1943

Müňýyllyk: 2-nji müňýyllyk
Asyrlar: 19-njy asyr - 20-nji asyr - 21-nji asyr
Onýyllyklar: 1910ýý  1920ýý  1930ýý  - 1940ýý -  1950ýý  1960ýý  1970ýý
Ýyllar: 1940 1941 1942 - 1943 - 1944 1945 1946

Wakalar

Tema boýunça

Dünýä inenler

Aradan çykanlar

Babaýew Atajan

Babayew Atajan (1910) — Sossialistik Zähmetiň Gahrymany. 1947 ýylyndan SSKP çleni. TSSR Ýokary Sowetiniň deputaty (3—5 çagyrylyşlar). Ol Mary raýonynyň Ajan Mämmedowa obasynda dogulýar. 1931—41 ýyllarda Çkalow adyndaky kolhozda brigadir bolup işleýär. 1941—43 ýyllarda Watançylyk urşuna gatnaşýar. 1943—45 ýyllarda Çkalow adyndaky kolhozda sklad müdiri, 1945—60 ýylarda kolhoz başlygy, 1960—70 ýyllarda bolsa şol kolhozyň bagçylyk brigadasynyň brigadiri bolun işleýär. Ýokary pagta hasylyny alanlygy üçin, 1949 ýylynda oňa Sossialistik Zähmetnň Gahrymany diýen at dakylýar. Ol Lenin, «Zähmet Gyzyl Baýdak», «Gyzyl Ýyldyz» ordenleri we birnäçe medal bilen sylaglanýar.

Babaýew Çary (1917)

BABAÝEW Çary (1917) — Sossialistik Zähmetiň Gahry-many. 1952 ýyldan SSKP çleni. Ol Aşgabat raýonynyň Büzmeýin obasynda dogulýar. 1929—43 ýyllarda Aşgabat raýonynyň «RKKA-nyň 12 ýyllygy» atly kolhzynda kolhozçy, 1943—46 ýyllarda Aşgabat oblastynyň gurluşyk trestinde işçi, 1946 ýyldan bäri Aşgabat raýonynyň «TSSR-iň 40 ýyllygy» kolzynda kolhozçy bolup işleýär. Üzümçiligi ösdürmekde we üzümiň hasyllylygyny artdyrmakda bitiren hyzmatlary üçin, 1949 ýylynda oňa Sossialistik Zähmetiň Gahrymany diýen at dakylýar. Ol W. I. Leniniň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli, leninçilik ýubileý medaly bilen (1970) sylaglanýar.

Beýrut

Beýrut — Liwanyñ paýtagty. 1943-nji ýylda Liwanyň paýtagty yglan edildi.

Birleşen Milletler Guramasy

Birleşen Milletler Guramasy (iňlisçe – United Nations, rusça – Организация Объединенных Наций, Türkçe: Birleşmiş Milletler )

Parahatçylygy goldamak hem-de ýurtlar arasynda parahatçylykly hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin, özygtyýarly döwletleriň meýletin birleşmegi esasynda döredilen halkara gurama. Ilkinji gezek şeýle guramany döretmek meselesi 1943-nji ýylyň oktýabrynda Moskwada, soň 1944-nji ýylda Dumwarton-Oksda (ABŞ-da) SSSR-iň, ABŞ-nyň we Beýik Britaniýanyň wekilleriniň maslahatynda çözüldi. 1945-nji ýylyň fewralynda üç beýik döwletiň Ýalta (Krym) konferensiýasynda şeýle halkara guramany döretmek meselesi gütarnykly çözüldi. Bu gurama 1945 ýylyň 25-nji aprelda San-Fransiskoda (ABŞ-da) geçirilen konferensiýada döredildi. 26-njy iýunda 50 ýurduň wekilleri biragyzdan BMG-niň Düzgünnamasyny kabul etdiler. Düzgünnama 24-nji oktýabrda güýje gir­di. Şondan bäri 24-nji oktýabr BMG-niň Güni hökmünde bellenip geçilýär.

BMG-niň ştab-kwartirasynyň ýerleşýän ýeri Nýu-Ýork, onuň Ýewropadaky merkezi Ženewa şäheridir. BMG-niň maksady, onuň öz Düzgünnamasynda ýazylyşy ýaly “parahatçylyga salynýan howpuň öňüni almak hem-de ýok etmek we agressiýa aktlaryny ýatyrmak üçin” toparlaýyn çäreler görmek bilen, parahatçylygy hem-de howpsuzlygy gorap saklamakda, milletleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary ýola goýmakdan, ykdysady, sosial, medeni hem-de gumanitar häsiýetdäki halkara meselelerini çözmekde hyzmatdaşlygy amala aşyrmakdan, adamyň hukuklaryny we azatlygyny hormatlamagy ösdürmekden ybaratdyr. Uzak ýyllaryň dowamynda BMG halkara çökgünlikleriň öňüniň alynmagynda we uzaga çeken dawalaryň parahatçylyk ýoly bilen çözülmeginde uly rol oýnady. Ol dawalaryň öňüniň alyn­magy, parahatçylygyň saklanmagy we ynsanperwer kömekleriň berilmegi ýaly meselelerde toplumlaýyn çäreleri amala aşyrdy. Meseleler çözülende, BMG-niň hemme agzalary deň hukuklydyr. Bu gurama döwletleriň içerki işlerine gatyşmazlyk esasynda iş alyp barýar. Ilki başda BMG-niň agzalary 51 döwletde, 1972 ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli olaryň sany 132-ä ýetdi. Häzirki wagtda (2011) BMG-niň düzüminde 193 döwlet bar.

BMG – bu uly forum bolup, ol ýerde ähli döwletleriň wekilleri biri-biri bilen duşuşmaga müm­kinçilik tapýarlar.

Soňky maglumatlara görä, sekretariatyň işgärleriniň sany bütin dünýä boýunça takmynan 40 müňe barabardyr. Guramanyň 2008-2009-njy ýyllar aralygyndaky iki ýyl lyk býujeti 4 milliard 171 million dollara barabar boldy. Guramanyň resmi dilleri: iňlis, arap, ispan, hytaý, rus we fransuz dilleridir.

BMG-niň esasy organlary Baş Assambleýa, Howpsuzlyk Geňeşi, Ykdysady we sosial geňeşi, Halkara Kazyýet* we sekretariatdyr. Ylym-bilem we medeniýet meseleleri baradaky ýörite halkara guramasy — ÝuNESKO we başgalar bar.

Baş Assambleýa guramanyň ýokary organydyr. Onuň sessiýa ýygnaklaryna agza bolup durýan döwletleriň hemmesiniň wekilleri gatnaşýarlar. Sessiýada garalan meseleler boýunça rezolýusiýalar kabul edilýär. Baş Assambleýa nobatdaky sessiýasyny ýylda bir gezek çagyrýar. Ýörite we adatdan daşary sessiýalar Howpsuzlyk geňeşiniň maslahaty we teklibi boýunça çagyrylýar.

Baş Assambleýa edil forum ýaly bolup, ol ýerde dünýä döwletleriniň özara gyzyklandyrýan meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşmagyna mümkinçilik döredilýär. Şeýle hem Baş Assambleýa Ykdysady we sosial geňeşiň, Howandarlyk geňeşiniň we beýleki ýöriteleşdirilen edaralaryň işlerine gözegçilik edýär. Howpsuzlyk geňeşi bilen bilelikde Baş sekretary we Halkara kazyýetiniň kazylaryny saýlaýar.

Assambleýadaky ähli döwletler ululygyna we kiçiligine garamazdan bir ses bermäge hukugy bar.

Howpsuzlyk Geňeşi BMG-niň iňňän möhüm organydyr. Ol halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny goramak baradaky meselelere seredýär we degişli kararlar kabul edýär. Sowete onuň 5 sany hemişelik agzasy — Russiýa, Hytaý Halk Respublikasy, ABŞ, Angliýa, Fransiýa we BMG-niň agzalary bolup durýan beýleki ýurtlaryň wekillerinden Baş Assambleýa tarapyndan iki ýyl möhleti bilen saýlanýan 10 sany hemişelik däl agzasy girýär. Hemişelik däl agzalary şu sebitlerden saýlanýar: Afrika we Aziýa (5), Gündogar Ýewropa (1), Latyn Amerikasy (2) we Günbatar Ýewropa (2). BMG-niň bu organy üçin Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalarynyň agzybirlik esasly bolan weto hukugy iňňän möhümdir.

Ykdysady we sosial geňeşi Baş Assambleýa tarapyndan 54 agzadan ybarat düzümde saýlanýar. Agzalar 3 ýyl möhlet bilen saýlanýar. Bu geňeş halkara, ykdysady, sosial, medeni, saglygy saklaýyş meselelerini we ş. m. öwrenýär hem-de olar barada BMG-ä teklipler taýýarlaýar.

Halkara Kazyýet* ýa-da Bütindünýä Kazyýeti Niderlandlaryň Gaaga şäherinde ýerleşip, onda 15 sany kazy bardyr.

BMG-de esasy wezipeli administratiw adam baş sekretardyr. Ol Howpsuzlyk Geňeşiniň maslahat bermegi bilen Baş Assambleýa tarapyndan 5 ýyllyk möhletde bellenilýär. Şu wagta çenli (2011) BMG-niň 8 sany baş sekretary boldy. Olaryň 8-njisi häzirki Baş sekretar Pan Gi Mundur (2007-njy ýyldan bäri). Ilkinji Baş sekretar wezipesine norwegiýaly Trýugwe Li saýlan­ýar. Ol 1946-1952-nji ýyllar aralygynda ýolbaşçylyk edýär. Soňra onuň ýerine 1953-nji ýylda şwesiýaly Dag Hammarşeld saýlanýar. Ol hem 1961-nji ýyla çenli guramanyň Baş sekretary bolup zähmet çekýär. Mýanmaly U Tan 1961-1971-nji ýyllar aralygynda ýolbaşçylyk eden bol sa, 1972-1981-nji ýyllarda awstriýaly Kurt Waldhaým Baş sekretar boldy. Peruly Hawýer Peres de Kuelýer BMG-niň bäşinji Baş sekretary bolýar. Ol 1982-1991-nji ýyl­lar aralygynda gurama ýolbaşçy bolýar. 1992-nji ýylda Butros Gali resmi taýdan Baş sekretar wezipesine saýlanýar. 1997-nji ýylda Kofi Annan Baş sekretar bolup, 2006-njy ýyla çenli şol wezipede işleýär.

International Court of Justice (Sahypa Topary tarapyndan terjime edilen)

Bobi Fişer

Robert Jeýms "Bobi" Fişer (9-njy Mart, 1943 – 17-nji ýanwar, 2008), Amerikaly küşt ussady we küşt boýunça dünýäniň 11-nji çempiony. Köpleriň pikirine görä ol adamzat taryhyndaky iň beýik küştçi.13 ýaşynda wagty asyryň oýuny diýip ykrar edilen oýunda ýeňiş gazandy. Ilkinjisi 14 ýaşynda bolmak bilen jemi 8 gezek ABŞ çempionatynda oýnady we ählisinde iň az 1 bal öňde bolmak bilen ýeňiji boldy. 15 ýaş wagty şo wagta çenli aralykdaky iň ýaş grosmeýster we dünýä çempionlygyna dalaşgär bolan iň ýaş küştçi boldy.. 20 ýaş wagty ABŞ çempionadynda mümkin bolan 11 baldan 11 bal toplamak bilen çempion boldy, çempionat taryhyndaky ýeke-täk kämil netije..

1970 we 1971-nji ýyllarda ozal we soňra görlüp eşidilmedik derejede beýleki küştçilerden öňe saýlandy/. 1970-nji ýylda sebitleýin çempionatlar taryhyndaky 3.5 bal aratapawut bilen ýeňiji boldy we dalaşgärler çempionatynda çärýek final we ýarym final oýunlarynyň hersinde 6-0 hasaby bilen ýeňiji boldy. Grosmasterlere garşy yzly yzyna 20 oýunda ýeňiji boldy. BUlar ählisi ozal we soňra gaýtalanmadyk görkezijiler 1972-nji ýylda Islandiýanyň reýkýawik şäherinde SSSRli Boris Spaskä garşy oýunda dünýä çempionlygy sepdiginde ýetdi. Bu taryhdaky iň köp gyzyklanma bildirilen dünýä çempionatydyr.

I1975-nji ýylda ol öz titulyny goramakdan boýun towlady FIDE onuň talaplaryndan birini kabul etmändigi üçin. Ondan soňra ol gözlerden ýitirim boldy we 1992-nji ýylda Ýugoslawiýada Boris Spaski bilen bolan duşuşygynda ýeňiş gazandy.Bu duşuyk BMG sanksiýalary astynda bolan Ýugoslawiýada bolup geçipdi. Bu oýuna gatnaşmagy ABŞ hökümedi tarapyndan jenaýat hökmünde kabul edildi we tussag ediljekdigi yglan edildi.

1990-njy ýylda küşt wagt hasaplaýjy ulgamyny oýlap tapdy we şuwagt ol ýaryşlarda ulanylýar. Mundanam başga, küşt960 diýip bilinýän Fişerrandom küşt görnüşini döretdi.

1990-njy we 2000-nji ýyllarda ol Wengriýa, Germaniýa, Filippinler, Ýaponiya we ISlandiýada ýaşady we jynsparazlygy goldaýan birnäçe beýanatlar berdi. Onuň pasportynyň güýçsiz yglan edilmeginiň sebäbi diýip çak edilýär bu beýanatlar. Pasportynyň güýjüni ýitirendiginden bihabar bolan Fişer ýaponiýa syýahata gitdi we şo taýda Ýapon hökümedi tarapyndan tussag edildi we 8 aý gözastynda saklandy deport edilmek ähtimallygy bilen.. 20005-nji ýylyň Mart aýynda Islandiýa hökümedi oňa raýatlyk bermek bilen, Ýapon hökümedini ony azat etmäge borçly etid. Fişer ömrüniň ahyryna çenli Islandiýada ýaşady.

Gana

Gana Günbatar Afrikadaky döwlet. Paýtagty - Akkra. Tutýan meýdany - 238,54 müň inedördül kilometr. Administratiw taýdan 10 welaýata bölünýär. ilaty - 20,76 million adam. Döwlet dili - iňlis dili. Dini - hristian. Yslam we däp bolan käbir afrikan ynançlaram bar. Pul birligi sedi. Milli baýramy - Nowruz aýynyň 6-sy. Şol gün Gana ýurt garaşsyzlygyny yglan etdi (1957-nji ýyl). Gana Birleşen Milletler Guramasynyň, Afrika Birligi Guramasynyň, Afrika Bileşiginiň, Günbatar Afrika ýurtlarynyň Ykdysady jemgyýetiniň agzasy.

Gwineýa

Gwineýa Günbatar Afrikada ýerleşýän döwlet. Paýtagty — Konakry. 245857 km2 ilaty 7 mln 600 müň adam. Döwlet dili – fransuz dili. Pul birligi- gwineýa franky. Dini musulmançylyk – 854. döwlet gurluşy – respublika, baştutany prezident 8 welaýata bölünýär.

X-XI asyrda Gwineýanyň köp bölegi Altyn kenaryň düzümine girýärdi. XII asyrda Gana imperiýasy dargady. XIII asyrda onuň ornuna malinha halklary tarapyndan döredilen Mali imperiýasy döredi. Bu ýerde yslam dini giň ýaýrady. XVI asyra çenli Mali öz kuwwatyny çaklady. XVII asyrda fulbe döwleti döredi. XIX asyryň ortalarynda fransuzlar bilen fulba serdarlarynyň arasynda göreş başlandy. 1895-nji ýylda Gwineýa Fransuz, Günbatar Afrikasynyň düzümine girizildi. 1904-nji ýylda onuň serhedi dikeldildi. Ol 8 welaýatdan ybarat boldy: Sendan, Mawritaniýa, Gwineýa, Pil çünki kenarlary, Nigera, Dogomeý, Ýokary Wolta.

Birinji jahan urşy döwri Fransuz GünbatarAfrikasy Fransiýanyň azyk üpjün edijisi boldy. Iki jahan urşy aralygynda FGA-sy fransuzlar tarapyndan talanyldy, halky arzan işçi güýji hökmünde talanyldy.

1940-njy ýylyň Gorkut aýynda Fransiýanyň Germaniýa tarapyndan eýelenmegi bilen FGA-sy Wişileriň eline geçdi. Germaniýa bu ýerden pagta, kauçuk we kakao alyp gidýär.

1943-1945-nji ýyllarda FGA-sy iňlis amerikan gözegçiligi astyna düşdi. Ikinji jahan urşundan soň FGA-da milli azat edijilik hereket has-da güýçlenýär. 1946-njy ýylyň Garaşsyzlyk aýynda afrikaly wekilleriň maslahaty boldy.

Onda afrikan halkynyň agyr ýagdaýý baradaky mesele ilkinji gezek seredildi. Maslahatda Afrikanyň demokratik bileleşigi atly guramaçy döredi. Ol baknadarlyga garşy göreşýärdi. Bu gurama 1949-1950-nji ýyllarda fransuzlar tarapyndan yzarlanyp, öz işini üýtgetdi. 1957-nji ýylda “Afrikanyň garaşsyzlyk partiýasy” atly gurama döräp, ol diňe Gwineýa däl bütin Afrika özbaşdaklyk berilmegini talap edýär.

1958-nji ýylda Fransiýanyň ähli koloniýalarynda garaşsyzlyk ugrunda çykyşlar başlanýar. 1958-nji ýylyň Fransiýanyň 13 baknalygynda geňeş geçirilýär. Ilatyň garamagyna bir mesele goýulýar. Ol hem ýurduň özbaşdaklygyna ýa-da indiki dörediljek fransuz hyzmatdaşlygy atly birnäçe ýurdy özüne birleşdirýän Fransiýanyň ýolbaşçylygyndaky döwletleriň soýuzyna ses bermelidi. Fransiýa eger haýsy ýurduň halky özbaşdaklyga ses berse, onuň bilen hiç-hili gatnaşyk etmejekdigini aýdyp görkezýär. 1958-nji ýylyň Ruhnama aýynyň 28-de ähli fransuz 13 baknasynda geňeş geçirilýär. Onda diňe Gwineýanyň halky Senu Tureniň ýolbaşçylygynda özbaşdaklyga ses berýär.

1958-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 20-de özbaşdaklygyny jar edýär. ilkinji prezidenti Seku Turen bolýar. Fransiýa beýleki 12 ýurduň hyzmatdaşlykda galanyna begenip, Gwineýany pes derejä getirmek üçin ähli fransuzlara Gwineýadan tiz çykmaga çagyrýar. Fransuzlar ähli döwlet arhiw dokumentlerini stanoklaryň işleýşi baradaky çyzgylary hem alyp gaýdýarlar. Gwineýa garşy ykdysady gabaw guraýar. Emma Gwineýanyň bu kyn döwri uzaga çekmedi. Ony SSSR goldady. Gwineýa beýleki Afrika baknalaryna görelde boldy.1960-njy ýylda Gwineýa birnäçe Günbatar döwletler bilen gatnaşygy ýola goýdy.

1965-nji ýýlda Fransiýa bilen ilçi gatnaşyklaryny ýola goýdy we ony döwlet agdarylyşygyna synanşykda aýyplady. 1977-nji ýylyň Alp Arslan aýynda Gwineýanyň şäherlerinde bidüzgünçilikler bolýar. Welaýat ýolbaşçylarynyň birnäçesi öldürilýär. 1976-njy ýylda Fransiýa bilen diplomatik gatnaşyklar dikeldildi.

1984-nji ýýlda Gurbansoltan aýynda polkownik Lansano Konteniň ýolbaşçylygynda harby gullukçylaryň topary gandöküşiksiz agdarlyşyk etdi.

1991-nji ýýlda täze konstitusiýa kabul edildi. 1993-nji ýylda ýurduň taryhynda ilkinji gezek köppartiýalylyk saýlaw boldy.

Lansano Konte prezident saýlanyldy. 1995-nji ýylyň saýlawynda ýene-de L/Konteniň “Birlik we ösüş” partiýasy ýeňiş gazanýar. 1996-njy ýylda Konte prezident tarapyndan bellenilýän premýer – ministr wezipesini girizdi.

Mihail Zoşenko

Mihail Zoşenko

(1894-1958)

Russiýanyň meşhur satirik ýazyjysy Mihail Mihaýlowiç Zoşenko 1894-nji ýylda, suratkeşiň maşgalasynda dünýä inipdir. 1913-nji ýylda Mihail gimnaziýany tamamlapdyr, soňra Sankt-Peterburgyň döwlet uniwersitetiniň hukuk hünärinde bir ýyl okapdyr. Birinji Jahan urşuna, 1917-nji ýylyň raýatlyk urşuna gatnaşypdyr. 1919-njy ýylda harby gullukdan boşap, 1920-1922-nji ýyllar aralygynda dürli kärleri çalyşýar, hatda milisiýa işgäri we aýakgap ussasy bolup hem işleýär, üstesine-de Korneý Çukowskiýniň alyp barýan edebi sapaklaryna gatnaşýar. 1922-nji ýylda Zoşenko ilkinji eserini çap etdirýär. Ýazyjy W.Kawerin, W.Şklowskiý, K.Fedin, N.Tihonow, Wsewolod Iwanow ýaly ýaş kyssaçylar bilen bilelikde «Serapionyň doganlary» atly edebi birleşigi esaslandyrýar.

Bu döwür ýazyjy özüniň gülküli hem satiriki hekaýalaryny döredýär. Zoşenko hekaýalarynyň özeninde adatdan daşary üýtgeşik waka goýup, ony halky dilde, dürli şiwe sözleri ulanyp, eseriň ýeňil okalmagyny hem-de gülkünç bolmagyny, şol bir wagtda-da çuňňur oýlandyrmagyny gazanýar. Onuň «Asylzada gyz», «Söýgi», «Adamyň göwnüne degdiler», «Jenap Sinebrýuhow Nazar Ilýiçiň hekaýalary», «Limonad», «Elhenç tümlük» ýaly onlarça hekaýalary bu žanryň nusgawy eserleri hasaplanylýar.

1930-nji ýyllarda Zoşenko aglaba iri eserleriň üstünde işleýär. «Mişel Sinýagin» (1930), «Yzyna gaýtarylan ýaşlyk» (1933), «Taras Şewçenko» (1939) powestleri, «Gök kitap» (1934—1935) nowellalar ýygyndysy kämil ýazyjynyň döredijiliginde täze tapgyryň başlanandygyny mälim etdi. Bu eserlerinde Zoşenko has dünýewi, pelsepewi meselelere ýüzlenipdir. 1943-nji ýylda, adynyň has arşa göterilen döwri Zoşenko «Günüň dogmagyndan ozal» atly esse-powestini çap etdirip başlaýar. Ýazyjynyň bu eserleri ol döwrüň ideologik talabyna gulluk edýän eserleriniň arasynda diýseň tapawutlanýardy. 1946-njy ýylda Zoşenkonyň döredijiligini zabun tankytlaýan karar kabul edilýär. Onuň eserlerini çap edýän «Leningrad» žurnaly ýapylýar, «Zwezda» žurnalyna bolsa Zoşenkonyň eserlerini çap etmek gadagan edilýär. Ýazyjyny ajy tankytlaýan birnäçe makalalar çap edileninden soň, ony Ýazyjylar birleşiginden çykarýarlar.

Ýazyjynyň durmuş ýagdaýy agyrlaşýar. Ol esasan hem terjimeçilik bilen, käwagtlar hem köwüş ussasy bolup gazanç edýär. Terjime eden eserlerinde hem terjimeçiniň ady görkezilmeýär.

Mihail Zoşenko 1958-nji ýylda, Leningradda dünýeden ötdi. Onuň 1943-nji ýylda çap edilip başlanan «Günüň dogmagyndan ozal» powesti ilkinji gezek diňe 30 ýyl öteninden soň, 1973-nji ýylda ABŞ-da dolulygyna çap edildi.

Nikola Tesla

Nikola Tesla 1856-njy ýylyň 10-njy iýullynda Smilýanda (Gospiç) doguldy.1943-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda Nýu Ýork şäherinde aradan çykypdyr.Nikola Tesla Serb asylly oýlap tapyjy,fizikaçy we elektrofizika alymy bolan.Aslyna seretseň dünýä ýüzündäki bilimiň we tehnologiýanyň düýbünden üýtgedip biljek eneçeme ulanyşly we ulanyşly bolmaýan derňewleri-açyşlary oýlan alymdyr.Esasan hem açyşlarynyň arasynda iň täsini bolsa kabelsiz elektrik energiýanyň üpçünçüligi we muny subut etmesi has heme täsin galdyryjydyr.Tomas Edison bilen kim köp açyş etmek ýaryşy bolupdyr we elmydama Tesla has köp we peýdaly açyşlary edipdir.Elektrik energiýasyna degişli ençeme bimöçber açyşlary edipdir.1943-nji ýylyň 7-nji dekabr aýynda açyş patent sany yigrimi alty döwletde üç ýüz töweregi bolupdyr. Nýu Ýork şäheriniň käbir bölümlerinde 10-njy iýýulda Telsa güni hasap edip baýramçylyk belläpdirler.Manhattanda bolsa 40-njy köçe we 6-njy çatyrygyň burçlaryna Teslanyň ady dakylypdyr.Dünýäň iň belli žurnallaryndan biri bolan Taým žurnalynyň 1931-nji ýyldaky neşirinde Teslanyň 75 ýaş doglan güni mynasybetli žurnalyň baş sahypasyna surady goýulupdyr.

.

Peru

Peru (isp. Perú, aým. we keç. Piruw), resmi ady — Peru Respublikasy (isp. República del Perú) — Günorta Amerikadaky döwlet. Ol demirgazyk-günbatarda Ekwador, demirgazykda Kolumbiýa, gündogarda Braziliýa, günorta-gündogarda Boliwiýa we Çili bilen araçäkleşýär. Ýurduň günbataryny Ýuwaş ummany ýuwýar.

Döwlet gurluşy: Peru – prezident respublikasydyr. Döwlet 12 sany welaýat bilen bir garaşsyz welaýatdan ybarat. Döwlet baştutany – prezident. Kanun çykaryjy organy – Milli kongres.

Zigfrid Lenz

Zigfrid Lens (1926–2014) — Meşhur nemes ýazyjysy Zigfrid Lens 1926-njy ýylyň 17-nji martynda, Germaniýanyň Elk şäherçesinde dünýä indi. 1943-nji ýylda okuwyny tamamlanyndan soň harby gulluga çagyrylýar. Uruşdan soň ol Gamburg uniwersitetiniň pelsepe, iňlis dili we edebiýat fakultetini tamamlaýar. «Asmandaky çaýkeller»(1951) atly ilkinji romanyndan gazanan galamhakyna ýazyjy Keniýa syýahat edýär.

Günter Grass, Genrih Böll, Günter Aýh ýaly belli ýazyjylar bilen birlikde, Zigfrid Lenz hem Germaniýanyň ýazyjylar bileleşigine goşulypdyr. 1968-nji ýylda çap etdiren «Nemes sapaklary» romany Lense bütindünýä meşhurlygyny getirýär. Bu eser tiz wagtyň içinde, takmynan, 30 dile terjime edilip, nemes diliniň iň meşhur eserleriniň hataryna goşulýar. «Ülkäni öwreniş muzeýi»(1978) we «Arneniň mirasy»(1999) romanlary hem okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylanypdyr. Ýazyjy Gýöte baýragyna, Frankfurt çaphanaçylarynyň baýragyna, Halkara Nonino baýragyna mynasyp bolýar.

2008-nji ýylda çap edilen «Bir minutlyk dymyşlyk» romany ýazyjynyň şu wagta çenli çykaran iň soňky eseridir. Romanlarynyň köpüsinde jemgyýetçilik durmuşyny suratlandyrýan ýazyjynyň bu eseri söýgä hem çagalyga bagyşlanandygy sebäpli, Zigfrid Lensiň döredijiliginde aýratyn orun eýeleýär.

Ýazyjy biziň döwrümizde hem okyjylary häli-şindi täze kitaplary bilen begendirýär.

Başga dillerde

This page is based on a Wikipedia article written by authors (here).
Text is available under the CC BY-SA 3.0 license; additional terms may apply.
Images, videos and audio are available under their respective licenses.