Şokolad

Şokolad — teobromine we kofeine baý şokolad agajynyň tohumlary bolan kakao tohumlarynyň gaýtadan işlenilip alynýan kakao ýagynyň esasynda öndürilýän konditer önümi.

Şokolad önümleriň düzüminde köplenç hoşboý ysly garyndylar (kofe, spirt, konýak, wanilin, burç), azyk garyndylary (kişmiş, hoz, wafli, şekerlenen miwe) ýa-da huruşlar bolýar.

Chocolate
Plitka şokolad
Jonny Dep

Hakyky ady: Jon Kristofor Dep II (John Christopher Depp)

Doguldy: 9.06.1963 (52 ýaş)

Ýurdy: ABŞ. Owensboro. Kentuky.

Meşhur wagty: 1984.

Aýal(lar)y: Lori Anne Allison (1983-1986),

Wanessa Paradis(1998-2012),

Amber Heard (2015-nji ýyldan bäri onuň bilen.

Gatnaşyk edýänleri: Şerylin Fen(1985-1989)

Winona Ryder(1989-1993)

Kate Moss (1994-1998)

Çagalary: Lilly Rose Melody (d. 27.05.1999)

Jek (Jack) 09.04.2002.

Käri: Sahna oýunçysy. Senarist, alyp baryjy, düzüji, sazanda.

Roald Dal

Roald Dal

(1916-1990)

Welsiň iň meşhur ýazyjysy Roald Dal 1916-njy ýylda, ýurduň paýtagty Kardiff şäherinde dünýä inipdir. Onuň ene-atasynyň asly norweg bolupdyr. Çaga üç ýaşyndaka ilki uýasy, soňra kakasy aradan çykypdyr. Mundan soň ejesi Roaldy alyp, Angliýa göçüpdir.

Roald ýöriteleşdirilen ýapyk okuw-terbiýe jaýynda bilim alypdyr, emma ony tamamlanyndan soň okuwyny dowam etdirjek hem bolmandyr, 1933-nji ýylda «Şell» kompaniýasyna işe giripdir. Ýigrimi ýaşyndaka ol Tanzaniýa gidýär. Ikinji jahan urşy başlanynda Roald Keniýanyň paýtagty Naýrobide harby gulluga ýazylyp, birnäçe uly söweşlere gatnaşýar.

Uruş döwri Roald Dal «Gremlinler» atly ilkinji powestini çap etdirýär. Bu eser oňa şol bada şöhrat getiripdir. Şonuň üçin uruşdan soň ýazyjy ömrüni edebiýata bagyş etmek kararyna gelýär, uly hem kiçi ýaşly okyjylar üçin hekaýadyr powestler, pýesalar döredýär. Bahym tankytçylar oňa «paradoksal hekaýanyň ussady» diýen derejäni berýärler.

Roald Dal «Jeýms we äpet şetdaly» kitabyny öz çagalary üçin ýazypdyr, ilki ony çap etdirjek bolmandyr, emma maşgalasy bu eseri okyjylara ýetirmeli diýip, ýazyjyny kynlyk bilen ynandyrypdyrlar. Eser 1961-nji ýylda kitap bolup çykanyndan soň ýazyjynyň ady dünýä belli bolýar. Ýazyjynyň ylhamy joşýar, ol yzly-yzyna nusgawy eserlerini döredip başlaýar. «Çarli we şokolad kärhanasy» , «Täsin jenap Foks», «Ägirt krokodil», «Matilda», «Päk ýürekli äpet adam», «Twit maşgalasy», «Denni – dünýä çempiony», «Jorj Marwelusyň saglygynyň bejerilşi» ýaly romandyr powestler okyjylary özüne bendi edýär. Olar boýunça filmler düşürilýär.

«Oglanjyk» we «Ýalňyz gitmeklik» ýaly powestlerinde Roald Dal özüniň çagalygy, Afrikada ýaşan we urşa gatnaşan ýyllary hakda gürrüň berýär.

Roald Dal XX asyryň iň meşhur we özboluşly zehinli ýazyjylarynyň biri hasaplanylýar. Onuň kitaplary häzir hem okyjylaryň elinden düşmeýär.

Ýazyjy 1990-njy ýylda, Angliýanyň Oksford şäherinde aradan çykypdyr.

Wirusly gepatitler

Wirusly gepatitler (lat. Hepatitis viruses) – dürli wiruslaryň täsiri bilen döreýän, köp duş gelyän we adam üçin howply infeksion keselleriň toparydyr. Olar bagryň öýjüklerine täsir edip, onuň işine zeper ýetirýärler. Wirusly gepatitleriň dürli görnüşleri, gepatitleriň has ýaýran alamaty esasynda, “sarylama“ diýip hem atlandyrylýar.

Sarylamanyň epidemiýalary barada entek b.e. öň V asyrda Gippokrat hem beýan edip geçipdir. Keseliň alamatlary belli bolsada, gepatitleri dörediji wiruslar diňe geçen asyryň ortasynda açyldy. Keseli dörediji wiruslar, şoňa göräde, olaryň döredyän gepatitleriniň görnüşleri harplar bilen (A, B, C, D, E we başgalar) aňladylýar.

Gepatitiň A wirusy, gepatitiň A görnüşini, B wirus gepatitiň B görnüşini döretjekligi düşnüklidir. Şonuň ýaly-da, her harpyň aňyrsynda belli bir özbaşdak wirusyň we özbaşdak keseliň ýatanlygyny ýatdan çykarmaly däldir. Ol keseller ilatyň arasynda ýaýraýyş ýoly, inkubasion döwrüniň möhleti, keseliň geçiş aýratynlyklary, gaýraüzülmeleri bilen özara tapawutlanýandyr. Ondan başga-da, gepatitler aýry kesel görnüşinde duş gelmän, aýry-aýry keselleriň alamaty görnüşinde hem ýüze çykýar.

Gepatitler, ýagny bagryň sowuklamasy, gyzylja, garamyk, uçuk ýokançlygy, infeksion mononukleaz, AIDS keselleriniň geçişinde hem ýüze çykyp biler.

Ondan başga-da, alkogolyň täsiri netijesinde bagryň zeperlenmegi – toksiki gepatitler ýüze çykýar.

Wirusly gepatitleriň aýry görnüşleriniň üstünde durup geçeliň.

Gepatit A (Botkiniň keseli) – ýüze çykma sebäbi boýunça ýerli sanitar-gigiýeniki ýagdaýlara bagly bolan, iň köp ýaýran görnüşidir. Esasan hem gigiýena düzgünleri berjaý edilmeýän ýagdaýlarda ýa-da agyz suwunyň hiliniň pesligi netijesinde ýüze çykýar. Bu wirus hemme adama ýokuşyp biler. Geçirilen kesele uzak, bütün ömrüniň dowamynda saklanýan bedeniň durnuklylygy emele gelýär. 14 ýaşa çenli çagalar, ululara garanyňda, 3 esse köp keselleýändir.

Ýaýraýyş ýolunyň suw bilen baglylygyny göz öňüne tutup, ýokuşma ähtimallygynyň içilen suwuň mukdaryna baglydygyny bellemelidir.

Gepatitiň A wirusy bilen keselçilik tomsuň ahyryna we güýzüň başyna ýokarlanýandyr. Tomus suw köp içildigiçe, ýokuşma ýagdaýy hem köp ýüze çykýar.

Inkubasion möhleti (keseliň ýokuşyp, birinji alamatlary ýüze çykýança geçýän wagty) 4-6 hepde aralygy bolany üçin, güýz aýlary keselçilik has ýokarlanýandyr.

Gepatit A bedeniň gyzgynynyň galmagy bilen başlanýar. Köp alamaty boýunça ýiti respirator keselini ýada salýandyr. 2-4 günden näsagyň peşewi goňrymtyl reňkde bolup,piwo içgisine ýa-da goýy demlenen çaýa meňzeşdir. Täreti bolsa reňksiz bolýar. Sarylama alamaty ýüze çykandan soň, näsagyň ýagdaýy gowulaşýar. Keseliň uzaklygy 1 hepdeden 1,5-2 aýa çenli dowam edip, keselden soň dikeldiş döwri 6 aýa golaý wagty öz içine alýandyr.

Wirusly gepatitleriň içinde, A görnüşi has ýeňil bolup, agyr gaýraüzülmelere getirýän däldir we käwagt bejergisiz hem öz-özünden geçip gidýändir. Bejergi keselhanada geçirilmelidir. Bejergi näsaga dynçlyk berme (düşekde ýatmaly), ýörüte berhiz tutma we gepatoprotektorlary (bagryň öýjüklerini goraýjy dermanlary) ulanma yaly çäreleri öz içine alýandyr. Çagalara waksinasiýa geçirmek maslahat berilýär.

Esasy öňüni alyş çäreleri sanitar-gigiýena düzgünleri berjaý etmäge syrygýandyr. (Elleri ýuwmak, gök önümleri ýuwup iýmek, arassa agyz suwy bilen üpçünçilik.)

Gepatit E – hemme alamaty we ýokuşma ýoly boýunça gepatit A görnüşe meňzeşdir. Yssy howaly, ýaramaz agyz suwly ýerlerde ýüze çykýar.

Bejergi geçirlende sagalma çalt bolup geçýär. Ýöne başga gepatitlerden tapawutlylykda, E gepatitiň agyr görnüşi diňe bagra dälde, böwrege hem zeper ýetirýändir.

Gepatit E, göwreliligiň soňky aýlarynda, ene bilen çaga üçin howply bolup, gaýraüzülmelere getirip biler. E gepatitiň öňüni alyş çäreleri A gepatite meňzeşdir.

Gepatit B – bagryň zeperlenmesine getirýän, howply görnüşidir. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň bellemegine görä, dünýäde B wirusy 1 mlrd. adam göterip, ýylda 500 mln.adam bu kesel bilen keselläp, 2 mln. adamdan gowragy bolsa ölýändir.

Gepatit B ýokuşmagy ganyň we gan serişdeleriniň üsti bilen, jynsy gatnaşygy arkaly bolup biler. Wirus eneden çaga hem ýokuşýandyr.

Ýokuşma üçin ganyň bir damjasy hem ýeterlikdir. Şonuň üçin hem, kosmetiki çäreler geçirlende, gulak deşilende, derä ýörite suratlar çekilende (tatuirowka) ýokuşma bolup biler. Esasy ýokuşma getirýän ýollaryň içinde bolsa, medisina çäreleri birinji ýerde durýandyr – sanjymlar, operasiýa geçirmek, gan goýbermek we başgalar.

Inkubasion döwri has uzakdyr, 2 aýdan 6 aýa çenli. Gepatit B hem, edil gepatit A ýaly, bedeniň gyzgynynyň ýokarlanmagy, umumy ysgynsyzlyk, bogunda agyry, ýürek bulanma, gaýtarma ýaly alamatlar bilen başlanýar. Peşewiň garalmagy, täretiň agarmagy, deride örgüniň ýüze çykmagy, bagryň, dalagyň ulalmagy bolup biler. Gepatit B keselde sarylama alamaty kän bolmaýar. Näsaglaryň 10%-de, geçirilen ýiti gepatit dowamly gepatite, soňundn bolsa bagryň sirrozyna getirip bilýändir.

Gepatit B bilen kesellän adamlaryň 5-10%-i bu wirusy göteriji we ýaýradyjy bolup durýandyrlar.

Gepatit B hem, edil E görnüş ýaly, göwreliler üçin howply bolup, düýpli gaýraüzülmelere getirip biler.

B gepatitde bejeriş çäreleri keseliň geçişi, onuň gaýraüzülmelerine baglydyr. Bejergi geçirlende immun serişdeleri, gormonlar, antibiotikler, gepatoprotektorlar ulanylýar.

B gepatitiň öňüni almak üçin waksinasiýa geçirilýär. Esasan kombiofox, enažeriks B, euwaks waksinalary ulanylýar.

Waksinalary ulanmak tertibi şeýle – birinji waksinasiýadan soň, 1 aýdan, ikinji waksinasiýa geçirilýär.Ikinji waksinasiýadan 5 aý geçenden soň, üçünji waksinasiýany geçiryärler. 1 ml. waksina, gola, myşsa goýberilýär.

Bedeniň bu kesele bolan durnuklylygy 8-10 ýyla çenli, käwagt bütün ömre hem saklanýar.

Gepatit B garşy öňüni alyş sanjymlary çagalara hem ýörite bellenilen tertipde – doglandan soň, 2, 3, 4 aýlarda geçirilýär.

Gepatit C (Posttransfuzion gepatit) – wirusly gepatitleriň içinde iň howplysydyr. Ýaş adamlarda has hem köp duş gelýär. Gepatit C, esasan, gan goýberme ýa-da sterilizasiýa geçmedik şpisler arkaly geçýär. Şonuň üçin oňa şeýle at berilýär. Seýrek ýagdaýlarda jyns gatnaşygy arkaly geçip biler. Wirus göwreli eneden çaga hem geçip bilýär.

Gepatit C bilen näsaglanlaryň 70-80%-de kesel dowamly görnüşe geçýändir. Dowamly gepatit bagryň sirroz keseliniň we howply täze döremeleriň ýüze çykma ýagdaýyny ýokarlandyrýandyr.

Gepatit C bilen başga gepatitler utgaşanda näsagyň ýagdaýy erbetleşip, gaýraüzülmeleri köpelip, ölümçilige hem getirip biler.

Gepatit C garşy entek öňüni alyş waksina ýok. Häzirki wagtda alymlar bu ugurda iş alyp barýarlar.

Bejergi gepatoprotektorlary, wirusa garşy dermanlary ulanmakdan ybaratdyr. Wirusa garşy dermanlardan interferon we ribawiron ulanylýar. Bejergini gepatolog lukmany, laborator barlaglaryň gözegçiligi astynda, tapgyrlaýyn geçirýändir.

Gepatit D ýa-da delta gepatiti – beýleki wirusly gepatitlerden tapawutlylykda, D wirusy adamyň bedeninde özbaşdak köpelip bilenok. Köpelmek üçin oňa „ wirus kömekçi“ gerek bolýar. Şol kömekçi bolup, oňa wirus gepatiti B "hyzmat edýär“. Şonuň üçin Delta-gepatitine özbaşdak kesel höküminde dälde, gepatit B keseliniň geçişini beterleşdirýän kesel höküminde seretmelidir.

Keseliň geçişi B gepatite meňzeşdir, ýöne oňa mahsus gaýraüzülmeler has ýygy we agyr ýagdaýda ýüze çykýandyr.

Gepatit G – öz geçişi we alamaty boýunça C wirusly gepatite meňzeşdir. Ýöne ol C gepatiti ýaly howply däldir. Bagryň howply döremeleri we sirrozy döretme G gepatit üçin mahsus däldir. Ýöne C we G gepatitleriň utgaşmagy netijesinde gaýraüzülmeler döräp biler.

Wirusly gepatitleriň hemme görnüşi häzirki wagtda takyk anyklanylyar we irki möhletde başlanan bejergi esasynda sagalmany gazanyp bolýandyr.

Ýöne gepatitleriň bejergisi üç faktora baglydyr:

Wiruslaryň işjeňligine;

Bedeniň öz göreşmek ukybyna;

Lukmanyň maslahatyny we bejergini takyk ýerine ýetirmeklige.Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, gepatitleriň bejergisi – berhiz tutma, gepatoprotektorlary, gormonlary, wiruslara garşy dermanlary, umumy gurplandyryjy dermanlary ulanmakdan durýandyr.

Berhiz barada aýratyn durup geçesimiz gelýär. Wirusly gepatitleriň ýeňil derejesiniň bejergisinde berhiz tutma birinji orunda durýandyr:

Berhiz ýeňil özleşýän önümlerden düzülen bolmalydyr. Ýagly önümleri bütünleý kabul etmeli däldir;

Berhiziň dowamlylygy 6 aýdan az bolmaly däldir. Berhiziň tamamlanýan wagtyny lukman degişli barlagdan soň kesgitleýär;

Az-azdan, ýygy-ýygy iýiň;

Önümler ýeňil özleşer ýaly, mümkin boldugyndan ownadyp iýiň;

Gowrulan naharlary iýmäň. Diňe gaýnan, buga bişen önümleri iýiň.Näsag üçin gadagandyr:

Gazlandyrylan içgiler;

Ýiti işdäaçarlar, marinadlar, duzlanan, kakadylan önümler, ketçup, maýonez;

Kömelek, kofe, kakao, şokolad;

Sakgyçlar;

Doňdurma.Keseliň ýiti döwründe – köpräk içmeli (5% glýukoza, süýjüli çaý ýa-da bally çaý, şipownikli çaý, guradylan ir-iýmişlerden taýynlanan kompot). Süýji ir-iýmişler ownadylan görnüşde berilse gowy bolar. Garpyz hem peýdalydyr.

Näsagyň ýagdaýy gowulaşandan soň, suwda bişirlen şüle, kisel, ir-iýmişleriň şiresini bermek bolýandyr.

Sarylama alamaty aýrylandan soň, etiň we balygyň ýagsyz görnüşini, ýagsyz towuk, buglanan alma, ýagsyz çorbany bermek maslahat berilýär.

Nähili doly, gymmat dermanlar bilen bejergi alnan hem bolsa, şol bejergini bir tarelka gowrulan kartoşka ýa-da duzly kömelekler puja çykaryp biler.

Bejergi keselhana şertlerinde, gepatolog lukmanyň gözegçiliginde alynmalydyr.

Şokolat

Şokolat

Häzirki wagtda öndürilýän şokoladyň esasyny kakao agajynyň dänesinden alynýan iki önüm kakao bilen onuň ýagy düzýär.

Kakaonyň düzüminde adamyň bedeni üçin zerur iýmitlendiriji maddalar : uglewodlar,beloklar,witaminler(esasan,B topara girýän witaminler)we minerallar bar . Düzümindäki kakaonyň mukdaryna laýyklykda şokoladyň 3 görnüşi tapawutlandyrylýar. Ajy şokoladda kakaonyň 60%-den gowragy, süýtli şokoladda 30%-e golaýy saklanýar. Ak plita esasan,kakao ýagyndan ýasalýar.

Dişleri,süňkleri pugtalandyrýan,derini çeýeleşdirýän,ýürek urgusyny kadalaşdyrýan,nerwleri köşeşdirýän kalsiniň esasy çeşmesi bolan süýt sokoladyň tagamyny düýpgöter üýtgedýär,ony has peýdaly önüme öwürýär. Süýji şokolod plitkasyndaky ýaglar,uglewodlar ajy şokoladdakydan az däl,belok,kaliý,kalsiý,fosfor, B2 witamini bolsa has köp . Süýji şokolad ýokary kaloriýaly önüm. Düzümindäki ýaglar we süýji beden üçin esasy kuwwat çeşmesi bolup durýar. Kalsiý,magniý, myşsalaryň we nerwleriň kadaly işini üpjün etmek üçin ýeterlik.Şonuň üçin süýtli şokolad çagalar ,sport we uly fiziki güýç talap edýän zähmet bilen meşgullanýan uly ýaşly adamlar üçin peýdaly.

Şokoladdaky uglewodlar tiz özleşýär. Düzümindäki kofein bir käse kofedäkiden 6 esse az.Ýöne ýürek – damar we nerw ulgamyna ýeňil stimulirleýji täsir etmek üçin ýeterlik . Üstesine ýürek kesellerinden ejir çekýän adamlar üçin zyýanly däl.

Ähli süýjileriň arasynda dişleriň sagdynlygyna has az howp salýany şokolad. Onuň düzümindäki kakao ýagy dişleri gorag perdejigi bilen örtýär.Şeýdip diş syrçasynyň ýumrulmagynyň öňüni alýar.

Şokolad dürli reňkli ,suratly ,möçberli gutulara gaplanylyp ýa-da kagyzlara dolanylyp,satuwa çykarylýar,uzak wagtlap tagamyny,hilini,peýdaly elementlerini ýitirmeýär.Şonuň üçin ony satyn almak ,ýanyňda götermek,öýde(sowadyjyda) saklamak artykmaç alada talap etmeýär. Adaty we baýramçylyk günlerinde saçaga äbermek,çagany begendirmek, birek-birege sowgat bermek üçin satyn almak ,öýde saklamak oňaýly,amatly,ýakymly.

Başga dillerde

This page is based on a Wikipedia article written by authors (here).
Text is available under the CC BY-SA 3.0 license; additional terms may apply.
Images, videos and audio are available under their respective licenses.