132

Müňýyllyk: 1-nji müňýyllyk
Asyrlar: 1-nji asyr - 2-nji asyr - 3-nji asyr
Onýyllyklar: 100ýý  110ýý  120ýý  - 130ýý -  140ýý  150ýý  160ýý
Ýyllar: 129 130 131 - 132 - 133 134 135

Wakalar

Tema boýunça

Dünýä inenler

Aradan çykanlar

Alýaska

Demirgazyk Amerika yklymynyň iň günbatar-demirgazyk böleginde ýerleşýän ABŞ-a degişli bolan ştat. Gündogar-da Kanada bilen, demirgazyk-da arktik okean, günorta-da Ýuwaş okean bilen araçäkleşýär. ABŞ-da iň uly ştat.

Anwar Çingizoğlu

Anwar Çingizoğlu, Azerbaýjan ýazycy

Anwar Çingizoğlu, 1962-nji ýylyň 5-nji iýunynda Azerbaýjanyň Cəbraýyl etrabynyn Xudaýarly obasynda dünýä inýär.Ol obalaryndaky orta mekdebiniň 8 klasyny tamamlandan soňra, 1980-nji ýylda Bakuda orta mekdebi tamamlady. 1980-1982-njy ýyllarda harby gullukda boldy. Baku döwlet uniwersitetina okuwa girdi. 1990-njy ýylda uniwersiteti žurnalistika hünäri boýunça tamamlady. Füzuli etrabyna gelýär we “Araz” gazetinde işläp başlaýar.

Anwar Çingizoğlu azerbaýjan we fars dillerinde neşir edilen 80-dan köpräk kitaplaryň awtory. Olyň aýry-aýry eserleri çet ýurt dillerine terjime edildi

Ol 800-den gowrak ylmy işiň awtorydyr.

Maşgalaly, beş çagasy bar.

Birinji jahan urşunyň netijeleri

Mowzuk : Birinji jahan urşunyň netijeleri . Wersal –Waşington ulgamy.

MEÝILNAMASY :

1. Jahan urşunyň tamamlanmagy. Pariž parahatçylyk maslahaty we onuň kararlary.

2. Waşington maslahaty. Waşington şertnamalary.

3. Wersal-Waşington ulgamy, onuň mazmuny.

Uruş döwründe ýekeje-de düýpli ýeňiş gazanmadyk Italiýanyň goşuny 1917-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynda masgaraçylykly ýeňlişe sezewar boldy. Bu söweş Izonso derýasynyň kenarynda Kaporetto obasynda bolup geçdi. Italiýanyň ruhdan düşen esgerleri uruşdan halys ýadapdyrlar. Şonuň üçin-de olar ýeňildiler we dowla düşüp söweş meýdanyndan gaçdylar.

Russiýanyň uruşdan çykmagy. 1917-nji ýylyň Oktýabr döwlet agdarylyşygyndan soňra Russiýa iş ýüzünde uruş hereketlerine gatnaşmagyny bes etdi. 1917-nji ýylyň Bitaraplyk aýynda başlanan Russiýa-german gepleşikleri 1918-nji ýylyň Nowruz aýynyň 3-inde Brest şertnamasynyň baglanyşylmagy bilen tamamlandy. Brest parahatçylyk şertnamasynyň şertleri Russiýa üçin gaty agyrdy. Şertnama boýunça Polşa, Pribaltika, Belorussiýanyň bir bölegi Germaniýa berildi. Rus goşunlary Ukrainany, Finlýandiýany terk etmeli boldular. Ardagan, Kars, Batumi sebitleri Türkiýä berildi. Üstesine-de 6 mlrd. marka möçberindäki puly Russiýa Germaniýa tölemelidi. Täze rus hökümeti ähli şertlere razy bolup uruşdan çykdy.

Russiýanyň uruşdan çykmagy bilen indi ýeke-täk frontda – Günbatarda uruşmalydy. Emma urşy dowam etdirmek taraplaryň hiç birine hem ýeňil düşmeýärdi.

Urşa gatnaşýan ýurtlaryň ykdysadyýeti. Uruş we halk. Uruş ähli ýerde ýetmezçilik döredýär. Çünki uruşýan taraplar ykdysadyýetini halkyň däl-de urşuň bähbitlerine gönükdirýärler. Diňe bir öz ýurtlaryndan däl eýsem, olar özüne garaşly bakna halklary hem mümkin boldugyça öz peýdasyna ulanýarlar. Antanta döwletleri 45 mln, german toparlanyşygy 25 mln. adamy gönüden-göni frontlarda ulanypdy. Bulardan başga-da tyldaky işler üçin päleçilige adam toplapdylar.

Uruş döwri açlyk-horluk görlüp eşidilmedik derejä ýetdi. Ýarawly adamlaryň urşa çekilmegi önümçiligi pese gaçyrdy. Ýeter-ýetmezçilikden horlanan halk köpçüligi Fransiýada, Germaniýada, Russiýada, şol sanda Türkmenistanda urşa garşy gozgalaňlar etdiler. Birnäçe uruşýan ýurtlarda içki dartgynlyk, urşa garşy hereketler ýetjek derejesine ýetip, rewolýusiýalar bolup geçdi.

Urşuň tamamlanmagy. Brest ýaraşyk şertnamasy baglaşylandan soňra Germaniýa Günbatar frontda ýene-de bir hüjüme synandy. Hat-da 1918-nji ýylyň tomsunda nemesler Marn derýasynyň kenaryna çenli aralaşyp, uzakdan Pariži oka tutup başladylar. Emma bu Germaniýanyň iň soňky gezek topulyşydy. ABŞ-dan gelýän täze-täze goşun bölümleri bilen üsti ýetirilen iňlis-fransuz goşunlary 1918-nji ýylyň Gorkut aýynda güýçli hüjüme başladylar. “Dörtler bileleşigi” urşy dowam etdirmegiň netijesizdigine düşündiler. German esgerleri Fransiýadan, Belgiýadan kowlupdylar. Balkan ýarym adasynda bolgarlar ýeňlişe uçrap, 1918-nji ýylyň Ruhnama aýynyň 29-ynda Bolgariýa ýeňilendigini boýun aldy.

Siriýada, Mesopatamiýada we Palestinada iňlisler ýerli arap gozgalaňçylarynyň kömegine daýanyp, türkleri 1918-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 30-ynda boýun egdirdiler. Türk esgerleri arap ýerlerinden çykaryldy.

Awstro-Wengriýa bilen Germaniýanyň söweş meýdanlaryndaky ýeňlişleri ol ýurtlardaky halk gozgalaňlary, milli azat edijilik hereketleri bilen utgaşdy. Awstro-Wengriýadan Çehiýa we Slowakiýa, Gündogar slawýan welaýatlary bölünip aýryldy. 1918-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 31-inde Awstro-Wengriýadaky rewolýusion wakalar netijesinde Awstriýa hem-de Wengriýa respublikalary döredi. Täze dörän Awstriýa Awstro-Wengriýanyň adyndan 1918-nji ýylyň Sanjar aýynyň 3-inde ylalaşyga gol çekdi.

Germaniýanyň boýun egmegi. “Dörtler bileleşiginden” Bolgariýa, Türkmen-Osmanly imperiýasy, Awstro-Wengriýa uruşdan çykanlaryndan soňra, Germaniýanyň hem garşylygy dowam etmäge ýagdaýy ýokdy. Ykdysady ýagdaýyň erbetleşmegi, esgerleriň uruş islemezligi, Ýewropadaky rewolýusion wakalar, frontdaky ýeňlişler ýeke-täk dogry ýoluň urşy bes etmeklikdigini görkezýärdi. Germaniýa ýeňlipdi. Emma ony boýun almak kyndy. Şeýle şertlerde German hökümeti ylalaşyk barada gepleşiklere başlamaklygy haýyş etdi. Şol bir wagtda özüniň entek ýeterlik harby kuwwatynyň bardygyny

1914-1918-nji ýý. Jahan urşunda adam pidalary (müň adam)

görkezmek üçin deňiz söweşini guramaga synandy. Emma German harby flotynyň deňizçi esgerleri ýolbaşçylaryň buýrugyny ýerine ýetirmän, gozgalaňa başladylar. Kil şäherinde başlanan gozgalaň rewolýusiýanyň başlangyjy boldy. Sanjar aýynyň 9-ynda Berlinde hem gozgalaň başlandy. Wilgelm II ýurtdan çykyp gaçdy.

Şeýle şertlerde täze dörän German hökümeti 1918-nji ýylyň Sanjar aýynyň 11-inde Antanta döwletleriniň öňe süren şertleri esasynda, Kompýen tokaýynda uruş hereketlerini togtatmak hakyndaky ylalaşyga gol çekdi. 1918-nji ýylyň Sanjar aýynda Russiýa hem Brest şertnamasyny ýatyrdy. Uruş tamamlandy.

Urşuň jemleri. Kompýen ylalaşygy boýunça Germaniýa Belgiýadan, Fransiýadan öz goşunlaryny çykarmalydy. Ol 5 müň top, 25 müň pulemýot, 1700 harby uçarlaryny, 150 müň wagon, 5 müň ýük awtoulaglaryny we başga-da birnäçe suwasty gämileridir beýleki harby ýaraglaryny Antanta döwletlerine we Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna bermeli boldy.

I jahan urşunda Germanýa garşy toparlanyşygyň ýurtlarynda öldürilen adamlaryň sany

Ýurtlar Öldürilenler (müň adam)

Orsýet 1200

Fransiýa 898

Beýik Britaniýa 485

Italiýa 381

Rumyniýa 152

Serbiýa we Çernogoriýa 140

Britan dominionlary we Hindistan 119

Fransiýa bakna ýurtlar 48

ABŞ 37

Belgiýa 32

Gresiýa 9

Portugaliýa 5

Ýaponiýa 0,3

Jemi 3506,3

Çeşme : Urlanis B.S. Istoriýa woýennyh poter.-SPb.-M. 160 s.

Birinji jahan urşy adamzat taryhynda şol wagta çenli bolan uruşlaryň iň bir gan döküşiklisi, elhenji boldy. Uruşa 73,5 mln. esger gatnaşyp, olardan 10 mln. adam öldürildi. 20 mln. adam ýaralandy, maýyp boldy. Birnäçe obalar, şäherler, senagat kärhanalary tozduryldy.

Urşuň baş günäkärleri bolan Germaniýanyň, Awstro-Wengriýanyň we Russiýanyň imperatorlarynyň ählisi-de tagtyndan agdaryldy.

Uruş döwri diňe bir söweş meýdanynda däl, eýsem tylda hem parahat ilatyň birnäçesi açlykdan, ýeter-ýetmezçiligiň pidasy boldular.

Uruş birnäçe halklaryň milli taýdan oýanmagyna itergi berdi. Birnäçe halklar özbaşdaklyk ugrunda aýaga galdylar. Birnäçe täze döwletler döredi.

I jahan urşunda german toparlanyşygyna girýän ýurtlaryň goşunynda öldürilen adamlaryň sany

Ýurtlar Öldürilenler (müň adam)

Germaniýa 1473

Awstro-Wengriýa 727

Türkiýe 250

Bolgariýa 49

Jemi 2449

Çeşme : Urlanis B.S. Istoriýa woýennyh poter.-SPb.-M. 165 s.

Uruşda ýeňen döwletler parahatçylykly şertnamany baglaşmaga taýýarlyk görýärdiler. Olar şu mesele boýunça maslahat çagyrmagy makul bildiler. Fransiýa maslahatyň Parižde geçirilmegini haýyş etdi.

1919-njy ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 18-inde Pariž maslahaty işe başlady. Oňa 27 döwletiň wekilleri gatnaşdylar. Emma esasy sözi diňlenilýänler. ABŞ-yň prezidenti W.Wilson, Beýik Britaniýanyň premýer-ministri G.L. Žorž we Fransiýanyň premýer-ministri Ž. Klemanso dagylardy. Maslahata Russiýa we uruşda ýeňilen döwletler çagyrylmandy.

Maslahatda esasan Germaniýa bilen baglanyşyljak parahatçylyk şertnamasynyň şertleri ara alyp maslahatlaşyldy. Gepleşiklerde 78 ýaşly gojalygyna seretmezden, fransuz ýolbaşçysy Žorž Klemanso (1841-1929) köne duşmany Germaniýany her edip hesip edip, düýpli gowşatmak isleýärdi. Elzas we Lotaringiýany almakdan başga-da başarsa, Germaniýany paýlaşjakdy.

63 ýaşly ABŞ-yň prezidenti W.T. Wilsonyň (1856-1924) öňe süren teklipleriniň iň esasysy Milletler ligasyny döretmek pikiridi. Serhetleri üýtgetmek meselesine goşulyp, ol Fransiýa Elzas we Lotaringiýanyň gaýtarylmagyny, Belgiýanyň täzeden dikeldilmegini goldady.

Beýik Britaniýanyň hökümet ýolbaşçysy Loýd Žoržy (1867-1945) Germaniýanyň harby kuwwatynyň syndyrylmagy guwandyrsa, ABŞ-yň dünýä, Fransiýanyň Ýewropa täsiriniň güýçlenmegi ony diýseň biynjylyk edýärdi.

Ýeňijileriň arasyndaky dawalar. Pariž maslahatynda ABŞ-nyň Beýik Britaniýanyň we Fransiýanyň arasynda üç mesele boýunça uzaga çeken dawalar başlandy.

1. Serediljek meseleleriň tertibi hakyndaky dawa : Beýik Britaniýa we Fransiýa Germaniýa we Türkmen-Osmanly imperiýasyna degişli bakna (koloniýa) ýurtlary paýlaşmak meselesini ilkinji nobatda çözmegi teklip etdiler. Emma olar ABŞ-yň berk garşy durmagy bilen Milletler ligasyny döretmekligi ara alyp maslahatlaşmakdan başlamaga mejbur boldular.

2. Germaniýanyň tölemeli jerime tölegleriniň möçberi we ony paýlaşmak meselesi boýunça hem dawa turdy. Fransiýa Germanýany düýpli gowşatmak üçin alynmaly öwez töleginiň möçberini 450-480 mlrd. altyn marka ýetirmegi, onuň hem 58% möçberindäkisini Fransiýa bermegi talap etdi. ABŞ we Beýik Britaniýanyň azaldyp 50-100 mlrd. marka getirmegi teklip etdiler. Bu mesele ahyryna çenli çözülmän galdy.

3. Iň aýgytly göreş öňki Germaniýa we Türkmen-Osmanly imperiýasyna degişli bakna halklary özara paýlaşmak meselesinde başlandy.

Wilson bakna halklary eýeçilik etmegiň täze, medeniýetli ýoluny mandat düzgünini teklip etdi. Bu düzgün boýunça öň Germaniýa we Türkmen-Osmanly imperiýasyna bakna bolan halklar Milletler Ligasynyň tabşyrygy boýunça ösen halklar tarapyndan tä “özbaşdak ýaşamaga taýýar bolýançalar” dolandyrylmady.

Milletler Ligasy Palestinany, Transiordaniýany, Yragy, Tanganikany Beýik Britaniýa berdi. Siriýany we Liwany dolandyrmaga Fransiýa mandat aldy. Ýaponiýa Marian, Korolin, Marşal adalaryny we Hytaýyň Şandun ýarym adasynda hojaýynçylyk etmäge hukuk aldy. Kameruny we Togony Beýik Britaniýa bilen Fransiýa paýlaşdylar.

Umuman, Pariž konferensiýasy dawalara seretmezden ýaraşyk şertnamasynyň şertlerini işläp taýýarlady.

Wersal şertnamasy. 1919-njy ýylyň Gurbansoltan aýynda şertnamanyň taslamasy taýýar boldy. Indi ony resmileşdirmek galypdy. Şu maksat bilen Germaniýanyň ygtyýarly wekilleri Pariže çagyryldy. German wekilçiligi taslama hiç-hili üýtgeşme girizip bilmedi.

1919-njy ýylyň Oguz aýynyň 28-inde Parižiň uly Wersal köşgünde şertnama gol çekildi.

Wersal şertnamasy boýunça Germaniýa özüniň territoriýasynyň sekizden bir bölegini, ilatyň on ikiden bir bölegini elden gidirdi. Elzas we Lotaringiýa Fransiýa gaýtarylyp berildi. Üç welaýaty Belgiýa, Sileziýanyň bir bölegi Çehoslawakiýa, Prussiýanyň Pomoriýanyň, Poznanyň bir bölegi Polşa Demirgazyk Şlezwing Daniýa berildi. Germaniýanyň eýeçiligindäki bakna halklar onuň elinden alyndy. Germaniýanyň harby güýçlerine çäklendirmeler girizildi. Onuň goşuny meýletinçilerden düzülip, 100 müňden geçmeli däldi. Suwasty flot ýa-da harby güýçlerini edinmeklikden ol mahrum edildi. Reýn sebitinde harby berkitmeler gurmak, goşun ýerleşdirmek gadagan edildi.

Germaniýanyň tölemeli öwez tölegleriniň möçberi Wersal şertnamasynda görkezilmändi. (ol soňra 1921-nji ýylda 132 mlrd. Marka möçberinde kesgitlendi). Ýöne kime näçe bölegini bermelidigi welin anyklandy. Tölegiň esasy bölegini Fransiýa (53%), soňra Beýik Britaniýa (22%), Italiýa (10%), Belgiýa (8%) ýaly döwletler almalydy.

Germaniýa bilen baglanyşylan şertnamanyň mysalynda 1919-njy ýylyň Ruhnama aýynyň 10-unda Awstriýa, Sanjar aýynyň 27-sinde Bolgariýa bilen hem şertnamalara gol çekildi. Wengriýa bilen 1920-nji ýylyň Oguz aýynyň 4-inde, Türk soltany bilen Alp Arslan aýynyň 10-unda parahatçylyk şertnamalary baglaşyldy. Şertnamalarda serhetler üýtgedildi, olaryň harby güýçlerine çäklendirmeler girizildi. Pariž konferensiýasy Polşa we Çehoslowakiýa döwletleriniň döredilýändigini jar etdi. 1919-1920-nji ýyllarda Finlýandiýa, Estoniýa, Litwa we Latwiýa hem garaşsyzlygyny aldylar. Şonuň ýaly-da öwez tölegini tölemek şerti hem bardy. Şularyň içinde türkler bilen baglaşylan şertnama kagyz ýüzünde galdy. Mustafa Kemal Atatürküň ýolbaşçylygynda milli-azat edijilik hereketiň başlanandygy we Antantanyň goşunlarynyň-da türk watançylary tarapyndan derbi-dagyn edilendigi üçin Türkiýe bilen 1923-nji ýylda täze şertnama baglaşyldy.

Wersal şertnamalar ulgamy Ýewropada Fransiýanyň güýçlenmegine, Ýakyn Gündogarda Beýik Britaniýanyň täsiriniň artmagyna itergi berdi. Milletler Ligasy ABŞ-nyň teklibi boýunça döredilse-de, bu guramada Beýik Britaniýa bilen Fransiýanyň täsiri güýçlidi. Bu ýagdaý amerikan senatyndaky respublikaçylara ýaramaýardy. ABŞ-nyň senaty Wilsonyň Pariždäki geçiren gepleşiklerinden närazydy. Şonuň üçin senat Wersal şertnamasyny tassyk etmedi. ABŞ Germaniýa bilen ikitaraplaýyn parahatçylyk şertnamasyny baglaşmaga mejbur boldy.

Hytaý hem Şandunyň Ýaponiýa berlendigi üçin Wersal şertnamasyna gol çekmekden ýüz öwürdi.

Waşingtom maslahaty 20-nji ýyllaryň başynda iňlis-amerikan we amerikan-ýapon garşylyklary ýitileşdi. Respublikaçylara partiýasy häkimiýete gelenden soňra ABŞ Wersal şertnamalar ulgamynyň käbir meselelerine täzeden seretmek üçin halkara maslahatyny çagyrmak teklibi bilen çykyş etdi. ANŞ-yň bu gezekki maksady Uzak Gündogarda Ýaponiýanyň täsirini gowşatmak we harby-deňiz ýaraglanyşygyny düzgünleşdirmekdi.

Maslahat 1921-1922-nji ýyllarda Waşingtonda geçdi. Oňa ABŞ, Beýik Britaniýa, Fransiýa, Ýaponiýa, Italiýa, Belgiýa, Portugaliýa, Gollandiýa we Hytaý gatnaşdy. Olar 4 aýlap maslahatlaşyp, esasy üç şertnama gol çekdiler.

Birinjisi ABŞ, Beýik Britaniýa, Fransiýa we Ýaponiýa döwletleriniň arasynda Ýuwaş ummanyndaky adalara eýeçilikleri üýtgewsiz galdyrmak baradaky şertnamadyr.

Ikinjisi, Beýik Britaniýa, ABŞ, Fransiýa, Ýaponiýa we Italiýa döwletleriniň harby-deňiz güýçleriniň gatnaşygyny 5:5:3:1, 75:1, 75 möçberde kesgitleýän bäşleriň şertnamasydyr. Harby gämileriň ululygy hem çäklendirildi. Bu şertnama ABŞ üçin uly ýeňişdi. ABŞ harby deňiz güýçlerini bu ugurda dünýäde iň öňde baryjy – Beýik Britaniýa bilen deňleşdiripdi. Harby gämileriň ululygynyň çäklendirmegi-de ikinji nobatda ABŞ üçin zerurdy. Çünki onuň iri harby gämileri zerur wagty Panamakanalyndan geçip biljek däldi.

Üçünjisi, Hytaý meselesine degişli şertnamadyr. ABŞ uzak Gündogarda Ýaponiýanyň güýçlenmeginden heder edip, Şanduny Hytaýa yzyna gaýtaryp bermäge Ýaponiýany mejbur etmegi başardy. Bu şertnamanyň aşagyna maslahata gatnaşan dokuz döwletiň wekilleri gol çekdiler. Hytaýyň

Ýewropa döwletleriniň territorial üýtgeşmeleri (km2)

garaşsyzlygyny, çäk bitewiligini hormatlamak ylalaşyldy. Şertnamada ABŞ-yň 1899-njy ýyldan bäri öňe sürýän “açyk gapylar” we “deň mümkinçilikler” ýörelgeleri kabul edildi. Bu ýörelgeler boýunça Hytaýý täsir zolaklaryna bölmek gadagandy. Ykdysady taýdan beýlekilerden güýçli bolan ABŞ Hytaýda deňlik bolsa, ol ýurduň bazarlaryndan beýlekileri çykaryp biljekdi.

Waşington maslahaty hem Wersal şertnamalar ulgamynyň dowamydy.

Birleşen Milletler Guramasy

Birleşen Milletler Guramasy (iňlisçe – United Nations, rusça – Организация Объединенных Наций, Türkçe: Birleşmiş Milletler )

Parahatçylygy goldamak hem-de ýurtlar arasynda parahatçylykly hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin, özygtyýarly döwletleriň meýletin birleşmegi esasynda döredilen halkara gurama. Ilkinji gezek şeýle guramany döretmek meselesi 1943-nji ýylyň oktýabrynda Moskwada, soň 1944-nji ýylda Dumwarton-Oksda (ABŞ-da) SSSR-iň, ABŞ-nyň we Beýik Britaniýanyň wekilleriniň maslahatynda çözüldi. 1945-nji ýylyň fewralynda üç beýik döwletiň Ýalta (Krym) konferensiýasynda şeýle halkara guramany döretmek meselesi gütarnykly çözüldi. Bu gurama 1945 ýylyň 25-nji aprelda San-Fransiskoda (ABŞ-da) geçirilen konferensiýada döredildi. 26-njy iýunda 50 ýurduň wekilleri biragyzdan BMG-niň Düzgünnamasyny kabul etdiler. Düzgünnama 24-nji oktýabrda güýje gir­di. Şondan bäri 24-nji oktýabr BMG-niň Güni hökmünde bellenip geçilýär.

BMG-niň ştab-kwartirasynyň ýerleşýän ýeri Nýu-Ýork, onuň Ýewropadaky merkezi Ženewa şäheridir. BMG-niň maksady, onuň öz Düzgünnamasynda ýazylyşy ýaly “parahatçylyga salynýan howpuň öňüni almak hem-de ýok etmek we agressiýa aktlaryny ýatyrmak üçin” toparlaýyn çäreler görmek bilen, parahatçylygy hem-de howpsuzlygy gorap saklamakda, milletleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary ýola goýmakdan, ykdysady, sosial, medeni hem-de gumanitar häsiýetdäki halkara meselelerini çözmekde hyzmatdaşlygy amala aşyrmakdan, adamyň hukuklaryny we azatlygyny hormatlamagy ösdürmekden ybaratdyr. Uzak ýyllaryň dowamynda BMG halkara çökgünlikleriň öňüniň alynmagynda we uzaga çeken dawalaryň parahatçylyk ýoly bilen çözülmeginde uly rol oýnady. Ol dawalaryň öňüniň alyn­magy, parahatçylygyň saklanmagy we ynsanperwer kömekleriň berilmegi ýaly meselelerde toplumlaýyn çäreleri amala aşyrdy. Meseleler çözülende, BMG-niň hemme agzalary deň hukuklydyr. Bu gurama döwletleriň içerki işlerine gatyşmazlyk esasynda iş alyp barýar. Ilki başda BMG-niň agzalary 51 döwletde, 1972 ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli olaryň sany 132-ä ýetdi. Häzirki wagtda (2011) BMG-niň düzüminde 193 döwlet bar.

BMG – bu uly forum bolup, ol ýerde ähli döwletleriň wekilleri biri-biri bilen duşuşmaga müm­kinçilik tapýarlar.

Soňky maglumatlara görä, sekretariatyň işgärleriniň sany bütin dünýä boýunça takmynan 40 müňe barabardyr. Guramanyň 2008-2009-njy ýyllar aralygyndaky iki ýyl lyk býujeti 4 milliard 171 million dollara barabar boldy. Guramanyň resmi dilleri: iňlis, arap, ispan, hytaý, rus we fransuz dilleridir.

BMG-niň esasy organlary Baş Assambleýa, Howpsuzlyk Geňeşi, Ykdysady we sosial geňeşi, Halkara Kazyýet* we sekretariatdyr. Ylym-bilem we medeniýet meseleleri baradaky ýörite halkara guramasy — ÝuNESKO we başgalar bar.

Baş Assambleýa guramanyň ýokary organydyr. Onuň sessiýa ýygnaklaryna agza bolup durýan döwletleriň hemmesiniň wekilleri gatnaşýarlar. Sessiýada garalan meseleler boýunça rezolýusiýalar kabul edilýär. Baş Assambleýa nobatdaky sessiýasyny ýylda bir gezek çagyrýar. Ýörite we adatdan daşary sessiýalar Howpsuzlyk geňeşiniň maslahaty we teklibi boýunça çagyrylýar.

Baş Assambleýa edil forum ýaly bolup, ol ýerde dünýä döwletleriniň özara gyzyklandyrýan meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşmagyna mümkinçilik döredilýär. Şeýle hem Baş Assambleýa Ykdysady we sosial geňeşiň, Howandarlyk geňeşiniň we beýleki ýöriteleşdirilen edaralaryň işlerine gözegçilik edýär. Howpsuzlyk geňeşi bilen bilelikde Baş sekretary we Halkara kazyýetiniň kazylaryny saýlaýar.

Assambleýadaky ähli döwletler ululygyna we kiçiligine garamazdan bir ses bermäge hukugy bar.

Howpsuzlyk Geňeşi BMG-niň iňňän möhüm organydyr. Ol halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny goramak baradaky meselelere seredýär we degişli kararlar kabul edýär. Sowete onuň 5 sany hemişelik agzasy — Russiýa, Hytaý Halk Respublikasy, ABŞ, Angliýa, Fransiýa we BMG-niň agzalary bolup durýan beýleki ýurtlaryň wekillerinden Baş Assambleýa tarapyndan iki ýyl möhleti bilen saýlanýan 10 sany hemişelik däl agzasy girýär. Hemişelik däl agzalary şu sebitlerden saýlanýar: Afrika we Aziýa (5), Gündogar Ýewropa (1), Latyn Amerikasy (2) we Günbatar Ýewropa (2). BMG-niň bu organy üçin Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalarynyň agzybirlik esasly bolan weto hukugy iňňän möhümdir.

Ykdysady we sosial geňeşi Baş Assambleýa tarapyndan 54 agzadan ybarat düzümde saýlanýar. Agzalar 3 ýyl möhlet bilen saýlanýar. Bu geňeş halkara, ykdysady, sosial, medeni, saglygy saklaýyş meselelerini we ş. m. öwrenýär hem-de olar barada BMG-ä teklipler taýýarlaýar.

Halkara Kazyýet* ýa-da Bütindünýä Kazyýeti Niderlandlaryň Gaaga şäherinde ýerleşip, onda 15 sany kazy bardyr.

BMG-de esasy wezipeli administratiw adam baş sekretardyr. Ol Howpsuzlyk Geňeşiniň maslahat bermegi bilen Baş Assambleýa tarapyndan 5 ýyllyk möhletde bellenilýär. Şu wagta çenli (2011) BMG-niň 8 sany baş sekretary boldy. Olaryň 8-njisi häzirki Baş sekretar Pan Gi Mundur (2007-njy ýyldan bäri). Ilkinji Baş sekretar wezipesine norwegiýaly Trýugwe Li saýlan­ýar. Ol 1946-1952-nji ýyllar aralygynda ýolbaşçylyk edýär. Soňra onuň ýerine 1953-nji ýylda şwesiýaly Dag Hammarşeld saýlanýar. Ol hem 1961-nji ýyla çenli guramanyň Baş sekretary bolup zähmet çekýär. Mýanmaly U Tan 1961-1971-nji ýyllar aralygynda ýolbaşçylyk eden bol sa, 1972-1981-nji ýyllarda awstriýaly Kurt Waldhaým Baş sekretar boldy. Peruly Hawýer Peres de Kuelýer BMG-niň bäşinji Baş sekretary bolýar. Ol 1982-1991-nji ýyl­lar aralygynda gurama ýolbaşçy bolýar. 1992-nji ýylda Butros Gali resmi taýdan Baş sekretar wezipesine saýlanýar. 1997-nji ýylda Kofi Annan Baş sekretar bolup, 2006-njy ýyla çenli şol wezipede işleýär.

International Court of Justice (Sahypa Topary tarapyndan terjime edilen)

Dostluk üçin futbol

Dostluk üçin futbol (iňlisçe FOOTBALL FOR FRIENDSHIP) - Dostluk üçin futbol (iňlisçe Football for Friendship) — APJ "Gazpromyň" her ýyl geçirýän halkara çagalar sosial programmasy. Programmanyň maksady - futbol arkaly ýaşlara aktual gymmatlyklary öwretmek we sagdyn durmuşa höwes döretmek. Programmanyň çäginde dünýäniň dürli künjünden 12 ýaşly çagalar her ýylky halkara çagalar forumyna, "Dostluk üçin futbol" dünýä çempionatyna, Futbol we dostluga bagyşlanan halkara gününe gatnaşýarlar. Maksatnama FIFA, UEFA, BMG, Olimpiýa we Paralimpiýa Komitetleri, dürli ýurtlaryň hökümetleri we futbol federasiýalalary, halkara haýyr-sahawat guramalary, jemgyýetçilik guramalary, dünýäniň öňdebaryjy futbol toparlary tarapyndan goldanýar AGT (Russiýa) Kommunikasion topary programmanyň bütindünýa operatory bolup durýar..

Jemi içerki önüm boýunça döwletleriň hasabaty

Döwletleriň jemi içerki önüminiň raýatlaryna ortaça paýy (2013-nji ýyl).

Piri Reýis

Piri Reýis (doly ady Hajy Muhiddin Piri Ibn Hajy Mehmet) (1465 töweregi –1554 ýa-da 1555) — Türkiýäniň Egeý kenarýakasyndaky Gallipoli (türkçe Gelibolu) şäherinde 1465-1470-nji ýyllar aralygynda doglan osmanly admiraly, geografy hem-de kartografydyr.

Ol häzirki döwürde esasan hem özüniň Kitab-ı Bahriye (Deňizçilik kitaby ýa-da Nawigasiýa kitaby) atly eserinde jemlän kartalary hem-de çyzgylary bilen tanalýar. Ol kitap nawigasiýa baradaky jikme-jik maglumatlary, şeýle hem Ortaýer deňziniň ähmiýetli portlarynyň we şäherleriniň iňňän takyk çyzgylaryny özünde jemleýär. Piri Reis özüniň (1513-nji ýylda taýýarlan) ilkinji Dünýä kartasynyň kiçijik bölegi 1929-njy ýylda Stambul şäherindäki Topkapy köşgünde üstüniň açylmagy bilen kartograf hökmünde hem uly meşhurlyga eýe boldy. Bu ýerde iň haýran galdyran zat bir osmanly kartasynda Amerika materiginiň bar bolmagydy. Bu karta şol wagta çenli Amerikanyň türkler tarapyndan çyzylan ilkinji kartasy bolup durýar. Amerikanyň ilkinji kartasy bolsa, losman we kartograf Juan de la Cosa tarapyndan 1500-nji ýylda çyzylypdy we ol häzirki wagtda Madriddäki deňiz muzeýinde (Museo Naval) saklanylýar.

Emma welin, Piri Reisiň ilkinji dünýä kartasynyň (1513) iň täsin galdyrýan tarapy – kontinentleriň ýerleşişlerini (aýratyn hem Afrika bilen Günorta Amerikanyň arasyndaky gatnaşygy) onuň ýaşan döwri üçin deňsiz-taýsyz derejede takyk kesgitlemegi bolup durýar. Hatda ondan onlarça ýyl soňra çyzylan kartalarda hem şeýle takyk oriýentasiýalar we proporsiýalar bolmandyr; şeýle ýokary hili Piri Reisiň Kitab-ı Bahriye (Nawigasiýa kitaby) atly eserindäki beýleki kartalarynda hem görmek mümkindir. Piri Reisiň kartasy Demirgazyk tropik giňişliginde Sahara çölüne konsentrirlenýär.Kontinentiň resmi taýdan açylmagyndan üç asyr çemesi ozal çyzylandygyna garamazdan, käbir alymlar, şol sanda professor Charles H. Hapgood, Piri Reisiň kartasynyň Antarktikanyň saklanyp galan iň gadymy kartasydygy baradaky pikiri öňe sürýärler.

1528-nji ýylda Piri Reis ikinji dünýä kartasyny çyzýar. Ol kartanyň Grenlandiýany we Demirgazyk Amerikany, demirgazyk tarapda Labrador bilen Newfoundlanddan başlap, günorta tarapda Floridany, Kubany hem-de Merkezi Amerikanyň böleklerine çenli görkezýän kiçijek bölegi heniz hem saklanýar.

Rimiň döreýşi

Mowzuk: Rimiň döreýşi we taryhynyň iň gadymy döwri.

Meýilnama

1. Rimiň taryhynyň esasy döwürleri.

2. Rimiň taryhynyň çeşmeleri we taryhnamasy

3. Italiýanyň tebigaty we ilaty

4. Rim şäheriniň döremegi

5. Jemgyýetçilik gurluşy.

6. Serwiý Tulliniň özgerdişleri.

7. Rim aristokratik respublikasynyň berkarar bolmagy.

1. Gadymy döwürde Rim – bu diňe bir şäheriň ady bolman, ol döwletiň hem ady bolupdyr. Gadymy Rimiň araçäkleri dürl döwürde dürli möçberde bolupdyr. B.e.öň VI-IV asyrlarda ol Apennin ýarym adasynyň merkezi böleginde ýerleşipdir. B.e.öň III asyryň ahyrynda Gadymy Rim Orta ýer deňziniň Günbatarynda iň güýçl gul eýeçilik döwlete öwrülpdir. B.e.I-II asyrlarynda ol ägirt uly imperiýa bolup, orta ýer deňziniň ähli kenarlarynda ýerleşmek bilen, Ýewropanyň Günbatar we Günorta Gündogar ýerleri, Demirgazyk Afrika we Alynky Gündogar onuň düzümine giripdir. Gadymy Rimiň taryhy aşakdaky ýaly döwürleri öz içine alýar:

1. B.e.öň VIII- VI asyrlar. Italiýanyň iň gadymy taryhy. (Rimde patyşalyk döwri).

2. B.e.öň VI-III asyrlar. Irki gulçulyk jemgyýeti. Rimiň Italiýany basyp almagy. (Irki respublika döwr).

3. B.e.öň II-I asyrlar. Italiýada gul eýeçilik gatnaşyklarynyň gülläp ösmegi. Rimiň Ortaýer deňiz döwletine öwrülmegi. (Giçki Respublika).

4. I-II asyrlar. Ortaýer deňiz sebtinde gul eýeçilik gatnaşyklarynyň gülläp ösmegi. Irki Rim imperiýasy (prinsipat).

5. III asyr. Gul eýeçilik gatnaşyklarynyň umumy çökgünligi. Ortaýer deňiz Rim imperiýasyna dargamak howpunyň abanmagy.

6. IV-V asyrlar. Gulçulygyň dargamagy. Giçki Rim imperiýasy (Dominat).

2. Dil, ýazuw ýadygärlikleri, maddy medeniýetiň ýadygärlikleri ýaly dürli taryhy çeşmeler Gadymy Rimiň taryhyny öwrenmäge kömek edýärler.

Italiýada paleolit, neolit döwürlerinde adamlaryň ýaşandygyny arheologlar subut etdiler. Rimiň taryhynyň patyşalyk we respublika döwrüniň maddy çeşmelerine Italiýanyň dürli ýerlerinde tapylan ybadathanalar, arystanlyklar, guburlardaky şekiller, zatlar, gadyjmy etrusklaryň şäherleri (Spina, Pirgi), Akwa Rossanyň ýakynyndan tapylan etrusklaryň ýaşaýyş jaýlary, Rim şäheriniň arheologik ýadygärlikleri, numizmatiki maglumatlar we ş.m. degişlidir. Epigrafiki ýazuw ýadygärlkleriniň iň gadymysy Iskýa adasyndan tapylan grek ýazgylarydyr. Olar b.e.öň VIII asyra degişlidir. B.e.öň VII asyrdan başlap, Etruriýanyň Toskana, Padana ýerlerinde, Zasiýada, Kompaniýada etrusk ýazgylary peýda bolupdyr. Iň gadymy latyn ýazgysy forumda Romulyň mazarydyr öýdülýän ýerde daş plitadaky ýa-da Gara daşyň ýazgylarydyr. Irki ýazgylaryň gadymy Italiýanyň medeniýetiniň we dininiň ösüşine grek we etrusk täsiriniň bolandygyny subut edýärler.

Antik ýazyjylarynyň eserleriniň hem uly ähmiýeti bardyr. Häzirki döwre b.e.öň III asyrdan öňki tekstler gelip ýetmändir. Ýöne soňky ýazgylarda iň gadymy döwürler barada gürrüňler berilýär. Grekler uzak Gesperiýadaky (Agşamky, Günbatar ýurt) ýagny Italiýadaky wakalara seslenipdirler.

Resmi ýazuw ýadygärliklerine patyşa kanunlary, Rimiň beýleki şäherler we döwletler şertnamalary, pontifikleriň ýyl ýazgylary, şol sanda, b.e.öň 130-njy ýyl töwereginde beýik pontifik (dini bastutan) P.Musiý Ssewola tarapyndan çap edilen 80 kitapdan ybarat “Beýik annallar” (annus lat.ýyl) degişlidir.

B.e.öň III asyrda ýaşan birnäçe rim şahyrlary we kyssaçylary Rimiň geçmişini wasp edipdirler. Olara Gneý Newiý, Enniý, kw. Fabiý, Piktor, M.Porsiý Katon Ulusy we ş.m degişlidir. Bulara uly annalçylar diýilýär. B.e.öň II asyryň ahyrlarynda I asyryň I ýarymynda ýazan anallaçylara kiçi annalçylar diýilýär. Olar öňküleriň ýazanlarynyň üstüni doldurypdyrlar. Annalçylaryň eserleri gelip ýetmändir. Ýöne olardan peýdalanyp ýazan antik awtorlaryň eserleri saklanyp galypdyr.

Grek Polibiý (b.e.öň 201-120 ý) Rimde girew hökmünde 16 ýyl ýaşap 40 kitapdan durýan “Ählumumy taryh” diýen işinde Puni uruşlarynyň döwri barada beýan edipdir. Rimiň üstünlikleriniň sebäplerini ol döwlet gurluşyndaky monarhiýanyň ariskratiýanyň we demokratiýanyň utgaşdyrylmasynda görüpdir. Grek Posidoniý, Diodor Sisiliýaly Rim barada öz işlerinde beýan edipdirler.

Rimiň hususy taryhy barada Tit Ziwiý (“Rim gadymylyklary” – 20 kitap), Dion Kassiý Kokseýýan (“Rim taryhy”- 80 kitap), Appian (“Rim taryhy”-24 kitap). L.Anneý Flor, Awreliý Wiktor, Ýewtropiý, G.Sallýustiý, Gaý Ýuliý Sezar, Mark Tulliý Siseron we beýlekiler birnäçe işlerini ýazypdyrlar. Gaý Swetoniý Trankwill (b.e.öň II a) rim hökümdarlarynyň 12-niň terjimahalyny ýazypdyr.

Bulardan başga-da Terensiý Warronyň, Werriý Flakkyň (düşündirişli sözlük), uly Plininiň (“Tebigy taryh”) işleri çeşme hökmünde uly ähmiýete eýedir. Ýörite edebiýatlardan oba hojalygy barada Katonyň we Warronyň (b.e.öň II-I a) eserleri saklanyp galypdyr. Olar ykdysadyýet, durmuş ýagdaýlary barada baý maglumatlar berýärler.

Strabonyň “Geografiýasynda” geografiki, ykdysady, taryhy, etnografiki maglumatlar ýygnalypdyr. Ilatyň düzümi, hojalyk, dolandyryş ulgamy, kazyýet işleri, din barada patyşa we respublika döwürlerinde degişli bolan XII jedwel kanunlary möhüm çeşmedir.

Imperiýa döwrüniň taryhy boýunça maddy medeniýetiň ýadygärliklerine häzirki Rimiň imperatorlaryň döwrüne degişli harabalyklary tutuşlygyna girýär. Olara köpsanly mermer meýdançalar, Awgustyň, Wespasianyň, Taýanyň we beýlekileriň forumlary, dürli ybadathanalar, sütünler, relýef şekilleri, termler (hammamlar), teatrlar, amfiteatrlar (olaryň iň ulusy) Kolizeý, imperatorlaryň köşkleri, heýkeller, guburhanalar, Rimde gurlan şäher diwarlary, stadionlar we ş.m degişlidir.

Rim Italiýasynyň ykdysadyýeti, durmuşy we medeniýeti Ostiýa, Pompeý, Gerkulanum Staliý we beýleki şäherlerde geçirilen barlaglar netijesinde öwrenilýär. Numizmatiki maglumatlar hem jemgyýetiň ykdysady ýagdaýyny öwrenmäge, wagtyny anyklamaga mümkinçilik berýär.

Imperiýa döwrüniň ýazgylary hem durmuşyň dürli taraplaryny şöhlelendirýär. Imperator ýazgylarynyň içinde Oktawian Awgustyň terjimehaly, Tiberiniň döwründäki saýlaw özgerdişleri, Wespasianyň kanunlary we beýlekiler has möhüm çeşmedirler. Imperiýa döwrüni öwrenmek üçin Müsüriň papiruslary, 301-nji ýylda çykarylan Kiçi Aziýadan, Müsürden we beýleki ýerlerden Diokletianyň bahalar baradaky edileti Karakallanyň edileti (welaýatlardaky ýaşaýjylara Rim raýatlygyny bermek barada) çeşmeler bolup bilýärler.

Buladan başga-da köp sanly ýazuw çeşmeleri, taryhy eserler saklanyp galypdyr. Olara Liwiniň işleri, Paterkullyň, Josif Flawiniň (“Iudeýa urşy”), Korneleý Tasidiň (“Taryh”-14 kitap, “Annalar” – 16 kitap), Ammian Marseliniň (“Işler” - 31 kitap) eserleri, terjimehal görnüşindäki eserler (Plutarhyň, Gaý Swetoniý Trankwilliň, Sekst Awreliý Wiktoryň, Tasidiň eserleri) degişlidir.

Ýorite edebiýatlardan şäher gurluşygy barada Witruwiý Pollionyň “Binagärlik bardaa on kitap”, Wegesiniň “Harby iş barada gysga oçerk”, Kiçi Senekanyň filosofiki pikirlerini beýan eden “Lusiýa ahlak hatlar” diýen işleri saklanyp galypdyr.

Imperiýa döwrüniň taryhy çeşmeleriniň çeper edebiýatyň eserleri, irki hristiançylygyň ýadygärlikleri, ýuridiki ýadygärlikler ýaly görnüşleri hem gelip ýetipdir. Ýuridiki ýadygärlikleriň irkileri hukuk okuw kitaplary ýa-da Institusiýalardyr. II asyrda ýaşan Ýurist Gaýyň Institusiýasy saklanyp galypdyr. Giçkiräk döwre (IV a.) degişli kanunçylyga düşündirişlere Digestler diýilýär. V asyryň başynda rim hukugynyň I kodeksi imperator Feodosiý II-niň buýrugy boýunça döredilipdir we onuň ady bilen atlandyryplypdyr. IV asyrda Ýustinianyň kodeksi çykarylypdyr. Rim hukugynyň has doly ýygyndysy XII asyrda çykarylyp, oňa “Gorpus ýuris siwiles” diýip at beripdirler. Oňa 1. Institusiýalar, 2. Digestler, 3. Imperator konstitusiýalary, ýagny Ýustinanyň kodeksi, 4. Nowellalar, ýagny Ýustinanyň kodeksinden soňky konsttusiýalar giripdir.

Gadymy Rimiň taryhnamasndan.

Rim taryhynyň XIX asyrdaky iň iri hünärmeni Berlin we Bonn uniwersitetleriniň professory Georg Bartold Nibur bolupdyr. Ol taryh ylmyny öwrenmegiň taryhy-tankydy usulyny işläp düzüpdir. Ol “Rimiň taryhy” diýen üç tomluk işini ýazypdyr.

Gadymy Rimiň iri taryhçylaryndan biri Fransiýada M.Dýuro de la Mall (1777-1857) bolup, ol “Rimlileriň syýasy ykdysadyýeti” diýen işini ýazypdyr. XIX asyryň I ýarymynda rim taryhyny öwrenmeklige rus alymlaryndan MGU-nyň professorlary D.L.Krýukow, T.N.Granowskiý, S.W.Ýeşewskiý uly goşant goşupdyrlar.

XIX asyryň II ýarymynda – XX asyryň başlarynda Ýewropada ylmyň ösmegi, täze taryhy çeşmeleriň köpelmegi netijesinde Gadymy Rimiň taryhnamasy ösüpdir. Alymlar deňeşdiriji –taryhy usuly giň ulanyp başlapdyrlar. Germaniýaly alym T.Mommzen rim ýazgylarynyň ýygyndysyny, ýuridiki ýadygärlikleri çap edipdir. Rimiň döwlet gurluşyny patyşalyk döwründen giçki imperiýa döwrüne çenli aralykda jemgyýetiň ösüşi bilen baglylykda öwrenipdir. Ol “Rimň taryhy” diýen 5 tomluk işini hem ýazypdyr.

Şol döwre degişli Rimiň taryhyny öwrenmeklige uly goşant goşan alymlardan Fýustel de Kulanžy, Ç.Meriwaly, P.M.Leontýewany, P.Komarowskini, M.Wolskini, B.Zapolskini, P.G.Winogradowany, K.Zýulleni, S.Gzelli, Z.Tuteni, G.Ferrerony, G.de Sanktisi, Dž.Býurini, St.Jonsy, B.Gendersony, R.Holmsy, U.Hitlendi, R.Ýu.Wipperi, M.M.Hwostowy, M.I.Rostowsewi we ş.m. görkezmek bolar.

3. Apennin ýarym adasynyň günortasyny grekler Italiýa diýip atlandyryp başlapdyrlar. Ol ýerde öri meýdanlary köp ekeni. Italiýa sözi “Witulus” – göle, “Witaliýa” ýa-da “Italiýa” – göleleriň ýurdy diýen manyny aňladypdyr. Biziň eramyzdan öň III asyrda bu at ütin Apennin ýarym adasyna ýaýrapdyr.

Italiýanyň tebigy araçägi Alp daglarydyr. Ony gündogarda Adriatik deňziniň, günortada Ionik deňziniň, günbatarda Tirren we Liguriý deňziniň suwlary ýuwýar.

Italiýanyň meýdany 300000m2 bolup, Sisiliýa adasy onuň geologik dowamydyr. Olaryň arasy darajyk Messin bogazy bilen bölünýär. Sisiliýadan demirgazykda onluk Lipar we Egat adalarynyň toplumy, Sardiniýa, Korsika, Karpeýa (Karpi), Ilwa (Elwa) adalary ýerleşýar.

Gadymy Italiýada Padus, Rubikon, Metawr, Aufid, Arno, Tibr, Liris, Wolturn ýaly derýalar, Alplarda-Weron (häz.Lago Majore), Benak (Garda), Etruriýada-Trazimen, Lasiýada-Regil, Alban, Samniýada-Fusin kölleri bolupdyr.

Gresiýa bilen deňeşdirende Italiýanyň ekerançylyk üçin ýaramly ýerleri köpräk olupdyr. Etrusiýa, Kampaniýa, Apuliýa topraklary iň hasylly ýerleri ekeni.

Italiýanyň gazylyp alynýan peýdaly magdanlary köp bolmandyr. Allarda – mis we altyn, Etrurýada – demir, mis, galaýy, slanes, Bruttiýada – demir, mis, kümüş, Apenninlerde – gurluşyk daşy, mermer, Tibriň deňze guýýan ýerinde – duz, Kampaniýada ýokary hilli toýun bar ekeni.

Daglarda agaçlaryň dürli görnüşleri ösüpdir. Günorta Italiýada ösümlikler hemişe ýaşyl öwsüpdir. Italiýada alma, armyt, üzüm, nar, zeýtun, badam agaçlary, däneli ösümliklerden arpa, bugdaý, dary, polba, kösükli we bakja ekinleri, zygyr ösdürilip ýetişdirilipdir.

Italiýada neolit döwrüniň medeniýeti ligurlar tarapyndan döredilipdir diýip hasaplanylýar. Demir asyry wagtynda olary beýleki taýpalar Italiýanyň demirgazyk-günbataryna gysyp çykarypdyrlar. Olar bu ýerde b.e.öň I asyra çenli özboluşlylygyny saklapdyrlar.

B.e.öň I müňýyllykda Italiýanyň ilaty hindiýewropa dillerinde gürleýän dürli taýpalardan ybarat bolup, olaryň arasynda italikler has tapawutlanýarlar. Italikler gelmişek halk haspalanýar. Ýöne olaryň nireden gelendigi jedelli meseledir. Italiklerden başga-da Italiýada grekler we illiriýalylar ornaşypdyrlar. Grekler bu taýda b.e.öň II müňýylykda ilkinji gezek peýda bolup, b.e.öň VIII asyrda köpçülikleýin göçüp gelipdirler we Kompaniýada, Günorta Italiýada, Gündogar Sisiliýada koloniýalar esaslandyrypdyrlar.

B.e.öň I müňýyllygyň ortalarynda Padan düzlüginde keltler ýa-da gallar ornaşypdyrlar.

B.e.öň IX asyrda finikiýalylar Sardiniýa aralaşyp, b.e.öň VI asyrda Sisiliýanyň günbataryny koloniýalaşdyrypdyrlar.

Grekler ilen bir wagtda diýen ýaly Apennin ýarym adasynda etrusklar hem ornaşypdyrlar. Bu at taryh ylmyna rim awtorlaryndan alnypdyr. Latyn ýazyjylary olary etruslar ýa-da tusklar, grekler-tirrenler ýa-da tirsenler, etrusklaryň özleri bolsa özlerini rasenler diýip atlandyrypdyrlar. Etrusklardan köp maddy ýadygärlikler we 10000 ýazgy saklanyp galypdyr. Ýazgylar ýeňil okalyp, grek hatyna meňzeş bolupdyr. Şeýle-de bolsa etrusklaryň gelip çykyşy, dili, taryhy ylymda doly anyk bolmany üçin, etrusk meselesini ýüze çykarýar.

Ylymda XVII asyrdan başlap, etrusklaryň gündogardan gelip çykandygy baradaky pikir agdaklyk edipdir. XIX-XX asyrlaryň sepgidnde bu çaklamany rus alymy W.I.Modestow gorapdyr. Bu ugry goraýan alymlar Gerodotyň we Tasitiň tirenleriň Lidiýadan gelip çykandygy baradaky habarlaryna we olaryň medeniýetiniň gündogar alamatlaryna salgylanýarlar. Ýöne XVIII asyrda käbir nemes alymlary rasenleriň adyny Alplarda ýaşaýan retleri ady bilen meňzeş hasaplap, olary demirgazykdan getirip çykarypdyrlar. Bu çaklamany XIX asyrda Nibur we Mommzen güýçli goldapdyr.

XIX-XX asyrlaryň sepgitlerinde italiýan barlagçylary Dionisiý Galikarnasla salgylanyp, etrusklaryň ýerli halkdygy baradaky pikiri öňe sürüpdirler. Ýöne täze gazuw agtaryş işleri netijesinde (Spina şäheri) ylymda etrusklaryň Egeý sebitlerinden we Kiçi Aziýadan gelip çykandygy baradaky garaýyş has köp tassyklanýar. Olgar dilçisi W.Georgiýew etrusk sözleriniň we ýqzuwynyň hettler bilen meňzeşlikleriniň bardygyny nygtapdyr.

B.e.öň I müňýyllygyň ortasynda Italiýadaky taýpalaryň ýerleşişi belli bolupdyr. Demirgazyk – günbatar çetde ligurlar, Po derýasynyň jülgesinde keltler (gollar), Orta Italiýada ýa-da Etruriýada – etrusklar, Umriýada – umbrlar, Pisende – pisenler, Lasiýada – latynlar, onuň töweregindäki ýerlerde sabinler, ekwylar, gernikler, wolskiler ýerleşip, olar italiýa dillerinde gürläpdirler.

Samniýada – samnitler we olara ýakyn sabelleriň mars, marissin taýpalary ýerleşipdir. Lukaniýada we Bruttiýada grekler we osklardan gelip çykan taýpalar, Apuliýada we Kalabriýada – illeriýalylara ýakyn bolan ýapigler ýaşapdyrlar.

Gadymy Italiýanyň taýpalary durmuş-ykdysady, syýasy we medeni ösüşi boýunça dürli derejelerde durupdyrlar. Rimiň Italiýany basyp almagy netijesinde b.e.öň I asyra çenl olaryň ählisinden itewi italiýa halky emele gelipdir. Esasy dil hökmünde latyn dili ornaşyp, ol ähli beýleki dilleri gysyp çykarypdyr. Etrusk, ligur dilleri doly unudylmandyr.

4. B.e.öň I müňýyllygyň II çärýeginde Italiýanyň beýleki halkyýetleri lkidurmuş gurluşynyň şertlerinde ýaşaýan mahaly, etrusklarda döwlet guramasynyň ýonekeý görnüşleri ýüze çykypdyr. Olarda ekerançylyk, metal işläp bejermeklik, keramika önümçiligi (bukkero – gara reňkli gaplar), sowda ösüpdir.

Etrusk mazarlaryndan müsür gaplary, sfinks şekillendirilen düýeguşuň ýumurtgalary, pil süňkünden ýasalan zatlar, Siriýadan, Kiprden getirilen altyn we kümüş gaplar, grek gara we gyzyl şekilli wazalary, Baltika kenaryndan getirilen ýantar monjuklar tapylypdyr. Hojaýynlar jaýlananda olaryň gullaryny ölýänçä uruşdyrmak däbi bolupdyr. Etruriýanyň günrtasynda Tarkwinleriň urugy öňe saýlanypdyr. Olar soňra Rimde hem dolandyrypdyrlar. Etrusklarda maşgalada aýallaryň orny ýokary bolupdyr. Ýazgylarda etrusklar kakasynyň ady bilen ejesiniň adyny bile görkezipdirler.

Etrusklar 3 sany 12 şäheriň bileleşigini döredipdirler. Etruriýadaky 12 şäher billeşiginiň merkezi Wolsiniýa şäheri bolupdyr.

Etrusklar ökde deňizçiler bolupdyrlar. Olar Gündogar bilen söwdada grekleriň araçyllygyny ýok etmek üçin b.e.öň VI asyrda Korsika, Sardiniýa adalarynyň gündogar kenarlaryny, Kampaniýanyň kenarýakalaryny eýeläp koloniýalaşdyrypdyrlar. Bu ýerde Kapuýeniň baştutanlygynda etrusk şäherleriniň(Nola, Gerkulanum, Pompeýa…) bileleşigini döredipdirler. Greklere garşy göreşde etrusklara Karfagen kömek edipdir.

B.e.öň VI asyrda etrusk şäherleri has ýokary göterilende bolsa, olar b.e.öň 524-nji ýylda Kompaniýada we Lasiýada, 474-nji ýylda bolsa Kumynyň ýanynda deňiz söweşinde ýeňlip, täsirini ýetiripdirler. Şondan soň etrusk şäherlerine keltler çozup giripdirler. Etrusklaryň Italiýada agalygynyň ýykylmagyna olaryň içerki gowşaklygy, agzalalyklary, şäherleriň arasynda aragatnaşyklaryň gowşaklygy we özara bäsleşikleri, grek-pars uruşlary netijesinde ykdysadyýetiň zyýan çekmegi sebäp bolupdyr.

Rim şäheri Lasiýada, Tibriň aşak akymynda ýerleşýär. Onuň dörän wagty b.e.öň 754-753-nji ýyllar töweregi hasaplanylýar. Şäher Palatin, Eskwilen, Seliý, Kapitoliý we beýleki baýyrlyklarda emele gelipdir. Lasiýanyň iň gadymy rowaýatlaryna görä, bu ýer her hili gelmişekleri (gahrymanlary) özüne çekipdir. Şolaryň biri-de troýaly bosgunlara baştutan bolup gelen troýa gahrymany Eneýdir. Ony ýerli patyşa Latyn mähirli garşy alypdyr. Eneý onuň gyzy Lawiniýa öýlenip, soňra onuň ady dakylan şäheri gurupdyr. Latyn ölensoň Eneý patyşa olupdyr. Latynyň halky bilen troýalylar irleşip, latyn halky diýen ady alypdyrlar. Eneýiň ogly Askaniý-Ýul Lasiýanyň tokaýlyk ýerinde täze şäher Alba-Longany döredip, ol ýerde patyşa bolupdyr. Onuň nesillerine Silwiýalar (Tokaýlylar) diýlipdir. Alba-Longanyň 14-nji patyşasy Numitory zalym dogany Amuliý agdarypdyr. Onuň gyzy Reýa Silwiýany bolsa tagta we durmuşa çykmaz ýaly aýal hudaý Westanyň aýal žresi edipdir. Ýöne Reýanyň ýanyna hudaý Mars gelipdir we onuň Romil we Rem atly ekizleri dünýä inipdir. Amuliý çagalary sebede salyp, Tibre zyňmagy buýrupdyr. Sebet kenara çykypdyr. Çagalary ilki möjek, soňra patyşanyň çopany Faustul bakypdyr. Oglanlar güýçli we owadan bolup ýetişipdirler we özleriniň gelip çykyşyny bilipdirler. Olar oşun ýygnap, Tibriň ýanyndaky Palatin baýrynda öz şäherini esaslandyrypdyrlar. Ýöne doganlar tersleşip, Romul Remi öldüripdir. Romil şäheriniň ilkinji patyşasy bolupdyr. Şonda Rimiň ähli ilaty Romil dostlary – ýaş ýigitler ekeni. Goňşy şäheriniň ýaşaýjylary olary ýigrenipdirler we gyzlaryny ermändirler. Şonda Romul mekizlige ýüz urup, Neptunanyň hormatyna baýramçylyk gurapdyr we oňa goňşy sabinleri maşgalalary bilen toýa çagyrypdyr. Baýramçylyk gyzyşan mahaly Romulyň yşarat etmegi bilen, onuň ýigitleri sabinli gyzlary ogurlap başlapdyrlar. Ogurlanan gyzlar atalary bilen älerini ýaraşdyrypdyrlar. Rimliler we sabinlerbir jemagaty irleşip, olara rimli Romul we sabinli Tit Tasiý patyşa bolupdyr.

Rowaýata görä ikinji patyşa sabinli Num Pompiliý bolup, ol dini durmuşy tertipleşdiripdir we hünärmentleriň toparlaryny döredipdir. Üçünji patyşa Tull Gostiliý Alba-Longany ýumrup, ilatyny Rime göçüripdir. Dördünji patyşa Ank Marsiý latynlar bilen üstünlikli uruşlar edip, olaryň köpüsini rim raýatlygyna girizipdir. Tibrde köpri gurup, onuň deňze guýýan ýerinde Ostiýa koloniýasyny döredipdir. Soňra bäşinji patyşa Etruriýaly kese ýerli Tarkwiniý Gadymy bolupdyr. Onuň döwründe Rim gaýtadan gurlupdyr. Ony öldüripdirler. Soňra onuň aýaly öz özünde terbiýelenen gyrnagyň ogly Serwiý Tullýni tagta çykarypdyr. Serwiý, Tulliý goranyş diwaryny gurdurypdyr. Täze goşun döredipdir we özgerdişler geçiripdir. Ýöne ony öz giýewi öldürip, Tarkwiniý Tekepdir ady bilen tagta çykypdyr. Ýedinji patyşa tiran ýaly dolandyrany üçin, şäherden kowlupdyr we Rimde Respublika berkarar edilipdir.

Alymlar uzak waglap Rimiň iň gadymy taryhyny taslama hasaplapdyrlar. Ýöne arheologik barlaglar rowaýatlarda berilýän köp maglumatlary tassyklapdyr. Rimiň 7 baýyrlygynyň käbirlerinde latynlar, beýlekilerinde sabinler ýaşapdyrlar. Palatin we Weliýa baýyrlarynda jesetler otlanýar eken. Lasiýanyň beýleki ýerlerinde hem şeýdilipdir. Eskwilin, Wiminal, Kwirinal baýyrlarynda bolsa, sabinleriňki ýaly, agaç tabytda jaýlapdyrlar. Soňra bu baýyrlaryň laty bir jemagata birleşipdirler. Kapitaliý baýrynda hemmeler üçin umumy gala gurlupdyr. Bu birleşmeklik Romul bilen baglanyşdyryp, patyşalyk döwrüniň başlagyjy hasaplanylýar.

5. Patyşalyk döwrüniň başynda Rimiň halky (Populus) üç taýpadan (tisiýler (sabinler), ramnylar (latynlar), luserler (etrusklar)) durupdyr. Şol wagtky rim jemgyýetiniň ikinji bir elementi 30 sany kuriýa bolupdyr. Kuriýa – bu urşujy-erkekleriň bileleşmesi bolup, olaryň hersi 100 pyýada, 10 atly urşujy bermeli ekeni.

Rim jemgyýetinde ilki 100, soňra 300 urug (gens) olupdyr.

Garyndaşlyk urugyň esaslandyryjysynyň adyny göteripdirler. Meselem, Ýuliýleriň urugy Askaniý-Ýuldan gelip çykypdyr. Urugyň näçe adamdan durýandygyny göz öňüne getirmek üçin şu mysala ýüzlenmek bolar: b.e.öň V asyryň başynda Kremer derýasynyň ýanyndaky söweşde Fabiýlerden 306 urşujy wepat bolupdyr.

Rim senat, komisiýalar we patyşa tarapyndan dolandyrylypdyr. Senat ilki 100, soňra 300 sany urug kethudalarynyň maslahaty bolupdyr. Senat “Seneks” sözünden bolup, latynça “ýaşuly, goja” diýen manyny aňladypdyr. Komisiýalar latynça ýygnanyşyk diýen manyny aňladypdyr. Bu kuriýler oýunça erkek-urşujylaryň ýygnagy bolup, oňa kuriý komisiýalary diýlipdir. Komisiýalarda hary serdar, ýokary ruhany we kazy wezipelerini ýerine ýetirjek patyşany (reks) saýlapdyrlar. Her urugyň ýaşulusy senata, ýagny, atalaryň maslahatyna (patres) giripdirler. Şonuň üçinem uruglardan bolan ähli rimliler patrisiler bolupdyrlar.

Hojalygyň ösmegi, uruşlaryň ýygjamlaşmagy, ilatyň köpelmegi bilen goňşujylyk jemagatlary emele gelipdir. Uruglaryň içinde ýere hususy eýeçilik döräpdir. Baý we tanymal maşgalalar ýüze çykyp başlapdyr. Garyp düşen garyndaşlary olaryň howandarlygyna geçipdirler we kliýentler bolupdyrlar. Howandarlyk edýänlere bolsapatronlar diýipdirler. Patron öz kliýentine ýer bölüp bermäge, sudda goramaga borçly bolupdyr. Kliýentler bolsa patronyň söweşjeň goşunyny düzüpdirler.

Ösüp barýan Rim şäheri basylyp alnan ilatyň we meýletin gelmişekleriň hasabyna giňelipdir. Ilki olar üç tribiň birine goşulýan ekenler. Ýöne soň olara girmek mümkin bolmandyr we göçüp gelenler kuriý komisiýalaryna we senata gatnaşyp bilmändirler. Olaryň sany çalt artypdyr, şonuň üçinem olara plebs (plere-doldurmak) diýip başlapdyrlar.

Plebeýlerem patrisiler ýaly uly maşgalalar bolup ýaşapdyrlar. Olar umumy ýerden peýdalanyp bilmändirler. Olaryň öýüniň ýanynda kiçiräk ýeri bolupdyr. Mal bakmaga mümkinçilikleri ýok ekeni. Plebeýler, esasanam, hünärmentçilik we söwda ilen meşgullanypdyrlar. Olar hukuksyzdyklary üçin özlerine patron gözläpdirler we kliýentlere öwrülip, ýer we patronyň adyny alypdyrlar.

6. Patyşalar öz käkiniýetni güýçlendirmäge çalşypdyrlar. Olar basylyp alnan ýerleri has erkin ulanypdyrlar. Serwiý Tulliý rim ýerlerini 21 bölege bölüpdir. Olara triler diýlip, 4-si şäher, 17-si oba ýerleri ekeni. Serwiý Tulliý garyplar bilen baýlaryň arasynda ýerleri gaýtadan paýlapdyr hem diýýärler.

Serwiý Tulliý Rimiň ähli erkek ilatyny emläk ýagdaýy boýunça 6 topara bölüpdir. 1 topara 100müň mis ass möçberinde emläge olanlar, 2-ä – 75 müň, 3-ä – 50 müň, 4-ä – 25 müň, 5-ä – 11,5 müň ass emläkli erkekler giripdir. 6 toparyň bolsa öz neslinden başga baýlygy bolmandyr (protes).

Her topar birnäçe senturiý (ýüz) goşun bermeli eken. 1-nji topar – 80 senturiý agyr ýaraglanan pyýada, 18 senturiý atly oşun, jemi 98 senturiý; 2-nji – 22; 3-nji – 20; 4-nji – 22; 5-nji – 30 senturiý ýeňil ýaraglanan we 6-njy topar hem 1 senturiý, jemi 193 senturiý goşun beripdirler.

Senturiý düzgüni esasynda halk ýygnangynyň täze görnüşi – senturiý komisiýalary döredilipdir. Ses bermek senturler boýunça geçipdir. 1-nji topara 98 senturiý degişlidigi üçin, meseleler iň baý rimliler tarapyndan çözülipdir. Olaryň arasynda patrisler hem, pleeýler hem bolupdyr.

Şeýlelikde plebeýler hem populusa goşulyp bilipdirler. Senturiý komisiýalaryna ähli möhüm meseleler geçirilipdir. Kuriý komisiýalary bolsa, esasan urug din meselesi bilen baglanyşykly işlere seredipdir.

Rimiň soňky patyşasy Tarkwiniý Superb senaty häkimiýetden çetleşdirip, ýeke özi dolandyrypdyr. Urug begzadalaryny, senatorlary repressiýa edipdir. Ony b.e.öň 510-njy ýylda Rimden kowupdyrlar. Ol Etruriýa gaçyp gidipdir we etrusk patyşasy Porsenanyň kömegi bilen gaýtadan Rimde häkimiýetini dikeltmäge çalşypdyr. B.e.öň 509-njy ýylda rimlileriň garşysyna durup bilmän Porsena yza çekilipdir. Rimde patyşa häkimiýeti ýatyrylypdyr. Şäheri dolandyrmagy patrisiler öz ellerine alypdyrlar. Bu saýlawly dolandyryşa “Umumy iş” (res publika) diýipdirler.

Mowzuk: Rim döwleti b.e.öň VI-III asyrlarda.

Meýilnama:

1. Irki respublika döwründe Italiýanyň oba hojalygy, hünärmentçilik we söwda.

2. Plebeýleriň patrisilere garşy göreşi.

3. Irki Rim respublikasynyň döwlet gurluşy.

4. Irki rim medeniýeti.

1. Italiýanyň irki respublika döwründe iň ösen welaýatlary Etruriýa we Kampaniýa bolupdyr. II orunda baý grek şäher koloniýalary bolan Günorta Italiýa durupdyr. Şol wagtlar Lasiýa we Rim şäheri ösen goňşulary etrusklardan we greklerden yza galypdyrlar. Merkezi Italiýada ýaşaýan taýpalar ilkidurmuş gatnaşyklarynyň dargaýan ýagdaýynda ýerleşipdirler.

Apennin ýarym adasynyň ilatynyň esasy köpçüligi ekerançylyk bilen meşgullanypdyr. Etruriýada we Apuliýada toprak dykyz we gaty bolany üçin, ony agyr demir azal bilen, ýumşak topraklary ýeňil demirli azal bilen işläp bejeripdirler. Üzüm agajy Italiýada gadymdan bäri mälim ekeni. Grekler ýerli üzümçiligi kämilleşdirip, Günorta Italiýanyň baýyrlyklaryny üzüm baglaryna öwrüpdirler. Kompaniýa we günorta Italiýa çakyry Apennin ýarym adasynda meşhur bolupdyr we hat-da Gresiýa hem çykarylypdyr. Grekler Italiýa Zeýtun ösdürip ýetişdirmekligi hem ornaşdyrypdyrlar.

Italiýanyň ýerleriniň 20%-I düzlük bolup, galan ýerlerinde baýyrlyklar we daglyklar agdyklyk edipdir. Ol ýerlerde goýun, geçi, at, öküzler ösdürilipdir. Ýerleriň bir bölegi döwlet eýeçiligi bolup, ol jemgyýetçilik meýdany ( ager publikus) hasaplanypdyr. Ony döwlete biraz kärende tölegini töläp eýelemek (okkupare-eýelemek) bolupdyr. Bu hukukdan oatrisiler peýdalanypdyrlar. Plebeýler muňa garşy çykypdyrlar we ol ýerleriň özlerine peýdalanyp berilmegi ugrunda VI-III asyryň dowamynda göreşipdirler.

B.e.öň IV-III asyrlarda bularyň talaplary belli bir derejede kanagatlanypdyr. Ýere hususy eýeçilik güýçlenip, gadymy jemagat eýeçiligi ýitip başlapdyr. B.e.öň VI-V asyrlarda Etrusk şäherlerinde hünärmentçilik we şowda güýçli ösüpdir. Muňa gazylyp alynýan demir magdany, mis, toýun, gurluşyk daşy, gämi gurluşyk agaçlary ýardam edipdir. Bürünçden ýasalan harby enjamlar giň ýaýrapdyr.

Hünärmentçiligiň iň ösen pudagy keramika önümçiligi bolup, dürli gap-gaçlar, küýze önümleri, suw geçiriji turbalar, çeperisa, gurluşyk we binagärlik enjamlary, çig kerpiç, adam jaýlanýan gaplar, ýagtylgyçlar ýaly önümler ýasalypdyr. Aýratynam etrusklaryň relief bezegli gara lak çalnan “bukkero” gaplary meşhur bolupdyr. Dokmaçylyk hünäri guýçli ösmändir. Rim Lasiýanyň iri hünärmençilik merkezi bolupdyr. Rimiň legendary patyşasy Numa Pompileý 8 sany hünärmentçilik berleşmelerini (fleýtaçylar, altyndan zat ýasalanlar, misgärler, agaç ussalary, boýagçylar, aýakgap ussalary…) döredipdir. B.e.öň VI-III asyrlarda ownuk ussahanalarda hojaýynyň özi, onuň maşgala agzalary we birnäçe guly işläpdirler.

B.e.öň VI-III asyrlarda Italiýada daşarky we içerki söwda gatnaşyklary ösüpdir. Bezeg zatlary, demir we metal önümleri, keramika, galla, çakyr, Zeýtun ýagy haryt hökmünde çykarylypdyr. Etruriýanyň bugdaýy Rime we latyn şäherlerine, Beýik Gresiýanyň Zeýtun ýagy Lasiýa we Etruriýa äkidilipdir. Gresiýa Italiýadan esasan, oba hojalyk önümleri äkidilipdir we hünärmentçlik onümleri getirilipdir. Italiýanyň ýer üsti gury ýer boýunça ýük daşamagy kynlaşdyrypdyr we söwda, esasan suw ýollary arkaly alnyp barlypdyr.

Rimde Etruriýadan Kampaniýa barýan köp ýollar kesişipdir. Tibr boýunça umbrlaryň ýurduna baryp bolupdyr. Ol ýerde her dokuzynjy gün söwda edilipdir. Şol günlere “nundinler” diýlipdir. Her ýýlda bir gezek ýarmarka geçirilipdir.

Italiýadaky grek koloniýalary we etrusklar Balkan Gresiýasy, Kiçi Aziýa, Siriýa, Keltler bilen söwda edipdirler. B.e.öň IV asyrda Rim hem deňiz söwdasyna goşulypdyr. Ol Tibrin deňze guýýan ýerinde Ostriýa portuny eseslandyrypdyr. Kartogen Rim bilen 3 sany söwda şertnamasyny we baglaşypdyr. B.e.öň VI asyrda Italiýanyň günortasyndaky we Sisiliýadaky grek şäherleri kümüş teňňeleri zikgeläpdirler. Ilkinji etrusk teňňeleri b.e.öň V asyryň ahyrynda peýda bolupdyr.

Rimde ilkinji teňneler şekilsiz misden bolup, agramy 273 grama deň ekeni. Olara agyr ass diýlipdir. B.e.öň IV asyrda olarda haýwan şekilleri (öküz, doňuz, bürgüt…) peýda bolupdyr. Has ýeňil we amatly kümüş teňňeler Rimde b.e.öň III asyrda Zikgelenip başlanypdyr. Rimde esasy pullar bürünç ass, kümüş sestersiý, kümüş denariý bolupdyr.

2. B.e.öňki V-VII asyrlarda rim plebsi gatlaklara bölünipdir. Olaryň arasynda söwda – hünärmentçilik begzadalary aýlanyp çykypdyr. Beýleki tarapdan bolsa, emläksiz plebeýleriň sany artypdyr. Plebeýler ykdysady we syýasy taýdan patrisiler bilen deň hukuklar almak ugrunda uzaga çeken göreş alyp barypdyrlar. Plebeýler esasy üç talaby öňe sürüpdirler:

1. plebeýlere ýer paýlaryny bermek;

2. bergidarlyk sebäpli baknaçylygy ýatyrmak, süýthorçylyk göterimini peseltmek;

3. syýasy deňhukuklylyk, ýagny ýygnaklara gatnaşmak we döwlet wezipelerine saýlanmak.

B.e.öň VI asyryň ortalaryna çenli plebeýlere hat-da goşunda gulluk etmegi hem ynanmandyrlar. Ýöne soň olary goşuna almaga zerurulyk döräp, alyp başlapdyrlar. Plebeýleri goşuna almak Serwiý Tulliniň özgerdişleri bilen berkidilipdir.

B.e.öň V asyryň başlarynda plebeýler goşunyň esasy bölegi bolupdyrlar. Olar mundane peýdalanyp, öz hukuklary üçin göreşipdirler. Olar Rimden çykyp gidip başga şäher döretmek howpuny salypdyrlar. B.e.öň 494-nji ýýlda ekwler bilen uruş wagtynda olar öz talaplaryny öňe sürüp, keramatly daga gidipdirler. Patrisiler goşunyň gowşamagyndan gorkup, ýeňillikler girizipdirler. Halk tribuny patrisileriň magistratlarynyň kararlaryny “weto” (gadagan edýärin) diýip, ýatyryp bilipdir. Halk tribunlary ilki 2 , soň 4, has gijräk 10-a ýetipdir.

Plebeýler bilen patrisileriň arasyndaky göreş dartgynly bolupdyr. Haçan-da Spuriý Kassiý b.e.öň 486-njy ýylda gerniklerden başlap alnan ýerleri plebeýlere paýlap bermegi teklip eden-de, ony patyşa bolmaga synanyşyk etmekde aýyplap, öldüripdirler.

B.e.öň 454-nji ýýlda halk tribuny Isiliniň teklibi bilen Awentindäki (Rimiň eteginde) ýerleri has garyp raýatlara paýlap beripdirler.

B.e.öň V asyryň ortalarynda suduň kararlaryny ýazga geçirmek üçin 10 adamdan ybarat “deremwirleriň” komissiýasyny döredipdirler. Olar kanunlaryň ýazgysyny işläp düzýän wagtlary özlerine berlen häkimiýeti öz bähbitleri üçin ulanyp, plebeýleriň gaharyny getiripdirler. Netijede b.e.öň 449-njy ýylda plebeýleriň sesesiýasy – Keramatly daga gitmegi bolupdyr. Patrisiler eglijik etmeli bolupdyrlar. Kanunlar ýazgysy çap edilipdir. Olar XII sany mis tagtanyň (doskanyň) ýüzüne ýazylyp Rimdäki forumda goýlupdyr.

“XII tablisa Kanunlarynda” patrisileriň we plebeýleriň, patronlaryň we kliýentleriň, erkin adamlaryň we gullaryň hukuklarynyň tapawutlary görkezilýär.

Plebeýler üçin süýthorçylyk göterimi peseldilipdir.. plebeýler bilen patrisileriň nikasy gadagan edipdir. Kliýentlik düzgüni berkidilipdir. Şol ýylda (b.e.öň 449-njy ýýl) konsullar Waleriý we Gorasiý plebeýleriň bähbidine üç kanun girizipdirler:

1. Halk tribunynyň şahsyýetine eldegirmesizlik;

2. Patrisiý magiňtratlary tarapyndan ölüme ýa-da ten jezasyna hokum edilen rim raýatynyň halk ýygnagyna ýüz tutup bilmegi.

3. Plebeýleriň ýygnagynyň kararlarynyň patrisiler üçinem hökmany bolan kanuny güýje eýe bolmagy.

Senat Rimiň döwlet durmuşynda uly orun tutupdyr. Kanunlar ilki senat tarapyndan seredilip, soň halk ýýgnagynyň garamagyna geçirilipdir. Halk ýygnagynda kabul edilen kanun senat tarapyndan tassyklanansoň güýje giripdir. Senat halk ýygnagyna gözegçilik edipdir we işini ugrukdyrypdyr. Wezipelere saýlanan magistratlar senata hasabat beripdirler we oňa bagly bolupdyrlar. B.e.öňki IV asyrdan başlap, senatyň düzümi gulluk möhletini dolduran magistratlardan emele gelipdir. Senaty mejlise diňe ýokary magistratlar bolan diktatorlar, konsullar, pretorlar çagyryp bilipdirler. Senatda kabul edilen kararlara senatus ýa-da dekret diýipdirler.

Rimde ýerine ýetiriji häkimiýet wezipeli adamlara magistratlara degişli bolupdyr. Magistratlar bolan konsullar, pretorlar, eiller, kwestorlar bir ýyl möhlet bilen saýlanypdyr. Respublikanbyň ilkinji ýyllarynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň başynda bir sany ýokary magistrat – pretor (öňden barýan) durupdyr. Onuň orunbasaryna kwestor diýlipdir. Plebeýleriň I gezek Keramatly daga gitmeginden soň, halk tribuny we olaryň kömekçisi bolan plebeý edilleri wezipeleri döredilipdir. Pretoryň ýeke özüniň ýerine ýetiriji häkimiýete baştutanlyk etmegi onuň häkimiýeti eýelemek howpuny salýandygy üçin, b.e.öň V asyryň ortasynda olary iki sany saýlapdyrlar. Olar biri-biri bilen maslahatlaşmaly ekenler. Olary konsullar (konsulo-maslahatlaşýaryn) diýip atlandyrypdyrlar. Soňra 2 adamdan ybarat senzorlaryň wezipesi döredilipdir. Olary öňki konsullardan saýlapdyrlar. Senzorlar rim raýatlaryny emlägine görä toparlara bölüp, senatorlaryň täze sanawyny düzmeli ekenler. Pretorlara bolsa sud häkimiýeti berlipdir. Rim magistraturalarynyň ulgamy b.e.öň IV asyryň II ýarymynda gutarnykly görnüşe gelipdir. Rim konstitusiýasy boýunça ähli magistraturalar kärdeşleriň toparyndan ybarat bolup, 2 konsul, 2 pretor, 4edil, 10 halk tribuny, 4 kwestor bar ekeni. Magistratyň borçlaryny ýerine ýetirmek iş däl-de hormat hasaplanypdyr. Şonuň üçinem olara hak tölenmändir. Tersine olaryň özleri wezipeleresaýlanmak we ýerine ýetirmek üçin köp çykdajy etmeli bolupdyrlar. Konsullar, senzorlar, pretorar ýokary magistratlar hasaplanypdyrlar. Konsullar goşuna baştutanlyk edipdirler, ýokary raýat häkimiýetini amala aşyrypdyrlar. Pretorlar sud häkimiýetini ýerine ýetiripdirler. Halk tribunlary bolsa magistratlaryň kararlary babatda “Weto” hukugyna eýe bolupdyrlar. Olaryň kanun taslamalaryny girizmäge, tribut komissiýalaryny çagyrmaga, hat-da magistraty tussag edip, senatyň kararyna garşylyk görkezmäge haky bolupdyr. Halk tribunynyň şahsyýeti mukaddes we eldegrilmesiz hasaplanypdyr. Oňa dil ýetiren adam jezalandyryldyr. Halk tribunlary 10 sany bolandygy üçin häkimiýetlerini biri-birine garşy gönükdirip bilipdirlar. Olaryň häkimiýeti diňe Rim şäheriniň işinde ýöräpdir.

Edilleriň borçlary şäherde tertip-düzgüne seretmek, şäheriň abadanlygy, azyk barada alada etmek, jemgyýetçilik oýunlaryny guramak bolupdyr. Kwestorlar gazna gözegçilik edipdirler, harby ýörişlerde konsullaryň ýanynda gidipdirler, ýesirleri we harby oljany satmaga ygtyýar edipdirler.

Adatdan daşary ýagdaý (agyr uruş, gozgalaňlar, plebeýleriň Rimden gitmegi) ýüze çykanda dictator we onuň orunbasary bolan atly goşunyň baştutany saýlanypdyr. Diktatora ähli wezipeli adamlar boýun egipdirler. Ýöne diktatora 6 aýdan kö häkimiýet başynda durmak rugsat edilmändir.

6. Rimiň irki medeniýeti ýerli, latyn medeniýetiniň esasynda ösüpdir. Ýöne

oňa has ösen medeniýetli grekleriň we etrusklaryň täsiri ýetipdir.rimliler latyn dilinde gürläpdirler we öz dilini grek, sabin, etrusk dilleriniň sözleri bilen baýlaşdyrypdyrlar. Iň gadymy latyn ýazgysy b.e.öň VII asyryň ahyryna degişlidir. Latyn elipbiýi grek elipbiýiniň esasynda döräpdir. B.eöň IV asyrda ony Appiý Klawdiý özgermelere sezewar edipdir we latyn elipbiýi kämil görnüşe eýe bolupdyr.

Rimliler dini goraýyşlary ýönekeý ekeni, Rimliler -kapitoliý möjegine, samnitler – öküze, pisenler – daşdeşene…çokunypdyrlar. Olarda totemizm, fetişzm, aminizm düşünjeleri bolupdyr. Olar dürli hudaýlara hem ynanypdyrlar. Ýupiter we Mars-latynlaryň, Kwirin – sabinleriň taýpa hudaýy ekeni. Ýöne soňra olar umumyrim hudaýlary derejesine çykyp, harby häsiýete eýe bolupdyrlar. Ýupiter, Ýunona, Minewa hudaýlaryna Kapitoliýde sežde edilipdir. Awentinde bolsa plebeýleriň hudaýlarynyň üçlügi – Serera, Liber, Libera döräpdir. Söwdanyň ösmegi bilen Merkuriý (greklerde Germes) peýda bolupdyr.

Rimliler öz hudaýlaryny aýdyň göz öňüne getirmändirler we mifologiýa döretmändirler. Rimde epiki poemalar hem bolmandyr. Olaryň şahyrana döredijiligi dogalar, aýatlar, atalar sözleri ýaly görnüşde ýüze çykypdyr. Bu arssa italiýa ölçeglerindäki halk poeziýasy bolup, hudaý Saturnyň ady boýunça saturniki şygyrlar diýip at alypdyr. Drama hem örän gadymy bolup, oba baýramçylyklaryndan, şol sanda Saturnaliýlerden gözbaşyny alyp gaýdýar.

B.e.öň IV asyrda Rimde etrusk nusgasy buýunça sahna oýünlary girizilipdir. Rimde ýýl ýazgylary-annallar hem döräp başlapdyr. Ol ýazgylar taryhy kyssa görnüşinde döräp başlan edebiýat bolupdyr. Dilden aýdylýan döredijilik has giň ýaýrapdyr.

Respublika gurluşynyň döremegi bilen oratorlyk sungaty ösüpdir. Senatorlaryň senatda, wezipeli adamlaryň komissiýalarda çykyş etmegi üçin, olaryň bilimli bolmagy we öz sözlän sözi bilen diňleýjileri ynandyryp bilmegi gerek bolupdyr. B.e.öň IV asyrda ajaýyp orator Appiý Klawdiý sek bolupdyr.

Medeniýetiň möhüm taraplarynyň birem hukuk döredijiligi bolupdyr. Döwlet ýok mahaly adat hukugy boýunça rimlileriň durmuşy kadalaşdyrylypdyr. Soňra hukuk kadalary işlenip düzülipdir. Hukuk çeşmeleri bolup, adat hukugy patyşa kanunlary, komissiýalaryň Kabul eden kanunlary hyzmat edipdir.

B.e.öň IV asyryň I ýarymynda şäher pretorlarynyň wezipesi döredilip, olar kanunlary düşündiripdirler. Rimiň döräninden b.e.öň IV asyryň ahyryna çenli aralyk arhaik hukuk döwri hasaplanylýar.

Mowzuk: Rimiň Italiýany basyp almagy we rim-italiýa birleşmesiniň emele gelmegi.

Meýilnama.

1. Rimiň basybalyjylykly-daşary syýasaty.

2. Samnit uruşlary.

3. Günorta Italiýanyň basyplyp alynmagy.

1. Rim döwletiniň emele gelmegi ilatyň köpelmegi we ýeriniň artmagy bilen baglylykda alnyp barlypdyr. Sabinler, wolsklar, latynlar, etrusklar bilen uruşlar ediplipdir. Rimiň soňky patyşalary döwründe Lasiýanyň günorta bölegi, Tibriň deňze guýýan ýerleri, şol sanda duz çykarylýan ýerlerem eýelenipdir. Şol döwürde rimliler Tibriň sag kenaryny eýeläp bilmändirler, ýöne derýada köpri gurupdyrlar. Rimiň basyp alan ýerlerinde harby-ekerançylyk häsiýetli koloniýalar esaslandyrylyp, olar geljekki basybalyşlar üçin daýanç bolup hyzmat edipdirler. Ilki başda Rim 30 sany latyn şäheriniň bileleşigine giripdir. Ýöne patyşalyk döwrüniň ahyrynda ol Lasiýada agalyk ediji ýagdaýa geçip ugrapdyr.

B.e.öň VI asyryň ahyrynda ýagdaý üýtgäpdir. Tarkwiniý Tekepbir kowlansoň, etnisklar Porsenanyň baştutanlygynda Rimi gabapdyrlar. Ýöne Rime latynlar we kompaniýaly grekler kömege gelip, olary ýeňipdirler.

Ýöne soň rimliler bilen latynlaryň arasy bozulyp I Latyn urşy turupdyr. Uruş b.e.öň 493-nji ýylda ýaraşyk bilen tamamlanypdyr.

Şol wagtlar latynlarda 8 şäheriň bileleşigi bolup, oňa ýygnanyşylýan ýeriň ady boýunça Arisiý bileleşigi diýlipdir. Rim hem şoňa giripdir. Olar Wolskilara, ekwylara, sainlere garşy uruşlar alyp barypdyrlar.

B.e.öň IV asyrda Rim etrusklaryň kuwwatly şäheri Weýany basyp alypdyr we Rimde ýene-de 4 sany rtib köpelipdir.

Rimlileriň mundan beýläkde basyp alyşlary saklanypdyr. Keltler ýa-da gallar oňa çozupdyrlar.

B.e.öň VI asyrda olaryň birnäçe taýpasy Dunaýyň jülgelerini taşlap, Po derýasynyň jülgesinde ornaşypdyrlar. Ol ýere şondan soň Siralpin Galliýasy diýlip at berlipdir. Gallar bu ýerde öz galasyny we Mediolan (Milan) şaherini döredipdirler.

B.e.öň 390-njy ýylda Etrusiýa çozupdyrlar. Etrusklar Rim bilen bileleşip, gallar bilen urşupdyrlar. Rimliler ýeňlipdir. Gallar Rimi alypdyrlar we ýakypdyrlar. Diňe Kapitaliý rimlileriň elinde galypdyr. Kapitoliýdäki rimlileri gazlar halas edipdir diýen gürrüň hem saklanyp galypdyr.

Rime beýleki taýpalar hem çozupdyrlar. Rim gowşapdyr we latyn bileleşigi dargapdyr. Diňe Tuskul şäheri Rim bilen dostlukly gatnaşykda galypdyr. Gallaryň çozuşlaryndan goranmak üçin b.e.öň 358-nji ýylda rim-latyn bileleşigi gaýtadan dikeldilipdir. Oňa orta Italiýanyň başga halkyýetleri hem goşulypdyrlar. Olara daýanyp, Rim wolsklary we etrusklary gysypdyr.

Rimiň halkara abraýy ösüpdir. Rim-latyn bileleşiginden başga-da Orta Italiýanyň daglyk böleginde samnit taýpalarynyň bileleşigi hem bolupdyr. B.e.öň 354-nji ýylda Rim samnitler bilen dostlukly şertnama baglaşypdyr. Soňra Etruriýanyň şäherleri bilen gowy gatnaşyklar ýola goýulypdyr. B.e.öň 348-nji ýylda Kartaşen bilen II söwda ylalaşygy baglaşylypdyr.

B.e.öň IV asyryň ortalarynda Rim Italiýada güýçli döwlete öwrülipdir.

2. Rimiň ýerleri giňelende bolsa, daýhanlara ýer ýetmezçiligi dowam edipdir. Garyplaryň emläk ýagdaýyny gowulandyrmagyň iki ýoly bolupdyr:

1. Döwlet ýerlerini eýelemegiň hasabyna.

2. Koloniýalara göçürmek.

B.e.öň IV asyryň II ýarymy – III asyryň I ýarymy täze ýerleri basyp almak Rimiň daşary syýasatynyň esasy ugry hasaplanypdyr. Rimiň koloniýalary döretmek işi hem üstünlikli geçipdir.

Rim Lasiýanyň günortasynda berk ornaşansoň, Kampaniýa oňa goňşy bolup çykypdyr. Samnit bileleşigi emele gelensoň, olar b.e.öň IV asyryň ortasynda Kampaniýa zor salmagy güýçlendiripdirler. B.e.öň 343-nji ýylda samnitler Kapuýa şäherine çozupdyr. Kampaniýalylar ýeňlipdirler, olary Kapuýada gabapdyrlar. Şeýle agyr ýagdaýda olar goňşusy Rimden kömek sorapdyrlar. Rimliler samnitlere garşy uruşmagy karar edipdirler.

I Samnit urşy b.e.öň 343-nji ýýllarda bolup, rimlileriň ýeňmegi we Kampaniýada agalygyny bekitmegi ilen tamamlanypdyr.

Rimiň güýçlenmegi kampaniýalalylary we latynlary ynjalykdan gaçyrypdyr. Arisiýa ileleşigi rim konsullarynyň birini we senatyň ýarysyny latynlardan saýlamagy talap edipdir. Rmlileriň bu talaby zet etmegi II Latyn urşuna (b.e.öň 340-338ý) getirýär. Harby hereketler Kampaniýada bolup geçipdir. Swessanyň ýanyndaky söweşde latynlar we kampaniýalylar ýeňlipdirler. Latynlar, kampaniýalylar, wolsklar öz ýerleriniň uly bölegini rimlilere bermeli bolupdyrlar.

Arisiýa bileleşigi ýatyrylypdyr. Rim şondan soň aýry-ýry şäherler bilen ylalaşyk baglaşypdyr. Olara uruş wagtynda özleriniň eýelän pozisiýalaryna görä şertnamanyň şertleri dakylypdyr. II Latyn urşundan soň Rimiň daşary syýasaty “Agzyny alart-da höküm sür” diýen jümlä laýyk gelipdir.

Kapuýany basyp alansoň, rimliler Neapoldaky içerki göreşe gatyşypdyrlar. Netijede II Samnit urşy (b.e.öň 327-304ý) bolupdyr. Ýerli begzadalaryň dönükligi rimlilere Neopoly eýelemäge we onuň bilen ylalaşyk baglaşmaga mümkinçilik beripdir. Soňra olar daglyk Samniý ýerleeine aralaşyp (b.e.öň 321ý), samnitlere ýesir düşüpdirler. Samnitler konsullaryň we hary tribunlaryň baştutanlygyndaky rim goşunyny masgaralapdyrlar we kemsidipdirler. Şondan birnäçe ýyldan soň rimliler özüni dürsäpdirler. Olar harby düzgünlerini daglyk ýerde amatly bolar ýaly üýtgedipdirler. Oşuny has ownuk toparlara bölüpdirler.

B.e.öň 304-nji ýylda samnitler rimlilerden ýaraşyk baglaşmagy sorapdyrlar. Kampan şäherleri, Fusin kölüniň kenaryndaky Sabell taýpalary Rmiň golastyna duşüpdir. Rimiň ýerleri 4 trib artypdyr.

Tiz wagtdan rimlilere täze howp abanypdyr. Demirgazyk Italiýa Alp daglarynyň aňyrsyndan allaryň täze akymy gelip, sizalpin gallary bilen birleşipdirler. Olar Rime tarap gönügipdirler. Ýolda Etruriýadan geçenlerinde etrusklar Rime garşy herekete goşulypdyrlar. Rimiň agyr ýagdaýa duşeninden peýdalanmak üçin, samnitler Lukaniýada ornaşyp başlapdyrlar. Bu bolsa III Samnit urşunyň (b.e.ön 298-290ý) bolmagyna getiripdir. Samniýada uly uruş hereketleri bolmandyr. Ýöne demirgazykda gallar ýene-de Umbriýanyň üsti bilen Rime çozupdyrlar. Olara etrusklar ilen samnitlerem oşulypdyrlar. Olaryňky ilki şowuna olupdyr. Ýöne b.e.öň 296-njy ýylda rimliler garşydaşlaryna güýçli zarba urupdyrlar. Gallar demirgazyga çekilipdirler, samnitler bolsa, Rim bilen ýaraşyk aşlaşmaly bolupdyrlar. Samnit ileleşigi ýok edilipdir. Ýerleriniň bir bölegi Rime geçipdir.

Gallara garşy uruşlar netijesinde b.e.öň 283-nji ýylda rimliler Etruriýada, Umbriýada, Pisende ornaşypdyrlar.

3. B.e.öň III asyrda Günorta Italiýada apullaryň, lukanlaryň, bruttileriň taýpalary grek şäherleriniň üstüne çozupdyrlar. Grek şäherlerinde agzybirlik bolmandyr. Furiý şäheri lukanlara garşy durup bilmän, Rime ýüz tutupdyr. Rimliler lukanlary yza serpikdirensoň, Furiýni ýarymadanyň günortasyna täsirini ýetirmek üçin daýanç hökmünde ulanypdyrlar. Rim gämileri Tarent buhtasyna girende tarentliler gämileriniň bir bölegini vgark edipdirler, soňra bolsa Furiýden rim goşunyny kowupdyrlar. Beýik Gresiýanyň öz goşuny bolman, hakynatutmalary peýdalanýan ekeniler. Tarent epir patyşaň Pirri kömege çagyrypdyr. Ol b.e.öň 280-nji ýylda Gerakleýada, 279-njy ýylda bolsa Auskulyň ýanynda rimlileri ýeňipdir. Ýöne onuň ikinji ýeňşi uly ýitgiler bilen gazanylypdyr. Pirr şeýle diýipdir: “Ýene-de bir şeýle ýeňiş bolaýsa, biz gutarnykly heläk bolarys”.

Pirriň ýagdaýy ýaramazlaşypdyr. Rim kartagen vbilen harby ylalaşyk baglaşypdyr. Pirr Tarentde goşun galdyryp, galan goşuny bilen Sisiliýanyň çakylygy boýunça, Kartagene garşy göreşmek üçin gidipdir. Ol ýerde kartagenlileri basyp alan ýerlerinde çykarypdyr we Afrika ýöriş etmäge taýýarlanypdyr. Ýöne ol gowy syýasatçy bolmandyr. Pirr sisiliýalylary kemsidipdir. Şonuň üçinem Sisiliýanyň grek şäherleri ony ýigrenip, karbagenliler bilen oňa garşy çykypdyrlar. Pirr Italiýa dolanypdyr. B.e.öň 275-nji ýylda Malewentum (“erbet howa”) diýen ýerde soweş bolup, Maniý Kuriý Dentatyň rim goşunlary Pirriň goşunlaryny derbi-dagyn edipdirler. Rim senaty bu ýeňşiň hormatyna Malewentumy Benewentum (“gowy howa”) diýip özgerdipdirler. Pirr Gresiýa gaýdyp gelip, Peloponnesi eýelemek uçin alyp baran köçe söweşleriniň birinde wepat bolupdyr. Onuň Tarentde galdyran goşuny Rime boýun egipdir. Şondan soň Rim Lukaniýany we Bruttini hem boýun egdiripdir.

Apennin ýarym adasynda Rimden garaşsyz diňe etrusklaryň Wolsiniý şäheri bolup, ol b.e.öň 265-nji ýylda boýun egdirilipdir.

B.e.öň VI-III asyrlarda Italiýada taýpalaryň we şaherleriň özara göreşinde Rimiň ýeňiji bolup çykmagynyň birnäçe sebäpleri bolupdyr.

Rim Italiýanyň merkezinde, göni gatnawly derýanyň boýunda, duz çykarylýan ýerlere ýakyn ýerde amatly ýerleşip, ykdysady taýdan çalt ösüpdir. Söwda alyş-çalyş bilen birlikde medeni aragatnaşyklary giňelipdir, daş-töweregi çalt öwrenipdir.

Durmuş-jemgyýetçilik hem Rimde plebeýleriň patrisilere garşy göreşinde gazanýan üstünlikleri onuň basybalyjylykly syýasatynyň güýçlenmegine ýardam edipdir.

Harby-tehniki taýdan hem Rimiň derejesi goňşularynyňkydan ýokary bolupdyr.

Rimiň garşydaşlarynyň arasynda bitewilik bolmandyr. Olaryň guralyşy gowşak bolupdyr. Rimiň Italiýany basyp almagy bilen merkezleşen döwlet emele gelmändir. Rim polis bolup galypdyr. Ol uruşlaryň gidişinde basylyp alnan ýerler bilen bileleşigiň dürli görnüşdäki ulgamyny döredipdir. Şeýlelikde rim-italiýa bileleşmesi emele gelipdir. Lasiýanyň gadymy polisleri b.e.öň 388-nji ýyldan bäri öz-özüni dolandyryş hukugyna eýe bolup, rim raýatlygynyň doly hukuklaryna eýe bolupdyrlar. Rimiň deňizýaka koloniýalary hem şol ýagdaýda bolupdyrlar. Olar ýokary derejeli minisipiler (minus-borçlulyk) bolupdyrlar we rim raýatlarynyň ähli borçlaryny ýerine ýetiripdirler.

Latyn, awrunk, etrusk şäherleri özbaşdak dolandyrylypdyr, ýöne olaryň ses bermäge hukugy bolmandyrlar.

Bulardan aşakda Kapuýa, Kumy ýaly şäherler durupdyrlar. Olaryň dolandyryşy Rimden oberilen prefektiň gözegçiliginde bolupdyr. Ilaty ses bermäge hukuksyz raýaty hasaplanypdyr. Galan jemagatlar bileleşikdeşler hasaplanypdyrlar. Rim-italiýa bileleşigine girýänleriň ählisi üçin umumy zat, ol hem bularyň özbaşdak daşary syýasat ýöretmek hukugyny ýitirmegi, Rime ýarag, goşun, gämi, ýer bermeli bolandyklarydyr.

Rim-italiýa birleşmesiniň emele gelmegi Italiýanyň dürli etraplarynyň ykdysady we medeni taýdan ýakynlaşmagyna ýardam edipdir.

Mowzuk: Rimiň Karfagen bilen Ortaýer deňziniň günbataryny eýelemek ugrundaky göreşi.

Meýilnama:

1.Krafagen I Puni urşunyň öň ýanynda.

2.I Puni urşy.

3.Rim I Puni urşundan soň.

4.II Puni urşy.

5.Puni uruşlarynyň ykdysady we syýasy netijeleri.

1. Apennin ýarym adasynyň günortasyny boýun egdirensoň, Rimiň araçäkleri Messin bogazyna çenli giňelipdir. Sisiliýadaky grek koloniýalary b.e.öň IV-III asyrlarda gülläp ösüpdirler. Şonuň uçinem Karfagen bilen Rim ony eýelemegiň arzuwynda ekinleri Karfagen Sisiliýanyň günbatarynda Lilibeý, Drepanu, Panorm şäherlerini esaslandyryp berk ornaşypdyr.

Rim hem sisiliýa işlerine goşulyp başlapdyr. Ortaýer deňziniň günbatarynda güýçli döwlet bolmak bilen, Karfagen Sisiliýany öz täsir ediş zolagy hasaplapdyr.

Rim bilen Karfageniň arasyndaky gatnaşyklar b.e.öň 264-nji ýyla çenli parahatçylykly ekeni. Basybalyjylykly hereketleri b.e.öň 272-nji ýylda ilki Karfagen başlapdyr. Ol rimliler, Tarenti gabaýan mahaly, şäheri eýelemäge synanyşypdyr. Ýöne Tarent begzadalary şäheri rimlilere beripdirler. Karfagen ötünç soramaly bolupdyr. Ýöne Rim bilen Karfageniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar düýbünden ýok bolupdyr.

2. Tiz wagtdan açyk harby hereketler üçin mümkinçilik döräpdir. Messamlylar Sirakuza garşy uruşda kömek bermegi Rimden haýyş edipdirler. Rimliler gelip, sirakuzylaryň we karfagenlileriň Mesanadaky gabawyny aýrypdyrlar. Ilki Karfageniň, soňra Sirakuzynyň gury ýer goşunyny derbi-dagyn edipdirler. Olar Sirakuzynyň tirany Giýerony ýaraşyk baglaşmaga we rim-italiýa bileleşigine girmäge mejbur edipdirler. B.e.öň 262-nji ýylda rim goşuny karfagenlileriň güýçli gala öwren Akragant şäherine gönügip, alty aý gabawdan soň ony alypdyrlar. Karfagen goşunlary günbatardaky Panorm, Lilibeý, Drepana şäherlerine çekilipdirler.

Karfageniň floty Sisiliýada we Apennin ýarym adasynda rimlilere düýpli zyýan ýetiripdirler. Rim bileleşigiň ähli serişdelerini peýdalanyp b.e.öň 260-njy ýylda 120 harby gämili flot döredipdir. Karfagenliler meşhur deňizde ýüzüjiler bolupdyrlar.

Ilkinji çaknyşykda (b.e.öň 260-njy ýylda Zipar adalarynyň ýanynda) karfagenliler ýenipdirler. Şondan soň Milynyň ýanynda bolan söweşde rimliler karfagen flotuny derbi-dagyn edipdirler. Olar abozdaş çeňňekleri we köpçulikleri ulanypdyrlar.

Soňra rimliler uruş hereketlerini karfagene geçirmekçi bolupdyrlar. Karfagenliler olaryň Afrika barmagyna päsgel bermek üçin Sisiliýanyň günorta kenaryndaky Ekn burnunyň ýanynda rimliler bilen çaknyşypdyrlar. Ýöne rimliler olary ýeňip, Karfagene baryp düşüpdirler we ownuk şäherleri, obalary boýun egdirip, Karfageniň özüni gabapdyrlar. Rimlileriň ýeňşe bolan ynamy ýokary bolup, goşunyň ýarysyny we flotuň uly bölegini ýzyna çagyrypdyrlar. Karfagenliler ýaraşyk soranlarynda konsul Atiliý Regul agyr şertleri hödürläpdir. Karfagenliler ahyryna çenli göreşmegi karar edipdirler. Olar goşuny artdyryp, oňa baştutanlyk etmek üçin spartaly ökde serkerde Ksantippi çagyrypdyrlar. Ksantipp gyşyň dowamynda bitertip goşuny gowy tälim berlen goşuna öwürýär. Ýazky söweş möwzüminde Ksantipp rimliler derbi-dagyn edip, konsul Reguly ýesir alypdyr. Rimiň kömege gelýän floty hem tupan turup, heläkçilige uçrapdyr.

Uruş hereketleri ýene-de Sisiliýa geçipdir, urşuň II döwri (b.e.öň 255-242ý) başlanypdyr. Ýeňiş kä Rime, käte-de Karfagene degişli bolupdyr. B.e.öň 254-nji ýylda Rimliler Panorm şäheri eýeläpdirler. Ýöne geljek ýylda güýçli tupan bolup, rim flotuny ýok edipdir.

Gury ýerde uruş hereketleri Lilibeýiň töwereginde bolup geçipdir. Rimliler ony gabapdyrlar. Ýöne olar şähere deňiz tarapdan kömek berilmegine päsgel berip bilmändirler. Rim flotuna Drepanynyň ýanynda Karfageniň flotuny ýeňmek başartmandyr. B.e.öň 248-nji ýylda ýene-de rim floty tupanda heläk bolupdyr. Karfagen gämileri deňizde arkaýyn ýüzüpdirler. Karfagtniň Sisiliýadaky baş serkerdesi Gamillar Barka üstünlikli hereket edip, hat-da Apennin ýarym adasynyň kenarzlaryna hem batyrgaý çozuşlar edipdir.

Rimliler baý raýatlara adatdan daşary salgyt salmagyň hasabyna 200 sany bäşpalubaly gämi gurupdyrlar.

B.e.öň 241-nji ýýlda rimliler Egat adalarynyň ýanynda Karfagen gämilerini çym-pytrak edipdirler. Lilileý we Drepany galalary gabalypdyr.

Karfogen ýaraşyk baglaşmagy soapdyr. Ýaraşygyň şertleri boýunça Karfogenliler Sisiliýadan çykmaly we 3200 talant kümüs (84 t.golaý) harby töleg tölemeli, rimli ýesirleri boşatmaly bolupdyrlar.

Rimliler soňra Karfogene degişli bolan Sardiniýa we Korsika adalaryny, eýeläp, ol ýerde ilkinji rim wezlaýatlaryny döredipdirler. Rim Günbatar Ortaýer deňiz sebitinde iň güýçli döwlete öwrülipdir.

3.Rim plebsi syýasy deňhukuklylyk we jemgyýetçilik durmuşyna gatnaşmaga mümkinçilik alansoň, döwletde möhüm orun tutup başlapdyr. Halk ýygnagy bolan tribut komissiýalary Rimiň daşary syýasatyny kesgitläp ugrapdyrlar, senat bolsa ähmiýetini ýitirip başlapdyr. Halk ýygnagy has işjeň daşary syýasatynyň tarapdaryb bolupdyr. Sebäbi rim plebsi basylyp alnan ýerleriň hasabyna öz işlerini düzetmek isläpdirler. Uruş yglan edende, harby flot döretmeli bolanda, ýaraşyk şertleri girizilende halk ýygnagy uly täsir edipdir. Plebsiň hereketine Rimde Gaý Flamini Nepot baştuxtanlyk edipdir. Ol b.e.öň 232-nji ýylda, senatyň garşylygyna garamazdan, komissiýalaryň goldawyna daýanyp, möhüm kanuny geçirdipdir. Piseniý demirgazyk ýerleri ownuk bölekelere bölünip, garyp plebeýlere paýlanyp berlipdir. Gaý Flaminiý plebsiň içinde ägirt uly meşhurlyga eýe bolupdyr. Senatyň ony ýigrenýändigine garamazdan ony 2 gezek konsul, 1 gezek hem senzor saýlapdyrlar.

Halk ntribuny Klawdiý Gaý Flamininiň täsiri bilen senatorlara söwda gämilerini edinmegi gadagan edýän kanuny girizipdir.

Flaminiý plebsiň we atlylaryň goldawyna daýanyp, demirgazykda keltleriň ornaşan ýerlerini basyp almak pikirini öňe sürüpdir. Bu bir tarapdan rim daýhanlary üçin ýer edinmäge mümkinçilik, beýleki tarapdan keltleriň Rim respublikasyna salýan howpuny ýok etmek üçin zerur bolupdyr.

B.e.öň 232-nji ýýlda Alp daglarynyň ikitarapyndaky gallar birleşip, gall ýerlerinde rimlileriň koloniýalar döredýändiklerinden närazy bolup, Rime golaýlapdyrlar. Ýöne olar gabalyp ýok edilipdir. Rimliler bu üstünligi ösdürip, Po derýasyna çenli bolan ýerdleri eýeläpdirler. B.e.öň 223-nji ýylda olar Po derýasyndan geçip, keltleriň insubr taýpalarynyň ýerlerine çozup giripdirler. Plasensiý söweşinde olary rimliler ýeňipdirler we b.e.öň 222-nji ýýlda esasy şäheri Medolnay Zabt edip alypdyrlar. B.e.öň 220-nji ýylda rimliler basylyp alnan ýere barýan daş düşelen Flaminiý ýoluny geçiripdirler. Plasensiýde we Kremonda koloniýa döredip, gülläp ösýän şähere öwrüpdirler.

4. I Puni urşunda güýçden gaçan hem bolsa, Karfogen ruhdan düşmändir. Ol harby tölegi çalt töläp, ýene-de urşa taýýarlyk görüp başlapdyr. Ar almak hyjuwy bolan harby partiýa I Puni urşunyň gahrymany, serkerde we inçe diplomat Gamikar Barka baştutanlyk edipdir. Gamilkaryň Kuwwatyna göriplik edýän, Rim bilen parahatçylykly gatnaşyklaryň tarapdary bolan beýleki bir topar hem bolupdyr. Ýöne onuň syýasy ähmiýeti uly bolmandyr.

Gamilkar rimlileriň Karfogeniň öz ýerinde uruş alyp barmakçy bolýandygyna gowy düşünipdir. Eger şeýle bolaýsa, Karfogen Rime olja boljakdy. Sebäbi onuň Karfogen we Utika şäherlerinden başga berkidilen şäheri her ýokdy. Diňe duşmanyň gowşak ýerinden hüjüm edip, üstünlik gazanyp boljakdy. Rimiň Italiýada iň gowşak ýeri Sizalpin Golliýasy bolupdyr. Gamilkar Rime gury ýol arkaly Iberiýadan çozmagy niýet edipdir. Ol b.e.öň 237-nji ýylda Iberiýa ugrapdyr. Gamilkar we onuň oruntutarlary Ebro derýasyndan günortada ýerleşen ýerleriň uly bölegini güýç we diplomatiýa arkaly eýeläpdirler. Güýçli berkidilen Täze Karfogen şäherini esaslandyrypdyrlar. Gamilkar Barka iberler bilen bolan söweşde wepat bolupdyr. Onuň işini giýew Gastrubal dowam edipdir. Ýöne Gastrubal hem iberler bilen söweşde wepat bolupdyr. Şondan soň Karfogen goşunlary Gamilkar Barkanyň uly ogly Gannibaly (247-183ý) Serdar diýip jar edipdir.

Gannibal golaýda keltler bilen bolan uruşda Rim gowşandyr öýdüp, harby hereketleri başlamagy karar edipdir. Ol b.e.öň 219-njy ýylda Rimiň arkadagy Sagunt şäherini eýeläpdir (Iberiýanyň gündogar kenarynda). Bu bolsa Rim bilen uruşmaga bahana bolupdyr.

B.e.öň 218-nji ýylda bolsa, Gannibal kakasynyň meýilnamalaryny amala aşyrmak üçin goşunyny Italiýa äkidipdir. Rimliler ony saklamaga çalşypdyrlar, ýöne başa barmandyr. Gannibal Ispaniýadan Italiýa geçmegiň taryhda görülmedik nusgasyny görkezipdir. Gannibalyň ýörişi maksadyna ýetipdir, ýöne gymmat düşüpdir. Goşunyň uly bölegi gyrlypdyr.

Knosul PubliýSspion Gannibala garşy Tisin derýasynyň boýunda söweş edip, ýeňlipdir. Ol Plasensiý şäherine çekilip, täze gelen goşunlar bilen birleşipdir. B.e.öň 218-nji ýylyň gyşynda Gannibal bu rim goşunyny Trebiý derýasyndan geçmekçi bolanda duýdansyz üstüni basyp, derbi-dagyn edipdir. Rime garşy Sizalpin Galliýasy gozgalaňy turzup, Gannibal Demirgazyk Italiýany eýeläpdirler. 218-217-nji ýyllaryň gyşynda ol keltlerden 60 müň pyýada we 4000 atly täze goşun döredipdir we karfogen goşunyna goşupdyr. Gannibal Merkezi Italiýa girmegi we boýun egdirilen italikleri aýaga galdyryp, Rimi basyp almagy karar edipdir.

Rimde b.e.öň 217-nji ýylda meşhur Gaý Flaminini konsul saýlapdyrlar. Ol rim goşuny bilen Gannibaly saklamak üçin Apenniniň geçelgelerini eýeläpdir. Ýöne Gannibal onuň ýerleşen ýeriniň daşyndan aýlanyp geçip, rim goşunynyň tylynda peýda bolupdyr we Rime howp salypdyr. Flaminiý paýtagty goramak üçin, karfogenlileriň yzyndan howlukmaç ýola düşüpdir. Gannibal Frazimen kölüniň kenaryndaky ýolda duýdansyz dökülip, rim goşunyny gabapdyr we derbi-dagyn edipdir. Flaminiý wepat bolupdyr.

Howply ýagdaý emele gelensoň, rimliler parasatly goja, tejribeli we seresaply Fabiý Maksim diktator saýlapdyrlar. Gannibal Rime gitmän, Apuliýa baryp, goşunyna dynç beripdir. Fabiý Maksim uly söweşden gaça durupdyr. Ol karfogen goşunynyň yzy bilen hereket edip, ownuk çaknyşyklarda onuň güýjüni kem-kemden gaçyrypdyr. Gannibalyň ýagdaýý ýaramazlaşyp ugrapdyr. Fabiniň haýal-ýagallygy we ownuk ýer eýeleriniň tozmagy Rimde närazylyk döredip başlapdyr. Halk ýygnagy aýgytly hereketleri talap edipdir. B.e.öň 216-njy ýylda tejribeli serkerde Lusiý Emiliý Rwel we aýgytly hereketleriň tarapdary Gaý Ferensiý Warron konsul saýlanypdyrlar. Olaryň 80 müň pyýada we 6-7 müň atly goşuny bolup, Kanny diýen ýerjagazda b.e.öň 216-njy ýylyň tomsunda Gannibalyň goşuny bilen duşyşypdyrlar gannibalyň 40 müň pyýada, 14 müň atly goşuny bolupdyr. Gannibal keltleriň has gowşak goşunyny ortada saýlama goşunlary gapdallarda ýerleşdiripdir. Rimliler öňe çykyp duran karfogen goşunynyň merkezini gysyp, näçe öňe hereket etdigiçe, şonçada iki gapdaldaky goşunlaryň ortasyna gabalypdyr. Karfogeniň atly goşunlary Rimiň atly goşunyny serpikdirip, gabawy tamamlapdyrlar. Daşy gabalan rimliler gysylyp, biri-birine päsgel berip başlapdyrlar. Tizden söweş ýumruklaşma geçipdir. Rimlileriň köpüsi öldürilipdir we ýesir alnypdyr. Kanny söweşi az sanly goşun tarapyndan köp sanly goşuny doly gabamagyň we ýok etmegiň nusgawyň nusgawy hasaplanýar.

Pultorhyň maglumatlaryna görä, şondan soň Gannibal bütin Italiýany diýen ýaly ele alypdyr. Köp taýpalar, Rimden soň II şäher bolan Kapuýa hem meýletin boýun egipdir. Gannibal b.e.öň 215-nji ýýlda makedon patyşasy Filipp V-ni Italiýa çozmaga yrypdyr. Ýöne rimliler diplomatik ýol bilen onuň öňüni alyp bilipdirler. Olar Etoliýa bileleşigini Makedoniýa garşy göreşe itekläpdirler. Şonuň üçinem Filipp V Gresiýada uruşmaly bolupdyr. Rim goşunyna Fabiý Maksimi we Klawdiý Marselli baştutan belläpdirler. Olar goşuny birnäçe bölege bölüpdirler. Goşunyň bir bölegi Gannibally Italiýada gabamaly, onuň hereketine päsgel bermeli ekeni, beýleki bölegi Sisiliýa iberilipdir, üçünji goşun bölümi Iberiýa iberilip, ol ýerde Gannibalyň dogany Gastrubalyň baştutanlygyndaky karfogen goşunlaryny baglamalydy. Kem-kemden Gannibalyň esasy bazalary bilen aragatnaşyklary kesilipdir. Italiýaly goşuny hem ýok edilipdir.

Rimliler Sisiliýany basyp alyp, Gannibaly Karfogenden kesipdirler. (b.e.öň 211 ý).

Ýöne Gannibal hem Rime birnäçe Zarba urupdyr. B.e.öň 214-nji ýylda Apuliýanyň ýanynda Fulwiniň goşunlaryny, b.e.öň 212-nji ýýlzda Kanuziýanyň ýanynda Marselliniň goşunyny ýok edipdir. Tarenti alyp, Günorta Italiýany tozdurypdyr.

Iberiýadaky Karfogeniň goşunlary Ebro derýasynyň boýunda rim goşunyny derbi-dagyn edipdir.

B.e.öň 211-nji ýylda Gannibalyň tarapyna geçen Kapuýa şäherini rimliler basyp alypdyrlar. Ol Gannibalyň esasy daýanjy ekeni. Kapuýa gabalan mahaly ony gabawdan çykarmak üçin Gannibal Rime ýöriş edipdir. Rimiň ilaty howsala düşüpdir. Ýöne Gannibal ony gabap bilmändir. Rimliler bolsa Kapuýany tiz wagtdan eýeläpdirler.

B.e.oň 210-njy ýylda ýaş harby serkerde Publiý Korneliý Ssipionyň baştutanlygynda Ispaniýa täze rim goşuny iberilipdir. Ol Täze Karfogeni eýeläpdir. Gastrubal Gannizbala birleşmek üçin Italiýa ugrapdyr.

Fabiý Maksim b.e.öň 209-njy ýylzda Gannibal üçin möhüm bolan Tarenti eýeläpdir. Gannibal b.e.öň 208-nji ýylda rim konnuslary Klawdiý Marselli we Kwinksiý Krispini ýok edipdir. Ýöne umumy ýagdaý üýtgemändir. Sisiliýa we Iberiýa ýitirilipdir. Gannibalyň goşuny azalypdyr. Gastrubalyň goşuny hem b.e.öň 207-nji Matowr derýasynyň boýunda ýok edilipdir. Gannibal Italiýanyň günortasynda gabalypdyr.

Fubliý Korneliý Ispaniýadan gelensoň, uruş hereketlerini Afrika geçirmegi teklip edipdir. Ol şeýdip Gannibaly Italiýadan çykmaga mejbur etmekçi bolupdyr. B.e. öň 204-nji ýýlda Ssipion öz goşunlary bilen Afrikanyň kenarlaryna düşüpdir. Karfogeniň häkimiýetleri Gannibaly Italiýadan çagyrypdyrlar. Uly söweşleriň birinde hem ýeňilmedik Gannibal Italiýany terk edipdir. Ssipion b.e.öň 203-nji ýylda karfogen goşunyny ýeňipdir. B.e.öň 202-nji ýylda bolsa Zama şäheriniň ýanyndaky söweşde ýeňilmezek Gannibal duşuşypdyr. Rimlilere arkadaşy numidiýalylar uly kömek edipdir. Zama söweşinde Karfogen ýeňlipdir. Gannibal Karfogen şäherine barypdyr we häkimiýetlere islendik şertlerde ýaraşyk baglaşmagy teklip edipdir. Mundan beýläk uruşmak Karfogen şäheriniň hem ýok edilmegine getirjekdi. B.e.öň 201-nji ýylda Karfogen boýun egipdir.

Ýaraşygyň şertine görä, Karfogen ähli basyp alan ýerlerini, flotyny ýitirip, onuň ýerleri şäheriň töweregi bilen çäklenipdir. Oňa Rimden rugsatsyz uruş alyp barmak gadagan edilipdir. Karfogen Rime 50 ýylyň dowamynda 10 müň talant harby töleg tölemeli bolupdyr.

5.

II Puni urşy rim-italiýa bileleşiginiň berkliginiň synagy bolupdyr. Uruşdan soň Rim Gannibalyň tarapyna geçen arkadaşlarynyň ýerlerini alypdyr. Şäherleriniň şäher hukuklaryny kesipdir, ilatyna ýarag götermegi gadagan edipdir. Uruşda köp daýhanlar wepat bolup, olaryň ýerleri tozupdyr. Jezalandyrylan italikleriň üçden birden üçden ikä çenli ýerleriniň alynmagynyň hasabyna döwlet ýerleri artypdyr.

Gannibal bilen uruşda Rimiň ýeňiş gazanmagynyň halkara ähmiýeti hem uludyr. Rim Ortaýer deňziniň günbatarynda iň güýçli döwlete öwrülensoň, öz nazaryny gündogara (ellin dünýäsine) dikipdir.

Rim birnäçe täze ýerler (Sisiliýa, Sardiniýa, Karsika, Iberiýa, Demirgazyk Italiýa, Numidiýa patyşalygy, Massaliýa) edinipdir. Rimliler Iberiýany Ispaniýa diýip atlandyrypdyrlar. Basylyp alnan ýerler welaýatlara öwrülipdir. Olary dolandyrmagy möhleti dolan magistratlar amala aşyrypdyrlar (Prokonsullar, propretorlar, prokwestorlar).

Mowzuk: Rimiň Ortaýer deňziniň gündogaryny basyp almagy.

1. B.e.öň III asyrda ellinçilik döwletleriň ýagdaýy.

2. Makedoniýa we Siriýa garşy uruşlar.

3. III Puni urşy Karfogeniň weýran edilmegi.

1. II Puni urşundan soň Rim respublikasy ellinçilik döwletler babatda hem işjeň syýasat ýöredip başlapdyr. Şol wagtlar gündoxgarda iki sany uly we güýçli ellinçilik döwlet – Selewkidler döwleti we Makedoniýa agdyklyk edipdir. Ellinçilik döwletlere garşy göreşde Rim olaryň özara bäsdeşligini we grekler bilen oňşuksyzlygyny peýdalandy. Rimiň gündogara ýöriş etmeginiň birnäçe sebäpleri bolupdyr. Şu döwre çenli Rimiň ykdysadyýeti çalt depginler bilen ösüp başlapdyr. Ykdysadyýetde haryt önümçiligi ösüpdir. Munuň üçin köp çig mal, çykdajy talap edilipdir. Gul edinmek, basylyp alnan ýerleriň baýlyklaryny almak uruşlaryň baş maksady bolupdyr. Ilki Illeriýa basylyp alynýar. Rim illeriýa kenarlaryny eýelemek bilen Balkan ýarym adasynyň günbatar bölegindäki birnäçe grek şäherdlerinde öz syýasy täsirini berkidipdir.

Makedoniýanyň Adriatik deňzine çykalgasy kesilipdir. B.e.öň III asyrda ellin döwletleri umumy pese dümek ýagdaýyny başdan geçiripdir.

2. B.e.öň 200-197-nji ýyllarda II Makedon urşy bolupdyr. Urşy Rim başlapdyr. Ilki rimliler uruş hereketlerini haýal alyp barypdyrlar. Bir az soňra bolsa, olar öz tarapyna Aheý we Etoliýn bileleşiklerini çekipdirler. Biziň eýyamymyzdan öňki 198-nji ýýlda Rim goşunlaryna täze serkerde Tit Kwinsksiý Flaminin bellenilýär. Ol aýgytly hereket edipdir we biziň eýyamymyzdan ozalky 197-nji ýylda Kinoketal diýen ýerde Makedon goşunlaryny ýeňipdir. Filipp ýaraşyk 8 arapdyr we uruş tamamlanypdyr. Makedoniýa öz ýerlerinden daşardaky ýerlerini elden gidiripdir. Harby flotuny Rime bermeli bolupdyr. 5 müňden artyk goşun saklamak gadagan edilipdir, müň talant tölemeli edilipdir. Şeýlelikde II Makedon urşunda Makedoniýa mazaly gowşapdyr. Rim ähli grekler azat diýip aldawa salyp, özi basyp alypdyr. Uruş tamamlansada Rim öz goşunlaryny Gresiýadan äkitmändir, olar grekleriň içerki işlerine goşulyp ugrapdyrlar. Aýry-aýry şäherlerde demokratiýany ýykyp, oligarhiýany dikeldipdirler, käbir polisleriň araçäklerini özleriçe kesgitläp, goşun ýerleşdiripdirler. Gresiýada rimliler öz häkimiýetini güýçlendirýän döwründe Gündogarda Antion III işjeňleşipdir. Antioh III Günorta Siriýany eýýam basyp alypdy. Soňra Kiçi Aziýanyň Günorta – Günbatar ýerleri Egeý deňzinden Gündogara geçilýän birnäçe ýerleri hatda Frakiýada hem birnäçe ýerleri basypaldy. Rodos, Pergam we beýleki grek şäherleri Antioh III garşy urşa başlaýarlar olar Rimden kömek sorapdyrlar. Rim Antiohdan urşy bes etmegi talap edipdir. Emma Antioh Rimiň abraýynyň gaçmagyna esaslanyp Rime goşun düşüripdir. Rimliler biziň eýýamymyzdan öňki 191-nji ýylda Fermopilde Antiohy derbi-dagyn edipdir, deňizde hem Rim floty üstün çykypdyr. Biziň eýýamymyzdan öňki 188-nji ýylda ýaraşyk baglaşyp Antioh III Tawrdan Demirgazykda ýerleşen Ýewropa we Aziýa ýerlerinden el çekmeli bolupdyr. Söweşiji pillerini Rime bermeli bolupdyr, flotunda 10 gämiden artyk saklamak gadagan edilipdir. 15 müň talant kümüş harby töleg tölemäge mejbur bolupdyr. Anrioh III köşgünde gaçyp atalga tapan Gannibaly bermekligi rimliler talap edipdir. Muny eşidip Gannibal Siriýadan gaçýar. Tiz wagtdan Rimiň esasy duşmanlary Antioh III we Gannibal ölýär. Gannibal Siriýadan Ermenistana soň Witiniýa baran eken. Witiniýanyň patyşasynyň özüni Rime bermekçi bolýandygyny bilen wagty (biziň eýýamymyzdan öňki 183ý) zäher içip ölüpdir.

III Makedon urşy (biziň eýýamymyzdan öňki 171-1684) netijesinde erkin daýhanlaryň sany azalypdyr, şäherler boşapdyr. Makedon begzadalarynyň bir bölegi Rime tarap ýykgyn edipdir. Ýöne ilatyň demokratik gatlaklary Rimiň täsirinden we ýerli begzadalaryň Rim paraz syýasatyndan närazy bolupdyrlar. Mundan peýdalanyp Filipp V-ň ogly Perseý Antirim bileleşigini döretmegi karar edipdir. Ol köpçüligi özüne çekmek üçin bergileri ýatyrmagy, ähli jenaýatkärleriň günälerini geçmegi wada beripdir. Ýöne Perseý Rime garşy bileleşik döredip bilmändir. Biziň eýýamymyzdan öňki 171-nji ýylda III Makedon urşy başlanyp, diňe odrisleriň Patyşasy Makedoniýanyň ynamdar arkadaşy bolupdyr. Biziň eýyamymyzdan öňki 168 –nji ýylda Pidne diýen ýerde Makedon goşuny ýeňilipdir. Perseý gaçypdyr. Ýöne soňra rimlileriň eline düşüpdir we ýesirlikde ölüpdir.

III Makedon urşunyň netijesinde Makedoniýa dört sany özbaşdak bölege bölünipdir we Rime salgyt tölemäge mejbur bolupdyr. Şondan soň Rim grekler bilen gatnaşyklaryny özgerdipdir. Öň Gresiýa arkadaş höküminde garalan bolsa, indi Makedon urşunda Perseýe kömek bereni üçin Aheý soýuzyny dargadypdyr. Biziň eýýamymyzdan öňki 146-njy ýylda koriptyň baştutanlygynda grekler Rime garşy urşa başlapdyrlar. Korint ýeňilipdir we ýumrulypdyr, onuň sungat eserleriniň birnäçesiniň Rime äkidlipdir. Gresiýa Aheýa ady bilen Rim welaýatyna öwrülipdir (b.e.öň 146 y). Şeýlelikde Gresiýa, Makedoniýa Rimiň ol astyna düşüpdir. Afiny bilen Sparta rimlileriň grek sungatyna we ylmyna hormat goýýandyklary üçin aýratyn hukuklardan peýdalanypdyrlar.

III. Karfogen ýaşamagyny dowam edýärdi. Ol ykdysady, söwda, harby taýdan Rime howp salmaýardy. Şonda rimliler Gannibalyň Italiýa ýörişini ýatdan çykarmandyklary üçin Karfogeni ýok etmegi niýet edinipdirler. Ýazyjy Senzor Mark Porsiý Katon biziň eýýamymyzdan öňki 153-nji ýylda Karfogene baryp gören wagty onuň ykdysady ýagdaýynyň gowulaşandygyny görüp haýran galypdyr. Karfogen oba hojalygyny ösdürmeklige uly üns beripdir. Ýag we çakyr öndürilişini artdyrypdyr. Hünärmentçilik ösüpdir. Ýerli taýpalar bilen söwda gatnaşyklary alnyp barlypdyr. Katon Karfogeni ýok etmek üçin çäreler görmegi senatdan talap edipdir. Ol ähli çykyşlary: “Karfogen ýok edilmelidir” diýen jümle bilen tamamlapdyr. Biziň eýýamymyzdan öňki 149-njy ýylda Rimiň barlamagy bilen III Puni urşy barlapdyr. Urşuň bahanasy bolup Numidiýanyň we Karfogeniň arasyndaky dawa hyzmat edipdir. Rim senaty Karfogeni biziň eýýamymyzdan öňki 201-nji ýyldaky ýaraşygyň şertlerini ýerine ýetirmezlikde aýyplapdyr. Karfogenliler islendik şertler bilen ýaraşyk baglaşmaga razy bolupdyrlar. Olar Rimiň talap etmegi bilen ýaraglaryny bermelidirler, rimlileriň talaby bilen karfogenliler şäherden çykyp 15 kilometr uzakda ýerleşmelidiler. Ikinji şert karfogenlileri kanagatlandyrmaýar, şonuň üçin olar ahyryna çenli söweşmegi maksat edinipdirler. Olar gullary azatlyga goýberipdirler. Ýarag öndüripdirler, şäheri berkidipdirler. Azyk, suw üpjünçiligini gowulandyrypdyr-lar. Rimliler şäheri gabapdyrlar. Biziň eýýamymyzdan öňki 149-147-nji ýyllar aralykda ony alyp bilmändirler. Ahyry Afrika konsul Publiý Korneliý Ssipion Emilian gelipdir. Ol Karfageni doly gabapdyr ony meýdan uruşlarynda ýok edipdir. Biziň eýýamymyzdan öňki 146-njy ýylyň tomsunda Karfogeni zalt edip almaga başlapdyr her bir öý üçin 6 gün söweş edipdir. 50 müň karfogenli Rime boýun egipdir. Olary gulçulyga satypdyrlar. Şäher talanypdyr we ýakylypdyr. Karfogene degişli talan ýerler Rimiň Afrika welaýatyna öwrülipdir.

Mowzuk: B.e.öň II-I asyrlarda Rimiň durmuş – ykdysady gurluşy.

MEÝILNAMA

1. B.e.öň II-I asyrlarda Rimiň ykdysadyýeti.

2. Nusgawy gulçulyk. Gullaryň gozgalaňlary.

3. Agrar özgerdişler ugrundaky sosial göreşler. Tiberiý we Gaý Grakhlar.

1. B.e.öň II-I asyrlarda Italiuýanyň oba hojalygynyň ýagdaýy barada rim ýazyjylary Katonyň we Warronyň oba hojalygy hakynda ýörite ýazan işlerinden köp maglumatlar alynýar.

Italiýanyň oba hojalygy ýokary göterilipdir. Üzümçilik, zeýtunçylyk, miweçilik ösdürilipdir. Gresiýadan, Kiçi Aziýadan. Afrikadan üzümiň, miweli agaçlaryň täze sortlary getirlip ekilipdir. Ýerlere gowy ideg edilipdir. Bugdaýyň gowy sortlary, künji, kenep ýaly täze ekinler ekilipdir. Ýörite tejribeçilik mülkleri döredilipdir. Agaçlary pudamak, sapmak işleri geçirilipdir. Italiýa çakyrynyň, ýagynyň, miweleriniň hili yokarlanypdyr.

Galla ekmeklik hem giň gerim alypdyr. Italiýada gallanyň hasyllylygy 15 sentnere ýetipdir. Italiýanyň oba hojalygynda täze pudaklar: maldarçylyk we öý guşçylygy ösdürilipdir. Mal we guş Italiýada gadym wagtlardan bäri hem saklanypdyr. Yöne b.e.öň II-I asyrlarda girdejili pudaga öwrülipdir. B.e.öň öň II-I asyrlarda Italiýada oba hojalygynyň güýçli ösmeginiň esasy sebäpleri:

1. Oba hojalygynda gul zähmetiniň giň peýdalanylmagy

2. Ownuk hojalykdan iri hojalyga geçilmegi.

3. Şäher bilen obanyň arasynda pul-haryt gatnaşyklarynyň ösmegi.

Rim agranomlary Katon we Warron gul zähmetini ulanmazdan girdejili hojalygy göz öňüne getirmändirler. Olar guluň işläp biljek ýerini hasaplap çykarypdyrlar. Guluň işledilmegi üçin, olara gözegçiler belläpdirler. Gullaryň gowy işlänlerine köp iýmit we gowy eşik beripdirler. Hat-da biraz emläk (iki goýun, öý goşlary) hem birilýän ýagdaýlary bolupdyr. Şeýle emläge pekuliý diýlipdir. Italiýada gullardan başga-da erkin işçileri hem hakyna tutupdyrlar. Bu ýagdaý gyssagly işler ýüze çykanda bolupdyr.

B.e.öň II-I asyrlarda şäher obadan has tapawutlanyp emele gelipdir. Hünärmentçiligiň, söwdanyň syýasy we medeni durmuşyň merkezi bolan şäherler oba hojalyk önümlerine mätäç bolupdyr. Obada bolsa hünärmentçilik önümlerine zerurlyk ýüze çykypdyr. Iri ýer eýeleri öz harytlaryny şäher bazarynda satyp, gerekli hünärmentçilik ösümlerini, bezeg üçin zatlary satyn almaga mümkinçilik tapypdyrlar. Bazar gatnaşyklarynyň ösmegi oba hojalygynyň ösmegine ýardam beripdir. Ownuk hojalyklarda täzelik girizmäge, tejribe geçirmäge mümkinçilik bolmaýar. Iri hojalykda bolsa giň mümkinçilikler bolupdyr.

(XIX-XX asyrlaryň T. Mommzen, Ed.Meýer, M.I. Rostewsew ýaly alymlary şol döwürde Rimde haryt pul gatnaşyklary şeýle bir ösen, hat-da kapitalizm derejesine baryp ýeten diýip hasap edýärler. Emma bu pikir nädogrudyr. Sebäbi şol döwrüň hojalygy natural (öz-özünde öndürýän) görnüşde bolupdyr. Her mülkde öz hojalygy üçin oba hojalyk önümleriniň ählisi öndürilipdir. Ýöne olaryň bir görnüşi, meselem, üzümçilik, zeýtunçylyk, haryt görnüşinde öndürilipdir. Iri mülkler bilen bir hatarda oba plebsiniň ownuk hojalyklary hem bolupdyr. Bu hojalyklarda ýerleri plebeýiň özi maşgalasy bilen işläp bejeripdir. Şeýle maşgalalaryň käbirlerinde 1-2 sany gul bolar. B.e.öň II-I asyrlaryň sepgidinde Italiýada hünärmentçilik güýçli ösüp başlapdyr. Oba hojalygyndan tapawutlylykda hünärmentçilikde erkin hünärmentler uly orun tutupdyr. Ussahanalaryň işgärleriniň sany 10-20 adama çenli ýetirpdir. Hünärmentçilikde hem gul zähmetinden peýdalanypdyrlar.

Hünärmentçiligiň ösmegi bilen çig mala bolan zerurlyk güýçlenipdir. Italiýanyň öz magdan känleri ýetmezçilik edipdir. Italiýadan çykýan metallardan başga-da Gresiýadan mermer, Müsürden Granit daşyny gurluşyk materialy hökmünde getiripdirler. Ýöne arzan berk hem amatly gurluşyk materialy ýetmezçilik edipdir. Şonuň üçinem b.e.öň II asyrda Rimde beton oýlanyp tapylypdyr. Şeýle hem rimliler bişen kerpiçleri öndürip we ulanyp başlapdyrlar.

Rimde agaç işläp bejermeklik, metal işläp bejermek, keramika önümçiligi, dokmaçylyk, gön önümçiligi kem ösüpdir. Rim, Tarent, Puteoly şäherleri iň iri hünärmentçilik merkezlerine öwrülipdirler. Hünärmentler öz meselelerini çözmek üçin birleşmeler döredipdirler.

B.e.öň II-I asyrlarda, beton oýlanyp tapylansoň, gurluşyk güýçli depginde alnyp barlypdyr. Rimde suw geçirijileri, köprüler, termler, amfiteatrlar, willalar, köpgatly ýaşaýyş jaýlary, ammarlar we gämi duralgalarynyň binalary gurlupdyr.

Oba hojalygynyň we hünärmentçiligiň ösmegi bilen söwda hem janlanypdyr. Deňiz söwdasy gülläp ösüpdir. Rim, Sirakuzy, Puteoly şäherleri iri söwda merkezleri bolupdyrlar. Italiýadan çakyr, ýag, keramika, metal önümleri çykarylypdyr. Metal, daş, reňk, aýna, bezeg zatlary, gullar, azyk önümleri bolsa getirilipdir.

Rim ortaýer deňziniň günbatary bilen ysnyşykly söwda edipdirler. Ol ýere taýýar önüm çykaryp, çig mal getiripdirler. Ortaýer deňiziniň gündogary bilen söwda gatnaşyklary gowşak bolupdyr. Sebäbi Rimiň harytlary Gündogar harytlary bilen bäsleşip bilmändir.

Deňiz söwdasynyň ösmegi bilen söwda gämileri kämilleşipdir. Olaryň ýük göterijiligi 200 tonna ýetipdir. Maýaklar, gämi duralgalary gurlupdyr. Deňiz söwdasy uly girdeji getiripdir.şonuň üçinem b.e.öň 218-nji ýyldaky Klawdiniň kanunyndan sowlup geçip, nobililer hem özleriniň bellän adamlarynyň üsti bilen deňiz söwdasyny edipdirler.

Gury ýer söwdasynyň hem uly ähmiýeti bolupdyr. Şäher bazarlarynda oba we şäher ilatynyň arasynda alyş-çalyş bolupdyr. Ýarmarkalar guralypdyr. Rimiň dürli welaýatlarynyň arasynda söwdanyň ösmegi Italiýada döredilen ajaýyp ýollaryň ulgamy ýardam edipdir. Ýollar diňe Italiýada gurulman, soňra welaýatlarda hem gurlupdyr.

Rimde söwdanyň ösmegi teňneleriň sanynyň artmagyna getiripdir. B.e.öň II asyryň başynda Rimiň kümüş teňňeleri bolan sestersiý we denariý zikgelenip başlapdyr we tiz wagtdan Ortaýer deňiz sebitinde esasy pul birligine öwrülipdirler.

Dürli pullaryň bolmagy serrapçylyk işiniň döremegine getiripdir. Serraplar şäherlerde öz dükanlaryny açyp, puluň hümmetine gözegçilik edipdirler. Olar pullary çalşyp beripdirler hat-da karz hem beripdirler. Rimde süýthorçylyk 6% bolan. Ýöne welaýatlarda ondan ýokary ekeni.

2. B.e.öň III asyrlarda Rimde gulçulyk nusgawy derejesine ösüp ýetipdir. Ilki bilen nusgawy gulçulyk Günorta Italiýanyň we Sisiliýanyň grek şäher koloniýalarynda emele gelipdir. Apennin ýarym adasynyň has köp ýerlerinde gulçulyk b.e.öň II asyrda ösen derejesine ýetipdir. Italiýada nusgawy gulçulygyň döremeginiň uly taryhy ähmiýeti bar, çünki soňra bu gulçulyk bütin Ortaýer deňzine ýaýrapdyr.

Käbir daşary ýurt alymlary gulçulygyň ösmeginiň sebäbi rimlileriň üstünlikli uruşlary diýýärler. Rimiň jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň içerki ösüşi gulçulygyň nusgawy görnüşiniň emele gelmegine getiripdir. Iri mülkleriň döremegi, ýere hususy eýeçiligiň emele gelmegi, hünärmentçiligiň, söwdanyň, pul dolanyşygynyň ösmegi, haryt hojalygynyň döremegi arzan işçi güýjüni talap edipdir. Ilki kliýentler arzan işçi güýji bolup hyzmat edýärdi. Emma plebeýler bilen patrisileriň arasyndaky göreş netijesinde kliýentler we plebeýler hem ownuk ýer eýelerine öwrüldiler. B.e.öň 326-njy ýylda bergidarlyk gulçulygynyň ýatyrylmagy Rimiň daşary syýasatynyň işjeňleşmegine getirdi. Indi arzan işçi güýjüniň ýeke-täk çeşmesi basybalyjylykly uruşlardy. B.e.öň V-IV asyrlarda Rim esasan ýer meselesini çözmek üçin uruşýardy. Soň bu uruşlar esasan, gul edinmek üçin alnyp barylýan ursa öwrüldi. B.e.öň II-I asyrlaryň uruşlary has gazaply bolup, köplenç basylyp alnan ilatyň köpçülikleýin gul edilmegine getiripdirler.

Gullary rehimsiz ezipdirler. Öňki döwürdäki gullara berilýän käbir ýeňillikler indi ýok bolupdyr. Olary iki aýakly mal hökmünde görüpdirler. Rimliler bir ýerini basyp alan mahaly ilatyň bir bölegini öňki ýerinde galdyrypdyrlar. Rimliler olary güýçli ezipdirler. Bergidarlyk baknalygy rim raýatlygy bolmadyklar üçin güýjüni saklapdyr. Rim salgyt ýygnaýjyly welaýatlarda 48%-e çenli karz pul beripdirler.

Gulçulygyň esasy çeşmeleri uruşlar, tebigy köpelmeklik, bergidarlyk, jenaýatçylyk we garakçylyk bolupdyr.

Gul bazarlary islendik şäherde-de bolupdyr we islendik raýat gul alyp we satyp bilipdir. Iň iri gul bazarlary Delos adasynda, Akwiliýa şäherinde (Italiýa), Tanaisde (Donuň deňze guýýan ýeri) ýerleşipdir.

Gullaryň bahasy üýtgäp durupdyr. Üstünlikli uruşlar mahaly guluň bahasy 4 denariý, adaty bahasy bolsa 400-500 denariý bolupdyr. Ýokary hünärli gullar has gymmat bolupdyr.

Müňlerçe guly bolan baýlar seýrek duş gelipdir. 30-50 sany guly bolan gul eýeleri has köp bolupdyr. Bir hojaýyna degişli bolan gullar onuň familiýasyny emele getiripdirler. Familiýa şäher we oba görnüşlerine bölünipdir. Şäher familiýasyna degişli gullar hünärmentçilik bilen meşgullanypdyrlar we hojaýyna hyzmat edipdirler. Oba familiýasyndaky gullar oba hojalyk işlerini ýerine ýetiriji esasy öndürijiler bolupdyrlar. Şäher gullarynyň ýagdaýý olaryňkydan gowy bolupdyr. Şäherdäki guly jezalandyrjak bolsalar, olary oba gullarynyň hataryna geçiripdirler.

Gullaryň sanynyň artmagy we güýçli ezlişe sezewar edilmegi Italiýada we Sisiliýada gozgalaňlaryň turmagyna getiripdir.

Gullaryň iri gozgalaňlarynyň biri baryp b.e.öň 260-njy ýylda etrusk şäheri Wolsiniýada bolupdyr. Gullar şäherde häkimiýete basyp alypdyrlar. Olaryň garşysyna goşun iberilip basyplyp ýatyrylypdyr.

Ýene bir uly gozgalaňlaryň biri Lasiýadaky Setiý şäherinde b.e.öň 199-njy ýylda bolupdyr. Bu ýerde II Puni urşundan soň satyn alnan gullaryň sany köpelipdir. Gullar dildüwşik gurap, birnäçe şäheri eýelemegi maksat edipdirler. Ýöne bulary dönükler satypdyrlar. Rim pretory bu barada bilen dessine 2000 urşujy bilen ýörişe çykyp, olaryň birnäçesini tutupdyr we hoja çüýläpdir.

b.e.öň 196-195-nji ýyllarda Etruriýada gullaryň gozgalaňy bolupdyr. B.eöň 185-nji ýylda Apuliýada çopan gullaryň gozgalňy bolupdyr. Olaryň hem 7000-i ele düşüp, jezalandyrylyp öldürilipdir.

B.e.öň II asyryň 40-njy ýyllaryna çenli gullaryň uly bölegi Sisisliýada jemlenipdir. Bu ýerde gozgalan zalym gul eýeleriniň biri Damofeliň öldürilmegi bilen başlanypdyr. Dildüwşüge siriýaly gul Ewn baştutanlyk edipdir. Olar Enn şäherini basyp alyp, ýarag ussalaryndan başga erkin ilaty gyrypdyrlar. Ewn Antioh ady bilen patyşa diýlip jar edilipdir. Ol öz döwletini Täze siriýa patyşalygy diýip atlandyrypdyr.sililiýanyň günbatarynda ýene bir gozgalaň tutup, oňa Kleon baştutanlyk edipdir. Kleon Ewn bilen birleşip, onuň goşunlarynyň strategi bolupdyr. Diodoryň maglumatlaryna görä gullar ownuk willalara we daýhanlara azar bermändirler. Täze siriýa döwleti 6 ýyl dowam edipdir. B.e.öň 132-nji ýýlda gozgalaňy basyp ýatyrmak üçin Publiý Rupiliniň baştutanlygynda konsul goşuny iberilýär. Olar ilki gozgalaňçylaryň esasy berkitmeleriniň biri bolan Tawromenini, soňra paýtagty Enn şäherini gabapdyrlar. Gozgalaňçylaryň arasynda dönükler tapylyp, rimlileri Enni almaga kömek edipdirler. Patyşa Ewn – Antioh ýesir alnyp, gynalyp öldürilipdir. Rupiliniň goşuny Sisiliýany gozgalaňçylaryň galan toparlaryndan hem arassalapdyr.

3. Ownuk daýhanlaryň tozmagy halk köpçüliginde närazylyk döredipdir. Rim goşunynyň söweşe ukyplylygyny berkitmek üçinem özgerdişler geçirmek zerur bolupdyr.

Tiberiý Grakh (b.e.öň 162-133 ý) rim nobilitetiniň iň tanymal uruglarynyň birinden bolupdyr. Ol döwletiň kuwwatyny artdyrmak, rim jemgyýetini jebisleşdirmek isläpdir. Ol döwletiniň kuwwatynyň pese düşmegini goşunyň esasyny düzýän ownuk daýhanlaryň ýersizleşmegi bilen düşündiripdir. Onuň bilen gaýyn atasy Appiý Klawdiý, konsul (133ý) Musiý Ssewola, Lisiniý Krass we beýlekiler pikirdeş bolupdyrlar.

Iri ýer eýeleriniň uly bölegi «jemgyýetçilik ýerlerinden» uly ýerleri eýelänsoň, ýer özgerdişiniň geçirilmegine garşy bolupdyrlar. Rimiň şäher ilaty hem bu özgerdiş bilen gyzyklanmandyr.

b.e.öň 134-nji ýylyň Bitaraplyk aýýnda Tiberiý Halk tribuny wezipesini ýerine ýetirip başlapdyr. Ol agrar özgerdişler barada kanun taslamasyny hödürläpdir. Onda raýatlaryň 500 ýugerden artyk ýeri döwletden kärendesine almagy gadagan edilipdir. Şondan artyk ýerler döwlete gaýtarylyp berilmedi. Ýersiz we az ýerli daýhanlara 30 ýugerden ýer paýlamalydy. Ownuk daýhanlaryň tozmagynyň we ýersiz galmagynyň öňüni almak üçin, olara ýerini satmak we peşgeş bermek gadagan edilýär. Olara döwlete uly bolmadyk salgyt tölemek girizilipdir. Gyş aýlary bolansoň, bu kanuny goldap, ähli ýerlerden daýhanlar Rime gelipdirler. Tiberiniň dosty, iň iri ýer eýeleriniň biri bolan halk tribuny Mark Oktawiý bu kanunyň taslamasyna «weto» girizipdir. Halk köpçüliginiň goldamagy bilen Tiberiý onuň wezipesinden aýrylmagyny gazanypdyr. Şondan ýer hakyndaky kanun tassyklanyp, ony amala aşyrmak üçin Tiberiý we Gaý Grakklardan, Appiý Klawdiýden ybarat topar işe girişipdir. Tiberiý öz ýurduny Rime wesýet eden Pergam patyşasy Attalyň gaznasyny ýer alan daýhanlara kömek üçin paýlamagy girizmekçi bolanda ony patyşa bolmaga synanyşyk etmekde aýyplapdyrlar.

Özgerdişlerini doly tamamlamak üçin Tiberä ýene bir ýyl halk tribuny bolmak zerurdy. Ýöne bu ýagdaý kanun taýdan gadagandy. Tiberiý we onuň tarapdarlary ses berişiň gidişine täsir etmekçi bolanlarynda gandöküşikli çaknyşyk emele gelipdir. Tiberiý we onuň ýüzlerçe tarapdarlary wepat bolupdyrlar.

Tiberiniň işini b.e.öň 132-nji ýylda konsul bolan Popiliý Zenat hem dowam edipdir. Ýer paýlanan topar işini dowam edipdir. Demokratik we agrar özgerdişler ugrundaky hereketiň täzeden ýokary göterilmegi Tiberiniň inisi Gaý Grakhyň ady bilen baglanyşyklydyr. Ol agrar özgerdişleri tamamlamak we doganyny öldürenlerden ar almak üçin senatda jemlenen rim oligarhiýasyna zarba urmagy maksat edinipdir. Ol rim raýatlarynyň dürli gatlaklaryny jemläp, nobilitete garşy goýmak isläpdir. Oba plebsi ony goldapdyr. Şäher ilatyny öz tarapyna çekmek üçin ol döwlet ammaryndaky galladan şäher ilatyna örän arzan bahadan satmagy ýola goýupdyr.

Söwda – süýthorçylyk bilen meşgullanýan gatlak üçinem bähbitli bolan kanunlar girizilipdir we olaryň goldawyny gazanypdyr.

Gaý Semproniý Grakh agrar meseläni Kompaniýa, Tarente, Karfagene koloniýalar çykarmak arkaly çözüpdir.

Ol harby özgerdişler hem geçiripdir. Ol harby gullugyň anyk möletini kesgitläpdir. Rim raýaty üçin hökmany gatnaşmaly ýörişleriniň sanyny azaldypdyr. 17 ýaşdan kiçi raýatlary gulluga almagy gadagan edipdir. 46 ýaşdan ulular gullukdan doly boşadylypdyr.

Sud işlerine hem özgerişlikler girizipdir. Işi gowy bilýän hemişelik sud komissiýalary döredilipdir. Sebäbi bir ýyllyk saýlanýan pretorlar işi gowy bilmändirler we olaryň az sanly bolany üçin köpsanly sud işlerini seljermäge mümkinçiligi bolmandyr.

Gaý Grakh senatyň häkimiýetini gowşadyp, halk ýygnagynyňhukuklaryny giňeldipdir. Ol senatdan maliýe işlerine gözegçilik etmek hukugyny alypdyr we halk ýygnagyna beripdir. Gaý Grakh ikinji gezegem hak tribunlygyna saýlanypdyr. Senat doly onuň garşydaş toparlaryny «optimatlaryň topary» diýip atlandyrypdyrlar. Olar Gaý Grakha garşy amatly pursatda ulanar ýaly maglumatlar ýygnapdyrlar.

Haçanda Gaý Grakh rim-italiýa bileleşmesindäki italikleri rim raýatlygyny bermek hakyndaky kanuny geçirmek bolanynda ol şowsuzlyga uçlapdyr. Ony senat 70 günlik Afrika koloniýa esaslandyrmak üçin iberipdir.

Senat aristokratiýasy Gaý Grakhyň duşmany Liwiý Druzy halk tribunlygyna saýlapdyr (b.e.öň 122ý). Ol 12 sany ekerançylyk koloniýasyny esaslandyrmagy we birgiden ýeňillikleri wada beripdir. Ol oba plebsini we arkadaşlara raýatlyk hukugyny bermegiň garşysyna çykyş etmek bilen bolsa şäher ilatyny öz tarapyna çekipdir. B.e.öň 122-nji ýylda Gaý Grakhyň zalym duşmany Lusiý Opimiý konsul saýlanypdyr. Gaý Grakhyň üçünji gezek halk tribunlygyna saýlanmaga synanyşygy başa barmandyr. Onuň wezipesiniň möhleti dolan badyna duşmanlary üstüne dökülip ugrapdyrlar. Ýaragly çaknyşyklaryň birinde Gaý Garhk we onuň tarapdarlary öldürilipdir.

Tiberiý we Gaý Grakhlar öldürilende bolsalar, olaryň işi miwesiz bolmandyr. Olaryň özgerdişleri netijesinde birnäçe müň täze hojalyklar döräp, 30 ýuger ýeriň hasabyna gurply hojalyklar emele gelipdir.

Agrar mesele baradaky göreş b.e.öň 111-nji ýylda halk tribuny Spuriý Toriniň girizen kanuny bilen tamamlanypdyr. Bu kanun boýunça 500 yugerden köp ýeri bolmadyk ähli rim raýatlary öz ýerleriniň hususy eýelerine öwrülipdirler.

Mowzuk: B.e.öň II-I asyrlaryň sepgidinde Rim respublikasynyň halkara ýagdaýy we rim italiýa jemgyýetinde durmuş-syýasy göre.

I umumy okuw

1. B.E.öň II asyryň ahyrynda Rimiň daşary syýasy ýagdaýy.

2. Gaý Mariniň özgerdişi.

3. Kim we tewton taýpalarynyň Ortaýer deňiz döwletlerine göçüşler.

4. Rimde durmuş – syýasy göreş.

1. B.e.öň II asyryň soňky iki öngünliginde Rimiň halkara ýagdaýy dartgynly bolupdyr. Sebäbi şonuň öň ýanyndaky wakalar dolandyryjy toparlaryň daşarky syýasata bolan ünsüni gowşadypdylar.

Müsürdäki Ptolemeýleriň patyşalygy bilen Rimiň öňden gelýän bileleşigi dowam edipdir. Şol wagtlar birmahalky kuwwatly döwlet bolan Selewkitler parfiýalylaryň zarbasy bilen dargap başlapdyr. Kiçi Aziýada Aristonigiň gozgalaňy basylyp ýatyrylan soň umumy ýagdaý parahat bolupdyr. Ýöne Rim esasy daşary syýasatyň çylşyrymlaşmagyna Afrikada garaşypdyr. Karfogen ýumrulyp, Afrika welaýaty döredilensoň Rim Numidiýanyň içerki işlerine gatyşyp ugrapdyr. Rim senaty Numidiýanyň üç welaýata bölüpdir. Senat muny b.e.öň 118-nji ýylda ölen aýal patyşa Misipsanyň mirasdarlarynyň kanuny talaplaryny ýerine ýetirmekçi bolýandygy bilen düşündiripdir. Ýöne mirasdarlaryň biri bolan Ýugurta rimlileriň Numidiýany ýok etjek bolýandyklaryna düşünip, beýleki mirasdarlary öldüripdir we ýurduny güýç bilen birleşdiripdir. Şol uruş wagtynda Ýugurta şäherlerindäki rim we italik söwdagärlerini hem ýok edipdir. Bu bolsa Rime uruş yglan etmegi aňladypdyr. Ýugurtany dürli demirgazyk Afrika taýpalary goldapdyr. Rimiň içerki ýagdaýy gowy bolmansoň, senat urşuň öňüni diplomatik ýol bilen almaga synanyşypdyr. Ýöne Ýugurta muňa ýol bermändir. Şonuň üçinem b.e.öň 111-nji ýylda Rim uruş hereketlerine başlamaga mejbur bolupdyr. Ýugurta Rimiň harby baştutanlarynyň köpüsini satyn alypdyr. Rimliler juda şowsuz hereket edipdirler. B.e.öň 109-njy ýylda Ýugurta Sutula söweşinde olary güýçli ýeňlişe sezewar edipdir. Rim Ýugurta bilen şertnama baglaşmaly bolupdyr. Şondan soň Ýugurta has güýçlenipdir. Ony rim agalygyna garşy göreşiji hökmünde görüp, gutullaryň köp taýpalary we mawritan patyşasy Bokh hem goldamagy makul bilipdir.

Rimde halk ýygnagy Ýugurta bilen baglaşylan ýaraşygy tassyklamandyr. Olar patyşany Rime eden jenaýatlary üçin jogap bermäge çagyrypdyrlar.ol Rimde bolan wagtyny öz ýagdaýyny berkitmek üçin peýdalanypdyr. Ol täsirli adamlary we senatorlary satyn alyp, özüniň garşysyna gozgalan sud işini başa bardyrmandyr. Ol Rimde öz bäsdeşleriniň birini hem öldürdirdir. Şondan soň ol gaçmaly bolupdyr. Rimliler täze goşun ýygnap, Seseliý Metelliň baştutanlygynda Afrika iberipdirler. Ol Tufula derýasynyň boýunda b.e.öň 109-njy ýylda Ýugurtanyň goşunlaryny çym-pytrak edipdir. Ýugurta çölüň jümmüşine yza çekilip, partizançylyk urşuny edipdir. Metell uzak wagtlap ony aýgytly söweşe çykaryp bilmändir. Şonuň üçinem rimliler ony çalşyp, ýerine täze konsul Gaý Marini belläpdirler (b.e.öň 107ý). Gaý Mariý b.e.öň 105-nji ýylda ýugurta urşuny ýeňiş bilen tamamlapdyr. Numidiýa Rimden garaşly patyşalyga öwrülipdir. Ýeňşiň hormatyna Gaý Mariniň triumsy geçirilipdir. Gaý Mariniň öňünde eli bagly Ýugurta we beýleki ýesirler geçirilipdir. Ýugurtany Rimde öldüripdirler. Onuň ýerine akly kem dogany goýlupdyr. Demirgazyk Afrikada Rime abanan howp tamamlanypdyr.

2.Rimliler emele gelen dynçlykdan rim goşunyny täzeçe gurmak üçin peýdalanypdyrlar.

Täze emele gelen şertlerde Rimiň öňki harby guralyşy möwritini ötüripdir. Rimiň uzak ýerlerde alyp baran dowamly uruşlary netijesinde rim daýhanlary tozupdyrlar we emläk boýunça aşaky gatlaga geçip, gulluk etmek hukugyny ýitiripdirler.

Goşunda düýpli özgerdiş zerur bolupdyr. B.e.öň II asyryň II ýarymynda emläk derejesi 11 müňden 4 müň assa çenli azaldylyp, rim goşunynyň üsti doldurylypdyr. Emma Rimde düýpli harby özgerdişleriň geçirilmegi Gaý Mariniň ady bilen baglanyşyklydyr. Gaý Mariý rim raýatlarynyň orta gatlaklaryndan bolup, ömrüniň esasy bölegini goşunda geçiripdir, onuň gowşak we güýçli taraplaryny öwrenipdir. Ýönekeý urşujylaryň ýagdaýyna gowy düşünipdir. Onuň özgerdişleriniň başlangyjy b.e.öň 107-nji ýyl hasaplanýar. Şonda ol emläk ýagdaýyna garamazdan, islendik raýaty goşuna almak barada senatdan rugsat alypdyr. Meýletin alnan her urşuja döwlet tarapyndan ýarag, hak berlipdir. Gullukdan soň bolsa ýer paýy wada berlipdir. Watany goramak hormatly hukuk bolanlygyndan, peýdaly käre öwrülipdir. Öňki goşunda ilkinji hatarlarda has barly adamlar gulluk eden bolsalar, indi urşujynyň (legioneriň) söweşjeň ukyplaryna görä, harby baştutan ornuny kesgitläpdir.

Gaý Mariý esgerler üçin günde hemişelik maşklary girizpdir. Ol goşunyň söweş nuzamyny, düzülişini üýtgedipdir. Öň goşun hersinde 200 urşujy bolan 30 manipula bölünen bolsa, indi her 3 manipula bir kogorta birleşdirilipdirilip, oňa aýratyn serkerde baştutan bellenipdir. Legionda jemi 10 kogorta bolupdyr.

Gaý Mariniň döwründen başlap her legion nyşan hökmünde ganatlaryny ýazyp duran kümüş bürgüdi alypdyr. Ony uzyn sapyň ýokarsynda göterip, legionyň öňünden äkidipdirler. Kogortanyň nyşany sapa berkidilen baýdak bolupdyr. Gaý Mariý goşunyň urşujylaryny 3 topara bölüpdir:

1. Ýuniorlar (ýaşlar) – 30 ýaşa çenli

2. Seniorlar – 30-47 ýaş

3. Triadlar – bular iň çözüji ýagdaýda urşa girizilýän topar (ýa almaly, ýa ölmeli wagtynda).

Gaý Mariý goşuny bikär goýmandyr. Her esgeriň 20 kg golaý goşy bolan. Olara rimliler “Gaý Mariý eşekleri” diýipdirler.

Gaý Mariý özgerdişi netijesinde hemişelik, hakyna tutma, ýokary hünärli goşun emele gelipdir. Goşunyň söweşe ukyplylygy we abadanlygy serkerdesiniň ukybyna bagly bolupdyr. Öňki goşun wagtynda urşujylar urşy tiz tamamlap öýe gaýtmak islän bolsalar, indi olar täze uruşlary isläpdirler. Olar ýeňişli, ukyply serkerdeleri gowy görüpdirler. Şeýle serkerdeleriň abraýy artypdyr. Legionerler öz serkerdelerine ses beripdirler. Gerek ýerinde ony ele ýarag alyp gorapdyrlar. Goşun uly syýasy güýje öwrülip başlapdyrlar. Onuň baştutany bolsa I derejeli syýasatçy bolup ugraýar. B.e.öň II asyryň ahyrynda bu ýagdaýlar diňe emele gelip başlan bolsa, rim goşunynyň täzeçe guralyşy b.e.öň I asyryň ortalarynda we II ýarymynda tamamlanypdyrlar. Rimde soňra harby hökümdarlyk üçin şert döräpdir.

3. Demirgazyk Afrikadaky wakalar bilen bir wagtda Rim özüniň demirgazyk serhetlerinde has howply duşmanlar gelip çykyşy boýunça german taýpalaryndan bolan kimwrler we tewtonlar bilen çaknyşmaaly ýasap, näbelli sebäplere görä, b.e.öň II asyryň ahyrynda tewtonlar günbatara – Galliýa tarap, kimwrler bolsa günorta tarap hereket edip başlapdyrlar. Sany 150 müňe ýetýän kimwrler Günorta Germaniýa ýetip, b.e.öň 113-nji ýylda Alp geçelgelerine gelipdirler we Italiýanyň demirgazyk – gündogar araçäklerine howp salypdyrlar. Konsul Papiriý Karbon üýçli goşun bilen Noreýa şäheriniň ýanynda kimwrlere garşy urşup, güýçli ýeňlişe sezewar bolupdyr. Şondan soň Italiýa ýol açylypdyr. Ýöne kimwrler Alplardan demirgazyga – Galliýa tarap öwrülipdirler. B.e.öň 109-njy ýylda rimliler Galliýada hem uly ýeňlişe sezewar bolupdyrlar. Kimwrler bilen bilelikde günbatara tarap ýörişe gelwetleriň taýpalary hem gatnaşypdyrlar. Bular Galliýada tewtonlar bilen birleşipdirler.

B.e.öň 107-nji ýylda knosul Kassiý Longiniň baştutanlygyndaky goşun Akwitaniýada gelwetler tarapyndan gabalyp ýok edilipdir. Rimlileriň iň aýylganç ýeňlişi b.e.öň 105-nji ýýlda Günorta Galliýada Aranzionyň eteginde bolupdyr. Olar 80 müň urşujyny söweşde ýitiripdirler. Şonda Italiýa ýok bolmak howpy abanypdyr. Ýöne kimwrleriň goragsyz galan Italiýa däl-de Ispaniýa tarap öwrülmegi ony halas edipdir.

Gaý Mariý goşunda özgerdişler geçirensoň, rimliler kimwrleriň we tewtonlaryň hötdesinden gelmegi başarypdyrlar. B.e.öň 102-nji ýylda Akwa Sekstiý diýen ýerde tewtonlaryň köpsanly taýpalary derbi-dagyn edilipdir. B.e.öň 101-nji ýylda bolsa Demirgazyk Italiýada Wersellynyň ýanynda kimwrleriň köpsanly goşunlary ýok edilipdir.

German taýpalarynyň Italiýa I çozuşy yzyna serpikdirilipdir. Kimwrler we tewtonlar taryhyň sahypasyndan ýok bolupdyrlar. Oalaryň 150-200 müň töweregi söweşde öldürilipdir. Şonçaragy bolsa Italiýanyň we Orta ýer deňziniň gul bazarlarynda satylypdyr.

4. Demirgazyk taýpalaryna garşy göreşmek üçin Rim welaýatlardaky goşunlarynyň uly bölegini yzyna çagyrmaly bolupdyr. Bu bolsa welaýatlarda özbaşdaklyga bolan meýilleriň güýçlenmegine, ýaragly gozgalaňlaryň turmagyna getiripdir.

Gozgalaňlaryň iň ulusy Sisiliýada b.e.öň 104-nji ýylda başlanypdyr we 4 ýyl dowam edipdir. Bu ýerde gulçulyk öňki ýaly ösen derejede bolup, gullar güýçli ezilipdirler. Rimiň Sisiliýadaky dikmesi bikanun gul edilenleri boşatmak baradaky senatyň buýrugyny ýerine ýetirmändir. Bu bolsa gozgalaňyň turmagyna bahana bolupdyr. Sisiliýada bergidarlyk sebäpli gul bolanlar köp ekeni. German taýpalaryna garşy göreşmek üçin senat olary boşatmagy we goşuna almagy karar eden eken. Bu bolsa gul eýeleriniň närazylygyny döredipdir. Olaryň zor salmagy netijesinde gullaryň boşadylmagy bes edilen mahaly bolsa, güýçli gozgalaň turupdyr. Olar öz basyp alan ýerlerinde dolandyryşy ýola goýupdyrlar. Olar gozgalaňyň baştutany Salwini Trifon ady bilen patyşa saýlapdyrlar. Salwiý içerki Sisiliýada hereket edýän mahaly, Lilibeý şäheriniň golaýynda Afinionyň baştuyanlygynda ýene bir gozgalaň turupdyr. Bularyň goşunlary birleşdirilipdir. Afinion Salwiniň 1 kömekçisi bolupdyr. Bütin Sisiliýa diýen ýaly bularyň golastyna geçipdir. Gozgalaňçylaryň paýtagty Triokal şäheri bolupdyr.

b.e.öň 101-nji ýylda kimwrleriň we tewtonlaryň derbi-dagyn edilmegi bilen Rim Sisiliýa uly goşun iberipdir. Gozgalaň basylyp ýatyrylypdyr. Gozgalaňçylaryň köpüsi söweşde ölüpdir, köpüsini jezalandyrypdyrlar ýa-da gladiatorlyga beripdirler. Rim senaty Sisiliýanyň gullaryna ýaraga el degirmegi ölüm howpy bilen gadagan edipdir.

Bu gozgalaň gullaryň sanynyň artmagynyň howpludygyny görkezipdir. Ol Rim gul eýelerine özleriniň daýanjy bolan Rim döwletini berkitmäge ýardam etdi.

B.e.öň 103-102-nji ýyllarda Gresiýada Lawrion magdan känlerinde işleýän gullaryň gozgalaňy turupdyr. Ýöne ol hem basylyp ýatyrylypdyr.

Iri gozgalaňlaryň biri b.e.öň 107-nji ýylda Baspor patyşalygynda Sawmagyň baştutanlygynda bolup geçipdir.

B.e.öň II asyryň aýagynda Rimde populýarlaryň täsiri güýçlenip başlapdyr. Muňa Gaý Mariniň 6 gezek konsul saýlanmagy hem şaýatlyk edýär. Sebäbi ol ilatyň orta gatlaklaryndandy. Populýarlaryň hereketi b.e.öň 103-101-nji ýyllarda Apuleý Saturniniň halk tribuny saýlanansoň güýçlenýär. Ol birnäçe kanun taslamalaryny teklip edipdir. Onuň teklibine görä, Gaý Mariniň goşunynda 7 ýyl gulluk eden esgerlere ýer bölüp bermek göz öňünde tutulypdyr. II kanunyna görä wsadnikleriň sudunyň ygtyýarlyklary giňeldilmelidi. Onuň III kanunyna görä gallanyň bahasy mugta ýakyn peseldilmelidi.

Kanunlaryň taslamalary kabul edilensoň konsul Gaý Mariý ähli senatorlara olary durmuşa geçirjekdigi barada kasam kabul etdiripdir.

B.e.öň 99-njy ýylda Saturnin ýene-de halk tribunlygyna saýlanypdyr. Ýöne Saturniniň güýçlenmegi we populýarlaryň üstünlikleri Gaý Maride görüplik duýgusyny oýarypdyr. Ol aýgytly pursatda Apuliý Saturnini goldamandyr. Senat Gaý Mariniň populýarlardan sowaşandygyny göz öňünde tutup, Saturnini adam öldürmekde aýyplapdyr we ölüm jezasyna höküm edipdir. Gaý Marini bolsa onuň jellady edip belläpdirler. Ýöne Gaý Marä bu masgaraçylykly işi ýerine ýetirmek miýesser etmändir. Saturnin we onuň tarapdarlary senatyň jaýynda gabalgy mahaly optimatlar tarapyndan öldürilipdirler. Saturniniň kanunlary bolsa ýatyrylypdyr, tarapdarlarynyň birnäçesini Rimden kowupdyrlar. Gaý Marini bolsa uruş etmek bahanasy bilen Kiçi Aziýa ugradypdyrlar. Soň az wagtlyk döwletde optimatlaryň täsiri güýçlenipdir.

Emma şeýle-de bolsa ýurtda dartgynlyk höküm sürýärdi. Ýer meselesi çözülmändi. Italikler raýatlyk hukuklarynyň berilmegine garaşýardylar. Şäher garyplary bolsa ýene-de galla baradaky kanunyň dikeldilmegini talap edýärdiler. Bu ýagdaý Rimiň içerki durnuklylygyny gowşadypdyr. Onuň geljekde raýatlyk uruşlarynyň howpuny saljakdygyna käbir adamlar düşünipdirler. Şonuň üçinem özgerdişler arkaly dartgynlylygy gowşatmaga synanyşyk edilipdir.

B.e.öň 91-nji ýýlda halk tribuny saýlanan Liwiý Druz (kiçisi) şu aşakdaky kanunlary hödürläpdir:

1. Galla baradaky kanuny dikeltmek

2. Uruş weteranlaryna ýer bermek.

3. B.e.öňki 100-nji ýýlda Apuliý Saturniniň işi boýunça kowlanlary gaýtaryp getirmek.

4. Italiklere Rimiň raýatlyk hukuklaryny bermek.

Bu teklipler kabul edilipdir, ýöne içerki dartgynlyk gowşamandyr. Optimatlar teklipleriň ýatyrylmagyny we Liwiý Druzyň heläk edilmegini gazanypdyrlar.

Italikler raýatlyk hukugy ugrunda çykyş edip başlapdyrlar. Çünki olar medeniýeti, gelip çykyşy dili taýdan rimlilerden kän tapawutlanmandyrlar. Emma olar syýasy we ykdysady taýdan kemsidilýärdi.

L.Druzyň teklibi kabul edilmänsoň, italikler gozgalaňa başlapdyrlar. Ol “Arkadaşlyk urşy” adyny alan iň gandöküşikli uruşlaryň biri bolupdyr. Uruş b.e.öň 91-88-nji ýyllarda bolupdyr. Oňa samnitler we marslar has işjeň gatnaşypdyrlar. Gozgalaňçylar 100 000 adamly goşun döredipdirler. Olar öz döwletlerini hem döredipdirler. Ol bileleşik (fedarasiýa) görnüşinde bolup, Italiýa diýlip atlandyrylypdyr. Paýtagty Korfiniý şäheri. Olaryň döwlet dolandyryşynyň düzümi Rimiňkä meňzeş bolupdyr. Gozgalaňçylar b.e.öň 90-njy ýylda uly üstünlikler gazanypdyrlar. Olar öň goşulmadyk birnäçe grek şäherleri we beýleki taýpalar hem goşulypdyrlar. Etruriýa, Umbriýa ýaly welaýatlar hem ikirjiňlenip ugrapdyrlar.

Rim senaty ähliumumy goşuna almaklygy yglan edipdir. Goşuna ýolbaşçylyk etmek üçin has ukyply serkerdeler bellenipdir. Gozgalaňa gatnaşmaýanlara rim raýatlygyny bermek hakynda karar kabul edilipdir. bu bolsa ikirjiňlenýänlere uly täsir edipdir. B.e.öň 90-89-njy ýylda bu kanun has çuňlaşdyrylypdyr. Kim ýaragyny 2 aýyň dowamynda taşlan bolsa raýatlyk hukugy wada berlipdir. Netijede gozgalaňçylaryň arasynda agzalalyk döräpdir, bir topary hereketi bes edipdir. Rim goşunynyň aýgytly hüjümi netijesinde b.e.öň 89-njy ýylda Korfiniý alnypdyr. B.e.öň 88-nji ýýlda gozgalaň basylyp ýatyrylypdyr. Şondan rimliler italiklere raýatlyk hukuklaryny beripdirler. Rimiň taryhynda I gezek ýeňen ýeňlenleriň talabyny ýerine ýetiripdir.

II umumy okuw

1. I asyryň 80-nji ýyllarynyň başynda Rimde raýatlyk urşy.

2. Rimiň Pant patyşalygy bilen urşy.

3. Korneliý Sullanyň hökümdarlygy.

1. Arkadaşlyk urşy netijesinde italiklere raýatlyk hukuklary berlen-de bolsa, optimallar olaryň hukuklaryny çäklendirmekçi bolýardylar. Italikleri 35 tribiň diňe 8-ne ýazypdyrlar. Senat şeýle etmek bilen täze raýatlaryň halk ýygnagynda syýasy täsirini çäklendirmek isläpdir. Täze raýatlyk we populýarlar bolsa italikleriň ähli triblere ýazylmagyny talap edipdirler. Uruşdan soň ýurduň ykdysady ýagdaýy ýaramazlaşypdyr. Ýene-de içerki syýasy göreş gazaplaşypdyr.

Içerki syýasy göreşiň gaýtadan güýçlenmegi b.e.öň 88-nji ýýlda halk tribuny bolan Sulpisiý Ruf bilen baglanyşykly bolupdyr. Ol birnäçe kanunlary teklip edipdir. Bu kanunlar durmuşa geçirilende optimatlara gowy zarba uruljakdy. Ol täze raýatlaryň 35 tribe hem ýazylmagyny, 10 müň sestersiden köp bergisi bolan senatorlary senatdan çykarmagy, ýurtdan kowlan populýarlaryň gaýtarylyp getirolmegini teklip edipdir. Optimatlaryň garşylygyna garamazdan, b.e.öň 88-nji ýylda Rufuň kanunlary kabul edilipdir. sulpisiý Rufuň ýene bir teklip eden kanuny hem Pont patyşasy Mitridat VI bilen urşa gitmäge taýýar bolup duran serkerde Sullanyň serkerdelikden aýrylmagydy. Sebäbi ol ýeňiş gazanyp geläýse, ýurdy almagy mümkindi. Ruf Sullanyň ýerine ýene-de populýarlaryň tarapyna geçen Gaý Marini goýmakçy ekeni. Sebäbi Sulla senatyň tarapdary bolupdyr. Bu teklip halk ýygnagynda geçipdir, ýöne Sullany goşundan çetleşdirmek mümkin bolmandyr. Urşyjylar Sullany goldapdyrlar. Sulla goşuny Rimiň üstüne äkidip, şäheri basyp alýar. Rimiň taryhynda ilkinji gezek Rimi rim goşuny eýeläpdir. Kanun boýunça Rime goşun girizmek gadagan ekeni. Onuň goşunlary şäher diwarlaryndan daşarda saklanypdyr.

Rimde häkimiýeti basyp alansoň, Sulla ilki bilen Sulpisiý Rufdan we onuň tarapdarlaryndan öç alypdyr. Gaý Mariý tutulyp, ölüme höküm edilipdir. ýöne ol Afrika gaçypdyr. Sulla Rufuň kanunlaryny ýatyrypdyr. Halk tribunynyň hukuklaryny çäklendirip, senatyň hukuklaryny giňeldipdir. Senata öz tarapdarlaryndan 300 adamy girizipdir. Sullanyň geçiren kanuny boýunça halk tribunynyň hödürlän kanuny ilki senatda makullanyp, soň halk ýygnagyna berlipdir. Sulla halk ýygnagynda ses beriş tertibini hem üýtgedip, Serwiý Tulliniň düzgünini dikeldipdir.

Az emläkli raýatlaryň goldawyny gazanmak üçin süýthorçylyk göterimini çäklendiripdir we koloniýalar çykarmagy teklip edipdir.

B.e.öň 87-nji ýylda Korneliý Sinna konsul saýlanypdyr. Şol ýyl Sulla 6 legiona baştutanlyk edip, Gündogara gidipdir. Mundan peýdalanyp, populýarlar, täze raýatlar Sullanyň girizen düzgünlerine garşy çykyp ugrapdyrlar. Korneliý Sinna halk ýygnagyna, täze raýatlaryň ähli triblere bölünmegi we Sullanyň tussag edenleriniň hukuklarynyň döredilmegi barada kanuny hödürleýär. Ýöne beýleki konsul Gneý Oktawiý Sullanyň tarapdary bolany üçin bu teklip geçmändir. Dawa-jenjeller ýaragly çaknyşyga geçipdir. Sinna Rimden gaçmaly bolupdyr. Ol italikleriň şäherlerine aýlanyp, öz tarapdarlaryndan goşun ýygnapdyr. Gaý Mariý hem öz weteranlaryndan düzülen goşuny bilen oňa goşulypdyr. Sullanyň edişi ýaly, bularam Rimi gabap, basyp alypdyrlar. Soň olar Sullanyň tarapdarlarynyň köpüsini öldüripdirler. Sullanyň düzgünini ýatyrypdyrlar. Halk tribunynyň häkimiýeti doly dikeldilipdir, halk ýygnagynda öňki ses beriş düzgünini girizipdirler. Täze raýatlaryň hukuklary öňki raýatlaryňky bilen deňleşdirilipdir we olary ähli triblere ýazypdyrlar. Bergileriň bir bölegi ýatyrylypdyr. Ýer we galla paýlanypdyr. Tiz wagtdan Mariý ölüpdir.

Sinna bolsa ýene-de 3 ýyl yzly-yzyna konsul saýlanypdyr.

Sulla ar almak hyjuwyna ýugrulypdy. Ýöne ol Italiýa gaýtmazdan öň Mitridat VI bilen alnyp barylýan urşy tamamlamalydy.

2. B.e.öň 80-nji ýyllarda Kiçi Aziýadaky mülklerinde Rimiň ýagdaýy öwerlik bolmandyr. Gresiýada, Makeoniýada, Aziýada (Pergam patyşalygy), Kolikiýada we Rime garaşly patyşalyklarda (Wifiniýada, Kappadakiýada, Paflagoniýada) ilatyň rimlilere garşy meýilleri güýçlenipdir. Italiýanyň öz çindäki dartgynly durmuş syýasy ýagdaý rim senatyna gündogar işlerine gatyşmaga mümkinçilik bermändir. Pont patyşasy Mitridat VI Ýewpator mundan peýdalanmak isläpdir. Ol gujurly hökümdar we ökde diplomat bolupdyr. Ol kakasyndan miras alan Gara deňziň günorta – gündogaryndaky uly bolmadyk patyşalygyny b.e.öň 90-njy ýyllaryň ahyrlaryna çenli ep-esli giňeldipdir. Ol Kolhidanyň kenarýakalaryny, Taman ýarym adasyny, Krymy, öňki Bospor patyşalygynyň ýerlerini we Hersonesi eýeläpdir. Ol Kiçi Ermenistany özüne tabyn edipdir. Kappadakiýa we Paflagoniýa täsirini ýetirip Rimiň kiçi Aziýadaky mülklerine ýakynlaşypdyr. Ol 250 müň pyýada, 40000 atly goşundan, 400 söweş gämisinden ybarat goşun düzüpdir. Wifiniýanyň öz serhetýaka etraplaryna çozmagyny bahanalap, Mitridat Rime uruş yglan edipdir (b.e.öň 89 ý). Ol Aziýa welaýatyny basyp alypdyr. Ol ähli ýerde öz-özüňi dolandyryşyň, demokratik düzgünleriň girizilýändigini, salgytlar boýunça bergidarlygyň ýatyrylýandygyny 5 ýyllap salgyt alynmajakdygyny yglan edip, kiçi aziýa ilatynyň goldawyny tapypdyr.

Mitridatyň buýrugy boýunça Kiçi Aziýanyň şäherlerinde ýaşaýan rimlileriň we italikleriň bir günde 80 müňi (Plutarha görä 150 müňe) gyrlypdyr. Soňra Mitridat Gresiýany we Makedoniýany basyp almaga girişipdir. Ol Gresiýanyň uly bölegini alyp, Afinyny esasy daýanç nokadyna öwrüpdir.

b.e.öň 87-nji ýýlda Sulla 30 müňli goşun bilen Epire gelip, Afinä hüjüm edýär. Afinyny gabaýar we birnäçe aýdan ony syndyrýar. Soňra Pireýi hem eýeleýär. Mitridat Gresiýa 100 müň peýada, 10 müň atly goşuny kömege iberipdir. Sulla ony hem derbi-dagyn edipdir (Horoneýde).

Grek şäherleri ýene-de rimiň tarapyna geçip başlapdyrlar. Sullanyň abraýy artypdyr. Korneliý Sinnanyň oňa garşy konsul Flakkyň baştutanlygynda iberen iki legiony hem Sullanyň tarapyna geçipdir. Şondan soň Mitridatyň ýagdaýy ýaramazlaşypdyr. Sebäbi indi b.e.öň 86-85-nji ýyllarda oňa garşy Rimiň iki goşuny urşupdyr.

Mitridat täzeden uly goşun döredipdir. Munuň üçin ol Kiçi Aziýanyň halkyna öňki beren ýeňilliklerini yzyna almaly bolupdyr. Şonuň üçinem Kiçi Aziýanyň köp şäherleri ýene-de Rime tarap ýüz öwrüp başlapdyrlar. Täze pont goşuny bilen Sullanyň goşunlarynyň arasyndaky aýgytly söweş b.e.öň 85-nji ýylda Orkomen (Beotiýa) şäheriniň ýanynda bolupdyr. Rim goşunlary ýeňlip gaçyp ugrapdyrlar. Sulla gaçyp barýan urşujynyň elinden baýdagy kakyp alyp, rimlileri hüjüme äkidipdir we gaçyşlygy saklapdyr. Söweşiň gidişinde öwrülişik bolup, Sulla ýeňipdir.

Kiçi Aziýada hereket edýän II rim goşuny Mitridatyň esasy daýançlarynyň biri bolan Pergamy alypdyr.

b.e.öň 85-nji ýylda Sulla öz flotyny döredip, Mitridatyň flotyny gysypdyr we Egeý deňzinde agalyk edip başlapdyr. Mitridat çykgynsyz ýagdaýda galypdyr. Ol ýaraşyk baglaşmagy sorapdyr. Sulla üçin hem ýaraşyk zerur bolupdyr. Ol gündogar işlerinden çaltrak dynyp, tizräk Italiýa gaýtmaga howlugypdyr.ol Mitridatdan Kiçi Aziýany basyp alan ýerlerinden çykmagy, ýesirleri we gaçgaklary bermegi, rimlilere 80 gämi, 3000 talant pul bermegi talap edipdir. B.e.öň 85-nji ýylda baglaşylan bu ylalaşyga Dardan ýaraşygy diýilýär.

4. B.e.öň 83 –nji ýylda Sulla Brundiziýada gelip düşüpdir. Sullanyň 40000 goşuny bolupdyr. Onuň arkasynda gündogar welaýatlar durupdyr. Ýöne döwletiň merkezi Italiýa we günbatar welaýatlar onuň garşydaşlary tarapyndan dolandyrylypdyr. Populýarlaryň hökümeti iki sany güýçli goşun toplap kompaniýada sullanyň hüjüm etmegine garaşypdyr. Bularyň hereketsizliginden peýdalanyp, Sulla Apuliýany garşylyksyz eýeläpdir we özüne geljekki hereketler üçin daýanç döredipdir. Ol güýçleri öz tarapyna çekip ugrapdyr. Oňa tejribeli Metell Peý, ýaş Lisiniý Krass we Gneý Pompeý öz goşunlary bilen gelip goşulypdyrlar.

Sulla Kompaniýa geçip, Konsul Norbanyň goşunyny ýok edipdir. Beýleki konsul Sullanyň sahylyk bilen beren wadalaryna imrigip, onuň tarapyna geçipdir. B.e.öň 83-82-nji ýyllaryň gyşynda harby hereketler bes edilipdir. Garşydaşlar täze uruşlara taýýarlyk görüpdirler. Demokratlaryň goşuny Rimiň golaýynda ýerleşipdir. Signiý şäheriniň golaýynda Sulla olary ýeňip, Rimi eýeläpdir. Onuň gaşydaşlarynyň bir bölek goşuny Preneste şäherinde eken. Sulla ony gabap, Etruriýa ugrapdyr we ol ýerde b.e.öň 82-nji ýylda konsul Karbonyň goşunlaryny ýeňipdir.

Prenestedäki populýarlaryň goşunyna samnitleriň 70 müňli goşuny kömege gelipdir. Olar birleşip, Rime ýöriş edipdirler. B.e.öň 82-nji ýylyň Sanjar aýynyň 1-de Rimiň Kolliý derwezesiniň ýanyndaky diwarlaryň eteginde iki rim goşunlarynyň ölmekýada ýeňmek ugrundaky söweşi tutaşypdyr. Söweş 1,5 gün dowam edipdir. Ýesir alynmandyr diýen ýaly. Ahyry Sullanyň goşuny ýeňipdir.

Senat Sullany çäklendirilmedik möhlet bilen diktator bellemeli bolupdyr.

Sulla garşydaşlaryny jezalandyryp, tarapdarlaryny sylaglapdyr. Ol proskripsiýalary, ýagny öz garşydaşlarynyň we olara duýgudaşlyk edenleriň sanawlaryny düzdürip, oňa ady girenleri öldürdirdir we emlägini elinden alypdyr. Olaryň nesilleriniň hukuklary kesilipdir. Köp şäherler, aýratynam Samniý we Etruriýa ýerleri, taýpalar terrora sezewar edilipdir. olardan alnan ýerleriň hasabyna Sulla öz tarapdarlaryna ýer paýlapdyr.şondan soň Sullanyň sowgady bilen iri ýer eýeleri emele gelipdir. 120 müň urşuja 30 ýugere çenli ýer paýlanypdyr. Sulla döwlet gurluşyna özgerdişler girizdi. Döwletiň başynda diktator hökmünde özi oturýardy. Senatyň hukuklary giňeldilip, sany 300 bolanyndan 600-e ýetirildi. Sud işleri senata gaýtarylyp berildi. Halk tribunynyň ähmiýeti peseldilipdir. Bu wezipäni bir gezek eýälän adama soň ýokary wezipä saýlanmak gadagan edilipdir.

Tribunlar senatyň gözegçiligi astyna geçirilipdir. “Wetony” öz erkiňe ulanmak çäklendirilipdir. Halk ýygnagynyň hem häkimiýeti çäklendirilipdir. Sud işleri onuň ygtyýaryndan alnypdyr. Proskribsiýa edilenleriň 10000 guluny Sulla erkinlige goýberipdir. Olarakorneliýler diýilýär. Olar Sulla wepaly bolup, halk ýygnagynyň kararlaryny kesgitläpdirler.

Magistratlaryň senata baglylygy ýokarlanypdyr. Işleriň köpelmegi sebäpli Sulla magistratlaryň sanyny artdyrypdyr, 2 pretora derek 8,8 kwestora derek – 20 sany saýlanypdyr. Şol bir wezipä ikinji gezek diňe 10 ýyldan soň saýlanmaga rugsat edilipdir. Konsullar we pretorlar wezipesiniň möhletidolansoň, 1 ýyl (ony uzaldyp hem bolupdyr) möhlet bilen welaýatlara dikme hökmünde iberilipdirler. Sulla olardan rim salgyt ýygnaýjylarynyň eden-etdiliklerini ýok etmegi talap edipdir.

Sulla optimat hem bolsa, populýarlaryň käbir talaplaryny ýerine ýetiripdir. Ol umumy döwlet bähbitlerini arap hereket edipdir. Sulla ilkinji bolup goşuny özüniň syýasy maksatlary üçin ulanypdyr.

Sulla diktator bolansoň, manarh ýaly hökümdarlyk edipdir. Ol hat-da öz çykaran kanunlaryna ters gelýän işleri hem edipdir. Onuň alyp barýan işleri döwleti manarhiýa görnüşinde dolandyrmaga şertler döredipdir. Ol özüniň hökümiýetini hat-da tarapdarlarynyň hem ýigrenýändigine düşünipdir. Sebäbi respublika däpleriniň güýçleri entek güýçli bolupdyr.

B.e.öň 79-njy ýylda Sulla diktatorlyk wezipesinden el çekipdir. Ol b.e.öň 78-nji ýylda 60 ýaşynda aradan çykypdyr. Şondan soň onuň güýçlendiren senat oligarhiýasy häkimiýet başynda bolupdyr.

Mowzuk: Biziň eýýamymyzdan öň I asyryň 70-50-nji ýyllarynda Rimde respublika gurluşynyň çökgünligi

Meýilnama:

1. Rim jemgyýeti we döwleti b.e. öň 70-50-nji ýyllarda

2. Spartagyň baştutanlygynda gullaryň gozgalaňy

3. B.e.öň I asyryň 60-njy ýyllarynda Rimde syýasy göreş . Gündogardaky basybalyşlar.

4. I triumirat . B.e.öň I asyryň 50-nji ýyllarynd halkara gatnaşyklary.

5. B.e.öň 50-nji ýyllarda Rimde syýasy ýagdaý

1.Italikler gan döküşikli arkadaşlyk urşy netijesinde rim raýatlarynyň hukularyna eýe bolupdyrlar. Öň ýarag tutmaga ýaramly 400 müň raýat bolan bolsa, indi olaryň sany 2 milliona ýetdi. Öňki polis bolan Rim şäheri paýtagta öwrülipdir. Indi Grakhlaryň, Saturniniň, Sullanyň agrar özgerdişlerinden soň döwlet ýerleriniň köp bölegi aýry-aýry adamlaryň hususy eýeçiligine öwrüldi. Ýeri almak we satmak mümkin bolupdyr. Has iri hususy eýeçilikdäki ýerler peýda bolupdyr. Ownuk, orta willalar we daýhan hojalyklary bilen bir hatarda birnäçe müň ýugere deň bolan has iri hojalyklar – latifundiýalar emele gelipdir.

Oba hojalygy bilen bir hatarda hünärmentçilikde-de gul zähmeti giň ornaşypdyr.

Italiýa welaýatlardan galla , pagta, ýüpek, grek çakyry, metallar, gurluşyk daşynyň gymmat baha görnüşleri, hoşboý ysly otlar, Gündogar ýurtlarynyň hünärmentçilik önümleri (aýna, şaý-sepler, pil süňki we ş.m.) zatlar getirilipdir. Italiýa getirilýän harytlar çykarylýan harytlardan köp bolupdyr. Italiýalylar welaýatlardan salgyt ýygnamak,süýthorçylyk, welaýatlardaky dikmeleriň we olaryň adamlarynyň ilaty talamagy ýaly ýollar bilen pullaryny köpeldipdirler.Siseronyň sözlerine görä b.e. öň 70nji ýyllarda Sisiliýada dikme bolan Gaý Werres 3 ýylda 40 million sestersiý pul toplapdyr.

Sulla ölensoň onuň girizen düzgünlerine b.e. öň 78-nji ýylda konsul bolan Mark Emiliý Lepid garşy çykypdyr. Ol galla paýlamagy , tribunlaryň öňki hukuklaryny dikeltmegi, proskribsiýa edilenleriň günäsini geçmegi we emlägini gaýtaryp bermegi teklip edipdir. Ýöne Lepidiň proskribsiýa bolanlar baradaky teklibi geçmändir. Sebäbi bu ýerde köp sanly sullaçylaryň bähbitlerine zarba uruljakdy.

Tiz wagtda etrusk şäheri Fezulyda gozgalaň turupdyr. Ony basyp ýatyrmaga konsullar Lutasiý Katull we Emiliý Lepid iberilipdir. Lepid goşuny bilen gozgalaňçylara goşulypdyr. Karull bolsa , Rime gaýdypdyr. Lepide Sizalpin Galliýasyndaky Rimiň dikmesi Ýuniý Brut hem goşulypdyr. Ispaniýada bolsa Mariniň serkerdeleriniň biri Sertoriý gozgalaň turzupdyr.

Lepid goşuny bilen Rime gaýdypdyr. Rimiň golaýynda Mars meýdançasynda Lepid bilen Katullyň arasynda uruş bolup, Lepid Etruriýa çekilipdir. Ony Katull yzarlapdyr. Soň Lepid Sardiniýa geçip, şol ýerde-de Rim dikmesi tarapyndan derbi-dagyn edilipdir. Ol tizden ölüpdir. Demirgazyk Italiýada hereket edýän Ýuniý Brutuň garşysyna ýaş , ukyply serkerde Gneý Pompeý iberilipdir. Ol öz işini çalt bitirip, gozgalaňçylary boýun egdiripdir. Ispaniýada hereket edýän gozgalaňyň baştutany Sertoriniň garşysyna ukyply serkerde Metell Piý iberilipdir. Kwint Sertoriý senagatyň garşydaşlaryny öz daşyna jemläp, Ispaniýanyň esli bölegini basyp alypdyr. Adalatly dolandyryş ulgamyny girizipdir. Ýerli taýpalar ony goldapdyr. Ol Mitridat VI bilen Rime garşy göreşmek üçin şertnama baglaşypdyr. Ol Orta ýer deňziniň galtamanlary bilen hem gepleşiklere girip, rim flotunyň hereketinde howpsuzlygy üpjün edipdir. B.eöň 70-nji ýyllaryň ortalarynda Sertoriniň ýagdaýy berk bolupdyr. Şonuň üçin hem Metel Piýe kömek bermek üçin Gneý Pompeýi täze goşun bilen Ispaniýa iberipdirler.

Sertoriý goşuny ikä bölmeli bolupdyr. Sertoriý Pompeýe garşy uruşýan goşunlara , Metelle garşy uruşýan goşunlara bolsa Mark Perperna baştutanlyk edipdir. Pompeý Sertoriniň arasyny Mitridat VI-dan we galtamanlardan kesipdir. Onuň ýerli taýalar bilen hem arasyny bozupdyr. Hraby şowsuzlyklar netijesinde Sertoriniň egindeşleriniň arasynda agzalalyklar başlanypdyr. B.e.öň 72-nji ýylda Perperna Sertorä garşy dildüwüşik gurapdyr we ony oturlyşyk mahalynda öldüripdirler. Şondan soň Pompeý Sertoriniň goşunyny çalt ýeňipdir. Soň Pompeý Ispaniýa biraz bolup, dolandyryşy gowulandyrypdyr. Köp taýpalar ony öz patrony hökmünde ykrar edipdirler.

2.Ispaniýada uruşlaryň iň gyzgalaňly wagtynda Rimiň merkezinde – Italiýada frakiýaly gladiator Spartagyň baştutanlygynda iň uly gozgalaň giň gerim alypdyr.

B.e. öň 74-nji ýylda Kapuýa şäherinde gladiatorlaryň mekdebinde 200 gladiator dildüwşük gurap , olaryň diňe 78-si şäherden çykyp, Wezuwiý dagyna gaçyp bilipdir. B.e.öň 74-nji ýylyň ahyrynda 73-nji ýylyň başynda gozgalaňçylaryň sany 10 müňe ýetipdir . Olar kampom şäherlerine we willalaryna çozup durupdyrlar. Rim häkimýetleri ilkibaşda gullaryň birnäçesiniň gaçmagyna üns bermändi. Ýöne Spartagyň üstünlikleri olary howsala salyp başlapdyr. Oňa garşy 3 müňli rim goşuny iberilipdir. Goşun gozgalaňçylary Wezuwiýde gabap, ýeke-täk geçelgäni bekläpdirler. Ýöne Spartak öz urşujylaryny kert gaýadan düşürip, duşmanyň ýeňsesinden duýdansyz dökülip, derbi-dagyn edipdir. Soňra onuň goşuny gün-günden artypdyr. Spartakçylar pretor Wariniň baştutanlygyndaky rimlileriň iki legionyny derbi-dagyn edipdirler. B.e. öň 72-nji ýylyň ýaryna çenli Spartagyň goşuny 70 müňe ýetipdir. Gozgalaňçylaryň goşuny gazaply güýje öwrülipdir.

B.e. öň 72-nji ýylda Senat gozgalaňçylara garşy iki konsuly hem iberipdir.

Rimlileriň hüjüme geçen wagty Spartagyň goşunynda bölünişik bolupdyr. Kriksiň baştutanlygynda 30 müňli goşun Apuliýada galypdyr. Spartak bolsa galan gfoşun bilen Demirgazyk Italiýa gidipdir. Ol gozgalaňçylary Italiýadan çykarjak bolan bolmaly.

Kriksiň garşysyna pretor Arriý iberilip, ony derbi-dagyn edilipdir. Soňra konsullaryň biri demirgazykda , beýlekisi günortada Spartagyň ýoluny bekläpdirler. Spartak olary ýeke-ýekeden derbi dagyn edipdir. Şondan soň Alp daglaryna tarap ýol açylypdyr. Mutiny şäheriniň golaýýnda Spartaga garşy Demirgazyk Italiýadaky rim dikmesi çykyş edipdir. Ol doly derbi-dagyn edilipdir.

Spartagyň ajaýyp ýeňişlerinden oňa garşy çykjak Rimde goşunam, serkerde-de galmandyr. Rimde zordan 6 sany täze legion düzülip, oňa pretor Mark Liziniý Krassy baştutan belläpdirler. Ol gazaply çäreler bilen goşunda düzgün-terbiýe ýola goýupdyr. Söweşde argynlyk eden legionda deşimasiýa (ondan birini jezalandyrmak) girizipdirler. Spartagyň goşunynda üstünlikden başy aýlanan serkerdeleriň arasynda agzalalyk başlapdyr. Näbelli sebäplere görä, Spartagyň goşuny Demirgazyk Italiýa baransoň, birdenkä yzyna öwrülipdir. Krass aýgytly söweşe girmän, ony yzarlapdyr. Gozgalaňçylar b.e. öň 72-nji ýylyň güýzüne çenli bütin Apennin ýarym adasyny geçipdirler. Spartak garakçylaryň kömegi bilen Sisiliýa geçmekçi bolupdyr. Ýöne garakçylar sözünde tapylmandyrlar. Krass gozgalaňçylary gabamak üçin (55 km) gazdyrypdyr we gum üýşürip belent päsgelçilik döredipdir. Spartak Illiriýa gitmek üçin Brunduziýa portuna ugrapdyr. Krassa Ispaniýadan Pompeýiň , Makedoniýadan Mark Lukullyň baştutanlygynda kömege goşun çagyrylypdyr. Spartagyň goşunyndan ýene-de 12 müňli goşun bölünip aýrylypdyr. Goşunyň esasy bölegi bolsa Brunduziýa tarapa ugrapdyr. Krass olaryň yzyndan ýetip, söweşmäge mejbur edipdir. Gozgalaňçylar güýçli ýeňlişe sezewar bolupdyrlar.Olaryň köpüsi, Spartak hem wepat bolupdyr.Krass we Pompeý gozgalaňyň soňky ojaklaryny hem ýok edipdirler. Gozgalaňyň ýeňilmeginiň esasy sebäbi agzalalyk bolupdyr. Onsoňam gozgalaňçylaryň ýaraglanşy we harby tälimi gowşak bolupdyr.

3.Pompeýiň Ispaniýadaky ýeňişleri we Krassyň Spartagy ýeňmegi olary uly meşhurlyga eltipdir. Senat oligarhiýasy bularyň diktator bolmagyndan gorkup başlapdyrlar. Pompeý senatdan weteranlaryny sylaglamagy , özüniň Ispaniýadaky girizen düzgünleriniň tassyklanmagyny , b.e. öň 70-nji ýylda Konsul saýlanmagyny talap edipdir. Populýarlar eger-de özleriniň talaplaryny (senatyň hukuklaryny çäklendirmek, halk ýygnagynyň hukuklaryny giňeltmek, halk tribunanyň ygtyýarlyklaryny Sulladan öňki döwürdäki ýaly dikeltmek) ýerine ýetirse, Pompeýi goldajakdyklaryny we onuň talaplaryny kanagatlandyrjakdyklaryny wada beripdirler.

Şeýlelikde b.e. öň 71-nji ýylda senata garşy güýçli bileleşik emele gelipdir. Senat Pompeýiň talaplaryny ýerine ýetirmäge mejbur bolupdyr. Onuň hormatyna triumf hem geçirilipdir. Pompeý we Krass konsul saýlanypdyr. Bular populýarlaryň talaplaryny hem ýerine ýetiripdirler. Olar Sullanyň ýatyran senzor wezipesini dikeldipdirler. Täze senzorlar konsullaryň has täsirli garşydaşlary bolan senatorlary senatdan çykarypdyrlar (10%). Sud komissiýalarynyň düzümine senatorlar bilen birlikde wsadnikler we baý şäherliler hem girizilipdir. Şeýlelikde b.e. öň 70-nji ýylda Pompeýiň we Krassyň konsullyk eden döwründe Sullanyň döreden syýasy düzgüni ýok edilipdir. Bu wakalar parahatçylykly bolup geçipdir. Sebäbi Pompeý bilen Krassyň Italiýada güýçli goşunlary bardy. Senat bolsa b.e. öň 74-71-nji ýyllarda bolan gozgalaňdan gorkupdy.

B.e. öň 60-50-nji ýyllarda Rimde jemgyýetçilik durmuşy işjeňleşipdir. Halk ýygnagynyň möhüm wezipeleriniň biri hem ýokary wezipeli adamlary magistratlary saýlamak bolupdyr. Bir wezipä birnäce dalaşgär hödürlenipdir. Olar özlerine ses ýygnamaly bolupdyrlar. Halk ýygnagynyň işine serkerdeleriň harby üstünlikjleri uly täsir edipdir. Urşujylar halk ýygnagynda möhüm ähmiýete eýe bolupdyrlar.

B.e. öň I asyryň 60-njy ýyllarynda Rimiň syýasy durmuşynda Gneý Pompeý Möhüm orun tutupdyr. Ol konsullyk edeninden soň , jemgyýetçilik durmuşdan çetleşipdir. Yöne ol tiz wagtdan harby baştutanlygy kabul etmeli bolupdyr. Ortaýer deňziniň galtamanlary köpelipdirler we güýçlenipdirler. Olar gämileriň ýuzmegi üçin howply bolupdyrlar. B.e. öň 67-nji ýylda halk tribuny Gabiniý Pompeýe güýçli flot we aýratyn ygtyýarlyklar berip, garakçylara garşy çykarmagy teklip edipdir. Pompeý Ortaýer deňzinde we onuň 75 km inlilikdäki kenarlarynda ýokary baştutanlygy kabul edipdir. Şu çäklerdäki Rimiň ähli weziplei adamlary oňa tabyn bolmaly ekenler.

Pompeý Ortaýer deňzini 30 etraba bölüp, olaryň hersine degişli sandaky harby gämileri iberipdir. Olar garakçylaryň ähli gämilerini ele salyp, ýok edipdirler. Olaryň galalaryny ýumrupdyrlar we birleşmelerini hem dargadypdyrlar. Pompeýiň abraýy has-da artypdyr. Ol mundan peýdalanyp, Pont patyşasy Mitridata garşy III urşa baş serkerde bolmagy gazanypdyr. Mitridat bilen II uruş b.e. öň 83-82-nji ýyllarda bolan ekeni.

Rimiň içerki ýagdaýynyň çylşyrymly bolmagy rim senatyna gündogar işleri bilen meşgullanmaga mümkinçilik bermändir. Ermenistanyň patyşasy Tigran II mundan peýdalanyp , Mitridat we Parfiýa bilenem arkadaşlygyna daýanyp, Gündogar Kiçi Aziýany (Kappaddiýa, Kilihiýa, Komagena), Demirgazyk Mesopotamiýany, Siriýany, Finikiýany basyp alyp özüni Selewkidleriň mirasdary , Antiohiýa şäherini bolsa paýtagt diýip yglan edipdir.

Tigran II-niň üstünlikleriniň Rimiň gündogar syýasatynyň gowşaklygy hasaplap, Mitridat b.e. öň 74-nji ýylda Rim bilen III urşuny başlapdyr. Ol Propontidada Kalhedon we Kizik galalaryny gabaýar ýöne alyp bilmeýär. Konsul Lisiniý Lukullyň baştutanlygynda gelen Rim goşuny b.e. öň 72-nji ýylda Mitridaty uly ňlişe sezewar edipdir. Mitridat Tigran II ýanyna gaçypdyr. Lukull ony bermegi sorapdyr. Ýöne alyp bilmänsoň , Tigran II-ä uruş yglan edipdir. Ol başga nüstünlikli hereket edip, soňra şowsuzlyga uçrapdyr. B.e. öň 66-njy ýylda onuň ýerine Pompeý gelipdir. Ol Parfiýa bilen şertnama baglaşypdyr. Parfiýa Tigran II-ä Mitridata bolan sowuklyk aralaşyp, ony goramagyny bes edipdir. B.e. öň 66-njy ýylda Nikopol şäheriniň ýanynda Pompeý ony derbi-dagyn edipdir. Mitridat demirgazyk mülklerine gaçypdyr. Ol ýerde bolsa ogly, Farnak gozgalaň turzupdyr. Hemmeler tarapyndan ýekirlen Mitridat öz köşgünde özuňi öldüripdir (b.e. öň 63 ý). Ermenistan Rime garaşly döwlete öwrülipdir. B.e. öň 64-nji ýylda Pompeý Selewkidler döwletini ýatyryp, ýerine Siriýa welaýatyny döredipdir.

B.e. öň 60-njy ýyllaryň ahyrynda ýene-de ýer meselesi ýitileşipdir. Ownuk daýhanlaryň köpüsi ýerlerini ýitirip, ýersiz galypdyrlar. Olar ýene-de ýer talap edip başlapdyrlar. B.e. öň 63-nji ýyldaky halk tribuny Sewiliý Rull az ýerli adamlara ýer paýlap bermegiň kanun taslamasyny işläp düzüpdir. Ol ýerleri döwlet ýerleriniň hasabyna paýlamagy , şeýle hem hususy ýerlerden döwlet gaznasynyň hasabyna, Pompeýiň gündogardan getiren oljasynyň hasabyna satyn alyp paýlamagy teklip edipdir.

Senat we b.e. öň 63-nji ýylyň konsuly Sideron Rulluň teklip eden kanunyny geçirmändirler.

B.e. öň 63-62-nji ýyllarda Rimde Katilinanyň dildüwşügi adyny alan wakalar bolup geçipdir. Ol Sullanyň egindeşleriniň biri bolup, ol konsul bolmak , soňra bolsa welaýat dikmesi bolmagy arzuw edipdir. Ýöne ol konsul bolup bilmändir we wezipäni güýç bilen eýelemek üçin dildüwşük gurapdyr. Katilina garşy göreşe b.e. öň 63-nji ýyldaky konsul Mark Tulliý Siseron baştutanlyk edipdir. Ol Katilinanyň tarapdarlaryna garşy goşun iberipdir. Dildüwüşijiler ýok edilipdir. Katilina ölüpdir.

4.Katilinanyň dildüwşügi ýok edilenden soň , senat we populýarlar Pompeýiň gündogar goşunlarynyň gelmegine howsala bilen garaşypdyrlar. Olar Pompeý häkimýeti basp alar öýdüpdirler. Ýöne Pompeý konstitusiýada beýan edilişi ýaly goşunyny Rime girizmän ony dargadypdyr. Şondan senat oligarhiýasy Pompeýi pese düşürip başlapdyr. Onuň gündogardaky düzgünlerini ýatyrmak, abraýdan düşmek howpy abanypdyr. Ol weteranlaryna wada eden ýer paýyny hem berip bilmändir.

Pompeý Senatyň garşylygyny ýok etmek üçin, aýgytly hereket edipdir. Ol wsadnikler tarapyndan goldanylýan Krass we şäher plebsiniň arasynda has meşhur syýasatçy uliý Sezar bilen Senat oligarhiýasyna garşy bilen göreşmek üçin gizlin ylalaşyk baglaşypdyr. Taryhda I triumwirat adyny alan bu ylalaşyk b.e. öň 60-njy ýylda bolupdyr.

I Trimwirat senatyň garşysyna dürli güýçleriň bileleşigi bolupdyr. Bu bileleşigiň birinji üstünligi b.e. öň 59-njy ýylda Ýuliý Sezaryň konsul saýlanmagy bolupdyr.Sezar Pompeýiň talaplaryny ýerine ýetiripdir. Krass we onuň tarapdarlary üçin Aziýa welaýatyndan salgyt ýygnamagyň bahasyny azaldypdyr. Özi üçin konsullyk möhleti tamamlansoň , 5 ýyl möhlet bilen Sizalpin we Narbon Galliýasyna 2 legion goşun bilen dikmelik wezipesini alýar.

Bu çäreler gazaply göreş netijesinde amala aşyrylypdyr. Beýleki konsul Bibul (optimatlardan) hakykatda wezipesinden çetleşdirilipdir. Aýry-aýry tribunlaryň Ýuliý Sezaryň kanunlaryna “weto” goýmagyna üns hem berilmändir. Sezaryň kinsullygy ýeke özüniň hökümdarlygyna öwrülipdir.. Sezaryň kanunlary giň halk köpçüliginiň bähbitlerini aňladypdyr. Sezar Galliýa gitmezinden öň özüniň Rimdäki täsirini saklamak üçin çäre görüpdir. Ol öz bähbidi üçin b.e. öň 58-nji ýyldaky halk tribuny Publiý Klodiý Pulhry ulanmakçy bolupdyr. Klodiý asly baý patrisiý maşgalasyndan bolup, syýasy garaýyşlary sebäpli plebeýleriň urugyna geçipdir. Sezar oňa köp kömek edipdir. Klodiý hem Sezaryň bähbitlerini gözden salmandyr. Ol optimatlara garşy tutanýerli göreşipdir. Klodiý halk ýygnagynda 4 sany möhüm kanuny geçiripdir: paýlanylýan galla üçin tölegiň ýatyrylmagy, şäher ýaşaýjylarynyň syýasy klublarynyň dikeldilmegi, senzorlaryň häkimýetiniň çäklendirilmegi, halk ýygnagynyň işleriniň tertipleşdirilmegi, ýagny magistratlar asman jisimlerine gözegçilik edip, halk ýygnagynyň işini ýatyryp bilipdirler. Klodiý şäher ilatynyň arasynda uly meşhurlyga eýe bolupdyr. Klodiý Siserona we Katon Kiçisine uly zarba urupdyr. Siserony Katilinony we onuň tarapdarlaryny sudsuz bikanun jezalandyrandygy üçin emlägini alyp, sürgün edipdirler. Katony bolsa iş bilen Kirpe ugradypdyrlar.

Reýnden günbatarda özbaşdak gall taýpalary ýaşapdyrlar.. Olara rimliler ýabany gallar diýipdirler. Galliýanyň demirgazyk gündogarynda - belgler, häzirki Biretan we Normandiýada – armorikler, Merkezi Galliýada – arwernler, eduiler, sekwanlar ýaşapdyrlar we kuwwatly bileleşmelere baştutanlyk edipdirler. Galliýanyň günorta-günbatar burçunda Pireneýler bilen Garonna derýasynyň arasynda akwitonlar ýaşapdyrlar.

Gall taýpalarynyň arasynda agzybirlik bolmandyr. Olar öz taraplaryna germanlary we rimlileri çekipdirler. Sezar b.e. öň 58-nji ýylda Galliýa gelip, kelt taýalarynyň agzalalygyndan peýdalanypdyr. Ol b.e. öň 56-njy ýyla çenli Reýn – Pireneý aralygynda bütin Galliýany basyp alypdyr.

Sezar Rimde bolýan wakalary hem gözden salmandyr. Ol öz tarapdarlaryna pul beripdir, syýasy garşydaşlaryny hem satyn alypdyr. Özüniň Galliýadaky üstünliklerini mazamlapdyr.

B.e. öň 50-nji ýyllaryň ortalaryna I trimwirat gowşapdyr. Pompeý we Krass biri-birine duşmançylykly bolupdyrlar. Olaryň ikisem Sezaryň Galliýadaky üstünliklerine göriplik edip, onuň syýasy täsiriniň artmagyndan gorkupdyrlar. Klodiniň hem meşhurlygy artyp güýçlenipdir we triumwirlere garşy çykyş edip başlapdyr. Ýöne triumwirler biri-biriniň kömegine mätäç bolupdyrlar. Sezar özüniň dikmelik möhletini uzaltmak üçin pompeýiň kömegine mätäç bolan. Krass Siriýanyň dikmesi bolup, Parfiýa garşy uruşmak we şöhrata, baýlyga, wepaly goşuna eýe bolmak isläpdirler. Pompeý bolsa özüniň güýçli goşunynyň ýerleşen ýeri ispan welaýatlaryna daýanypdyr.

B.e. öň 56-njy ýylda trimwirler jedelli meseleleri çözmek üçin Luka (D.g. Etruriýa) şäherinde düşüşypdyrlar. B.e. öň 55-nji ýylda Pompeý we Krass konsul bolupdyrlar. Wezipesiniň möhleti geçensoň bolsa, Krass Siriýa welaýatyna , Pompeý ispan welaýatlaryna dolandyrmaga bellendiler. Sezar bolsa ýene-de 5 ýyl Galliýada dolandyrmaga möhlet aldy. Bu ylalaşyk kanuny güýje eýe bolupdyr.

Rimde triumwirleri ýigrenipdirler. B.e. öň 58-53-nji ýyllarda Klodiniň baştutanlygynda şäher plebsiniň hereketi güýçlenipdir. Klodiniň tarapdarlarynyň garşysyna optimatlar b.e. öň 57-nji ýyldaky halk tribuny Milonyň tarapdarlaryny garşy goýupdyrlar. Bularyň arasynda güýçli çaknyşyklar bolup geçipdir.

Krass entek konsullyk möhleti tamamlanmanka Siriýa gidipdir. Ol Parfiýa garşy urşa taýyarlyk görüpdir. Rime Ermenistan hem kömek beripdir. Krass Parfiýanyň ýerlerine has çuň aralaşyp, parfiýalylaryň atly goşunynyň howpy astynda bolupdyrlar. Ilkinji çaknyşyk Habur derýasynyň boýunda bolupdyr. Soňra Karry şäheriniň golaýýnda parfiýalylar doly güýjünde hüjüme geçipdirler. Rimlileriň pyýada goşunyna parfiýalylaryň agyr ýaraglanan atly goşuny we atly peýkamçylary çykypdyr. Rimliler hüjüme geçmekçi bolanda parfiýa atly goşuny çekilip, rimlileriň üstüne peýkamlary ýagyş ýaly ýagdyrypdyrlar. Agşamara Krass Karra tarap çekilipdir. Ol ýerde onuň goşuny ikä bölünipdir. Kwestor Gaý Kassiý birnäçe goşun bilen günbatara çekilipdir. Krassyň özi goşuny bilen Ermenistana geçmäge synanyşypdyr. Ýöne Sinnaka diýen ýerde parfiýaly serkerde Süreniň goşunlary ony ýetip, derbi-dagyn edipdirler. Krass hem öldürilipdir. 40 müň rim goşunyndan 10 müňi rim welaýatyna dolanyp gelipdir. Rimlileriň ýeňilmegi Parfiýa şalygynyň kuwwatyny görkezipdir. Parfiýalylary ýeňmäge we boýun egdirmäge Rimiň güýji ýetmändir. Karry söweşinden soň , Rim bilen Parfiýanyň özara gatnaşyklary birnäçe asyrlap Rimiň gündogar syýasatyny kesgitläpdir.

B.e. öň 54-52-nji ýyllarda Galliýada birnäce gozgalaňlar bolupdyr.

B.e. öň 54-nji ýyldaky gozgalaňy basyp ýatyrmak Sezara başardypdyr. Ýöne rimlilerem uly ýitgiler çrkipdirler. B.e. öň 52-nji ýylda gozgalaň bütin Galliýany gurşap alypdyr. Gozgalaňa arwern taýpasynyň serdary ýaş serkerde Wersingetorig baştutanlyk dipdir. Ol Rimiň taryhynda iň uly gozgalaň bolupdyr. Werringetorigiň goşunlary birnäçe berkidilen galalary eýeläpdirler. Sezar çalt hereket edip, gallaryň iň köp güýçleriniň jemlenen ýeri bolan Awarik galasyny gabapdyr we syndyrypdyr. Sezar ýeňil bolmadyk göreşden soň gozgalaňy basyp ýatyrypdyr. Wersingetorig ýesir alnyp, Sezaryň triumflarynyň biri wagtynda jezalandyrylypdyr. B.e. öň 52-nji ýylda Galliýa doly boýun egdirilipdir. Şondan soň keltler romanlaşyp başlapdyr.

5.Krass parfiýalylara garşy, Sezar bolsa Galliýada keltlere garşy urşup ýörän wagty , Rimde Pompeý döwlet işlerine has uly täsir edip başlapdyr. Krass ölensoň, Sezaryň hem ýagdaýy gowy bolmansoň , Pompeý döwletiň ýeke-täk hökümdaryna öwrülipdir. Sezar Pompeýe päsgel bermek isläpdir. Ol syýasy işgärleriň köpüsini satyn alypdyr.

Rimde b.e. öň 50-nji ýyllaryň II ýarymynda syýasy durmuşda gazaply göreş tutaşypdyr. Klodiý bilen senat oligarhiýasynyň arasynda ýaragly çaknyşyklar bolupdyr. Bu toparlaryň ikisem triumwirlere garşy hem göreşipdirler. Magistratl.ara saýlawçylara kim köp pul paýlan bolsa şolary saýlapdyrlar. Ýa-da wezipeleri güýje daýanyp eýeläpdirler. Krass ölensoň , Pompeý özi bilen Sezaryň arasynda häkimýet ugrunda göreşiň tutaşjakdygyna düşünipdir. Şonda ol senat oligarhiýasy bilen arkadaş bolmagy göz öňünde tutupdyr. Rimde syýasy häkimýetiň gowşamagy güýçli häkimýetiň zerurlygyny ýüze çykarypdyr. Siseron b.e. öň 51-nji ýylda “Döwlet hakynda” diýen işini ýazypdyr.

B.e. öň 52-nji ýylda Pompeý konsul saýlanypdyr. Ol ilkinji bolup, ýeke özi dolandyryp başlapdyr. Ol Ispaniýadaky welaýatlaryň prokonsuly hem bolupdyr. Ol uly häkimýeti ele alyp, Rimiň azyk bilen üpjünçiligini gowulandyrypdyr. Klodini we Milony ýok etmegi başarypdyr. Rimde asudalygy üpjün edipdir. Pompeý goşunyna , Senata daýanyp Sezara ilkinji ädimi ädipdir. Ol Sezaryň goşunyny dargatmak, häkimýetini goýdurmak we Galliýadaky hereketleri üçin Senatyň öňünde hasabat bermegini talap edipdir. Sezar ýa syýasatyndan çetleşmeli, ýa-da uruşmaly boljakdygyna düşünipdir.

Mowzuk: Rimde respublika gurluşynyň ýykylmagy

Meýilnama:

1. B.e. öň 40-njy ýyllaryň raýatlyk uruşlary. Ýuliý Sezaryň hökümdarlygy

2. Rim respublikasynda b.e. öň I asyryň 40-njy ýyllarynyň ahyrlarynda 30-njy ýyllarda raýatlyk uruşlary. II triumwirat

3. B.e. öň III-I asyrlarda Rimiň medeniýeti

1.B.e. öň 49-njy ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 10-da Sezar gowy taýyarlyk görüp, Sizalpin Galliýasynyň Italiýanyň esasy bölegi bilen serhetdeş bolan Rubikon derýasyndan geçipdir. Ol ilki biraz ikirjeňlenip, soňra: “Bije atyldy” diýen taryhy sözlerini aýdypdyr. Sezar özüniň bikanun hereketini halk tribunlarynyň hukuklaryny goraýandygy bilen düşündiripdir. Pompeý , Sezara garşydaş konsullar, senatorlar Rimden Brundizi tarapa gaçyp, deňziň ahyrsyna geçipdirler. Sezar Rimi eýeläpdir. Şäherleriň birnäcesi, Pompeýiň taşlap gaçan goşunynyň hem birbölegi Sezaryň tarapyna geçipdir.

Soň Sezar Ispaniýa ugrapdyr. Ol ýerde Pompeýiň goşuny ýerleşýärdi. Sezar şeýle diýipdir: “Men goşunsyz serkerdäni ýeňdim, indi bolsa serkerdesiz goşuny ýeňmäge barýaryn!” Ol Ispaniýada Pompeýiň goşunlaryny boýun egdirip (b.e. öň 49-njy ýyl), Rime gaýdyşyn özüne duşmançylykly bolan Massiliýany eýeläpdir we onuň mülkleriniň köp bölegini Rim welaýatyna goşupdyr.

Rimde Sezar diktator diýlip yglan edilipdir. Onuň buýrugy bilen Sulla tarapyndan yzarlananlaryň ählisiniň hukuklary dikeldilipdir. Soň magistrataryň saýlawlary geçirilipdir. Sezar konsul saýlanyp, öz ornuna Mark Antonini goýupdyr we Illiriýa gidipdir. B.e. öň 48-nji ýylda Dirrahiý şäheriniň ýanynda Pompeýe garşy şowsuz göreş alyp barypdyr. Soňra azyk edinmek üçin Fessaliýa gidipdir. Pompeý hem ony yzarlapdyr. Bularyň arasynda b.e. öň 48-nji ýylyň tomsunda Farsal şäheriniň ýanynda söweş bolup, Sezar uly ýeňiş gazanypdyr. Pompeý goşuny taşlap, ilki Lesbosa , soňra Siriýa , ondan hem Müsüre gaçypdyr. Müsüriň patyşasy onuň ýeňilendiginden habarly bolupdyr we ony öldüripdir. Sezaryň aman galan garşydaşlary Afrikada we Ispaniýada jemlenip ugrapdyrlar.

Sezaryň Aleksandriýa gelipdir we ýaňy-ýakynda ölen patyşa Ptolemeý XI-niň mirasdarlary Ptolemeý XII bilen Kleopatra VII-niň arasyndaky tagt dawasyna goşulypdyr. Sezar Kleopatranyň dogany bilen ýurdy dolandyrýandygyny yglan edipdir. Ptolemeý XII Aleksandriýanyň ilatyny rimlilere garşy gozgalaňa galdyrypdyr. Sezar we Kleopatra öz tarapdarlary bilen Müsür patyşalarynyň deňiz ýakasyndaky köşgünde b.e. öň 48-47-nji ýyllaryň gyşyny gabawda bile geçiripdirler. B.e. öň 47-nji ýylyň ýazynda kömek gelensoň , Sezar Ptolemeý XII-ni Niliň kenaryndaky söweşde derbi-dagyn edipdir. Müsür patyşasy gaçyp barýarka gark bolupdyr.Kleopatra VII Müsüriň patyşasy diýlip jar edilipdir.

Soňra Sezar kakasy Mitridat VI-niň ýitiren Pont patyşalygynyň ýerlerini basyp alyp, Rimiň Aziýa welaýatyna howp salýan Bospor patyşasy Farnagy Zely şäheriniň ýanynda derbi-dagyn edipdir. Bu ýeňişi barada Sezar bir dostuna şeýle ýazypdyr: “Geldim, gördüm, ýeňdim” .

Sezar Rime dolanyp gelipdir.Ýurduň ykdysady ýagdaýy ýaramazlaşypdy. Plebs bergileriň ýatyrylmagyny talap edýärdi. Gozgalaňlar bolup geçipdir. Sezar Afrikada we Ispaniýada garşydaşlarynyň güýçlenýändigini göz öňünde tutup, Plebs üçin ýeňillikler edipdir. Ol has garyplar üçin jaý tölegini 1 ýyllyk ýatyrypdyr. Göterimler hem ýatyrylypdyr. Urşujylara hem ähli tölemeli haklary töläpdir. Sezar bu serişdeleri özüniň öldürilen garşydaşlarynyň , ilki bilen Pompeýiň ýerleriniň we emläginiň hasabyna edilipdir.

Italiýada ýagdaýyny dürsänsoň , Sezar Afrikadaky garşydaşlaryna garşy ýörişe ugrapdyr. B.e. öň 46-njy ýylda Sezar Tapsa şäherjiginiň ýanynda duşmanlaryny derbi-dagyn edipdir. Afrika şäherleriniň köpüsi boýun egdirilipdir. Iň köp saklanan Utika şäheri bolup, ondaky goşunlara baryp ýatan respublikaçy Katon Kiçisi baştutanlyk edipdir. Ol mundan beýläk Sezara garşy göreşip bolmajagyny bilipözüni öldüripdir.

Afrikadaky uruş gutaran soň Sezar Rimde 4 sany triumf (gall, müsür, aziýa, afrika) geçiripdir. Sezaryň garşydaşlary Ispaniýada gaýtadan urşa başlapdyrlar. Pompeýiň ogullary täze uly goşun ýygnapdyrlar. Sezar Ispaniýa gyssagly ugrapdyr. Ispaniýanyň günortasynda , Munda diýen ýerjagazda söweş bolupdyr. Söweş barada senata iberen hatynda Sezar eger öňler ýeňiş üçin söweşen bolsa, bu ýerde ýaşaýyş üçin söweşendigini ýazypdyr. Sezar ýeňipdir. (b.e. öň 45-nji ýyl).

Mundanyň ýanyndaky söweş bilen b.e. öň 49-45-nji ýyllaryň raýatlyk uruşlary tamamlanypdyr. Sezar Rim döwletiniň ýeke-täk hökümdary bolupdyr. Rime gaýdyp gelensoň , b.e. öň 44-nji ýylda Sezar ömürlik diktator diýlip yglan edilipdir. Oň ol ömürlik halk tribuny, b.e. öň 46-njy ýyldan bäri senzor hukuklaryny alan ekeni. B.e. öň 63-nji ýyldan bäri bolsa ol ýokary ruhany ekeni. Şeýlelikde Respublikanyň dürli magistratlary onuň elinde jemlenipdir. Sezar senata özüniň tarapdarlaryny girizip, senatorlaryň sanyny 900-e ýetiripdir.

Halk ýygnagy hem ýygnanypdyr, ýöne syýasy ähmiýetini ýitiripdir. Magistratlara dalaşgärleri Sezar hödürläpdir. Magistratura wezipesini eýeleýänleriň sany artdyrylypdyr we olaryň syýasy ähmiýeti peselipdir. Rim döwletiniň respublika gurluşy harby diktatoryň ýeke özüniň dolandyrmagy bilen çalşyrylypdyr.

Sezar welaýatlardaky ýokary gatlak wekilleriniň goldawyny gazanmak üçin welaýat begzadalaryna rim raýatlyk hukuklaryny beripdir. Şäherleriň köpüsine munisipiý hukugyny beripdir. Dürli welaýatlar bilen aragatnaşyklary , söwdany ýeňilleşdirmek üçin Sezaryň buýrugy bilen Rimiň porty Ostiýa abadanlaşdyrylypdyr. Korinfde gämiler ýüzer ýaly kanal gurlupdyr. Altyn pul zikgelenipdir.

Welaýatlardaky ilatlardan salgydyň ýygnalyşy tertipleşdirilipdir.

B.e. öň 45-nji ýylda Sezaryň buýrugy bilen kalendarda özgeriş girizilipdir. B.e. öň 45-nji ýylyň Türkmenbaşy aýyndan başlap öňki “aý” ýylynyň ýerine “gün” ýyly girizilýär. Aleksandriýaly alymlaryň hasaplamagy bilen 365 gün 6 sagat bir ýyla deň bolupdyr. 4 ýylda 1 gezek Baýdak aýy 29 gün bolupdyr. Bu “Ýulian” ýyl hasaby Ýewropada XVI-XIX asyrlara, Russiýada 1918-nji ýylyň Baýdak aýyna çenli saklanypdyr.

Rim mobilitetindäki garşydaşlaryndan üstün çykansoň Sezar optimatlaryň isleýän çärelerinden geçirip ugrapdyr. Mugt çörek alýan Rim raýatlarynyň sany 320 müňden 150 müne getirilipdir. Hünärmentleriň bileleşiklerini döretmek gadagan edilipdir.

Optimatlar bilen ýaraşmak üçin Sezar öňki garşydaşlarynyň käbirleriniň günäsini geçipdir.

Sezar olara Rime gelmäge , dürli wezipeleri eyelemäge rugsat beripdir. Ýöne şeýle-de bolsa nobilitetde Sezara we onuň syýasatyna garşy duşmançylykly meýiller agdyklyk edipdir.Aýratynam rim begzadalary Sezaryň rim raýatlygynyň hukuklaryny sahylyk bilen bermeginden närazy bolupdyrlar. Birnäce dildüwşükler edipdirler. B.e. öň 45-nji ýylyň ahyrynda Siriýada Sezara garşy gozgalaň turup, çalt basylyp ýatyrylypdyr. Icerki ýagdaýy kadalaşdyrmak üçin Sezar Gündogara uly ýörişe taýyarlyk görüp ugrapdyr. Ol Parfiýa patyşalaryny derbi-dagyn edip öz häkimýetini berkitmek isläpdir. Şol wagtlar Sezar özüňi patyşa diýip jar etjek bolýar diýen myş-myşlar ýaýrapdyr.

Nobilitetiň wekilleriniň arasynda täze dildüwşük döräpdir. Oňa Gaý Kassiý Longin we Mark Ýuniý Brut baştutanlyk edipdir. Dildüwşüge 60 senator gatnaşypdyr. Olaryň maksady Sezary öldürmek we köne respublika gurluşyny dikeltmek bolupdyr. Sezary öldürmek onuň Gündogara ýörişiniň öňüsyrasyndaky senatyň mejlisinde b.e. öň 44-nji ýylyň Nowruz aýynyň 15-inde amala aşyrylypdyr. Ähli senatorlar, bütin ilat öýli-öýlerine girip gizlenipdirler. Dildüwşüjileri hiç kim goldamandyr. Olar respublikany jar edip bilmän, gaýtam Kapitolä gaçyp gizlenipdirler.

2.Sezar öldürilensoň , Ýuniý Brut ertiri forumda özuňi aklap çykyş edipdir. Yöne märekede dym-dyrslyk bolupdyr.

B.e. öň 44-nji ýylyň Nowruz aýynyň 17-sinde senat ýygnanypdyr. Dildüwşüjileriň birnäçesi Sezary “döwletiň duşmany” diýip yglan etmekçi bolupdyrlar. Onuň ähli kararlaryny ýatyrmagy teklip edipdirler. Ýöne senatorlaryň köpüsi Sezardan alan sowgat – peşgeşlerini, wezipelerini ýitirmek islemändirler we bular bilen ylalaşmandyrlar.

Siseronyň teklibi kabul edilipdir. Sezar merhum hasaplanypdyr, dildüwşüjileriň günäsi geçilipdir, diktatoryň çykaran kararlary bolsa güýjünde galypdyr..

Bu karar Sezaryň ýakyn dostlary Mark Antoniý bilen Emiliý Lepidi ruhlandyrypdyr.Mark Antoniý Sezaryň gaznasyny eýeläpdir we onuň jaýlanýan wagty söz sözläp, onuň halka eden wesýetini okap beripdir. Iň garyp raýatlar we weteranlar wesýetnama esasynda 300 denariý pul alypdyrlar. Sezaryň Tibrden aňyrda ýerleşen ajaýýp baglary bolsa halkyňky diýlip yglan edilen. Halk dildüwşüjileri ýigrenip başlapdyr.Olar Rimden gitmäge mejbur bolupdyrlar. Forumda Sezaryň jesediniň ýakylan ýerinde ony keramatlaşdyryp, sadaka berlip başlanypdyr. Senatda respublikaçylara Mark Tulliý Siseron , sezarçylara Mark Antoniý baştutanlyk edipdir. Antoniý welaýatlara dikmeleri gaýtadan bellemek baradaky kanuny geçirdip, özi iki Galliýada hem prokonsul bolupdyr.

Ispaniýada Sekst Pompeý (ogly) sezarçy goşuny goşuny derbi-dagyn edip, Italiýa çozmaga taýyarlanypdyr. Siseron sezarçylary bölüpdir. Ol Sezaryň ýegeni Gaý oktawini goldapdyr. Sezaryň wesýetnamasynda Gaý oktawiý mirasdar bellenen ekeni. Gaý Oktawiý Antoniýden Sezaryň pullaryny bermegini talap eden. Ýöne alyp bilmändir. Siseron Oktawiniň Sezaryň ogullygy we mirasdary baradaky kanuny geçiripdir. Şondan soň oňa Gaý Ýuliý Sezar Oktawian diýlipdir.Ol halka pul paýlap meşhurlyga eýe bolupdyr. Ol senatyň goşunyny köpeltmäge kömek edip, 19 ýaşynda pretor saýlanypdyr. Iki konsul we Oktawian tarapyndan baştutanlyk edilýän senat goşuny b.e. öň 43-nji ýylda Mutiny diýen ýerde Antoniý bilen çaknyşypdyr. Iki konsul hem ölüp, goşuna ýaş Oktawian baştutanlyk edipdir. Senat Brut bilen Gaý Kassini goldap, olary Siriýa we Makedoniýa prokonsul belläpdir. Oktawian senata garşy goşun sürüp, Rimi eýeläpdir.

B.e. öň 43-nji ýylyň güýzünde üç serkerde : Mark Antoniý, Emiliý Lepid, Gaý Sezar Oktawian Bononiýada duşuşyp, halk ýgnagynyň karary bilen häkimýeti ele alypdyrlar. Şeýdip II triumwirat emele gelipdir.

Triumwirler dildüwüşijileri proskribsiýa edip başlapdyrlar, 300 senator, 2000 wsadnik öldürilipdir. Olaryň ilkinjileriniň biri Siseron bolupdyr.

Sekst Pompeý howp salyp ugrapdyr. Ol Sisiliýany, Sardiniýany, Korsikany eýeläp, ähli gaçgaklary kabul edip başlapdyr.

Mark Antoniý bilen Oktawianyň goşunlary Filippy şäheriniň ýanynda respublikaçy goşuny ýok edipdirler, Brut we Gaý Kassiý öldürilipdir.

Triumwirler welaýatlary gaýtadan paýlaşypdyrlar. Oktawian Galliýany, Ispaniýany, Illiriýany, Lepid Afrikany, Antoniý Ortaýer deňziniň gündogar welaýatlaryny eýeläpdir. Antoniýrespublikaçylara kömek berendigi üçin ähli gündogar patyşalaryndan harby töleg talap etmek üçin öz ýanyna – Tarsa çagyrypdyr. Müsüriň patyşasy Kleopatra hem gelipdir. Ol Antonini özi bilen Aleksandriýa alyp gidipdir. Ol b.e. öň 42-41-nji ýyllaryň gyşyny şol ýerde hereketsiz geçiripdir. Hat-da b.e. öň 41-nji ýylyň ýazynda parfiýalylar Rimiň Siriýa we beýleki gündogar ýerlerini basyp alanda-da ol Müsürde galmagyny dowam edipdir.

Italiýada azyk ýetmezçiligi sebäpli triumwirlerden närazylyk döräpdir. Antoniniň dogany we aýaly halky Oktawiana garşy gönükdirip, gozgalaň turzupdyrlar. Oktawian gozgalaňy derbi-dagyn edipdir. Ýöne Lusiý Antoniý bilen Fulwiýany goýberipdir.

Tiz wagtdan Antoniý gelip, Brunduziý portuna düşýär. Antoniý bilen Oktawianyň arasynda açyk çaknyşyk bolmaýar. Olar ylalaşyk baglaşypdyrlar.Ylalaşyk dul galan Antoniý bilen Oktawianyň uýasy Oktawiýa ikisiniň nikasy arkaly berkidilipdir.

Rimiň ilaty azyk ýetmezçiliginden horlanypdyr. Halk köpçüligi triumwirleriň S.Pompeý bilen duşuşypdyrlar. Triumwirler S.Pompeýe kakasynyň elinden alnan emläginiň öwezine pul tölemegi wada beripdirler. Oňa Sisiliýany, Sardiniýany, Peloponnesi dolandyrmaga beripdirler. S.Pompeý hem öz gezeginde Italiýanyň deňiz gabawyny , garakçylary goldamagyny, gaçgak gullary kabul etmegini bes etjekdigini söz beripdir. Sezara garşy dildüwşüklerden başga proskripsiýa edilenleriň günäsi geçilýär.

Antoniý ýene-de gündogara gidipdir. Onuň legaty Wentidiý Bass Kiçi Aziýada parfiýalylary ýeňip, Kiçi Aziýada we Siriýada Rimiň agalygy dikeldilipdir. Antoniý Ýewfratdan aňra hem ýöriş edip, soňra ýene-de Müsüre gidipdir. Ol Kleopatrany “patyşalaryň patyşasy” diýip yglan edipdir. Antoniniň Kleopatra bilen aragatnaşyklary şahsy häsiýete eýe bolupdyr. Antoniý onuň bilen nikalaşyp, birmahalky Aleksandryň döwletine giren ýerlerde we Rim respublikasynda ýeke özüňiň häkimýetini çalt berkarar edip bolar öýdüpdir.

B.e. öň 36-njy ýylda Antoniý uly goşun bilen Parfiýa garşy ýöriş edýär. Ol Mesopotamiýanyň daşyndan aýlanyp, Ermenistanyň üsti bilen Midiýa Atropatena giripdir. Bu ýurtda oňa uly garşylyk görkezilipdir. Rimlileriň ýükleri we gabaw enjamlary parfiýa atly goşuny tarapyndan basylyp alnypdyr. Gyş düşüpdir. Antoniý yza çekilipdir, şol döwürde onuň goşunynyň dörtden biri heläk bolupdyr.

Antoniniý parfiýa garşy şowsuz ýöriş edýän mahaly, Oktawian uly harby flot döredip, Sekst Pompeýi iki sany deňiz söweşinde derbi-dagyn edipdir. Oktawian Lepid bilen bilelikde Sisiliýa düşüpdir. 1.Pompeý Kiçi Aziýa gaçyp, parfiýa ýerlerine aralaşmakçy bolupdyr. Ýöne ony tutup öldüripdirler. Emiliý Lepid Oktawianyň garşysyna onuň legionerleriniň arasynda gürrüň geçirip başlapdyr. Lepidiň goşunlary ony öz serkerdesi diýip yglan edipdirler. Goşunsyz galan Lepid galan ömrüni öz mülkünde ýaşamaly bolupdyr. Şeýlelikde , b.e. öň 36-njy ýylda Rimde häkimýet iki triumwir – Gunbatary dolandyrýan Oktawian bilen Gündogary dolandyrýan Antoniniň elinde bolupdyr. Antoniý Rimiň gündogar ýerlerini Kleopatradan bolan çagalaryna berip başlapdyr. Ol teňne zikgeledip, onda özi bilen Kleopatrany şekillendiripdir. Kleopatra bilen nikasyny resmi taýdan yglan edipdir. Bu ýagdaý Rimde Antoniniň garşysyna meýilleri güýçlendiripdir. B.e. öň 32-nji ýylda Oktawian öz goşunlary bilen senaty gabapdyr we Antoniniň garşysyna ýörite karar çykarypdyr. Ol Antonä duýgudaşlyk edýänlere Rimi terk etmäge rugsat beripdir. Mundan iki konsul we 300 senator peýdalanypdyr. Şondan soň Oktawian Kleopatra garşy uruş yglan edýär, ony rim ýerlerini öz adyna geçirmekde aýyplapdyr. Antoniý aýalyny gorap çykyş edeni üçin “Respublikanyň duşmany” diýlip yglan edilipdir. Antoniniň goşunlarynyň köpüsi Oktawianyň tarapyna geçipdir. B.e. öň 31-nji ýylyň Ruhnama aýynyň 2-nde Aksiý burnunyň ýanyndaky deňiz söweşinde Antoniý we Kleopatra floty taşlap gaçypdyrlar. Muny eşiden serkerdeler söweşi bes edipdirler.

B.e. öň 30-njy ýylda Oktawianyň goşunlary Siriýany we Palestinany alyp, Müsüre golaý gelipdir. Antoniý ony saklamaga synanyşypdyr. Oňa Kleopatranyň özüni öldürendigini habar beripdirler. Ol hem özüni ölüm howply ýaralapdyr we Kleopatranyň ýanyna äkitmegi buýrupdyr. Ýöne Kleopatra diri ekeni. Kleopatra hem özüni öldürmegi Antonä söz beripdir. Ýöne ol ölensoň Kleopatra özüniň boýun egýändigini Oktawiana habar edýär. Ýöne özi üçin altyn zynjyr taýarlanýandygyny eşidip özüni öldüripdir.

Antoniniň ölmegi we Müsüriň basylyp alynmagy bilen, Rimiň raýatlyk uruşlary tamamlanypdyr. Indi Rimiň ýeke-täk höümdary Gaý Ýuliý Sezar Oktawian bolup, Rimiň taryhynyň imperiýa döwri başlanypdyr.

Mowzuk: Rim imperiýasy Oktawian Awgustuň döwründe we b.e. I asyrynda

Meýilnama:

1. Awgustyň içerki we daşarky syýasaty

2. Klawdiniň prinsipaty

3. Neronyň prinsipaty

1.B.e. öň 30-njy ýyldan başlap, Oktawian Rimiň ýeke-täk hökümdary bolupdyr. B.e. öň 29-njy ýylda ol Rime gelip, uly triumf geçiripdir. Senat we komisiýalar oňa imperator adyny beripdirler. Oktawiana ömürlik halk tribuny wezipesi hem berlipdir. Ol Senzor hökmünde senaty Antoniniň tarapdarlaryndan we beýleki duşmanlaryndan arassalapdyr. Urşujylaryň köpüsine ýer berip, öýlerine goýberipdir.

B.e. öň 28-nji ýylda Oktawian agyr keselländigini yglan edýär. “Sagalansoň” senatyň mejlisini geçirip (b.e. öň 27 ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 13-I), ähli rim ýerlerinde parahatçylygynyň ýola goýlandygyny , raýatlyk uruşlarynyň gutarandygyny , saglyk ýagdaýy sebäpli özüni boşatmagy senatdan haýyş edýär. Senat oňa razy bolmandyr.. Oktawianyň döreden döwleti dolandyryş ulgamy prinsipat adyny alypdyr. Ol ulgam II asyryň ahyryna çenli dowam edipdir. Oktawiana hormatly Awgust ady dakylyp, keramatlaşdyrylypdyr. Senat ony öz prinsepsi diýip yglan edipdir. Onuň ady senatorlaryň sanawynda I ýazylypdyr. Ol I bolup çykyş edip, beýlekileriň pikirlerini kesgitläpdir. Ol üç gezek senzor wezipesini ýerine ýetiripdir. Onuň “weto” goýmaga haky bolupdyr. Ol soňra Rimiň beýik pontifigi bolupdyr. Awgust ömürlik prokonsul bolup, ähli rim goşunlarynyň baştutany hem bolupdyr. Awgust imperator welaýatlaryna özüne wepaly propretor derejeli legatlaryny iberipdir. Olara bellenen welaýatlarynda ýokary harby, administratiw , sud häkimýetleri degişli bolupdyr. Olar gitmezinden öň imperatoryň düzgünnamalary – mandatlary alypdyrlar we şol esasynda dolandyrypdyrlar. Senat welaýatlaryny senatyň bellän prokonsullary we propretorlary dolandyrypdyrlar. Olar senata we prinsepse tabyn bolupdyrlar. Rimi şäher prefekti dolandyrypdyr. Awgust ony özüne has ýakyn senatorlardan belläpdir.

Imperator gwardiýasy döredilip, oňa pretorianlaryň gwardiýasy diýilýär. Başga-da Müsüri dolandyrýan Müsür prefekti, Rimi azyk bilen üpjün edýän annon prefekti, ýangyna we gijeki tertip-düzgüne seredýän wigiller prefekti döredilipdir. Welaýat prokuratorlary salgytlaryň ýygnalyşyna , goşuna hak tölenişine gözegçilik edipdirler. Olar welaýatdaky dikmäniň işine gözegçilik edip, şübheli zat bolsa Rime habar bermeli ekenler.

Awgust gaçgak gullary gaýtaryp getirdipdir.

Awgust senatyň agzalarynyň sanyny 600-e getiripdir.Ol senat gatlagy üçin emläk derejesini girizip, onuň möçberi 1 mln sestersä deň bolan. Ol wsadniklere daýanyp, olar üçin 400 müň sestersiý emläk senzini girizipdir.

Oktawian ilatyň garyp gatlagyna mugt çörek, pul sowgatlaryny berip we gladiator oýunlaryny görkezip, olaryň meýillerine gözegçilik edipdir. Awgust köşkler, ybadathanalar gurdurypdyr. Awgust seresaply daşary syýasat ýöredipdir. Ol Gündogardaky başybalyşlar üçin diplomatik serişdeleri has köp ulanypdyr. Ol parfiýa şasy Fraativ onuň bilen ýaraşyk baglaşypdyr. Frat IV Rime Krassyň ýörişinde, siriýa dikmesiniň derbi-dagyn edileninde , Mark Antoniniň örişinde alnan ýesirleri, harby nyşanlary gaýtaryp beripdir. Fraat IV öz ogullaryny hem ýerli begzadalar özüne garşy göreşdfe ulanarlar diýip howatyrlanyp, Rime girew hökmünde iberipdir. Bu zatlar Rimde Parfiýanyň üstünden gazanylan ýeňiş hökmünde görlüpdir. Oktawian Gündogarda basybalyjylykly syýasat ýöretmek üçin köp serişde gerekligi üçin we ýeňşe kän ynamsyzlygy sebäpli, Pireneý ýarym adasynyň demirgazyk-günbataryndaky baý magdanly ýerleri we Adriatik deňzinden demirgazyk gündogardaky ýerleri basyp almagy göz öňünde tutupdyr.B.e. öň 12-nji ýyla çenli Dunaýyň bütin jülgesinde rim agalygy ýola goýlupdyr.

B.e. öň 26-njy ýylda Pireneý ýarym adasynda ýaşaýan kantabrlaryň we asturlaryň üstüne çozupdyrlar. B.e. öň 25-nji ýylyň ahyryna basyp alypdyrlar. Bu ýerde gozgalaň turup, ol b.e. öň 19-njy ýylda basylyp ýatyrylypdyr.

Rimliler raýatlyk urşy wagtynda bölünip aýrylan günorta – günbatar Galliýany gaýtadan boýün egdiripdirler.

B.e. öň 16-njy ýylda germanlar günbatar Reýnden geçip rimlilere zarba urupdyrlar.

Ermenistanda , Judeýada gozgalaňlar bolupdyr. Germanlaryň serdary Marobod Dunaýdan demirgazykda uly taýpa bileleşmesini döredipdir. Rimliler oňa çozmak üçin illiriýadan we pannoniýadan goşun ýygnapdyrlar. Bu bolsa gozgalaňa getiripdir (6-9 ýyllar).

B.e. 9-njy ýylyň güýzünde germanlaryň ? taýpasynyň serdary Arminiý Kwintiliý Waryň 3 legionyny aldap Tewtoburg tokaýynda ýok edipdir. Bu habar Rimde aljyraňňylyk döredipdir. Germanlaryň Galliýa çozmagyndan gorkupdyrlar. Yöne bu ýagdaý ýüze çykmandyr.

2.Awgust ömrüniň ahyrynda ogullygy Tiberini (14-37ýý) mirasdar belläpdir. Rimde birnäçe gozgalaňlar bolup, olar baslyp ýatyrylypdyr. Tiberiý 37-nji ýylda Kapreýa adasynda ölensoň, senat we prefekt Tiberiniň ýegeni Germanigiň kiçi ogullarynyň biri kaligula lakamly gaý Sezary mirasdar belläpdirler. Ol hem ýurdy dört ýyl dolandyrypdyr. Ol Tiberiniň tygşytlan serişdelerini tomaşalara, pretorianlara, garyplara sowup, tiz gutarypdyr. Soňra ol gaznany doldurmak üçin sähelçe etmişi üçin senatorlary we baý rimlileri jezalandyryp, emlägini talap başlapdyr. Ýöne ol çalt keselläpdir we dildüwşük netijesinde öldürilipdir. Senat we pretorianlar onuň daýysy Klawdini imperator saýlapdyrlar.

Klawdiniň prinsipaty döwri (41-54ýý) imperator dolandyryş ulgamynyň berkidilen wagty bolupdyr. B.e. öň 42-nji ýylda Illirik welaýatynyň dikmesi Kamill Skribonian Respublikany dikeltmek üçin Rime goşun çekipdir. Ýöne üçünji gün diýlende urşujylar ony ýok edip, Klawdiýa wepalydyklaryny aýdypdyrlar. Şol bir wagtda hem Rimde senatorlaryň arasynda Skribonianyň tarapdarlarynyň dildüwşüginiň üsti açylýar. Klawdiý olardan öç alýar. Senatorlara Rimden çykmak gadagan edilýär.Käbirleri jezalandyrylýar, köpüsi sürgün edilýär. Bu wakalar respublikanyň tarapdarlarynyň goşunda-da , plebsde-de ýokdugyny görkezýär. Sebäbi urşujylar we garyplar imperatordan paýlanýan sowgatlara imrigipdirler. Welaýatlaryň ýokary gatlaklary bolsa imperatorda özleriniň emlägine bolan hukuklaryny görüpdirler. Klawdiý we onuň Narsist Pallant ýaly ýakyn adamlary syýasy ýagdaýy hasaba alyp senat oppazisiýasy göreşde goşuna we welaýat begzadalaryna daýanýar. Klawdiý hem welaýatlardaky begzadalardan köpüsine Rimiň raýatlyk hukuklaryny beripdir.

Klawdiniň döwründe imperiýany dolandyrmak has amatly bolar ýaly aýratyn konselýariýalar döredilýär. Olaryň başynda özüniň erkinlige goýberen adamlaryny fgoýupdyr. Olaryň iň esasylary I – hatlar barada, II-arza şikaýatlar barada , III-Maliý barada , ýagny imperatoryň emlägini dolandyrýan merkez bolupdyr.

Prokuratorlaryň hukuklary giňeldilipdir. Klawdiý şäher ilaty üçin ýygy-ýygydan oýunlary we tomaşalary gurapdyr. Rimi azyk bilen üpjün etmek üçin ostiýa portuny gowlandyrypdyr, täze suw geçirijisini gurdurypdyr.. Klawdiniň döwründe Rim imperiýasynyň düzümine Mawritaniýa , Britaniýa, Olwiýa, Hersones, Bostor patyşalygy Rime garaşly bolýar. Ermenistany eýelemek üçin uruşlar Parfiýa bilen çaknyşyga getirýär. 60-njy ýyllaryň ortalarynda Parfiýa bilen uruşlar tamamlanýar. Dolandyryş buýrokratik apparatyň döredilmegi , imperatoryň garyndaşlaryna represiýalaryň geçirilmegi, welaýat begzadalarynyň hukuklarynyň giňeldilmegi Rim begzadalarynyň gaharyny getiripdir. Olar Klawdini täze imperator bilen çalyşmakçy bolupdyrlar. Netijede Klawdiý zäherlenip öldürilýär. Onuň ogullygy Neron imperator diýilip yglan edilýär.

3.Neronyň prinsipiaty 14 ýyl dowam etdi. (54-68 ýý). Ol 17 ýaşynda imperator bolup, poeziýa , aýdym, artistçilik sungaty bilen gyzyklanypdyr. Onuň ejesi agrippina, onuň ýakyn adamlary Burr, Seneha we beýlekiler Neron özleriniň meýilnamalaryny ýerine ýetiren , ýagny rim-italiýa begzadalarynyň artykmaç hukukly ýagdaýyny dikelder we onuň welaýatlaryň ilatynyň hasabyna baýlaşmagyny üpjün eder öýdüpdirler.

Neron ilkibaşda rim senat aristokratiýasynyň umytlaryny ödäpdir. Ol imperator bolan badyna ähli döwlet işlerini çözmegi senata tabşyrýandygyny , özüniň bolsa goşunlaryň ýerleşen ýeri bolan welaýatlaryň işi bilen meşgullanjakdygyny aýdypdyr.

Senatdan salgyt ýygnamak hukugyny alyp, welaýatlaryň ilaty talanypdyr. Senat gullar barada hem gazaply syýasat ýöredipdir. 61-nji ýylda Rimiň prefekti Redaniý Sekundy öz guly öldüripdir. 10-njy ýylda çykarylan kanun ulanylyp, hojaýyn öldürilen wagty öýde ýerleşen ähli gullar, ýagny P.Sekundyň 400 guly jezalandyrylyp öldürilipdir. Neron bolsa wagty keýpi-sapada geçiripdir, köşk teatrynda aýdymçy we artist hökmünde çykyş edipdir, goşgy ýazypdyr. Klawdini öldürip Agrippina Imperiýany dolandyrmakçydy. Ýöne Burr bilen Seneka Nerony ejesine garşy goýup, ony öldürdipdirler. Şondan soň Neron aýaly Oktawiýany öldürdipdir. 62-nji ýylda Barr hem ölýär. Onuň ýerine Ofoniý Tigellin pretorianyň prefekti bolupdyr. Ol islendik jenaýata ukyply bolupdyr. Seneka hem çetleşdirilipdir.

Neron meşhurlyk gazanmak üçin gaznany paýlap boşadypdyr. Ol hem gaznany doldurmak üçin baýlary jezalandyrypdyr. 64-nji ýylyň tomsunda Rimde 6 günläp ýangyn bolupdyr. Rimiň 14 etrabynyň üçüsi doly kül bolupdyr. Müňlerçe adam heläk bolupdyr. Neron ýangyn bolan ýeriň adamlaryna köşgüň baglaryny açyp berip, azyk paýlapdyr. Ýöne Rimde ýangyn döretmegi imperator buýruk berenmiş, ol Troýanyň heläk bolşy baradaky polmasyny ýazmak üçin ýangyna tomaşa edip, ylham almakçy bolupdyr diýen gürrüňler ýaýrapdyr. Imperatoryň şäheri doly gaýtadan gurmak baradaky meýilnamasy äşgär bolansoň , ol myş-myşlar has-da güýçlenipdir. Imperator betbagtlygyň “sebäpkärlerini” köpçülikleýin jezalandyryp başlapdyr.

Neron ýanan paýtagty öňküsinden has kaşaň edip gurmagy maksat edipdir. Munuň üçin ägirt uly serişdeler gerek bolupdyr. Ol salgytlary artdyrmak bilen bir wagtda welaýat dikmeleriniň etmişleri üçin emlägini elinden alyp başlapdyr.Welaýat dikmelerini bolsa senat belläpdi. Netijede Neron senat bilen arasyny üzüpdir. Senatorlaryň köpüsi 55-nji ýylda Ermenistan üçin Parfiýa garşy başlanan urşuň uzaga çekmeginden närazy bolupdyr. 60-njy ýylyň ahyrynda rim goşunbaşysy Gneý Domiriý Korbulon Ermenistandan parfiýa goşunyny gysyp çykarypdyr. Ýöne tiz wagtdan ermeniler gazaplylygy üçin rimlileri ýigrenipdirler. Olar ýene parfiýalylaryň tarapyna geçipdirler. Rimden täze goşun gelipdir. Ol Ermenistanyň esli ýerini basyp alyp, Randeýa şäherçesiniň ýanynda gyşlapdyr we urşy gutardy hasaplap, Rime ýeňiş habaryny iberipdir. Ýöne 62-nji ýylda parfiýalylar duýdansyz umumy hüjüme geçipdirler. Olar rimlileri gabap, boýun egdiripdirler. Rimliler harby emläklerini goýup we ýesirleri boşadyp Ermenistandan gitmeli bolupdyr.

Rimiň Randeýada ýeňilmegi Ortaýer deňziniň gündogarynda imperiýanyň we Neronyň abraýyny peseldipdir. 63-nji ýylda täzeden ýöriş edip, rimliler ýene-de doly ýeňiş gazanyp bilmän, ylalaşyk baglaşylypdyr. Rimliler Tiridaty Ermenistanyň patyşasy diýip ykrar edipdirler, ýöne Tiridat patyşa täjini Nerondan almaly bolupdyr.

65-nji ýylda Nerona garşy dildüwşügiň üsti açylyp, köp senatorlar, Pizon, Seneka, Lukan, Petroniý dagylar öldürilipdir.

67-nji ýylda Rimiň ilaty güçli epidemiýa duçar bolupdyr. Neron Gresiýa gidip, ol ýerde 68-nji ýyla çenli bolupdyr. Ol ýerde Neron şahyrlaryň , aýdymçylaryň bäsleşiklerinde çykyş edipdir. Olimpiýa oýunlarynda bolsa oňa grekler sansyz ýeňijileriň wenohlaryny gowşurypdyrlar. Muňa minnetdarlyk hökmünde Neron Gresiýany “erkin” diýip yglan edipdir we birnäçe salgytlary ýatyrypdyr.

Rim imperiýasynda ýagdaý ýaramazlaşypdyr. Britaniýa bölünip aýrylypdyr. Judeýada gozgalaň turupdyr. Rimde täze dildüwşük ýüze çykypdyr.

68-nji ýylyň başynda Neron Italiýa dolanyp gelipdir. Ol triumf ýaly edip gelipdir. Rime girende onuň öňünden 88 sany wenogyny geçiripdirler. Tiz wagtdan Akwitaniýadaky dikme ÝuliýWindeks gozgalaňa başlap, oňa Pireneý ýarym adasynyň welaýatlary hem goşulypdyr. Neron Müsüre gaçjak bolýar. Pretorianlar muny bilip, gozgalaňçylaryň tarapyna geçipdirler. Neron Rimden gaçypdyr. Senat onuň häkimýetden çetleşdirilip, sud jogapkärçiligine çekilýändigini yglan edipdir. Hemmeler tarapndan ýekirlen Neron özüni öldüripdir.

Neron gadymy rim patrisiý uruglaryndan gelip çykan iň soňky imperator bolupdyr.

Mowzuk: Rim imperiýasy II asyrda

Meýilnama:

1. Imperator Traýanyň daşarky syýasaty

2. Rim imperiýasynyň goranyş syýasatyny alyp barmagy

3. Rim imperiýasynyň “Altyn asyry”

1.Imperator Neron ölensoň, Rimde syýasy çökgünlik emele gelip, raýatlyk uruşlary bolup geçipdir. Welaýatlarda gozgalaňlar turupdyr. Tagt ugrunda uruşlar alnyp barlypdyr. 60-njy ýyllaryň ahyryndaky raýatlyk uruşlary 70-nji ýylyň başyna çenli tamamlanypdyr. 69-njy ýylda gündogar welaýatlaryň dikmeleri Beritde (Beýrut) ýygnanyp, Judeýadaky gozgalaňa garşy hereket edýän rim goşunynyň baştutany ýaşuly we tejribeli serkerde Wespasian Flawini (69-79) imperator saýlapdyrlar. Soňra ýurdy onuň ogullary Tit Flawiý (79-81) we Domisian (81-96) dolandyrypdyrlar. Bular esasanam welaýat begzadalaryna daýanyp, olary wezipelere çekipdirler. Domisianyň daşary syýasaty üstünlikli bolmandyr. Ony köşkde dildüwşük netijesinde öldüripdirler. Şondan soň köne senatorlaryň biri Mark Kokseý Nerwa imperator saýlanypdyr.

Nerwa senatorlary yzarlamagy bes edipdir. Domisiana şugulçylyk edenleri jezalandyrypdyr. Ol uly ýerleri kiçi böleklere bölüp iň garyp raýatlara paýlap bermegi karar edipdir. Ýeke we ýetim galan çagalary saklamak we terbiýelemek üçin gazna döredipdir. Nerwa okarky Germaniýanyň dikmesi Mark Ýuliý Traýany ogullyga alypdyr. Traýan rim goşunynda meşhur serkerde bolupdyr.

Traýanyň asly Ispaniýadaky rim koloniýasy Italikiden bolupdyr. Ol 96-98-nji ýyllarda Nerwa bilen bile dolandyrypdyr. 98-nji ýylda Nerwa ölensoň, Imperiýanyň hökümdary bolupdyr. Traýan senat bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýupdyr. Olara welaýatlaryň häkimleri bellemäge we olara sud gözegçilik etmäge, erkin sözlemäge hukuk beripdir.

Ol Domisianyň döwründe pese düşen rim ýaragynyň abraýyny dikeltmek üçin , dolandyryp başlan aýlaryndan başlap, basybalyjylykly uruşlara taýyarlanyp başlapdyr. 101-nji ýylda Dakiýa garşy harby hereketlere başlapdyr. Uly rim goşuny Dunaýdan geçip, daklaryň paýtagty Sarmizegetuzä ugrapdyrlar.Daklar her obany, dagy, dag geçelgesini mertlerçe gorapdyrlar. Ýolda Apula galasynyň ýanyndaky söweşde rimliler ýeňip, paýtagta ýol açylansoň , Desebal boýun egipdir (103ý). Desebal agyr ýaraşyk şertlerine boýun bolmaly bolupdyr. Dakiýada wagtlaýynça rim goşunlary ýerleşdirilipdir.

Desebal wagt utup, täzeden uruşmakçy bolupdyr. Rim goşuny giden bada ol urşa güçli taýyarlanyp başlapdyrlar. Ol rimden gaçyp gelenleri kabul edipdir. Goňşy taýpalary Rime garşy goýmak isläpdir. Ol goňşy taýpalara sapar iberipdir, ýöne ony rimliler tutup öldüripdirler. Täzeden uruş başlanypdyr. Bu gezek Dunaýyň deňze guýyan ýerinde ullakan daş köpri gurupdyrlar. 105-nji ýylda daklar bu ýerdäki rim goşunyna uly güýç bilen çozuş edipdirler. Ýöne yzyna serpikdirilipdir. 106 –njy ýylda Traýan Dakiýa çozup, güýçli ýeňiş gazanypdyr. Desebal özüni öldüripdir. Traýan uly triumf geçiripdir. Dört aýlap baýramçylyk gurapdyr. Kolizeýde uly oýunlar guralypdyr. Ol öz ýeňşi üçin ýadygärlik hökmünde täze forum döredip, onuň ortasynda 40 m beýiklikdäki daklar bilen uruş sahnalaryny beýan edýän şekiller ýerleşdirilen sütün gurlupdyr. Onuň ýokarsynda Traýanyň heýkeli oturdylypdyr.

Dakiýany eýeläp, oňa weteranlary üçin koloniýalary çykaransoň , Parfiýa döwletine garşy urşa taýyarlanypdyr.

109-njy ýylda rimliler Kawkaz daglarynyň günortasynda kolhlary, iber we sarmat patyşalaryny boýun egdiripdir. Bosporyň patyşasy hem imperatora wepalylyga kasam edipdir. 111-nji ýylda Sinaý ýarym adasyny , Arabystanyň demirgazyk – günbatar bölegini basyp alypdyr.

Parfiýa bilen 114-nji ýyla çenli parahatçylygy saklapdyr. Soňra Ermenistana girip, basyp alypdyr we ony rim welaýaty diýip yglan edipdir. 115-nji ýylyň ýazynda Demirgazyk Mesopotamiýanyň aýry-aýry patyşalaryny we satraplaryny boýun egdirip, Tigre baryp ýetipdir. 115-nji ýylyň güzünde Traýan dynç bermek üçin goşuny Siriýa äkidipdir.

116-njy ýylyň ýazynda harby hereketler dowam etdirilipdir. Tigriň kenary bilen günorta tarapa hereket edipdir. Parfiýanyň bir paýtagty bolan Ktesifany , soňra Togr boýundaky Selewkiýany eýeläpdirler.

Troýanyň goşuny pars aýlagyna baryp ýetipdir. Rimliler ol ýerde gämileri gurupdyrlar. Assiriýa , Mesopotamiýa, Wawilioniýa rim welaýatlary diýlip yglan edilipdir. Olar ýerli ilaty talap, olaryň öz-özüni dolandyryşyny ýok edipdirler.

Rimde senat Gündogardaky basybalyjylykly urşy tamamlandy hasaplap, Traýana hormatly derejeler beripdir. Ýöne birdenkä gozgalaňlar başlanypdyr. Traýan Tigrden aňyrda basyp alan ýerlerini ýitiripdir (117-nji ýyl). Ol täzeden ýoriş etmek isläpdir. Munuň üçin imperiýada parahatçylygy üpjün etmek we goşuny güýçlendirmek gerekdi. Şonuň üçin Traýan Rime ýola düşüpdi. Ýöne ol ýerde keselläpdir we ölüpdir (117 ý. Güýzi).

2.Traýan ölensoň onuň ogullygy Adrian imperator (117-138ýý) diýlip jar edilipdir.

Öň Siriýada prokonsul bolansoň, Gündogaryň ýagdaýy bilen gowy tanyş bolan Adrian Parfiýa garşy uruş alyp barmagyň mümkin däldigini bilip, Parfiýa patyşasy bilen Tigr derýasyny araçäk edip ylalaşyk baglaşypdyr. Ol parfiýa begzadalaryny , şol sanda , parfiýa şasynyň gyzyny hem gaýtaryp beripdir. Sebäbi imperiýanyň dürli welaýatlarynda tolgunyşyklar we gozgalaňlar dowam edýärdi.

Gündogarda basybalyşlardan el çekilmegi uly serkerdeleriň närazylygyny döredipdir. Troýanyň egindeşleri Adriana garşy dildüwşük edipdirler. Ýöne Adrian olardan gazaply öç alypdyr. Bu bolsa senatyň gaharyny getiripdir. Senat Adriany 118-nji ýylda ykrar edipdir. Adrian senatorlary sudsuz öldürmezlige söz beripdir. Adrian döwründe Rimiň basybalyjylykly ýörişi ýatyrylypdyr. Onuň döwründe Rim basybalyjylykly syýasatyndan goranyş syýasatyna geçipdir. Ol gozgalaňlary basyp ýatyrypdyr. Soňra esasy ünsi döwlet apparatyny berkitmäge beripdir. Ol Prinsepsiň maslahatyny döwlet guramasyna öwrüpdir. Oňa kanuny gowy bilýän adamlary girizipdir. Sud işlerini alyp barmak barada düzgünnama kabul edilipdir, oňa “baky ediht” diýilýär. Döwlet edaralarynyň sany artypdyr. Dürli welaýatlaryň arasynda döwlet poçtasy ýola goýlupdyr. 132-135-nji ýyllarda Judeýada gozgalaň turupdyr. Oňa “Bar Kohba” (ýyldyzyň ogly) lakamly Simon baştutanlyk edipdir. Gozgalaň gazaply basylyp ýatyrylypdyr. Gozgalaňçylaryň köpüsi gulçulyga satylypdyr.

Iýerusalimiň ýerinde Eliýa Kapitalina atly rim harby koloniýasy esaslandyrylypdyr. Arheologlar Öli deňziniň gowaklaryndan gozgalaňçylara denizli zatlary we ýazuw ýadygärliklerini tapypdyrlar.

Adrian welaýatlara syýahat edipdir. Ol şonda Afinyda birnäçe gezek bolupdyr. Akropoldaky gadymy binalary dikeldipdir we Zewsiň täze uly ybadathanasyny saldyrypdyr. Müsüre baranynda Aleksandriýada , Fiwyda bolupdyr, dikeldiş işlerini geçiripdir. Frakiýada Adrianopol şäherini gurdurypdyr. Ol ömrüniň ahyryny Rimiň etegindäki willasynda geçiripdir. Adrian agyr keselläp, 138-nji ýylda aradan çykypdyr. Ony uly mowzoleýde jaýlapdyrlar. Mowzoleý orta asyrlarda papanyň galasyna we türmä öwrülipdir. Oňa “keramatly perişdäniň köşk-galasy” diýip at beripdirler.

3.Adrian nesilsiz ekeni. Ol Galliýadan bolan belli senatorlaryň biri Tit Awreliý Antonini mirasdar edipdir. Ol Antonin Piý ady bilen imperator bolupdyr (138-161ý). Antoniý Piýiň prinsipatyny soňra rim we ýewropaly taryhçylar “altyn asyr” diýip atlandyrypdyrlar. Häzirki wagtda bu at diňe şertli kabul edilýär.

Onuň döwründe Rimiň dürli serhetýaka welaýatlarynda uruş alnyp barlypdyr. Britaniýa , Mawritaniýa ýörişler edilipdir. Daklaryň gozgalaňy basylyp ýatyrylypdyr. Germanlaryň çozuşlary yza serpikdirilipdir. Ýertitremeler we ýangynlar bilen bir wagtda Müsürde, Ahaýýada , indeý ilatynyň arasynda gozgalaňlar turupdyr. Rimde azyk ýetmezçiligi sebäpli tolgunşyklar döräpdir. Antonin garyp ilata çakyr, un, ýag paýlamaly bolýar.

Hojaýynlaryň gula bolan hukuklaryny çäklendiripdir. Guly öldürmek adam öldürmek bilen hasaplanypdyr. Ybadathanada gaçybatalga gözlän guly hojaýyna gaýtaryp bermeli däl diýip yglan edipdir. Antonin daşary syýasatynda gündogar goňşulary bilen seresaply bolupdyr. Ol parfiýalylaryň Ermenistana girmeginden hüşgär bolupdyr. Olwiýanyň ýaşaýjylaryna alanlaryň çozuşlaryna garşy kömek beripdir. Bospor, Iber, Kolhida patyşalyklarynda ýagdaýa gözegçilik edip, işlerine goşulypdyr. Antonindensoň ýurdy ogullygy Mark Awreliý (161-180ýý) dolandyrypdyr.

Antoniý Piý ölensoň , tiz wagtdan Parfiýa bilen agyr uruş başlanypdyr. Urşuň sebäbi Ermenistan baradaky jedelli mesele bolupdyr.

Antoniý Piý ölenden soň Parfiýanyň patyşasy Wologaz III Ermenistany eýeläpdir. Oňa garşy Kappodokiýanyň dikmesi çykyş edip 162-nji ýylda Elegei şäheriniň ýanynda gabalyp ýok edilipdir. Parfiýalylar Siriýa giripdirler. Rimiň dürli ýerlerinde goşunlar bu ýere getirilipdir. Olara Awidiý Kasiý, Stasiý Prisk baştutanlyk edilýär. Olar parfiýalylary Ermenistandan , gysyp çykaryp, Selewkiýa we Ktesifona çenli süýşüripdirler (165ý). Ýöne derýaaralygynda mergi keseli döräp, olar tiz ýaraşyk baglaşypdyrlar. Kesel Rim imperiýasyna-da ýaýrapdyr.

166-njy ýylda Parfiýa bilen ýaraşyk baglaşylyp, Mesopotamiýanyň demirgazygy Rime birleşdirilipdir. 167-nji ýylda germanlaryň markomann taýpalary, 172-75-nji ýyllarda Demirgazyk Müsüriň çopanlary gozgalaň edipdirler.Mark Awreliý olary basyp ýatyrypdyr. 177-nji ýylda ýene-de markomannlara garşy uruşlar alyp barlypdyr. 180-nji ýylda rim goşunynda ýene-de kesel ýaýrap, Mark Awreliý ölüpdir. Ol Iiasyrda senat begzadalary bilen Ýakyn aragatnaşyk saklamaga çalşan iň soňky imperator bolupdyr.

Mowzuk:Hristiançylygyň döremegi

Meýilnama:

1. I-II asyrlarda Rim imperiýasynyň dini durmuşy

2. Hristian dininiň döremegi

3. Gadymy hristian jemagatlary we olaryň II-III asyr larda ösüşi

4. Imperator häkimýeti bilen hristiançylygyň II-III asyrlardaky özara gatnaşyklary

1.Awgust we ondan soňky imperatorlar gadymy rim dinini goldamaklyga öz häkimýetini berkitmegiň serişdesi hökmünde düşünipdirler. Olar Rim şäheriniň we Rim döwletiniň baş ruhanysy bolupdyrlar. Imperatorlary hem hudaýlaşdyrypdyrlar.

Şäher we oba plebsiniň arasynda wagyz edýän kinikler bolupdyrlar. Kinikleriň uzyn saçlary, sakgallary, hasasy we torbasy bolup, köplenç ýyrtyk ýapynja bilen örtünipdirler. Olar baý begzadalary garşy sözler bilen çykyş edipdirler. Olar baýlygyň we tanymallygyň adamy bagtly etmeýändigini düşündiripdirler.

Rimde “halasgär” hasaplanýan hudaýlar has meşhur bolupdyrlar.

Gneý Pompeýiň gündogar ýörişlerinden soň, eýran hudaýy Mitra, Awgustyň prinsipatynyň ilkinji ýyllaryndan bolsa Rim imperiýasynyň günbatar welaýatlarynda Isida we Osiris kabul edilip başlanypdyr.

Mitra ynanýanlaryň düşünjelerine görä, ol adalatyň , ýagtylygyň goragçysy özüni ýere iberen Ormuzdyň (Ahuramazdanyň) urşujysy bolupdyr. Ol Arimanyň baştutanlygyndaky gara güýçlere garşy göreşip, şeri aňladýan äpet gara öküzi öldüripdir we onuň ganyndan we beýnisinden adamlar üçin peýdaly ösümlikleri we haýwanlary döredipdir. Şu edermenliklerden soň Mitra asmana göterilip, göreşini dowam edýärmiş. Ýerdäki ýaşaýyş tamamlanjak mahaly ol Ýere düşüp, erbet adamlary ot bilen ýok etjekmiş, özüne ynanýan gowy adamlara bolsa, bakylyk içgisini berjekmiş.

Mitra ynanýanlar arassa suwa ýuwunypdyrlar. Keramatly çörek we çakyr iýip-içipdirler. Bitaraplyk aýynyň 25-nde onuň doglan gününi belläpdirler. Mitra çokunylýan ýerlerde onuň öküzi öldürip duran heýkeli goýlupdyr. Oňa esasanam, urşujylar, gullar we erkinlige goýberilen adamlar çokunypdyrlar.

Rim imperiýasynyň ilki gündogar böleginde , I asyrdan bolsa Italiýada hem, iudeý hudaýy Ýahwani hormatlamak giň ýaýrapdyr. Judeýalylar nirede ýaşasalar-da Ýahwani ýeke-täk hudaý hökmünde hormatlapdyrlar. B.e. başlaryna çenli Judeýada “Töwrat” ýa-da “Keramatly” ýazgylar emele gelipdir. Keramtly kitaplarda hudaý Ýahwaniň Älemi, Ýeri, ösümlik we haýwanat dünýäsini, Adam atany we How enäni ýaradyşy, legendar ata-babalar we we serdarlar barada gürrüň berlipdir. Olarda halasgär – Messanyň gelip, “Ýahwäniň halkyny” keseki zulumdan halas edip, ony “Yerde birinji halk” etjekdigi barada welilik bilen aýdylypdyr. Messanyň gelmegine Judeýa ellinçilik döwründe ilki Ptolemeýleriň , soňra Selewkidleriň golastyna düşen wagty has-da garaşypdyrlar.

B.e. öň II asyryň 30-njy ýyllaryndan başlap, Judeýada Hosmaneýleriň öýünden bolan patyşa – ruhanylar dolandyrypdyrlar.

B.e. öň I asyryň ortalarynda häkimýet ugrundaky göreş netijesinde iudeý hökümdarlary Pompeýe ýüz tutupdyrlar. Rim goşunlary Polestina girip, Iýerusalimi basyp alypdyrlar. Judeýa Rimden garaşly ýurda öwrülipdir. Rimliler dini durmuşyny we içerki dolandyryşyny Ýahwe ybadathanasynyň ýokary ruhanylaryna goýup, Judeýa öz dikmelerinden patyşalary goýupdyrlar. Şeýle patyşalaryň birem Judeýanyň goňşusy Idumeýden bolan Irod ekeni. Ol Awgustyň döwründe Siriýadaky rim legatynyň gözegçiliginde “Judeýanyň prokuratory” bolupdyr. Judeýada üç sany dini toparlanşyk emele gelipdir.

1. Saddukeýler – iýerusalim ybadathanasynyň ýokary ruhany gatlagy

2. Fariseýler – aşaky ruhanylar – “kanuny” düşündirýänler we mugallymlar

3. Ýessenler – bular aýratyn obalarda we çöllük ýerlerde ýaşap, ruhany begzadalara we fariseýlere oppozisiýada bolupdyrlar.

Iosif Flawiniň habar bermegine görä “…olar ruhuň bakylygyny ykrar edýärler we adalatlylyga tarap ýykgyn etmekligi beýik maksat hasaplapdyrlar.

Palestinanyň indeýleriniň arasynda we Ortaýer deňnziniň gündogarynda nazareýler we terapewtler ýaly sektalar bolupdyr. Olar hem ýessenler ýaly Ýahwä uýupdyrlar, ýöne iýerisalim ruhanylary tarapyndan bellenilen resmi däpleri ykrar etmändirler.

2.I asyryň ortalarynda Rim imperiýasy agyr syýasy çökgünligi başdn geçiripdir. 68-69-njy ýyllarda welaýatlarda gozgalaňlar we raýatlyk uruşlary güýçlenipdir. Judeýada hem birnäçe gozgalaňlar bolup, 66-njy ýylda bütin ýurdy gaplap alypdyr. Gozgalaňçylar rim goşunlaryny kowup we ýok edip, beýleki ýurtlarda ýaşaýan indeýlere kömek sorap ýüz tutupdyrlar. Olaryň arasynda pygamber baradaky gürrüňer ýaýrapdyr ekeni. 69-njy ýylda “Joannyň apokalipsisi” atly keramatly kitaplaryň biri ýazylypdyr.

Judeýada gozgalaň basylyp ýatyrylyp, Iýerusalim zabt edilip anlypdyr we ýakylypdyr. Müňlerçesi ýesir edilip satylypdyr, köpler bolsa , Judeýadan gaçypdyrlar.

Rimlilere garşy sowsuz çykyş, Messanyň peýda bolmagyna bolan umytlar lapykeçlik döredipdir. Indeýleriň köpüsi Kiçi Aziýada, Gresiýada , Makedoniýada, Italiýada, Rimde ornaşypdyrlar.

I asyryň soňky üçden birinde Kiçi Aziýada , Makedaoniýada, Aleksandriýada Ýahwäniň wada beren Messiýasynyň grekçe Hristosyň ýere gelendigine ynanýan adamlaryň jemagatlary ýüze çykyp başlapdyr. Hristos ýeňiji harby serdar görnüşinde däl-de ýönekeý wagyz ediji hökmünde gelip, adamlara ruhy azatlyk getiripdir, parahatçylyga , rehimdarlyga, bagyşlamaklyga çagyrypdyr.

Hristos barada 66-73-nji ýyllaryň gozgalaňyndan öňki döwre degişli ýessenleriň golýazmalarynda hem agzalýar. Kumran gowagyndan tapylan. Pygamber Habakkukyň kitabyna düşündirişlerde adatlylygyň mugallymy, hudaýyň pygemberleriň sözleriniň syrlaryny aýan eden adamy hakynda aýdylýar. Ýöne zalym res ony yzarlapdyr we öldüripdir. Şeýle hem sektantlaryň arasynda ahyrzamana baradaky eserler – apakalepsisler hereket edipdir. Onda hudaýyň ähli ölüleri direldip, ölülere we dirilere sud etjekdigi barada aýdylypdyr.

Iisus Hristosyň ýerde imperator Tiberiniň prinsipatynyň ahyrynda (30-33ýý) Indiýada wagyz edendigi barada gürrüňler döräpdir. Paweliň ýazgylarynda Iisus Hristosyň ady täze dini esaslandyryjy hökmünde tutulýar. Hristosyň keşbi ilki görnüşde agzalyp, giçkiräk döwürde , I asyryň ahyrlarynda II asyryň I ýarymynda onuň ömür beýany peýda bolupdyr. Hristosyň ömrüniň käbir pursatlary, wagyz – nesihatlary, çeken jebir-sütemi, ölümi we gudrat bilen direlip gaýdyp gelşi baradaky hekaýatlar Ýewangeliý (hoş habar) adyny alypdyr. Olar ondan gowrak bolupdyr. IV asyrda Hristian dini birleşmeleriň baştutany olaryň diňe dördüsini hakyky diýip yglan edipdirler. Olar: Marfeýiň , Markyň, Lukanyň , Joannyň Hoş habarlarydyr.

Häzirki wagta çenli hristian buthanaçylary tarapyndan goldanylýan kanuny çaklama görä hristian dinini Iýegoşua (grekçe – Iisus) diýen biri esaslandyrypdyr. Oňa yzyna eýerijiler Hristos we Halasgär diýipdirler. Ol indeýleriň gadymy we keramatly şäherjiginde Awgustyň prinsipaty döwründe doglupdyr. Iisusyň maşgalasy Müsüre gaçmaly bolupdyr. Sebäbi patyşa Irod onuň doglandygyny eşidip, Wifliýemde ähli täze doglan oglanjyklary gyrdyrypdyr. Giçräk Iisus Palestinanyň demirgazygynda , Nazaretde ýaşapdyr. 30 ýaşynda ol maşgalasyndan gidip, ýanyna gelýänleri Jordan derýasynda ýuwundyryp, günälerinden arassalaýan wagyzçy Joannyň ýanyna barypdyr. Şondan soň Iisus täze dini wagyz edip başlapdyr. Onuň töweregine 12 sany okuwçysy – apostollar – Andreý, Matfeý, Pýotr, Foma, Joann, Juda, Ýakow, Filipp we beýl. Ýygnanypdyrlar.

Iisus apostollary bilen üç ýylyň dowamynda Judeýada wagyz edip aýlanypdyr. Ol köp gudratlar görkezipdir (suwy çakyra öwrüpdir, 5000 adamy 5 balyk we çörek bilen doýrupdyr, keselleri sagaldypdyr, hat-da ölüleri direldipdir). Fariseýleri paş edipdir. Wagz edýän üçünji ýylynda Iisus Iýerusalime pasha baýramçylygyna gelende öz okuwçysy Juda Iskariotyň dönükligi bilen tutulyp, sinedrion (ruhanylaryň maslahaty) tarapyndan ölüme höküm edilipdir. Bu karary rim prokuratory Pontiý Pilat tassyklapdyr.

Iisusy haja çüýläpdirler. Onuň ýany bilen iki sany garakçyny hem jezalandyrypdyrlar. Iisusy özüni indeý patyşasy hasaplamakda aýyplapdyrlar.

Iisusy okuwçylary gizlinlikde jaylapdyrlar. Ol ölenine üç gün diýlende janlanypdyr. Şondan soň ol birnäçe gezek okuwçylarynyň ýanyna gelipdir. Direlenine 40-njy gün diýlende bolsa, ol öz okuwçylaryny Iýerusalim bilen goňşulykda ýerleşen daga çykarypdyr, olara ahyrzamanda ölülere we dirilere sud etmek üçin gaýdyp geljekdigini wada edipdir. Iisusyň asmana göterilmeginden soň apostollar dünýäniň dürli ýurtlaryna dargaşypdyrlar. Olar halasgär hökmünde Isa uýýan jemagatlary esaslandyrypdyrlar.

Hristiançylygyň döreýşiniň şu hili düşündirilişi onuň ähli şahalarynyň dini ynançlarynyň esasy hökmünde häzire çenli saklanyp gelýär.

3.Irki hristiançylygyň taryhy buthananyň hasap etmegine görä, ilki başda bitewi dini akym bolup, ondan kä wagtlar Hristosyň we onuň okuwçylarynyň taglymatyny ýoýýan aýry-aýry taraplar bölünip aýrylypdyr. Şeýle äheňde gadymy hristian jemagatlarynyň taryhyny ilkinji gezek IV asyrda Ýewsewiý Kesariýaly özüniň “Buthana taryhy” diýen işinde ýazypdyr.

Ýöne dini edebiýaty we antik awtorlaryň berýän maglumatlaryny öwrenmek arkaly alymlar başgaça netije çykarýarlar.

I-II asyrlarda dini garaýyşlary biri-biriniňkiden tapawutlanýan dürli hristiançylyk jemagatlary bolupdyr. Olaryň käbirlerinde Iisusyň ikinji gezek gaýtadan gelmegine ynanypdyrlar we maşgala durmuşyndan , ähli durmuş eşretlerinden ýüz öwrüp, “ahyrzamana” taýyarlanmagy wagyz edipdirler. Beýlekileri has arkaýyn garaýyşlarda bolupdyrlar. Käbir hristianlar bolsa, hristian jemagatyna girmezden öň indeý dinini kabul etmeli diýip hasaplapdyrlar. Bu indohristianlara Paweliň tarapdarlary garşy çykypdyrlar. Olar Hristosyň täze taglymaty gadymy indeý dininiň ýerine geldi, şonuň üçinem indeý dini däp-dessurlaryny ýerine ýetirmegiň geregi ýok diýip düşündiripdirler.

Hristosa ynana iň gadymy jemagatlara ilkibaşda gullar, erkinlige goýberilenler, ownuk söwdagäler we hünärmentler giripdirler. II asyryň ahyrlarynda , III asyrda Rim imperiýasynda durmuş-syýasy ýagdaýyň ýitileşmegi bilen ilki aýry-aýry begzadalar, soň bolsa olaryň köpüsi hristian jemagatlaryna giripdirler. Has irki döwürde hristian jemagatynyň agzalary gizlin , çolarak ýerlerde giçlik ýa-da ir ertirine çokunmak üçin ýygnanypdyrlar. Olar şäherden daşdaky öýlerde , saraýlarda, ýerasty mazarlarda (katakambalarda) duşuşyp, Hristosyň hormatyna gimn aýdypdyrlar, wagzlary diňläpdirler. Ýygnanyşyk stol başynda jemlenmek bilen tamamlanypdyr. Olar çörek iýip, suw garylan gyzyl çakyr içipdirler. Ýygnanyşyga jemagat tarapyndan saýlanan baştutan – preswiter baştutanlyk edipdir. Oňa diakonlar (aýal, erkek diakonlar) kömek beripdirler. Wagtyň geçmegi bilen uly jemagatlarda aýratyn hojalyk baştutanlary – Ýepiskoplar peýda bolupdyr.

II asyryň ortalaryna çenli Hristosyň hiç hili şekili bolmandyr. Soňra onuň azaşan owlajygy egninde getirýän görnüşde ýa-da saçlary egnine düşüp duran , sakgally ýaş erkek adam görnüşinde şekilleri peýda bolupdyr. Has soňrak eli çagaly Isanyň ejesi Bibi Merýemiň şekilleri hem peýda bolupdyr. Ilkinji gezek III asyrda Aleksandriýada Ioann çokundyryjy we apostollar şekillendirilipdirler.

III asyryň II ýarymynda ýepiskoplar jemagatlaryň ýeke-täk baştutanlaryna öwrülipdirler. Aýal diakonlar ýok bolupdyr. Dini dessurlary ýerine ýetirýänler üçin ýörite eşikler peýda bolupdyr. Baýramçylyk dini dessurlary ýüze çykypdyr. Pasha baýramçylygy aýratyn dabara bilen bellenilip geçirilipdir. Hristian jemagatlarynyň köpüsi baý hristianlaryň peşgeş bermegi bilen ýerli, öýli, gully bolupdyrlar. Şeýlelikde II asyryň ahyrlarynda - III asyryň başlarynda hristian jemagatlary kiçiräk toparlardan kuwwatly jemgyýetçilik güýje öwrülipdirler.

Indi Rimiň hökümdarlary olaryň imperator häkimýeti bilen aragatnaşyklaryna uly üns bermeli bolupdyrlar.

4.Ilkibaşda hristian jemagatlaryna imperatorlar we welaýat dolandyryjy toparlary duşmançylykly garapdyrlar. Traýan gizlin ýygnanyşyklary gadagan edýän edikit çykarypdyr. Indeýlerden başga ilata imperatora çokunmak , onuň heykeliniň öňünde sadaka bermek dabarasyna gatnaşmak hökmany bolupdyr. Sektantlar mundan boýun gaçyrypdyrlar. Olar öz jemagatlaryna gullar we ilatyň garyp gatlaklaryny çekmek bilen gul eýeleriniň we rimli dolandyryjy toparlaryň närazylygyny güýçlendiripdirler. Hristian jemagatlaryna garşy meýiller ýerli ybadathanalaryň resleri, sadakalyk mallaryň söwdasy bilen meşgullanýanlar, ýerli hudaýlar üçin “keramatly” zatlary ýasaýan hünärmentler tarapyndan güýçlendirilipdir.

Hristianlar yzarlanypdyrlar we olardan köplenç öç alnypdyr. Hristianlara töhmetler atylypdyr. Hristian jemagatlarynyň aýry-aýry agzalaryndan hem öç alnypdyr. Bu ýagdaý aýratynam indeý gozgalaňçylaryndan soň has-da güýçlenipdir. Düşünjeli hristianlar rim imperatorlaryna özleriniň indeýlerden tapawutlydyklaryny düşündirmäge çalşypdyrlar. II asyryň ortasynda imperatior Antonin Piýe hristian ýazyjylary Aristidiň we filosofy Ýustiniň iki eseri arkaly ýüzlenipdirler. Olar hristianlara bäsdeşleri tarapyndan töhmet atylýandygyny imperatora düşündirmek isläpdirler.

Hristian dini däplerine görä, ghristianlaryň yzarlanmagy Neronyň dolandyryp baslamagy bilen baglanyşdyrylýar. 64-nji ýylda Rimde ýangynyň döremeginde aýyplap, hristianlaryň köpüsini jezalandyrypdyrlar. Soňra olar imperator Damisian tarapyndan güýçli yzarlanypdyrlar. (81-96ýý)

III asyryň ortasynda Rim imperiýasynda durmuş – syýasy ýagdaýyň ýitileşmegi bilen imperator Desiý (249-251( her bir adamyň imperatoryň heýkeline sežde etmegini we sadaka bermegini talap edipdir. Şonda hristian jemagatlarynyň köp agzalary zyndana salnyp, köpüsi hem jezalandyrylypdyr.

257-nji ýylda täze imperator Walerian hem öz heýkelini hormatlamagy talap edipdir. Bu barada kabul edilen ediktde hristian jemagatlarynyň imperiýanyň duşmanlarydygy barada açyk aýdylypdyr. Bu gezek hristianlary yzarlamak has gazaply bolupdyr. Köp hristian jemagatlary derbi-dagyn edilipdir.

260-njy ýylda Walerian parslara ýesir düşensoň , onuň ogly Galliýe tagt ugrunda göreş alyp baryp, hristianlaryň yzarlanmagyny bes edipdir. 260-njy ýyldan IV asyryň başlaryna çenli hristian jemagatlary erkin ösüpdirler.

Yzarlamalar dini ynançlary barha güýçlendiripdir. III asyryň II ýarymyndan soňra “keramatlylar” derejesine degişli edilen “jebir berlenleriň kulty emele gelip başlapdyr. III asyryň soňky çärýeginde Rim imperiýasynda hristiançylyk has giň ýaýrapdyr. Oňa hristiançylykda ähli hristianlara deň garalmagy, ganly sadakalar bermek däbinden el çekilmegi, ynanýanlara o dünýäde baky ýaşaýşyň wada berilmegi we günäkärleriň jezalandyrylmagy yaly düzgünleriň girizilmegi ýardam edipdir.

Mowzuk: Rim imperiýasynyň ykdysady we durmuş-syýasy çökgünligi

Meýilnama

1. Rim imperiýasy Sewerleriň döwründe

2. “Esger” imperatorlaryň dolandyrmagy

3. Durmuş-ykdysady çökgünlik

4. Rim imperiýasynyň bitewiliginiň dikeldilmegi III asyryň çökgünliginiň netijeleri

1.II asyryň soňky onýyllyklarynda ykdysady kynçylyklar has güýçli ýüze çykypdyr. Willalaryň pese düşmegi we tozmagy, latifundiýalaryň ekstensiw ösüşi, ýerleriň boşap galmagy, epidemiýalar zerarly işçi güýjüniň azalmagy hojalyk çökgünligi emele gelipdir. Bu bolsa syýasy durnuksyzlygyň , imperiýanyň harby taýdan gowşamagyna getiripdir.

193-197-nji ýyllarda tagt ugrunda göreş tutaşypdyr. Imperiýanyň dürli ýerlerinde birnäçe imperatorlar: Rimde ilki Pertinaks , soňa Didiý Ýulian, dunaý goşunlarynyň serkerdesi Septimiý Sewer, Siriýa legionlarynyň serkerdesi Pessensiý Niger, Britaniýada Klodiý Albin jar edilipdir. Bulary öz baştutanlyk edýän goşunlary we welaýat begzadalary goldapdyrlar. Bularyň arasyndaky häkimýet ugrunda göreş 197-nji ýylda SeptimiýSeweriň ýeňşi bilen tamamlanypdyr. Ol tejribeli serkerde we erkli syýasatçy bolup, Sewerler nesilşalygyny esaslandyrypdyr. 4 ýyla çeken raýatlyk uruşlary ýurduň serhetlerini gowşadypdyr. Parfiýa patyşasy Wologez IV Ermenistany we Siriýany tozdurypdyr. 195-198-nji ýyllarda bolan rim-parfiýa urşy netijesinde Septimiý Sewer parfiýalylaryň çozuşlaryny yzyna serpikdirip, Mesopotamiýany basyp alypdyr we basylyp alnan ýerlerde täze Mesopotamiýa welaýatyny döredipdir.

Daşarky işleri tamamlanansoň, Sewer içerki ýagdaýy berkitmäge girişipdir.Ol imperatoryň häkimýetini berkidip, ony häkimýetiň ýeke-täk çeşmesine öwürýär. Senatyň we magistratlaryň kanun çykaryjylyk we magistratlary saýlamak hukuklary prinsepse geçipdir. Sewer dolandyryş ulgamynyň işgärlerini köpeldipdir. Pretoriýanyň prefekti imperatoryň şahsy goşunynyň baştutany bolanlygyndan onuň ýakyn kömekçisine öwrülipdir we döwlet işleriniň gidişine gözegçilik edipdir. Sewer bu wezipä tejribeli hukuk işgärlerini belläpdir. Imperiýany dolandyrmak baradaky möhüm meseleler senatda däl-de prinsepsiň maslahatynda çözülipdir.

Septimiý Sewer senatda garşylyga duş gelendigi üçin senatorlaryň bir bölegini jezalandyrypdyr ýa-da sürgün edipdir. Olaryň ýerini, esasanam, Gündogar welaýatlardan we Afrikadan öz tarapdarlarynyň hasabyna doldurypdyr.

Aýry-aýry şäherleri dolandyrmak üçin imperator gözegçileri – kuratorlar bellenilipdir.

Sewer rim goşunynyň söweş ukyplaryny ýokarlandyrmak üçinem möhüm çäreler geçiripdir. Ýönekeý legioneriň 20 ýyllap maşgala edinmäge, ýokary harby wezipeleri eýelemäge mümkinçiligi bolmandyr. Oňa tölenýän hak hem ýokary bolmandyr. Şonuň üçinem goşuna girýän meýletinçileriň sany barha azalypdyr.

Septimiý Seweriň özgerdişleri şol meseleleri çözmäge we harby gullugyň abraýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilipdir. Esgerleriň we serkerdeleriň alýan haky köpeldilipdir, kanuny nikalaşmaga , ýer edinmäge hukuk berlipdir. Ýokary harby wezipeleri eýelemäge mümkinçilik döredilipdir.

Pretorian goşun hem indi Italiýanyň artykmaç hukukly toparlaryndan däl-de, ähli legionlaryň iň gowy urşujylaryndan düzülipdir.

Rim goşuny üçin raýatlaryň ýetmezçiligi sebäpli raýatlyk hukugy bolmadyk welaýat ýaşaýjylaryndan we täze birikdirilen wagşylardan hem goşuna esgerlige alyp başlapdyrlar. Bu bolsa goşunyň welaýatlaşmagyna we wagşylaşmagyna getiripdir.

Seweriň özgertmelere sezewar eden goşuny hojalyk bilen baglanyşykly bolup, az hereketli, ýerleşen ýerine bagly bolup başlapdyr we goşuny dolandyrmagy çylşyrymlaşdyrypdyr.

Seweriň özgerdişleri , umuman , rim goşunynyň söweşjeňligini ýokarlandyryp, Imperiýanyň içerki we daşarky ýagdaýyny gowulandyrypdyr. Sewer şäher gurluşygyna uly üns beripdir. Köp şäherleri salgytlardan we borçlardan boşadypdyr. Rimde üpjünçilik gowulandyrylypdyr. Köşkler, derwezeler, hammamlar we ş.m. gurlupdyr. Sewer Italiýany hem welaýata öwrüp, onuň prokonsulyny belläpdir.

Sewer ömrüniň ahyrynda Britaniýada uruşlar alyp barypdyr. Ol şo taýda hem 211-nji ýylda keselläp aradan çykypdyr. Septimiý Sewer ölensoň , onuň ogullary Karakalla lakamly Mark Awreliý Antonin we Geta ikisi imperator diýlip yglan edilipdir. Olar bir-birini ýigrenipdirler. Britaniýadan Rime gaýdýarkalar ýolda Karakalla dogany Getany öldüripdir, onuň tarapdarlaryny hem ýok edipdir.

Karakalla ýurdy dolandyrmagy ejeligi Ýuliýa Domna tabşyryp özi goşuny bilen Dunaý serhetlerine gidipdir. Ol ýokarky dunaý ýerlerinde germanlaryň çozuşlaryny yzyna serpikdirip, Parfiýa garşy uruşmak üçin Siriýa ugrapdyr. 216-njy ýylda ol parfiýa patyşasy bilen parahatlyk we dostluk barada ylalaşyk baglaşyp, duýdansyz parfiýalylaryň üstüne çozupdyr we parfiýaly begzadalaryň köpüsini gyrypdyr. Soňra ol Assiriýa çozup girip, Arbely şäherini derbi-dagyn edipdir. Ol şonda Arşaklar neslinden bolan käbir patyşalaryň mazarlaryny hem weýran edipdir. Soňra ol goşunlaryny Siriýa äkidipdir we 217-nji ýylyň ýazynda parfiýalylara garşy urşa taýyarlyk görülýän wagty dildüwşük netijesinde öldürilipdir. Soňra dildüwşügiň baştutany Mark Opelliý Makrin imperator diýlip jar edilipdir.

Makrin uly parfiýa goşunyna garşy çykypdyr. Ýöne ol Demirgazyk Mesopotamiýada derbi-dagyn edilip, agyr şertlerde ýaraşyk baglaşmaly bolupdyr. Rimliler parfiýalylara jedelli ýerleri we harby töleg bermeli bolupdyrlar. Makriniň ýeňlişi we urşujylara hak tölemegiň yza çekdirilmegi onuň tagtdan düşürilmegine getiripdir. Onuň ejeliginiň dogany Ýuliýa Mesa Siriýa goşunlaryny baý sowgatlar berip, öz tarapyna çekipdir. Makriniň goşuny ýeňlip, özi hem öldürlipdir (218 ý)

Tagta Ýuliýa Mesanyň agtygy çykyp, ol Mark Awreliý Antonin diýen däp bolan ady kabul edipdir. Ol taryha Elagabal lakamy bilen giripdir. Ol juda samsyk durmuşda ýaşap, özüne ýigrenç döredipdir we öz mamasy häkimýeti elde saklamak üçin ony öldürdip (222ý), onuň doganoglany , ýagny Ýuliýa Mesanyň başga agtygy Aleksandr Sewer tagta çykypdyr (222-235ýý). Ol ilki mamasynyň , ol ölensoň ejesi Mameýanyň elinde bolupdyr. Senat bilen ylalaşylman mesele çözülmändir, tomaşalar we esgerlere peşgeşler üçin çykdajylar çürt-kesik azalypdyr.

226-njy ýylda Parfiýa döwleti ýykylyp, Ardasiriň baştutanlygynda Eýranda Sasaniler döwleti döräpdir.

Ardasir Rime ilçihana ýollap, Aleksandr Sewerden parslara ähli Ortaýer deňziniň gündogaryndaky ýerleri, ýagny birmahalky Ahemenilere degişli bolan ýerleri bermegini talap edipdir. Netijede 231-232-nji ýyllarda uruş bolup, rim goşunlaryErmenistandan uly ýitgiler çekip, Siriýa yza çekilipdirler.

234-nji ýylda Aleksandr Sewer german serhetlerde ýurda howp salýan goňşy taýpalara garşy ýörişe gitmeli bolupdyr. Uly goşun ýygnalypdyr. Ýöne imperatoryň ejesi Mameýa we beýleki maslahatçylary uruşdan gaça durmak üçin germanlara ilçileri iberip, eger Rim bilen parahatçylygy saklasalar, köp pul tölemegi wada edipdir. Bu bolsa urşujylaryň gahar-gazabyny güýçlendirip, olaryň gozgalaň turuzmagyna getiripdir. Imperator , onuň ejesi we maslahatçylary öldürilipdir (235ý). Sewerleriň nesilşalygy tamamlanypdyr. Rim jemgyýeti we döwleti ykdysady, durmuş-syýasy çökgünligiň döwrüni başdan geçiripdir.

2.Goşun asly frakiýaly, meşhur serkerde Maksimini imperator diýip yglan edipdir. Ol daglyk ýerde çopançylyk edýän , çendenaşa güýçli we batyr adam bolupdyr. Ony Septimiý Seweriň goşunyna gulluk etmäge alan ekenler.

Imperator bolansoň Maksimin (235-238ýý) esasy ünsi urşujylaryň üpjünçiligine gönükdiripdir. Ol Rime gitmän, senaty özüniň imperator bolandygy barada habarly edipdir we ähli welaýatlara öz legatlaryny iberip, olara goşuny saklamak üçin zerur bolan pul serişdeleri bilen üpjün etmegi tabşyrypdyr. Senat we iri baýlar Imperiýany “frakiýaly wagşynyň” dolandyrmagyndan närazy bolupdyrlar.

238-nji ýylda Rimde senat iki senatory imperator diýip yglan edipdir. Maksimin Rimde we Afrikada gozgalaň turandygyny eşidip, Italiýa ugrapdyr. Ýöne ilat oňa garşylyk görkezip, şäherler oňa derwezelerini açmandyrlar. Maksiminiň goşunynda azyk ýetmezçiligi başlanyp, onuň duşmanlary garşysyna goşunyny aýaga galdyrypdyrlar. Urşujylar Maksimini we onuň ogluny öldüripdirler.

Tiz wagtdan senatyň yglan eden iki imperatory hem öldürilipdir. Pretorionlaryň we halk köpçüliginiň talap etmegi bilen ýaş Gordian III imperator bolupdyr. Ol töweregini gurşap alanlara bagly bolupdyr. Gordianyň gaýynatasy Timesteý onuň adyndan dolandyrypdyr. Timesteý ölensoň, onuň ornuna Arabystandan bolan serkerde Filipp geçipdir. Ol 244-nji ýyldan özüni Imperiýanyň ýeke-täk hökümdary diýip yglan edipdir. 249-njy ýylda aşaky dunaý serhetlerinde ýerleşen goşunlarda tolgunyşyklar ýüze çykyp, Filipp Arabystanly ol ýere gujurly senator Desini iberipdir.Ýöne goşunlar Desiniň özüniň imperator bolmagyny talap edipdirler. Desiniň goşuny Italiýada Weronyň ýanynda Filipp Arabystanlyny derbi-dagyn edipdir. Desiý hemmelerden özüne çokunmagy talap edipdir. Beýleki dinlere uýmak jenaýat hasaplanypdyr. Hristianlar gazaply yzarlanypdyr.

Desiý 251-nji ýylda Dunaýda gotlara garşy söweşde ölüpdir. Soňra iki ýylda üç imperator saýlanypdyr.

253-nji ýylda reýn goşunlary Desiniň egindeşi tanymal senator Waleriany imperator diýip jar edipdirler. Walerian (253-260ýý) bilen ogly Galliýeniň (253-268ýý) dolandyran döwründe çökgünlik çuňlaşypdyr. Gotlar we beýleki taýpalar Dunaýyň aňyrsyndan üznüksiz çozupdyrlar. Birnäçe şäherler we obalar ýakylypdyr. German taýpalarynyň frank we alemann bileleşikleri döräpdir. Olar Ýokarky we Aşaky Germaniýa , Galliýa we Demirgazyk Ispaniýa çenli çozupdyrlar. Demirgazyk Afrika welaýatlaryna mawritaniýanyň Çarwalary we beýleki taýpalar çozupdyrlar. Gündogarda parslaryň zor salmagy güýçlenipdir.

Walerian parslara garşy uruşda 260-njy ýylda ýesir düşüpdir. Şondan soň täze imperatorlar peýda bolupdyr. Gotlaryň , alemanlaryň çozuşlary güýçlenipdir. 262-nji ýylda Palmira şäheriniň häkimi Odenat Rimiň gündogar welaýatlaryny öz eline alypdyr. Sisiliýada , Gresiýada , Kiçi Aziýada , Galliýada gullaryň we kolonlaryň gozgalaňlary bolup geçipdir. Gazna boşapdyr. Galliýen onuň üstüni garyndyly teňneleri ýasamak bilen ýapjak bolupdyr. Urşujylara we çinowniklere önüm görnüşinde hak töläp baslapdyrlar.

268-nji ýylda abraydan düşen Galliýen dildüwşük netijesinde öldürilipdir. Dildüwşüjiler illiriýaly Klawdini imperator diýip jar edipdirler..

3.III asyryň ykdysady çökgünliginiň esasy sebäpleri uruşlar, keseller zerarly işçi güýjüniň azalmagy, ekin meýdanlarynyň tozmagy , hasyllylygyň peselmegi, girdejili üzümçiligiň we zeýtunçylygyň gallaçylyk bilen çalşyrylmagy, hünärmentçilik önümleriniň hiliniň pese düşmegi, senetçilik ussahanalarynyň tozmagy bolupdyr. Oba hojalygynyň , hünärmentçiligiň we söwdanyň çökgünligi şäherlere uly zarba urupdyr. Şäher ilatynyň tozan bölegi köpçülikleýin obalara gaçypdyrlar. Iri latifundiýalaryň eýeleri öz oba willalaryny diwar bilen gurşap , öz gullaryndan we garaşly adamlaryndan ýaragly toparlar döredip, şäherden gelen adamlary höwes bilen kolon hökmünde öz ýerine kabul edipdirler. Oba hojalygynda gullaryň ähmiýeti peselip, olary öý hyzmatkärleri hökmünde ulanypdyrlar. Gullary obada kolonlara öwrüp başlapdyrlar.

III asyryň çökgünligi döwründe erkin adamlaryň fiziki zähmete bolan garaýşy hem üýtgäp başlapdyr. Muňa barha giň ýaýraýan hristiançylyk hem öz täsirini ýetiripdir.

4.Got lakamyny alan Klawdiý II-niň gysga wagtlyk dolandyran döwri (268-270ýý) Rim imperiýasynyň syýasy bitewiligi we harby kuwwatyny dikeltmegiň başlangyjy bolupdyr.

Klawdiý II häkimýet başyna gelen wagty ýurtda bitewilik bolmandyr.

Gotlaryň 2000-den gowrak kürekli gämiden ybarat floty bogazlardan geçip, Egeý deňzine giripdir we Afon burnundan Krite we Kirpe çenli ýerleri, kenarýaka obalary, şäherleri talapdyrlar. Soňra uly şäher Fessalonikany gabapdyrlar.

Klawdiý II mümkin boldugyndan goşun ýygnap, tozdurylan welaýatlara kömege barypdyr. Naissa (Nisa) şäheriniň ýanynda gazaply söweş bolup, rimliler gotlaryň köpsanly goşunyny derbi-dagyn edipdirler. Gotlaryň 50000 sanysy söweş meýdanynda öldürilipdir. Onlarça müňläp urşujylar aýallar we çagalar ýesir alnypdyr we gulçulyga satylypdyr. Bu ýeňiş Imperiýanyň gaznasyny doldurmaga mümkinçilik beripdir. Diri galan gotlaryň onlarça müňüsi rim goşunyna gulluga geçipdirler we boş ýatan ýerlere kolonlar göçürilip eltilipdir.Şol bir wagtda hem jaýlanylmadyk jesetleriň köp bolmagy zerarly mergi gyrgynçylygy ýaýrap, Meziýany we Pannoniýany gyrgyna beripdir. Klawdiý II hem mergi keselinden ölüpdir. Ol ölmezinden harby serkerde Awreliany özüniň mirasdary edip belläpdir. Awrelian pannoniýaly ýönekeý daýhanyň ogly bolup, öz batyrlygy we ukyplylygy bilen ýönekeý urşujy bolanlygyndan serkerdelige çenli baryp ýetipdir. Goşunda imperator diýlip jar edilensoň, rim senaty hem ony ykrar edipdir. Ol öz dolandyran bäş ýylynda (270-275ýý) Rime edilen çozuşlary ýok edip, imperiýanyň syýasy bitewiligini hem dikeldipdir. Senat oňa “parahatçylygy dikeldiji” diýen derejäni beripdir.

Awrelian dunaý welaýatlaryna gotlaryň täze çozuşlaryny yzyna serpikdirip, soňra dunaý serhetlerini berkidipdir. 271-nji ýylda Demirgazyk Italiýa alemannlar çozuş edip, olar Plasensiniň ýanynda rimlileri ýeňipdirler. Olar Orta Italiýa we Rime howp salypdyrlar. Adatdan daşary çäeler arkaly alemannlary Alp daglaryndan aňyrky ýerlere kowup çykarmak Awreliana zordan başardypdyr.

Şondan soň Awrelian Rimi goramak üçin kuwwatly minaralary bolan beýik kerpiç diwar gurdurypdyr. Uzynlygy 18 km bolan “Awrelianyň diwary” (272ý) häzirki wagta çenli saklanyp galypdyr. Soňra Awrelian bölünip aýrlan welaýatlara garşy göreşipdir. Ilki bilen baý ýer eýesi Tetrigiň elindäki galliýa we Ispaniýa garşy çykypdyr. Tetrik gorkup rim lagerine gaçypdyr, gallar bolsa garşylyk görkezmegi dowam edipdirler. Awrelian olary söweşde derbi-dagyn edip, Lugdun (Lion) şäherini eýeläpdir. Galliýa we Ispaniýa ýene-de rime garaşly edilipdir. Günbatarda Rimiň agalygy dikeldilipdir. Gundogar welaýatlaryň köpüsi palmiraly Odenatyň häkimligi astynda bolupdyr. Ol ölensoň ýerini aýaly Zenobiýa tutupdyr. Zenobiýa boýun egmändir. 272-nji ýylda Awrelian onuň goşunlaryny Kiçi Aziýaýadan we Siriýadan kowup çykaryp, Palmirany gabapdyr we boýun egdiripdir. Zenobiýa ýesir alnypdyr. Awrelian harby töleg alypdyr we Zanobiýanyň maslahatçylaryny jezalandyrypdyr. Awrelian Günbatara gidensoň Palmiranyň ilaty gozgalaň turzupdyr. Awrelian gozgalaňy basyp ýatyryp, ilaty gyrmagy we şäheri weýran etmegi (273ý) buýrupdyr. Tiz wagtdan Awrelian Müsüri eýeläpdir. 274-nji ýyla çenli Rimiň syýasy bitewiligi dikeldildi..

Rim imperiýasynyň içerki ýagdaýyny berkitmek we paýtagtda asudalygy ýola goýmak üçin Awrelian Rim şäheriniň iň garyp ilatyna galla paýlamak ulgamyny üýtgedipdir. Ol däne paýlamaga derek zeýtun ýagy we duz goşulyp bişirilen çörek paýlamagy buýrupdyr.

Awrelian pul özgerdişini geçirmäge we pul zikgelemegiň täze düzgünlerini girizmäge synanyşypdyr.Bu bolsa rim zikgejanasynda işleýän hünärmentleriň we gullaryň uly gozgalaň turuzmagyna getiripdir. Gozgalaňy basp ýatyrypdyrlar.

Awrelian özüni “jenap we hudaý” diýip atlandyrmaklaryny isläpdir we köne respublika däplerini doly ýok etmäge çalşypdyr. Muňa garşy senatorlaryň arasynda birnäçe dildüwşükler bolupdyr. Awrelian olardan gazaply öç alypdyr. Ahyry 275-nji ýylda ony gündogara ýöriş wagtynda öldüripdirler. 276-njy ýylda goşunlar awrelianyň egindeşleriniň biri bolan illeriýaly Proby imperator diýip jar edipdirler. Prob franklaryň alemanlaryň Galliýa, Blemmiý taýpalarynyň Ýokarky Müsüre çozuşlaryny yzyna serpikdiripdir. Senat bilen gowy gatnaşyklary ýola goýupdyr. 282-nji ýylda parahatçylykly wagtda gurluşykda işledýändigi üçin gahary gelen urşujylar topalaň turzup, Proby öldüripdirler.

284-nji ýylda goşun illiriýaly Gaý Waleriý AwreliýDiokletiany imperator saýlapdyr. Şondan soň imperiýanyň dominat döwri başlanypdyr.

Mowzuk: Giçki Rim imperiýasy (dominat döwri)

Meýilnama:

1. Diokletianyň özgerdişleri

2. Konstantiniň içerki syýasatlary

3. Rim jemgyýeti we döwleti IV asyryň ortasynda we II ýarymynda

1.Diokletianyň häkimýet başyna gelmegi bilen giçki Rim imperiýasy döwri başlanypdyr. Bu döwür 200 ýyla golaý dowam edipdir. Diokletianyň dolandyryp başlan wagtlary ýurtda durmuş syýasy göreş ýiti bolupdyr. Galliýada bagaudlaryň gozgalaňy bolup, özlerine Amand we Elian atly iki imperatory saýlapdyrlar.

287-nji ýylda Britaniýada rim flotunyň baştutany Karauziý özüni imperator diýip yglan edipdir we Britaniýany, Galliýanyň demirgazyk – günbataryny basyp alypdyr. Mawritaniýada bergerleriň , garyp-daýhanlaryň , kolonlaryň tolgunyşyklary bolupdyr. Franklaryň we alemanlaryň taýpa bileleşikleri reýn araçäklerini böwüsmek howpuny salypdyrlar. Ýewfratda pars goşunlary hojaýýnlyk edipdirler. Bagaudlaryň gozgalaňyny basyp ýatyrmak we Galliýada parahatçylygy dikeltmek üçin tejribeli serkerde Maksimian iberilipdir. Maksimian 286-njy ýylda awgust diýlip yglan edilipdir. Diokletian ony özi ýaly hökümdar edip, Imperiýanyň günbataryny dolandyrmaga beripdir. Onuň merkezi Mediolan bolupdyr. Diokletian bolsa Nikomediýany paýtagt edinip Imperiýanyň gündogaryny dolandyrypdyr. Şondan soň Diokletian birnäçe özgerdişler geçiripdir.

Diokletian pul özgerdişini geçirip, öňki garyndyly pes hilli teňňeleri çykarmagy bes edipdir. Arassa altn teňňe çykarylyp başlanypdyr. Täze mis teňneler hem çykarylyp başlanypdyr.Ýöne altynyň tokga görnüşindäki bahasy täze teňňäniň biraz peseldilip yglan edilenindäki bahasy bilen deň gelmeýändigi üçin özgerdiş başa barmandyr. Täze çykarylan altyn we kümüş teňňeler dolanyşykdan tiz ýitipdir. Diokletian ýene-de pes hilli teňňeleri zikgeletmeli bolupdyr.

Diokletian salgyt ulgamyny hem özgerdipdir. Salgydyň esasy bölegi indi pul bilen däl-de önüm görnüşinde ýygnalypdyr. 289-290-njy ýyllarda ilat ýazuwy geçirilipdir. Salgydyň möçberi 5 ýyl möhlet bilen bellenipdir.

Salgyt ýygnalyşy ýere we ony işläp bejerýän adamlara esaslanypdyr.

Şäher ilaty ýere görä tölenýän salgyda derek jan başyna salgyt töläpdirler.

Diokletian goşunda we dolandyryşda hem özgerdişler geçirip, köne Septimiý Seweriň döwründäki serhet goşunlaryndan başga hem hereket edýän , şäherlerde ýerleşýän goşunlary döredipdir. Gounyň sanynyň artandygy adam ýetmezçilik edýändigi üçin ýer eýeleri ýeriniň möçberine görä öz kolonlaryndan we beýleki işgärlerinden goşuna bellenen mukdarda adam bermeli bolupdyrlar. Öň goşunyň ýerli häsiýetde bolmagy ýene –de bir oňaýsyzlygy döredýärdi. Ol hem ýerli harby serkerdeleriň köp halatda özlerini imperator diýip yglan etmekleridi. Üstesine-de ol goşunlar az hereketlidiler. Hereketjeň goşunlaryň girizilmegi bilen merkezi häkimýet berkleşipdir. Olara daýanyp Diokletian we Maksimian içki gozgalaňlary basyp ýatyrypdyrlar we eýranlylara garşy käbir üstünlikleri gazanypdyrlar.

Imperiýa uly bolansoň, içerki we daşarky ýagdaýlaryň çylşyrymlaşmagy netijesinde ýurdy 2 merkezden dolandyrmak hem aňsat bolmandyr. 293-nji ýylda Diokletian uly serkerdeleriň biri Gaý Galerini öz kömekçisi edip, oňa sezar derejesini berýär. Oňa Sirmium şäherini paýtagt edinip, Balkan ýarym adasyny dolandyrmaga beripdir. Günbataryň awgusty Maksimian hem Flawiý Konstansiý Hlory sezar derejesini berip, öz kömekçisi diýip yglan edipdir. Konstansiý Hlor Galliýany we Britaniýany dolandyryp, onuň merkezi şäheri Awgusta Trewerow (häzirki Trir) şäheri bolupdyr. Kömekçileriň ikisi hem bir günde sezar edilip, Gaý Galeriý Diokletianyň gyzyny , Konstansiýa Hlor hem Maksimianyň gyzlygyna öýlenipdirler. Awgustlar sezarlary ogullyga alypdyrlar. Ýene 20-ýyldan awgustlar öz ýerlerini sezarlara bermekligi karar edipdirler. Olar hem öz ýerlerine serkerdelerden sezarlary saýlamaly ekeni. Bu döwlet dolandyrylyşy tetrarhiýa , ýagny dörtleriň hämiýeti diýlip atlandyrylypdyr. Imperatorlaryň hudaýlaşdyrylmagy olaryň ýanyna barmaklygy kynlaşdyrypdyr, olaryň janyna kast etmek howpuny azaldypdyr. Sezarlaryň geljekde awgust bolmaklary bolsa özüni imperator diýip yglan edýänleriň sanynyň azalmagyna getiripdir.

Uly awgust ýokary häkimýete eýe bolupdyr. Diokletian öňki welaýatlaryň araçäklerini üýtgetmek üçin, ownuk welaýatlaryň ýüz sanysyny döredipdir. Rim aýratyn 101-nji welaýat bolupdyr. Welaýatlaryň özgerdilmegi olaryň III asyrda güýçlenen özbaşdaklyga ymtylmalaryny gowşadypdyr. Birnäçe welaýat dioseze birleşipdir. 12 sany diosez bolupdyr. Diosezleri imperator tarapyndan bellenilýän wikariler dolandyrypdyrlar. Welaýatlary dolandyrýanlara rektorlar diýlipdir. Olar wikarilere tabyn bolupdyrlar. Rim öňki gurluşyny saklapdyr. Ol indi paýtagt bolmandyr. Rimiň senaty Rim şäheriniň maslahatyna öwrülipdir.

Diokletian hristiançylyk babatda gazaply syýasat ýöredipdir. Ol bu dini döwletiň bitewiligini gutarnykly berkitmäge päsgel berýän güýç hökmünde görüpdir. 303-nji ýylda hristiançylyk dininiň düzgünlerini ýerine ýetirmek gadagan edilipdir.Hristian buthanalaryny we kitaplaryny ýakmak buýrulypdyr.Hristianlaryň her biri , şol sanda Diokletianyň aýaly we gyzy hem , imperatora we butparazçylyk hudaýlara sadaka bermeli we öz dininden ýüz öwürmeli bolupdyrlar. Bu buýruklary ýerine ýetirmedik hristianlary gynapdyrlar, zyndana taşlapdyrlar. Hat-da öldüripdirler.Bu gazaply çäreler hristiançylygy ýok edip bilmändir, gaýtam, olaryň guramalary has-da jebisleşipdir.

2.305-nji ýylda Diokletian we Maksimian dabaraly ýagdaýda öz wezipelerini Gaý Galeriä we Konstansiý Hlora beripdirler. Olar hem awgust diýlip jar edilipdir. Olaram özlerine sezar saýlapdyrlar. Ýöne tetrarhiýa düzgüni çalt bozulypdyr. Dürli ýerlerde täze awgustlar we sezarlar peýda bolup, olaryň arasynda häkimýet ugrunda göreş tutaşypdyr. Bu göreşde Konstansiý Hloryň ilkinji aýaly Ýelenadan bolan ogly Konstantin öňe saýlanypdyr. Ol ýetginjeklik ýyllarynda öz batyrlygy, akyly bilen kakasynyň goşunlarynda meşhurlyk gazanypdyr. 306-njy ýylda Konstansiý Hlor birdenkä aradan çykypdyr. Britan goşunlary Konstantini sezar diýip yglan edipdirler. Awgust Galeriý hem ony ykrar etmeli bolupdyr. Soňra häkimýet başyna dolanyp gelen Maksemian we onuň ogly Maksensiý bilen Gaý Galeriniň arasynda häkimýet ugrunda göreş tutaşypdyr. Konstantin bularyň güýçleri we syýasy täsirleri gowşaýança garaşypdyr. 311-nji ýylda Gaý Galeriý ölensoň esasy awgust Lisiniý Lisinian bolupdyr. Konstantin onuň bilen Italiýany we Afrikadaky welaýatlary dolandyrýan Maksensä garşy ylalaşyk baglaşypdyr. Amatly pursat dörän wagty Konstantin özüniň gall goşunlaryny Italiýa äkidipdir. 312-nji ýylda Rimiň etegindäki Gyzyl gaýalar diýen ýerde Konstantin bilen Maksensiniň goşunlarynyň arasynda söweş bolup, Konstantin ýeňipdir. Maksensiý bolsa ýeňilip, Tibrde gark bolupdyr. Konstantin Günbatarda, Lisiniý bolsa öz bäsdeşlerini ýeňip, Gündogarda hökümdarlyk edipdirler. Bu iki awgust biri-birinden gorkupdyrlar we bir-biregi ýigrenipdirler. Olaryň arasynda Balkan ýarym adasyny kimiň dolandyrmalydygy barada dawa ýuze çykyp, 314-316-njy ýyllarda bolan uruş netijesinde Balkan ýarym adasynyň Frakiýadan beýleki ýerleri Konstantine geçipdir. Konstantin esasy awgust hem bolupdyr.

323-nji ýylda ol gotlara garşy göreşmek bahanasy bilen Frakiýany eýeläpdir. Lisiniý muňa garşy çykyş edip ýeňlipdir. Ol tagtdan düşürilip, tiz wagtdan hem öldürilipdir. 324-nji ýylda Konstantin Rim imperiýasynyň ýeke-täk hökümdary bolupdyr. Konstantiniň içerki we daşarky syýasaty Diokletianyň özgerdişleriniň gös-göni dowamy bolupdyr. 314-nji ýylda özara uruşlaryň has ýitileşen döwri tamamlansoň, Konstantin pul özgerdişini geçiripdir. Iki özgerdişiň arasyndaky döwürde altynyň tokga görnüşindäki bahasyny has anyk kesgitlemegi başarypdyrlar we netijede rim funtunyň 1/72 bölegine deň bolan altyn teňne – solid çykarylypdyr. Solid ilki günbatarda , soňra bütin Imperiýada esasy pul birligine öwrülipdir. Kümüşden bolsa diňe ownuk pullar zikgelenipdir. Pul aýlanyşygy janlanypdyr.

Konstantiniň döwründe adamlaryň işleýän ýerlerine berkidilmegi dowam etdirilipdir.

332-nji ýylda Konstntin gaçgak gullary yzyna gaýtaryp getirmek barada kanun çykarypdyr.

Serhetýaka uruşlarynda gazanylýan uruşlar netijesinde ýesir alnan wagşylary kolonlara öwrüpdirler. Şeýdip imperiýanyň wagşylaşmagy çaltlanypdyr.

Konstantiniň döwründe Diokletianyň başlan harby özgerdişi hem tamamlanypdyr. Serhet we hereketli goşunlara bölmeklik saklanyp galypdyr, ýöne dominatyň esasy daýanjy bolan hereketli goşunlar iki topara bölünipdir. Has öňe saýlanan goşun bölümlerini köşk goşunlary edipdirler.. Olar Rimde we beýleki paýtagtlarda ýerleşipdirler. Öňki pretorian goşunlary dargadylypdyr. Olaryň ýerine köşk goşunlary ýerleşdirilipdir. Konstantiniň döwründe goşunyň wagşylaşmagy has-da artypdyr. Rimde harby gulluk edýän wagşylara raýatlyk hukuklary berlipdir. Olara uly wezipeleri eýelemäge mümkinçilik döräpdir.

Tetrarhiýa düzgüni ýatyrylan hem bolsa, ýurduň dört bölege bölünmegi saklanyp galypdyr. Bu böleklere prefekturalar diýlipdir. Prefekturalary imperator tarapyndan bellenilýän pretoriýanyň prefektleri dolandyrypdyr.

Dört sany harby wezipe bolup ikisi pyýada goşunlara, ikisi hem atly goşunlara baştutanlyk edipdirler.

Keramatly dominisyň ýnynda ýokary maslahat – konsistorium bolupdyr. Konsistorium diýilmeginiň sebäbi imperatoryň ýanyndaky adamlaryň maslahat wagtynda dik durmaly bolandyklary bilen düşündirilýär.

Imperatora şahsy hyzmat edýän köşk wezipeleri Imperiýada iň ýokary wezipeler hasaplanypdyr.Diokletianyň girizen bezemen we dabaraly köşk durmuşy Konstantiniň döwründe has-da güýçlenipdir. Dominus ýokary harby serkerde hem bolupdyr.

Konstantin döwlet işlerinde Diokletianyň özgerdişlerini dowam eden hem bolsa, dini syýasatynda onuň garşydaşy bolupdyr. Konstantin hristiançylykda we kuwwatly buthana guramasynda imperatoryň çäklendirilmedik häkimýetiniň daýanjyny görüpdir. Şeýle hem Konstantin Diokletianyň dini yzarlamalarynyň netije bermändigini görüpdir.

Baryp 311-nji ýylda Galeriý hristianlary yzarlamagy bes edipdir. Konstantin we Lisiniý 313-nji ýyldaky ýeňşinden soň , Mediolan ediktini çykarypdyr. Şu edikt boýunça hristian dini beýleki dinler bilen deňhukukly diýlip yglan edilipdir. Yzarlamalara sezewar edilen hristianlaryň emlägi gaýtarylyp berlipdir. Konstantin hristian ruhanylarynyň döwletiň öňünde ýerine ýetirmeli şahsy borçlaryny ýatyrypdyr.

Hristiançylykda şol döwürde donatçylyk , ariançylyk ýaly dürli akymlar peýda bolup başlapdyr. Konstantin hristiançylykda agzalalyklaryň bolmagyny islemändir.

325-nji ýylda Kiçi Aziýanyň Nikeýa şäherinde bütin Rim imperiýasy boýunça hristianlaryň I ýygnanyşygy çagyrylypdyr. Ariançylyk ýazgarylypdyr. Konstantin dawaly taraplaryň ylalaşyga gelmeklerini isläpdir. Ariançylyga garşy gol çekmedik iki ýepiskop we Ariýniň özi-de näletlenipdirler we sürgün edilipdir. Konstantin ölenden soň donatçylyk we ariançylyk ösüp, ýokary derejä ýetipdirler. Donatçylar yzarlamalar döwründe durnukly bolmadyk ruhanylara garşy göreşipdirler. Ariançylar bolsa Isa pygamberiň hudaý hökmünde görülmegine garşy çykypdyrlar. Olar ony hudaý däl-de hudaý bilen adamlaryň arasyndaky aralykçy hökmünde düşündiripdirler.

Nikeýa ýygnanyşygynda buthana hristiançylyk kalendary (hristian baýramçylyklaryny aýlara we günlere payamak) we hristiançylyk dini wezipeleriniň basgançaklary girizilipdir. Rimiň, Aleksandriýanyň, Antiohiýanyň ýepiskoplary patriarh derejesini alypdyrlar. Rimiň we Aleksandriýanň ýepiskoplaryna papa derejesi hem berlipdir. Welaýat ruhanylaryna arhiýepiskoplar , şäherlerde ýepiskoplar baştutanlyk edipdirler. Olar imperiýany dolandyryjylaryň buýruklaryny gulak asyjylyk bilen ýerine ýetiripdirler.

Häkimýet ugrunda göreşýän wagtynda Konstantiniň hemişelik paýtagty bolmandyr. Imperiýanyň gündogar bölegi günbatar bölegine garanda wagşylaryň çozuşlryna has az sezewar bolupdyrlar. Medeni taýdan has umumy (birmeňzeş) we ykdysady taydan has ösen ekeni. Diokletianyň we Waleriniň paýtagty bolan Nikomediýanyň golaýynda ,Bosporyň ýewropa kenarynda gadymy grek şäheri Wizantiý ýerleşipdir. Ol tebigy taýdan gowy goralan we gury ýer ýollarynyň çatrygynda ekeni. Konstantin oňa öz paýtagtyny geçirip, Täze Rim – Konstantinopol diýip atlandyrypdyr. 328-nji ýylda kaşaň ymaratlar,köşkler, stadion, ippodrom , termler we kitaphanalar gurup başlapdyrlar. 330-njy ýylda bolsa şäheri täze paýtagt diýip yglan edipdirler. Konstantinolopa dürli şäherlerden sungat eserleri getirilipdir, öz senaty döredilipdir. Konstantinopolyň plebsi edil rimlileriňki ýaly ýeňilliklerden peýdalanypdyrlar.Konstantin 337-nji ýylda aradan çykypdyr. Ol ölmezinden biraz öň ariançylyk meýilli ýepiskop Ýewsewiýden hristiançylygy kabul edipdir.

3.Diokletianyň we Konstantiniň özgerdişleri Rim imperiýasyny çökgünlik ýagdaýyndan çykaryp, gysga wagtlap onuň öňki syýasy kuwwatyny dikeltdiler. VI asyrda Rim döwleti ýokary halkara abraýyny saklapdyr. Serhetlerde ýagdaý kadaly saklanypdyr, taýpa bileleşmelerinden bolan wagşylaryň harby toparlary hakynatutmalar hökmünde Rime höwes bilen gulluga durupdyrlar. Tutuş taýpalar Imperiýanyň araçäklerine kolonlar ýa-da federatlar hökmünde göçüp gelipdirler.

Konstantin öz wesýetnamasynda Imperiýany öz ogullary Konstantyň , Konstantiniň , Konstansiniň (337-361ýý) we beýleki garyndaşlarynyň arasynda paýlapdyr.Bu bolsa ýokary häkimýet ugrunda dessine gazaply göreşiň tutaşmagyna getiripdir. Netijede Konstantiniň köpsanly garyndaşlary gyrlypdyr.

351-nji ýylda häkimýet Konstansiý II-niň eline geçipdir. Ol zalym we müňkür adam bolupdyr. Ol Ariýniň tarapdary bolup, ortodokslary ýagny nikeýaçylary (Nikeýa ýygnanyşygynyň kararlarynyň tarapdarlaryny) gazaply yzarlapdyr.

Hristiançylygyň içindäki göreşiň buthana guramasyny gowşadýan şertlerinde imperator Flawiý Klawdiý Ýulian (360-363ýý) öňki köphudaýlylygy gaýtaryp getirmäge synanyşypdyr. Ýulianyň häkimýet başyna gelşi adaty bolmandyr. Ol Konstansiý II-niň doganoglany bolup, 355-nji ýylda 23 ýaşynda german taýpalary bolan alemannlar, franklar we sakslar tarapyndan böwsülen reýn serhetlerine iberilipdir. Oňa sezar derejesi berlip, Galliýa we Britaniýa dolandyrmaga berilýär. Ýulianyň birdenkä dolandyryş ukyplary ýüze çykypdyr we ol ökde serkerde hökmünde hem özüni tanadypdyr. Ol alemannlaryň taýpa bileleşmesini derbi-dagyn edip, ýesir alan germanlary Galliýanyň taşlanan ýerlerinde kolonlar hökmünde ýerleşdiripdirler. Sakslar we franklar hem Reýniň aňyrsyna kowlup çykarylypdyrlar. Ýulian Galliýada salgytlary hem azaldypdyr. Onuň abraýy artypdyr. Konstansiý şonuň üçinem gall goşunlarynyň bir bölegini Gündogara geçirmegi Ýulianyň güýjüni gowşatmak üçin) talap edipdir. Goşun gozgalaň turzup, 360-njy ýylda Ýuliany awgust diýip jar edipdirler. Ýulian Konstansiý bilen bile dolandyrmaga ylalaşmak isläpdir. Ýöne netije bolmandyr. Tiz wagtdan Konstansiý ölüpdir we Ýulian Imperiýanyň ýeke-täk hökümdary bolupdyr.

Ol ilki bilen Imperiýanyň umumy ýagdaýyny berkitmäge synanyşypdyr. Salgytlary ňilleşdirmek üçin köşkdäki çykdajylary azaldypdyr.

Ýulianyň döwlet işleriniň esasy merkezini onuň dini syýasaty tutupdyr. Ol döwlet dini hökmünde hristiançylykdan ýüz öwrüpdir. Butparazçylyk dini ulgamyny gaýtadan dikeldipdir. Ýulian ähli dinlere çydamlylygy öňe sürüpdir. Hristianlaryň hukuklary çäklendirilipdir.

363-nji ýylda Ýulian parslara garşy ýöriş wagtynda ölüpdir. Onuň oruntutary imperator Jowian Ýulianyň ähli din baradaky kararlaryny ýatyryp, hristiançylygyň agalyk ediji ýagdaýyny dikeldipdir.

Jowian hem tizden ýogalypdyr. Günbatarda Walentinian I (364-375ýý), Gündogarda onuň dogany Walent (364-378ýý) imperator bolupdyrlar. Walent ariançylygyň tarapdary bolup, nikeýaçylary yzarlapdyr. Şol bir wagtda Dunaýyň çep kenaryndaky wagşylar, esasanam, westgotlar Balkan welaýatlaryna çozuşlar edipdirler. 365-nji ýylda Ýulianyň işini dowam edip, onuň ýegeni Prokopiý gozgalaň turzupdyr. Prokopiý 366-njy ýylda Frakiýada derbi-dagyn edilýär we jezalandyrylýar.

Walentinian we Walent “kiçi” adamlary “güýçlülerden” goraýan ediktler çykarypdyrlar. Plebsi goraýan defenzor wezipesini girizipdirler.

Ýokary wezipeli adamlaryň parahorlugyna garşy göreşipdirler.

IV asyryň 60-70-nji ýyllarynda daşary syýasatyň esasy meselesi gotlar bolupdyr. Walent 366-369-njy ýyllarda gotlar bilen urşup ýeňipdir we Imperiýa üçin peýdaly ylalaşyk baglaşypdyr.

370-nji ýyllaryň ortalarynda Dunaýda ýagdaý çylşyrymlaşypdyr. Gunnlar we alanlar tarapyndan gysylan westgotlaryň esasy köpçüligi imperator Walentden Imperiýanyň serhetlerinde ornaşmaga rugsat bermegini haýyş edipdirler. Olar munuň üçin rim kömekçi goşunynda gulluk etmegi wada edipdir.

376-njy ýylda olara rugsat berlip, Frakiýada ornaşypdyrlar. Ýöne soň bularyň azyk getirmeklerine emeli päsgelçilik döredilendigi sebäpli gozgalaň turzupdyrlar. Gotlaryň gozgalaňyna garşy göreşde 378-nji ýylda imperator Walent wepat bolupdyr. Walent bilen dolandyrýan beýleki imperator Grasian öz goşunlaryny günbatara äkidip, iň gowy serkerdeleriň biri bolan Feodosini (379ý) Gündogaryň awgusty edip belläpdir. Feodosiý 382-nji ýylda westgotlary boýun egdiripdir we ýaraşyk şertnamasyny baglaşypdyr. Şertnama boýunça gotlar ilki Meziýada we Frakiýada , soňra Illirikada ýerleşdirilipdir. Olara imperiýanyň gaznasyndan hak tölenipdir, döwlet ammarlaryndan azyk we enjam alypdyrlar, salgytlardan boşadylypdyrlar, öz dinine uýup (gotlar arionlar ekeni), imperiýa wezipeli adamlaryna däl-de öz taýpa serdarlaryna boýun egipdirler. Bularyň ýerine gotlar imperator talap eden wagty ýaragly goşun bermeli ekenler. Şeýlelikde Imperiýanyň çäklerinde wagşylaryň bileleşmesine öz kanunlary we dolandyryş düzgünleri boýunça ýaşamaga rugsat berilmegi bilen geljekki wagşy korollyklaryň döremegine şertler emele gelip başlapdyr.

Feodosiý dini jedelleriň döwletde dartgynly ýagdaýy döredýändigine düşünipdir. Ol katolik – nikeýaçy bolandygy üçin, 380-nji ýylda “Katolik dini barada” edikt çykarypdyr. Ol katolik dinine uýmagyň hökmanydygyny yglan edipdir. Ariançylyk gazaply yzarlanypdyr. Butparazçylyk has-da rehimsiz yzarlanypdyr. Olaryň ybadathanalary , butlry ýumrulypdyr. Butparazçylyk däp-dessurlaryny ölüm howpy bilen gadagan edipdir . 393-nji ýylda antik butparazçylyk dininiň we medeniýetiniň nyşany bolan olimpiýa oýunlary iň soňky gezek geçirilipdir. Olimpiýa ybadathanalary ýumrulypdyr. 395-nji ýylda Feodosiý ölüpdir. Onuň wesýeti boýunça Imperiýa ogullarynyň arasynda ikä bölünipdir: 11 ýaşly Gonoriý Günbataryň awgusty, 18 ýaşlyArkadiý Gündogaryň awgusty bolupdyr.

Mowzuk: Günbatar Rim imperiýasynyň ýykylmagy

Meýilnama:

1. V asyrda Günbatar Rim imperiýasynyň umumy ýagdaýy

2. Günbatar Rim imperiýasynyň ýykylmagy

1.395-nji ýylda Rim imperiýasy syýasy taýdan ikä: Günbatar Rim imperiýasyna we Gündogar Rim imperiýasyna (Wizantiýa) bölündi. Bu döwletleriň ikisini-de Feodosiniň doganlary we ogullary dolandyrýardy. Iki imperator tarapyndan dolandyrylýan bitewi Imperiýa düşünjesi saklanyp galýan hem bolsa , hakykatda bular syýasy taýdan öz paýtagtlary (Rawenna we Konstantinopol), imperator koşkleri, hökümetleriniň öňünde dürli meseleleri , birmeňzeş bolmadyk durmuş-ykdysady ýagdaýlary bolan iki döwletdiler. Olar taryhy taýdan dürli ýollar bilen ösýärdiler. Gündogar Rim imperiýasynda imperatoryň güýçler merkezi häkimýeti saklanyp galýardy.

Günbatar Rim imperiýasynda bolsa imperatoryň merkezi häkimýeti saklanyp galýardy.

Günbatar Rim imperiýasynda bolsa imperatoryň merkezi häkimýeti gowşapdy. Onuň çäklerinde özbaşdak syýasy birleşmeler – wagşy korollyklar emele gelip başlapdy.

Günbatar Rim imperiýasynda kem-kemden merkezi häkimýetiň gowşamagynyň durmuş-ykdysady sebäpleri hem bardy. Gulçulyga daýanýan hojalygyň möwriti ötüpdi, şäherler pese düşüp, haryt önümçiligi we söwda azalypdy. Ykdysady durmuşyň merkezleri şäherlerden obalara – iri mülklere geçipdi. Has iri mülkler diňe bir oba hojalygynyň merkezi bolman, töweregindäki ýerleriň hünärmentçilik we söwda merkezlerine hem öwrülipdirler.

IV-V asyrlarda şäherli gul eyeleri tozup, tersine iri ýer eýeleriniň ýagdaýy berkleşipdir. Olaryň köp ýeri , ilaty, ätiýaçlyk azyklary, hünärmentçilik önümleri , şahsy goragy, berkidilen willalary bolupdyr. Gowşak imperatorlar olara birnäçe ýeňillikler beripdirler. Iri mülkdarlar kä halatda öz häkimýetini erkin ekerançylaryň ýaşaýan goňşy obalaryna hem ýaýradypdyrlar.

Buthana ýerleri hem artypdyr. V asyrda Günbatarda monahçylyk giň ýaýrap, köp ýerli monastyrlar döräpdir. Buthana we monastyr ýerleriniň artmagynda imperatorlaryň we hristianlaryň peşgeşleri hem ýardam edipdir.

Ykdysadyýetiň pese düşmegine döwletiň salgyt syýasaty hem täsir edipdir. Imperator köşgüni, dolandyryş ulgamyny , goşuny saklamak üçin ägirt uly serişdeler gerek bolupdyr. Köpsanly salgytlar, döwlet borçlary, dürli ýygymlar ilaty tozdurypdyr.

V asyrda Günbatar Rimiň durmuş-syýasy ýagdaýynyň möhüm taraplarynyň biri-de imperatoryň hökümeti bilen rim papasynyň töweregine jemlenen hristian buthanasynyň bähbitleriniň kem-kemden çapraz gelmegidir. Günbatar buthanasy ägirt baýlyklary we ruhy täsiri bilen bir hatarda syýasy täsire hem eýe bolýar. Günbatar rim imperatorlaryna onuň täsirini ýok etmek we öz gözegçiliginde saklamak başartmandyr. Günbatar buthanasynyň merkezi şäheri – Rim, imperator köşgüniň merkezi bolsa ilki Mediolan, 402-nji ýyldan başlap – Rawenna bolupdyr.Buthananyň garyplara edýän haýyr – sahawaty merkezi häkimýetiň salgyt syýasatyna ters gelipdir. Imperiýanyň abraýy gaçdygysaýyn , buthananyň durmuş – ykdysady we syýasy täsiri artypdyr.

Goşunyň hili pese düşüpdir. Serhet goşunlary harby gullukdan ötri özüniň kiçijik hojalygy bilen has köp gyzyklanypdyr. Ilat harby gullukdan boýun gaçyrypdyr. Rim goşuny köplenç öz harby serkerdeleriniň meýillerini amala aşyrýan ýa-da öz ilatyny talaýan serişdä öwrülipdir. Döwleti daşarky duşmandan goramak ukyby peselipdir. 140 müň serhet we 125 müň meydan goşunlary üçin köp serişde gerek bolupdyr. Harby taýdan berkleşmek üçin günbatar rim imperatorlary baryp IV asyrdan bäri wagşy taýpalaryň serdarlary bilen şertnamalar baglaşypdyrlar. Olar Rimiň hakynatutma goşun birleşmelerine öwrülipdirler. Munuň üçin imperatorlar olara göçüp gelmek üçin ýer, azyk, ýarag-esbap beripdirler we yzygider hak töläpdirler. Ýöne beýle goşun howply bolupdyr. Öz konunglary(korollary) bolan wagşy goşunlar imperatoryň buýrugyna elmydama gulak asyp durmandyrlar, olar özbaşdak syýasat ýöredipdirler.

Rimde halk gozgalaňlary, dini hereketler hem giň gerim alypdyr.

Iri halk hereketleriniň biri Galliýada bagandlaryň gozgalaňy bolupdyr. Bagandlaryň hereketi III asyrda ýüze çykyp, V asyrda täze güýç bilen gaýtalanypdyr.

Afrikada donatçylyk hereketi bolup geçipdir. Olaryň bir toparyna agonistikler (hakyky din üçin göreşijiler) diýlipdir. 420-nji ýyllaryň ahyrlaryna çenli olar ýerli gul eýeleri we imperator häki niýeti üçin uly howp bolupdyrlar.

V asyrda Galliýada asly Britaniýadan bolan Pelagiýniň ýeresi – dini hereketi giň ýaýrapdyr.Onuň taglymatyna görä, Adamatanyň günäsi sebäpli adamlaryň günäli tebigatynyň bardygy inkär edilýär. Ol adamyň kämil ýaradylandygyny nygtamak bilen , aşaky gatlaklaryň sosial garşylyklaryny dogry hasaplapdyr.

Günbatar Rim döwletindäki şeýle özgerişleriň bolup geçýän wagty onuň serhet ýakalaryna wagşy taýpalaryň aralaşmagy güýçlenipdir. Olar rim serhetlerini yzygider böwsüp, talaňçylyklar edipdirler. Franklaryň , swewleriň, alemanlaryň , burgundlaryň , wandallaryň, gotlaryň we beýlekileriň taýpa bileleşmeleri harby demokratiýa döwrüni başdan geçirýärdiler. Rimiň baýlyklary we harby kuwwatynyň gowşamagy serhetýaşyndaky wagşy taýpalaryň uruşparazlygyny güýçlendiripdir.

IV asyryň başlarynda gunnlaryň baştutanlygynda hazarýaka sähralardan günbatar ugur boýunça taýpa bileleşmeleriniň uly toparlary halklaryň beýik göçe – göçlügini başlapdyrlar. Şol göçüşlik wagtynda IV asyrlaryň ahyrlarynda – V asyrda Gündogar we Merkezi Ýewropanyň köpsanly halklary, taýpa bileleşmeleri we taýpalary hem ýerlerini üýtgedip, Ýewropa we Ortaýer deňiz sebitlerine ykdysady we syýasy taýdan ägirt uly täsir edýärler.

2.V asyryň başynda Rim imperiýasynyň imperatory Gonoriý (395-423) ýaş bolandygy üçin oňa atabeglik edýän, gelip çykyşy boýunça wandal bolan Stilihon imperiýanyň hökümetine baştutanlyk edipdir.. Hökümet iki meseläni çözmekdi. Italiýa wagşylaryň çozuşlaryny serpikdirmeli we Galliýadaky bölünişijilik hereketini basyp ýatyrmaly.

401-402-nji ýyllarda Alarihiň baştutanlygyndaky westgot (günbatar gotlar) goşunlarynyň çozuşlary kynlyk bilen yzyna serpikdirilipdir. Onuň bilen şertnamalaýyn gatnaşyklar ýola goýlupdyr. 404-405-nji ýyllarda Radagaýsyň baştutanlygynda gotlar Italiýa çozup, uly howp salypdyrlar. Ýöne olary Florensiýanyň golaýynda derbi-dagyn etmek başardypdyr. Bu çozuşlar , esasanam, köne paýtagt Rim we imperatoryň rezidensiýasy bolan geçmesi kyn batgalyklar bilen gurşalan Rawenna şäherleri üçin howply bolupdyr. Rawennany goramak üçin Stilihon Britaniýadan we Galliýadan goşunlaryň bir bölegini paýtagta geçiripdir. Ýöne Reýn serhetleriniň we Galliýanyň goranyş ukyby peselipdir. Mundan peýdalanyp, 407-nji ýylda alanlaryň, wandallaryň, swewleriň taýpa bileleşikleri Reýnden geçip, Galliýa çozup giripdirler. Welaýaty gall-rim begzadalarynyň özleri goramaly bolupdyrlar. Britaniýadaky we Galliýadaky goşunlar Konstantini (407-411) imperator diýip yglan edýärler.Konstantin reýn serhetlerinde ýagdaýy dikeldipdir. Wandallary we swewleri Ispaniýa gysyp çykaryp, bagandlaryň hereketini hem basyp ýatyryp, Galliýanyň içerki ýagdaýyny belli bir derejede kadalaşdyrypdyr.

408-nji ýylda Stilihon häkimýetinden çetleşdirilipdir we öldürilipdir. Häkimýet başyna gelen köşk taraplanyşygy Alarih bilen aragatnaşyklary bozupdyr. Alarihiň goşunlary ýene-de Italiýa ugrapdyrlar. 408-nji ýylyň güýzünde Rimi gabapdyrlar. Rimliler töleg töläp gotlaryň gitmeklerini gazanypdyrlar. Alarihiň Rawenna bilen ylalaşyk baglaşmaga eden synanyşygy başa barmandyr. Ol rawenna köşgüni gorkuzmak üçin gowşak goralýan Rime ugrapdyr. Oňa ýolda gaçgak gullar hem goşulypdyrlar. Imperator Rime hiç hili goldaw bermändir. 410-njy ýylyň Alp Arslan aýynyň 24-nde gotlar Rimi eýeläpdirler. Rimiň derwezelerini şäheriň gullary açypdyrlar. Rim güýçli talanypdyr.Bu waka döwürdeşlerine uly täsir edipdir. Ortaýer deňiz sebitindäki medeniýetli adamlaryň ählisinde Rim döwletiniň gününiň tiz ýaşjakdygy baradaky pikir döräpdir. Gippon şäheriniň ýepiskopy Regiýa Awgustin bu heläkçiligiň täsiri bilen “Hudaýyň şäheri hakynda” diýen eserini ýazyp başlapdyr. Ol bu işinde ýerdäki patyşalyklaryň şol sanda Rim imperiýasynyň hem ösüşi we ýykylyşynyň sebäpleri barada pikir ýöredipdir.

410-njy ýylda Rawennadaky imperatiýa hökümeti agyr ýagdaýa düşüpdir. 410-njy ýylda birdenkä 34 ýaşynda aradan çykan Alarihiň ýerine onuň ýegeni Ataulf (korol) saýlanypdyr. Rimi talan westgotlar Italiýany gabapdyrlar. Galliýany özüni imperator diýip jar eden Konstantin dolandyrypdyr. Ispaniýada bolsa alanlar, wandallar, swewler hojaýynlyk edipdirler. Imperiýa çagşap ugrapdyr. Günbatar Rimiň imperatorlary imperiýanyň çäklerinde wagşylaryň ýarymözbaşdak döwlet birleşmelerini döretmeklerine rugsat bermäge mejbur bolupdyrlar. 418-nji ýylda howply westgotlaryň Italiýadan çykyp gitmegi üçin olara korol Teodorihiň baştutanlygynda Galliýanyň günorta –günbatar bölegi Akwitaniýany beripdirler.

Westgotlar bu ýerde maşgalalary bilen ornaşyp, ýerli ilatyň ýerleriniň üçden birinden ikiden birine çenlisini ellerinden alypdyrlar. Ýerli ilat bilen aýratyn kesgitli aragatnaşyklar ýola goýlupdyr. Şeýlelikde Günbatar Rim imperiýasynda 418-nji ýýlda ilkinji wagşy korollyk emele gelipdir. Wesgotlaryň korollygy imperiýanyň arkadaşy hasaplanan hem bolsa , olara basybalyjylar hökmünde garalypdyr. 429-njy ýylda dikme Bonifasiýniň çagyrmagy we Rawennanyň ylalaşmagy netijesinde Ispaniýada ornaşyp bilmedik wandallar Afrika barypdyrlar we korol Genzeriniň baştutanlygynda wandal korollygyny döredipdirler. Westgotlardan tapawutlylykda wandallar ýerli rim ilatyna juda gazaply darapdyrlar.

443-nji ýylda günorta – günbatar Galliýada burundlaryň korollygy 451-nji ýylda Britaniýanyň günorta – gündogar böleginde anglosakslaryň korollygy döräpdir. Täze dörän ýarym özbaşdak döwletler imperator köşgüniň buýruklaryny eger öz bähbitlerine laýýk gelýän bolsa ýerine ýetiripdirler. Imperatorlara olary tabyn etmek başartmandyr. Olar köplenç içerki we daşarky syýasatyny özbaşdak alyp barypdyrlar.

Günbatar Rimiň käbir derejede jebisleşmegine gunnlar tarapyndan howp abanmagy sebäp bolupdyr.

Gunnlar 377-nji ýylda Pannoniýany basyp alyp, IV asyryň ahyrlarynda – V asyrda Rim üçin entek howp salmandyrlr. Rimliler olary hakyna tutýan ekenler. Şeýle-de bolsa 440-njy ýyllarda Atillanyň (434-453) baştutanlygynda gunnlar birdenkä güýçlenipdirler.

Gunnlar öz bileleşmesine birnäçe taýalary birleşdiripdirler. Olar Günbatar Rim imperiýasynyň gowşamagyndan we Wizantiýanyň hem Afrikada wandallar, Ýewfratda parslar bilen agyr uruşlar alyp barýandygyndan peýdalanyp, Balkan ýarym adasyna tozduryjylykly ýörişler alyp barýarlar. Wizantiýalylar kä töleg töläp, käte-de harby güýç bilen gunnlaryň çozuşlaryny yzyna serpikdirýärler. Şoň olar 450-nji ýylyň başynda ýolundaky ähli zatlary ýakyp-ýandyryp Galliýanyň çäklerine çozup girýärler. Gunn goşunlary diňe bir gall-rime, rim raýatlary üçin däl, eýsem rim siwilizasiýasynyň miwesini dadyp ugran köpsanly wagşy taýpalar üçin hem ölüm howpuny salypdyr.Gunnlara garşy franklardan , alanlardan, armorikanlardan , burgundlardan, westgotlardan, sakslardan, letlerden, riparilerden ybarat güýçli bileleşik döredilýär. Bu bileleşige öň Imperiýanyň bähbitleri üçin gunnlary hakyna tutup ýören Flawiý Aesiý baştutanlyk edipdir.

451-nji ýylyň Oguz aýynda Katalaun meýdnlarynda aýgytly söweş bolýar. Got taryhçysy Jordanyň sözlerine görä, iki tarapyň ýitgisi 165 müň adam bolupdyr. Gunnlar ýeňlipdirler. Tiz wagtdan Atilla ölüpdir. Onuň döwlet birleşmesi bolsa dargap başlapdyr.

Katalaun ýeňşinden soň , Imperiýanyň içerki dagynyklygy güýçlenip başlapdyr. Wagşy korollyklar rawenna imperatorlaryna gulak asmagy bes edýärler. Olar özbaşdak syýasat ýöredipdirler. Westgotlar Günorta Galliýanyň we Ispaniýanyň köp ýerlerini eýelemek üçin ýörişler edipdirler.

Wandallar öz flotuny döredip, Sisiliýanyň , Sardiniýanyň , Korsikanyň kenarlaryny tozdurýarlar. 455-nji ýylda wandallar 14 günüň dowamynda Rim şäherini görlüp-eşidilmedik talaňçylyga sezewar edipdirler. Özleri bilen äkidip bilmejek zatlaryny weýran edipdirler. Şol döwürden başlap, “wandalizm” sözi medeni gymmatlyklary çendenaşa rehimsizlik bilen ýok etmegi aňladýar.

Galliýada burgund korollygy güýçlenýär. Onuň demirgazygyna franklaryň göçüp gelmekligi güýçlenýär. Ispaniýanyň we Galliýanyň ýerli begzadalary wagşylaryň korollary bilen aragatnaşyk edip başlapdyrlar. Rim imperatorynyň häkimýeti salgyma öwrülipdir. Dürli toparlanyşyklar öz oýnatgy hökümdarlary tagta çykarypdyrlar. Olar tiz wagtdan hem agdarylypdyrlar.

Diňe imperator Ýuliý Maýorian (457-461) Imperiýany dikeltmäge çalşypdyr. Oňa Galliýadaky we Ispaniýadaky çylşyrymly ýagdaýy kadalaşdyrmak başardypdyr. Imperiýa gaýtadan dikeläýjek ýaly hem bolupdyr. Ýöne onuň dikeldilmegi welaýat begzadalary we wagşy korollar üçin bähbitli däldi. Maýoriany öldürýärler. Şonuň bilen Imperiýany dikeltmäge edilen iň soňky synanyşyk hem puç bolýar. Şondan soň oýnatgy hökümdarlar biri-birini tiz-tizden çalşyrýarlar.

Rimiň iň soňky imperatory Rim şäherini esaslandyryjy Romul bilen atdaş bolupdyr. Ol ýaş bolansoň , oňa Romul awgustul (awgust däl-de) diýipdirler. 16 ýaşly Romul awgustuly 476-njy ýylda imperator gwardiýasynyň baş serkerdesi Odoark (asly germanlaryň skir taýpasyndan) tagtdan düşüpdir. Günbatar Rim imperiýasyny ýatyrypdyr. Imperatorlyk nyşanlary bolsa Konstantinopola iberipdir. Ol Italiýada öz korollygyny - Odoakryň döwletini döredipdir.

Günbatar Rim imperiýasy ýykylansoň, onuň ýerinde täze döwletler emele gelipdirler. Bütindünýä taryhynda 476-njy ýyl gadymy döwrüň ahyry, orta syrlaryň bolsa başlangyç senesi hökmünde kabul edilýär.

Suw ýetmezçiligi

Suw ýetmezçiligi – bu içimlik suw resurslarynyň azalmagyna we oňa bolan talabyň köpelmegine aýdylýar. Bu hadysa dünýäniň her bir künjegine özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Bu 2015-nji ýylda esaslandyrylan Bütindünýä ykdysady forumy tarapyndan adamazat ýaşaýşynyň iň uly meseleleriniň biri diýip kabul edildi. Bu forumda bellenip geçilişi ýaly, suw ýetmezçiligi geljekki birnäçe ýyllaryň dowamynda adamzat ýaşaýşyna özuniň global howpyny salýar. Dünýaniň birnäçe künjeklerinde içimlik suwyň ýetmezçilik etmegi, hil taýdan peselmegi we onuň mukadarynyň azalmagy, ulanyjylaryň arasyndaky dawalaryň ýüze çykmagy, ýerasty suwlaryň boşamagy muňa aýdyň şaýatlyk etýärler. Bu hadysalaryň ählisi daşky gurşawa özüniň negatiw täsirlerini ýetirýärler. Häzirki wagtda dünýäniň üçden bir bölek ilaty (2 milliarddan gowrak adam) suw ýetmezçilik şertlerinde ýaşaýarlar, ýagny olara her ýylyň bir aýyna suw ýetmeýär. Her ýylyň dowamynda ýarym milliarda golaý adam suw ýetmezçilik hadysasyna duçar bolýarlar. Häzirki wagtda dünýäniň ägirt uly şäherleriň ýarysy bu hadysany başdan geçirýär.

Dünýädäki umumy suw resurslarynyň diňe 0,014% içimlik suwa ýaramly we elýeterli. Galan 97%-i şor, a 3%-den azyragy bolsa almasy kyn bolan suwlar. Maglumatlara görä, içimlik suw ýeterlik derejede bar. Emma, bar bolan suw resurslarynyň ýer ýüzünde birsydyrgyn paýlanmadygy, ýa-da klimatyň üýtgemegi esasynda birnäçe geografiki regionlaryň aşa guraklaşmagy ýa-da suwlaryň agdyklyk etmegi netijesinde adamzat suw krizisina duçar bolýar. Mundan başgada soňky ýyllaryň dowamynda senagat önümçiligi güýçli depginler bilen ösýär. Bu bolsa ýer ýüzündäki suw resurslarynyň azalmagyna özüniň oňyn tasirini ýetirýär. Hünärmenleriň aýtmagyna görä, eger-de häzirki tendensiýa dowam eden ýagdaýynda, 2030-njy ýyla çenli suwa bolan islegiň 40%-e golaý artmagy garaşylýar.

Häzirki wagtda suw ýetmezçiligine birnäçe faktorlar sebäp bolup durýarlar. Ilat sanynyň artmagy, adamlaryň ýaşaýyş durmuşynyň kämilleşmegi, suw serişdeleriniň aşa peýdalanylmagy we suwarymly ekerançylyk ýerleriniň artmagy suw serişdelerine bolan talabynyň köpelmegine esas bolup durýarlar. Klimatyň we howa şertleriniň üýtgemegi (şol sanda gurakçylyk we suw joşgunlary), tokaýlaryň köpçilikleýin çapylmagy, daşky gurşawyň hapalanmagy, parnik gazlarynyň täsiri we suw serişdeleriniň bisarpa peýdalanylmagy hem muňa aýdyň mysal bolup durýarlar. Umuman alanyňda, bütin dünýädaki ähli suw resurslaryny jemläniňde, adamlaryň häzirki talaplaryny ýerine ýetirip biljek derejede suw bar, emma dünýäniň her bir künjeginde, her bir wagtda suwa bolan talap üýtgeşik, ýagny bir kontinentde ilatyň sany agdyklyk etýän bolsa, başga bir kontinentde örän az, ýa-da belli bir ýerde wagtyň geçmegi bilen ilat sany artyp biler, we hut şu ýagdaýlar suw ýetmezçilik meselesini gozgap bilerler. Suw ýetmezçiliginiň ähli sebäpleri adamlaryň suw dolanşygyna etýän täsiri bilen baglanşyklydyr. Suw ýetmezçiligi wagtyň geçmegi bilen tebigatyň gidrologiki şertleriniň üýtgemegi netijesinde hem özgerip biler, ýöne ýurtlaryň suw serişlerinden peýdalanyşy we dolandyryşy, ýagny ýurtlaryň ykdysady syýasaty muňa ýokary derejede özüniň täsirini ýetirýär. Geljekde ykdysatyýetiň güýçli depginler bilen ösmegi netijesinde suw ýetmezçiliginiň hasda artmagyna garaşylýar, emma sonuň bilen birlikde, bu meseleler köpçilikleýin ara alyp maslahatlaşylan ýadgaýynda, onuň birnaçe sebäpleriniň öňüni almak bolar, hatda olaryň birnäçesine çözgüt tapsa bolar.

Birnäçe ýurtlar suw serişdeleriniň aşa peýdalanmagy ykdysady osüş bilen bagly däldigini subut etdiler. Meselem, Awstraliýada 2001-2009-njy ýyllaryň aralygynda suw serişdelerine bolan talap 40%-e çenli azaldy, oňa garamazdan şol möwsümde ýurdyň ekonomikasy 30%-den gowrak ýokarlandy. BMG-nyň tebigy resurslar boyunça Halkara toparynyň aýtmagyna görä, mälim bolşy ýaly, birnäçe döwletler praktiki taýdan ähmiýetsiz taslamalara ep-esli pul çykarýarlar. Bentler, kanallar, suw geçirijiler, turboprowodlar we suw howdanlary ýaly ägirt uly proýektlar muňa aýdyň mysal bolup bilerler we bu agzalyp geçilen taslamalar ekologiki taýdan durumsyz we ykdysady taýdan ähmiýetsiz hasaplanylýar. Hünärmenleriň pikirine görä, suw serişdelerinden tygşytly peýdalanmagynyň ähmiýetli çözgüdi bu, haçanda hökümet suw resurslaryndan rejeli peýdalanmak barada bütewi meýilnama çykaran ýagdaýynda, ýagny doly derejede suw dolanşygyny nazara alýan: suwyň gözbaşyndan başlap ulanyjylara paýlanyşyna çenli, işläp taýýarlamasyny, suw dolanşygyny, ulanylan suwlary gaýtadan işlenmegini we olaryň daşky gurşawa akdyrylmagyny göz astynda saklan ýagadaýynda suw ýetmezçilik howpynyň öňüni alsa bolar.

Başga dillerde

This page is based on a Wikipedia article written by authors (here).
Text is available under the CC BY-SA 3.0 license; additional terms may apply.
Images, videos and audio are available under their respective licenses.