1018

Müňýyllyk: 2-nji müňýyllyk
Asyrlar: 10-njy asyr - 11-nji asyr - 12-nji asyr
Onýyllyklar: 980ýý  990ýý  1000ýý  - 1010ýý -  1020ýý  1030ýý  1040ýý
Ýyllar: 1015 1016 1017 - 1018 - 1019 1020 1021

Wakalar

Tema boýunça

Dünýä inenler

Aradan çykanlar

Gaznaly döwrüniñ beýik alymy

GAZNALY DÖWRÜNIŇ BEÝIK ALYMY

Türkmen topragy dünýä medeniýetine saldamly goşant-goşan, taryhda öçmejek yz galdyran beýik şahsyýetleri dünýä berdi. Gürgeniň, Merwiň, Sarahsyň, Dehistanyň, Abiwerdiň we Amulyň ylym ojaklary meşhur ylym merkezleridir. Bu ylym ojaklarynda Merwezi, Horezmi, Sarahsy, Amuly we Abywerdi ýaly alymlar kemala gelip, Gündogar ylymyny we medeniýetini belent derejelere göteripdirler. Öz döwrüniň şeýle ylym merkezleriniň biri hem Gaznalylar Döwletiniň paýatgty Gazna şäheri bolupdyr. Türkmeniň şöhratyny dünýä ýaýyp, onuň abraý-mertebesini ýokary göteren Gaznalylar döwletinde ylymyň dürli ugurlary güýçli derejede ösdürilipdir. Dünýä ylymynyň taryhynda Gaznaly döwründe ýaşan, beýik ylym işler bilen şöhratlanan alymlara uly orun degişlidir. Gaznaly döwletiniň hökümdarlary ylymlaryň dürli ugurlarynyň ösmeginde ägirt uly işleri amala aşyrypdyrlar. Olar dünýäniň dürli ýurtlaryndan tejribeli beýik alymlary öz köşklerine çagyrypdyrlar. Şeýle alymlaryň biri-de Abu Reýhan Birunidir. Taryhy çeşmelerde berilýän maglumatlara görä, Mahmyt Gaznaly Abu Reýhan Birunini öz köşgüne çagyryp, onuň ylym bilen meşgullanmagy üçin ähli zerur şertleri döredipdir. Gaznalylar köşgünde Biruni tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän tebigy ylym taýdan öwreniş mekdebi bolupdyr. Hut şol döwürde tebigaty öwreniş ylym özüniň ösüşinde belent derejelere göterilipdir. Bu ýerde Abu Nasar Mansur ibn Aly ibn Yrak Jagdy (1036-njy ýylda dünýäden öten), Abulhasan Aly ibn Ahmet Nesewi (970-1070), Muhammet ibn Hasan ibn Ybraýym Attar(11asyr) we beýleki meşhur alymlaryň atlaryny agzamak bolar. Bu alymlaryň aglabasy matematika we astronomiýa bilen meşgullanypdyrlar. Beýik alymlar Biruni we Ibn Sina ylymlaryň örän köp ugurlary boýunça ylym kitaplary ýazypdyrlar. Taryhy çeşmeleriň habar bermeginä görä, Gaznaly Soltan Mahmydyň döwrüniň meşhur alymlary Biruni hem-de Ibn Sina biri-biri bilen özara hatlary alyşypdyrlar. Biruni öz hatlarynda Ibn Sina pelsepäniň möhüm meseleleriniň çözgütleri baradaky garaýyşlaryny beýan edipdirler we sowallaryny iberipdirler, ol sowallara Ibn Sina ygtybarly ylym diller bilen jogap beripdir. Biruniniň ajaýyp eserleri şol döwürlerde ýazylypdyr. Alymyň “Mahsudyň kanuny” atly eseri Masut Gaznala peşgeş berlen kitapdyr. Biruniniň “Mahsudyň kanuny” atly eserine astronomiýa ylmynda uly orun degişlidir. Alym arap, sogdy, pars, ýunan, sanskrit dillerini kämil özleşdiripdir. Çagalykdan asman jisimlerine gözegçilige girişipdir. Bary-ýogy 17 ýaşyndaka öz ýaşaýan şäheriniň geografiki giňişligini hasaplapdyr. Abu Reýhan Biruni matematika, astronomiýa, fizika, geologiýa, mineralogiýa, geografiýa, lukmançylyga, farmakologiýa, etnografiýa, arheologiýa, filologiýa, Merkezi Aziýanyň, Hindistanyň we beýleki ýurtlaryň taryhyna degişli dünýä meşhur ylmy kitaplary ýazypdyr. Bu eserler diňe bir ylmyň ýokarda agzalan ugurlary boýunça däl-de, eýsem filosofiýa, sosiologiýa, hukuk öwreniş ýaly ugurlary boýunça hem gymmatly maglumatlary özünde saklaýar. 1014-1018-nji ýyllarda Biruni Mamunyň akademiýasynda işleýär. Ömrüniň soňky ýyllarynda bolsa Gaznalylar köşgünde öz ylym işlerini alyp barypdyr. Biruni özüniň gymmatly eserleri bilen dünýä medeniýetiniň ösüşine ägirt uly goşant goşupdyr. Gürgenjiň ylym ojagynda kemala gelip, dünýä taryhynda, ylmynda öçmejek yz galdyran Köneürgençli alym Abu Reýhan Muhammet ibn Ahmet Biruninyň Gaznalylar döwletiniň ylmynyň ösmeginde we onuň beýik şöhratynyň dünýä ýaýylmagynda uly hyzmaty bardyr. Joshgun Taganow 2nd year student of IUHD.

Gaznalylar döwleti

Gaznalylar döwleti

M E Ý I L N A M A

1. Gaznaly döwletiniň döremegi.

2. Gaznalylar döwletiniň daşary syýasaty. Mahmyt Gaznaly.

3. Gaznalylar döwletiniň gowşamagy.

Seljerilsin bashy, mazarda her bir öleniň,

Parhy barmy göreliň, hökümdar bilen gulunyň.

Mahmyt Gaznaly

Gözbaşyny Oguz han türkmenden alyp gaýdýan Gaznawyly döwleti dörediji Mahmyt Gaznalydyr. Ruhnamada bellenişi ýaly Mahmyt Gaznaly 962-nji ýylda Gazna şäherine gelip, Gazna döwletini esaslandyrýar. (Ruhnama, sah.224)

Ady rowaýatlara siňip, “Nurnama” bilen baglanyşdyrylýan Mahmyt Gaznawy 971-nji ýylyň Sanjar aýynyň 2-sinde Gaznada dünýä inýär. Ol Gaznawy soltanlygynyň düýbüni tutan All Teginiň körekeni, ýagny giýewsi Söbük Teginiň ogludyr. Söbük Tegin gaýynatasynyň patyşalyk mirasyna dowam berip, Gaznada iňňän güýçli şalygy gurýar. Gürrüňi edilýän Mahmyt Gaznawy-da kakasynyň ýoluny tutýar. Örän güýçli döwletiň eýesi bolýar. Mahmyt ýaşlygyndan okuwa berilýär. Kazy Abu-Nasyrdan tälim alýar. Soňra kakasy Söbük Tegin oňa harby tejribe öwredýär. Heniz on bäş ýaşlaryndaka Hindistanyň Rajasy Jipal bilen Söbük Teginiň arasyndaky ýüz beren söweşde özüniň mertligini görkezýär. Biraz wagtdan soň, 997-nji ýylda Buhara patyşasy Emir Nuhuň emirleriniň birnäçesi onuň garşysyna baş göterýär. Gozgalaňy basyp ýatyrmak üçin Emir Nuh Samany Söbük Teginden haraý isleýär. Söbük Tegin Mahmydy leşgerlere baş edip kömege ýollaýar. Emir Nuhuň begenjiniň çägi bolmaýar. Mahmyda gymmat bahaly serpaýlar edýär. Seýfud-dewle derejesini berýär. Horasanyň weliligini-de bagyşlaýar.

997-nji ýylda Söbük Tegin agyr keselden aradan çykýar. Agyr ýatyrka kiçi ogly Ysmaýyl ýanynda ekeni. Ol enesiniň mekirligi bilen mirasdüşer bolýar. Söbük Tegin agyr ýatyrka ony özüne orunbasar belleýär. Horasanda ýören Mahmyt bu habary eşiden dessine Ysmaýyla “Seniň ýaşyň meniňkiden kiçi, baý tejribäň hem ýok. Şol sebäpli sen patyşalygy maňa ber. Ýöne, şonda-da ygtyýar seniň eliňde bolsun. Maňa diňe jihad etmäge, Hindistana goşun çekmäge, garşydaşlary basyp ýatyrmaga şert döretseň bolýar” diýen many-mazmundaky haty iberýär. Emma Ysmaýyl teklibi kabul etmeýär. Onsoň Mahmyt Gazna goşun çekmäge mejbur bolýar. 998-nji ýylda Gaznany öz golastyna geçirýär. Ysmaýyl bilen enesini Goruň galasynda zyndana atýar.

Emir Nuh Samany bu ýeňşi eşidip, Mahmydyň Gaznadaky patyşalygyny kabul edýär, ony gutlaýar. Ýöne, onuň Horasana weliligini ýatyryp, başga birine berýär. Muňa gazap eden Mahmyt Gaznawy Horasana goşun çekýär. Emir Nuh Samanynyň goşunyny ýeňip, Horasany zor bilen öz golastyna geçirýär.

Ýeňşiniň habaryny şol mütdetde Yslam dünýäsiniň halyfy bolup, Bagdatda oturan Al-Kadyr bi-Amrillaha ýetirýär. Halyf muňa hoş bolup, Mahmyt Gaznawa Ýemenud-Dewle, Eminul-Mille atlaryny berýär. Basyp alan ýerleriniň ählisine hökmürowan häkimligi ygtyýar edýär.

999-njy ýylda Illek Han Buharany basyp alýar. Samany patyşalygy synýar. Şondan soň Mahmyt Gaznawy Garaşsyz patyşalyga hökmürowan permandar bolýar. Ol Illek Han bilen dostlukly aragatnaşygy ýola goýýar. Ýüz bermegi mümkin bolan meseleleri çözmek üçin şertnama baglaşýarlar. Häzirki Amyderýany aracäk belläp, gaýrasy Illek Hana, ilersi Mahmyt Gaznawa degişli edilýär. Iki türkmen birek-biregiň ýurduna çozmazlyk hakynda ähtnama baglaşýar.

Samany döwletiniň pese düşüş pursatyny peýlän Halef bin Ahmet Sistana hüjüm edip, ony basyp alýar. Özüçe bir garaşsyz döwlet gurýar. Eger-de, Söbük Teginiň höküm sürýän ýerinde kimdir biri onuň garşysyna çyksa, gozgalaň etse, olary götergiläp, goldaw edip başlaýar. Baş göterenleriň tarapyny tutýar. Ol bu hereketini Mahmyt Gaznawynyň döwründe-de dowam edýär. Hatda Illek Hany-da gijjeleýär. Gazna hüjüm etse, özüniň goldaw berjekdigini aýdýar. Bu habar Soltan Mahmyda ýetýär. Salymyny bermän, Sistana goşun sürýär. Halef bin Ahmet mekirlige ýüz urýar. Sowgat-serpaý bilen onuň öňünden çykýar. Ötünç soraýar. Ylalaşyga gelmegi towakga edýär. Ak ýürekli türkmen Mahmyt Gaznawy ylalaşygy kabul edýär. Söweş etmän, yzyna, Gazna dolanýar.

Biraz wagt geçenden soň Halef bin Ahmet bilen ogly Tahyryň arasynda oňşuksyzlyk döreýär. Özara çaknyşyk bolýar. Bir tär bilen ogluny tutup öldürýär. Habar ýyldyrym çaltlygynda il içine ýaýraýar. Sistananyň emirleridir wezir-wekilleri Ahmediň garşysyna çykýarlar. “Perzendine rehim etmedik, halkyna-da rehim etmez” diýen pikire uýup, Mahmyt Gaznawa ýüz tutýarlar. Sistany basyp almaga çagyrýarlar. Şeýlelikde, halkyň islegi bilen Mahmyt Gaznawy 1002-nji ýylda Sistana goşun çekýär.

Ahmet galany berkidip, söweşe taýýarlyk görýär. Ýöne gabaw düşenden soň, Mahmyt Gaznawynyň basyp aljakdygyna göz ýetirip, ýene-de öňki hereketine ýüz urýar. Ýaragyny taşlap, sowgat-serpaýlar bilen Mahmydyň ýanyna ötünç sorap barýar. Günäsiniň geçilmegini soraýar. Şonuň üçin Mahmyt Gaznawy ony öldürtmän, Jüzjanyň galasyndaky zyndana atdyrýar. Ahmet 1009-njy ýylda şol ýerde amanadyny tabşyrýar.

Biz ýazgylaryň başynda Mahmyt Gaznawynyň mertlik ýolunyň Hindistanyň rajasy Jipal bilen bolan söweşden başlanandygyny ýaňzydypdyk. Ol Jipal bilen soň hem söweşmeli bolýar, çünki duşmançylyk kakasynyň döwründen gožbaş alyp gaýdýardy.

982-nji ýylda Jipal Gazna üçin söweş edýär. Söbük Tegin öz ýurduny goramak üçin onuň garşysyna çykýar.

Howa örän sowuk ekeni. Garyň galyňlygy türkmeniň “goýnuň gözünden, düýäň dyzyndan” diýenine barýar. Jipal ýöwselleýär. Gazna hüjüm etmäge derek, täç bermäge, araçäkdäki galalaryň birnäçesini Söbük Teginiň golastyna geçirmäge razy bolýar.

Emma onuň “hor-hory” ýatmaýar. “Şertim-şahyma” edip, öz ýurduna dolanandan soň Gaznanyň ilçilerini tussag edýär, türmä salýar. Gazap atyna atlanan Söbük Tegin Hindistana hüjüm edýär. Jipal beýleki hindi rajalaryny söweşiň garşysyna goldawa çagyrýar. Barybir, şonda-da birleşen goşunlar Söbük Teginden ýeňilýär. Olar Peşewara çenli bolan ýerleri elden giderýärler. Söbük Tegin ol ýerleri Gazna hökümdarlygyna goşýar.

“Köne duşman dost bolmaz” diýleni. Söbük Tegin dünýäden ötenden soň, Jipal onuň basyp alan ýerlerini yzyna gaýtarmak maksady bilen, söweş meýdanyna çykýar. Garadan gaýtmaz, arslan ýürek Mahmyt onuň garşysyna çykyp, Lemgan diýen ýerde 1000-nji ýylda hüjüme geçýär. Onuň daş-töweregindäki galalaryň ählisini basyp alýar. 1001-nji ýylda Jipalyň üstüne täzeden çozmak üçin goşun ýygýar. Mahmyt Gaznawynyň söweş maksady bilen Gaznadan ugranlygyny eşiden Jipal goşunyny Peşewaryň golaýyna getiryär. Sanjar aýynyň 27-sinde başlanan güýçli çaknyşykda Mahmyt Gaznawy ýeňýär. Jipal bolsa 15 sany oguldyr agtyklary bilen ýesir düşýär.

Mähmyt Gaznawy hüjümi dowam edip, Jipalyň ýurdunyň paýtagty Wihindi, onuň daş-töweregindäki häkimlikleri basyp alyp, öz adamlaryndan birini ol ýere hökümdar belleýär. Özi bolsa Gazna dolanýar. Jipaly-da ogullarydyr agtyklary bilen Gazna alyp gaýdýar. Ýöne ol Mahmyt Gaznawa altyn-kümüş, zer-zerbap baryny berip, azatlyga çykýar. Hindistana barandan soň, ogly Inendpaly patyşa belläp, düşen ýagdaýyna namys edip, özüni bolsa 1003-nji ýylda diri oda ýakýar.

Taryhy maglumatlara görä, Mahmyt Gaznawynyň iň köp söweş hereketleri Hindistan bilen baglanyşyklydyr. Şolaryň biri-de 1004-nji ýylda bolýar. Ol Gündogar Sinda bilen Behawullur raýatlarynyň arasynda ýerleşen Behatyý atly ýere Bulujystanyň Seýba welaýatynyň üsti bilen hüjüm edýär. Behatyýýeniň rajasy Bijiraý gizlinlik bilen Karamaty häkimine goldaw eden ekeni. Mahmyt Gaznawynyň maksady oňa bu hereketi üçin göz görkezmekdi.

Raja Bijiraý Mahmyt Gaznawynyň garşysyna dört günläp gaýduwsyzlyk bilen söweşýär. Barybir ýeňiljegine göz ýetirip, galadan çykyp gaçmakçy bolýar. Emma oňa pursat bermeýärler. Ol Mahmydyň goluna ýesir düşmejek bolup, öz ýüregine özi hanjar urup ölýär.

Soltan Mahmyt Bahatyýäni, onuň daş-töweregindäki şäher-kentleri basyp alýar. Ol ýerleriň halkyny Yslam dinine çagyrmaga şertler döredýär. Oz serdarlaryndan birini ol ýere häkim belläp, Gazna dolanýar.

Şol döwürlerde Miltanyň Abul Feth Dawud bin Nasyr karmatylardan bolup, Yslam dini üçin ilkinji howp döredenleriň biri bolupdyr. Nirede bir musulmanyň at derejesi, şöhraty artyberse, jansyzlarynyň üsti bilen öldürdýän ekeni. Soltan Mahmyt Gaznawy ony ýok etmegiň ugruna çykýar. 1006-njy ýylyň ýazynda Gaznadan Miltana ugraýar. Ol Sindh derýasyndan Miltanyň golaýyndan geçmegi howply hasaplap, Peşewaryň ýakynyndan geçmegi ýerlikli saýýar. Emma şu ýeriň rajasy Indendpal ýoluny baglaýar. Onuň bilen söweş baş goşýar. Ýöne, derrew goşuny bäs gelip bilmän, gaçmak bilen bolýar. Kaşmir daglarynyň arasynda gizlenýär. Kowa-kowa, Mahmyt Gaznawy onuň goşunyny dyr-pytrak edýär. Soň Miltana ugramaga goşuna buýruk berýär.

Dawud bin Nasyr bu habary eşidip, öz ýaranlary bilen Sindh derýasynyň kenaryndaky tokaýlyklaryň birinde gizlenýär. Goşunyň bir bölegi bolsa, Miltan galasynyň derwezesini goraýarlar. Ýedi gün bolan söweşden soň olar ýeňilýärler.

Şäheriň halky iki million dirhem puly çekilen zyýan üçin Mahmyt Gaznawa töläp, janlaryny halas edýärler. Ýöne Karmaty toparyndan bolanlaryň ählisini gyrýar. Mahmyt Gaznawy Miltanyň häkimligini paja Jipalyň agtygy Sükpala tabşyrýar. Sebäbi, ol Yslam dinine girip, Nowasa şa ady bilen taryha girýär. Emma 1007-nji ýylda Mahmyt Gaznawy Illek hanyň garşysyna söweşip ýörkä, Sindh Sükpal Yslam dininden çykyp, soltandan hem ýüz öwürýär.

Muny eşiden Mahmyt Gaznawy Balhdan göni Miltana ugraýar. Ýogsam, howa örän sowuk ekeni. Onuň üstüne ugrandygyny eşiden Sükpal garşysyna çykyp bilmejegine göz ýetirip, ýakyn garyndaşlaryny, dost-ýarlaryny ýanyna alyp, daglyga pena tutunýar. Emma Mahmyt Gaznawy olary ýesir alyp, zyndana salýar. Sükpal ýeňlip, zyndana düşenden soň, Dawud bilen Nasyr Karmaty ýene Miltanyň daş-töweregindäki goşunlary ýygnap, ýene Mahmyt Gaznawynyň garşysyna baş göterýär.

1010-njy ýylda Mahmyt Gaznawy gozgalaňy basyp ýatyrýar. Dawudy zyndana atýar. Goşunynyň agramly bölegi gyrlyp, gala olara ýesir düşýär.

Mahmyt Gaznawy bilen Illek hanyň arasynda dostlukly gatnaşyklary ýola goýmak üçin bir ylalaşyga gol çekilip, şoňa laýyklykda Amyderýanyň aracäk bolandygyny öňde agzap geçipdik. Emma Illek han assyrynlyk bilen Horasana göz gyzdyrýar. Soltan Mahmyt Gaznawy Sükpalyň üstüne goşun goýberen mahaly, 1006-njy ýylda, Horasany basyp alýar. Bu habary eşiden Mahmyt Gaznawy Miltanda parahatçylygy ýola goýup, ol ýere häkimini belläp şondan Horasana ugraýar. Illek hanyň serkerdelerini ýesir edip, Horasany yzyna gaýdyp alýar.

Muňa garamazdan, Illek han dek ýatmaýar. Ýeňlişden soň Kaşgaryň welisi, ýakyn garyndaşy Kadyr handan kömek alyp, ýene-de Horasana goşun çekýär. Amyderýanyň ilersini, Mahmyt Gaznawynyň höküm sürýän ýerlerini basyt almak isleýär. Mahmyt Gaznawy Balhyň töwereginde onuň öňünden çykyp, goşuny yzyna gaýtarmak isleýär. Iki türkmen serdarynyň goşunlarynyň arasynda ganly çaknyşyk bolýar. Söweş birnäçe güne çekýär. Ahyr ýeňiş Mahmyt Gaznawynyň tarapyna çözülýär. Illek han goşuny bilen gaçýar.

Illek han 1013-nji ýylda aradan çykýar. Onuň ornuna geçenler hem Mahmyt Gaznawy bilen ganda-pyçak bolýarlar. Onuň bilen yzygiderli söweşip durýarlar. Ahyr soňy bolmajagyny bilen Mahmyt Gaznawy Amyderýadan gaýra geçip, Illek hanyň ýurduna hüjüm edip, paýtagt Samarkandy basyp alýar. Şondan soň türki halklaryň arasynda Mahmyt Gaznawynyň dabarasy dag aşýar. Kaşgaryň hökümdary Kadyr hanyň özi 1010-njy ýylda Mahmyt Gaznawy bilen duşuşmak üçin Samarkanda gelýär. Iki türkmen serdary dostlukly aragatnaşygy ýola goýmak üçin özara ylalaşyga gelýärler. Kadyr han öz ýurduna Kaşgara dolanýar.

Soltan Mahmyt Gaznawynyň sebitde artyp barýan güýjünden howatyr edip, Hindistanyň Penjabynyň agramly bölegini gol astynda saklaýan Inendpal oňa çäre agtaryp başlaýar. Gündogar Hindistanyň rajalaryna goldaw üçin ýüz tutýar. Olar hem goldaýarlar. Netijede uly güýçli goşun toplaýar. Ogly Brahmanpaly Gazna hüjüm etdirmek üçin Peşewara ugradýar. Bu habar Mahmyt Gaznawa bada-bat ýetýär. Ol howanyň çaksyz sowuklygyna garamazdan, 1008-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 31-i güni Gaznadan çykýar. Peşewara baryp, hindileriň goşuny heniz Sindh derýasyndan geçmänkä, türkmen gerçekleri Wihendiň golaýyndan derýadan geçýär-de, olaryň öňlerinde sap tutýar. Iki tarapy hem gazap bilen söweşýär.

Mahmyt Gaznawa ýene-de ýeňiş ýar! Hindi goşuny gaçmak bilen bolýar. Brahmanpalyň goşuny Nigernut galasynyň Wakangir diýen ýerine gaçyp gidýär. Emma gowgy galmaýar. Mahmyt Gaznawy Nigernut galasyny gabaýar. Üç gün söweş edip, ony basyp alýar. Hasapsyz oljanyň eýesi bolýar. Sebäbi ondaky hazyna Pandaw hojalygy paja Behimiň döwründen bäri toplanyp ýören ekeni.

Mahmyt bu gala özleriniňkiden birini häkim belläp, Gazna dolanýar. 1009-njy ýylyň Garaşşyzlyk aýynda Mahmyt Gaznawy hindileriň mukaddes Gang derýasynyň kenarynda ýerleşen Naralin welaýatyna goşun çekip, basyp alýar. Maksady Hindistanyň merkezine ýol açmak, mukaddes derýadan geçip, Ellur diýen ýeri-de basyp alýar. Ol ýeriň rajasy Mahmyt Gaznawa ýylda salgyt tölemäge mejbur bolýar. Ol Gazna dolanyp gelenden soň, yzyndan dürli şaý-sepleri, zer-zümerretleri sowgat hökmünde ýükläp, elli sany pil iberýär. Şeýle-de gerek wagty, zerur mahaly ulanar ýaly iki müň sany ýaragly esgeri kömek üçin ibermegi, salgyt töleýän özge rajalar ýaly Mahmyt Gaznawynyň Permanyna laýyk hereket etmegi wada berýär.

Soltan Mahmyt Gaznawy-da özi tarapyndan rajanyň höküm sürýän ýurduna azar bermezlige razy bolýar. Netijede bolsa, şu ylalaşyk arkaly Horasan bilen Hindistanyň arasynda söwda aragatnaşygy ösüp başlaýar. Ýöne munuň özi Mahmyt Gaznawynyň şöhratly ömrüni hasyl eden söweşleriniň tamamlanandygyny aňlatmaýar.

Gur atly ülke örän bek ýolly daglykda ýerleşýändigi üçin hüjüm edijiler oňa üns etmändirler. Söbük Tegin bolsa öz hökümdarlyk eden döwründe Guruň hökümdary Ibn Sewrini özüne boýun egdiripdir. Salgyt tölemäge mejbur edipdir. Tä Söbük Tegin aradan çykýança buýruga boýun bolupdyr. Haçan-da Söbük Tegin aradan çykandan soň, Mahmyt Gaznawa boýun synman başlaýar. Hatda ýurdunyň üstünden geçýän söwdagärleri, kerwenleri talamakdan hem çekinmeýär. Şonuň üçin Mahmyt Gaznawy 1011-nji ýylda Gündogar Gura hüjüm edýär. Gazaply söweşden soň onuň paýtagty Aheňgerany basyp alýar. Hökümdar ibn Sewri, wezir-wekilleri hem-de ogly Şiş bilen ýesir düşýär. Şondan soňra Mahmyt Gaznawy ýuwaş-ýuwaşdan günbatar Gury basyp alýar. 1020-nji ýylda bolsa ogly Mesgudy Guruň galan ýerlerini basyp almak üçin iberýär. Ol birnäçe galalary basyp alyp, Guruň paýtagtyna barýar. Hökümdar Mahmyt Gaznawa boýun bolýar. Basyp alnan galalary onuň haýryna geçirýär. Häkimler Soltan Mahmydyň permany bilen bellenýär. Şeýlelikde, tutuş Gur Gaznawy soltanlygyna degişli bolýar.

Illek han-da diş agyrysy ýaly bolup, Mahmyt Gaznawynyň bir tarapyndan azaryny ýetirip durýar. 1011-nji ýylda Hazdaryň welisi onuň maslahaty bilen Mahmyt Gaznawa salgyt tölemegini bes edýär. Onuň garşysyna çykýar.

Bulujystanda ýerleşen Hazdar barmasy kyn daglyk ýerde ýerleşse-de, Mahmyt Gaznawy1011-nji ýylda oňa hüjüm edip, galany eýeleýär. Häkim baş egip, salgyt tölemäge boýun bolýar. Taryhy maglumatlardan görnüşi ýaly, Mahmyt Gaznawy patyşalyk täjini başa geýenden soňky az wagtyň içinde Horasany öz golastyna alýar. Şonuň bilen bir hatarda 999-njy ýylda ilçileriniň birini Gürjüstanyň hökümdaryAbu-Nasyr Muhammet Şaryň ýanyna iberýär. Onuň üsti bilen “Eger sen maňa ýagşylyk bilen boýun egseň gowy bolar, ýogsam meniň gazabyma taýýar bol” diýen mazmunly haty ýollaýar. Abu Nasyr Muhammet Şar boýun egmek teklibini kabul edýär. Metjitlerde onuň adyna hutba okadyp başlaýar. Emma bu ylalaşyga garamazdan, birnäçe wagtdan soň Abu Nasyr Muhammet Şaryň uly ogly özbaşdak herekete baş goşýar, Mahmyt Gaznawy bilen Hindistana söweş etmekden boýun gaçyrýar. Şonuň üçin Mahmyt Gaznawy häzirki pursaty amatly bilip, 1017-nji ýylda Gürjüstana hüjüm edýär. Ony basyp alyp, ýurt başyna öz emirlerinden birini goýýar. Abu Nasyr Muhammet Şaryň ogluny zyndana salyp, özüni bolsa ýany bilen Gazna alyp gaýdýar. Sebäbi, ol döwrüniň iňňän güýçli, zehinli alymlarynyň biri bolupdyr. Mahmyt Gaznawy ony Gazna getirenden soň, uly hormat goýup, ähli zatlaryny gaýtaryp berýär. Abu Nasyr Muhammet Şar 1018-nji ýylda Gaznada wepat bolýar.

Şo-ol ady belli Jipalyň ogly Inendpal 1011-nji ýylda aradan çykýar. Ýerine ogly Termuçynpal tagta geçýär. Ýöne onuň kiçijik döwletiniň höküm sürýän ýeri Kuhustan bilen Nemek ekeni. Penjaba degişli başga ýerleri Mahmyt Gaznawy öz golastynda saklaýar. Emma bir pikir welin serinden çykmaýar. “Termuçynpal Hindistanyň gadymdan gelýän şa hojalygynda ir-u-giç bulaşyklyk döreder. Gowusy, onuň kiçijik häkimliginiň soňuna çykmaly”. Ol şu pikir bilen 1014-nji ýylda onuň ýurdunyň paýtagty Nenduna ugraýar. Oňa hüjüm edýär. Termuçynpal Kaşmir pajasyndan haraý isläp, onuň ýanyna gidýär. Galany goramak üçin öz ornuna bolsa ogly Behimpoly belleýär. Örän daglyk ýerdeligine garamazdan, Mahmyt Gaznawy galany basyp almagy başarýar.

Oňa Termuçynpalyň, Kaşmiriň rajasynyň goşunynyň garşysyna söweşdirmek üçin alyp gelýändigini habar berýärler. Mahmyt Gaznawy pursaty elden gidermeýär. Olara garşy ugraýar. Jehleli diýen ýeriň golaýynda iki goşun ýüzbe-ýüz bolup, gazaply söweş tutaşýar. Bu aýylganç söweşde Mahmyt Gaznawy ýeňiş gazanýar. Duşmanyň aglabasy ýesir düşýär. Bu habary eşiden ýakyn-u-uzakdaky rajalaryň birnäçesi Mahmyt Gaznawa meýletin boýun bolup, höküm ýöretmegine razy bolýarlar. Hindilerden Yslam dinini kabul edenler örän köp bolýar. Şonuň üçin Mahmyt Gaznawy bu ýurtda metjit-medreseler saldyrýar. Musulmançylygy kabul edenlere bu ugurdan ylym bermek üçin mugallymlar taýynlaýar. Penjab tutuşlygyna Mahmyt Gaznawynyň permany astynda hereket etmäge geçýär.

Termuçynpal gaçyp Sewalyk atly daglykda gizlenýär. Şol ýerde uly bolmadyk bir topara häkimlik edýär. Mahmyt Gaznawy ony öz erkine goýup, Tehanysyr galasyna hüjüm edýär. Ol Hindistanyň meşhur galalarynyň biri ekeni. Hüjümiň habaryny eşiden Tehanysyryň rajasy galany taşlap gaçýar. Gala söweşsiz eýelenýär. Mahmyt Gaznawy olaryň daşdan ýasalan meşhur butyny, Murty Çekersüwemi hudaýyny öz ýany bilen Gazna alyp gaýdýar. Ony şäheriň uly köçeleriniň bir çatrygynda atlaryň aýak astyna taşladýar. Tutuş Penjaba hökmüni ýöreden Mahmyt Gaznawy Kaşmiri almak maksady bilen, oňa iki gezek goşun sürýär. (1015-nji hem-de 1021-nji ýyllarda). Ikinji sapar berk daglyga duçar bolup, yzyna dönýär. Kaşmiri eýeläp bilmeýär.

Horezimde Al-Mämun atly bir dinastiýa Buhara emirligine degişli eken, özem Samany döwletine salgyt töläpdir. Samanylaryň synmagy bilen bolsa Horezmde Garaşsyz döwletini jar edýär. Onuň täçdary Abul-Abbas Soltan Mahmyt Gaznawynyň aýal doganlarynyň birine öýlenýär. Galyberse-de, ol Illek handan ynjalykly bolanlygy üçin, Abul-Abbasa ýurdunda öz adyna hutba okatmak üçin hökümnama ýollaýar. Abul-Abbas bu permana razy bolsa-da, emirleri boýun towlaýar. Mahmyt Gaznawy gazaba münýär. Horezme agyr goşun dartýar. Tä Abul-Abbas adyna hutba okadýança Horezmi gabap saklaýar. Öz adyna hutba okalyp başlandan soňra yzyna, Gazna dolanýar.

Goşun yzyna dolanan badyna Abul-Abbasyň emirleri gozgalaň turuzýarlar. Gaýnatasynyň adyna hutba okatmagyny bahanalap, 1018-nji ýylyň Nowruz aýynyň 17-sinde ony öldürýärler. Muny eşiden Mahmyt Gaznawy täzeden gazap atyna münýär. Horezme täzeden leşger sürýär. Emirler onuň garşysyna ýiti göreş alyp barsalar-da ýeňilýärler. Horezmiň paýtagty basylyp alynýar. Giýewsi Abul-Abbasy öldüren emirleri uly ile göz edip öldürdýär. Horezmiň hökümdarlygyny bolsa öz emirlerinden biri Altyndaşa tabşyrýar. Hökümdarlygy söweş ýollary bilen bagly bolan Mahmyt Gaznawynyň Hindistanyň ençeme ýerlerini golastyna alandan soň, Kunusy almak üçin Gaznadan ugramagynyň hem sebäbi bardy. Inendpal özi bilen söweş eden mahaly Kunusyň Mithera, Mehabil diýen ýerleriniň hökümdarlary oňa goldaw beripdir. Mahmyt Gaznawy olaryň bu etmişlerini ýadyndan çykaranokdy. Temmilerini bermekçidi. Sumna derýasynyň golaýynda ýerleşen Sersaw atly ýeriň rajasy onuň gelýändigini eşidip gaçýar. Gala söweşmän alynýar. Mahmyt Gaznawy uly bir şähere ýetýär. Onuň baştutany Hordat oňa özüni meýletin tabşyrýar. Mahmyt Gaznawynyň öňünde dyza çöküp, musulmançylygy kabul edýär. Salgyt tölemäge-de razy bolýar.

Gaýduwsyz söweşiji ondan soň Mehabiniň galasyny eýeläp, Mithera tarap ugraýar. Şol döwürde Mithera Hindistanyň meşhur galalarynyň biri bolup, ol mukaddes ýer hasaplanylypdyr. Galanyň çakyňdan beýik hem-de berkdigine garamazdan, hindiler söweş etmezden ony Mahmyt Gaznawynyň goluna tabşyrýarlar. Ol bu ýerde juda köp olja eýe çykýar.

Şondan soň ol ýörişini Kunusa dowam edýär. 1018-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 20-sinde ol ýere baryp ýetýär. Onuň patyşasy Rajipal gaçyp, Gang derýasynyň ol tarapyna geçýär. Galany goraýjylar welin Mahmyt Gaznawynyň garşysyna çykýarlar. Barybir, onuň bir hüjümine bäs gelip bilmän, galany tabşyrýarlar. Mahmyt Gaznawy basyp alan ýerlerinde öz adamlaryny häkim belläp Gazna öwrülýär. Ýolugra başga-da birnäçe galalary basyp alýar. Ýöne, ýolda Gazna bilen Sindh derýasynyň aralygyndaky daglyklarda garakçylyk edip, güzeran görüp ýören puştunlar geçip barýan goşunyň üstüne duýdansyz çozup, örän uly zeper ýetirýär. Ol Gazna gelenden soň, aryny ýerine salmak üçin puştunlaryň üstüne ugraýar. Olary daglaryň jülgesine gabap, aýaman gyrýar. Aýal, ýaş çaga hem-de garrylardan başgalaryny öldürmäge buýruk berýär.

Belli bir wagtda soltan Mahmyt Garahanly döwletiniň esasy bölegi bilen gowy gatnaşykda bolýar. Şol mahal ol Mawerannahrda özüni görkezen Seljuk serkerdäniň ogullary bilen gidişýär. Onuň ogly Arslan hany zyndana atdyrandan soň, onuň ýigitlerine bagly oguzlaryň uly bölegine Horasana göçüp barmaga rugsat berýär. Emma Seljuk serkerdäniň ýetişip gelýän agtyklary Çary bilen Togruldan birahat bolan wagtlary az däl. Soltan Mahmyt Garahanlylaryň içindäki dogan-dogana bolan çaknyşygyň öňüni alyp: “Biri-biriňize duşmançylygy taşlaň. Hanjaryňyzy gynyňyza salyň, her haýsyňyz öz welaýatyňyz bilen boluň” diýip, olary ylalaşdyryp bilse-de, özi ölenden soň, ogullary tagt dawasyna başlaýar.

Soltan Mahmydyň ogly soltan Mesut tagta geçenden soň, onuň esasy işi Horasan üçin seljuk türkmenleri bilen çaknyşmak bolýar. Iki türkmen tiresi Oguz ýurdunyň üstünde ilki Täk (Durun) galanyň töwereginde 1038-nji ýylda söweşýär, ondan kän wagt geçmänkä, Sarahs töwereginde ýene çaknyşýarlar. Bu iki söweşiň netijesi seljuk türkmenleriniň ýeňşi bilen gutarýar. Ahyry 1040-njy ýylda Daňdanakan söweşinde soltan Mesudyň ýygyny seljuk türkmenleri tarapyndan derbi-dagyn edilýär. Bu söweşden soň Horasan, Eýran, Köneürgenç, Mawerannahr seljuk türkmenleriniň eline geçýär. Gazna döwleti ondan soň gaty garyşyk ýagdaýda ýaşaýar, esli wagt bu döwlet seljuklara tabyn bolup galýar.

Günorta Slawýan ýurtlary XII – XV asyrda

Mowzuk: Günorta Slawýan ýurtlary XII – XV asyrda

1. Bolgariýa we Serbiýa Wizantiýanyñ häkimligi astynda

2. Ikinji Bolgar patyşalygy . Bolgariýany osmanly türkleriñ basyp almagy

3. XIV asyryñ birinji ýarymynda Serbiýa ýerleriniñ giñelmegi. Osman imperiýasynyñ Serbiýany özüne boýun egdirmegi.

Bolgar we Serb halklarynyñ yzygider gaýtawullaryna seretmezden , bu günorta slawýan döwletleri Wizantiýanyñ gol astyna düşdi. Wizantiýa hökümeti (1018-1185ýý) 1,5 asyr dan gowrak wagt bu ýerlerde agalyk etdi. Halky ezdi. Dürli salgytlar salyndy: çörek, goýun, çakyr salgydy we başgalar. Daýhanlaryñ salgydy töläp bilmän öz çagalaryny gulçulyga satandyklary barada maglumatlar bar. Erbedi hem Wizantiýanyñ goñşy peçenekler we polowesler bilen alyp barylan uruşlar Bolgariýany agyr ýagdaýa salýardy. Iñ erbedi zor bilen grek dilini ýazuwyny girizip halky ellunizirlemäge çalyşdy. Slawýan dilindäki mekdepler ýapyldy. Slawýan ýazuw ýadygärlikleri grek diline geçirildi, galanyny ýok etdiler. XI asyrda Bolgariýada urýer eýeçilik gatnaşyklary ýola goýulypdy. Ýöne daşary ýurtlylaryñ agalygy netijesinde ýurtda zähmet öndürijiligi pese gaçypdy. Bu aýratyn hem Bolgar şäherlerinde duýuldy. Wizantiýalylar Buthana monastyr ýerlerini giñeltdiler. Şol ýerlerde ýasaýan daýhanlary klirikler diýip atlandyryldy. XII asyryñ ortalarynda azat haýhanlaryñ sany kemeldi. Ilat iki taraplaýyn ezişe duçar boldy (ýerli we daşary ýurtly). Halk basybalyjylara garşy göreşe aýaga galdy.

Ilkinji köpçülikleýin hereket Bolgariýada 1040-1041 –nji ýyllarda bolup geçdi. Zat (natural) salgydyna derek pul salgydynyñ salynmagy halkyñ närazyçylygyny döretdi. Gozgalañ Bolgariýanyñ cäginden çykdyp,

Serbiýanyñ , Makedoniýanyñ , Sofiýa welaýatynyñ , Epir we Orta Gresiýanyñ ilaty gatnaşdy. Hökümet bu hereketleri zordan diýen ýaly basyp ýatyrdy.

Ikinji bolgar gozgalañy 1071-1073-nji ýyllarda Demirgazyk günbatar Bolgariýada bolup geçdi. Ondan soñky hereketleri-de hökümet basyp ýatyrdy.

Asen II-niñ oruntutarlarynyñ dünde Bolgariýa gowşap başlapdyr. Bolgariýa döwleti kiçelip galýar.Wizantiýa Konstantinopoly (1261ý) yzyna gaýtaryp alýar, onuñ bilen bile Fransiýa, Makedoniýa we beýleki welaýatlary yzyna gaýtarýar.

XIII asyrda Bolgariýada köp şäherler bardy. Hünärmentçilik ösüpdir. Ýüñ, ýüpek, demir, mis, deri önümleri, küýzegärçilik ösüpdir. Bolgariýa Dunaý we Gara deñziñ kenaryndaky döwletler bilen aragatnaşyk edipdirler. Bolgar söwdagärleri Wengriýa , Polşa, Wizantiýa, Balahiz, Moldawiýa bilen söwda aragatnaşyklaryny edipdir. Bolgar söwdagärleri kerwen söwdasyny edip, günbatar Ýewropa ugrapdyr. Olar Flandriýa we

Şampan ýarmarkalaryna gatnaşypdyrlar. Günbatar bolgarlary deri we aýakgap önümlerine höwesi uly bolupdyr. Dunaý şäheri söwda merkezlerine öwrülipdir. Budun, Semistra, Dorostol, Nikopol Wapna, 2 bolgar patyşanyñ paýtagty Tirnowo bolupdyr. (1187-1396ýý) . Emma oba hojalygy-da ösüpdir. Hususy hojalyklar köp bolupdyr. Daglyk etraplaryñ ilaty maldarçylyk bilen meşgullanypdyr. Ýurtda iri we ýer eýeleri we boýarlar agalyk edipdir. Olar bilen köplenç patyşa razylaşypdyr. Boýarlara köp garaşly daýhan degişli bolupdyr. Krepostnoý – pariklere (Buthana ýerlerinde olara klerikler diýip at beripdirler. Olar köp salgytlary tölemelidi. XIII- XIV asyrlarda olar köp borçlylyklarynda ýerine ýetirmelidi. Üstesine mongol çozuşlaryna-da çydam edip bilmedik daýhanlar çopan Iwaýlonyñ ýolbaşçylygynda 1277 ýylda gozgalañ turuzdylar. Şol wagt ýurdy patyşa Konstantin Tih dolandyrýardy. Patyşa gozgalañy basyp ýatyrmak üçin iberen goşuny gozgalañçylaryñ tarapyna geçýärdi ýa-da gaçyp gidýärdi. Gozgalañçylar patyşa Konstantin Tihi öldürip, daýhanlar Iwaýlony patyşa diýip yglan etdiler. Iwaýlonyñ daşyny boýarlar gabady. Ölen patyşanyñ aýaly Iwaýlo durmuşa çykdy. Bu bolgar boýarlarynyñ we Wizantiýalylaryñ hüjüme geçmegine getirdi. 1280-nji ýyllarda Iwaýlo Bolgariýadan gaçdy. Soñ ony tutup öldürýärler. Bolgar tagtyna boý boýar Georgiý Terteriý (1280-1292ýý) geçdi. Emma daýanlaryñ gozgalañy Bolgariýanyñ taryhynda uly yz galdyrdy. Bolgariýa özbaşdak knýazlyk döredi. Tarnowo, Budansk, Dobrudžu. Olar hem iri ýer eýeliklerine bölünipdi. Olary boýarlar dolandyrýardy.

Serbiýa döwleti hem Wizantiýanyñ agalygyndan azat bolandan soñ öz hojalygyny ösdürmeklige uly üns berdi. Magdan gazyp almak ösdi. Stefan Nemaniniñ ogly Stefan Perwowençannyý (1196-1224) serb knýazlyklaryny özüne birleşdirip 1220 ýyllarda serb korolynyñ täjini geýdi. Ogly Uroşe I (1243-1276ýý) ähli serberleri gutarnykly birleşdirildi. XIII asyryñ ahyry XIV asyryñ başlarynda iri ýer eýelerine garşy göreşler köpçülikleýin häsiýete eýe boldy.

Stefan Duşan (1331-1355ýý) Serbiýany iri balkan döwletlerine öwürdi. Ol bolgarlar, wizantiýalylar bilen uruşlar alyp baryp Makedoniýany, Albaniýany, Emir we Fessaliýany basyp aldy. Stepan Duşan 1346-njy ýylda “özüni pomewleriñ we Serbleriñ şasy” diýip yglan etdi we täç geýdi. Ol birnäce gezek Konstantinopola ýakynlaşdy we ony eýelemeklige synanyşdy. Flotyñ ýetmezçiligi oña mümkinçilik bermedi.

Wizantiýa soñky ýörişinde Duşan aradan çykdy. XIV asyryñ ortalarynda “Stefan Duşanyñ” kanunlar ýygyndysy kabul edildi. Onda halkyñ durmuş derejesi dünýewi we buthana ýerleri barada aýdyldy.

Serb daýhanlarynyñ bir bölegi azatdy, olaryñ hususy jemgyýetçilik ýerleri bardy. Olar patyşa hazynasyna salgyt töläpdirler.

Daýhanlaryñ bir bölegine merophalar diýipdirler. Olaryñ ýagdaýy edil irki günbatar Ýewropa billianlaryna meñzäpdir. Olar hudaýyñ hasabyna hepdede 2 gün haýyr sahawat işi diýip zähmet çekip bermeli bolupdyrlar. . Olar bir eýeçilikden başga eýeçilige kynlyk bilen geçipdirler. Gul derejesindäki daýhanlar bolupdyr. Kanunlar ýygyndysynda olaryñ bary cäklendirýän hukukly bolupdyr.

Stefan Duşan aradan çykan soñ serb patyşalygy birnäçe böleklere bölünýär. Ogly Stefan V Uroşa uly bolmadyk serbleri ýetdi. Balkan ýarym adasyna osmanly türkler aralaşyp, yzly-yzyna welaýatlary eýeläp, Duşan aradan çykandan 15 ýyldan soñ bütin serb ýerlerini eýelediler. Türk seljuk döwleti Kiçi Aziýada haçly ýörişler dünde Rum soltanlygy ady bilen belli bolupdy. 10 sany emiratlyga bölündi.

Türk-oguzlary we türk seljuklary XIII-XIV asyrda Kiçi Aziýa soñra Balkan ýarym adasyna aralaşypdyrlar.

Yzygider uruşlaryñ netijesinde XIV asyrda patyşa Urhan döwründe hemişelik goşun döredildi. Olara ýanoçorlar goşuny diýip at berildi. Goşunda Wizantiýa düzgüni girizildi, esasy üns olaryñ türgenleşigine , ýaraglanyşyna berildi. Osmanly goşunlar çalasynlygy bilen tapawutlanyp, irili ilaty, şäherleri talapdyr. 1331-nji ýylda Kiçi Aziýany eýeländen soñ , Urhan Ýewropa Dardanemiñ kenaryna soñra Frakiýa 2 ýöriş gurady. Soñky Soltan Murad I (1359-1389ýý) Frakiýa şäherleriniñ biri Adrianopoly eýeledi. Eýelän ýeriniñ halkyny talady, gula öwürdi. Köp türk daýhanlaryny Kiçi Aziýa göçürdi. Şeýdip göçüp-gonup ýörän türklere seredende, ýer tutup ýaşap başlan türkler täze basyp alyşlara taýyarlandy. Günorta Serbiýa Soltanlygyñ gol astyna geçdi. Wizantiýa hökümdary hem oña garaşly boldy.

1453-nji ýylda Konstantinopol boýun egdi. Wizantiýa ýaşamagyny bes etdi. 1463-nji ýylda türkler Bosniýa we Gersogawina ýerlerini eýeledi.

XVI asyrda Horbot ýerlerine , ilki Dalmasiýa soñra Wengriýa we Slowakiýa aralaşdylar. Edil Mongol basybalyşlary döwründäki ýaly günbatar Ýewropa döwletleriniñ dolandyryjylary hiç hili gaýtawul bermäge kömek sorasalarda bermediler.

Türkleriñ Balkan ýarym adasyny eýelemegi bilen XVI asyrda Merkezi Ýewropa hem türk çozuşyndan howatyrlandy.

Gündogar Orta Ýer deñzinde we Balkan ýarym adasynda türk agalygy berkänden soñ , günbatarda Ýewropalylaryñ ykdysady we syýasy durmuşyna täsirini ýetirdiler.

Türkleriñ eline gara deñze geçýän wajyp söwda ýollary geçdi. Olar Ýakyn we Uzak gündogardady.

Bu Ýewropa söwdasyna halkara gatnaşyklaryna-da täsirini ýetirdi.

Günorta slawýanlar

Günorta slowýanlar.

Bolgar döwleti VII asyrda demirgazyk gündogar Balkan ýarym adasynda döräpdir. Dunaý ýaka slawýanlar ýerleşipdir. 679 ýylda Bolgar hany asporuk Balkan ýarym adasynda günorta Dunaýda öz družinasy bilen ýerleşipdir. Bolgalarda slawýanlara teritiriýa bölüp beripdirler. Olar basybalyjy bolman Dunaý slowýanlary bilen soýuzdaş bolup awar we wizantiýalylara garşy bile göreşipdirler. Asparuha bolgar we slowýanlaryň peýdasyna Wizantiýa imperiýasynyň imperatory Konstantin IV bilen ylalaşyk baglanşmak başarypdyr. Wezantiýalylar teritoriýadan yza çekilipdir. Asparuh baş knýaz bolup bolgar sloaýan döwletine slowýan knýažlyklary boýun edipdir. Slawýan ilaty Asporuhe we onuň orun tutary Dula salgyt töläpdirler. Täze döwletiň paýtagty Pliske soňra Preslowa şaherleri bolupdyr. Sparuhyň aryp tutarlary Wizantiýanyň içki işene gatnaşypdyrlar.

IX asyrda Bolgariýa uly döwlete öwrülýär. Güýçli han Krumyň döwründe (802-815) onuň düzümine häzirki Bolgariýanyň teritoriýasyndan başgada häzirki Ruyniýa we Wengriýanyň bir bölegi günbatarda Karl Beýgiň imperiýasy bilen serhetleşipdir. Bolgariýa IX asyryň 2 ýarymynda knýaž Borisiň döwründe (852-888) geňelýar. Wizantiýadan hristiýänçylygy kabul edip IX asyrda bolgar we slawýanlar ýakynlaşdy. Bolgar patyşalygy patyşa Simeon Beýigiň döwründe (893-927) gülläp öşen derejesine ýetýar. Ol Wizantiýanyň köp ýerlerini eýelenden soň onuň paýtagty Konstontinopyly eýelemegi maksat edinýar. Ol Sargrada (öň Konstontinoplyň ady) birnäçe gezek ýöriş edýär. Emma Konstontinopl deňizden oňat goralýandygy üçin ony eýelemek başartmaýar. 919 ýylda Simeon ähli bolgar we grek samoderžawasynyň patyşasy diýen lakamy kabul etdi. Ol Wizantiýa imperatory bilen deňräk derejede.

Preslowda köşkler ybadathanalar daş şäher diwarlar dikeldilýär. Swmoin öz köşkünde Preslawda slawýan edebiýat merkezini döretdi. Ol birnäç edebi esarleriň awtory bolupdyr. Ol birtorao Wizantiýanyň edebi taryhy eserlerini slawýan diline tejrime edipdir. Çünki Bolgar ýazyjylaryna hasda öz eserlerini döredipdir.

Ilrabra diýen adamyň “Rossuždeniýa o slowýanskom ýazyke” grek we latyn dilleri ýaly bu dil hem hemme ýerde düşünikli boljakdygyny ýazýär. Has-da diňe Bolgariýada şäherlerinde däl-de obalardada kitap köp okalypdyr. XI-XII asyrlarda bolgar-slawýan edebiýaty gadymy Russiýada aralaşýar.

Semion ölenden soň Bolgariýa aşak gaçýar. Köp eýeläp territoriýaary goňşy döwletleriň gol ostynda düşýär. Ýerli feodallaryň-boýarlaryň häkimýeti güýçlenip galan bolgar territoriýasynda syýasy birligini ýetirýar. Döwlet jirimeleri agyr bolupdyr daýhanlaryň käbirleri, muňa çydam edip bilmän öz ýerlerini taşlap iri ýer eýesinkä geçýär eken. Şeýle garaşly daýhanlara Bolgariýada pariklar diýip at beripdirler.

Bogomolstwo – hudaý berlen adamlar bolupdyr. Boýarlaryň iri ýer eýeleriniň eksplotasiýasyna çydap bilmän ýeretiki herkere goşulypayr. Bogomollar ilkinji gezek patyşa Simeonyň döwründe giň ýaýraýar. Dindar Bogominiň adyndan gelip çykypdyr. Ol bogomilleriň ilkinji jemagatynyň başynda durýar. Olar dünýä edil Wizantiýadaky pawmisarlar ýaly dünýa dialektik garapdyrlar. Hudaýlary oňat we erbet diýip bölüpdirler. Bogomiller prowoslaw buthanasyna döwlet guramasy hökmünde garamadylar, olar buthana ýerlerine garşy çykdylar. Mukaddes kitapda krepostnoý hukuk ýok diýip düşündirler. Olar harby gulluga-patşa salgytlarynada garşydy. Umumy eýeçiligi saklamak we öz-özüňe dolandyrmaly diýdiler (obşinasy). Olaryň öz demokratik buthana guramasy bardy, onuň başynda saýlawly halk ýaşulylary durýardy. Bogomilleriň öz mukaddes kitaby bardy. Olar prowoslaw dinine garşydy. Bu hereket serb Bosniýa Dolmasiýa we beýleki Balkan ýarym adalaryna hat-da Wizantiýa ýaýrady. Içki gapma-garşylyklaryň ýetişmeginden peýdalanyp Wizantiýa Bolgarlary garşy knýažy Swýataslawy kömege çagyrdy. Ol Bolgariýa 2 ýöriş göçürdi (968-969) 23 (967-971) netejede Dunaýda öz agalygyny berkitmek. Soňra ol Ewizantiýa ýöriş gurady ol Swýataslawy Bolgariýadan çykaryp kowut gündogar Balgariýany paýtagty Preslaw bilen bilelikde Wizantiýa birleşdirilipdir. Ioan Simiskiý imperatordy Gomon günbatar Bolgar territoriýasyndan soňrak imperator Wasiliä II döwründe boýun edilipdir. Ol Bolgaraboýse diýen lakamy alypdyr: “Bolgarlary öldürýärin” ol şeýle zalym bolupdyr. 1014 ýylda 15 müň bolgar ýesirini köp etmegi tabşyrypdyr. Bolgar patyşalygy 1018 ýylda ýykylýar. Xii asyryň ahyryna çenli Weizantiýany gol astynda galýar.

Balkan ýarym adasynyň demirgazyk gündagara VI-XI asyrda dürli serb taýpalary, horwatlar, slowýanlar ýaşapdyrlar. Serbleri Adrýatik deňzi, Istriýa Drawo we Dunaý derýasynyň Morawa we daglyk Giar-Plinini tutupdyr. Olarda kiçijik territorial birleşmeler bilen oňa Zupam diýip at beripdirler. Olar taýpa soýuzlaryna ondan patriorhal maşgalara bölünipdir.

Gündagar serb taýpalarynda bölünmek maşgalalar bolupdyr, hopjalygy umumy bolup dolandyrypdyrlar. “Kuçi” diýip ýa-da “beýik kiçi” – “zadrug” knýazlaryň ýolbaşçylygyna županlar diýip, olaryň arasyndan beýkleri bölünip dara beýik županlar bölünip goňşy taýpalary boýun egdirip dölwet döretmek synanşygyny edipdirler. Wizantiýä, Wengriýa, Bolgariýa ýaly döwletleri boýun egdirmek üçin synanyşyklar döwletiň döremegine getirdi. Ilkinji serb taýpalarynyň birleşmegine gündogar serb knýazy Wlastemiriň (836-843) döwründe başlaýar. Wlastemiriň oruntutarlarynyň biri çeslow Kloninurowyň (932-960) döwründe territoriýany Dunaýa çenli uzaltýär. Knýäz Bela bilen syýasy ylalaşyl günbatar serb taýpalaryny birleşdirmek isleýär. IX asyryň ortalarynda harwatlar franklardan azat bolup özbaşdak döwletini döredip, öz županlary dolandyrýär. Olaryň arasynda Trpimir 846-864 dolandyryp tapawutlanýar. Horwat knýazlygy beýik župam Tomislawyň döwründe (910-930) korolyga öwrülýär. Horwat korollygynyň sostawyna Horwat we Dalmasiýa ýerleri girýär. Emma Primariýa dolmasiýa şaň XI asyryň 2 ýarymynda Wenesiýa tarapyndan basylyp alynýär. XIII asyryň başlarynda Horwatiýa, Wengriýa birleşdirilýär. Ol XV asyra çenli galýar. Serb döwletinde Xi asyrda günbatar serb knýažlyklary agalyk edýär. Mihail (1051-1081) güýçlendiripdir. Şeýlede Bodin (1081-1101). Bodiniň eýeçiligine Zefa häzirki Çernogoriýa giripdir, Bosniýa Gersogowiniň we gündogar serbiýanyň bir bölegi XII asyrda ýene-de gündogar Serb knýažlygy güýçlenýär. Stefan Nemonýa 60-70 ýylda gündogar we günbatar serb taýpalaryny birleşdirýär. Serb korollygy döredýär. XII-XV asyrda serb korollygy Balkan ýärym adasynda güýçlenýär.

Gadymy rus döwletiniň (Kiýewiň Merled) döremegi. Slawýanlaryň ykbalyna 2 zat uly täsir etdi. XV biziň eramyzyň Ýewropanyň ýaş döwletinde obşina gurluşy dowam eden döwri. Rim-de feodalizmiň prosesi ösdi. 2 gezek slowýanlar halkara arena çykanda karolingler imperiýasy emele gelipdir. Onuň netejesinde Beýik Moraw deržawasy we Kiýew rusy döredi. Ol barada Konstontinopylda we Rimde söwda ykdysady ylalaşyklar edildi. Müsüriň Merkezi Aziýanyň we eýranyň alymlary rus barada ýazdy.

IX asyryň II ýarymynda Nowgorod knýazy Oleg Kiýew we Nowgorodyň üstünde agalygyny dikeldýar. Olegiň družinnikleri dworýanlaryň ýerlerine barýar eken (sag kenar Dnepre) ýerli knýažllarydan salgytlar ýygnaldy. Ol 999 we Twer ýerlerinde eýeläp Dnestr aralygyny ozone birleşdiripdir. Olegiň dünde (945-869) Kiýew knýazy gutarnykly boýun egdirilýar. Stanislaw Igorewiç (969-972) we Wladimir Stýasoslawiç (980-1015) ýylda Demirgazyk Kawkaz we Karpat Rusi girýär.

Irki geodal döwletiň döremegi bilen daýhanlaryň feodala garaşlylygy artýar.

Ruslarda ýazuw girizilýär. Rus gänürleri Gora Adawkasiç we Baltika deňzine barýar. Konstantinopol bilen söwda edýär. Eýran merkezi Aziýa bilen gatnaşýar. Igoryň döwründe hristian dini kabul edýär. Rus-da hristiançylyk 987-988 ýyllarda kabul edilip. X asyryň 80 ýyllarynda Wladimir Wizantiýa bilen soýuzy berkitmek üçin imperator Wasiliý II-niň aýal dogany Anna öýlenip soýuzy berkitmek işläpdir. Wladimir Kryme süýşipdir. 989 ýylda Heodeonesi eýeläpdir. Wasiliý II yza çememelidi Wladimir bilen Annanyň nikalaşygyndan soň döwletiň hristian dini kabul edildi, feudal gurluş ösüp başlady. Hristiançylyk zor bilen 100 lerçe ýylyň dowamynda girizildi. Buthana edaralary köp edinip döwlet girdejisine eýe bolupdyr. Rusiýada oba-hojalygyna suwarymly ekerançylyk dowam edipdir. Döwlet halky ezipdir. Ýerli knýäz boýarlardan ýerli feodallar döräpdir. Rus-da smerdler bilen olaryň öz maly inwentary aýy sygyry dolupdyr. Ýöne ol öldürilse holop (gul) öldürilen ýaly 5 griwen tölenipdir. Eger azat erkek öldürilse (40 griwen) feudal aristokratiýadan öldürilse 80 griwen töläpdir. Öleb smerdiň yzyna erkek oruntutary bolmasa onuň zatlary hojaýynyň eýeçiligine geçipdir. Feodal hojalykda daýhan ezmegiň esasy formasy işläp bermek rentasy – barşina, natural salgyt bolupdyr. Feudal ezişe çydam edip bilmän daýhan gözgalaň turuzypdyr. Netijede daýhan obşina ýerine önküden hem beter berkedilendir. Gaçan daýhanlaryň bir bölegi hünärmentçilik görnüş bilen 150 görňüşe golaý demir onum söwda çykarypdyr. Rus söwdagärleri Arap halypatlygy Wizantiýa Morawiýa, Çehiýa, Polşa Günorta Germaniýa Baltik deňzi Skandiýa Pomorlara bilen Cirnigow Polosk Nowgorod, Smolensk we ş.m. bolupdyr. Ol administratiw sud we harby merkezler bolupdyr. Wladimir Swýatoslawowiç ölenden soň ogly Swýatopolk Kiýewde knýäz bolýär. Nowgorda bolsa ogly Ýaroslaw bolýar. Swýatopolk polýaklara köp bil baglaýar. Ýaroslaw Kiýewe eýelýär. Rus syýasy ykdysady medeni gatnaşy ösdürýär. Çehiýa, Polşa, Wengriýa, Bolgariýa, Wizantiýa, Teriýa, Angliýa, Fransiýa hat-da binostipi rikolarda baglaşýar. Ýaroslaw müdiriniň bir gyzy fransuz koroly Genrih I aýaly beýleki bir gyzy Norwegiýa koroly Garold Smelyý aýaly 3-nji gyzy Wenger koroly Andreýiň aýalydy.

Skandinaw ýurtlary XI – XV asyrda

Mowzuk: Skandinaw ýurtlary XI – XV asyrda

1. Skandinaw ýurtlarynda iri ýer eýeçilik gatnaşyklaryny ýüze çykarmagyñ özboluşlylygy

2. Daniýa, Şwesiýa, Norwegiýa korollygynyñ emele gelmegi

3. Skandinaw ýurtlary XV asyrda

Skandinaw ýurtlary bolan Daniýa, Şwesiýa we Norwegiýa iri ýer eýeçilikli jemgyýetleriñ täsiri bu ýerlere giç aralaşdy. Urug gatnaşyklary uzaga çekdi.

Irki iri ýer eýeçilik gatnaşyklaryna geçiş döwri Ýewropa ýurtlarynda X-XI asyrlarda tamamlanan bolsa bu ýerde XII-XIII asyrlara çenli dowam etdi. Bu ýeriniñ özboluşly aýratynlyklary boldy. Daýhanlary ýere berkitmek we işläp bermek Norwegiýada bolmady diýen ýaly; ýöne wassal gatnaşyklary dowam etdi.

Skandinaw döwletlerinde zähmet öndürijiliginiñ pes bolmagynyñ sebäbi onuñ tebigy geografiki şertleri bilen hem baglanyşyklydyr. Deñiz dag landşafty bolup ekerançylyk üçin amatly ýer örän azdyr: köller, batgalyklar, şaglawuklar, deñiz aýlaklary günbatar ýarym adany bölüp aýyrýar.

Norwegiýa we Şwesiýada ekerançylyk ýönekeýje kätmenler bilen özleşdirilýär. Köplenç dary we hojalykda maldarçylyga esasy üns berilipdir. Demirgazykda tokaýlyk welaýatlarda sütükli derili haýwanlary we dag goçlaryny awlapdyrlar. Derýa kenarlaryndaky welaýatlarda , balykçylyk bilen meşgullanypdyrlar. Olar gämi gurluşygy we deñizde ýüzmekde deñi taý tapmak kyn bolupdyr.

Ýutlandiýa ýarym adasy we Daniýada ekerançylyk üçin amatly ýerler bolupdyr. Ýeri ozal bilen bejerip ýylda 2-3 hasyl alypdyrlar.

Skandinawiýada demiri daglyk ýerlerden gazyp alypdyrlar.

Irki döwürden başlap ilatyñ esasy bölegini azat adamlar – bondlar düzüpdir. Olara ekerançylar, maldarlar, awçylar, balykçylar girip, aýry oba jemagatlary bolup ýaşapdyrlar. Köplenç paý ýerlerini umumylaşyp bejeripdirler. Urug-taýpa gatnaşyklary VIII-IX asyra çenli çekendigi üçin şeýle ýeri bejermek hem uzaga çekipdir.

Olar ýerleri dolandyryşa – tingi diýip at beripdirler. Ýörite ýygnak çagyryp erkek adamlar maslahatlar geçiripdirler.

Tingide harby demokratiýanyñ köp sypatlary saklanyp galypdyr. Tapawutlanýan ýokary gatlak wekilleri, mal sürüsi köp adamlar gämili, garakçylyk edip baýlyk üýşürenler (wikingler) uruşlarda ýesir düşen gullara ýer bölegini paýlap berip işledipdirler.

Ýutland ýarym adasynda tapawutlanýan ýerler peýda peýda bolupdyr.

Ilatyñ dürli gatlaklara bölünmegi netijesinde döwletiñ hem döremegine mümkinçilikler döräpdir.

Ilkinji Skandinaw şazadalary taýpa başlyklaryndan bolupdyr.

X asyryñ II ýarymynda patyşa Harold Sinezubyý karol häkimýetini berkitdi , deñizkenar slawýanlary we prussiýa bilen göreşdi. Köp taýpalary özüne birleşdirip, XI asyrda Norwegiýa tutuş birleşdirildi. Norwegiýa Dat patyşasy Knuta (1018-1035ýý) degişlidi, ol Daniýa we Angliýany özüne birleşdiripdi. Knut aradan çykandan soñra Norwegiýada Dat karolyna boýun boldy. Angliýa özbaşdaklygyny aldy.

Şotlandiýada uzak wagtlap iki korollyk saklandy. Demirgazykda swewler, günortada gýotlar (ýotlar) korollyklary. Ol korollyklar XI asyrda birleşdirildi. Korol häkimýeti Hristian buthanasyna daýanýardy. Germaniýa we Angliýadaky buthana täsiri şol ýerden bu ýerlere-de aralaşypdyr. Hristian buthanasy X-Xi asyrlarda berkedi. 1103-nji ýylda Skandinaw ýurtlarynyñ (arhiepiskoplygy) buthana guramasy Lun şäherinde döredildi. Soñra aýry Norwegiýa we Şwesiýada döredi. Bu edaralaryñ maksady buthana üçin halkdan alynýan salgytlaryñ sanyny artdyrmakdy. Ol bolsa halk gozgalañlaryna eltdi. Ol gozgalañlar kynçylyk bilen ýatyryldy.

Korollar öz goşunynda gulluk edýän adamlaryna we gullukçylaryna gulluk üçin ýer paýlapdyrlar. Azat ilatyñ arasyndan saýlanyp çykan “Güýçli adamlar”, tapawutlanyp öz ýerleri bolup, onda işleýänlere dürli jerimeleri salypdyrlar. Ýöne Şwesiýada daýhanyñ hususy ýeri köp wagtlap saklanypdyr.

Iri ýer eýeçilige geçiş döwründe karol häkimýetide wajyp rol oýnapdyr. Ol daýanlary özüne tabyn edip, ýer salgydyny dürli önümler görnüşde töledipdir. Ony özi tarapyndan bellenen adamlar ýygnapdyr. Wagtyñ geçmegi bilen olar oro ýer eýelerine öwrülipdirler, daýhanlar bolsa olara bagly bolupdyrlar.

XIII asyrdan başlap Daniýa, Şwesiýada köşkler gurulyp başlanypdyr. Maksat ýurtda parahorçylygy saklamak, halkdan salgyt ýygnamakdy. Pond diýen ekerançy bolman, maldarçy, balykçy, awçy bolup aýry jaýda (hutorda) ýaşapdyr. Olaryñ ýaragy bolupdyr. Zerur halatynda karola gulluga çagyrylypdyr, goşunda gulluk edipdir. Pondlar öz serişdeleriniñ hasabyna harby gämileri gurmaly bolupdyr, şonuñ üçin karol köplenç olar bilen ylalaşmaly bolupdyr. Emma soña baka iri ýer eýeçiligine gecildigiçe eziş hem güýçlenipdir, salgytlar artypdyr.

Norwegiýada XII asyryñ ahyrynda XIII asyryñ başlarynda raýat uruşlary bolup geçipdir. Gozgalaña Swerrur ýolbaşçylyk edipdir. 1174-nji ýyldaky gozgalañ ýeñipdir, halk täze patyşadan köp zada garaşypdyr, emma Swerrup häkimýete geçenden soñ (1184-1202) iri ýer eýeleriniñ islegini kanagatlandyrýan adama öwrülýär. Gozgalañ uzaga çekýär. Halk ondan närazy bolýar. Diñe buthana bilen döwletiñ arasynda ylalaşyga gelinenden soñ gozgalañ togtadylýar.

Norwegiýada karol häkimýeti XIII asyrda berkeýär. 1274-nji ýylda karol Magrus kanun çykaryjy ýurdy dolandyrypdyr. Ol ýurtda esasy işleri kanun esasynda ýola goýmaga çalyşýar.

XII asyrda Daniýada irki göreşler başlanýar. Olaryñ öñüni almak üçin Karol Waldemir I (1157-1182ýý) buthana bilen soýuz bolup iş alyp barjakdygy barada german imperatory Fridrih I Par baroskä söz berýär. Sebäbi Daniýada döwlet işlerinde buthananyñ täsiri güýçli bolupdyr.

XII asyrda Daniýada rysar goşunlary döredilýär. Olar harby işe çekilip, dürli salgytlardan azat edilýär. Beýleki Skandinaw döwletlerine seredende Daniýa günbatar Ýewropadaky iri ýeçiligiñ ösüşi täsirini ýetirýär.

Iri ýer eýeçiligine geçiş Daniýa we Norwegiýa seredende Şwesiýada haýal geçipdir. Hususy ýeri bolmadyklar daýhanlar bolupdyr. Azat daýhanlar hem az bolmandyr.

Ýarla – goşunynyñ ýolbaşçysy Ýarl Pirger Finlandiýa garşy haçly ýörişi (1249-1250) geçiripdir we onuñ günbatar welaýatlaryny Şwesiýa boýun egdiripdir. Öz ogluny ol ýerde oturdyp täze nebereligi döredýär. (1250) Şwed iri ýer eýeleriniñ Rusa çozup Newa ýakasyny eýelemek planyny Nowgorod knýazy Aleksandr Ýaraslowiç Newa söweşinden soñ Newskiý puja çykarýar. (1240ý).

Karol häkimýeti hemişleik salgytlar salyp, bondlary özüne tabyn edip berkitdi. XIII asyrda şwed iri ýer eýeleri (flesler) atly goşunda gulluk edip, salgytlardan azat bolupdyrlar. Şäherlere syn etsek XI asyrda şäher hünärmentleri az sanly bolup (sehlere) ussahanalara birleşmändirler. Irki söwda gowşak ösüpdir. Obada söwdada pul az ulanylypdyr. Alyş – çalyşda mal , mawut mata we ş.m. harytlar ulanylypdyr.

XII asyryñ ikinji ýarymynda XIII asyrda daşky söwda ösdi. Balyk, sütükli deri we eýlenen deri daşry ýurtlara çykarylypdyr. Stokolym şäheri ýokary galypdyr. Norwegiýa bugdaýy Germaniýadan getiripdirler. Daniýa , Norwegiýa , Şwesiýa korollary nemes söwdagärlerine we süýthorlaryna karz pul berýär ekenler. Şwed şäherlerinde maslahata nemesler hem gatnaşypdyr. Nemesleriñ bu ýurtlarda söwdanyñ ösmegine kömek edýän bolsa, beýleki tarapdan ony bökdäpdirler. Norwegiýada ýerli brýuger hojalyklaryñ ösmegine zyýan ýetiripdirler.

Karol hökümýeti tarapyndan geçirilýän syýasaty üstünlik gazanyp biljek däldi, sebäbi karol we wassallar daşary ýurtlardan hemaýat gözleýärdiler.

1282-nji ýylda Daniýa karoly Erik Klipping hartiýa gol çekýär, şol boýunça her ýylda danehof döwletiñ umumy maslahatyny çagyrmaly bolýar. Oña iri ýer eýeleri gatnaşyp, olaryñ azat hukuklary saklanypdyr.

1282-nji ýylda Erik Klipping hartiýa gol çekip her ýylda Danehof – döwletiñ umumy maslahatyny çagyrypdyr. Oña iri ýer eýeleri giripdir.

1284-nji ýylda Daniýadaky ýaly Şwesiýada hem maslahat çagyrylypdyr. Oña howdag diýip at beripdirler.

1319-njy ýylda bulagaý turuzyp, şwed korolyny kowup, ýerine ýetginjek Magnus Eriksson geçýär. Onuñ düzümine Finlandiýa we Saksan welaýatlary girýär. Şwed we Norwegiýa (uniýasy) ylalaşygy (1319-1363) baglaşylýar. Patyşa Albreht döwründe nemes täsiri güýçlenýär.

XIV asyrda “gara mergi keseli” zerarly Skandinaw ýurtlarynyñ hojalygy pese gaçýar.

Daniýada Wladimir IV Atterdag (1340-1375ýý) buthana we harby iägärleriñ kömegi bilen karol häkimýetini berkitmek başardýar. Ganza bilen bolan söweşde Daniýa uly kynçylyklara sezewar bolýar. 1370-nji ýylda Ştralzun şertnamasyna laýyklykda Dat karollary olaryñ razyçylygy bolmasa tagta geçip bilmändirler. 1397-nji ýyldaky Kalmar ylalaşygy netijesinde Margarit Erik Pomeramskiý Daniýa, Şwesiýa, Norwegiýanyñ koroly diýip yglan edilýär. Bu döwletler öz aralarynda biri-birine kömek beripdirler. XIV – XV asyrda Norwegiýa pese gaçyp başlaýar. Karol häkimýeti güýçlenýär. Iri ýer eýeleriniñ ezişine çydam edip bilmedik daýhanlar gozgalañ turuzýarlar. 1436-njy ýylda halk hereketi uly gerime eýe bolýar. Karol Erik daşary ýurda Daniýany taşlap gaçyp gidýär. 1468-nji ýyldan başlap golland täsiri bu ýurtda güýçlenýär.

XV asyrda karol Daniýada Kopengagen şäherinde ýerleşýär.

Başga dillerde

This page is based on a Wikipedia article written by authors (here).
Text is available under the CC BY-SA 3.0 license; additional terms may apply.
Images, videos and audio are available under their respective licenses.