1903

Müňýyllyk: 2-nji müňýyllyk
Asyrlar: 19-njy asyr - 20-nji asyr - 21-nji asyr
Onýyllyklar: 1870ýý  1880ýý  1890ýý  - 1900ýý -  1910ýý  1920ýý  1930ýý
Ýyllar: 1900 1901 1902 - 1903 - 1904 1905 1906

Wakalar

Tema boýunça

Dünýä inenler

Aradan çykanlar

Ata Gowşudow

Ata Gowşudow türkmen halkynyň görnükli ýazyjylarynyň biri bolup, 1903-1953 ýyllar aralygynda ýaşap geçipdir. Ol hekaýa, powest, roman ýazmaklyk bilen meşgullanypdyr.

Perman romany

Ýazyjy 1903-nji ýylda Aşgabat şäheriniň golaýyndaky Büzmeýin obasynda eneden dogulýar. Atanyň ejesi belli ertekiçi aýal Ogulgerek eje bolupdyr. Ýaşlykda Ogulgerek eje öz ogluna rowaýatdyr, ertekiler aýdyp beripdir. Şeýlelikde Atada halk döredijiligine we çeper edebiýata söýgi döräpdir. Ol ilki oba mekdebini

tamamlaýar, soňra mugallymçylyk kursunda okaýar. Ol 1922-nji ýylda sowet partiýa mekdebinde okaýar. Ol şol döwürde „Gyzyl puluň gullary“ atly pýesasyny ýazýar. 1922-nji ýyldan başlap Moskwadaky Gündogar zähmetkeşleriniň kommunistik uniwersitetinde okap başlaýar. Bu ýerde okamak onuň gözýetimini giňeldýär, rus edebiýatyna bolan söýgini döredýär. Türkmenistanda kadr ýetmezçilgi sebäpli Atany Moswkadaky uniwersiteti gutarmanka işe çagyrýarlar. Ol 1925-nji ýylda „Ýaş Kommunist“ gazetinde işläp başlaýar. 1927-1933-nji ýyllar aralykda Magaryf işlerinde işleýär. 1933-nji ýylda „Sowet Türkmenistan“ gazetiniň edebi işgäri bolup işleýär. 1934-nji ýylda „Ýolumy düzetdim“, „Azaşan yzyny tapdy“ ýaly hekaýalary ýazýar. 1938-nji ýylda Türkmen döwlet ylmy derňew dil we edebiýat institutynyň ylmy işgäri bolup işleýär. Ol şonda halk döredijiligini toplamak bilen meşgullanýar. Ata Gowşudowyň "Perman" romanynda Gökdepe söweşi tragediýasy hakyky teswirlenip görkezilýär. Ýöne romany çap etmeklik sowet döwründe senzura ugraýar, we romanyň ilkinji baby bütünleý ýogadylýar. Galan baplaryny Ata Gowşudow aradan çykansoň, ýazyjy Nargylyç Hojageldiýew ýolbaşçylyk edip çap etdirýär.

Babuşkin Iwan Wasilýewiç

BABUŞKIN Iwan Wasilewiç (partiýa lakamy Nikolaý Nikolaewiç, Bogdan, Nowisskaýa we b.) (1873—1906) — bolşewik, rewolýusýoner. Özüniň rewolýussion işini 1893 ýylynda W. I. Leniniň ýolbaşçylyk eden gizlin işçiler kružogyňda başlaýar. 1895 ýylyndan başlap Peterburgdaky «Işçiler synpyny azat etmek ugrundaky göreş soýuzynyň» aktiw çlenleriniň biri bolýar. 1898 ýylynyň oktýabrynda RSDIP-niň Ýekaterinoslaw komitetini döredýär. W. I. Lenin tarapyndan esaslandyrylan «Iskra» gazetiniň aktiw habarçysy we Russiýada ony işjeň ýaýradyjy. Ol marksistik partiýany döretmek ugrundaky leninçilik hereketiň öň hatarlarynda bolup, «ykdysatçylaryň» garşysyna tutaýerli göreşýär. 1896—1903 ýyllarda rewýussion iş üçin Babuşkin üç gezek tussag edilýär. 1905—07 ýyllaryň rewolýussiasyna aktiw gatnaşýar. Ol RSDIP-niň Irkutsk we Çita komntetleriniň sostawyna girýär. 1906 ýylynyň ýanwarynda patyşa jellatlary tarapyndan atylyp öldürilýär.

Boleslaw Prus

Boleslaw Prus

(1847-1912)

Polşanyň nusgawy ýazyjysy, dünýä belli kyssaçy Boleslaw Prus (hakyky ady — Aleksander Glowaskiý) 1847-nji ýylda, Polşanyň Lýublin şäheriniň golaýyndaky Hrubeşuw obasynda, garyp galan begzadanyň maşgalasynda dünýä inipdir. Çaga ir ýetim galypdyr, onuň yzygiderli bilim almaga mümkinçiligi bolmandyr. 1863-nji ýylda ol Polşa halkynyň Russiýa imperiýasynyň agalygyna garşy turzan gozgalaňyna gatnaşypdyr, ýaralanypdyr.

Boleslaw Lýublinde ýörite orta okuw jaýy tamamlanyndan soň, 1866-njy ýylda Warşawanyň Esasy mekdebiniň (häzirki Warşawa Uniwersitetiniň) fizika-matematika hünärine okuwa girýär, emma iki ýyldan soň pul ýagdaýy sebäpli okuwyny taşlamaga mejbur bolýar.

1872-nji ýylda ilkinji gezek Prusyň makalasy çap edilýär. Ol 1874-1903-nji ýyllar aralygynda Warşawanyň birnäçe gazetlerinde, 1882-1883-nji ýyllarda «Nowiny» žurnalynyň redaktory bolup işleýär, bu ýerde edebi-tankydy makalalarynyň birnäçesini çap edýär. Polşa edebiýatynyň edebi tankydynyň realistik ýörelgä eýermegine Prus uly goşant goşupdyr.

Ýazyjy gazetler üçin müňe golaý felýeton döredipdir, ýüze golaý hekaýalar ýazypdyr. Bu hekaýalaryň ählisinde Prus öz iliniň agyr ýaşaýyş şertini suratlandyrypdyr, iň wajyp jemgyýetçilik meselelerini orta atypdyr. «Nälet siňen bagt» (1876), «Ýetim haky» (1876), «Antek» (1881), «Çagalygymyzyň günäleri» (1883), «Ýalňyşlyk» (1884), «Dünýä zeňi» (1884), «Saýa» (1885), «Düýş» (1890) we beýleki nowelladyr hekaýalary Boleslaw Prusy Ýewropanyň iň ussat ýazyjylaryň hataryna goşupdyr. Emma powestleri hem romanlary ýazyja hakyky şöhraty getiripdir. «Forpost» (1885) atly ajaýyp powestinden soň ýazyjy özüniň dünýä belli eserlerini — «Gurjak» (1887-1889), «Erkinleşen zenanlar» (1890-1893), «Faraon» (1895-1896), «Çagalar» (1908) romanlaryny döredýär. Beýleki iri eserleriniň ählisini öz döwrüniň ahlak hem jemgyýetçilik meselesine bagyşlan ýazyjy «Faraon» romanynda gadymy Müsüriň taryhyna ýüzlenipdir.

Ýazyjynyň soňky ýazan «Özgerişler» romany tamamlanman galypdyr. Ol 1912-nji ýylda, Warşawada aradan çykypdyr.

Boleslaw Prusyň eserleri birnäçe dillere terjime edilip, dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna girizildi. Lew Tolstoý, Emil Zolýa, Genrik Senkewiç, Iosif Stalin ýaly şahsyýetler ýazyjynyň eserlerini ürç edip okapdyrlar.

Gertrude Bell

Doguldy: 14. 07. 1868. Waşington Hall. Kounty Durham. Angliýa

Ölümi: 12. 07. 1926. (57) Yrak. Bagdat

Milleti: Britaniýaly.

Eden işleri we wezipesi: Okkupirleýji, syýasatçy ofiser, Iýordaniýany we Yragy bölüji, Arheolog, Beýik Siriýanyň, Mesopotamiýanyň, we Arabystanyň kartagrafiýaçy

Heops

Hökümdarlyk etdi: B.e.öň 2589 –B.e.öň 2566[1][2] (Maneto görä 63 ýyl), (Taryhçylaryň pikiriçe 23 ýa-da 46 ýyl).

Ýerine gelen Sneferu

Ýerine gelen Djedefre

Ölüm: B.e.öň 2566

Heleýi: Maritit, Henutsen we ýene ady näbelli iki aýaly bolupdyr.

Çagalary: Kawab, Djedefhor, Hetepheres II, Maritites II, Meresankh II, Baufra, Dhedefra, Minkhaf I, Khafre, Khufukhaf I, Babaef I, Horbaef, Nefertiabet, Khamerernebty I (çaklama), Nefermaat II (çaklama).

IV Hanedanlygynyň 2-nji Müsür faraony Khufu ýa-da meşhur ady Heopsyň näçinji ýylda dogulandygy belli däldir. Ol 23 ýa-da 46 ýyl höküm süren gadymy Müsür hökümdary bolupdyr.

Myrat V

Höküm sürdi: 30.05.1876 –31.08.1876

Özünden öň: Abdulaziz

Özünden soň: Abdulhamid II

Ýurdy: Osmanly hökümdarlygy

Kakasy: Abdulmejit

Ejesi: Şewfeka soltan

Doguldy: 21.09.1840. Stambul

Öldi: 29.08.1904. (63 ýaşynda) Stambul

Dini: Yslam

Myrat V (33 )مراد خامس-nji Osmanly patyşasy we 112-nji Yslam halyfy. Kakasy Soltan Abdulmejit, ejesi Megrel (Gürji一Gürzin) asylly Şewfeka hatyn. Öňki Osmanly patyşasy Abdulaziziň ýegeni we soňky Osmanly patyşasy Abdulhamit II dogany. Soltan Abdulaziziň saraýa urlan zarba netijesinde Tagtdan agdarylandan soňra, onuň ýerine tagta geçip 93 günläp tagtda höküm süreninde «Akly-çaşan» diýlip 1876-njy ýylda patyşalyk tagtyndan agdaryldy. Osmanly taryhy boýunça iň az wagtlyk höküm süren patyşa boldy. Tagtdan indirileninden soňra birnäçe syýasy toparlar tarapyndan täzeden ýurt başyna getirilmäge synanşyk edilse-de, netije bermeýär.

Parahatçylyk ugry boýunça Nobel baýragy

Parahatçylyk ugry boýunça Nobel baýragy bar bolan Nobel baýragynyň 5(bäş) görnüşinden biridir. Nobel Baýragynyň düýbüni tutyjy: Alfred Nobeldir. Mundanam başga: Himiýa ugry boýunça Nobel baýragy, Fizika ugry boýunça nobel baýragy, Medisina ugry boýunça Nobel baýragy we Edebiýat ugry boýunça Nobel baýragy görnüşleri bardyr. 1901-nji ýylda başlanyndan bäri herýyl(käbir ýyllarda dýrli sebäpler bilen berilmedi) gowşurylyp gelinýär. 1990-njy ýyldan bäri her ýylyň 10-njy dekabrynda Oslo şäherinde gowşurylýar.

Uilyam Boing

Uilyam Boing (william boeing 1881-1956) amerikan awiakonstruktory we senagatcysydyr.Ol 1903-nji yylda Ýel uniwersitetini tamamlayar.1916-njy yylda ozunin ilkinji ucharyny yasayar hem-de "pacific aero products" atly uchar shereketini esaslandyryar.Birnache ay geceninden son shereketin ady "boeing airplane co" diyip uytgedilyar.1927-nji yyla cenli Boingin sereketi esasan harby ucharlary ,sheyle-de yuk dasayan ulaglary yasamaga yoriteleshyar.1934 yylda Boing shereketin ozune degishli bolegini satyar hemde chapylyan atlary kopeltmek bilen meshgullanyp bashlayar.

Boingin uchara bolan soygusi ,gyzyklanmasy yok bolup gitmeyar,ikinji jahan urshy dowrunde ol ozunin onki uchar karhanasynyn maslahatcysy bolyar.Bu karhana 'boing 707 " yolagcy ucharyny doretmek baradaky taslamanyn ustunde ishlap bashlayar.Taze uchar 1954 nji yylda doly tayyar bolyar.U.Boing oz karhanasynda yasalan ilkinji yalagcy ucharynyn asmana galshyny gormage yetishyar.

Hazir boing ucharlarynyn durli kysymlary ondurilyar.Olaryn birnacesi dunya rekordyny goyyar.meselem 1989 njy yylda ulanylysha berlen boing 747 uchary dunyade in kop yolagchy yerleshyan uchar diyip yglan edildi.Bu ucharyn ganatlarynyn gerimi 64,9 metre,ucush uzaklygy 13340 km.aralyga dendir.Ona 566 yolagcy yerleshyar.

William Randall Kremer

William Randall Kremer-18.03.1828-22.07.1922

XX-nji asyryñ başynda halkara gatnaşyklar

XX-nji asyryñ başynda halkara gatnaşyklary. /1900-1914ỳ.ỳ./

MEỲILNAMA

1. XX-asyryñ başynda paỳlaşylan dünỳäni täzeden paỳlaşmak ugrunda göreş.

2. Asyryñ başynda Ỳewropa ỳurtlarynyñ arasyndaky şertnamalar.

3. Balkan uruşlary-jahan urşunyñ başlanmagynyñ öñisyrasydyr.

XIX-njy XX-nji asyrlaryñ sepgidinde beỳik döwletler dünỳäni paỳlaşyp gutarypdy. Bütin ỳer togalagy ol ỳa-da beỳleki uly ỳurt tarapyndan eỳelenipdi.1-nji ỳar Beỳik Britaniỳa degişlidi. 1900-nji ỳylda onuñ eỳeçilikleri 33 mln inedördül km.368mln. ilatly ỳerde ỳerleşipdi. Munuñ özi dünỳäniñ gury ỳer meỳdanynyñ we ilatynyñ ¼ bölegine barabardy. Beỳik Britaniỳa Afrikada Müsüri, Sudany, Keniỳany, Ugandaky we birnäçe yzagalak ỳurtlary basyp alypdy.1899-1902 ỳyllaryñ iñlis – bur urşy netijesinde Angliỳa bur respublikalary bolan-Oranžewaỳa we Transwaly özüne tabyn etdi. Afrikanyñ Günbatarynda Nigeriỳa, Altyn kenar, Gambiỳa ỳaly iñlis baknalary emele geldi. Ondan başgada Aziỳada Birma hem Angliỳa degişli edildi. Baknalyk edinmek göreşinde ikinji orunda Fransiỳa durỳardy. Onuñ eỳeçilikleri 11mln inedördül km, 50mln ilatly ỳerde ỳerleşỳärdi. Afrikadaky ỳerleriñ 34% (göterimi) fransuzlaryñkydy. Şeỳle hem oña Alžir, Senegal ỳaly ỳurtlar hem degişlidi, bu ỳurtlar Gwineỳa aỳlagynyñ kenarynda ỳerleşỳär. ondan başga-da Fransiỳa Aziỳada Wỳetnamyñ ähli ỳerlerini, Tailandy, Laosy, Kambojany eỳeledi.

XIX-asyryñ 80-nji ỳyllaryndan Germaniỳa baknalyk edinmek hereketine başlaỳar. 1884-ỳylda ol Günorta-Günbatar Afrikany, Gündogar Afrikany, Tago we Kameruny we Okeaniỳadaky birnäçe ỳerleri basyp alỳar.1900 ỳylda Germaniỳanyñ eỳeçilikleri 12 mln ilatly, 2,6 mln inedördül km meỳdanly ỳere eỳeçilik edỳärdi.

1898-ỳylda ABŞ Ispaniỳa garşy urşa başlaỳar. Bu uruş paỳlaşylan dünỳäni täzeden paỳlaşmak ugrunda ilkinji uruşdy. Bu urşuñ netijesinde ABŞ Ispaniỳanyñ öñki baknalary-Puỳerto-Rikony, Filippinleri, Gawaỳ, Guam, Samoa adalaryny eỳeledi.

XIX-asyryñ 60-njy ỳyllarynda Russiỳa hem baknalyk edinmek maksady bilen Orta Aziỳa ỳerlerine aralaşdy. Birnäçe synanşyklardan soñ patşa Russiỳasy 1879-1882 ỳylda Türkmenistany hem basyp aldy. Beỳik Saparmyrat Türkmenbaşy Mukaddes Ruhnama kitabynda “1879-1881-nji ỳyllarda bolan Gökdepe urşy türkmen milletiniñ syỳasy, ykdysady, ỳaşaỳyş durmuşyna, milletiñ jemgyỳetine uran zarbasynyñ täsiri netijesinde türkmen döwleti ỳykyldy. Rus döwleti türkmen topragynda özüne garaşly iş dolandyryş, medeni we dini wagyz-nesihatyny ỳaỳbañlandyrdy” diỳip belleỳär./S.44/

Şonuñ ỳalyda Beỳik Saparmyrat Türkmenbaşy Mukaddes Ruhnamasynda patyşa Russiỳasynyñ türkmen topragyny basyp alandan soñra türkmen halkynyñ durmuşyna, dünỳä taryhyndaky ornuna we abraỳyna zeper ỳetiren baknalyk syỳasatynyñ zyỳanly täsirleri,netijeleri hakynda hem jaỳdar jümmeler bilen şeỳle belleỳär: “Ỳüzlerçe ỳyllap dünỳä ösüşine täsir eden türkmen halkynyñ şanly asly taryhdan aỳyrmak, topragyny basyp almak, milletini bakna etmek üçin gurnalan syỳasy oỳunlardy. Ỳalan häsiỳetnamalar dogrudan hem, türkmenleriñ dünỳä taryhyndaky ornuna we abraỳyna uly şkes ỳetirdi”.(44-45s)

XX-nji asyryñ başynda Portugaliỳa, Niderlandlar, Belgiỳa, Italiỳa ỳaly ỳurtlar hem uly baknalyklary öz elinde jemläpdi. Olar dünỳäniñ gury ỳer meỳdanynyñ 7mln.in/d km-e, 65,3 mln adamly ilata eỳeçilik edỳärdi.

Umuman 1900 ỳylda dünỳäniñ meỳdanyñ 73 mln. ined/e km (55%) ilatynyñ 530 mln. (35%) beỳik döwletleriñ baknalarydy. 1914-nji ỳylda bolsa togalagynyñ 66,9% (göterimi) we ilatynyñ 60% göterimi bakna we ỳarym bakna ỳagdaỳyndady.

XX-nji asyryñ başynda Ỳewropa dünỳä syỳasatynyñ merkezi bolup galỳardy. Iri Ỳewropa döwletleriniñ döreden harby-syỳasy toparlary, ỳagny üçler bileleşigi (Germaniỳa, Awstro-Wengriỳa, Italiỳa) we fransuz-rus ỳaranlygy-täze basgançaga gadam basdy. 1898 ỳylda Germaniỳa uly harby floty gurmaklyk maksatnamasyny işläp düzdi, ol 20 ỳyla niỳetlenipdi, onuñ ahyrky maksady Germaniỳany deñiz agalyk edỳän döwlete öwürmekdi. Bu maksatnamanyñ durmuşa geçirilmeginiñ ilkinji ädimi 1903 -ỳylda Türkiỳe bilen baglaşylan Bagdat ylalaşygy boldy. Şoña laỳyklykda Türkiỳe Germaniỳanyñ gämi gurluşygyna mugt agaç bermeli edildi. Ondan başga-da Germaniỳa Bosfordan kiçi Aziỳanyñ üsti bilen Kuweỳt gämi duralgasyna çenli demir ỳol çekmegi ylalaşyldy. Emma Germaniỳanyñ bu hereketleri Angliỳa ỳaramady. Angliỳa özüne ỳaran gözläp Fransiỳa ỳakynlaşdy. 1903 ỳylda 2 ỳurduñ baştutanlary duşup, 1904-ñ Gurbansoltan aỳynda iñlis-fransuz ylalaşygyny baglaşdy. (ỳürekdeş ylalaşyk-Antanta).

Şeỳle şertlerde Germaniỳanyñ kaỳzeri Wilgelm II iñlis-rus gatnaşyklaryny ỳitileşdirmegiñ ugruna çykỳar, german diplomatlarynyñ baş maksady Russiỳa bilen Angliỳanyñ ỳakynlaşmagyna päsgel bermekden ybaratdy. Beỳleki tarapdan german hökümeti Fransiỳa bilen Russiỳanyñ gatnaşyklaryny gowşatmagy wezipe edip goỳỳardy.Bu maksatlara etmek üçin Wilgelm II ilki bilen Russiỳanyñ uzak Gündogardaky syỳasatyny ỳakyndan goldap çykyş edỳär. Russiỳa Mançžuriỳa we Koreỳa meseleleri boỳunça Ỳaponiỳa bilen tersleşipdi, ahyrynda ol 1904-1905 ỳyllaryñ rus-ỳapon urşuna getirỳär. rus-ỳapon urşunda Russiỳanyñ birnäçe ỳeñlişlere duçar bolmagyndan peỳdalanyp, Wilgelm II rus-german ỳaranlygyny baglaşmagy teklip edỳär. emma ol teklip başa barmaỳar, sebäbi ony rus hökümeti goldamaỳar.

1904 ỳylda iñlis-fransuz kiçi Antantasynyñ emele gelmegi bilen iñlis hökümeti islendik ỳol bilen bu topara Russiỳany çekmäge çalyşỳardy. Russiỳa bilen Angliỳanyñ arasyndaky gepleşikler 1906-ỳylda başlanỳar. Şol ỳyl iñlis-fransuz hökümetleri Orsyỳetdäki rewolỳusiỳany basyp ỳatyrmak üçin rus patyşasyna 1mlrd rubl karz berỳär, şu ädim hem iñlis-rus gepleşikleriniñ başlanmagyna sebäp bolỳar. 1907 ỳylyñ Alp-Arslan aỳynda iñlis-rus şertnamasy baglaşylỳar. Şertnama laỳyklykda Eỳranda, Owganystanda we Tibetde (Hytaỳyñ I bölegi) täsir ediş zolaklary kesgitlendi. Eỳran 3 bölege bölünip: Demirgazygy (has ilatly bölegi)-Russiỳa degişli edildi, Merkezi Eỳran bitarap bölek, Günorta-Gündogar Eỳran Angliỳanyñ ygtyỳaryna berildi.Owganystanda Angliỳanyñ täsiri astyna düşỳärdi, Tibet hem iñlislere degişli edildi.

Şeỳlelikde 1907-nji ỳylyñ Alp-Arslan aỳynyñ 31-ler Antantasy döredildi.

Ỳewropada halkara gatnaşyklarynyñ möhüm ỳeri Gündogar meselesidi. Balkan ỳarym adasynda bir tarapdan uly döwletleriñ arasyndaky gapma-garşylyk, ikinji tarapdan Balkan ỳurtlarynyñ dolandyryjy toparlarynyñ milletçilik we hökümrowanlyk meỳilleri Sebtde milli aztlyk hereketi bilen utgaşỳardy. Umuman osmanly türk imperiỳasynyñ we Awstro – Wengriỳanyñ Balkanlardaky syỳasaty bulam-bujarlyk emele getirỳärdi.

1908 ỳylyñ ỳaştürkleriñ rewolỳusiỳasy we 1911 ỳylyñ Italiỳa – Türkiỳe urşy Bosniỳa we Gersegowinada Awstriỳalylara garşy hereketiñ başlanmagyna getirdi. Munuñ özi Gabsburglar monarhiỳasynyñ täsirini gowşatjakdy. Wenada Balkalara garşy güỳç ulanmak we Gabsburglaryñ Eỳgeỳ deñziniñ kenarlaryna çenli agalygyny dikeltmek kararyna gelindi. Bu karary amala aşyrmak üçin Bosniỳany, Gersegowinany we Serbiỳany basyp almalydy. Bosniỳa çökgünliginiñ başlanmagyna Awstro-Wengriỳanyñ imperatory Frans Iosifiñ 1908 ỳylyñ Garaşsyzlyk aỳynyñ 5-de Bosniỳany we Gersegowinany güỳç bilen özüne birikdirmegi sebäp boldy.

Günorta Slawỳan ỳerleriniñ eỳelenmegi Balkanlarda Milli-azatlyk hereketiniñ güỳçlenmegine getirdi. Serbiỳa we Ģernogoriỳa Gabsburglar monarhiỳasy bilen diplomatik gatnaşyklaryny kesdi. Russiỳa bolsa Serbiỳanyñ we Ģernogoriỳanyñ milli bähbitlerini goldaỳardy. Şol sebäpden hem 1909 ỳylyñ ỳazynda rus-Awstriỳa gatnaşyklary ỳitileşdi. Germaniỳa bolsa öz ỳaranyny goldaỳardy, hem-de mümkun boldugyndan Russiỳa bilen Türkiỳäniñ arasyna pahna kakjak bolỳardy. 1909 ỳylyñ Nowruz aỳynyñ 21-e Germaniỳa Russiỳadan Bosniỳa we Gersogowinany, Awstro-Wengriỳadan hem Serbiỳa we Ģernogoriỳany basyp almaga razylyk bermegini talap edỳär. Orsyỳet näalaç oña razy bolmaly bolỳar. 1912 ỳylyñ nowruz – ruhnama aỳlarynyñ aralygynda 4-lerỳaranlygy, ỳagny Serbiỳa, Ģernogoriỳa, Bolgariỳa we Gresiỳa bileleşigi döredilỳär. Şol ỳylyñ Garaşsyzlyk aỳynda ỳaranlyk bilen Türkiỳäniñ arasynda uruş başlanỳar başlanỳar, oña taryhda 1-nji Balkan urşy diỳilỳär. Bu urşuñ netijesinde Türkiỳe ỳeñilỳär. 1913 ỳylyñ Magtymguly aỳynyñ 30-da Londonda baglaşylan ỳaraşyk şertnamasyna laỳklykda Türkiỳä Ỳewropada Stambulyñ golaỳyndaky ỳerler ỳetỳär.

Emma London şertnamasy Awstro – Wenr. Germany kanagatlandyranokdy. Esasan hem Awstriỳa Serbiỳanyñ eỳeçiliklerine garyşdy (Serbiỳa Kosowany, Makedoniyanyñ ep-esli, Demirgazyk Albaniỳanyñ ỳerlerini eỳeläpdi)

1913 ỳylyñ ỳazynda Serbiỳa we Ģernogoriỳa öz araplarynda harby şertnama baglaşyp şol bir wagtda ol Bolgariỳanyñ Makedoniỳa aralaşmagyna garşydy.

1913ỳylyñ Oguz 29-de balgar goşunlarynyñ serb we grek toparlaryna garşy

hüjüme geçmegini buỳurỳar. Şeỳle ỳagdaỳda 2-Balkan urşy ỳagny ỳaranlygyñ öz-ara urşy başlanỳar. Bolgariỳa garşy Rumyniỳa we Türkiỳä hem urşa başlaỳar.

1913 ỳylyñ Gorkutaỳynyñ ahyrynda Bolgariỳa bu uruşda ỳeñilỳär.

1913 ỳylyñ Ruhnama 10 we 26 Buharest we Stambul şertnamalaryna laỳyklykda Bolgariỳa Makedoniỳadaky ähli eỳeçiliklerinden mahrum edilỳärdi.

Umuman 1912-1913 ỳyllaryñ Balkan uruşlary Ỳewropada emele gelen 2- sany harby-syỳasy bileleşikleriñ gapma-garşylygyny öñküsinden hem ỳitileşdirdi. Balkan ỳarym adasy bolsa “Ỳewropanyñ ok-däri ambary” öwrüldi.

Beỳik Saparmyrat Türkmenbaşy Mukaddes Ruhnamsynda XX asyryñ birinji ỳarymynda dünỳä döwletleriniñ arasyndaky gapma-garşylyklar ỳagdaỳlaryñ çylşyrymlaşmagy şeỳle belleỳär.

Ömer Seýfettin

Ömer Seýfettin

(1884-1920)

Meşhur ýazyjy Ömer Seýfettin 1884-nji ýylda, Türkiýäniň Balykesir welaýatynyň Gönen şäherinde dünýä inipdir. Ilki ol Gönende, ýönekeý mekdepde okapdyr, emma soň harby wezipede işleýän kakasynyň iş ýeriniň üýtgedilmegi bilen maşgala Stambula gelýär. Bu ýerde Ömeri ilki Osmany mekdebine, soňra 1893-nji ýylda harby lukmançylyk rüştiýesine (ýöriteleşdirilen orta okuw mekdebine) ýerleşdirýärler. Geljekki ýazyja harby bilim berlipdir. 1903-nji ýylda okuwyny tamamlanyndan soň Seýfettin Izmirde gulluk edipdir. Bu ýerde 1911-nji ýylda onuň «Täze dil» atly ilkinji makalasy çap edilýär. Balkan uruşlaryndan (1912-1913) soň Seýfettin harby gullugyny taşlaýar, 1914-nji ýyldan başlap Stambulyň ýöriteleşdirilen Kabataş orta okuw jaýynda edebiýat mugallymy bolup işleýär. Ol ömrüniň ahyryna çenli bu wezipede işläpdir, üstesine-de hekaýadyr makalalaryny döredipdir. Onuň eserleri «Yeni Mecmua», «Şair», «Donanma», «Büyük Mecmua», «Yeni Dünya», «Diken», «Türk Kadini» ýaly žurnallarda, «Vakit», «Zaman» we «İfham» gazetlerinde çap edilipdir.

Ömer Seýfettiniň döredijiligi türk edebiýatynda realistik nowellanyň döremegine uly itergi berdi. Ol edebiýatda «Türkçülük» akymynyň gözbaşynda durýar. Onuň eserleri şäher we oba durmuşyndan, jemgyýetiň dürli synpynyň wekilleri, dürli kärdäki adamlar hakda söz açýar. Olaryň ählisi sada dil hem-de joşgunly, şahandaz wäşilik bilen ýazylan. Seýfettiniň gysga ömründe döreden eserleri türk edebiýaty üçin ägirt uly goşant bolandyr.

Ýazyjy aýatda diri wagty onuň diňe «Eremhana»(1918) atly hekaýalar ýygyndysy we «Efruz beý»(1919) romany kitap bolup çykdy. «Beýik ökjeliler», «Gizlin ybadathana», «Ak çigildem», «Asylzadalar», «Bahar we kebelekler» ýaly hekaýalar kitabynyň, «Ýalňyz batyr» romanynyň çap edilendigini görmek ýazyja miýesser etmedi. Ol 1920-nji ýylda agyr kesele sezewar bolup, aradan çykdy.

Başga dillerde

This page is based on a Wikipedia article written by authors (here).
Text is available under the CC BY-SA 3.0 license; additional terms may apply.
Images, videos and audio are available under their respective licenses.