1771

Müňýyllyk: 2-nji müňýyllyk
Asyrlar: 17-nji asyr - 18-nji asyr - 19-njy asyr
Onýyllyklar: 1740ýý  1750ýý  1760ýý  - 1770ýý -  1780ýý  1790ýý  1800ýý
Ýyllar: 1768 1769 1770 - 1771 - 1772 1773 1774

Wakalar

Tema boýunça

Dünýä inenler

Aradan çykanlar

Abhaziýa

Abhaziýa (Abhazça Аԥсны Аҳәынҭқарра - Apeny "Mähriban ýurt").

Beýik Britaniýa XIX asyryň I ýarymynda

Mowzuk: Beýik Britaniýa XIX asyryň I ýarymynda

M E Ý I L N A M A

1. Angliýada Wiktorian zamanasynyň başlanmagy.

2. Iňlis hökümetiniň daşary we baknalyk syýasaty.

3. Angliýanyň halkara jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň merkezine öwrülmegi.

Beýik Britaniýa XIX asyry kyn we dartgynly ýagdaýda garşy aldy. Döwletiň karzy 450 mln funt-sterlingden aşdy. Ýurduň premýer-ministri ýylda 60 funt girdeji alýanlara salgyt girizdi. Ýylyň ýylyna dyngysyz ygalyň ýagmagy oba-hojalyk önümleriniň esasan hem gallanyň öndürilişini kemeltdi. Şeýle ýgdaýlar ilatyň esasy böleginiň arasynda närazylyk döredýärdi. Hökümet şolara garşy dürli çäreleri geçirýärdi. 1801-nji ýylda hökümet Irlandiýanyň parlamentini we öz-özüni dolandyryşy gadagan etdi. Bir ýyl öň 1800-nji ýylda iş hakyny artdyrmak we iş gününi gysgaltmak ugrunda hereket edýän “dostluk jemgyýetiniň” işini gadagan etdi.

Emma amala aşyrylýan jezalandyryş çäreleri uruş howpuny aradan aýyrmalydy. Milllet Fransiýa tarapyndan abanýan howpdan ägedi. General Napaleon Bonapartyň Gollandiýany we Ispaniýany basyp almagy, onuň Ýakyň Gündogara aralaşmagy Bretan häkimiýetiniň öňünde güýç toplamak meselesini goýdy. 1798-nji ýylda döredilen 2-nji antifransuz topary (Russiýa, Awstriýa, Portugaliýa, Türkiýe, Napaleon şalygy) 1800-nji ýylda Awstriýa goşunlarynyň fransuzlardan ýeňilmegi bilen dargady. Beýik Britaniýa ýene-de ýeke galdy.

Emma ol 1801-nji ýylda Malta adasyny basyp aldy. 1802-nji ýylyň Gurbansoltan aýynda Angliýa bilen Fransiýanyn arasynda ýaraşyk baglaşyldy. Şol şertnama boýunça Beýik Britaniýa tarapyndan basylyp alnan bakna ýurtlaryny Fransiýany, Ispaniýa, Gollandiýa gaýtaryp berdi.

Emma parahatçylyk şertnamasy wagtlaýyndy. 1806-njy ýylda Napaleon Prusiýany basyp aldy. 1807-nji ýylda Russiýa bilen Filzit ýaraşygy baglanyşyldy.

Napaleon Britaniýany Ýewropadaky çig-mal, satuw bazarlaryndan mahrum edýäridi. Angliýa ýene-de basybalyjy Fransiýa bilen bire-bir galdy.

1808-nji ýýlda Napaleonyň Ispaniýa aralaşmagy güýçli garşylyga duçar edildi. Pireneý ýarym adasynda iňlis ekspedision bölümi düşürildi. Oňa general Uelsli ýolbaşçylyk etdi. Elbetde, Napaleonyň Ýewropa kontinentine garşy guran ýörişi hökmany suratda oňa garşy güýçleriň bileleşigini döretmegi talap edýärdi. Täze bileleşigi döretmek bolsa Russiýasyz mümkin däldi. Emma Angliýa häli Russiýa bilen uruş ýagdaýyndady. Elbet-de, iňlisler şol döwrüň ägirt uly syýasatçysy Jorj Kanningiň belleýşi ýaly bu 2 döwletiň 1-i 1-ne garşy durýanlygyna gaty gynanýardylar. Hat-da rus admiraly Lenýawiniň baştutanlyk edýän Ortaýer deňzi eskadrasy Portugaliýanyň golaýynda ýeňilip ýesir düşürdi. Ýöne iňlisler Ruslara kän azar bermäni olaryň Beýik Britaniýa gelmegine şert döretdilere, hem-de deňiz ýüzüjileriň aglaba bölegine Riga getirip düşurdiler, soň gämileri hem 1812-nji ýylyň Oguz aýynda Bütin Britaniýanyň demi ýeňledi. Ahyrky ýyllyk iňlis fransuz özara göreşi tamamlandy.Ýaňadan ýene-de Russiýaň, Anglýaň, Prusiýanyň, Awstriýaň we Şweziýaň ýaragly güýçleri birleşip Fransiýany derbi-dagyn etdi. 1814-nji ýylyň Gurbansoltan aýynda Napaleon tagtdan el çekdi. Indi Beýik Britaniýaň özünde mümkin bolandygyça Ýewropadan hat-da Ýer ýüzünde öz täsirini güýçlendirmek wezipesi durýardy. Ol ilki bilen Malta, Seýlon adalaryny, Günorta Afrikanyň 1 bölegini özüne tabyn etdi. Şeýlelikde, Angliýa Ýewropada söwda we harby-deňiz agdyklygyny üpjün edip, güýçleriň mynasybteiniň esasyny goýdy. Uruşdan soňky ýyllar Angliýa üçin agyr boldy. Goşuna we flota harby deňiz flotyna harç edilen ýaraglar, enjamlar, egin-eşik, azyk onuň ykdysady ýagdaýyny has gowşatdy. Ondan başga-da XIX asyryň başlaryndaky kontinental gabaw ýurdy adaty azyk önümleri we çig mal çeşmelerinden mahrum etdi. Indi iňlisler öz-özüni eklemelidi. Şonuň üçin fermerler goşmaça boz ýatan ýerleri özleşdirmäge girizdi, ol bolsa täze çykdajylary talap edýärdi, şonuň üçin fermerler banklardan karz alýardy. Emma bu işlenip çykylan ulgam birden ýykyldy. Goşundan boşadylan adamlar işçi güýjüniň bazasyny doldurdy, olaryň bir bölegi oba hojalyk bilen meşgullanyp başlady. Hökümete gelen Jorj Emmanuel we onuň egindeşleri Angliýany uzak möhlet dolandyrdy. Taryhda oňa iň uzak hökümet diýip at berildi. Bu hökümetiň dolandyran döwründe ýurduň senagaty ösüp başlady. Emmanuel onçakly başarjaň döwlet işgäri däli, ýöne ol özüniň daşyna has işjeň, başarjaň adamlary toplap öz pikirlerini aňsatlyk bilen durmuşa geçiripdi. Ýurduň içerki kanunçylygynda hem etmeli işler kändi. Adaty Angliýada kanunlar ýüzlerçe ýyl hereket edýärdi, olar wagtyň geçmegi bilen köneleşýärdi. XIX asyryň I ýarymynda ýurtda orta asyrlardan galan jenaýat hukugy hereket edýärdi. Mysal üçin ogurlyk üçin ölüm jezasy berilýärdi. Şonuň üçin eýýäm bu döwürde oturdaşlar şonuň ýaly jenaýatkärleri ölüm jezasyndan saklap galmak maksady bilen olary saklaýardy. Özünde içeri işler ministri wezipesinde işlän ser K.Pil parlamentiň üsti bilen jenaýat hukugynyň 100-den köpräk maddasyndan ölüm jezasyny aýyrmagy gazandy. Şeýle hem ol türme düzgüniniň ýumşadylmagynyň kararyny hem parlamentden geçirdi. Indi Londanyň we 17 şäheriň türmeleri ylalaşdyryjy maslahatçylaryň garamagyna berildi. Şol sanda K.Pilä ilkinji gezek Londonda soň bütin ýurtda sakçylaryň deregine hemişelik hereket edýän polisiýany döretmek başartdy. 1819-njy ýylda Liwerpulyň hökümeti sosial kanunçylyga hem üýtgeşme girizdi. Parlament öz karary bilen 9 ýaşa ýetmedik çagalary işe kabul etmegi gadagan etdi. 16 ýaşa çenli ýetginjekleriň iş wagty 10,5 sagat kesgitlendi. Robert Kasleri daşary syýasata ýolbaşçylyk bermek edýärdi, ol esasan Ýewropa işlerini kadalaşdyrmakda uly işler geçirdi. Ýöne ol Aleksandr I-ň Mukaddes bileleşik döretmek teklibini goldamady. Şonuň üçin hem şa Geogr-IV özüniň Aleksandr I-ä jogap hatynda Mukaddes soýuz hakyndaky pikirlerini goldaýandygyny aýtdy. Şeýle hem Italiýa, Ispaniýadaky rewolýusion hereketleriniň basylyp ýatyrylmagy hökümetde alada döretdi. 1822-nji ýylda Kaspriniň deregine Jorj Kaning geldi. Ol özüniň daglary syýasatynda Merkezi we Günorta Afrika ýurtlaryna aralaşyp, şol ýerlerde britan telekeçiligini ösdürmägi öňe sürdi. Angliýada senagat öwrülişigi XIX asyryň 30-njy ýyllarynda tamamlanýar. Esasan hem 1765-nji ýylda Jeýms Uoltyň bug maşynyny aýlap tapmagy 1771-nji ýylda ony kämilleşdirmegi, 1825-nji ýylda Jeýms Stefensiniň Angliýada ilkinji parawozy döretmegine getirdi. Eýýam 1830-njy ýylda Angliýada polat ýollar 100 km-den 1855-nji ýylda 50 müň kem ýetdi. Polat ýollaryň çekilmegi demir magdan, maşyn gurluşygy, dag magdan pudaklarynyň emele gelmegine getirdi. 1830-1850-nji ýyllarda Angliýada 2 mln t çoýun eredilýärdi. Emma şeýle bolsa-da Angliýanyň ykdysadyýetinde dokma senagaty agdyklyk edýärdi. Häli dokma senagaty mysal üçin 1850-nji ýylda kömür gazyp çykarýan pudakda 220 müň işçi işleýän bolsa dokma senagatynda 1 mln 50 müň gowrak işçi bardy. Bu pudagyň öndürýän önüminiň 70% daşary ýurda çykarylýardy. Şeýlelikde XIX asyryň ortalaryna Angliýa senagat önümlerini daşary ýurtlara satmagyň hasabyna her ýylda 70 mln sterling peýda gazanýardy. London dünýäniň söwda we maliýe merkezine öwrülipdi. Ýurduň ilatynyň sany we düzümi hem üýtgedi. 40-njy ýyllarda ilatyň işleýän böleginiň 42%-i senagatda we telekeçilikde, 28%-i oba hojalygynda işleýärdi. Mançestr, Birmengen, Glazgo ýaly şäherler döräp başlady. XIX asyryň 30 ýyllarynda Angliýada işçileriň umumydemokartik akymdan adamdan ybarat, özbaşdak guramasyny döretmek synanşygy başlandy. 1836-njy ýyllarda işçileriň London assosiasiýasy we uly Demirgazyk soýuzy emele geldi. Olar agaç ussasy Wilýem Lowelt, Çartistler Konner, Braun ýolbaşçylyk etdi. Çartistleriň ilkinji komiteti 1839-njy ýylyň Baýdak aýynda bolup, onda göreşiň usullary we görnüşleri hakda mesele maslahatlaşyldy. Maslahatda halk partiýasy adyny alan maksatnama ilki bilen ähliumumy saýlaw hukugyny girizmek görkezilýärdi. Şol maksatnama 1839-njy ýylyň Magtymguly aýynyň 6-da 1 mln 250 müň gol bilen parlamente gowşurypdy. Parlament Çartistleriň talaplaryny kanagatlandyrmady. Oňa jogap edip faşistik konwent ähliumumy iş taşlaýşy yglan etdi.Yagdaýdan peýdalanyp hökümet konwentiň ýolbaşçysyny tussag etdi. 2-nji gezek 1840-njy ýylda Çartistler Mangeýrde Milli faşistik assosiasiýasyny döretdiler. 3,3 mln gowrak adamyň goly bilen parlamente arza berildi. 1842-nji ýylyň Magtymguly aýynda parlament arzany ret etdi. Çartistleriň soňky 3-nji we ahyrky ýörişi 1847-48-nji ý.onda-da parlament talaplary kanagatlandyrylmady.

Çartizm we hökümet.

Angliýa 19 asyrda dünýäde iň güýçli döwletleriň biridi. Ol dünýä bazarlarynda deňizde has täsirli döwletdi. 1851-nji ýýlda Angliýada halkara senagat sepgitleri geçirilýärdi. Esasan hem London halkara jemgyýetçilik gatnaşyk merkezine öwrüldi, ýurtda otnositel syýasy durnuklylyk şahsyýetiň erkinliginiň kepillendirilmegi bu ýere dürli syýasy pikirli wekilleriň gelmegini üpjün edýärdi. Angliýanyň daşary syýasaty XIX asyryň dowamynda Angliýanyň syýasatynda esasy maksat onuň Ýewropada deňagramlylygy saklamaga gönükdirildi. Ilkinji nobatda Fransiýanyň we Russiýanyň beýiklenmegine garşy şol döwürde iňlis daşary syýasat edarasyna Genri Jon Palmorstan ýolbaşçylyk edýärdi. Onuň esasan prinsipi bizde hemişelik soýuzdaş ýok. Hemişelik dostlar diňe hemişelik maksadymyz bar, biz ony goldamaga borçludyrys.

Halkara gatnaşyklarda esasan hem iňlis rus gatnaşyklary durnukly däldi. Bu gatnaşyklarda esasy jedwel Balkanda we yakyn Gundogardaky ýurtdy. Angliýa şol döwür Garadeňiz aýaklary, Bosfor, Dardanel aralygyny öz elinde saklaýardy. Ýewropada uly uruşlaryň biri il hem Krym urşydy. Ol esasan hem Balkanda we Ýakyn Gündogarda öz täsirini güýçlendirmek üçin Angliýa bilen Russiýanyň arasyndady.

Umuman XIX asyrda Angliýanyň halkara abraýy artyp, ol dünýäniň iň güýçli ýurtlarynyň birine öwrüldi. London halkara gatnaşyklaryň merkezine öwrüldi. Onuň senagatynyň ýokary derejede ösmegi, halkara söwda gatnaşyklarynda, deňizde ýüzmekde bu döwletiň ähmiýetini has hem pugtalandyrdy.

Dunaý

Dunaý derýasy (Irki Danuvius sözünden nemesçe: Donau, keltçe: *dānu, manysy "akmak", slowakça we polýakça Dunaj, wengrçe Duna, rumynça Dunărea, Frakiýa/Dakiýa dilindäki “Donaris/Donare” sözünden, gadymy skandinaw dilinde Duná, türkçe Tuna, gadymy grek dilinde Istros, slowençe Donava, horwatça Dunav, serbçe Дунав/Dunav, bolgarça Дунав, ukrainçe Дунай) Ýewropa Bileleşiginiň iň uzyn, Ýewropanyň bolsa Wolga derýasyndan soň ikinji iň uzyn derýasydyr.

Ol Germaniýanyň Schwarzwald tokaýlygyndan gözbaş alyp gaýdaýan kiçi Brigach we Breg derýalarynyň adybir Donaueschingen nemes şäherinde goşulmagy bilen Dunaý derýasy diýlip atlandyrylýar. Dunaý derýasy gündogara tarap 2550 km (1771 mil) çemesi akyp, birnäçe orta we merkezi ýewropa paýtagtlarynyň içinden geçýär we Rumyniýa bilen Ukrainada ýerleşýän Dunaý deltasynyň üsti bilen Gara deňze baryp guýýar.

Taryhda Rim imperiýasynyň gadymky sepgidi hökmünde tanalýan bu derýa on sany ýurduň içinden akyp geçýär – ýa-da olaryň serhediniň bir bölegini düzýär: Germaniýa (7.5%), Awstriýa (10.3%), Slowakiýa (5.8%), Wengriýa (11.7%), Horwatiýa (4.5%), Serbiýa (10.3%), Rumyniýa (28.9%), Bolgariýa (5.2%), Moldowa (1.7%), we Ukraina (3.8%). Mundan hem başga onuň basseýni ýene dokuz sany ýurdy öz içine alýar: Italiýa (0.15%), Polşa (0.09%), Şweýsariýa (0.32%), Çehiýa (2.6%), Sloweniýa (2.2%), Bosniýa we Gersegowina (4.8%), Montenegro, Makedoniýa respublikasy we Albaniýa (0.03%).

German döwletleri 1648-1849-njy ýyllar aralygynda

Mowzuk: German döwletleri 1648-1849-njy ýyllar aralygynda

MEỲILNAMA

1. Merkezi Ỳewropa Otuz ýyllyk uruşdan soňky döwürde.

2. XVII-XVIII asyrlarda nemes şäherleri, olaryň syýasy durmuşy. Nemes milleti.

3. German döwletleri halkara gatnaşyklarynda

17-nji asyryň ortalaryndan başlap german döwletleriniň taryhy ösüşi, şol döwürdäki Angliýanyň we Fransiýanyň taryhyndan düýpli tapawutlanýardy. Sebäbi bu döwletler eýýäm merkezleşmek ugrundaky 30 ýyllyk uruşdan tä Fransuz rewolýusiýasyna çenli döwür nemesleriň taryhynda iň agyr döwür boldy. 1648-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 24-de Münster we Osnabrük şäherinde 1 tarapdan imperator bilen imperiýanyň soslowiýeleriniň deputatlarynyň arasynda, 2-nji tarapdan 30 ýyllyk uruşyň soňuna çykan Fransiýa we Şwesiýanyň arasynda ýaraşyk şertnamalary baglaşylypdy. Westfal ýaraşygy bu Ỳewropada parahatçylyk düzgünleriniň täze döwrüni başlan ilkinji synanyşykdy. Onuň mazmuny esasan hem Mukaddes Rim imperiýasy üçin durýardy. Ol kepil döwletler Imperiýa tarapyndan basylyp alynan ýerlere el degirilmesiz hasap edýärdiler.

Umuman german milletiniň mukaddes Rim imperiýasy Westfal ýaraşygy netijesinde özüniň ömrüni ýene-de 150 ýyl uzaltdy. Emma onuň düzüminde birnäçe üýtgeşikler bolup geçdi, esasan hem Şweýsariýa we Niderlandiýa Imperiýanyň düzüminden çykyp özygtyýarly döwletler boldy. Imperiýanyň düzümine öňki ýaly çehlerden we horwatlardan ybarat Ģehiýa we Marawiýa, Sileziýa we Slowenleriň ýaşaýan ýerleri Karintiýe we Kraýne girýärdi. Imperiýada özygtyýarlygyny alan knýazlyklar hem özbaşdaklygy bardy. Mysal üçin: ýaraglanmak hukugy oňa hemişelik goşuny saklamak hukugyny berýärdi, şonuň ýaly hem ol döwletleriň özygtyýarlylygy olara halkara hukuklaryndan peýdalanmak hukugyny berýärdi.

German döwletlerinde ilkinji nobatda imperiýada şalyklaryň we döwletleriň başynda imperator (kaýzer) durýardy. Imperator şol şalyklaryň we döwletleriň jebisliginiň (simwoly) umumylygyny görkezýärdi. German döwletlerde tä imperiýa dargaýança Gabsburglar dinassiýasy imperiýanyň başynda durdular. Imperiýanyň dolandyryş edarasynda ýeke-täk imperiýa ministri-wise kansperdi Imperiýada 300 gowrak dünýewi we ruhy knýazlyklar bardy, 51 şäher.

17-18 asyrlarda özüniň taryhy şertlerine laýyklykda german döwletleriniň ykdysady ösüşihaýaldy. Beýleki günbatar Ỳewropa döwletlerine seredeňde german ýurtlarynda täze önümçilik gatnaşyklary hem gaty haýal ösýärdi. Bularyň ählisiniň sebäbi hem territorial dagynykdy hem-de 30 ýyllyk urşuň täsiridi. German döwletleri üçin agrar gatnaşyklaryň häsiýetli tapawutlary hem bardy. Mysal üçin Elbadan gündogara 17-18 asyrlarda irilik hojalygy ösüp, olar esasan galla, zygyr maldarçylyk önümçiligini ýola goýulypdy. Şeýle hem şol önümleriň 1 bölegi Angliýa, Gollandiýa, Şwesiýa iberilýärdi. Şeýle önümçilik ilki bilen daýhanlaryň ýagdaýýny kynlaşdyrýardy. Sebäbi olar renta salgydy, çäklendirilen ýer bölegi we ş.m

şol sebäpden hem german ýerlerinde ýygy-ýygydan daýhanlar hereketleri bolup durýardy. Mysal üçin 1761-1771-nji ýyllar aralygynda günorta Germaniýada (1699-1735 ýyllar aralygynda Gogensolleriň-Gehingen mülkündi), 1705-1706 ýyllarda Babariýada güýçli gozgalaňlar bolup geçýär, emma olaryň aglaba bölegi öz akymlaýyn bolanlygy üçin, olar rehimsizlik bilen basylyp ýatyrylýar.

Umuman german döwletlerinde daýhan durmuşynyň agyr bolmagy olar 1 böleginiň esasan hem 18 asyryň 2-nji ýarymynda Atlantik ummanynyň aňrysyna ýagny Amerikan koloniýalaryna we Orsýete göçüp gitmäge mejbur edýärdiler. German imperiýasynda esasan hem 30 ýyllyk uruşdan soň şäherleriň sany azalyp başlady. Sebäbi bu döwürde olar knýazlyklara Araçäge kesgitlenen döwletleriň sanynyň artmagy şol kiçi şalyklaryň çägindäki şäherleriň ösmegine hem sebäp boldy. Mysal üçin: Wena 1620-nji ýýlda 30 müň ýaşaýjyly şäher bolan bolsa, 1750-nji ýylda onuň ilaty 175 müň boldy, Berlin 1661-nji ýylda 6,5 müň adam bolan bolsa, 1777-nji ýýlda 140 müň, şeýle hem Drezden, Mýuhhen, Ştutgart we başgalar. Bu şäherleriň ilatynyň aglaba bölegi döwlet we mülk dolandyryş işlerinde gulluk edýärdiler.

XVII-nji asyryň ahyry XVIII asyryň başlarynda nemes şäherlerinde ýönekeý haryt önümçiligi ösüp başlady we ol kem-kemden merkezleşen manufaktur önümçilige öwrülip başlady. Esasan hem XVIII asyryň soňky çärýeginde Berlin şähere dokma önümçiligi we delif işläp çykarýan önümçiligiň merkezine öwrüldi. Mysal üçin 1782-nji ýýlda Berlinde 65-manufakfen önümçiligi işleýärdi, olar kem-kemden dokma fabriklere öwrülip başlady.

Umuman XVIII asyryň ahyrynda nemes döwletlerinde senagat öwrülişigi duýulýardy, bu ýagdaýlar bolsa öz gezeginde täze jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň emele gelýänligini aňladýardy. Emma ol gatnaşyklar nemes döwletlerinde absolýumiz şertlerinde emele gelýärdi. Absolýutizme ol döwletlerde tä 18-i asyryň ahyryna çenli dowam etdi. Onuň dowam etmeginiň esasy sebäplerinden hem daýhanlaryň garşylyk görkezmeginiň güýçlenmegidi. Ondan başgada dürli jemgyýetçilik güýçleriň mynasybetiniň üýtgemegidi.

Emma absolýutizm düzgüni birnäçe iri döwletlerde üstünlikli dowam etse-de, köplenç halatlarda döwletleriň dolandyryjylary öz syýasatynda şowsuzlyklara duçar bolýardylar. Olardan esasan hem Gabsturglar Goensollernber. Br-d Prussiýa döwletiniň ähmiýeti esasan hem XVIII asyrda has ýokarlandy. Onuň hem sebäbi Westfal ýaraşygy boýunça (1648) ol uzak ýyllara Germ syýasy dagynyklygyny üpjün etdi). Prussiýa Gündogar Toweranil ýerleri, hem-de German ýerleriň Baltika we Demirgazyk deňizlerine oýan ähli derýalary degişli edilipdi. Inperiýanyň ösüşinde ýeke-täk nemes milletiniň emele gelmegi 18 asyryň ahyryna degişlidir. Onuň sebäbi ilki bilen nemes döwletleriniň dagynyklygydy, şol sebäpden hem ol döwletleriň ýaşaýjylary özlerini bawarlar, saksonlar, bedenler we ş.m hasaplaýardy.

Emele gelýän nemes milletiniň bitewiligi ilki bilen medeniýet babatynda duýulýardy. Eýýam 17 asyryň 2-nji ýarymynda öňdebaryjy alymlar, ýeke-täk nemes edebi diliniň döredilmegi, ugrunda hereket edýärler. Eýýam 18 asyryň 2-nji ýarymynda nemes edebi dili has ýaýrap başlady. Ýurist Hristian Tomazmus 1687-nji ýylda ilkinji bolup uniwersitet leksiýalaryny nemes dilinde okap başlady. Umuman aýdylanda XVIII asyryň ahyry XVIII asyryň başlarynda german döwletlerinde magaryfyň ösüşi duýulýardy. Ol döwürde Ỳewropada nemes uniwersitetleri aýratyn orundady. 1770-nji ýýlda 40 sany nemes, 23 fransuz, 2 iňlis we 1 rus uniwersitetleri bardy. Territorial dagynyklyk şertlerinde-de nemes medeniýeti ösýärdi. Medeniýet esasan bilimli gatlaklaryň arasynda duýulýardy. Şol sebäpden hem nemes taryhçylarynyň kesgitlemegi boýunça bu döwürde nemes milleti bolman mysal üçin iňlis, fransuz milletleri ýaly, eýsem “medeni millet” hökmünde emele geldi. Onuň ýeke-täk millet bolmagy pikirlere bolsa, hem-de ýeke-täk Germaniýany döretmek pikirleri esasan hem XVIII asyr fransuz rewolýusiýanyň bişişýän döwründe has giň ýaýrady. Napoleon uruşlary nemes halkynyň ykbalyna uly täsir etdi. Germaniýada Napoleonyň agalygy dikeldildi, 1803-nji ýýlda ownuk şalyklar ýok edilip, olaryň ýerleri iri döwletlere birikdirildi. 1806-njy ýýlda Reýn bileleşigi döredilip, onuň başynda Napoleon durýardy. Bu bileleşik 1812-nji ýyla çenli ähli nemes döwletlerini basyp alypdy. Reýn bileleşigine girýän döwletler Fransiýa bilen goranyjylyk we hüjüm edijilik soýuzda durýardy. Hat-da Reýn bileleşigine garşy duran Russiýa hem 1806-nji ýýlda Fransiýa tarapyndan doly basylyp alynýar. Napoleon German döwletlerini özüne tabyn edip, geljekde Russiýa garşy urşa taýýarlanmakda ol ýurtlaryň maddy we adam serişdelerini ulandy. Mysal üçin 1812-nji ýylyň Oguz aýynda Russiýa garşy Napoleon I-ň goşunynyň 1/3 bölegini bolan Awstriýa, Russiýa Fransuz imperiýasynyň ýarany bolmaga mejbur edilipdi, prus goşuny 20 müň adam, awtsriýa goşuny 30 müň adam Russiýa garşy uruşa iberilipdi. Emma Napoleon I-ň goşunlarynyň derbi-dagyn edilmegi bilen, Ỳewropada parahatçylygy kadalaşdyrmaga gönükdirilen Wena kongresiniň karary esasynda German soýuzy arkalaşygyň döredildi. Onuň düzümine 35 özygtyýarly monarhiýa we 4 erkin şäherler – Lamburg, Brenun,Yýubek we Frankfurt-na Maýne. Soýuzyň arkalaşygyň wekilçilikli edarasy hökmünde bundestag döredilýärdi. German bileleşik arkalaşygy aýrylmaz bölünmez diýilip ykrar edilýärdi. Soýuzyň 5 sany galasy bolup, onuň bileleikdäki goşuny (bundeshler) hem döredilýärdi. Soýuzyň iň güýçli agzalary Awstriýa we Prussiýady şol sebäpden bundestagyň möhüm kararlary şol 2 döwletiň öňünden ylalaşygy esasynda kabul edilýärdi.

Umuman aýdylanda German soýuzy öz öňünde nemes halkynyň ykdysady we syýasy taýdan birleşdirmegi baş maksat edip goýanokdy, ol esasan-da Germaniýada konserwatiw-monarhistik düzgüni dikeltmäge gönükdirilipdi. Ony amala aşyrmakda hem awstriýanyň Steýs-kausleri kuýaz klemensa fon Mefternik esasy rol oýnamalydy. XIX asyryň 40-njy ýyllarynda German soýuzynyň düzümindäki döwletlerde içki gapma-garşylyklar we dabalar has ýitileşýärdi. Olar bolsa öz gezeginde jemgyýetde aýgytly üýtgeşmeleriň tarapdarlarynyň güýçlenmegine getirdi. Ilatyň sowatly böleginiň arasynda birleşen German döwletiniň döredilmegi pikirleri hem ýaýrap başlady. Şeýlelikde 1848-nji ýylyň başlaryna german döwletlerinde syýasy ýagdaýlar, sosial gatnaşyklar hem-de milli mesele has hem ýitileşdi. Bu ýagdaý bolsa German döwletleriniň soýuzynda rewolýusion ýagdaýyň emele gelendigini aňladýardy. German döwletlerinde rewolýusiýa fransuz rewolýusiýasynyň ýeňişli tamamlanmagynyň täsiri astynda başlandy. 1848-nji ýýlyň Baýdak aýynyň 27-de Baden Gersoglygynda liberallar we radikal demokratlar uly halk ýygnagyny çagyrdylar we onda parlamente köpçülikleýin arza bilen ýüz tutdylar. Arzada milisiýany döretmek metbugat azatlygy, we oňa bolan çäklendirilmeleriň ýok edilmegi, ýygnak, partiýa azatlyklary we umumy german milli parlamentiniň çagyrylmagyny we ş.m talap beýan edilýärdi. Nowruz aýynyň 1-i Beýik Gersog arzadaky talaplary kanagatlandyrmaga mejbur bolýar we liberallardan ybarat hökümeti döredip ýokardaky talaplary ýerine ýetirmäge girişmegi karar edýär. 1848-nji ýylyň Nowruz aýynda Bedende bolup geçen ýagdaýlar beýleki German döwletlerine hem ýaýrap başlaýar. Şeýleleikde bu rewolýusiýa Mart rewolýusiýasy adyny alýar. Ol şol aýda German soýuzynyň iri döwletleri bolan Awstriýa we Prussiýa hem ýaýraýar. Sosial rewolýusion häsiýete eýe bolan halkyň gozgalaňy Nowruz aýynyň 13-i goşun bilen çaknyşyklara eltýär, köçelerdäki bolýan söweşlerde wepat bolanlar hem, ýaralananlar hem bardy. Şeýle ýagdaýda Prus şasy Fredrik Wilgelm 4 Nowruz aýynyň 18-de metbugatda dürli çäklendirmeleriň ýatyrylýanlygy, Birleşen landtagyr çagyrylmagyny, konstitusiýany kabul etmegi we German soýuzyny täzelemegi yglan etdi. Umumy german parlamentiniň talaplary Gurbansoltan aýýnyň ortalaryndan tä Magtymguly aýynyň ortalaryna çenli durmuşa geçirildi. Bu döwürde milli ýygnaga deputatlaryň saýlawy hem geçirildi. Onuň ilkinji mejlisi 1848-nji ýylyň Magtymguly 18-de açyldy, emma ol umumy german merkeze häkimiýeti bolmady. Parlament tarapyndan saýlanan imperiýanyň wagtlaýyn dolandyryjysy awstriýanyň erşarsogy Iogani hem-de imperiýanyň wagtlaýyn hökümeti hem hiç hili wekilçilikli hukuklardan we syýasat geçirmek serişdelerden mahrumdy, sebäbi olar Awstriýa we Prussiýa we ş.m döwletler tarapyndan garşylyga duçar bolýardylar.

1849-nji ýylyň Gurbansoltan aýynyň 28-i parlament imperiýa konstitusiýasyny kabul etdi, ol esasan hem 1848-nji ýylyň Bitaraplyk aýynda parlament tarapyndan kabul edilen. “Nemes halkynyň esasy hukuklaryndan” göçürmedi hem-de ABŞ-da 1776-nji ýylda kabul edilen “Garaşsyzlyk Deklarasiýasynyň”, Fransiýada 1789-njy ýylda kabul edilen “Adamyň we raýatyň hukuklarynyň Deklorasiýasynyň” nusgalary boýunça ýazylan esasy kanundy. Onda ilkinji gezek nemes taryhynda raýatlaryň azatlyklary ýagny şahsyýet azatlygy, din we wyždan azatlyklary, imperiýanyň çäginde erkin hereket etmek hukugy, ýygnaklaryň we toparlaryň erkinligi, kanun öňünde deňlik, hünär seçip almak erkinligi, eýeçiligiň eldegirilmezligi konstitusiýa boýunça ölümjezasy ýatyrylýardy. Şeýle hem imperiýanyň “kiçi german” görnüşi kabul edildi. Ýagny nemesleriň imperatory, ýerine ýetiriji häkimiýetiň başlygy edilip prus şasy Fredrik Wilgelm-4 saýlandy. Kanun çykaryjy häkimiýet 2 basgançakly parlamentden durýardy- ýagny 1 halk ýygnagy, ol ähli erkekleriň ähli umumy we deň ses bermegi esasynda saýlanýardy. 2 döwletleriň ýygnagy ol aýry-aýry döwletleriň hökümetleriniň wekilleri tarapyndan düzülýärdi. Şeýlelik bilen liberallar tarapyndan goldalan konserwatorlar konstitusiýada monorhistik prinsipi we mirasdüşerlik monarhiýany saýlap galmagy basardy. Az sanly demokratlar we liberallar bolsa ýeketäk demokratik respublikany döretmek maksadyna ýetip bilmediler. 1849-nji ýylyň Gurbansoltan aýynyň 3-de F.Wilgelm-4 şa täjini kabul etmedi. Beýle ýagdaý Germaniýada rewolýusiýa garşy güýçleriň hüjümi geçýänligine şaýatlyk edýärdi, ol bolsa öz gezeginde Fraukfent parlamentiniň işiniň puja çykýanlygyny aňladýardy. Bulardan başga-da konstitusiýa köp sanly german döwletleriniň şalary we hökümetleri tarapyndan inkär edilipdi. Şonuň üçin hem 1849-njy ýýlyň Magtymguly –Oguz aýlarynda konstitusiýany goramak ugrunda Drezgende, Reýn welaýatynda, Badende halk tolgunyşyklary bolup geçýärdi. Emma olar doly basylyp ýatyrylypdy. 1849-nji ýylyň Oguz aýynda Russiýada rewolýusiýa garşy güýçler esasy ýerleri eýeläpdi. German döwletleriniň köp şäherleri gabaw astynda-dy, köp halatlarda liberal köpçüligiň kabul edýän kararlary, möhüm kanunlary netijesizdi. Şonuň üçin hem Russiýanyň milli ýygnagy dargady. Ondan soň şa tarapyndan gözden geçirilen konstitusiýa, onuň doly gözegçilik etmegine geçýärdi, şa islendik wagtda kanuny aýyrmak konstusiýa madda ýatyrmaz ýaly ygtyýarlyklary alypdy. 1849-nji ýylyň Magtymguly aýyndan 3 basgançakly saýlaw ulgamy girizilýärdi. Ol Russiýada monorhiýa agdarylýança, ýagny 1918-nji ýýla çenli dowam etdi. Şeýlelikde rewolýusiýa ýeňlişe duçar boldy, ol esasy maksadyna ýagny Germaniýanyň milli birleşmegine amala aşyryp bilmedi. XVIII asyr fransuz rewolýusiýasyndan tapawutlykda, ol ahyry maksadyna ýetip bilmedi. Emma oňa seretmezden köp german döwletlerinde esasan hem Fransiýada orta asyr galyndylary aýryldy, olaryň käbirlerinde konstitusiýalar, raýat hukuklary we azatlyklary häli öz güýjünde galýardy. Bu ýagdaýlar bolsa Germaniýada täze gatnaşyklaryň ösmegine itergi berdi, ilatyň käbir gatlaklarynyň syýasy durmuşda we häkimiýeti dolandyrmaga işeňňir gatnaşmagyna mümkinçilik döretdi. Şeýlelikde, Germaniýanyaşakdan ýagny rewolýusion ýol bilen birleşdirmek başartmady.taryhy sahna birleşdirmegiň beýleki ýoly çykaryldy, onda esasy orny prus monarhiýasy oýnaýardy. Prus şazadasy Wilgelm şol döwürlerde şeýle ýazýardy: “Kim Germaniýany dolandyrjak bolsa ony özi basyp almalydyr. Şeýle wagtyň gelenligini diňe hudaý bilýär. Emma Russiýa Germaniýanyň başynda bolmalydyr, ol biziň ähli taryhymyzda esaslanandyr, emma haçan we nähili ol amala aşyrylar – ony geljek gorkezer diýip belleýär.

Başga dillerde

This page is based on a Wikipedia article written by authors (here).
Text is available under the CC BY-SA 3.0 license; additional terms may apply.
Images, videos and audio are available under their respective licenses.