekeledi (“Sünnet operasiýasy barada”)

Demokratiýanyň we erkinligiň bogulmagy, nähak yzarlamalar, adamlary mydama howp astyna saklamak halkyň ruhy-ahlak dünýäsine ägirt zyýan ýetirdi. Bu barada Prezidentimiz şeýle diýdi: “Bala-çagalarymyz ne bir milli däp-dessurlaryny bildiler, ne-de taryhyny, ne bir edebiýatyny, ne-de bir türkmeniň medeniýetini. Biz öz milli eşiklerimize, däp-dessurlarymyza, dinimize hem dilimize pitjiň (nasmeşka) atmak bilen meşgullanyp başladyk”.

1985-nji ýylyň martynda M.S.Gorbaçýow SSKP-niň MK-nyň Baş sekretarlygyna saýlandy. Şonuň yzysüre aprel aýynda SSKP MK-nyň plenumy bolup, onda sowet jemgyýetini üýtgedip gurmak diýen syýasat yglan edildi. 1985-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 21-inde Türkmenistan Kompartiýasynyň Merkezi Komitetiniň birinji sekretary M.Gapurow wezipesinden boşadyldy. GKP MK-nyň birinji sekretarlygyna Saparmyrat Ataýewiç Nyýazow saýlandy.

Ine, hut şol günlerden başlap, halk hojalygyny asla bütin Türkmenistany pese çökmekden çykarmagyň ýollary agtarylyp başlandy. Ýagdaý näçe çuň öwrenildigiçe-de krizisiň, ýagny gorpuň has giň hem diýseň howply ekendigi belli bolup başlady.

Resmi dokumentlerde Türkmenistan industrial-agrar respublika diýilýänem bolsa, onuň industriallygy örän ýabagorlydy. Ol ýerasty mineral çig mallary we oba hojalyk önümlerini işläp bejerýän senagatly ülkedi, şol keşbini-de “birkemsiz” saklaýardy. Bu bir tötänleýin dörän ýagdaý däldi. Ol soýuz hökümetiniň ykdysady syýasatynyň gös-göni netijesidi. Sebäbi respublikanyň esasy senagat pudaklarynyň hemmesi senagat kärhanalarynyň 90%-den köprägi onuň özüne däl-de, soýuz ministrliklerine tabyn edilendi. Şonuň üçinem onuň öndürýän önümlerinden gelýän girdejiler merkezde galýardy. Elbetde bu göz görtele talaňçylykdy.

Oba hojalyk önümçiligi hem merkeziň islegine tabyn edilendi, şonlugyna-da saklandy. Pagta gök we bakja ekin meýdanlaryny giňeldip, önüm alnyşy artdy. Ýöne hasylyň hemmesi diýen ýaly Orsýetiň şäherlerine ýüklenildi. 1990-njy ýylda respublikada taýýarlanan pagta 1457 müň tonna ýetdi ýa-da gowy hasylly. 1985-nji ýylyň derejesindenem 169 müň tonna köp boldy.

Şonça hasyl pagta arassalaýjy zawodlarda birkemsiz işlenip, pamyk görnüşinde Iwanowa, Rentowa, Twer, Rostow we beýleki şäherleriň dokma kärhanalaryna iberildi.

Senagatyň we oba hojalygyň birtaraplaýyn ösdürilmegi bilen respublikanyň merkezi ýapja häsiýeti has-da çuňlaşdy. Durmuş ýagdaýy problemalary öňküden ýitileşdi. SSKP-niň XIX Bütinsoýuz konferensiýasynda Türkmenistan kompartiýasynyň MK-nyň birinji sekretary S.Nyýazowyň sözlän sözünde: “…Türkmenistan we onuň partiýa guramasy üçin üýtgedip gurmak kän babatda SSKP-niň XXVII gurultaýynda adalatly tankyt edilen ýakyn geçmişdäki gelşiksiz hadysalary ýeňip geçmek bilen baglanyşyklydyr. Ogurlyklar, artdyryp ýazmalar, gözboýagçylyk, pula satylmak, ýolbaşçy kadrlaryň bir böleginiň azmagy partiýa guramalarynyň abraýyny, adamlaryň adalata ynamyny düýpli opurdy. Kärhanalaryň bütin peýdasynyň diýen ýoly soýuzyň üsti bilen paýlanylyşygy ýerli soweleriň şol kärhanalaryň üstünlikli işlemeginiň gyzyklanmasyny peseldýär…” (Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy. 01.07.1988 ý.)

Respublikada işsizlik artdy. 1989-njy ýylda Türkmenistanda işe ýaraýan adamlaryň arasynda işsizleriň sany 40% golaýlady ýa-da 1979-njy ýyl bilen deňeşdirende 2 esseden-de köpräk artdy. Başgaça aýdylanda, ýüz müňlerçe adam belli bir kär etmän duş gelen iş bilen güzeranyny aýlaýardy. Elbetde, ilata mellek ýerleri kadalary berlip durlanlygynda başga iş tapmadyk adam öz mellegine ekibem eklenip biljekdi. Ýöne kolhozlarda soňky çärýek asyrda şahsy hojalyklara mellek bermek “ýatdan çykypdyr”. Köp hojalyklarda bir mellekde 2-3 maşgala mydar edýärdi. Daryşganlykda ýaşalýandygy maşgalalarda oňşuksyzlygyň döremegine sebäp bolýardy. Beýik Serdarymyz şol meselelere ünsüni çekdi. Obalarda 500 müňe golaý hojalyklara mellek ýerleri berildi (1987-nji ýylda Baýramalynyň “Täze ýol” kolhozyna barýar we onuň başlygy Garly Annalyýewe berk käýinç berýär).

Şäher ilatyna bag ekmek, daça gurmak üçin ýer berlip başlandy. Ekerançymy ýa-da maldar nähili zähmet çekse şoňa görä hak aljakdygyny duýup başlady. Haýalragam bolsa oba hojalyk önümçiliginde kärende ornaşyp başlady.

1991-nji ýylyň ýazynda Türkmenistanda azyk önümlerine kartoçka düzgüni girizildi. Bu düzgüniň girizilmegi bilen her kim deň hakyny alyp başlady. Halkyň medeni-ruhy durmuşynda täzeden döreýiş başlandy. 1989-njy ýylda TKP MK-nyň býurosy “Gorkut ata” şadessany baradaky özüniň ozalky (1951 ýylda) kararyny ýatyrdy. Milli baýramçylyklar (“Gurban”, “Nowruz”), käbir däp-dessurlar (sünnet, sadaka, öwlüýä zyýarat etmek) baradaky gadagan etmeler ýatyryldy. Bagşylara türkmen klassyklarynyň eserlerinden aýdymlary ýoýman aýtmaklyga rugsat berildi.

1989-njy ýylda Türkmenistanyň “Magtymguly jemgyýeti” döredildi. Salyr baba Gulaly oglunyň “Oguznamasy” neşir edildi. “Görogly” şadessanynyň neşiri okyjylara ýetirildi. Döwletmämmet Azadynyň “Wagzy azat” dessanyny, Abdysetdar Kazynyň “Jeňnamasyny” neşir etmek işi başlandy.

1990-njy ýylyň dowamynda 1937-1938-nji ýyllarda jezalandyryşyň pidasy bolan Nobat bagşy bilen Hydyr bagşynyň günleri bellendi. Ýolötende “Babagammar” gonamçylygynda Babagammaryň mazarynyň üstünde gurlan gubruň (mawzoleýiň) açylyşy boldy.

1991-nji ýylyň Alp Arslan aýynda SSSR-de adatdan daşary ýagdaý yglan edildi. Ol bary-ýogy 3 günläp dowam etdi. Soňra Kommunistik partiýa gadagan edildi. SSSR-de häkimiýet demokratiýanyň eline geçdi. Üýtgedip gurluş döwri tamamlandy. 69 ýyl dowam eden SSSR dargady. Bu döwletiň gowşap ýykylmagynyň sebäplerini Beýik Serdarymyz şeýle görkezýär: hususy eýeçiligiň ýok edilmegi bilen köpçülikleýin eýeçiligiň döredilmegi we topar ýolbaşçylyk esasynda dolandyrylmagy. Köpçülikleýin eýeçilik zaýaçylyga, işe bolan höwesiň gaçmagyna getirýärdi. Emläklere eýe, işlere ýolbaşçy ýokdy. SSSR-iň ýykylmagynyň sebäpleri hökmünde adalatlylygyň bolmandygyny hem görkezmek bolar. Respublikalaryň baýlyklary syzylyp-süprülip alynýardy we olaryň köp bölegi harby çykdajylara hem-de daşary ýurtlara iberilýärdi. SSSR ABŞ bilen ýarag öndürmekde bäsleşyärdi. Aýratyn hem raketa – ýadro ýaraglaryny öndürmeklige köp çykdajy gidýärdi. 1991-nji ýylda bolan pitne SSSR-iň düýbüne soňky paltany uran ýaly boldy. Hawa, pitne ýatyrylyp, kanunçylyk dikeldileninden soň bütin soýuz guramasy hökmünde SSKP-niň işi bes edildi, öňki respublikalaryň esasynda SSSR-iň dargamak we garaşsyz döwletleriň emele gelmek hereketi başlandy. Ol hereket Türkmenistanda hem güýçli depginde geçdi. Türkmenistan halkara serenjamyny saklamak arkaly we SSSR-iň 1977-nji ýyldaky her bir soýuz respublikasynyň bölünip aýrylmagyna hukuk berýän Baş kanunyna laýyklykda öz garaşsyzlygyny gazandy.

Soýuz merkezinde we ýerlerdäki häkimiýet edaralarynda, SSSR-iň respublikalarynda bolup geçen çylşyrymly hereketler, ýagdaýlar. 1991-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 8-inde Miniskde Belorussiýanyň, Russiýanyň we Ukrainanyň ýolbaşçylarynyň Beýannamasyna we Garaşsyz döwletleriň arkalaşygyny (GDA) döretmek hakyndaky Ylalaşyga gol çekmeklerine getirdi. Şol resminamalarda SSSR-iň halkara hukugynyň subýekti hökmünde ýaşamagyny bes edendigi tekrarlanyp, öňki SSSR-iň ähli respublikalary üçin açyk bolan GDA-nyň döredilýändigi jar edildi. Ilkibaşda köpler bu ylalaşyga sägindiler – diýip Beýik Serdarymyz ýatlaýar. 1991-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 13-inde Orta Gündogar respublikalarynyň we Gazagystanyň ýolbaşçylary Aşgabada ýygnandylar. Meseläni ara alyp maslahatlaşanlaryndan soň, Minskide bolan wakany oňun häsiýetdedigini bellediler we özleriniň GDA goşulmaçydyklaryny gatnaşyjylaryň deň hukuklylygynyň esasynda Arkalaşygy döretmek barada tagallalaryny birikdirmekçidiklerini yglan etdiler. Şol ýylyň Bitaraplyk aýynyň 21-inde S.A.Nyýazow ozalky SSSR-iň özygtyýarly respublikalarynyň 11-siniň Alma-atadaky duşuşygyna gatnaşdy (Minsk “üçlügi”, Aşgabat “bäşligi”, Ermenistan, Häzirbegjan, Moldawiýa). Ol şol ýerde Türkmenistanyň adyndan SSSR-iň ýaşamagyny belli bes edendigi we şunuň bilen baglanyşykly meseleleri düzgünleşdirmek hakyndaky Jarnama gol çekdi.

Şeýlelik bilen, Türkmenistan, ozalky SSSR-iň çäklerinde dörän beýleki garaşsyz döwletler ýaly, SSSR-iň dargamagyndan gelip çykýan halkyň öz-özüni kesgitlemegiň logiki netijesi hökmünde peýda boldy.

XX asyryň II ýarymynda ylymyň we medeniýetiň ösmegi

Mowzuk : XX asyryň II ýarymynda ylymyň we medeniýetiň ösmegi.

M E Ý I L N A M A :

1. Ylmy-tehniki öwrülişik (YTÖ) we onuň ykdysady netijeleri.

2. Habar beriş kompýuter özgertmeleri.

3. Medeniýetiň ösüşi.

50-60-njy ýyllarda YTÖ. YTÖ diýende näme düşünmeli ? Munuň özi ylmyň gönüden-göni jemgyýetiň öndüriji güýjüne öwrülmegidir. Ylmy-tehniki açyşlaryň görlüp-eşidilmedik derejede gysga wagtda ösmegi, olaryň bada-bat önümçligi ornaşdyrylmagydyr. YTÖ-niň manysy maşyn-fabrik önümçiliginden ähli babatda awtomatlaşdyrylan önümçilige geçmekden ybaratdyr.50-60-njy ýyllarda adam önümçilik işiniň esasy agramyny tehnikanyň boýnuna dakyp başlaýar. Işçi diňe önümçilik tehnikasynyň gurbat we saz işlemegine serenjam berip, gerek ýerinde tehnikany bejerýär.

50-60-njy ýyllarda ylym bilen önümçilik gaty ýakynlaşýar. Ylmy açyşlar gaty gysga wagtda önümçilige ornaşdyrylýar. Eger fotosurat hakyndaky ajaýýp açyşyň hasylyna çenli 112 ýyl, radio 35 ýyl, telegörkeziji üçin 12 ýyl garaşmaly bolan bolsa, indiki ylmy açyşlar uzagy 2-3 ýyldan önümçilige ornaşdyrylýardy. Bu bolsa, ylmyň durmuşa ornaşdyrylmagynyň taryhynda ajaýyp öwrülişikdir.

50-60-njy ýyllarda ylmyň we tehnikanyň öwrülişikli ösmegine täsir eden şertleriň biri-de dünýä döwletleriniň ylmyň ösmegi üçin harajaty öňkülerden ep-esli artdyrmagydyr. Dünýäniň iri senagat kärhanalary täze açyşlary tejribede barlamak üçin, tejribe-düzüji bölümlerini, täzeligiň synag edilýän bölümlerini döretdiler. Bu ýagdaý alymlaryň we oýlap tapyjylaryň ylmy işleriniň wagtynda barlamagyna we kemini düzetmegine oňaýly täsir etdi. Ol täze açyşlaryň durmuşa ornaşdyrylmagyny tizleşdirdi. Adamlaryň ylmyň mümkinçiliklerine ynamy artdy.

Ylmy-tehniki öwrülişige getiren ýagdaýlaryň ýene bir öndürijileriň arasyndaky bäsdeşlik, bazar ykdysadyýetli döwletler bilen sosializm ulgamyna girýän ýurtlaryň arasyndaky gapma-garşylyklaryň güýçlenmegi boldy. 50-60-njy ýyllarda YTÖ-niň esasy merkezleri ABŞ, SSSR we Günbatar Ýewropa sebitleri boldy.

YTÖ-niň esasy ugurlary. 50-60-njy ýyllarda, ilkinji nobatda, XX asyryň birinji ýarymyndaky ylmy açyşlar giňden durmuşa ornaşdyryldy. 30-njy ýyllarda peýda bolan telegörkeziji 50-nji ýyllarda dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynda köpçülikleýin ornaşdy. ABŞ-da 1946-njy ýylda bary-ýogy 17 müň telegörkeziji bardy. 1949-njy ýyldan başlap bolsa, ABŞ-da telegörkezijileriň her aýda 250 müň sanysy satylýardy. 60-njy ýyllaryň başyna çenli amerikan maşgalalarynyň dörtden üçüsiniň öýünde bir telegörkeziji bardy. Häzirki wagtdaky gözümiziň öwrenişen telegörkezijileri 50-60-njy ýyllarda tehniki täsinlikdi.

40-njy ýyllarda radioelektronikada üstünlikler elektron-hasaplaýyş enjamlarynyň (EHE) peýda bolmagyna getirdi. EHE-ler ABŞ-da we SSSR-de bir wagtda diýen ýaly oýlap tapylypdy. EHE-leriň öz döwri üçin kämil-ikinji nesli 50-60-njy ýyllarda, üçünji nesli bolsa, 60-njy ýyllaryň ahyrynda peýda boldy. Olar ykdysadyýetiň ähli uguralarynda giň ornaşdyryldy.

50-nji ýyllarda sowet alymlarynyň we amerikan fizikleriniň biri-birinden üzňelikde, ýöne bir wagtdaky uly açyşlaryň biri-de lazer şöhlesini açylmagydyr. Lazer enjamlary tehnikada düýpli öwrülişik getirdi.

YTÖ awtoulaglaryň, uçarlaryň, otlularyň kämilleşmegine getirdi, reaktiw motorly uçarlar, okeanlarda atom energiýasy bilen ýöreýän gämiler peýda boldy.

Himiýa ylmyndaky açyşlar önümçilige ornaşdyrylyp, kauçuk, emeli ýüplük öndürilip başlandy. Fizika we himiýa bilen bilelikde, biologiýa ylmy, aýratynda, genetika ösdi. Biologlar genleriň gurluşyny öwrenip, adam üçin gerekli janly organizmleri döretdiler. Muňa mysal edip, dökün, witamin we ş.m. öndürýän maýda jandarlaryň döredilmegini aýtmak bolar.

YTÖ saglygy saklaýşyň ösmegine hem täsir etdi. Lukmanlar böwregi, hat-da ýüregi we ş.m. çalşyrmagyň hötdesinden geldiler. Adamyň aýry-aýry agzalaryny, zerur bolsa, emeli agzalar bilen çalyşmak başlandy. Ylmyň beýleki ugurlarynda-da düýpli ösüşler boldy.

Kosmosyň özleşdirilmegi. 50-nji ýyllardan başlap SSSR we ABŞ ylmy-tehniki ösüşiň gazananlary esasynda kosmosy özleşdirmäge mümkinçilik tapdylar. Kosmosy öwrenmekde SSSR bilen ABŞ-yň arasynda ýaryş başlandy. Bu bäsdeşlikde SSSR ABŞ-dan öňe geçmegi başardy.

1957-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 4-inde Sowet Soýuzynyň Ýeriň emeli hemrasyny kosmosa goýbermegi ABŞ-da uly howsala döretdi. N.S. Hruşýow 1957-nji ýylda öňki uruşlardaky ulanylan harby uçarlaryň, tanklaryň möwritini geçirendigi, raketalar häzirki urşunyň esasy ýaragy bolmalydygy hakynda çykyş edipdi. Şol çykyşynda “Biz eýýäm häzir Aýa 100 tonna diýsegem ýük çykaryp biljek. Emma şol ýüki yzyna – Ýere nädip getirmelidigini entek bilemzok” diýipdi. Bu sözler ýadro zarýadyny alyp gitmäge ukyply kontinentara ballistik raketalaryň eýýamynyň başlanandygyny aňladýardy.

Ýeriň emeli hemrasyny uçurmak Birleşen Ştatlara 1958-nji ýylda başartdy. SSSR-de adamy kosmosa uçurmaga taýýarlyk başlandy. Ilkinji synanyşyklar şowsuz gutardy. 1960-njy ýylyň Garaşsyzlyk aýynda uçmaly raketa ýarylyp, ýüzlerçe adam wepat boldy. Emma bu pajygaly partlama SSSR döwründe halkdan gizlin saklandy. Täze hemralaryň uçurylandygy, Belka we Strelka atly güjükleriň kosmosa syýahatlary hakyndaky maglumatlar bolsa, sowet halkyna bada-bat ýetirilipdi.

1961-nji ýylyň Gurbansoltan aýynyň 12-sinde ilkinji gezek adam Ýuriý Gagarin kosmosa uçdy. SSSR-iň kosmosa adam uçurmagyna jogap edip, ABŞ-yň prezidenti Kennedi tizden-tiz amerikan astronawtyny Aýa gonmagy we gaýdyp gelmegi üçin mümkin bolan ähli zady etmeklige amerikan alymlaryny çagyrdy. 1962-nji ýylda amerikan astronawty Žon Glenn Ýeriň töweregindäki orbita çykaryldy. 1969-njy ýylyň Gorkut aýynda Ýer togalagynyň ýüzlerçe million teletomaşaçylary Neýl Armstrongyň dünýäde ilkinji bolup Aýyň üstünde gezim edip ýöreniniň şaýady boldular. Yzysüre sowet kosmiki enjamlary Weneranyň we Marsyň topargynyň himiki düzümini öwrenmäge girişdiler. Ýeriň emeli hemralaryna oturdylan ýokary hilli tehniki enjamlaryň kömegi arkaly kosmosdan ýere gözegçilik etmek mümkinçiligi döredi. Ýeriň anyk geografiýasy düzüldi. Emeli hemralaryň kömegi bilen Ýeriň howa şertleri barada anyk maglumatlar taýýarlanylyp başlandy.

Teleradio aragatnaşygynyň ösmeginde Ýeriň emeli hemralarynyň ähmiýeti ulydyr. Umuman, kosmosy özleşdirmek harby bäsleşikde başlansa-da, parahatçylykly maksatlar üçin köp ulanylýar. Soňky wagtlarda kosmosy öwrenmekde bäsdeşlikden özara hyzmatdaşlyga geçilip başlandy. Onuň başyny 1975-nji ýylda sowet we amerikan kosmonawtlarynyň bilelikdäki uçuşy başlady.

YTÖ-niň yldysady, durmuş we tebigy netijeleri. YTÖ-niň başlanmagy bilen senagaty tehnologiki taýdan täzeden enjamlaşdyrmaga şert döredi. Senagat önümçiliginiň ösüşini güýçlendirdi. Az adam bilen köp önüm öndürmäge şert döredi. YTÖ halka öýünde, zähmet ornunda, söwdada, hasap-hesipde, umuman, adamyň ýaşaýyş derejesiniň gowulaşmagynda ajaýyp oňaýlyklar döretdi. 50-60-njy ýyllarda ylmyň we tehnikanyň ösmegi netijesinde, awtoulaglaryň, sowadyjylaryň, telegörkezijileriň, radio we beýleki durmuş tehniki enjamlarynyň öndürilişi we ulanylyşy köpçülikleýin häsiýete eýe boldy. YTÖ netijesinde ylymly, hünärli adamlara isleg artdy.

YTÖ özüniň artykmaçlyklary bilen bir wagtda käbir çözmesi kyn bolan meseleleri-de adamzadyň öňünde mähek daşy kimin keserdip goýdy. Olara mysal edip, YTÖ-niň netijesinde ýaraglaryň barha täze görnüşleriniň peýda bolmagyny, köp girdejä kowalaşyp gurşap alýan tebigata howp salynmagy, howanyň we dünýä suwlarynyň hapalanmagynyň derejesiniň artmagyny we ş.m. ýatlamak gerek.

XX asyryň 70-80-nji ýyllarynda ylmy-tehniki öwrülişigiň täze tapgyry başlandy. Ylym önümçilik bilen birleşdirilip, ol gönüden-göni öndüriji güýje öwrüldi. Oýlap tapyşlar we ylmy açyşlar dessine önümjçilige ornaşdyrylýardy. 1971-nji ýylda “Intel” firmasy kiçi-prosessory döretdi. Bu täzelik 1976-njy ýylda kompýuterleriň oýlanyp tapylmagyna getirdi. Elektron hasaplaýjy enjamlarynyň täze nesli çeýe önümçilik ulgamlary, awtomatlaşdyrylan önümçilikler peýda boldy.

Tebigatda ýok bolan sintetiki süýümler we materiallar döredildi. Atom elektrostansiýalary dünýäniň köp ýurtlarynda möhüm ähmiýete eýe boldy. Radarlar, lazerler, süýümli-optiki aragatnaşyk ulgamlary giňden peýdalanylyp başlandy. Hususy kompýuterler, kosmos stansiýalary, sesiň tizliginden gaty uçýan uçarlar, aşa tizlikli otlular we dünýä habar beriş ulgamy – bularyň hemmesi ýokary enjamlaşdyrylan jemgyýetiň häsiýetli aýratynlyklardy.

Ylmy-tehniki öwrülişik jemgyýeti düýpli özgertdi. Ol ozaly bilen, öndüriji güýçlere täsir etdi. Kämilleşen täze zähmet gurallary (awtomatlar) geljekde “adamsyz önümçiligi” döretmäge bil bagladýardy. Emeli tapylan materiallar belli bir derejede tebigy çig mallaryň ornuny tutmaga niýetlenilipdi. Atom energiýasynyň adaty çeşmeleriniň (nebit, kömür we ş.m.) ýerini tutmalydy. Bu rewolýusion öňegidişlikler häzirki zaman jemgyýetiniň uzak möhletleýin üpjün etjek maddy-tehniki esaslardy. Çig maly harçlaýan önümçilikden ony tygşytlaýyn önümçilige geçmek gün tertibindäki esasy meseledi. Ol bolsa ýokary bilimli, döredijilikli işleýän hünärmenleriň tagallasy esasynda mümkindi.

Medeniýetdäki täze hadysalar. Siwilizasiýanyň ösmeginiň hem-de jemgyýetçilik aňynyň kämilleşmeginiň möhüm meýillerinden biri medeniýetiň we gündelik durmuşyň nusgawy görnüşleriniň özara ýakynlaşmagy hem-de özara täsiridi. Ylmy-tehniki öwrülişik medeni gymmatlyklaryň ilatyň ähli gatlaklary üçin elýeterli bolmagyna şert döredýär.

Ösen döwletlerde bilim ulgamy YTÖ-niň laýýk ösdi. Bilimiň üznüksizligi gazanyldy. Mekdepler, ýörite we ýokary okuw jaýlary kompýuterler, öwrediji okuw enjamlary, ýöriteleşdirilen laboratoriýalar, okatmak we testirleme almak üçin awtomatlar telegörkezijiler, wideomagnitofonlar bilen üpjün edilýär.

Hususy kompýuterler we EHE-ler ösen ýurtlarda ýaşaýan adamlaryň köpüsiniň hemişelik hemrasyna öwrüldi. Ol dürli tehniki we ykdysady bilimleri, dilleri özleşdirmäge, dürli maglumatlary almaga we ş.m. mümkinçilik berýärdi.

Öý hojalygynyň adaty enjamlarynyň (radio, telegörkeziji, magnotofon, sowadyjy enjamlar) ýerini olaryň has kämil nusgalary eýeledi. 70-80-nji ýyllarda öňdebaryjy döwletlerde olaryň öndürilişi 7 esseden gowrak artdy. 1987-nji ýylda Günbatar Ýewropada maşgalalaryň reňki telegörkezijiler bilen üpjünçiligi 85%-den, ABŞ-da bolsa 94-den geçipdi.

“Köpçülikleýin talap ediş” jemgyýeti üçin “köpçülikleýin medeniýet” häsiýetlidi. Medeni önümleriň önümçiligi hem-de “wagtyňy hoş geçirmek industriýasy” girdeji çeşmesine we köpçüligiň aňyna netijeli täsir etmegiň serişdesine öwrüldi. “Köpçülikleýin medeniýet” halkyň aňyny durmuşy, syýasy we ahlak meselelerinden sowmaga-da kömek edýärdi.

Jemgyýetçilik-syýasy pikir. 60-80-nji ýyllardaky YTÖ jemgyýetçilik-syýasy pikire hem täsirini ýetirdi. Jemgyýeti öwrenijiler “habar beriş jemgyýeti” baradaky taglymaty işläp düzdüler. Olar adamzadyň taryhyna tolkunly uçgunlar hökmünde garaýarlar. Şol “uçgunlar” hem siwilizasiýanyň täze görnüşine getirýär. E. Toffer dünýä siwilizasiýasynyň ösüşini şeýle beýan edýär : agrar siwilizasiýadan (birinji tolkun) senagatlaşan jemgyýete (ikinji tolkun), ondan hem habar beriş jemgyýetine tarap (üçünji tolkun).

Syýasy aňyýet. 70-80-nji ýyllarda Günbatarda syýasy aňyýetde uly öwrülişikler bolup geçdi. Aňyýet taýdan gapma-garşy durmak meýli artdy. Sosialistik ýurtlarda başgaça pikirlenýän adamlaryň (dissidentleriň) yzarlanmagy adam hukuklaryny goramak baradaky meseläni örboýuna galdyrdy. ABŞ bu meseläni özüniň döwlet syýasaty derejesine çykardy.

Döwletiň ykdysadyýeti düzgünleşdirmegine garşy çykmak şahsyýetiň azatlygynyň baş kepilnamasy hökmünde hususy eýeçiligi goramak köneçilleriň (konserwatorlaryň) esasy aňyýetidi. Köp ýurtlarda “täze sagçylar”, “täze köneçiller” ýaly akymlar hem döräpdi.

Ylym. XX asyryň 60-njy ýyllaryndan başlap ylmyň ösüşinde täze tapgyr başlandy. Ol mikroelektronikanyň we täze enjamlaryň ornaşdyrylmagy bilen häsiýetlenýärdi. Bu tapgyra tehnotron öwrülişigi diýilmegi hem ýöne ýere däldi. XIX asyr hem-de XX asyryň birinji ýarymy bilen deňeşdirilende adamyň beden güýjüne garanda onuň akyl (intellektual) güýji artdy. Mikroelektronika adamlaryň barha köp böleginiň zähmetiniň akyl işi bilen baglanyşykly bolmagy üçin sepgitleri açdy. Onuň ösüşi hyýaly möçberlere baryp ýetipdir.

Günbatarly alymlaryň biriniň getiren deňeşdirmesi üns bererlikdir : eger awtomobil gurluşygynyň depgini edil mikroelektronikda ýaly bolsa-dy, onda “Rolss Roýs” kysymly awtomobil bary-ýogy 2 funt sterlinge durardy. Onuň dwigateliniň kuwwaty 3 mln mil uzaklyk üçin 4,5 litr benzin harçlaýan okean gämisiniňkä deň bolardy. Awtomobiliň ölçegi bolsa birnäçe millimetr bolardy.

Mikroelektronikanyň önümçilige ornaşdyrylmagy zähmet öndürijiligini onlarça esse ýokarlanmaga mümkinçilik berdi. Sermaýa, çig mallar, energiýa tygşytlanýardy. Mikroelektronikanyň aragatnaşygyň täze görnüşi bilen utgaşdyrylmagy dolandyryş işgärleriň ähmiýetini artdyrdy. Günbatar ýurtlarynda gaýtadan işleýji senagata garanda informatika pudagynda işleýänleriň sany agdykdyr. Genetika, biotehnologiýa, gen inženerçiligi dar laboratoriýa galyplaryndan çykdy. Olaryň açyşlary oba hojalygynda, medisinada giňden peýdalanyp başlandy.

Her bir döwlet hem indi ylmy barlaglaryň zerurdygyny inkär etmeýärdi. Strategik gyzyklanmalar hökümetleri ylmy hajatlar üçin çykdajylary artdyrmaga, ylmy barlaglara hemaýat etmäge iterýärdi. Ylym jemgyýetde häkimligini ýöretmegiňem serişdesine öwrülipdi. Emma, gynansak-da ylmyň ösüşi yzagalak sebitleri öz içine almaýardy. Ösen sebitleriň ylymdaky gazananlary gowşaklary özüne tabyn etmegiň açaryna öwrülipdi.

Başga dillerde

This page is based on a Wikipedia article written by authors (here).
Text is available under the CC BY-SA 3.0 license; additional terms may apply.
Images, videos and audio are available under their respective licenses.